"Çomuç..." dowamy | Eserler | Hydyr Amangeldi

"Çomuç..." dowamy

Hekaýalar | 0 teswir | 1186 okalan

-         Atagurbany näme ibermediň?

-         Aý, muň özem gitjek diýip dyzap durmady. Ýöne ibersem boljagam däldi. Bu mallar indi ýeke janyma eýgertmeýä.

Atagurban kän eglenmän, çalmardan çykyp gapdalda dikilen gara öýe girdi. Gelni onuň öňüne çaý getirdi.

-         Nahary kakaň dagy bilen iýjekmi?

-         Bor-la.

-         Nurmyrat aga ýene Hatyjany diläp gelipdir.

-         Hmm. Kakam näme diýýär?

-         Bilmedim.

-         Hatyja näme?

-         O-da kakam biler diýýä. Men-ä bolsam, hezil edip giderdim.

-         Gitmeli ekeniň-dä.

-         Siz geldiňiz-dä.

-         Meňem Aşgabada okuwa gidesim gelipdi. Kakam goýbermez öýtdüm. Giden bolsam, ýeke özi horlanjakdy-da.

-         Giden bolsaň, şäheriň okuwly gyzlaryndan birini alardyň.

-         Aý, on-a etmezdim.

Daşyndan agras görünýän Atagurbanyň gelni bilen beýle içgin gürleşmesi belki, daşyndan synlana geň görner. Atagurbanyň çaýyny agdaranda, käsesini öňüne çekende parahatlygy, arkaýynlygy hasam göze ilýärdi. “Bu çopan ogly darykmany bir bilýärmikä? Dünýäni suw-sil alsa-da, munuň topugyna çykjaga meňzänok” diýdirýärdi.

-         Kakaň Hatyjany beräýmese...

-         Näme üçin?

-         Kakajany şäherde okatjak diýýä. Oňa şäherde okanda bolar ýaly öý gerekdir.

-         Uly iliň çagasy okaýan ýerinde ýaşap ýör-a. Nunna agaň oglam şeýle.

-         Ynha, görersiň.

-         Hatyja göwnänokmy?

-         O gyzyň içini biljek gümanyň barmy? Edil kakaň.

-         Hmm.

Işikde Hatyja görünýär.

-         Gelneje, köşege ýumurtga içireli-le.

Atagurbanam sähel dikeldi-de: - Menem baraýnmy? – diýdi.

-         Ýok, çaýyňy içiber, özümize-de eýgerder-le. Annagurban bar, tutuşar-da.

Hatyjanyň yzyndan galmaýan Annagurban näme tutup, näme saklamalydygyny bilmese-de, petekesini gaýşartdy. Muňa kakasy çala ýylgyryp oňaýdy. Gelin bilen Hatyja akja köşegiň agzyna ýumrtga çakyp içirmäge durdylar. Köşejik özüniň zorlanýanyna naýynjar bozlaýardy. Onuň enesem birahatlanyp gazygynyň daşynda aýlanýardy. Annagurbanjygam beýleräkden durup köşegiň ýumurtga içişine synlap durşuna: - Hatyja, Hatyja! Menem ýumurtga içýän-dä – diýip gygyrdy.

-         Senem bir köşejik-dä.

-         Atamam maňa köşegim diýýä.

-         Hany onda gel, saňa-da ýumertga içireli, aç agzyňy.

-         Häk-gä. Bişirip iýmeli.

-         Köşek boljak bolsaň, çig içmeli.

-         Häk-gä.

Oglanjyk gaçýar. Hatyja ony kowalan bolýar.

-         Hatyja, meni köşege mündiräý-dä.

-         Gorkmazmyň?

-         Häk-gä.

-         Gel, häk-gä bolsa.

Hatyja özüni köşegiň deňine göterip eltende, oglanjyk hernäçe batyrsyra-da, gorkýanyny gizläp bilmedi, Hatyjaň gujagyna gysyldy:

-         Gorkajyk, gorkajyk... Onda gulajyklaryny sypalaý.

Köşejik ýene bozlady. Annagurbanyň muňa tisginmesine Hatyja hezil edip güldi.

-         A gyz, köşegi horlamaň-da.  

Bu görnüşi Esen aganyň çalmaryň açyk agzyndan synlaýanyny gören Mämmet aga: - Köşege ýumurtga içirseň, sakyrtgalamazak bolýar. Elbet, ýumurtgaň ysy ganyna çykýandyr-da – diýdi.

-         Menem towuklary görüp, içimden: “Çopanlar goýnuň yzynda gezenlerinde ýanlaryna towuk dagam alýan ekenler-ow” diýip geň gördüm. Mundan çykd-ow.

-         Özümizem iýýäs, köşekleň arkasyndan.

Nurmyradyňam Esen agadan beter gözüni aýyrman gyzyny synlaýanyny gören Mämmet agada birhili gabanjaňlyk duýgusy oýandy. “Hany, ýumurtgasyny içiren bolsaňyz eglenmäň. Bize nahar äberiň” diýieýin, olary myhmanlaryň gözünden aýraýyn diýen niýet bilen Mämmet aga çalmardan çykdy. Emma, ýaşuly çopan gyzy bilen agtygynyň bolşuny görüp, gabanjaňlygynam unutdy. 

-         Ata, Hatyja meni köşege mündürjek diýýär.

-         Köşek saňa eýgertmez, gel, men seni düýä mündüreýin.

Köşekden gorkup duran halyna düýä münmeli bolan oglanjyk gözlerini tegeläp atasynyň ýanyna ýaýdana-ýaýdana bardy. Çopan agtygynyň gorkýanyny bilse-de, bilmediksirän bolup düýäni çökerdi.

-         Ýöne berk ýapyşgyn how.

-         Kaka, ýykylaýmasyn.

-         Ýykylmaz.  Ýapyşdyňmy? Çüw, janawer.

Düýe turanda bir hopugjak ýaly eden çaga onuň ýüňünden berk ýapyşdy.

-         Nähili, hezilmi?

Annagurbanjykdan ses çykmady.

-         Düşjekmi?

Oglanjyga bu söz ýarady öýdýän, çalt-çaltdan başyny atdy.

-         Hany, gorkamok diýdiň-ä. Gel, syryl bärik, gujagyma.

Oglanjyk atasynyň gujagyna özüni oklady.

-         Aý, tüweleme. Meň oglum, batyr eken-aýt. Gorkmadam-aýt. Gördüňmi, Hatyja? Düşürmedik bolsam, düýäni sürüp gidiberjeg-aýt, meň köşegim.

-         Annagurban çopan ogl-a, heý düýeden gorkarmy?

Özüni dürsän Annagurbanjyk bu öwgülere ýylgyranda lopuşja ýaňaklary çukurjyklap gitdi.

-         Towuklaryňa iým berdiňmi-how sen? Hany ýör. Olary iýmlemesek, indikide ýumurtga bermez.   

Towuklara däne bermek Annagurbanjygyň iň ökde hem gowy görüp edýän işidi. Çopan agtygynyň ylgap alyp gelen gabyna bir goşawuç däne guýup berenden ol ony äkidip towuklaryň öňüne sepelemäge durdy. Towuklar çar tarapdan haýdaşyp gelip, derrew onuň daşyna üýşdüler. Bu çaganyň hasam keýpini çag edýärdi. Ol muňa hezil edip, jykyr-jykr gülýärdi.  Hatyja köşegiň boýnuny sypalap, kakasyna, jigisiniň bolşuna ýylgyryp seredip durşuna ýüregine niredendir bir ýerden gussanyň gelenini duýman galdy.

-         A, gyz! Seni ejeň çagyrýar.

Hatyja gelnejesiniň sesine tisginip özüne geldi.

Çalmaryň içinden iki myhman üçin bu görnüşler kino ýaly gyzyklydy. Hasam Esen aga çopanlar maşgalasynyň her hereketini sypdyrman, höwes bilen synlaýardy.

-         Görýäňmi, Mämmet agaň kiçijiklikden çagany mala öwrenişdirişini?!

-         Bäşýyllap pedagogikany okan ýaly.

-         Bulara gumludyr, bisowatdyr diýmegin. Bular iki-ýeke professormykam diýip ýörenleňňe sapak berer. Gyzy dagy şeýle bir mähirli maşgala welin...

-         Ýazylan bolsun-da. Hakykatdanam, asylly maşgala eken.

-         Aý, kakasy gözüniň alnyndan aýyrmajak bolup, hötjetlik etmese, gyz bilen ejesiniň göwnejegin-ä bilýän.

-         Aýal tarapy göwnese...

-         Beý diýme, bärde meseläni öýüň uly gyzy çözenok. Şo ýeri bar. Oglum okuwa gitjek diýmedi diýen bolýar. Heý, diýmezmi?! Ýeke agyz “Otur!” diýendir mesele çözülendir. Oglunyň jyňkam çykmaz.

-         Aý, Mämmet aga ýumşak adama meňzeýä-le, beýle däl bolaýmasyn.

-         Saňa-maňa ýumşakdyr. Bu gumlulaň okuwy aňyrdandyr. Men bulara beletdirin.

-         Aý, Nurmyrat, ugur-utgaňa düşüp bolmad-aý. Birden-ä öwüp arşa çykarýaň, birdenem...

Çaý içildi. Sähel salymdan pomidorly-hyýarly, şibitli, şäwilli (bulary Nurmyrat ýany bilen alyp gelipdi) agaranly-çally, palawly saçak ýazyldy. Muny gören Esen aga gözlerine ynanmady. Ol Garagumyň jümmüşinde däl ýalydy. Bir ýetmeýän zat – nahar iýilýän çarşak, demir çemçedi. Emma, çopan palawy eli bilen iýmekçidi, myhmanlaram öňa görä boldular.  Palawyň ýany bilen terje çomujam Esen agaň agzyna ýarady. Ýogsa, gaýdanda “Iýip biläýsem, ysly zatdyr öz-ä” diýip alada edipdi. 

-         Çomuç nähili, Esen aga? Bu gün şuny iýeliň, ertir irden özümezem köwläp alarys. Şeýtsek nädýä, Esen aga?

-         Bolar, bolar. Nahar bilen hasam şüwlümli bolýan eken.

-         Derman bolsun. 

-         Muň beýle bir ýakymsyz ysam ýok eken-le. Şähere eltilip satylýanlar-a yslyrakmyka diýýädim.

-         Hä, olar biraz ulalansoň, ýygylyp äkidilýänlerdir.  

Şeýdip myhmanlar nädip garaňky düşeninem bilman galdylar. Ortada ýanýan odam biraz peseldi. Esen aga goýun derisini aşagyna düşek edinip ýatyşyna haýran galyp asmana seredýärdi.

-         Ýyldyzlaň iridigini.

Mämmet çopan onuň geň galmasyna mähirli ýylgyrdy.

-         Hä, şäheriňkä görä iriräkdir.

Geleli bäri Mämmet aga bilen gudaçylyk gürrüňini edere maý tapmaýşyna darygyp ýatan Nurmyradam gürrüňe goşuldy:

-         Gumuň adamlaram şoňa göräräk bolaýsa-ha, hä, Mämmet aga?

-         Aý, adamlaryna pylan diýjek däl. Ýöne munda şäherli-gumly diýip saýlaberseň öte düşäýmeseň? Biziň goýundan başga gören zadymyzam ýok welin, göwnüme gelenini aýdaýýan-da.

Ýol ýadawlygy basan myhmanlar derrew uka gitdiler.

 

 

* * *

Agaryp gelýän daň gum alaňlaryna täsin reňk berýärdi. Olar hakyky däl-de, bir ussat suratkeşiň elde çeken üýtgeşik suratymyka diýdirýärdi. Düýeleri sagýan gelnejesine köşek çekişýän Hatyja bu görnüşi her gün görse-de, oňa öwrenşip bilmeýärdi. Ol köşejigiň boýnuny sypalap “Hörele köşegim, hörele” diýip, ýumşak sesi bilen ony köşeşdirip durşuna gözüni gum alaňlaryndan, şemala daranýan sazak başlaryndan aýryp bilmeýärdi.  

Myhmanlar welin, süýji ukuda ýatyrdylar. Olary oýarmaga dözer ýaly däldi. Mämmet çopan seresaplyk bilen ortada söneňkirlän ody güýçlendirýärdi. Onuň hysyrdysyna ilki Esen aga oýandy.

-          Oýaraýdymmy, Esen aga? Gowy ýatybildiňmi?

-         Allaha şükür. Henize çenli beýle rahat uklan wagtym ýokdur.