Gaplaň
Ondördi gije dogan Aý Günüň ýiti ýagtysynyň perdesini syryp, ähli zadyň asyl durkuny açaýan ýaly. Kiçijik şäheriň kiçijik haýwanat bagy-da Aýyň solgun sary yşygyna gündizkisindenem beter ýürekgysgynç görünýärdi. Üstesine bu "bagyň" garawulynyň köpegem tumşugyny göge tutup zaryn-zaryn uwlaýardy. Itiň uwlamasyna kümüsöw gara möjegem sesini goşdy. Ol dar kapasanyň gözeneginiň öňüne gelip, öň aýaklaryna direnip, asmandaky Aýa bakyp uwlaýardy. Gara reňkiniň üstüne gyraw düşen ýaly görkezýän ösgün ak gyllary Aýyň ýagtysyna hasam lowurdap, bu ýyrtyjy haýwanyň üstüne hakykatdan-da kümüş hünjiler sepilen ýaly görkezýärdi. Emma onuň ata-baba duşmany köpege sesini goşmagy iniňi tikenekledýärdi. Haýwanat bagynyň garawuly – ýetimişden gecen ýaşuly saklanyp bilmedi. Sögünip eline ilen taýak bilen itiniň arkasyna urdy. Awunan janawer çyňsap uwlamasyny goýdy.
Itiň uwlamasyna garysyny ýassanyp ýatan, haýwanat bagyna getirlenine dört-bäş gün bolan garry gaplaňam ýerinden galdy. Özünkiden cuň gussaly jandar bardyr öýtmedik gaplaň ýürekdenem aňyrdan çykýan uwwulda haýran galyp dikelene meňzedi. Kapasanyň boýuny syryp o başyndan o başyna howlukman gatnamaga başlan ýyrtyjynyň gözleri Aýyň şöhlesi düşmeýän garaňka baranda lowurdap gidýärdi. Ýagta çykanda bolsa gözenegiň ýogyn simlerinden düşýän kölegeler onuň şeýle-de zolak-zolak derisine ene-de zolaklar goşýardy. Itiň sesi adamlaryň eline düşen gününi biygtyýar aňyna getirdi.
...Ol açyk meýdanda köpeklere daşyny aldyrypdy. Itler onuň ýanyna ýakynlaşmaga gorksalar-da, allaowarradan batyrlyk satyp, bogaz ýyrtyp üýrýärdiler. Olaryň bu bolşuna akyl ýetirip bilmeýän gaplaň itleriň özüne edibiljek zadynyň üokdugyny görüp dursa-da haýýar seslerine dünýesi daralyp aljyraýardy. Gaplaň hyrsyz hyňranyp sesi has gaty çykýan köpege tarap agyr pejelerini kä wagt bir oklap ýöräp ugrady. Rejäň geň däldigini aňan it hem götünjekleýärdi, hem bogazynda baryny edip üýrýärdi Güjük diýlen näçe gorkak bolsa şonça çasly üýrýän bolarly. Uruşjakmy uruş, gaçjakmy gaç. Näme üçin bular beýdip süri bolup sürlenşip gelýärkäler? Ot bilen oňňut edýän mala gelşer ahyry süri bolup gezmek, sürlenşip gaçmak. Ýa-da şagala, möjege gelşer köpläp bir janawaryň daşyna geçmek. Sesleriniň myrtardygyny. Gaplaň itleriňem sesiň güýji bilen däl-de gujurly gollaryna, ýiti dişlerine baýrynyp garpyşanyny isleýärdi...
Haýwanat bagynyň garawulynyň görünmegi gaplaňy ýatlamadan oýardy.
- Haý, janawer. Köpegiň uwlamasy senem ýatyrmandyr. Ýatyber arkaýyn. Keýikleň titreşip duranam bolýar. Saňa kim degibiljek. Seňkiden hezili ýok. Haram köpegi beýdip uwlap durjak bolsa atmaly bolaýmasa.
Ýaşuly beýleki haýwanlaram köşeşdirmek niýeti bilen garaňkylyga siňip gitdi. Gaplaň welin, gatnamasyny goýmady. Dogrusy, düýn gündiz – ikindi bilen agşamyň arasynda gaplaňda bu gozgalaň döräpdi – häzir itiň uwlamasam üstüni ýetirýärdi. Gorky diýseň – gorkara zat ýokdy. Ölümi ýakynlaşandyr diýse-de jany sagatdy. Bir kemi işdäsi – oňa-da üns bermezligi kapasa durmuşy öwredipdi.
Gün erňegeini ýere berer uçurlarynda bir gartaşan adam onuň kapasasynyň öňüne geldi. Alnan wagty ýatdan çykyp gideni bildirip duran köneje çal kostýumly, ýaşy altmyşa golaýlandyr diýdirýän bu adamyň özünem geçilen ýyllar köneldene meňzeýärdi. Boýy keltä ýakyn bu ýaşulynyň eginlerini ýygyryp, küýkeribräk ýöremesi ony hasam sykylan ýaly görkezýärdi. Ol gaplaňyň kapasasynyň öňünde egrerlip köp durdy, çilim otlandy. Garra başda ünsem bermedik gaplaňam ýuwaş-ýuwaşdan ynjalyksylanyp başlady. Kapasaynyň aňyrsyna – kölegä gidip gördi, emma garrynyň nazaryndan sypyp bilmedi. Ýogsa gaplaň adatça gelip, geň galyp synlap gidýän adamlara düşünmän seretmesinem bir wagt goýupdy. Ol synlaýjylary görmeýär diýen ýalydy. Indi ýygrimi ýyldanam gowrak wagtdan bäri bu gaplaňyň günleri boşluga gaçýan mysalydy. Onuň özem günleri bilen birlikde boşluga gaçan ýalydy. Manysyzlyk boşlugynda ne öli, ne diri ýaşaýan gaplaň üçin wagt durupdy, günler üýtgänokdy. Ukudaka oýamy, oýaka ukudamy özem bilmaýardy. Eýlesi-beýlesi otuz-otuz bäş metr giňlikdäki kapasada özüniň gaplaňdygyny hem duýanokdy. Hatda oklanan läşe-de endigine görä topulmaýardy. Galyň derisi halparyp özüne uly bolýan ýaly görünýän garry gaplaň tegelenip duran Aýa seredip tokaýy, jeňňelleri, keýikdir ýekegapanlaryň hemişe suwa gelýän üodalaryny ýatlap: "Eý, dolan Aý! Sen häzir meniň şalyk süren mülkümem görüp duransyň, geplesene, dymmasana! Ýurdumdan habar bersene. Ýa soltansyz galan ýurt weýran boldumy? Iň az ähmiýet berenim sendiň. Şonda-da menden öýkelemänsiň, yzymdan galman gelipsiň" diýip gussa batýandyr diýdirse-de onuň sowuk, manysyz seredýän gözleri ne Aýa üns berýärdi, ne-de ýazzy maňlaýyndaky gözenege. Ony has başga düşnüksiz bir duýgy örteýärdi. Garry gaplaňyň şöhlesi öçen gözleriniň öňünden gojanyň nazary gitmeýärdi. Durmuşyň günleriniň igeläp-igeläp igleden ömürleriniň nämedigine ahyr düşünip, bu düşünmelerinem ýene şol igli ömürleri götermeli bolansoň ejizlän ýaly
Emma itiň uwlamasy hem öň ýanynda ikindinara gelen adam onda düşnüksiz gozgalaň oýarypdy.
Kiçiräk şäherleriň biriniň has hem kiçijik haýwanat bagyna gelen ýaz hem kapasa salynan ýalydy. Ýogsa agaçlaram agaç olaryň oýanan pyntyklaram şol bir pyntyk. Emma bu haýwanat bagynyň ilkinji açylan gününi bilýän uly adamlar-a ölüp gutarypdy welin¸ şol wagt oglan ýaşyndakylaram altmyşa golaýlapdylar. Ministrlikde indi alty-ýedi ýyldyr bu bagyň göçüriljekdigi barada gürrüň gidensoň ony bejermek, kapasalaryny giňeltmek üçin hiç hili pul goýberilmeýärdi. Onsoň bu ýere "bag" sözi kän bir gelşibem baranokdy. Başgaça-da nähili atlandyrjagymy bilmedim, goý, bag bolsa bag bolsun – dogrusy, bu bagyň direktory onuň täze ýere göçüp haýwanlarynyň has gowy şertlerde sakanylmagyny isläbem baranokdy, şeýdiläýse "Direktor bolasy geljekler köpeler" diýýärdi. Häzir bolsa bu bagyň bardygyny işgärlerinden başga bilýän bara meňzänokdy.
Şeýle ýazyň aý-aýdyň gijeleriniň birinde garry gaplaň demir gözenegiň öňünde penjesini ýassanyp ýatyrdy.
Ýazyň güni tokaý şeýle ajaýypdy. O gülden o güle gonup, ahyram haýsysyny saýlajagyny bilmän zaryn iňläp, mejnuna dönen bal arysynyň waspyny ýetirjek bolsaňam ne dil çydar, ne kagyz. Bu jeňňeliň müň dürli guşlarynyň ýüz müň dürli owazynyň - döredilen däl, ýaradylan aýdymyň ýekejesiniň şirinligini gulagyňyza eşdilen ýaly etmek ücinem diliň aňyrbaş ussady bolmaly. Göwnüme ürkekligi näzikligine hasam görk berýän keýikleriň ýa-da towşanlaryň gulaklary tebigatyň täsin sazynyň ähli owazyny sypdyrman eşitmek ücin ulalan ýaly. Kim bilýär ýylan bu aýdymy ädimlerimiň sesi bilen bulaşdyraýmaýyn diýip, aýagyny taşlap, ýerden sessiz süýrenýändir. Gürrüňini berjek bolýan gahrymanymyzam şu gözelligiň aýrylmaz bölegi. Göz bilen gaş bolmasa ýüzüň görkünden söz açyp bolmaýşy ýaly mähnetligi hem çeýeligi, eýmençligi hem gözüňi gandyryp bolmaýan owadanlygy özünde jemleýän gaplaňsyz bu jeňňelem ýöne bir agaçlaryň, gülleriň, haýwanlaryň üýşmegi bolaýjaga meňzeýär. Honha ol tokmak ýaly penjeleri bilen ýeke çöpem ynjytman gelýär. Belki, gulagynyň çensiz eşitgiligindendir onuň şeýle seresaplygy. Tokaýyň sergezdan soltany göräýmäge seňkildäp barýar diýdirse-de uzakdan gelýän gäwmiş sürüsiniň sesini eşidýärdi. Ol sürüniň ygyna aýlanmaga howlugýardy. Gyrymsy agaçlaryň arasynda ýapyrlyp awunyň gelerine garaşyp ýatan gaplaň dürbi tutsaňam aňsat-aňsat görünjek däldi. On-onbäş sany ýabany deresygyrlaryny yzyna tirkäp gelýän öküz mahal-mahal durup töweregine diň salsa-da öňünde garaşýan howpdan bihabardy. Ol şemala ynanýardy. Düýn eýläk, bu gün düýbünden tersine ösmegi hiç zatça bilmeýän semal betbgt janawary aldaýardy. Yranýan, ösgün otlar bilen deň hallan atýan ala gaplaňy görerden bolsa öküziň gözleri ejizdi. Üstesine-de ol otlap garnynam doýurmalydy. Süri ýakynlaşdygyça awuny nazara alýan gaplaňyň hereketi haýllap läheň göwresi düwünçek düwülen ýaly gitdigiçe düwülýärdi. Birdenem edil aýagynyň aşagyndan çykan gyryljyk arrylda öküz janawer doňan ýaly boldy durberdi. Özüne gelýänçä-de iň soňky gezek düwülip birdenem ýazylan gaplaňyň penjeleriniň zarbyna bögürip ýere ýazyldy. Alkymyndan geçen ýiti dişler mähnet öküziň bokurdagyny çeýnemän sypdyrmady. Seresap gaplaň ajaly ýeten öküze şahyny aýlara-da maý bermedi. Awuny aňsat alan ýaly görünse-de, gaplaňyň aç selpäp ýörüşine dört gündi. Emma şonda-da awlan ýerinde iýmän ony gyrymsy agaçlaryň gür ýerine süýräp äkitdi. Gaplaňdan galman deň sekilleşip gelen şagallar hem ýeňiş sazyny çalýan ýaly gan ysyna uwlaşdylar. Olar gaplaňyň iýjegini iýip öküziň süňk-saňkyny, garyn-hapasyny taşlap giderine ýene azyndan üç-dört gün garaşmaly boljakdyklaryny bilselerem özlerini ýene sähelçe gün sabyr etmäge çagyrýan «baýramcylyk sazyna» başlana meňzeýärdiler. Gaplaň dagdan inýän çeşmäň suwundan ganmak üçin arasynda awuny goýup gidäýende-de şagallar läşe ýakynlaşmaga het edip bilmeýärdiler, hol beýlede hyllyklaryny akdyryşyp durýardylar. Niçikmi gaplaň sarkyndysyny taşlap, suwa däl-de terse tarap daşlaşyp ugraram welin, sürlenşip gaýdýardylar. Olaryň agyzdan galanyň üstünde biri-birleri bilen gyrlyşaýjak boluşlaryna tokaýyň arslany känbir ünsem bermezdi, elbetde, soltana soltanlyk ýaraşar, şagala şagallyk.
Inini-boýuny alyp, dördüni dolduryp barýan gaplaň enesiniň süýdünden, penasyndan aýrylyp özbaşdak aw etmäge başlamazynyň öň ýanlary ýekelige dyzaýardy. Çünki awlan awlary dogany, özi hem enesi üçüine köplenç ýokam bolmaýardy. Kä halat dogany bilen awlanan keýigiň oňurgasynyň ýüzüniň ýa-da budunyň çylka etiniň üstünde hyňranyşýardylar. Gyş düşdigice aw tapmak hasam kynlaşýardy. Maşgalanyň dok gününden aç güni has köpdi. Birdenem gyşyň ortaky aýy enelri olary taşlap, haýsydyr bir ýat gaplaňy yzyna düşürip gitdi. Daşlarynyň galasy bolup duran enelerinden aýrylanlaryndan soň, doganlar hem tirkeşip ýörmediler – her haýsy bir tarapa seňkildedi ötägitdi. Ne hoşlaşyk boldy, ne bir-biregi ýalaşmak. Bularyň dek düýnem bir-birege hemaýat edip, agyzbirikdirip aw eden maşgaladyklaryna ynanar ýaly däldi. Indi olaryň hersi öz gününi özi görer. Günüň nireden dogup, nireden ýaşýany hem kän bildirmeýän ümmülmeztokaýda setanda-seýranda gabat geläýselerem dogan-dogany tanamaz, ene dogmasyny.
Ýalňyz galan gahrymanymyz indi erkindi. Çar tarapa ýoly açyk, alan awam özünkidi. Emma ýaş gaplaň ilki günler awlara aw tapman, tapaýsa-da alyp bilmän ahmyrly selk-selk edip jeňňelden-jeňňele köp selpäpdi. Erkin bolaňda näme, garnyň aç bolsa. Ýogsa üç bolup aw edýärkäler ol özüni awa gaty ökdeländirin, hatda enesindenem gecirendirin öýderdi. Ýaş gaplaň semiz ýekegapany kowalap ýetäýmeli bolanda ýetip bilmän jany ýanyp galanda enesiniň awy özi tutman üstüne kowýan ekendigine düşünipdi. Bir günem iki bökende süýnüp barýan keýigiň alkymyndan agyz salanda-da awuma ýene bäş edimjik ýakynlaşmaga sabrymyň ýetmeýän ekendigini bilipdi. Şeýdip, ol gaplaň bolup doglanam bolsa, gaplaň bolmagy öwrenýärdi. Galyňdan owadan derisi gün-günden lowurdap, has-da reňk açýan gaplaň aw etmäge ökdeledigiçe erkinlik däl, ondan has ulurak duýgynyň lezzetini alyp başlady. Dyrnaklarynyň ýitisini, gollarymyň güýjüni, dişlerimiň ötgürligini, göwresiniň kuwwadyny, sesiniň jadysyny - umuman gaplaňdygyny duýdugyça gaýduwsyzlanyp, batyrlygy artdy. Onuň özüne bolan hormaty, sylagy, buýsanjam beýgelýän ýalydy. Beýle duýgular haýwanlarda bolmaýar diýseňizem hakyňyz bar, ýöne gaplaň hepdeläp aç gezse-de öňümden çykan maslygy iýmeýärdi. Gahrymanymyz şagal däldi ýa-da depilse çyňsap, soň ýene şol depeniň öňüme oklanyny guýruk bulap ýuwudup duran güjügem däldi. Ol uly tokaýda bir özi islän ýerine arkaýyn gidip, hiç bir haýwandan heder etmän gezýän ýeke-täk ýyrtyjydy. Şonuň üçin şagala-güjüge gaplaňlygyň nämedigine düşünmek berilmändir. Gaplaňam olara düşünmýärdi, dogrusy düşünjegem bolmaýardy. Tokmak ýaly gollary toprakda oýtum-oýtum yz goýýan, çagalykdan saýlanyp, ýaşlyga tarap ätlän gaplaň gaplaňlygyň nämedigini bilmese, kim bilsin?! Gaplaň muny şeýle bir bilýärdi welin, bilýändiginem bilmýärdi. Ol gaplaňlygy öwrenýärkä-de gaplaňdy. Asly gaplaň däller öňi-soňy başarmajaklaryny bilýän ýaly gaplaňlygy öwrenjegem bolmaýardylar.
Awy oňan gaplaň garnyny doýuryp, çeşmäň suwundan ganyp, ýene läşiň ýanyna dolanyp geldi. Penjeleriniň ganyny ýalady. Edil pişigiň ýuwunşyny edip, ýüzüni, murtlaryny ýuwdy. Dok arslan şagallaryň galmagyna ünsem bermän ýiti dişlerini lowurdadyp pallady-da penjelerini ep-esli öňe oklap tutuş göwresi bilen gerindi. Şagallara şam ederden läşde entek jylka et kändi. Goý, çarp ursunlar. Ýene bir-iki gün çydarlar. Gaplaňa gaplaňyň güni, şagala şagalyňky. Bu Allaň adalaty. Bu adalat bozulsa, şagallar gaplaň, gaplaňlar şagal bolmazmy?! Jeňňelden-jeňňele, dereden-derä selpäp sütüni süýnen arslanyň gözleri süzüldi. Sähel sälym mundan öň mähnet öküziň bokurdagyny çeýnän ýyrtyjy ücden biri iýlen läşiň gapdalynda ýaz gününiň güneşiniň ýylysyna meýmiräp, ymyzganyp barýardy. Guşlaryň owazy, tebigatyň sazy, başlary göge direg bolup durana meňzeýän agaçlaryň ýapraklarynyň şabram şelperiniň sesi indi hasam ýakymly eşdilýärdi, eger sürübaşysyz galan, henizem galdyraşyp özlerine gelip bilmeýän deresygyrlaryny hasaba amasaň.
Birden guşlaryň sazy garyşdy. Garysyna galan gaplaňyň gözleri derrew ýiteldi. Ol itleriň uzakdan gelýän üýrmesine üşerildi. Az salymdan adam sesleri hem eşdildi. Gaplaň öküziň läşini halta göteren ýaly bir silkende arkasyna atdy-da suwa barýan ýoldan has sowa, barmasy kyn jeňňelige siňdi. Gizlin erde ýatyşyna ähli ünsüni gulaklaryna berip, itleriň sesini eşitmäge çalyşýan gaplaň sähel salymdan ýene olaryň özüne tarap gelýändigini aňdy. Oljasy oňan gaplaňyň häzir itlerem adamlaram göresi gelmeýärdi. Ýadawlygynyň üstüne awunam alyp gaçmaly bolýardy. Emma etjek alajyň ýok – gaplaň wagt ýitirmän uly öwrüm etdi-de, adamdyr itleriň araka tarapyna geçdi. Gaplaňyň hasabyna görä indi olar eger, ýörite kastyna cykmadyk bolsalar özünden uzaklaşmalydy. Hakykatdanam ýakymsyz sesler bir salymdan ýitip gitse-de birden ýene eşdilip başlady.
Gaplaň birinji gezek adamy görende birem ýaşamandy. Enesi o wagtlar dogany ikisiniň arasyna çalajan towşany oklap, awa topulmagy, ony bölek-bölek etmegi öwredýärdi. Birdenem ene gaplaň çaglaryny gyrymsy agaçlaryň gür ýapraklarynyň arasynda goýup, özi iki towsum beýleräkde gizlendi. Gaplaň çagalary enelerine öýkünip ýapyrylyşyp ýatdylar. Birsalymdan dört sany adam iki sany tazy bilen çaga gaplaňlaryň golaýyndan geçip gitdiler. Gaplaň ysyny alan itler guýruklaryny ýamyzlaryna gysyp adamlara gysmyljyradylar.
- Seresap boluň! Itler bir zat aňýar. Gaplaň bar bolaýmagy ahmaldyr, eglenmäň, ýaltaklamaň.
Şonda adam diýilýän ejiz mahlukdan näme üçin gizlenendiklerine düşünmese-de, oňa görneniňden görünmäniň gowudygyny çaga gaplaň sapak edinipdi. Enesiniň adamlardan gizlenşini synlap, gaplaňyňam towşan kimin busmaly pursatynyň bolýan ekendigine geň galypdy. Adamlar geçip gidensoň enesiniň derrew mesgenini üýtgetmegi gaplaňyň ýaş beýnisinde berk galypdy. Iki dogan zordan eneleriniň yzyny eýgerip, ýykylyşyp-sürüşip täze sürenlerine barýançalar ep-esli ýol geçipdiler.
Ýakynda, aý-ýarym mundan öň gar eräp, agaçlar ýaňy pyntyk ýaryp ugranda-da gaplaň adamlary ikinji gezek gördi. Ol garny bilen süýşüp otlaşyp ýören keýiklere golaýlaşyp barýardy. Birdenem gulagyňy gapýan sese hasam ýapyrylanyny duýman galdy. Dyr-pytrak bolan keýikleriň biri gyssanjyna gaplaňyň gapdaljygyndan atylyp geçýärdi. Ýerden çykan ýaly duýdansyz peýda bolan adamlaryň ellerindäki taýaklarynyň garaňky gözlerinden gezek-gezegine ot çykýardy welin, ýüldyrym ýaly zymdyrlyp barýan keýik tüwdürlip gidýärdi. Gaplaň her tarkyldy çykanda sähel galdyran başyny ýene ýapyryp, ýere giräýjek bolýardy. Gorkusyna ýüregi agzyndan çykara gelen ýaş gaplaň gelişi ýaly yzyna süýşenekläp adamlara görünmän gaçypdy. Soň gaplaň birnäçe gezek olaryň oturup giden ýerlernde galan üýşmek küli, boş çüýşeleri geň galyp synlapdy, emma birine-de degmän daşyndan aýlanyp bahymrak daşlaşanyny kem görmändi.
Gaplaň adamlardyr itleriň ýolundan näçe sowa, barmasy kyn ýerde gizlense-de olar aýlanyp-dolanyp ýene göni üstünden gelýärdi. Ol indi läşdenem geçdi. Az salymda gaplaňyň taşlap giden awunuň daşynda şagallar meýlis gurdy. Haýran galaýmaly, gaplaňyň güni kynlaşsa şagallar mes bolýan eken.
Dogrusy gaplaň ellerinde gözünden ot çykýan taýaklary bolsa-da adamlardan kän gorkaýardy. Ol gaplaň akyly bilen adamlaryň itleri ýaly ys algyr ýa-da görgür, eşitgir däldigine göz ýetiripdi. Bilesigeliji janawer itlere aňdyrman adamy birnäçe gezek uzakdan synlapdy. Ony geň galdyran hem ekezlendiren zat adamlaryň gözlerinde ganhorlugyň, ýyrtyjylygyň ýoklugydy. Gaplaň gana suwsan, gan guýlan ýaly gyzyl gözleri ýaş ýarymka görüpdi.
Gyşyň ortsydy. Tokaýda birden-birden turýan syrgyn, gopýan harasat äpet arçalaryňam bilini şartyldadyp oňurýardy. Awlara aw ýokdy. Diňe gaplaňlardan başga ähli jandar gyrylyp gutaran ýalydy. Açlykdan ysgyny giden gaplaň çagalaram ölümiň bäri ýandadylar. Şonda gaplaň çagalarynyň atasy tötänden öňynden çykan goňur aýy bilen garpyşypdy. Ara jan dawasy düşen bu garpyşygy çaga gaplaň demini alman diýen ýaly synlapdy. Ganhoruň gözleriniň nähili bolýandygynam ol şonda görüpdi. Ak gary gyrmyzy gana boýan mähnet aýynyň gözleri göz däldi-de iki sany gan guýlan çukurdy. Atalarynyň hyrsyzlygam, rehimsizligem aýyňkydan pes däldi. Uzaga çeken söweşden soň içegesi çogan atalary ölüpdi. Gaplaňy ýeňip söweş meýdanyny taşlap gidip ugran, alkymyndaky ýogyn damry ýolunan aýynyň üstyne ene gaplaň zyňypdy. Şol pursat enesiniň gözleriniň ýowuzlygyny gaplaň hiç unutmaýardy. Ene gaplaň sähel salymda ysgyny giden janaweriň läşini seripdi. Atalarynyň ganyna galan aýynyň eti olary şol gyş açlykdan ölmekden halas edipdi.
Emma adamyň gözündäki ýumşaklyk, gorky gaplaňyň düşnükli dünýesini bulam-bujar edýärdi. Gözi ürkek keýigiň gözüni ýatladýan ynsanyň elindäki taýaklarynyň ot syçradýan gözlerinden welin, daşyndan gorky-ürküni bilýän däldir diýdirýän arslan eýmenýärdi. Onuň gözünden ot çykanda asmanda uçup barýan guşuňam ýere patlap gaçyşyny gaplaň haýran galyp synlapdy.
Telim ýola ýerini üýtgeden janawer ysynyň özüni satýandygyny aňdy. Ol gyssanjyna şaglap akýan derýa urdy. Emma gaplaň ysyny derýada aýryp bilmedi. Garny dok ýyrtyjy yzarlanmadan ýadap ugrady. Adamlar ony agaçlaryňň seýrek ýerine kowýardylar. Aýaklarynda ysgyn galmadyk ýadaw gaplaň gizlenmegiň peýdasynyň ýokdugyna düşündi. Adamlaram göründiler. Olar on-onki bardylar, ellerinde-de gozünden ot çykýan taýaklary. Gaplaňda gaçara güýç galmandy. Guýrugy ýamzynda kysmatyna kaýylam bolsa, bir sagyna, bir soluna hyňranýan gaplaňyň ýanyna arkaýyn ýakynlaşar ýaly däldi. Emma adamlardan biri göni onyň üstüne tarap gaýtdy. Tokaýyň soltany garpyşyp öljegine begenýän ýaly özüne golaýlaýan adamy görüp ädimini haýallatmady. Dogrusy, şeýle-de zordan ýöreýän, daljygan gaplaň mundan beter haýallasa durbermelidi. Içiňden geçip barýan ýiti nazaryny beýlekilerden saýlanyp gaýdan adamyň gözlerine diken gaplaň ýene haýran galdy. Ol gowuşgynsyz ädimler bilen gelýän adamyň gözlerinde diňe gorkyny görýärdi. Beýle adam neneň kastyňa çyksyn. Üstesine onuň elinde ot saçýan taýagam ýokdy. Daşygabalyp nätjegini bilmeýän ýyrtyjy bilen bir ellerine letde oran adamyň arasy barha gysgalýardy. Gaplaň bir zyňsa adamyň iç-goşuny çogduryp biljek aralyga ýakynlaşdylar. Bolýan zatlara hiç düşünip bilmeýän gaplaňa ýekeje düşnükli zat eli boş adamyň özüne gitdigiçe ýakynlaşýandygydy. Şonuň üçin ol garşysyndaky adamyň hereketini sypdyrmajak bolýardy. Olaryň ikisiniň hem ädimleri şeýle bir ýuwaşady welin, edil duran ýalydy. Islendik pursat olar garpyşsalar garpyşaýmalydylar. Güjükleriň halkasam adam ýakynlaşdygyça gysylýardy. Emma gaplaň olara üýräňmem diýenokdy. Hatda ol beýleki adamlary hem unudyp diňe garşysyna çykan kişiniň etjek hereketine garaşýardy. Birden ol adam ýere ýüzin ýatdy. Nämäň nämedigine düşünmedik gaplaň sakga durdy. Elleri torly, ünsi özlerine çekdirmän assyrynlyk bilen daşyny alan adamlar aljyrap, özüni ýitiren janawer duran badyna onuň üstüne tory bir adam ýaly zyňdylar. Adamlaryň oklan tory gaplaň çapalndygymça möýüň kerebi ýaly beter daşyna dolaşýardy. Uýluklary sandyrap, hereketleri haýallan adamlar göz açyp ýumasy salymda düýbinden üýtgediler. Olar biri-birlerine gygyryşyp, çalasynlyk bilen toryň tanapyny çekýärdiler. Nämäň-nämedigine düşünmän gorkusyna demi tutulan gaplaň urunýardy, toruň berk tanaplaryna agyz salýardy. Adamlaryň ala-galmagal bolşup toruň daşyna üýşüşleri olary itlerine meňzetdi. Olar edil itleri ýaly biri-birine gezek bermän, diňlemän goh turuzýardylar. Gaplaň ýerli-ýerden çekilýän toruň içinde nädip sähel wagtda güýlünen ýaly bolanyny duýman galdy. Tor onuň daşyma şeýlebir aýlandy welin, gymyldamaga maýy galmady. Häzir agzy berk daňylan toruň içinde dişlerini syrtardyp ýatanyň sähel wagt mundan öň äpet gäwmişi agdaran gaplaňdygyna ynanar ýaly däldi. Bu bolup ýatyşyna has-da ynanmaýan, töweregine geň galyp seredýän gaplaňyň özüdi. Ýa-da ol gaýda-gaýmagallaşyk bolup ýören adamlary nädip özüne duşman saýjagyny bilmän geň galyp bakýardy – bilmedik. Onuň atasyny öldüren duşman hakyky duşmandy. Emma ynsanyň duşmanlygyna welin mert janawer ne ynanyp bilýärdi ne-de düşünip. Onuň güjüklerinä-rä duşman adyna-da mynasyp görmeýärdi.Ynsanyň duşmançylygam, häzir ony öldürmeýşem gaplaň üçin geňdi.
- Sygarmyka bir?
- Sygar, sygmasa gysylyp durar. O hasam gowy. Hany boluň götereliň.
Adamlar toruň ýokarsyndan berdaşly taýak geçirip, her tarapyna bäş-alty adam bolup göterip başladylar. Ýerden üzülýänini duýsa-da başyna nämeleriň gelýänine düşünmeýän haýwanyň diňe hyňranmaga güýji ýetýärdi. Şa bolup gezen tokaýynyň içi blen ony ýesir edip alyp barýardylar. Toruň içinde aýaklaryny dik ýokaryk edip arkan ýataşyna hallan atyp barşyna janaweriň gözi şahadan şaha bökýän belka düşdi. Perişan halyny çymçyk ýaly haýwanjykdan gizlejek bolýan ýaly gaplaň ýygryldy. Adamlar ony göterip ýola çykardylar. Maňlaý derlerini sylyşyp çilim otlandylar. Tutan awlaryndan ep-eslije pul gazanjak dogumlanan adamlaryň keýpi kökdi.
- Bäh, muň maslygam şunça adama ýük. Üç ýüz kilär-ä bardyr.
Köp garaşdyrman üsti kapasaly maşynam geldi. Adamlar «Sen galdyr-da, sen aşagrak goýber» bolşup, gaplaňy depesi açyk dar kapasa saldylar.
- Indi tory hiç ýerini agyrtman alyp bilsek...
Awçylykdan çaga ekleýän bu adamlar işleriniň ussadydylar. Olar toram gaplaňy ynjytman daşyndan sypyrdylar. Kapasa gaplaňy tor ýaly gysmasa-da, şeýle bir daşyny gurşap durdy welin, hatda janawer yzyna-da aýlanyp bilenokdy. Urunara, çapalanara-ha asla maý ýokdy. Şonda-da ahmyrly haýwan gözenege agyz saldy, emma demir diş öterden berkdi. Gaplaň kapasa sygsa-da bolup ýören zatlar kelleçanagyna sygman beýnisiniň içinde ondan oňa urunýardy. Kelleçanak kapasadanam berk bolmaga çemeli - olam ýarylmady. Ýyrtyjynyň gujurly göwresi, ýüreginiň gaýduwsyzlgy bir wagt ýeňilenini boýun alypdy. Arslan ýürek towşanyňky ýaly tirsildär diýseler ynanmak kyn, ýöne ynan-ynanma şeýle batyr ýürek tirs-tirs edip durdy. Gaplaň ähli gaýraty kellesindedir öýtmeýärdi, emma şeýle eken - ol hem ýeňilenini iň soňunda boýn aldy. Janawer ýene demiri dişledi. Ýok, arslan diri ýeňilmeýär. Muny oňa atasy öwredipdi, tokaý öwredipdi.
Adamlar ýabany haýwany töweregi birahat etmasin diýip üstüni çadyr bilen örtdüler. Demigmez ýly diňe aşakda bir sere ýaly ýeri açyk goýdular. Töwerek ýagty bolsa-da hiç zat görüp bilmeýşine gaplaň düşünmeýärdi. Bir tarapdanam ol indi ne halyny tokaýa jar etjek belkanyň, ne-de düşnüksiz hereketleri bilen gaýda-gaýmalaşyk bolup ýören adamlaryň görünmeýändiginden rahatlandy. Onuň daşyny çadyryň ümür-dumanyň reňkine meňzeş çal reňkli reňksizligi gurşapdy. Bir gün däl, iki gün däl indi üçülenji gün ilki maşynda soň otlyda bir durşuny üýtgetmän aç-suwsuz duran arslanyň içinem ýuwaş-ýuwaşdan reňksizlik gurşady. Jeňňel oňa arslandygyny öwreden bolsa, bu reňksiz reňk gussaň nämedigini öwretdi. Ol mawlap bilenokdy. Aglap bilenokdy. Jeňňel ýyrtyjylaryň ýyrtyjysyna her hili agyr günlere, açlyga horluga döz gelmegi öwretse-de, güjüklemäni öwretmändi. Oňa dar ýerde gussa ýar boldy. Ol gaplaň bolany üçin ümmülmez tokaýda-da ýalňyzdy, häzirem, megerem, şonuň üçin ýatyp, aýaklaryny uzadyp, gerinibem bilmän dim-dikligime reňksizlige, ýalňyzlygyň reňksizligine çümüp durdy. Arlasa tokaýy titreden arslan, nalamany bilse, mümkin, arşy titrederdi. Şonda-da nalamak arslana aýpdy. Ýeňilen, biçäre arslana-da aýypdy.
Gaplaň gussasyna çümüp dursa-da galyň çal çadyr bilen örtülen, içinde näme barka diýdirip, görende bilesigelijilik oýarýan geň kapasa duranokdy. Tokaýyň şirin aýdymyndan, täsin sazyndan nam-nyşan galmady. Indiki eşidýän sesleri oňa ýat hem ýakymsyzdy. Ony eýläk-beýläk, öňe-yza çaýkaýan maşynyň bir peselip, bir güýjeýän gürrüldisi ömründe eşden sesi däldi. Soň otlynyň şakyrdyk-şakyrdyk edip soňy gelmejege meňzän ýürege düşgünç bir sydyrgyn şakyrdysy gaplaňyň gussasyna saz bolupdy. Bu şakyrda görä ýaýkanyp durmakdan iren janawer irginsizlikden irip kä wagt irkildigi derrew düýşünde jeňňelinde aw edýärdi. Awuna zyňanda-da tisginip oýanýardy-da esli wagtlap özüniň nirededigine düşünip bilmeýärdi.
Soň gaplaňy uçara ýüklediler. Gulagyňy gapyp barýan sesiň içinde birden birden asmandan aşak oklanýan ýaly demi tutulyp, hopugyp gidýän biçäräniň aýaklary göwresini götermän saňňyl-saňňyl edip başlady. Töwerek diňe güwwüldidi. Ahyry ol aýylganç sesem kesildi. Şäheriň haýwanat bagynyň işgärleri ony garşyladylar. Kapasasyny ýörite ýük düşürji kran biln göterip maşyna mündirdiler. Emma janawer haýwanat bagyna eltlilip ýere düşürilýänçä üstüniň çadyry aýrylmansoň bu derejelerden bihabardy. Ol adamlaryň galmagaly bilen itleriniň sesini kän bir tapawutlandyrmasa-da oňa hiç öwrenşip bilmeýärdi. Aç-suwsuzlygyndan ysgyny gidip aňkasy aşan ýaly bolan gaplaň bu seslere biygtyýar üşerilýärdi. Daşynda bolsady, bu seslerden dynsa bolýa menzil-menzil ýoly durman aşardy. Adamlar ýene uly goh boluşyp dar kapasany itiň ýatagynadan ulurak, kepbeden kiçi bir tarapy giň kapasa acylýan hütdügiň agzyna eltdiler. Gaplaň şol sümelgeden geçip ýaşamaly mesgenine barmalydy. Çadyry galdyrdylar. Her kim näçe gündir garaşylan, gyzyl pul berilip ýörite tutdyrylyp getirdiln gaplaňy ýakyndan görjekdi. Hatda merkezi gazýetleriň birinden ýörite habarçy hem suratçysyny yzyna tirkäp gelipdi. Emma özleri bilen boýdaş, ýiti dişleri gözenegiň aňyrsyndanam çeýnäýjek ýaly görünýän hyrsyz ýyrtyjyny görenlerinden adamlar yza çekilenlerini duýman galdylar.
- Seresap boluň! Suwy taýýar et. Kapasaň agzy açylar welin suw sepersiň. Taýýarmyň?
- Men taýýar başlyk.
- Aç! Sep! Suwy serp diýýän, aňkaw.
Gaplaňyň kapasasy açyldy. Suw sepmeli kişi aljyrap, büdräp bedreleriniň birindäki suwy ýere dökdi. Ikinji bedre-de agdarylmanka haýwanat bagynyň müdiri oňa ýapyşdy. Ol suwy garaňky sümelgä girmäge ýäýdanyp duran gaplaňyň üstüne serpdi. Gaplaň alagaraňky hütdüge urdurlyp girdi.
- Ýapyň!
Symelgäň demir gapysy şarkyldap ýapyldy. Boş galan kapasany gören adamlaryň süňňi gowşap, uludan dem aldylar. Gaplaň bolsa garaňky ýerde eglenmän ýagta atylyp çykdy. Nähili giňişlik. Erkinlige çykandyryn öýden janawer gözenege tas özümi urupdy. Emma daşary, erkinlik bilen arada demir gözenek bardy - dişläp goparardanam, urup ýykardanam berk gözenek.
Niçigem bolsa, daşary görünýär. Ol çykmagym üçin görünýändir. Ýogsa görünmezdi ahyryn. Munuň bir çykalgasy bardyr.
Ýok, hiç ýerinde çykalga ýok. Bu-da bir tor. Ýöne gysyp duranok. Ep-esli ýere selkildäp gidip bilýän.
Birden gözüm bir burça oklanan läşe düşdi. Oňa topuldym. Muň sowukdygyny, gyşyň güni gara gömlen ýaly. Ganam ýok, gurap gidipdir. Ýazyň güni bu näme üçin beýle sowukka? Ýöne maslyg-a däl. Öküzüň läşine meňzeýä. Oňurgaň ýüzüniň ýumşak eti sypyrlyp alnypdyr. Agyzdan galan. Şagalyň şamy. Ýarsy ýok läşi taşlap beýläk gitdim. Öz tutmadyk awymy, öňüme oklanany iýmäge namys etdim. Ondan aç ölenimem gowudyr. Ölüşim göz öňüme geldi. "Mert öldi" diýerler. "Arslan diýip şuňa diýäýseň" diýerler. Her guýruk bulaýan güjüge beýle ölümiň eýgertmejegini isleseler-islemeseler boýun alarlar. Ýeri mert öldü diýdiler-dä soň näme? Soň ýaňky tarypyňy ýetirenleň biri aýagyňdan, beýlekisi uzyn guýrugyňdan tutup, süýräp giňişiräk ýere çykararlar-da gymmat bahaly deriňi soýmaga durarlar. Soň onam birine satarlar. Sen şonda özüňden deriň gadyr-gymmatynyň has ýokary ekendigini bilersiň, hem muňa haýran galarsyň. Bilersiň, ýöne bileniňden peýda bolmaz.
Ýene ýatan läşe topuldym. Ýok, ölmerin, ölmejek bolaryn. Özüm, tutuş dünýäm tussag bolsa-da işdäm açyk. Onda-da gaplaň işdäsi. Men iýmeli. Agyzdan galanam bolsa iýmeli. Iýmesem ölerin. Iýmeli.Sowuk eti kesek ýuwdan ýaly özüme zor edip ýuwutmaga durdum. Buz ýaly et gyzylödegimi dilip, yzarlap, aşak gidýärdi. Esgä dönen etde tagam-tagsyr ýokdy. Agzymda doňy çözülip suwjarýan ete ýüregim bulandy. Iýen iki-üç lukmam yzyna gaýtjak boldy. Emma olary ýene ýuwutdym. Şuny şu wagt iýmesem, ertirem iýmerin, birgünem. Gün geçdigiçe ýüregim beter bulanar. Işdäm kesiler. Men öz-özümi öldürerin. Ejize ýaraşar beýle iş. Kapasada bolsamam, kapasadaky arslandyryn. Gapana düşen syçan däldirin. Gaplaň göwrämi saklamaly, gaplaň işdäsi bilen iýmeli. Men tokaýda gany sarkyp duran täzeje etden doýup, gapdalynda lezzet bilen gerinip ýatyrkam başyma şeýle günleň düşjegini bilemokdym, şu günem ertir näme boljagyny bilemok. Bilýändirin öýdüp janyma kast edip bilmen. Torda güýlünip ýatyrkam daram bolsa aýak üstünde durup bolýan kapasa düşdüm, häzir has giň ýere saldylar, ertir mundan çykaryp, näme etjekleri belli däl. Göwün aldamak buza dönen doň eti ýuwudandan gowurak ýaly. Göwnüňi aldamaly, aldanmaly, emma ölmejek bolmaly. Ölmejek bolmaly. Ölmäni kim başarmaýar, ýaşamakda bar iş.
Dyrnaklam topraga batanok. Aşagym daş. Suwam bar eken. Şu wagta çenli görmändirin. Adamlar şular ýaly gapda güjüklerini ýallaýardylar. Niçigem bolsa suwdan-a gandym. Çeşmäňkiden tagamy başgarak bolsa-da derýa suwundan arassa. Ýuwaşadym, eger ýuwaşap bilýän bolsam. Indi yzyma, jeňňeliň içine goýberseler namysymdan ölerin. Adamlar näme üçin meni öldürmeýärkäler? Näme üçin meni ýallaýarkalar? Näme etseňem gaplaňdan güjük bolmajagyna olaryň akyly çatmaýarmyka? Öldürmeýän bolsalar goýberjekdirler. Bir ýerde çykalga bardyr. Suwy görmeýşim ýaly görýän däldirin. Kapasaň ähli ýerine ýene bir gezek aýlanyp çykdym. Seňkilläp ýörseň ünsüň sowulýar. Edil üstüňe çadyr bürelen ýaly däl.
Gözenegiň aňyrsynda üç sany agaç ösüp otyr. Olar tokaýda görýän agaçlaryma meňzänok. Boýlary pes, ýapraklary selçeň. Olaň şahasynda ondan-oňa gonýan guşjagazlaram birhili. Olaryň saýraýşam geň - iki sapar jürk-jürk edýä-de oňaýýarlar. Bolany. Şonda-da özlerinden hoşal. Megerem, olar bilbiliň sesini eşden däldirler? Olar näme üçin tokaýa uçup gitmeýäkäler? Gidesleri gelmeýän bolsa ganatlaryny maňa bersediler... Gaharyma ýene doň ete topuldym. Kime, nämä gaharlanýanymy welin bilemok. Gözüme ilen zady çeýnäsim, tüýdüm-tüýdüm edesim gelýä. Iýip bolsady öz etimi gaşymy çytman çeýnärdim.
Şeýdip gün aşdy. Adamlar birnäçe gezek gelip, seredişip gitdiler. Doň et eredi. Erese-de tagamy artmady. Gije tanyş haýwanlarymyň sesini eşitdim. Mümkin gulagyma gelýändir. Uklap bilmedim. Ikilenji gije irkilen bolmagym ahmal. Ýene ajygyp başladym. Tokaýda hepdeläp aç gezerdim, açlygymy kän bilmezdim. Aw edesim gelýär. Keýik sürüsini yzarlap, jeňňelden-jeňňele selpesedim. Süriniň ygyna geçip, ýapyrlyp, bagrymy ýere berip, demimi alman çete çykan tekä ýakynlaşsadym. Bir... iki... üç... dö-ört... bäş! Arlap awuma atylsadym - bir düwülip ýazylsadym. Soňam keýigiň terje etinden doýup, penjelerime siňen, ýylysy gitmedik gany ýalap ýatsadym. Gün dogdy. Günüň dogşy görnenok, ýöne şöhläň düşüşinden aňdyrýar. Gün arka tarapymdan dogýar. Ýaşanda-da doly görnenok, ýöne şöhlesi kütelende bir meýdan görünýär. Soň agaçlaryň, ynsanyň salan kapasa meňzeş jaýlarynyň aňyrsynda ýitip gidýär. Maňa jeňňelimden ýadygärlik diňe Gün, bir bölejigi görünýän mawy asman, gijelerine-de Aý hem ýyldyzlaryň bir bölegi. Şalyk süren tokaýymda iň az ähmiýet berenlerim siz bolmaly. Şonda-da menden öýkelemänsiňiz, yzymdan galman gelipsiňiz. Eý, Täze dogan Gün! Sen häzir meniň mülkümem görüp duransyň, geplesene, görünsene, dymmasana, gürrüň bersene! Ýa soltansyz galan ýurt weýran boldumy? Tebigatyň sazyna arslan sesim goşulmansoň ol owaz ugur-utgasyz galmagala öwürildimi? Sen aýt ilime, men ölemok, men diri. Başardygymdan arslan adyma ysnat getirmejek bolýan. Ejizlämok. Gözümden damýan iki damja ýaşam hiç kim görmez. Gözlerim sizi göresi geleni üçin çala nemlenýär. Muňa ejizlik diýmäň. Ynha bararyn, görersiňiz - dişlerimiň, dyrnaklarymyň şol öňki ýitiligi...
Adam göründi. Ol suw sepýär. Suwa penjämi urýan, gelýän tarapyna topulýan. Peýdasy ýok. Ynsan gözenegiň aňyrsynda. Gulaklaryma suw girýär. Çekilmesem boljak däl. Adam meni suw bilen sürene kowýan ýaly. Hawa ol sürene saljak bolýar. Giräýmesem... Suwdan-a halas bolaryn. Sürene girenim bilen yzym şakyrdap ýapyldy. Garaňky, dar hem pessejik gowaga meňzeş sürende çar tarapym ýapyk galdym. Ýok! Yzyma çykjak boldum. Süreniň agzy agyr demir bilen mäkäm ýapykdy. Şonda-da arlap özümi urdum. Kemtersinden gymyldamadam. Ötük açylmansoň alty tarapyma aýlanan beton diwary penjeläp çapalandym. Dyrnaklarymyň biri döwüldi. Bu garaňkylykdan öz güýjüm bilen çykyp bilmejegime gözüm ýetip haşlap oturdym. Döwlen dyrnagymdan akýan gany ýaladym. Öz ganym bolsa-da gan agzyma tagamly geldi. Penjäm syzlap agyrýar. Törpi ýaly dilim degende dyrnaklarymyň agyrysy ýüregime dökülýär. Kapasa adam giripdir. Suwuň sesi onuň sykylygyna garyşyp eşdilýär. Derleýänmi ýa-da üstümden guýlan suwdanmy galyň derim myžžyk, ýüzünden damjalar syrygýar. Ynsan menden näme isleýärkä? Beýle-de manysyzlyk bolarmy? Men ynsana bir gezegem azar bermedim. Gaýta onuň ekinlerini zaýalaýan ýekegapanlary awladym. Ýagşylyga ýagşylyk etmek haýwana-ynsana kanun dälmi näme? Ýok, ölmen! Indi tokaýyma gaýdyp barmajak bolsamam, näme üçin ýaşýanymy bilmesemem ölmen. Adamyň menden näme isleýänine ahyry düşünerin. Onsoň ol meni jeňňelime goýberer.
Adam çykaýdy öýdýän. Suwuň şapyrdysam, sykylygam kesildi. Demir gapy şakyrdap agyr açyldy. Sürenden atylyp çykdym. Kapasamy suw bilen arassalapdyrlar. Läşem oklapdyrlar. Dyrnagymyň döwülenini unudyp doň ete penjämi urdum. Agyrsyna penjämi läşden çekip alanymy duýman galdym. Ýarama ýyly demimi tutdum. Janymyň ýangyjyna läşe hyňranyp, agyz saldym. Alyn dişlerim buzdan geçen ýaly doň etden gyjyrdap geçdi. Iki lukmany aýnagyýyk ýuwudan deý ýuwutdym. Öňki ýaly ýüregim bulanyp durmady. Işdäni, tagamy ýada salman iýdim. Süňňüme argynlyk geldi. Dury suwdan ganamdan soň agyr uky basdy. Dünýäni unudyp uklamanyma, gör, näçe gün bolandyr. Tora düşen günümden bäri gözümi ýumar-ýummaz tisginip oýanyp, özümiň nirededigime düşünip bilmän, kelläme taýak degen ýaly bolup ýörşüm. Birden uka gitdim.
Şol tokaýyň selçeňlän ýerinde itleri bilen daşymy gabap, üstüme gaýdan adam ýene göründi. Onuň bir elinde gamçy, bir elinde otly halka. Ol gamçysyny ýere urup, otly halkadan böküp geç diýip yşarat edýär. Men hyňranyp bökmejek bolýan. Ýok, otdan gorkamok, ýöne men ejemiň süýdünden aýrylalym bäri diňe öz islänimi edip gezen jandar. Indi gel-gel çymçyk ýaly adama boýun bolup, oda bökerinmi?! Onsoňam näme üçin hökman otly halkadan bökmeli? Munuň manysy näme? Adam näme üçin öz oňarýan, peýdaly işimi etdirmän, alasamsygyň ýumuşyny buýrýar? Meni masgara etmek isleýän bolaýanda-da ondan ynsana näme bähbit barka? Adamdan howum pes. Näme üçin onuň üstüne semiz doňuzyň üstüne zyňan ýaly arlap zyňyp bilemok?! Otdan towusmasam günüme goýjak däl. Bir zyňamda halkaň içinden geçdim. Adam hoşal boldy. Maňa bir lukma gany sarkyp duran täzeje et berdi. Soň ýene gaýtalamagymy isledi. Gaýtadan bökdüm. Ýene bir lukma iýdim. Adam ýene "Bök!" diýdi. "Bu manysyzlygyň soňy ýokmy?" diýip hyňrandym. Ynsan jogap ýerine gamçysyny ýere urup ýakymsyz şarpyldatdy. Bu jogaba düşünmesemem adamyň otdan bökmegimi isleýänine düşündim. Manysyzlykda-da bir many bardyr-da. Bökmeli bolsa bökeýin, garnymy bir ganly etden doýuraýyn. Birdenem nädip gaharymyň gelenini bilemok, oda däl-de adamyň üstüne zyňdym... Zyňanym bilenem hopugyp oýanypdyryn.
Men haş-haş edip dem alýadym. Ýüregim gürsüldäp, kükregime sygmajak bolýady. Gün günorta bolup gidipdir. Töweregimde şol bir görnüş üýtgän zat ýok. Düýşümde iýen lukmalarymdan hyllygym akyp gidipdir. Özüme, biçäreligime şeýle bir erbet ýigrenç döredi welin, sürene kürsäp uranymy bilmändirin.
Şeýdip günler geçiberdi. Indi aw edemok. Inçejik aýaklary kä wagt ýere degip gidýä diýäýmeseň ýerleýläp uçup barýan keýigi kowalap, düwülip ýazylamok, her zyňamda ep-esli ýeri aşamok. Günaşa berilýän doňan sygyr etine öwrenşip gitdim. Adam gelip üstüme sähel suw syçratddygy düşünip, sürenime girýän. Tä ýatagym arassalanyp, demir gapy açylýança ses-üýnsiz garaşyp ýatýan. Gapy açylan badyna oklanan läşe okdurylýan. Derrew ony iki öň aýagymyň arasyna alýan. Indi ganly etiň tagamy, lezzeti diýen zatary bilemok. Diňe ölmezlik üçin iýýän, mümkin hakykatdanam iýýänim üçin ölýän däldirin. Hereketsizlik meni semretdi. Kapasaň o başyndan o bäşyna çenli ylgasamam derrew daljygýan. Tokaýda soltandym, bu durmuşymam soltanyňka meňzeş. Sykylyk çalmagy gowy görýän bir adam ýörite hyzmatymy edýär. Iýjegim agzyma gelýär, ýatagym arassalanýar. Tebigatyň aýdymynyň ýerine gussamyň sazyny diňleýän. O-da kämahal. Indi ençeme ýyldyr şu dar mesgende ýaşasamam ne durmuşymyň manysyna düşünip bilýän, ne-de adamlaryň maksadyna. Ynsan meni öldürjek bolsa bir wagt öldürip bilerdi, emma öldürenok. Munuň üçin adama minetdaram bolup bilemok.
Günleriň bir günem ýanyma owadan, näzli gaplaň gyzyny saldylar. Biz derrew biri-birimize öwrenişdik. Durmuşym üýtgän ýaly boldy. Ýeke özüme dar bolýan sürenimde ikimiz gysmyljyrap ýatagymyzyň arassalanaryna garaşýas. Sürenimiň gapysy açylany bilen atylyp çykýan-da gözel gaplaň doýup aýrylýança gapdalynda ete dyrnagymam degirmän durýan. Ol ganly etiň nämedigini bilenok. Doň etem işdä bilen iýip boljak eken. Men oňa tokaýym, aw awlaýşym barada gürrüň berýän. Gözelim ömründe bir gezegem jeňňeli görmändir. Aw awlamak diýlen zady asla bilenok. Muny oňa ejesi öwretmändir. Ol kapasaň içinde dünýä inipdir. Menden tapawutly ýeri hiç gussa batmaýa. Bir çykalga bar bolaýmasyn diýip aýlanmaýa. Gaýta "Bu ýerden çykyp nirä gitjek?" diýýä. Erkinligiň, gaplaňdygyňy duýmagyň lezzetini bir gezegem datmandyr. Bu öýi oňa dar görnenok. Meň bilen oýnaşsa, basalaşsa şoňa-da hoşal, hezil edýä.
Daşarda gar ýagýa, penje-penje gar. Ýelem ýok, beýle ýalap barýan sowgam ýok. Oňa "Şular ýaly howada, arkaňda gar tozgalaryny eredip tokaýda bileje gezsedik" diýýän. Ol bolsa ýüzüme jiňkerlip, "Näme bar ezilip, üşäp?" diýýä. Meniň bolsa bu täsin görnüşden gözüm doýmaýa. Şu wagt jeňňelimiň görküni ýanynda deýin görýän. Gary peşäp-peşäp, üstüňden sowuryp-sowuryp, soňam togalanyp-togalanyp agnasadyň...
Mahal-mahal oňa gözüm gidýä, birdenem nebsim agyrýa. Düýn ol "Çagamyz bolar" diýdi. Muňa näme jogap berjegimi, gynanjagymy, begenjegimi bilmedim. Ol çagalaryma nädip aw awlamany öwretjekkä? Kapasada dünýä inen, ejeleri ýaly erkinligi, özleriniň gaplaňdyklaryny, jeňňeliň arslanydyklaryny bilmejek, aw awlamagyň lezzetini duýmajak, ýylysy gitmedik eti ömürlerinde bir gezejigem dadyp görmejek çagalara nebsim agyrdy. Hakyna seredeniňde bu näzenin gaplaňmy berin? Ullakan pişikden munuň tapawudy näme? Mundan boljagam birnäçe ullakan pişikler bolar. Olar hakykatdan hem düýşümde gören otly halkamdan böküp, adamyň berjek lukmasyna emenip seredip durarlar. Bu pikirlerimi gözelim bilen paýlaşybam bilemok. Onuň maňa düşünmejekdigi belli. Men indi ony ýigrenip başladym. Onuň dünýä inderjek çagalaryny bogup öldürmekden özümi saklap bilmen. Indi maňa bu kapasa dowzaha döndi. Ýanymdakyň her hereketi meniň gaharymy getirýär. Ol bolsa maňa näme bolýanyna düşünip bilenok. Urkaçy gaplaňa azar bermek zandymda ýok, ýogsa bir wagt onuň bokurdagyny çeýnärdim. Olam indi menden sowady. Adymy "Ýabany" diýip tutýa, "Gödek, terbiýe görmedik" diýýä. Biz indi biri-birimizi itden beter ýigrenýäs. Bahym onuň çagalary bolmaly. Megerem, şol çagalaryň üstünde biz iki duşman bolup garpyşmaly bolsak gerek. Edil kakam bilen aýynyň urşuşy ýaly. Hernä beýle uruş bolmady. Ony şu gün adamlar alyp gitdiler. Biz hatda hoşlaşmadygam. Emma owadan urkaçy gaplaňdy. Daýaw, berdaşly hem näzenin. Maňa tokaýda duşan bolsadyň, seni ömrüm ötýänçä hemra edinerdim. Niçigem bolsa, ikimiz täsin günlerem ýaşadyk, gezen ýeriňde aman gez, manysyzlygyň manysyzlygynam bilmeýän ullakan pişijegim!
Ýene ýyllar geçdi. Orta ýaşdan aşyp, garrylyga gadam basdym. Jeňňellerim, aw awlaýşym, näzenin urkaçy gaplaň - bularyň bary düýşüme girmesinem goýdy. Indi asla düýşem göremok. Men düýşlerden ýüz öwürdimmi ýa-da düýşler menden öýkeledi - bilmedim. Günlerim boşluga gaçýan mysaly. Özümem boş günlerim bilen boşluga gaçýan ýaly ýaşaýan. Manysyzlyk boşlugynda unudylan kimin. Uklamda oýa, oýakam ukuda. Soňky döwür özümiň gaplaň bolup doglanymy ýigrenip başladym. Hakyna seredeňde welin, näçe ýyldyr özümiň gaplaňdygymy hem duýamok. Hatda oklanan läşe-de endigime görä topulyp bilemok. Iýmäge barynçäm doň et eräp, suwy akyp gidýär. Onsoň ony sakgyç çeýnän ýaly çeýneýän. Mende gaplaňlykdan nam-nyşan galmady. Ýekeje alamatym, ala, zolak-zolak derim diýäýmeseň. Bu deriden bolsa öläýmesem çykmak ýok. Men soltanam bolup gördüm, ýesirem. Soltankam ýalňyz başym - ne dostum bardy, ne-de ýakynym. Tokaýyň ähli jandary meni göreninden görmänini gowy görerdi. Çünki meni görmek - ajalyňy görmek bilen des-deňdi. Meňem olary göresim gelip gözüm-gaşym çekip barmazdy. Meň betbagtlygym her haýwandan gaplaňlyga garaşýadym. Arslan häsiýetiniň bolsa diňe arslanlarda bolýany üçin olaň hiç birinem özüme ýakynlaşdyryp bilmeýädim. Şonuň üçinem men ýalňyz. Tokaýyň ýeke sergezdany, erkin soltany hem ýesiridim.
Ýesirlikdekäm welin, özümiň soltandygymy has ýiti duýdum. Sebäbi ýesirlikde geçen her günüm soltanlygymy syndyrmak üçin synaglar bilen geçýä. Ýesirligiň ejiri bilen her gün edil kakamyň aýy bilen garpyşyşyndanam beter garpyşýadym. Kakam duşmanyna ýara salyp bilýädi. Men welin, görünmeýän, düşünip bolmaýan, hatda duşmandygynam anyk bilip bolmaýan duşmana gaýtargy bermän diňe urgusyna döz gelmeli bolýadym. Indi soltankam ýesirmidim ýa-da ýesirkäm soltan özüňiz görüň.
Bir günem... bir günem meni ýene darajyk kapasa saldylar. Oňa nädip girenimi bilmedim. Adamlaryň goh-galmagaly, suw serpmeleri meni geň galdyrdy. Sebäbi süreniň agzy ýapykdy. Suwdan gaçyp eýläk-beýläk urundym. Bular indi garry göhertden näme isleýärkä? Birdenem süreniň agzy açyldy. Kürsäp içine urdum. Haýran galaýmaly, süreniň garşy tarapam açykdy. Giren ötügim şakyrdap ýapyldy welin, öňümde dörän açyklyga özümi nähili oklanymy bilmedim. Şol bada-da ol ötügem ýapyldy-da, dar ýerde galdym durberdim. Adamlaram muny görüp gykylyklaryny goýdular. Edil şol ýaşkam salynan kapasam. Ýekeje ýylam geçmedik ýaly. Üstümi ýene şol çal çadyr bilen örtdüler. Hatda wagtam şol öňki wagt - ýaz pasly. Adam indi näme hyýala mündükä? Tanyş çaýkamalar, tanyş sesler. Gürrüldi. Şakyrdyk-şakyrdyk edip ýöreýän, ýadamaýan, irmeýän ýürekgysgynç ulag. Bary tersine bolup geçýär. Pelegiň çarhy tersine aýlanýar. Ýüregimde kiçijik umyt oýandy. Men onuň ýüregimiň jümmüşinde haçanda bolsa bir gün oýanmak niýeti bilen haçan uka gidenini bilemok. Indi güwwüldisi gulagyňy gapyp barýan, asmana oklap-gapýan ulaga mündürseler, göni öňküje tokaýyma barýan. Bilýärdim, ahyryn şeýle boljagyny. Bary tersine aýlanýar. Adamlar ahyry bir gün meni tutan ýerlerine eltip goýbermejek bolsalar, iýdirip-içirip saklap ýörmezdiler ahyryn. Näçe ýyl geçendir, ýöne tokaýy, onuň täsin howasyny, äpet agaçlaryny, guşlaryň sesini, ýel bilen ýaryş gurýan keýikleriň sähel şykyrda tisginişlerini... ählisini birin-birin syzýan.Ynha, dar kapasaň agzy açylar. Hiç başymdan aýrylmadyk reňksiz çadyram sypyrlar. Bu dünýede başyňy alyp duran zat ýok ahybetin. Bary geçýä. Depäňde pel-pelläp duran gulaty mysaly kyn günlerem bir gün uçýada gidýä. Başgaça bolup bilmez. Men gaplaň bolup doguldym. Ýene özümiň gaplaňdygymy duýaryn. Belki, gözelimem tokaýa goýberendirler. Eger şeýle bolsa, perzentlerimem görerin. Ejeleri başarmasa özüm olara aw etmegi öwrederin. Arslan çagalaryny arslan edip ýetişdirerin. Bilýän garradym. Öňki bat indi mende ýok. Ýöne mesele onda däl. Meseläň ulsy kim bolup öljekdigiňde. Goý, men öz tokaýymda aw edip bilmän ajymdan öleýin. Ölemde näme?! Garrasaň, awdan galsaň ölersiň-dä. Menden öňki gaplaňlaram, soňkularam ölerler. Esasy zat arslan bolup ölsem razy. Güwwüldem ýatdy. Açyň bahymyrak, soltan öz soltanlygyna soltan bolup ölmäge geldi. Ahyry dar agyzy açdylar. Okdurlyp, ähli galanja kuwwatymy jemläp, bat bilen atylyp çykdym. Emma... emma gözlerime ynanmasamam, ömrümiň köpüsini geçiren öňki mesgenime meňzeş, ýöne ondan ep-esli kiçi kapasanyň ortarasynda durdym. Bäş tarapym beton bir tarapymam demir gözenek. Burça-da läş oklapdyrlar. Kapasadan alynyp, kapasa salynjak bolsam munça ýol geçmegim nämä gerekdikä? Sowuk, çygly betona bagrymy berdim. Etiň ýanyna barmadym. Ýene-de baryny täzeden başlap özüme "Iý, iýmeseň ölersiň" diýesim gelenok. Aslynda diýdimem bir diýmedimem. Şol eti iýsemem bir iýmesemem. Ölsemem bir ölmesemem. Muň daşam kapasa içem. Bu ses nämäň sesi? Beýle-de zarynlamak bolarmy? Gulagyma eşdilýämikä? Ýok, arka tarapdan, golaýdan gelýä. Menden beter gussa batanam bar eken. Oň uwlaýşyny. Bir adam galmagal edýär. Janawar sesini goýdy. Çyňsady. Bu it ýaly-la? Hawa, hakykatdanam it. Ony uwlany üçin eýesi urýa. Güjükden beýle zaryn aýdyma garaşmaýadym. Daşyndan görüp bir zat diýäýmeli däl-ow. Güjükde-de şeýle gussa bar bolsa meň aýdym aýdyp bilmeýänimem gowy zat. Gussa batma, köpek dost, biziň köpümiz geçip, azymyz galdy. Ynha, gelmesini islemedik, başarsak kowmak islän Ezraýylymyzam geler. Elimizden tutar-da alyp gider. Aýy bilen başa-baş urşup mert ölen kakamyň ýanyna bararyn. Ejemem bir wagt onuň ýanyndadyr. Olar meni gujaklap garşylar. Başyma näçe kyn günler düşse-de olaň ýüzüni ýere salmajak, gaplaň adyma gara getirmejek boldum. Başaryp bildigimçe ýeňilmejek boldum. Häzirem ýeňilendirin öýdemok. Ynsan henizem öňüme läş oklap, aşagymy arassalaýar. Namarda hyzmat etmedim. Namart meň hyzmatymy edýä. Uwla köpek dost, uwla! Çyňsap ýaşanyňdan mert uwlap öleniň ýagşydyr.
Agşam düşdi. Aý-aýdyň gijede köpek dostumyň azatlyk aýdymyna goşup, gyryljyk sesim bilen arladym. Meň sesimi eşden köpegiň sesi sandyrady, emma uwlamasyny goýmady. Sag bol, köpden bäri beýle ýürekdeş söhbet etmändim. Biz gowy gije geçirdik. Täze mesgenim öňkümden daram bolsa asmanyň has köp bölegi görünýä, gelim-gidimem ýok diýen ýaly. Bu ýere gözleri bilen iýäýjek bolup gözenegiň aňyrsyndan diňkesini dikip durýan adamlar juda az gelýä. Muň içini arassalaýanam sykylyklanok. Bu gün dördülenji gün. Gündiz läş çekelänimden soň, günortana çenli ýatyp ukymy alýan, gije bolsa köpegiň zaryn aýdymyny diňleýän. Häzirem garaňky süreniň agzynyň açylaryna garaşyp ýatyryn.
Süreniň agyr demiri ýokaryk galdy. Bu näme boldugy? Kapasamyň agzy açyk ýaly-la. Usulluk bilen baryp, ýarpy açyk gapa penjami çala degirdim. Gapy doly açyldy. Daşaryk ädimimi atman ilki kellämi çykardym. Yzyndan habarsyz hyzmatkär arkaýyn barýa. Onuň bir elinde sübsesi, beýleki elinde boş bedre. Onuň yzyna düşüp başladym. Ol bütin ömrüni meň aşagymy arassalamakda näme many tapdyka? Yzy bilen barybereýin, belki, bilerin. Adam meniň kapasamyň ýarsy ýaly, ähli tarapy ýapyk pessejik tünege tarap barýar. Megerem, bu onuň kapasasy bolmaly. Ol gapa ýetip barýarka birden meni gördi. Sähelçe salym doňan ýaly durup maňa seretdi-de, birdenem ýakymsyz gygyryp gaçdy. Ynsan seň gorkakdygyňy-ha bilýädim, ýöne beýle gorkaksyň öýtmeýädim. Näme üçindir ol sümelgesine gaçmady. Megerem, bu ýer ony gorardan ejizdir? Hakykatdanam şeýle eken, penjämi onuň gapysyna bir urdum welin şakyrdap gopdy. Tünege boýnumy uzatdym. Alagaraňky pessejik sümelgede ilki gözüme ilen oňurgaň ýüzüniň eti boldy. Oňurgaň etini hyzmatkär iýýän eken-ow. Agyzdan galany men däl, ol iýýän eken. Gapdalynda aňyrsy görnüp duran gapda suwuklyk bar. Ýadymda, tokaýda adamlar muny ürç edip içýädiler. Olaryň oturyp giden ýerlerinde bu ýylpyldawuk gaplaram köp görýädim. Adamyň jaýynyň ýanynda meniňki köşk eken. Munuň içiniň arassalanmanyna-da esli gün bolupdyr. Burnum ys alýan däldir welin, porsy ysa meňem ýüregim bulandy. Jaýa girmän yzyma çykdym.
Aýaklarym tokaýdan gaýdalym bäri birinji gezek topraga degse-de, muňa ýüregim üýtgäýinem diýenok. Göräýmäge erkinlige çykan ýalydym, ýöne näme üçin muňa begenip bilmeýärkäm? Men munuň tapawudyny hem duýamok. Aňyrda meniňkä meňzeş kapasalar görünýä. Gözlerim meni aldaýarmyka? Ýa-da düýş görýämikäm? Ol kapasalarda-da maňa tanyş hem nätanyş haýwanlar. Meniň bolýan ýerimiň gadaljygynda goňur aýy bar eken. Gözenegiň daş ýüzünden boş ýatagymy synladym. Honha, şu günki iýmeli läş paýymam ýatyr. Suw ýalagymam doly. Gözenegiň aňyrsynda geçiren ýyllarymy göz öňüme getirdim. Näme üçindir ýatagym gözüme yssy görünýä. Goňur aýy yzky aýagynda çaýkanyp maňa salam berýän ýaly hereketler edýä. Kakamy öldüren aýam şuňa meňzeşdi. Onyň gapdalynda ak aýy. Ol ýanyndaky çagasyny menden gorajak bolýa. Boýny uzyn aýaklaryndanam uzyn, kellesi mäşirik ýaljak Žiraf senem bärdemiň? Keýik janawer, titreme. Daryşgnlykda saňa gaçara ýer ýok. Gorkma, gababalan keýigi tutup iýenimden doň läşi çekelänim abraýlydyr. Şagal, sen bärde näme işleýäň? Men özümi gaplaň bolanym üçin gözeneiň aňyrsyna atandyrlar öýdýärdim. Ynsan meni şagaly edişi ýaly kapasa oklandyr öýtmeýärdim. Bu gulagy uzyn janawer meni görüp gorkusyna gan siýýär. Galpyldama, ýesirem ýesire degermi?!
Bu ýeriň daşyny birmeňzeş eşikli adamlar aldylar. Olaryň hersiniň elinde-de gözünden ot çykýan taýak. Olaryň niýeti nämekä? Ol adamlar menden bir zad-a isleýäler. Olar meni kesekleýäler. Ýene biri taýak oklaýa. Adamyň töweregi ýaňlandyrýan gaty sesi gelýä. "Atmaň! Beýleki haýwanlara okuňyz deger. Garaşmaly! Oňa azar bermäň, gaharyny getirersiňiz. Buýruga garaşyň!" Bu näme diýildigikä? Hiç ynsanyň diline düşünmän geçdim. Olaryň özleri bir biri-birlerine düşünip bilýämikäler? Nirä gitsemkäm? Ýene yzyma kapasama giräýsemmikäm? Ýüregime gorky gelýär. Tutuş ömrüme bir gezek şol gaty sesli güwleýän zadyň içinde ýokardan aşak oklananymda gorkupdym. Birem ňäzir gorkýan. Men düşnükli dünýäň jandary. Etimden ötüp süňküme ýeten düşnüksizlikden gorkup başladym. Düşnüksizlik hakykatdan-da gorkunç zat eken. Hiç zada düşünmesemem bütin ömrüme meni sypdyrman yzarlan düşnüksizligiň nämedigine-hä ahyry düşünäýdim öýdýän. Men düşnüksizlige, bimanylyga düşünjek bolup şunça ýaşadym. Ahyram diňe onuň gaplaňam gorkuzyp biljek eýmenç zatdygyna düşündim. Ynha düşündim, bal günüme-de batdym. Emma şonda-da bilemok, saňa düşünmek gowumy ýa-da düşünmezlik? Men öňem düşnüksizligiň torundadym, häzirem şeýle. Ýöne indi, megerem, bary düşnükli bolar. Bahym bu hiç düşünip bolmaýan manysyzlykdan halas bolaryn. Soňky nokadym golaýlap gelýän ýaly. Alma gözli Lama arkaýyn bedäňi iýiber. Men seň ýatagyňa girmerin. Gorkma. Köpek dostum zaryn aýdymyna başlady. Onuň ýanyna baraýyn. Görüşmesek hoş galyň, kowumdaşlar! Zaryn owaz meni ýanyna çagyrýar. Şagal, bar sen bir çyk, urunan bolup durma. Penjämi bir uramda şagalyň keteginiň agzy açyldy. Gury awunanym boldy, şagal daşyna çykmady. Barýan köpek dost, barýan. Gör, seni çetde daňypdyrlar. Ýene adamyň gaty sesi eşdilýär. "Ünsli boluň, gaplaň bagyň çykalgasyna ýakynlaşýar! Atyň!" Demir taýaklaryň gözi ýanyp başlady. Duruň, bigünä köpegi bir atmaň! Ah dost, men sebäpli öldüň! Boýnuň tanaply öldüň! Menem ölýän. Bu manysyzlykdan hemişelik halas bolýan. Aýdymlaryň üçin sag bol, köpek do...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.