Duşuşyk hem hoşlaşyk halkasy | Eserler | Hydyr Amangeldi

Duşuşyk hem hoşlaşyk halkasy

Esseler | 0 teswir | 1211 okalan

Bu duýgyny her birimiz kä duýup, kä unudyp hemişe aňymyzda göterip gezýäris. Daň atypdyr, işe ýetişmeli. Täze hepde başlandy. Işe çenli ýoly ýarpylaberemde Günem gyzaryp dogdy. Pikirime gümra bolup, onuň nähili doganynam görmändirin. Dogrusy, awtobusyň adamsy ýetik, arkaýyn Günüň dogşuny synlap, oňa “Salowmaleýkim, Gün aga!” diýere-de maý ýok. Her kim gyssanmaç, her kim bir ýere howlugýar. Meň ýaly ýazara zat gözläp ýören bolmasa, hiç kimiň ýadyna duşuşygam düşenok, hoşlaşygam. Saçyma ak girenem bolsa, edil oglan ýaly hyýal edýän – şu wagt şü adamlar geçen bir gün bilen hoşlaşyp täze gelen bir gün bilenem duşuşýandyklaryny duýsadylar. Ýa adam pahyr, hökman, ömrüni tutuş ömürboýy görjek-görjek bolup, ahyry ölümüniň sähelça salym öň ýanynda görüp galmalymyka?!

Şäherara awtobusdan düşüp, öň ýany duralga gelip saklanan trolleýbusa münmäge howlukdym. Şol gyssagarada säher bilen güjügini gezdirmäge çykan zenana gözüm düşdi. Has dogrusy, zenanda-da, onuň güjüginde-de nazarym eglenmedi – gyssagara aňyma ornan güjügiň boýnundaky zynjyr boldy. Ol zynjyr hakykatdan-da täsindi. Onuň owunjak hem birhili egri-bugry edilen geň halkalary bardy. Halkalaram biri-birine baglanyp, özboluşly nagşa meňzeýärdi. Gözüme kaklyşyp giden zady aňymda ösdürip, bolşundanam üýtgeşik görýän bolmagymam mümkin. Ýöne boş oturgyçlaryň birine geçip jaýlaşykly oturanymdan soň, akylym ýoldaky pikirimi dowam etdirensoň duşuşyk hem hoşlaşyk ýaňky zynjyr bilen biygtyýar baglanyşyp gitdi. Eýsem, adam ömri duşuşyk hem hoşlaşyk halkalarynyň biri-birine baglanan zynjyry dälmi?!

Haýsydyr bir meniň üçin näbelli hoşlaşykdan soň aglap, näbelli dünýe bilenem hynçgyryp duşuşan bäbekligim ömür zynjyrynyň başlangyjy… Soň hatar-hatar oglanlyk, ýetginjeklik, ýaşlyk, ýigitlik… Bularyň içinde-de gör, näçe duşuşyklar, hoşlaşyklar… Köp nokatlary hatarlap, adamlaryň ýüregine gussa getirip oturmakda nä many bar? Sen “duşuşyk” diýip, “hoşlaşyk” diýip öýden işe çenli uzak ýoluňy nädibem bolsa gysgaltmagyň aladasyndamy? Ýok, bu pikirlerim ýol gysgaltjak şüweleňli gürrüň-ä däl, ýöne munda bir bada göwnüňe gelşi ýaly, ullakan gussa-da ýok. Köplenç ynsan isle bir adam ýa-da waka bilen begenip duşuşandan soň hoşlaşyk pursatynda ýene duşuşaryn ymydy bilen kän gussa batman hoşlaşýar. Olaryň köpüsini-hä, edil hälki awtobusda bolşumyz ýaly, duýmanam geçirýäris. Belki, munuň sebäbi bu duşuşykdyr hoşlaşyklaryň  gutulgysyzlygyndandyr. Belki, biziň ölüm hakda-da hemişe oýlanyp, gussa batyp, dünýämizi daraldyp ýörmeýänimiz onuň gutulgysyzlygyndadyr. Kim bilýär, ölümem adam saýlasa, onda bu biziň üçin has uly gussa, alada öwrülibem biler. “Her kim şol ahyrky hoşlaşyga barýar, menem barýan” diýen düşünje köp kişiniň ýüregine teselli ýaly bolup dur.

Hawa, ömür zynjyrynyň ahyrky halkasy-ha şol. Ýöne şol iň soňky hoşlaşyk bilen duşuşyk barada oýlanman bilemok. Agyr oýlanmadyr öýtmäň. Habardarlyk ýaly, gaýta. Garrasa begenýän adam, ölüm ýüküni hem beýle agyr görmeýär. Kakam pahyr “Hyk-çok edilen bolunýa welin, segsenden geçip, çagajyklaryň arasynda gidip bilseň ne armanyň bar, Allaha şükür” diýerdi. Bu iň soňky hoşlaşyk bilen duşuşyga barýan adamyň sözleri.

Emma iň soňky hoşlaşykdan soňam bir duşuşyk bar. Ol duşuşyk hakynda Dört Çaryýarlaryň birinjisi, Pygamberimiz bilen hijret wagty bir gowakda iki-çäk galan Ebu Bekir Syddykyň aýdanlary şular:

-           … Eden işlerimiň iň haýyrlysy soňky edenlrim bolsun! Iň gowy günümi Saňa gowşan günüm eýle!

Hawa, ol günki duşuşyk biziň ähli duşuşyk we hoşlaşyklarymyzyň zynjyrynyň  iň soňky halkasy bolar. Ol halka ömür zynjyrymyzy hem bütewi bir halka öwrüp onuň manysyny açyk görkezer. Häzir bolsa işe geldim. Ýene bir iş günüm başlandy. Amal niýetlere görädir.

 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.