Çöl, çomuç, düýe süýdi...
Aladaňdan ýola düşen ýeňil ulag orta ýaşdan agan Nurmyrat bilen altmyşa ýeten Esen agany Garagumyň jümmüşine “Tüm” diýilýän ýere tarap alyp barýar. Olaryň ýaş kiçisi guma belet. Okuwy gutaryp, eline “diplom” alan ýyly “kolhoz” diýilýäniň ýykyljak-ýykyljak uçurlarynda goýundarçylyk fermasynyň müdiri bellenen Nurmyradyň şodur-şodur bir aýagy çölden ýygnanok. Häzirem hususy kärhanasynda mal saklaýar. Goýun bolsun, sygyr – tapawudy ýok, arrygrak maly arzan bahadan satyn alyp, semredip satýar. Düşewündi gowy, gurply.
Esen agaňky welin, tersine, ýaşy ýoldaşyndan ulam bolsa, gum içine ýatymlyk ilki çykyşy. Ömrüni döwlet edaralarynda geçiren bu uzynak pyýada çöle diňe ýoldaşlaryň bilen oturyşmaga, çişlik beýleki bişirlip dynç almaga gidilýändir öýderdi. Ine, bu günem paty-putusyny alyp cöle, hepdeligine. Onda-da “Tüme”. Bu adyň özem ony az eýmendirenok. Ýöne dertli bolsaň, dermanyň nirede diýilse, adam pahyr ýaýdanmaýan eken. Tüm diýýäňmi, tümüň jümmüşinede çekinmän gitjek.
Ýogsa bu ýaşuly keselbent adamam däldi. Hassahanada ýatanam kän ýadyna düşenok. Birdenem lukmanlar “Aşgazanyňda ýara bar – gyssag kesmeli” diýip durberdiler. Bäş sagatlap pyçagyň aşagynda ýatan Esen aga “sag-aman” öýüme dolandym diýip sadaka berdi.
Tigirleri ýere degmeýän ýaly, süýnüp barýan rahat ulagda parahat oturan ýaşulyň göz öňüne sadakasyna gelen, bir döwür bile işlän tanyşynyň “Men saňa aýdaýyn – etseň-etmeseň özüň bilýäň. Şu wagt çomujyň wagty. Çomuç ýaly derman zat ýok. Üstesine, düýe süýdi, geçi süýdi, agaran, çal, çölüň arassa howasy seni edil eliňden çekilen ýaly edäýer. Ýaýdanma-da git. Biziň-ä ullakan bilýän zadymyzam ýok, size maslahat berer ýaly welin...” diýip janygyşy geldi. Bu maslahat hassahanaň dört diwaryndan, halyňy sorap gelýän-gidýänlerden ýadan Esen agaňam göwnünden turmazmy?! Ýöne ol çöli nirde görüpdir, kim oňa ýolbelet, ýoldaş bolup gitjek? Şol wagt daşgynrak garyndaşy Nurmyrat bir ýerden çykdy-da “Çomuç, düýe süýdi bilen iş bitjek bolsa, şol işi men bitireýin. Tümde gatnaşýan çopanym bar. Her ýyl “Çomuç iýmäge gel” diýýä, eldegenok bahanasy bilen gidip bilemok. Şol çopanlyk başga-da işjagazymam bar” diýip, nesýe işi nagt etdi oturberdi. Esen aga muny ýagşylyga ýordy. “Hassa sagaljak bolsa, lukmany üstüne geler” diýilmeýärmi?
- Barjak ýerimizi gowy tanaýan diýdiňmi?
- Gaty gowy tanaýan, Esen aga. Indi, men aýdaýyn, on bäş ýyldan-a aňyrdadyr. Barsaň görersiň, myhmansöýer adamdyr. Geçen ýyl çagalary bilen üç-dört gün öýüme myhman bolup gitdiler. Çagalaryny şähere gezdirdim. “On ata”, “Çagalar dünýäsine” äkitdim – hoşal bolup gitdiler. Şonda-da uly gyzyna synym düşdi. Bilýänsiň, meňem uly oglum şu ýyl uniwersiteti gutarýar.
- Hmm. Habar gatdyňmy, onsoň?
- Hawa, Mämmet aga ýaňzytdym. Türkmeniňki näme, şol ýazylan bolsadyr-da. Anyk bolýa-da diýmedi, ýogam.
Esen aga Nurmyradyň ogluny ýadyna saljak boldy – hiç hakydasyna getirip bilmedi.
- Ogluň ýokary bilimli boljak bolsa, gumly gyz bilen gepi alyşarmyka?
- Haý, Esen aga, senem şo gepi tapýaň – gepi alyşarmyka, gyzyklanýan zatlary deň gelermikä? Näme men mal alyp satýan, ýanymdakyň şol ugurdan bilýän zady barmy? Oňuşyp ýaşaşyb-a ýörüs.
- Hmm. Onyňam dogry. Gum çagasy işeňňir-ä bolýandyr.
Nurmyradyň şol bada gözleri ýiteldi.
- Sen sorama, Esen aga. Bir minut boş oturýamy diýsene. Düýe sagyşyny görseň... Biziňkiler ýaly, uzak gününi telefon oýnap, aýnaň başynda sypanyp geçirmez.
Esen agaň bu deňeşdirmä goşulasy gelmedi. Ol asylam adamlara köpçülikleýin baha berilmesini halamazdy. “Pylan obaň adamlary beýle, ileri gapdalyň halky beýle” diýseler, içini hümlederdi. Kä içinden, kä daşyndan: “Her ýerde-de her hili adamlar bardyr. Gowsam tapylar, erbedem duşar” diýerdi. Üstesine, dört gelin edinen ýaşuly bir zada akyl ýetiripdi. Gelin gelýänçä gaty üýtgeşik gowy. Gelensoň, onuňam ähli adamlar ýaly, gowy hem bärden gaýdýan häsiýetleri bildirip ugraýar. Görüp otursaň, gelinem üýtgeşik däl eken, ähli kişi ýaly eken. Bu bir bada seni gynandyrýar, soňam, şeýle bolmalydgyna, başgaça bolubam biljek däldigine akyl ýetirýäň. “Alla beterinden saklasyn” diýip, bijäňe düşen geline kaýyl bolýaň. Şonuň üçin, ýaşuly gelinli meseläni uzaldasy gelmedi.
Esen aga ýel bilen ýaryş gurýan ýeňil ulagyň gidişini öz ömrüne meňzedenini duýman galdy.
“Mundan birki sagat öňem öýdedim, eýýäm gum obalary öňümizden çykyp ugrady. Ýaňam on-onki ýaşly oglandym, eýýäm altmyşa ýetdim, Ezraýylyň atlylary gapymy kakýar.”
Kesel, horluk adamyň ýüregini ýukaldýandyr-da, ýaşuly sähel bir zat bolsa, ony ömür, düýş ýaly çalt geçip giden ýyllar... bilen deňeşdirmäni çykarypdy. Hernä, onuň bu deňeşdirmeleriniň köpüsini içinden edýänem gowy zat. Ol daşyndan “Ýagşydyryn, gorkmaň, gelinler, günbe-gün gowlanýan” diýýärdi. Aslynda, bu sözler oňa kakasyndan miras galan sözler. Segsenden geçip dünýeden öten kakasy soňky gezek agyr ýatanda, soramaga gelýänlere şu jogaby gaýta-gaýta bererdi.
“Derweze” diýilýän, göçülen ýurda ýeten ulag, asfaltdan düşüp, saga – güm içine sowuldy. Çägä batyp aýlanýan tigirleriň öňki bady gowşady. Indi birhili ýolam ýola meňzedi.
- Esen aga, ýagşymyň? Ýadaman durýaňmy?
- Ýagşydyryn.
- Ýadan bolsaň, birsalym durup, bir käse çaý içip, dynç alyp gidäýeli?!
- Aý... Kän ýadawlug-a bildirenok.
Durman gidenlerini kem görmeýän Nurmyrat sypaýçylyk bilen muny bildirdi:
- Ýene ýarym sagat, aňry gitse, kyrk minutdan goşa-da ýeteris. Ýöne dynç alalyň diýseňiz, ýoldan sowulyp durmag-a meň bilen.
- Ýarym sagat bolsa, gaýrat ederis.
- Çaýam bardyr.
- Çaýyň bolsa, gidip barýakagam içip bileris, ýol kän çaýkanok ýaly-la.
- Içseňiz kofe-de bolmaly.
- Ol-a hasam gowy.
Kofäniň joşduryjy ysy ulagyň içine doldy. Ondan howlukman, süýjüdip owurtlaýan Esen aga ýene içinden edýän pikirine dolandy.
“Indi “JIP-em” özüniň ýola düşenini duýandyr. Burnunyň ýeli ýatan ýaly bolaýdy. Ol hälden myçyp barşyna, ýol sökýändirinem öýdenok. Menem altmyşyň etegine baramsoň, ýol külterleýän ekendigimi duýup galdym öýdýän. Indi ýaşamak üçin ýaşamak başlanaýdymy? Owal öz-özi ýaşalar ýörerdi, lukmanam ýada düşenokdy, çomujam, çölem. Ýoluň ýoldugyny bildirýän ýerem bar eken. Allaha şükür, buça bolsam gowul-a...”
- Dymyşyp barman, ýol kesd-ä, Esen aga.
Morta aýdylan bu söze Esen aga gobsunanyny duýman galdy.
- Aý, mendenem ýaşuly bolarmy?! Tyrryk eşikli, şlýapaly ýaşuly diýilýändirin-dä. Ýaşuly diýip kakam pahyra diýseň. Sadakalarda gypjakly Çary Karan bilen ikisi goşluşyp gürrüňe başlardylar, siňek uçsa, ganatynyň sesi eşdilerdi. Gelen oturar, turup gidibilmez. Gelen oturar. Ahyry sadaka edýän: “Ýaşulular, gürrüňiňize bir maý beriň, gelýän myhmanlary oturdara ýer tapamok. Mundan öň töwürini galdyran turar gidibererdi welin...” diýip, olaryň gürrüňleriniň arasyny bölerdi. Mende gürrüň barmy, Moskwa gidişimizi, Almata uçuşymyzy gürrüň beräýmesem...
- Aý, Çary aga dagy Ak patyşaň döwrüniňem çala gyrasyny gören, urşy, açlygy, basa-basy başlaryndan geçiren diýýäler-ä, olarda gürrüň kändir.
- Sen sorama. Hany, indi ol adamlar. Ýakynlaşýasmy, özi? Ýolgyrada gögerip oturan üýtgeşik ösümlikler görünýä welin, çomuç diýilýän şomuka?
- Menem şolara geň galyp barýan. Çomujyň ösüp esli bolanyny kän gördüm welin, ýaňy çykyp ugranda nähili bolýanyny bilemok.
- Sakla, durup göräýeli-le, bolmanda ysyndan-a bildirer.
Sakla diýilerine mähetdel, Nurmyrat ulagy saklady. Hakykatdanam, her ýerde-her ýerde telpekläp oturan çomuç diýilýän bolup çykdy.
- Muň niresi iýilýärkä?
Gökden düşen ýaly, töwerege haýran bolup gelýän, geň ýolagçylar haý diýmän çopan goşuna-da ýetdiler, çomujyň niresiniň iýilýändiginem öwrendiler.
Ýylgyryp öňlerinden çykan Mämmet çopan bilen elleşip durşuna Esen aga geňlänini duýman galdy. Ol çopan diýseler, çölüň yssysyna goýdügen, şypyrmasy gözüne düşüp, çäkmeni ýere degäýjek bolup duran mürrük pyýada görjekdi. “Bu, Gürjüstanyň jana şypaly howasynda, dereleriň çeşme suwyny içip ulalanan pälwan ýaly-la, tüweleme.” Çopanyň göwnem göwresi-çe bar eken, sähel gysylaýyn diýsin-le. Olary edil ýitirip tapan ýaly, ýeňil gopup, goşlary çalmara daşady. Orta ot ýakdy, mis tüňkçäni dolduryp çaý goýdy.
- Atagurbanam sürüň üstüne gitdi. Onsoň özi edişdirip ýör diýip geňlemäň. Biz bular ýaly sähel-mähel iş üçin aýal-ebtada-da azar berip duramyzok. Gum adamsydyrys, Daşoguzçalap aýtsam, eleşdirmäň. Ýomut garyndaşlar bilen araçäkdeş bolamyzsoň dillerinem öwrenýäs.
- Bä, Daşoguzyň ýerine geläýdikmi?
Esen agaň bu geň galmasyna Mämmet aga hezil etdi.
- Şundan birki alaň aşsaň, Daşoguzyň çopanlaryna “salowmaleýkim” diýersiň Esen aga.
- Elini uzadan ýeriňden çomuç, düýe süýdi, Mämmet aga ýaly çopany tapaýjag-ow sen, Esen aga. “Bulara ýetjek bolsaň, ençeme menzil aşmaly borsuň” diýsene.
Mämmet aga Nurmyradyň bu degişmesine ýylgyryp:
- Meň ýaly çopan bilen düýe süýdün-ä guma aralaşyp bilseň taparsyň welin, çomuç diýeniň hemme ýerde gögerbermeýä-how, şü. Şu taýda-da birküç alaň aşsaň seýrekläp ugrar. Özüniň bir bitýän topragy bar öýdýän. Haý, ýöne derman zat-da.
Şol wagt bäş-alty ýaşlaryndaky mölegözje oglanjyk çalmaryň agzynda göründi.
- Jyklap durma-da geliber, how. Hany, myhmanlar bilen elleş. Gel.
Mölegöz atasy çagyransoň, çekinibräge-de içeri irdi. Ýüzüni ýerden galdyrman myhmanlara eljagazlaryny uzatdy.
- Agtyk bi, Atagurbanyň ogly. Şulam how, çomuç tapsa, hyýar gemiren ýaly gemirip ýör. Asyl agzyndan düşürenok.
Esen aga oglana lak atdy:
- Adyňam-a aýtmadyň.
- Aýt how, adyňy, myhmanlar bilen tanyş ahyry.
- Annagurban.
- Tüweleme, gowy adyň bar eken-ä. Bize-de çomujyňdan ber-dä.
Oglanjyk elindäki ýarsy iýlen çomujyny ýaşula uzatdy.
- Iýip ýöreniňi berme how. Bar, eneňe “Myhmanlara çomuç arassalap ber” diý.
Annagurbanjyk atasynyň aýdanyny enesine ýetirmek üçin, zyrlap çalmardan çykyp gitdi.
- Ýelgamak ýaljak, how, özem. Kakasyna seň ýaly gowşag-a boljak däl diýsem, kän halanok. Ýogsa, öz çagasyny öwýän-laýt, men. Tüňçe-dä gürrüňimize gülüp ugrady. Muň gülküsini keseli, Nurmyrat. Türkmeniňki näme, ilki çaýdyr-da.
- Ýaş näçä bardy, Mämmet?
- Ellinä ortaladyk. Şu ýyl 57 dolmaly.
- Aramyz bary-ýogy üç ýaş eken-le. Menden-ä kän daýaw siz, tüweleme.
- Ine, senem tut ýaly bolarsyň Esen aga. Çöl diýlen bu gudratdyr. Munuň derman däl zady bolmaz. Iýjegiň çomuç, işjegiň düýe süýdi bilen geçi süýdi bolsun. Biziň şol goşumyz üpjin.
Ara dymyşlyk düşdi. Mämmet aga nämeden söz açjagyny bilmedimi ýerinden turdy-da: - Annagurbanyň gidişi-gidişi bolaýdy-la. Hany, men bir aýllanyp geleýin. Sen çaýy agdaryşdyryber, Nurmyrat. Senem ýat adam däl-ä how – diýip çykdy.
Mämmet aga çalmardan on-onbäş ädim gapdalda daşdan salynan tamjagaza girende küýzeden agaran, çal alyp oturan aýaly Amansoltanyň ýüzünden gelen myhmanlaryň alada getirenini okabermelidi. Emma, gaýynatasynyň girenini görüp, käşir arassalaýan gelin welin, derrew ýaşmagy bilen agzyny örtüp ykjamlandy.
- Nurmyradyň şu gezek çyny bolaýmasa, heniz-ä dil ýaranok welin. Sen ätiýaçdan gyzyň bilen açyk gürleş. Kakajan okuwuny gutarsa, şähere iberäýesim gelýä. Okuwa girip bilse, arkaýyn ýatyp-turup, okabiljek öýi bolsa kemem däl...
- O gyzyň “Kakam bilerden” başga zat geplänog-a.
Şol wagt içerik gyzlary Hatyja girenden Amansoltan eje syr bermän, derrew gürrüňi üýtgedip goýberdi. Emma, gyzyň ýüregi özüniň gürrüňiniň edilýänini aňdy.
- Palaw etdiräýýän? Myhmanlaň ep-esli käşirem getiripdir.
- Bor-la.
Mämmet çopan aýaly ýaly ugur tapyjy däl bolarly, ol oňaýsyz ýagdaýa düşensoň çykarman boldy. Çykyp barýaka-da näme üçin geleni ýadyna düşüp yzyna gaňryldy. Onuň gözi Hatyjaň ýanynda wepadar güjüjek ýaly dikilip duran agtygyna düşdi. Hatyjaň elindäki bäş-üç sany çomujam indi gördi.
- Annagurban, saňa çomuç getir diýdik-le, how.
Bu gezegem öýüň keýwanysy parahat jogap berdi.
- Hä, Hatyja ýygyp gelipdir, häzir arassalap ibererin.
Mämmet aga çykyp gidenden soň, esli salym dil ýaran bolmady. Ahyry ýene eje görgüli durup bilmedi. Indi onuň sesinde häki parahatlykdan nam-nyşan ýokdy.
- A, gyz! Aşgabatlylar ýene gelipdir. Kakaň senden sora diýdi. Näme diýýäň?
- Kakam gowy biler diýdim-ä. Men başga näme diýeýin?
Hatyja getiren çomuçlarynyň daşyny arassalady-da olary tabaga salyp Annagurbanyň eline tutdurdy. Oglanjyk eli tabakly çalmara tarap ylgady.
- Aý, oglan, ýykylaýma...
Myhmanlaryň çalmaryna çomuçly tabagy alyp ylgap barýan çaga birden sakga durdy-da: - Kakam gelýär, kakam gelýär – diýip bökjekledi. Muňa düşüş Mämmet aga loh-loh güldi.
- Gulagy mis ýalydyr. Motoryň sesini barymyzdan öňürti eşidýä-dä.
Oňa çenli, hakykatdanam motoryň sesi her kime eşdildi. Haý diýmänem Mämmet agaň uly ogly Atagurban motorly göründi. Ýüzi Güne garalan, at ýüzli, gözleri irimçik, syratly ýigit motordan howlukman düşdi-de ony aýaklaryna jaýlaşykly galdyrdy. Soň, çagyrlan ýaly, göni çalmara – myhmanlaryň oturan ýerine gaýtdy, gelip olar bilen görüşdi.
- Uly oglum. Ýene biri bar. Ol kiçiräk, täze ýyl mekdebi gutarýar. Ol kän çölçül, malçyl däl. Ony indiki ýyl, Aşgabada, okuwa iberermikäm diýýän. O maňa mal bakyb-a hezil berjek däl.
- Atagurbany näme ibermediň?
- Aý, mu
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.