Süzmeli söhbet
- Indi goňşulardan süzme getirmäge-de
men gitmeli-dä.
- Dagy näme, işşekçer çykan ogluň
biriniň gapysyndan “Süzmäňiz barmy?” diýip barsynmy?
Ýadyma öz
oglanlygym düşüp gitdi. Biz o wagtlar şäherde – agamlarda ýaşap, şäher
mekdebinde okaýardyk. Köçämiziň o tarapynda azyk harytlaryny satýan dükan
bardy. Maňa bir kile gant alyp gel diýipdiler. Barsam, kiçiräjik magazin
adamdan hyryn-dykyn. Köpüsem aýallar. Delje şokaladmy, kökemi bir zat gelipdir.
Giden nobat – men öň geldim-de, men belläp gitdim. Gant alman yzyma dolandym. Maňa
“Nalajedeýin”, “Magazinden gant almanam oňarmaýan” diýipdiler. Içim-içime
sygman, içki jaýa geçip, ýassygy gujaklap ýatanym ýadyma düşýär. Men özüme
gaharlanýanyma-da, öýdäkilerden öýkeleýänime-de düşünmeýärdim. Şol wagtlar näçe
ýaşymdadygymy anyk bilemok welin, pesinden 14-15-ä bardyr. Aslynda, ulalamsoňam
bu häsiýet menden aýrylmady. Talyp ýyllarym psihologlaryň adam häsiýetlerindäki
kemçilikleri ýeňmegiň ýollaryny öwredýän kitaplaryny ýörite kitaphana gidip
okardym. Depderçäme bellik ederdim,
öz-özüňe erk etmegi öwrenmek üçin ýörite maşklar ederdim. Ýeňmäge
degişli häsiýetlerimiň iň öňde durýany çekinjeňlik bilen ulumsylykdy. “Dag
ýerinden üýtgäpdir diýseler ynangyn, emma adamyň häsiýeti üýtgäpdir diýseler
ynanma” diýen adam, megerem, gaty dogry aýdypdyr. Çekinjeňlik menden aýrylmady.
Elbetde, okan kitaplarymyňam, öwrenen maşklarymyňam zyýany degmese degen
däldir, ýöne men köplenç özümdäki çekinjeňlik duýgusynyň derdini çekdim.
Setanda-seýranda dogumlyrak bir hereket
edäýsem uly bir gala alan ýaly begenerdim.
Emma mesele mende
däl, bir adam çekinjeň bolany-bolmany bilen, belki, dünýede ullakan üýtgän zat
bolmaz. Elbetde, Gitler ýaly biri edýän işinde ikirjiňlenip, çekinjeňräk bolan
bolsa, dünýe ynsandan utanmaly, ynsan dünýeden utanmaly bolmazdy. Untanjaňlyk,
ýygralyk, öz-özüňi keseden synlamagy başarmak adamy bezeýän hem bolsa bir sowal
maňa azar berýär – biriniň çekinjeňligi başga biriniň bihaýalygyna,
ýüzügalyňlygyna ýol açmaýarmyka? Bihaýany kiçijikkä “Berekella! Seni daşa
daňsalaram hor bolmarsyň” diýip, onuň sypjyklygynyň, egri bolsun, dogry bolsun
ugurtapyjylygynyň arkasy sypalanman utandyrylan bolsa, belki, bihaýa-da bihaýa
bolmajak ýaly. Kimi durmuş terbiýeleýär, kimi ene-atasy. Dünýäň deňagramlylygy
üçin ynsanyňam her hilisi gerekdir. Esasy özüň ýüzügalyňlaryň, bihaýalaryň
arasynda bolmasaň bolýar.
Meniň pikirlerimi
bölmek islän ýaly, goňşym oturmaga geldi. Ýöne tamam çykmady. Ol hem
oturyp-oturman oglunyň ýygralygyndan zeýrenip başlady. “Zehinem bar, akylam bar
welin, özüň gowşak bolsaň, ýaryňça ýoklaram gala eýesi bolýar oturyberýär”.
Goňşymyň ogly, meniň agtygym, ýene biriniň gyzy ýetişip gelýär. Olar häzir ne çekinjeň, ne-de ýüzügalyň. Ýöne
uly tama baglaýan çagalarymyzyň kim bolup ýetişjegi biziň haýsy häsiýete
aşyklygymyza bagly dälmi? Içimden: “Başga biriniň çagasyna “Alyp-ýolup
barýar-aý” diýip gatyrgansak, öz çagamyzyň ýuwaşlygyna käýinýäris. Bar
aladamyzam, goňşym aýtmyşlaýyn, “gala eýesi” bolmak” diýip pikir etdim.
Aýalymam: “Honha, biziňkem, “Goňşulardan süzme getirmäge utanýan” diýip etmän
otyr” diýip, gürrüňe goşuldy.
Emma
ýüzügalyňlykdan bärde-de dogumlylyk, lellimlikden aňyrda-da öz mertebesini
gorap bilýän bir häsiýet hem bardyr ahyryn? Ýöne ol häsiýetler şeýle bir dar
köprä meňzeýär – edil syrat köprüsi ýaly, sähel çepe gyşarsaň, bihaýa, sähel
saga gyşarsaň hem hakyny alyp bilmeýän
lellim bolýaň. Ogullar, agtyjaklar! Ataňyz-a saga-sola köp urnandyr. Sizi bir
beýle urunmadan Alla gorasyn!
Oňa çenli gyzym:
“Men gidäýeýin” diýip, boş jamy aldy-da goňşulara tarap ugrady. Goňşym: “Indiki
gyzlar oglanlardan, aýallar hem erkeklerden edenl-ä” diýip güldi. Hemmämiz
gülüşdik. Süzme-de geldi.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.