Kakam. Hangeldiniň ogly Amangeldi. 1909-njy ýylda Aşgabadyň etegindäki "Ýalkym" obasynda (gadym ady "Käriz") ýaşan. Doglan ýerem eger "Köşi" obasy bolmasa, "Ýalkym" bolmaly. Ýöne men "Ýalkymda" doglandyr diýip pikir edýän. Soň 1996_njy ýylda "Ýalkymda" dünýeden ötdi. "Ýalkymyň" iň ilerki köçesine kakamyň adyny goýdular. Häzir şol köçede, esasan, biziň tirämiz diýýärler, aslynda Töre sopy diýilýän birinden gaýdýan nesil ýaşaýar. Kakamyň ogullarynyňam köpüsi, agtyk-çowluklary bilen şol köçede ýaşaýar.
Bu zatlary kakam hakynda gürrüň bermekden gaçyp, oňa özümi taýýarlap ýazyp otyryn. Kakam gaty çylşyrymly adamdy. Ak patyşanyň soňky ýyllaryny, bolşewigi başdan soňuna çenli, Garaşsyzlygyňam bir gyrasyny gören kakam ähli zada tä dünýeden ötýänçä biparh ýaşamadyk adam. Ol ýaşan döwürlerine çalymdaş. Ak patyşanyň atly goşunynda "Türkmen sährada" (häzirki Eýranda) gulluk eden Hangeldi sakgalyň ýeke ogly. Megerem, 10-12 ýaşlarynda, ejesi, ýagny meniň enem dünýeden ötüp, kakam ýetim galýar. "Daň atmanka gidip, ýerinden galyp bilmän düşeginde agyr hassa ýatan ejemiň eşiklerini Berkeliň ýabyna äkidip ýuwýardym, deň-duşlaryma bildirmejek bolardym" diýip gürrüň bererdi. Kakam 14-15 ýaşlaryna baranda "Sen indi ýetişdiň" diýip atam hojalygyň garamatyny doly kakamyň başyna atýar. 12 ýaşynda öýlenen kakam, şondan soň tä ölýänçä hojalygyň garamatyny göterip ýaşady. Belki, kakam barada has giňişleýin gürrüň bermek üçin atam Hangeldi Çaryýaryň ogly hakynda, azajygam garry atam Çaryýar hakynda gürrüň bermeli bolaryn. Bularam özboluşly, täsin adamlar bolupdyr. Hangeldi atam 40 ýaşlaryndaka aýaly dünýeden ötüp ýeke galýar. Ugurly diýilýän, töreleriň megerem iň baýy hem edenlisi, atamy ikinji gezek öýerjek bolup kän gatnaýar, emma atam "Birim bar - müňim bar" diýip bir ogly, bir gyzy bilen bolupdyr. "Sen meni çagalarymdan aýyrjak, günümi bulajak bolma" diýipdir. Muny kakam begenç hem buýsanç bilen gaty köp gezek gürrüň beripdi. Kakam dilewar, gepe-gürrüňe ökde, inim-çykymly, gürrüň berýän wakasyna özündenem goşuşdyryp, edil ýanyňda bolup duran ýaly ederdi. "Kaka, owadanlaýaň-a, edil beýle däl-ä" diýseň, "Gyzygyp (agzyňyzy açyp) diňleýäňiz-ä, boldy-da. Näme çyn söz bergim barmy?" diýip, ýakymly, emma gysga, gülüp goýbererdi. Bizem tassyklap ýylgyrardyk. Hakykatdanam, ol gürrüň berende aňalyp diňlärdiler. Ýalan-çyn meselesinde, ol bize dogruçyllygy öwretdi. Ýalanyň gaty erbet zatdygyny akylymyza guýdy. Özi welin, gerek ýerinde ýapa-da degirmän bilýärdi. Emma, hiç kim kakama ýalançy ýa-da "Amangeldidir-dä diýer goýbär" diýip bilmez. Sebäbi esasy düýpli meselelerde ol bir gepli, dogruçyl, dogruçylyňam tarapdarydy, emma alajyny tapmasa, ýalanyňam ýer tutjagyny bilse ýaýdanyp durmazdy. Munuň bilen baglanşykly bir wakany gürrüň bereýin. Kakam kolhozyň başlygy döwründe (30 ýyl töweregi zaw. ferma, başlygyň orunbasary, şonuň 20 ýyldan köpüsini kolhozda başlyk bolan), kanal gelmänkä oba käriziň suwuna ekin ekýän eken. Suw az bolupdyr. Obada-da biriniň melleginde ekini bar eken. Şol ekinli adam gijelerine kolhozyň suwuny ýykyp, öz mellegindäki ekinini suwarýar. Kakam oňa birnäçe gezek beýtme diýipdir, emma ol boýun almandyr. Bir gije kakam ýatman suwy garawullapdyr, suw ogrusynam tutupdyr. Şonda-da piliniň arkasy bilen ony urupdyr. Urulan adam haýýarlyk edip, raýkoma arz edipdir. Gürrüň ula gidýär. Kakamy obkomyňmy, SK-ňmy býurosyna salýarlar. Kakam "Uramok, heý menem şuny urarynmy?“ diýýär. Ebetde, ketdeler kolhoz başlygynyň arkasyny alýarlar. Şonda raýkommy, obkommy uly başlyklaryň biri çola kabinete çagyryp kakama: "Hakykatdanam urduňmy, Amangeldi?" diýýär. Kakam "Urdum. Urmasam ogurlygyny goýanok, kolhozyň ekinine-de suw gerek" diýip boýun alýar. Muňa her kim birhili garap biler. Ortada köpüň maly, kolhozyň ekini durany, kakamyň öz ekinini suwarmak maksady birini urmandygy üçin kakamyň edenini dogry hasaplaýan. Ýöne gürrüň ýalan-çyn baradady.
Kakamyň bize terbiýe berişi "Ors türsükli gezse sizem türsükli, ýalaňaç gezse, ýalaňaç geziň, ýöne hakyňyzy gidermäň" diýişi barada ýazaýyn. Ýöne indikide…