"Iň şerefli mahlukat" | Eserler | Hydyr Amangeldi

"Iň şerefli mahlukat"

Esseler | 1 teswir | 1237 okalan

    Käbir duşuşyklar hiç ýadymdan çykmaýar. Unutdymmykam diýýäniňem birden edil düýn bolan ýaly göz öňüňde janlanýar. Kä halatlarda huşumyň bu häsiýetine käýinsemem, köplenç begenýän.
    Ol adam bilen duşuşanyma-da 15 ýyl töweregi geçendir. Men ony ýekeje gezek gördüm, soň görüşmek nesip etmedi, indem duşaryn öýdemok.
    Ol adam sypaýy, arassa geýnen, kiçi göwün, pes päldi. Onuň şeýle gowy maşgalasy, edepli çagalary, bereketli saçagy, döwletli ojagy bardy. Ony öýündäkileriň hemmesi sylaýardy. Hatda ony gowy görýänlerinem gizlemeýärdiler. Biri onuň saçyny düzedişdirse, beýlekisi köýneginiň ýakasyny tertipleşdirýärdi, ýene biri çaýly käsesini eline tutup berýärdi. Özüniň şeýle gowy görülýänini onuň özem bilýärdi. Begenýärdi. Ol akkordeon çalyp, aýdym aýdýardy, ýaňy murty taban oglam ýanynda dep çalýardy. Maşgalasyndan, çagalaryndan, umuman durmuşyndan razydy. Emma gözleri welin, gülmeýärdi. Säbäbi onuň iki gözem kördi.
    Bendäň şeýle mylakatly, güler ýüzli, syratly aýaly üçin welin, adamsy dünýäň diregidi. Düşbüje, el-aýak ýaly hyzmat edip, tigirlenip duran iki sany gyzy, ýygradan edepli ogullaram kakalarynyň daşynda kökenek. Şeýle bagtyýar maşgala. "Munça bolanyna görä içeriniň maşgalabaşysynyň gözi kör bolmadyk bolsady" diýeniňi duýman galýarsyň...
    Soň wagt geçdi. Içersinde çagalaryny daşyna üýşürip, söýgi hakynda aýdym aýdýan kör adamyň keşbi wagtal-wagtal göz öňüme gelip gidýär. Bir hili ýüregim gyýylýar, şol bir wagtyň özünde-de içersindäki agzybirlige, birek-birege hormata, edebe gözüm gidýär. Kärim žurnalist bolansoň, her hili öýlere myhman bolýardym. Emma şeýle mähri az görüpdim. Şondandyr, ol kör bagşydyr onuň aýaly bilen şindi-şindem hyýalamda gürleşýän. Kör ýaşuly maňa:
- Dogrusy, körlügime kän gynanybam baramok. Göwnüme bolmasa, adaty adamlardan bu kem tarapym maňa özümdäki men-menligi, kejirligi, ynjyklygy, gadyr bilmezligi... garaz, şular ýaly bir topar kemçilikleri ýeňip geçmäge ullakan kömek edýär. Maňa kiçi göwünli, mylaýym diýýäler. Nädip kiçi göwünli bolmajak, öňüňde goýlan çemçänem biri eliňe tutdurmasa tapman otursaň?! Şeýle haldakaňam senden sähelçe-de närazy bolman, hyzmatyňy edip ýören iki gözem abat, akly-paýhasy, okuwy-bilimi ýeterlik aýalyňy nädip gowy görmejek?! Neneň onuň göwnüni ýykjak?! Gözlerim sagat bolan bolsa, özümdäki köp gowy häsiýetlerimi, kim bilýär, ýitirerdim ýa-da o häsiýetler maňa myhmanam bolmazdy diýse, onuň aýaly:
- Adamymyň gözleriniň görmeýäni biziň maşgalamyzdaky agzybirligiň sütünimikä-de diýýän. Özüňiz pikir edip görüň, şeýle-de betbagt biçäräniň göwnüne degip bolarmy?! Onuň nähili ýakymly sesi bar, mylaýym gürleşişi, seni razy etjek bolup yhlas edişi ýüregiň buzdanam bolsa ereder. Äriňden aýrylyşmak diýlen zady göz öňüne-de getirip bilemok. Oň mensiz oňup bilmegi mümkin, ýöne men onsuz ýaşap bilmen. Sebäbi, bir adama kömegiň degen wagty özüňi adam hasabynda duýýaň. Bir adama gerekli bolmagyň nähili bagtdygyny, belki, düşündirmegem gerek däldir. Şonuň üçinem men bagtly, biziň maşgalamyzam bagtyýar. Hemmesem adamymyň körlüginiň arkasyndan. Ýaşyryp nädeýin, kä wagt gedem, ile göwni ýetmän ýören birine duşsam: "Iki gözüňem kör bolaýsa bujagaz hekgermäňden nam-nyşan galmazdy" diýip pikir edenimi duýman galýan. Maňa doňýürek diýmäň, ýürejigimdäkini ýaşyrman aýdýanym üçinem günäkärlemäň. Bilýänsiňiz, barly ýeriň çagasy näletkerde bolup ýetişse, "Baýlygyň edýäni-dä, zähmet çekip, güne ýanyp ulalsa beýle bolmazdy" diýýäler. Munuň aňyrsynda hakykatyň ýatanyny inkär edip bilmersiňiz. Mesligi goýun göterer, onuňam garasy - diýip, pikirinden utanýan ýaly müýnli gürleşýärdi.
    Aladam inkär etmek däl. Adamzadyň bagtyýar bolmagynyň beýle aňsat ýoly tapylsa begenerdim. On iki synaň abatlygyny, bol-elin ýaşaýşy ýok edeniň bilen adamyň bagtyýar bolmajakdygy iki ikiň dörtlügi ýaly düşnükli görünse-de, bir wagtlar "Wolga" münse depesi göge ýetip, "Moskwiçe" ýetip bilse-de begenjine guş bolup uçýan millete "Mersedes" ýaly maşynlaryň bardygynyňam bildirilmezliginiň "Mesligi goýun göterer" pikirinden dörän bolmagam mümkin?!
    Ýene-de göz öňümde "kör bagşyň" aýaly janlandy:
- Ýöne kämahal gynanýan. Täze köýnek tikinemde, täze köwüş alamda, gowy kino göremde... bulary ýoldaşymyň görüp bilmeýänine ýüregim gyýylýar. Bir gezek egnimdäki köýnegimiň etegini iki barmagynyň arasyna alyp: "Täze köýnek aldyňmy? Gutly bolsun" diýende zordan aglaman saklandym.
    Dokuzy düzüw, eli uzadan ýerine ýetip biljek derejede gurply, Kuran dilinde aýtsak, "Eşrefi mahlukat" (Iň şerefli mahlukatyň) ýagny, ynsanyň päli pes, ýüregi arassa, mähir-mylakatly, bagtyýar ýaşaýany köp. Emma ýagşyny gör-de pikir et, ýamany gör-de şükür et! 

Teswirler (1 sany)

Алп Арслан Түркмен:
01 Maý, 2012

Өрән ойландырыжы... Хакыкатданам, адам саг сыналары аркалы етен үстүнликлерине хамана өзи етен ялы Халыкы Әлеми хич ятламаяр. Саглар саглыкларына буйсанып ёлдан азашсалар, шикеслилер шикеслиликлерине шеква эдип ёлы йитирйәрлер. Ене-де Куранда көп гайталанян сораг сөзлери гелйәр гулагыңа...
Орта асырлар пелсепесинде динмеркезлилик улы орун тутупдыр. Адамзадың өзүнден улы гүйчлере бәс гелип билмейши оны Таңра болан ынама голайлашдырыпдыр. Хачан-да, Европа билимде өсүш ёлунда улы бөвет болан динлерини терк эдип, биргиден ылмы ачышларың нетижесинде атомдан чыкян гүйже гөз етиренинде "улы ярылыш" пикирини өңе сүрйәр. Атомың гүйжүни йүзе чыкаран адамда өзүне болан ынам дөреди. Бу мен-менлик оны Таңра ынанмак пикиринден дашлашдырды. Ачышлар бир-бирини ызарлады.
Европаның ылмы ачышларына ылхам болан Ыслам географиясы гафлат укысына гиденине асырлар гечипди. Бугүн әхли адамларың хайранлык билен гитмәге, гөрмәге ислег билдирйән Американың ве Европаның шәхерлериниң ерини тутан Багдат, Мерв, Көнеүргенч хараба өврүлипди. Хачан-да, олар гафлат укысындан оянанларында Европаның өзлерини тозана гарып деңинден гечип гиденини гөрдүлер. Укылы-оялыкда бу өсүше себәп гөзләнлеринде, Европаның динини терк эдишини эсас алдылар. Озалам "гарып" гоян китапларыны башындан айлап урдылар. "Пыяданы" "атлы" ковмагың ерине атдан дүшүп пыяда ковмага дурдылар. Булар ковадурсынлар, хабары Европадан алалы...
Европалы ачышларына буйсанды. Мен-менлиги гитдигиче алав алды. "Сыгыр чопанлары" бейик жай гурмакда бир-бирлери билен ярышдылар. Оларың бу ягдайыны гысгажык "тесвирде" тесвирлемек кын. Эмма Япониядакы цунами көп зады дүшүндирйәр.
Гафлат укысындан икилән-екелән оянанлар Европалылара: "Cизиң ачышларыңыз бизиң Китабымызда барды." диенлеринде Европалы алымлар тоба гелдилер. http://www.youtube.com/watch?v=ovV0hr0hKSg Тассыклайжы маглуматлары шу салгыда тапмак мүмкин.
Теманы даргадайдым өйдйән. Гой менден соңкылар жемләйсин...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.