Goýnuň garasy, Müň dirhemlik hatyram | Eserler | Hydyr Amangeldi

Goýnuň garasy, Müň dirhemlik hatyram

Esseler | 2 teswir | 1222 okalan

            Bir adamy tanaýan, ol hiç wagt dilegçä aňsat-aňsat zat bermeýär. Hatda pildir kätmenini, çekiçdir paltasyny wagtlaýyn ulanmaga sorasaňam boş gaýtarýar. Beý diýsem, ony bir garasöýmez  adamdyr  öýdäýmäň. Ol goňşokara gatnadyp, goňşusyny sylaýan adam. Bir gezek: "Näme üçin beýdýäň? Öňi-soňy kätmeniňi ulanoňok ahyryn?" diýdim. Ol: "Bir gün senden, bir gün ondan diläp ýöreniňden gerek zadyň özüňde bolsa gowy dälmi? Şo gurallar gymmat zadam däl, ýöne iliň arkasyndan güni geçip duransoň, kä kişi agyry edip alaýynam diýenok. Meň şoňa gaharym gelýär" diýdi.

            Her kimiň güni özünden geçmeli, başga gapa haýyş bilen barmajak bolmaly - bu pikir dogry bolsa-da, näme üçindir maňzyma batmady. Adamyň adama işiniň, haýyşynyň düşjekdigi ynsan gatnaşyklaryny sazlaýan bir zat dälmi? "Altyn gapylyňam agaç gapyla dilegi düşüpdir" diýilýä. Biziň her birimiziň, hasam şol tanşymyň halamaýan "dilegçiligi" bizi terbiýeleýän zat bolaýmasyn?

            Tanşymyň bu häsiýeti pil-kätmenden has çuňrak zatlar hakynda oýlandyrdy. Olar "mätäçlik" bilen "meslik".

            Biziň hiç birimiz mätäçligi halaýan däldiris. Çagalarymyzyň zada zar bolman, deň-duşunyň ýanynda kemsinmän ulalmagy, elimiziň uzadan ýerine ýetmegi hemmämiziň arzuwymyz. Musulmançylykda-da ahyret güni baýyň hasabynyň garyp-pukaranyňkydan has kyn boljakdygy aýdylsa-da zekat bermek, edil namaz-oraza ýaly,bäş parzyň biri. Zekat bolsa ýetime, ekleýjisi bolmadyk garyp maşgala... garaz, mätäçlik çekýäne berilýär. Magtymguly Pyragynyň sag gözi çep göze, dogryny egrige, halaly harama mätäç eýleme diýen şygry hem ýöne bir dileg däl, mätäçlige garşy çagyryş ýaly eşidilýär. Ynsan köp günäni, hatda Allaha bolan ynamynyň sarsmagyny hem mätäçlik sebäpli edýär. "Alla jan, meň näme günäm bar, näme üçin meni beýle garyp ýaratdyň?" diýen-de adam dindenem, Alladanam daş düşýändigine paýhas edip bilmeýär. Mätäçlik onuň akylynam, düşünjesinem kör edýär.

            Mesligem, soňky döwür höwes edýän köpelýän ýaly görünse-de, türkmençilikde halanýan zat däl. "Mesligi goýun göterer, goýnuňam garasy" diýen nakyly bilmeýän az bolsa gerek. Mesliginden gözi gyzaran adamyň edýän pisliklerini göreňde däl, ýöne eşdeňde-de aklyňa sygmaýar.

 Belki, ne baý, ne-de garyp - "altyn ortalyk" iň gowusydyr? Meniň pikirimçe, ortalygyň nämedigini SSSR döwründe ýaşan, soňra gurplanyp "Mersedes" maşynynyň ruluna geçen adam gowy bilýändir. Çünki SSSR-iň maksadam halky ne baý, ne-de garyp (mümkin, garybrak bolany has gowy) ýaşatmakdy.

            Belki, baý bolup, goýnuň garasy ýaly ony göterinip bilmek üçin ösen düşünjeli bolmagymyz zerurdyr? Ösen düşünjeli bolmak garyba-da, baýa-da zerur. Ýöne düşünjeli bolmak üçin gurp gerek. Ol aýlykdan ol aýlyga gününi zordan aýlaýan adamyň, megerem, düşünjesini artdyrmaga elem degmeýär.

            Hudaýa şükür, Aşgabadyň ýollaryna çyksaň, köneje "Žigulilerden" "Toýotalar", "Mersedesler", "BMW-ler" köp görünýär. Bolawersin.

            Baý adamyň, gurply kişiniň edýän ýagşylygynyňam şoňa görä has düýpli, has täsirli boljagy düşnüklidir. Hatda zekat berjek bolsaňam, iň azyndan, hiç kime bergiň bolmaly däl. Diýmek, ýagşylygyň ýaýylmagy, merhemetliligiň dabaralanmagy üçin haýyr-sahawatly baý adamlaryň bolmagy gerek. Olar näçe köp bolsa, şonça-da halk sahawatly, millet merhemetli bolar.

             Ata-babalarymyz ýöne ýere: "Iň ýamany gyradeňlik" diýen däl bolsalar gerek. Gyssanaňda, aljyraňda barara gapyň bolmasa nätjek?

           

Müň dirhemlik hatyram

 

Tahyryň Zöhrä: "Müň dirhemlik hatyramy bir dirhemge satmagyl" diýenindäki biçäre haly göz öňüme gelýär. Müň dirhem nirede, bir dirhem nirede?!

            Men-menligim barjak ýerine baraýypdyr öýdýän - özüm-özüme baha kesip ugran bolsam. Näme diýselerem, nähili pikir etselerem, Tahyryňky ýaly "müň dirhem" diýmesemem, gaty bir arzan-a däldirin. Buça bolanyna görä, indi, anyk aýt, gymmat bolaňda näçeräk bahaň bardyr öýdýäň?

            Özüme beren bu sowalym meni kürtdürdi. Oýun-oýun, ýöne gürrüňi çyna ýazdyrdym welin, başymy aşak salyp oturberdim. Ýok, kiçigöwünlisiräp "Dünýeden niçeme ägirtler, nähili weliler geçipdir" diýip pişikden gaçan syçan  ýaly girere deşik  gözlämok. Hakykatdanam men özüme uly baha kesýärdim. "Kesýärdim" diýýänim 13-14 ýaşlarymdan bäri özümiň gymmatymyň "bir dirhem" däldigini bilýärdim. Şony bilmesedim, oglanlykdan özüme nyrh goýmadyk bolsadym, belki, bu gün Tahyryň magşugyna diýen setirlerini özüme çekip, başyma agram salyp oturmazdym. Indi "ökünç bilen egilip", "uly döwletden galan  köpüklerimi ahmyr bilen sanamalymy?"

            O wagtlar öýlenmedik oglandyk. Inimiň: "Şu gün dekanymyz käýýedi, gaharyna: "Doglan günüňizi bellärler, ýaşyňyzyň näçä ýetenini bileriňiz ýaly" diýdi" diýip gürrüň bereni ýadymdan çykanok.

            Ene bir dostumyz bardy. Ol doglan gün bellemek beýle-de dursun, "Şo gün öýüme barmaga, tanyşa-dosta görünmäge utanjyma uzak günümi şäheriň çola köçelerinde entäp geçirýän" diýerdi. Ony geň görmäň. Bu onuň özüne goýan bahasynyň agramy. Onda ýaşan ýaşyňdan utanyp, çola köçelerde entäp ýörmez ýaly "Müň dirhemlik hatyraňy bir dirheme satmalymy?"

Ömrüňi bir bina diýip hasaplasaň, ynsan ol "binanyň" gurluşygy üçin nähili azap çekýär. Gije ýatanda-da ertirki çekjek zähmeti üçin dynç alýar. Gijeýedbedbgündizler gezekleşip geçip dur, ynsanam kerpiçme-kerpiç, çüýme-çüý ömür binasyny galdyrýar. Şeýdip salan jaýyňy, heý, satasyň gelermi? Müň däl, milliard berselerem satmaga dözmersiň, çünki sen bu bolmasa ýene birini salaýaryn diýere ýagdaýyň ýok. Bidöwletler bilen tirkeşip, dereksizleri öýüňe salaýan bolsaň ömür binaň gymmatyny bilmedigiň bolmazmy? Pula dözmedik jaýyňy ýele dözdügiň bolmazmy? Şahyr:

"Ýaşlygymy gül edip jomartlyk bilen

Söýmeýän gyzlarmyň döşüne dakdym"

diýýär.

Bilmedim, hatyramy şöhrata satdymmy, baýlyga, bol-elin durmuşa çalyşdymmy, keýpi-sapaň, lezzetiň ýeline sowurdymmy, "Söýmeýän gyzlarymyň döşüne dakdymmy"... Emma bir zady boýun alýan - ýüregimde ahmyrym, hatyramyň öňünde utanjym bar. Ýene bir zada anyk gözüm ýetdi - öz hatyrasynyň bahasyny her kimiň özi kesgitleýän eken. Ýogsa öňler ýogalan güňüň mazaryň başujuna ýygnanan milletiň üç gezek "Gowy adamdy" diýip gaýtalamagy saňa kesilýän bahadyr öýderdim. Emma bu edil beýle-de däl eken.

 

Teswirler (2 sany)

Alp Arslan Türkmen:
12 Aprel, 2012

Ÿol tamamlanmazdan ÿolagça baha kesmek örän çylşyrymly bolsa gerek, belki adalatsyz diÿsek has dogry bolmagy hem mümkin. Ÿene bir ädim yza çekilsek "Bu bendä ilkinji daşy içiñizde iñ günasiziniz zyñsyn!" diÿlen sözler gulagymyzda ÿañlanar. Ÿöne, bu ÿerde lie bakyp, özüne baha bermek barada gürrüñ gidÿar. Elbetde, özümiz üçin hem ÿol dowam edÿär. Entek hiç zat üçin giç däl. Bu ÿerde ölceg "ile baha bereñde aklawjy, özüñe baha bereñde garalawjy kimin bolmak" ÿörelgesi bolsa gerek.
Hz. Omar r.a. Hakyñ rahmetine gowuşandan 6 aÿ soñ Hz. Abbas r.a. düÿşüne girÿär we hasabynyñ ÿañy tamamlanandygyny aÿdÿar. Özüniñ Halas bolmagynda haystack amalynyñ öñe çykandygy barada gyzyklanan Hz. Abbasa r.a. Ol şeÿle jogap berÿär.
- Bir gün halkyñ hal-ahwalyndan habar tutmak üçin çykanymda bir cagajygyñ bir guşjagaza ezÿet edÿanini

Alp Arslan Türkmen:
12 Aprel, 2012

edÿanini gördüm. Çaga üç-bäş pul berdim-de guşy azatlyga uçurdym. İne şol amalym agyr geldi - diyip jogap beripdir. Her gapyña geleni Hydyr bil (kätmen sorasada), her gijäni gadyr bil. Ötede haysy amalyñ gymmat geçjegini bilmek kyn.
Agramy dirheme uryp görsek, onda bizin mayamyz ömür. Diÿmek awtoryń aÿdyşy ÿaly ömri ugruna sarp eden zadyñ bahasyna uryp göräÿmeli. Günümizdäki finans ylmy däl, ÿönekeÿje barter ykdysadyÿetine düşünÿänem maÿasyny özünden pes zada çalyşmagyñ zyÿandygyna akyl ÿetirer. Diÿmek iñ bolmanda ony özüne çalyşmaly. Ÿagny, ÿaşatmak üçin ÿaşamaly, ÿaşatmak üçin ölmeli.
Bu aÿdylan edebiÿat däl, bu ÿörelge...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.