Daşyň-içiň amanmy?! "Gabrystana bar-da, otur, pikir eýle..." | Eserler | Hydyr Amangeldi

Daşyň-içiň amanmy?! "Gabrystana bar-da, otur, pikir eýle..."

Esseler | 1 teswir | 1335 okalan

Daşyň-içiň amanmy?!

 

            Hal-ahwal soraşanlarynda, köplenç, aýallar biri-birine şeý diýşegen bolýarlar. Adamyň daşy-içi - dogan garyndaşy barada däl-de, onuň özüniň daşy hem içi hakynda gürrüň edesim gelýär. Has dogrusy, öz daşym- içim hakynda.

            Din alymlarynyň, pelsepeçileriň kesgitlemelerini bilemok welin, özümçe adamyň "daşy" diýilse, onuň daş sypaty, boýy-syraty, geýnişi, oturyp-turşy, aglaýşy, gülşi... mahlasy, göz bilen görüp bolýan ähli hal-hereketleri hasaplaýaryn. "Içi" diýlende adamyň ruhy dünýesi, oý-pikirleri, niýeti, arzuw-hyýaly... ýadyňa düşýär. Bu meselede Pygamberimiz: "Adamyň gursagynda bir bölejik et bardyr - eger-de, şol arassa bolsa, tutuş göwre arassadyr, şol hapa bolsa-da tutuş göwre hapadyr" diýipdir.

            Käbir sözler adamyň uçut gaýadan bäş adam boýy çuňluga oklanyp, onuňam düýbüne baranyndan soň bahymrak suwuň ýüzüne çykjak bolup hopugşy ýaly hopukdyrýar. Bir bölejik et. Şol hapa bolsa-da tutuş göwre hapa.

            Burnuma aragyň ýakymsyz ysy urdy. Başymy galdyrsam, tanýanlarymdan biri üstüme abanyp dur.

            - Esasy zat şü.

            Ol döşüni ýumruklanda süňkleriniň sesem eşidilen ýaly boldy.

            - Sen namaz oka, çolanjyrap uzyn don geý, sakgal goýber - bary bir köpük, mesele şunda. Alla seň namazyňa däl, şunyňa seredýär...

            Içgili tanşymyň sözleri meni ýere sokup barýardy. Hakykatdanam ýüregiň pis bolup okan namazyň sogaby topukdan, zyýany dyzdandygy belli... Bilmedim, jogap bermän, jedelleşmän oturanymdan boldumy, başy sämäp duran pyýada:

            - Sakgal geçide-de bar-da - diýip, çylkasyz güldi welin, onuň ähli öňki aýdanlarynyň agramy gaçdy duruberdi. Gürrüň ýürek hakynda gidensoň, onuň sähel ýoknasyzlygy ähli zadyň ýüzüni tersine çöwrüp, maksadyny peçan etdi oturberdi.

Ol gitdi. Ýogsa men oňa "Namaz oka-da" diýmändim. Asla din hakynda ýeke sözem açmandym. Emma...

            Emma onuň sözleri hemişe beýnimde gaýtalanýar. Şol pursaty hiç unudyp bilemok. Hopugýan. Namazym puç, gury dünýe keýplerinden galanym bolar diýip gorkamok. Eger ol hapa bolsa... seniň iň soňkuja umydyňam üzüler, edil Dostoýewskiniň sogan ýaşy ýaly...

            Öňem bir juda ýaramaz, Alladan daş adamyň biri howlusynda dörünjiräp ýörkä, bir bölejik sogan ýaşyny düýbi çüýrük diýip daşaryk zyňyp goýberipdir. Ol adamyň howlusynyň deňinden geçip barýan ýetim çaga-da ol sogan ýaşy elindäki bir döwüm çöregine hurş edinip iýipdir-de, ony zyňana ýagşy dileg edipdir. Soň ol ýaramaz adam dowzaha atylanda ýokardan şol sogan ýaşy sallanypdyr. Gaýnap duran gazanda çapalanýan adam jan howluna sogan ýaşyna ýapyşypdyr. Ol ony ýuwaş-ýuwaşdan dowzahdan çykarmaga başlapdyr. Muny gören beýlekilerem hasyr-husur sogan ýaşyna ýapyşypdyrlar. Ýaş olaram alyp çykyberipdir. Şol wagt  sogan eýesi "Goýberiň meň sogan ýaşymy, ol meňki, meňki..." diýip depirjiklemäge başlapdyr. Munuň depirjiklemesine soganyň inçe ýaşy çydaman üzülipdir. Sogan eýesem, beýleki ýapyşanlaram ýene aşak, dowzaha güwläp gidipdirler...

            Pygamberimiz entek goýun bakyp ýören oglanjykka iki perişdäniň onuň gursagyny ýaryp, ýüregini altyn jamda gara meňzeş ak zat bilen ýuwuşlaryny, bir bölejik garany hem aýyryp zyňyşlaryny okanym ýadyma düşýär. Döşüni ýumruklaýan pyýadanyňam gapyrga süňkleriniň sesi gulagyma gelýär. Ýöne...

            Göwnüme ol adam "Sen namaz oka, çolanjyrap uzyn don geý, sakgal goýber - bary bir köpük" diýmedik ýaly, bu sözleri özüm, göwnümde bolany üçin diýdiren ýaly boldum. Maňlaýymyň çygjaranyny duýman galdym. Hernä ol tanşym göz öňümde janlanyp, birhili ýakymsyz ýylgyrdy-da:

            - Ýok, ony men diýdim, geçinem mysal getirdim. Sen diýen bolsaň geçiň sakgalyny agzamakdan utanardyň - diýdi. Soňam ýene barmagyny çommaldyp, sözüniň üstüni ýetirdi:

            - Boýnuňa alaý, ýüregiňde şeýleräk bir pikir bolmadyk bolsa, diýdiräýdimmikäm öýtmezdiň. Kä mahal mesjitde ýa-da ýolda-yzda uzyn dona dolanyp, birhili görünmek niýeti bilen sakgal goýberdäýene meňzeýän gür gara sakgally pyýadany göreňde ýaňsa alyp ýylgyrmasaňam, göwnüýetmezçilik bilen seredýäniň ýalanmy?! Şol wagt Pygamberimiziň sünnetine göwnüýetmezçilik edýändirinem öýdeňok. Görseň, siziň ýaly namazhon bolanyňdan bolmanyň gowudyr...

            Bilmedim. Kimiňkiň gowudygyny. Allanyň özi hem her kimiň wyždany gowy bilýändir. Ýöne indi näçe wagtdyr  birine namaz oka diýmäge utanýan. Ýok, dini wagyz edýänler, Pygamberimiziň tebligini dowam etdirýänler siziň etegiňizden öpýän, ýöne özüm... özüm utanýan. Goý, Alla bizi magfyret etsin!

 


 "Gabrystana bar-da, otur, pikir eýle..."

           

            Biziň hemmämiz ony anyk bilýäris. Her pursat duýýarys, görýäris, syzýarys. Hatda ony düşündirjek bolsalar geňem görünýär. Bu iki-ikiň dörtlügi ýaly aýan ahyryn. Eýsem wagtyň geçýändigini bilmeýänimiz barmy?! Wagtyň suw ýaly akýandygyny düşündirjek bolsalar, kä içimizden, kä daşymyzdan "Takal okama! Ony bilmeýän barmy?" diýemizokmy?

            Emma boýun alaýyn - men ony hiç kabul edip bilemok. Oňa ynanybam bilemok. Hawa, dostlarymyň, bile okan gyzlarymyň arasyndan dünýeden ötenleri, geçip gidenlerem bar. Özümiňem geçegçidigimi bilýän. Ony bilmeýänimiz barmy?! Şonda-da...

            Dünýä inen günüm "Buşluk!" diýip goňşulara aýlanan agam 65 ýaşady. Ol: "Ikinji gezek "Buşluk!" diýip aýlanamda "Sen ýaňy geldiň-ä" diýýäler welin, "Ýok, ýene bir jigim boldy!" diýýän-dä. Şeýdip iki gezek buşluk aldym" diýip, täsin gülýär. Biz ekiz bolamyzsoň şol wagt 11 ýaşly agam iki gezek buşluk alypdyr. Ol eýýäm pygamber ýaşyny ýaşap geçdi. Men welin şonda-da...

            Birdenem barynyň üstüne süýt dökülen ýaly bolup gidýär. Gara däl, ak gussa ýüregimi gaplaýar. Näme üçindir, az salymlygam bolsa diriligimden has gowy görüljegimi syzýan. Her kimiň maňa "Bu dünýe bilen hoşlaşdy" diýen pursady, özümi bu dünýä gowşaýjak ýaly duýýan. Çünki, diriligimde ne men oňa düşünip bildim, ne-de ony dolulygyna görüp. Ruhum göterilende bir nazarda ýalançynyň ýalanyna-da, çynyna-da düşünäýjek ýaly bolup durun. Gurbannazaryň:

"...Bu meniň öldügim bolmaz"

diýşi ýaly, şondan soň meniňem öldügim bolmajak mysaly.

Ýogsa:

"Mazarystanda mülküm meň,

Agdarylan gaýyk ýaly..."

Şonda-da... şonda-da wagtyň geçýändigine ynanyp bilemok.

            Elbetde, geňdir. Öz-özüňe garşy gidýäňem diýersiňiz. Ýöne haýsy birimiz wagtyň geçýändigini duýýarys?  Awtomobiliň içinde oturan ýaly - özümiz durus, duşumyzdan binalar, agaçlar, adamlar, ýyllar, ömürler... geçýär.

            Kimiň nähili görjegini bilemok, ýöne kakam, ejem, atam Hangeldi sakal, onuňam kakasy Gökdepe şehidi Çaryýar atam... siz maňa ogullarymdan, agtyklarymdan ýakyn görünýäňiz. Siz maňa perzentlerimden has gowy düşünýän ýaly. Siz meni olardan has gowy kabul edäýjek ýaly. Bu sözlerim üçin diriler menden göwün etmäň. Men siziň göwnüňize degjek bolmadym. Häzir düşünmeseňizem - düşünersiňiz. Kim bilýär, bu sözlerimi sizem gaýtalarsyňyz. Emma şonda-da... şonda-da wagt, men seniň geçýändigiňe ynanyp bilmok.

            Ýok, gep oýnadyp men geçýän-de sen dursuňam diýjek bolamok. Wagt - men seni asla kabul edip bilemok. Wagt sen ýokduň. Ýokdan bar bolan bolsa ýene ýok bolar. Diýmek, sen ýoksuň.

            Hawa, men bir günüň dowamynda 16-17 ýaşly ýetginjegem bolýan, 25-30 ýaşly ýigit ýaşymam ýaşaýan. Hatda agşam öýe gelenimden soň, kellämiň agyrsyna çydaman edil oglanjyk kimin "Eje janam" diýýän. Birki günlikde biri: "Gijäň ýary 4 ýaşlyja agtygym telewizorda naharyň reklamasyny görüp: "Menem iýjek!" diýip depirjikleýär. Ejesi ertir irden bişirip beräýeýin diýse-de edenok. Menem ýuwaşlyk bilen agtygymyň gulagyna pyşyrdap: "Atamam iýsin!" diý" diýýän. Şeýdip gije ikilerde ataly-ogul bolup manty iýdik" diýip, çaga ýaly gülüp gürrüň berýär.

            Biz "Dünýe geçip barýar, wagt gidip barýar" diýip, gara başymyza gaý. Wagty tutjak bolup tapanyny ýygnap ýörenem köpelýän ýaly. Biz wagtyň durandygyny duýamyzok. Ol sähelçe-de bolsa gaçsa, bizem  ony kowalasak. Emma ol dur. Biz onuň tussagy.

            ...Wagtyň durandygyna diňe Magtymguly atamyzyň  aýdyşy ýaly,"gabrystana baryp, oturyp, pikir eýläniňde"

düşünip galýar ekeniň.

Teswirler (1 sany)

begmyrat:
15 Mart, 2013

Häzirki wagtda gabrystana barýanlaryñam köpüsiniñ kellesinde günlük aladalar: "Ertir aýlyk bermezlermikä-raý. Pulam özüni tanatdy su günler. Masynymyñam hodowoýyna seretdirip bilemok, takyrdap ýatyr çüýrük opel. Heleýem holodilnik diýip bir zat tapdy, 5 milýon ýazdyrylandyr öz-ä, onam berjek bolsañ, 3 aýda berip dyn diýdi welin, kim 3 aýda üzýändir öýdýäñ-aý? Ýarym ýylda üzsem zor boldugym. Aýlygam hiç zada çydasdyryp bolanok. Kakamam alyp ýatdy, ataña mazaryna das ýasatmaly diýip. Ölenine 14 ýyl bolaýypdyraý eýýäm. Her hatyrada diýýäs-de goýýas, edilýän zat ýok ýöne. Aý pul bam-aý kaka? Kemine "Derdimiñ baryndan beter garyplyk" gosgusyny tüýs meñ üçin ýazypdyraý. Doganyñ ... -ýin, $u ölüleñkiden hezili ýoklaý. Atamyñ mazaryna baryp çöp-çalamlaryny bir aýraýyn. Bäh, su kerpijem berk eken-aý. Ady entägem öçmändir atamyñ. 192..-199.. Näçe ýasadygy bolýaraý? Telefonam öýde goýan boldum, ana kalkulýatorynyñ gerek ýeri. Öwliýäñ içinde-de telefonda gürlesip ýören kän eken-laý. $u heleýlere näme gerek diýsene, oturyñda öýñüzde Hudaý diýiñ-de. Aý solar bir nahardan doýsun-how. Diýseñem su kerpijä berk ekenaý. Bolýa-da-how su, mramora ýazdyryp goýañda näme atam direlip geläýer öýdýärlermikä-raý? Kerpijem almal-aý 5 masynjyk, kerpiç zawutdan. Oñam üstü gyrlymdyr. Aý, bäs manatjygyny berseñ bez oçuram alyp bolýar diýdiler-laý. Bizem edilýänjesini ederis-dä näme. Bäh, o gelýän oñ özi-maý? Bolan bolaýsynaý. Bolsañ bolupsyñ-da ymamyñ kömekçisi. Pata ýerinde-de özüni görkezjek bolýar. Gölegçi gelensoñ ortara geçip, sesine bat berip: "Eziz adamlar, pylanyñ aýyñ pylançasyna 3-i, pylançasyna 7-si diýen bolup. Eziz diýme nämä gereg-aý, ýöne "Adamlar" diýende bolmaýarmyka pessaýrak ses bilen? Bolmanam $oñ aýdany üçin barýan ýok 3-ne, 7-sine, aýyna, 40-na, ýylyna. Ýylynd-a nahar iýilýär. Beýlekilerind-ä ýöne duz dadylaýýar. Nämä gerekkäraý aslynda su belli günlerini etmek? A how, hersine 1 goýun, her annalygyna gowy nahar, iñ soñunda-da a$yny bermeli. Öleñsoñ bir azaryñ ýetmesin-däraý. Dagy añsatmow su zatlar öýüñde öýlänligiñ gaýgyka. Aç öldümaý, ýöräýinlaý, nahar-a bisendir. Kim bisirdikä-raý. Wiý, bir zat okaýyn-ow. "Öwzümyllaýy $eýtan yrrajym, Bysmylla rahman rahym...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.