Ýer ýarylmady...
Haýa nämä gerekkä, bihaýalaram gül ýaly ýaşaşyp ýör-ä?
Bihaýalyk bilen haýa hakynda gürrüňe başladym. Başladymam haýa hakynda gürrüň etmegiň özüniň bihaýalykdygyny duýdum. Özüm kim, haýa hakynda gürrüň açarça?! Akyldaryň "Köwşüni palçyga bulan adam batgadan gorkmaz" diýen sözüni galkan edinip, degene gözüm menden däl edibersemem bordy. Suwuň gadyryny çölde galan teşne biler, belki, haýa hakynda bihaýanyň sözlerini okamak has gyzyklydyr.
Hakykatdanam, haýa ynsana näme üçin berildikä? Ýeke özüň öýüňde maýkaça gezip ýörensiň welin, birden bir ýerden myhman geler - derrew köýnek geýmelisiň. Ýa-da gelin keltejik, bolgusyzja ýaglyk bilen başyny çala bogup oturandyr welin, ardynjyrap gaýynatasy geler. Hasyrdap gyňajyny gözlemelidir, gyssag arada ony tapjak bolsaňam dertdir. Haýa diýilýän şu boljak bolsa, hakykatdanam ol nämä gerek? Nämä gerek, öz-özüňi aldap ýörmek?! Myhmançylyga maýkaly gitmesem boldy-da, gelen myhmany öz öýümde nähili garşylamda näme? Gelniň haly-ha hasam geň. Ýeri gaýynataň, mysal üçin, gaýyn eneden tapawudy näme? Biri ata, beýlekisi ene. Eje-kaka ýaly-da. Şonda-da biri bilen-ä arkaýyn gürleşip, derdinişip oturmaly, beýlekisindenem bogunyp, ýaşynyp dert-azara galmaly. Beýle haýa kime gerek?!
Haýa etmek, utanmak duýgusy, ýalňyşmaýan bolsam, soň öwrenilýän zat däl. Gaýta, adam utanjyny ýitirse, soň aňsat-aňsat utanmany bilmeýän, başarmaýan ýaly.
Adam ata, How ene jennetden çykarylmazynyň öň ýany utanypdyrlar diýen rowaýat bar. Aýby bolmadyk, belki, utanjyň nämediginem bilmez. Ynsany haýwandan tapawutlandyrýan zatlaryň biri hem utanç duýgusy diýýäler. Ýöne adamy haýwandanam beter şeýtandan tapawutlandyrýan zat haýa bolsa gerek. Sebäbi bihaýa adamlary göreniňde haýwan janawar göz öňüňe gelenokda, melgun ýadyňa düşýär. Mümkin, ýalňyşýandyryn, ýöne köplenç üsti örtülýän, töwerekden gizlenilýän zatlaryň aňyrsynda aýp ýygşyrylýar. Ynsan näçe dünýesini il-gününden, töwereginden örtmäge çalyşýan bolsa, şonça-da şeýtanlaşmaly bolýar. Şonuň üçin bolsa gerek, kä bir gowy adamlar hakynda gürrüň edilse "Göwni açyk, aňyrsynda zat ýok" diýilýär. Içiň bet pygylly, töweregiňe-de gowy görünjek bolmak, belki, bihaýalygyň çürbaşydyr.
Häzir tanalýan biriniň oglanjykka köçäň ugrunda ýaşulular otyr diýip, olardan utanjyna mekdebe aýlawly çola köçe bilen gidişini eşdip haýran galdym. Ýene bir synçy adam: "Hakyky medeniýetli kişi köçede ýatan itdenem utanar" diýipdir.
Gijeleriniň ýarysyny Alla ybadat edip geçirýän Ymam Agzam köçeden geçip barýaka, biri ony ýanyndaka görkezip: "Hol adam tutuş gijesini ybadat edip geçirýär" diýipdir. Bu sözi eşiden Ymam Agzam özi hakynda gowy pikirde bolan adamy ýalançy etmejek bolup, şol günden soň hakykatdanam gijelerini tutuşlygyna ybadatda geçiripdir. Ine, Ymam Agzamyň sözleri:
"Bolmadyk häsiýetlerim bilen adamlaryň öwmesi sebäpli Alladan haýa edýärin."
Men bolsa maýkaň, gözlenilýän gyňajyň gürrüňini edýän. SSSR-iň baknasy bolan milletleriň arasynda haýasyny iň gowy saklan, gelin-gyzlary eşigini üýtgetmedik millet diýip bizi görkezýärler. Munuň hakykatdanam şeýledigi barada oýlanyp oturanyňda, Ýer togalagynyň Ymam Agzamdan bäri nähili bihaýalaşandygyna düşünýäň. Bir gezek bir ýaşuly gepiniň arasynda: "Alla adamy öz perzendiniň öňünde utanmaly etmesin" diýip, dileg etdi. Men ol saçynyň garasyndan agy köpelen ýaşulynyň ýaşynyň soňunda çagasynyň öňünde utanar ýaly näme etmiş edenini bilemok, soramagam aýp gördüm. Häzir şol ýaşulynyň sykylyp, bir gysym bolup oturşy göz öňüme gelýär welin, Ýer togalagy diýilýän kiçelip, eliň aýasyna sygaýjak bolýar. Haýa ynsany kiçeldýän bolsa, Ýer ynsandan has haýalymyka diýýän. Onsoň ol neneň kiçelip eliň aýasyna sygaýjak bolmasyn?! "Er ýarylmady, men girmedim" diýilýär. Ýer görgüli näme diýýärkä?
Teswirler (2 sany)
HEMME ZAT BAR/ Toýdan parçalar...
Ajaýyp güýz gijesi. Iñ bir arzuwlanýan toý mekanynda belli aýdymçy-sazandalar hezil berýär. Naz-nygmatdan doly toý saçagynda bolsa gyz ýañaklaryny ýatladýan almadan başlap erik mañzyna, balykdan başlap hindi towguna hem dünýäniñ dürli ýurtlarynyñ işdäaçarlaryna çenli, garaz adyny tutan zadyñ bar. Bary bir meñzeş geýimli hyzmata gaýym hyzmatçylara näme diýjek diýsene. Toýa gelen myhmanlar bolsa kaşañ, ykjam geýinmekde ylla diýersiñ bäsleşýän ýaly... Biri-birinden owadan toý gutlaglary hemem biri-birine mynasyp jübitler... ýöne näme üçindir daş işikde alynmadyk myhman ýaly ýüzini sortdurup duran bir-ä bar. Onuñ eşiklerem sal-sal, göýä geýim-gejimlerinden utanýan ýaly nirä seretjegini bilenok... Ol bu ýerden hiç kime billirmän, ses-selemsiz ökje göterjege meñzeýär. Ol köp wagtlap bu ýerde, bu ýagdaýda durdy. Toýuñ iñ bir gyzyşan wagty, toý mekanynyñ gaýnap-joşýan wagty ol ýuwaşlyk bilen ýöräp başlady. Arasynda yzyna-da garabjaklaýardy, ýöne o pahyra mürähet eden kişi bolmady.
Ol ýuwaş-ýuwaş gözden ýitip barýar. Şonda-da onuñ yzyna käte bir umydygärlik bilen seredýänini duýmak bolýar... Ol ynha indi gözden ymtkly ýitdi, onuñ öýkelekmi däldigihä belli däl welin, toýda-da ýüz berilmedik kişiniñ yzyna dönjegine nädip bil baglap bolar?! Eger bardy-geldi ol geläýende-de toýda-da oña gel-geç etmedik märeke indi oña törinden orun berermikä?! Siz, ol beýle kimdi diýýäñizmi?!.Belki bu söziñ geñräk eşdiläýmegi ahmal. Ýöne bu bolan zatlardan soñ Onuñ adyny aýtmasak bolmaz. Geriñ onda gulaklaryñyzy, gözlerñizem giñräk açyñ....Ol Haýady... Haýa....Haýa....
©Nureddin KESEARKAÇLY
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Хакыкатдан хем хая дуйгусы сон овренилйан зат дал экен. Арада ховалар майлансон 3 ярым яшлыжа оглумы чагалао багына элтенимде эшиклерини чалшып енсизже койнеги билен гойбержек болдум. Ол болса жемперими чыкаржак дал дийип тутдырып башлады. Наме учин дийсем "айып!" дийип жогап берйар. Хайран галдым. Онда-да какасыран болуп: "Оглум, голун горунени айып дал!" дийип жемперини гейдирмедим. Богазына сыгдыгындан бас-бас багырыберсе надерсин? Хут бихая какасыны тоба гетирайди.
Онун бу херекети мана яраманам дурмады. 4-5 класдакам томускы лагере гидйан довурлерим ядыма душди. Ден душларым шортик гейердилер, мен болсам бугунка гаранда Бейик Ымамын хаясына якын хаям билен спорт формамын ашагыны чермардим.
"Хер бир гул Ыслам фытраты билен ярадыландыр!" Биз шоны хедер этман саклап билсек боланы...
Коп гормесениз маныдар бир хекаяты созлериме гошасым гелйар. Гадым заманларда бир Шапери: - Кимде-ким оз хунари билен мени ырмагы башарса, шона дурмуша чыкжак. Ким-де ким сынанышып ырып билмесе гаядан ашак денизе ташлатжак!" дийип жар чекдирйар. Элбетде, Шаперинин талабыны бержай эдип билмедик энчеме йигит гаядан учмалы болупдыр. Сон бир сазанда барыпдыр. Гиренинден биржикде йузуни галдырып Шапера сын этмандир. Шейле бир саз чалыпдыр велин, Шагыз ене бир гезек чалмагыны сорапдыр. Сазанда йигит:
- Хорматлы Шапери, бир шертим бар.
- Шертин надир?
- Аяк топугыны горкезсен боланы.
Шапери ойланыпдыр. Ери наме болжак топугымы горенинде дийип разылашыпдыр. Йигит шерти бержай болансон сазыны онкуденде онат ерине етирипдир. Шапери ене бир гезек динлемек ислапдир. Йигит ене шерт гоюпдыр.
- Инжигини горкезсен боланы.
Шапери топугымы горкездим бар инжигимем горен экенда дийип бу шертинем кабул эдипдир.
Хаясызлыгым билен дуры зехинлери булашдырмакдан эжап эдип хекаяты шу ерде тамамлажак. Ахырында Шапери шол сазанда йигит билен дурмуш гурупдыр.
Хекаятдан маны чыкарсак хая пердеси шейдип юваш ювашдан йыртылйар. Бир хаясызлык бейлеки бир хаясызлыга чакылыкчы болуп чыкыш эдйар. Шонун учин бу процеси дуйбунден сакламакда пейда бар.