"Çomuç" dowamy
- Allaha şükür. Henize çenli beýle rahat uklan wagtym ýokdur.
- Tüweleme, kelläňi ýassyga goýdugyň uklaýýan ekeniň. Düýelerem sagýalar, indi tutruşybersegem bolar, neneň görýäň?
Oňa çenli çalmaryň daşynda çybşyldy eşdildi. Mämmet aga daş çykdy. Ol eglenmän ullakan ak şakäse doly düýe süýdini alyp geldi. Soňam ony howlukman kiçi käselere paýlady. Daňyň ýagtysyna bu görnüş, entek ukudan doly açylmadyk myhmanlar üçin düýş ýalydy.
Düýe süýdi içildi, töwür galdyryldy.
- Ýörüň, indi men size çomujyň niresiniň iýilýändigini görkezeýin.
“Aşgazanymda dörän ýara bolmasady, men ömürem şunça ýol söküp, çölüň jümmüşine çommuç diýip gelmezdim. Gelmezdimem, bu gözelligi görmezdimem. Dört aý mundan öň nirede, nähili halda ýatyrdym. Bärimden aňrym ýakyndy...”
Içinden şeýleräk pikir eden Esen agaň ýüregi jigläp gitdi. Oňa “Sen şu derdi çek, soňam şeýle ajaýyp ýere gelersiň, çomujyň kökünden bir sere ýaly ýokarda, entek ak çägeden saýlanmadyk, Gün şöhlesini görmedik ter baldagynyň janyňa üýtgeşik şypa berýän tagamyny dadarsyň, daň bilen sagylan körpe köşekli düýäň süýdüni içeniňde süýt ýaly daňdanyň özüni içen ýaly bolarsyň, çölüň giňligi ýaly göwni giň, pespäl, mährem çopan hyzmatyňy eder” diýip söz beren bolmandy. Emma, göwnüne söz berlen ýalydy. Ol çöle gelenleri bäri özüni bu giňlige çümüp giden mysaly duýýardy. Edil ýaňy, şu gumuň gerşine dyrmaşyp barýakalaram töweregine seredip: “Adam ata-da Ýeriň ýüzüne ilkinji gezek gözüni aýlanda özüni şeýle duýdumyka? Ägirt giňlik, aňyrsyna göz ýetenok. Sen bolsa, şeýle kiçijik, çägäň owunjak zerrelerindenem kiçijik. Bu gün şu ýerde, ertir nirede boljagyň belli däl – şemalyň haýsy tarapdan ösjegine bagly” diýip pikir edipdi.
- Ynha, Esen aga, çomujyň niresiniň iýilýäninem öwrendiň. Derman bolsun.
- Taňryýalkasyn. Siziň ýagşylyklaryňyzy yzyna gaýtaryp, üzülişer ýaly bolmady. Düýäň süýdi, çomuç...
- Derdiňe derman bolsa, üzülüşdigiň, şol, Esen aga. Dogry diýýän dämi, Nurmyrat?
- Hawa-la Mämmet aga. Derman bolar diýib-ä şonça ýol söküp geldik, derman bolsun-da.
- Bolar inşaalla. Bu sagadagasy gitdigim çölüň, diňe howasam dermandyr, beýleki zatlary-ha beýlede dursun.
Esen aga içinden edýän pikirlerini nähili daşyna çykaranynam bilmedi:
- Mämmet aga, göwnüme şu çomuçlar meň üçin gögeren, düýe-de süýdüni meň üçin beren ýaly. Hamala, edil geljegimi bilip, şu çomuç ýerden gögerip çykaýdymyka diýýän. Bu çölem bakylygyň sazyny çalýan ýaly. Bu sazy diňläp doýup bolanok.
Çopan Esen agaň näme diýjek bolanyna düşünmese-de, ýüzugra ony çyny bilen makullady.
- Dagy näme, hemmesi adam üçin...
Nurmyrat Esen agaň ýüreginiň ýukalnyny aňdymy – gürrüňi degişmä öwürdi.
- Hany şol Esen aga üçin gögeren çomuç, Mämmet aga muny gazmasak bolmaýar.
Olar gülşüp, Esen agaň hälki görkezen çomujynyň aşagyny gazmaga başladylar. Ýaşuly olaryň gülküsine ýylgyrdy.
- Diýseňem, Esen agaň aýdýanlarynyň jany bar, how. Meň öňümde müňe ýakyn, ýedi-sekiz ýüz goýun bar. Hemmesini özüm bakýan. Daşyndan hemmesem özümki, tut, al-da iýiber. Ýöne beýdip bolanok. Içinde halkyň maly, döwlediiňki, hojalygyňky bar. Men şolaň diňe özüme degişlisini iýip bilýän.
Esen aga gapdalda ýowşan pürlerini iri dodaklary bilen syryp iýýän düýeleri görkezip, pikirini dowam etdi:
- Hol düýelerem ýowşan iýýä, ýylak bilen işi ýok. Diýmek, ýylak düýeler üçin gögermändir. Goýun itiniň-ä asla, ot-çöp bilen işi ýok. Goýunlaň hezil edip otlaýşyna seredip, ýanlarynda selkildäp ýör. Ýogsa, oňam şeýdip, ýumşajyk otlary çirtip iýesi gelýändir.
- Bäh, baryňyz pelsepeçi ekeniňz-aý. Hany, Esen aga, indi haýsy çomuç “Meni iý” diýýär? Şony görkezsene...
Oňa çenli saryja guş üýtgeşik saýrap, sazagyň şahasyna gonan ýaly etdi-de, ýene uçup gitdi.
- Bilbilm-aý?
Mämmet aga Esen agaň bu gepine ýylgyrdy.
- Oňa goýun guşy diýerler.
- Birinji gezek görýän. Geçi guşuny bilýäs. Goýun guşam bar eken-aý.
- Olam, Esen aga üçin saýradymyka?
“Çomuççylar” ýene hezil edip gülüşdiler.
“Men çägäň zerresi ýaly kiçijik bolsam, bu zatlar meniň üçin gögermezdi. “Gel, iý, iç” diýip çagyrmazdy. Aslynda, çägäň zerrelerem kiçijik däl, göwnüňe kiçi görünýär...”
Esen aga sowuk çägäni gysymyna dolduryp, “gum sagadyna” meňzedip, eliniň içinden aşak akdyrýardy. Sähel salymda onuň gysymy boşaýardy. Ol gaýtadan goşawujyny dolduryp alsa-da, çäge aýalarynyň arasyndan akyp gidýärdi.
“Biziňki hemişe tersine, uly zatlara kiçijikdir öýdýäris, ownuk zatlaram ulaldýarys...”
Mämmet aga bilen Nurmyrat pikirlerine gümra bolan Esen agadan gyra çekildiler:
- Mämmet aga, men-ä araky eden gürrüňimiziň anygyny eşideýin diýip geldim, çomujam bir bahana. Indiki gelemde çagalaň ejesini alyp geläýjek, toý sähedini, beýlekisini belleşer ýaly?
- Beý, Nurmyrat, sen meni gaty gyssaýaň-aýt. Giň ýeriň adamsynyň gyssabererligi ýokdur.
- Gyssama nirede? Öňki gelip-gidenime iki aý bolup barýa. Çagalaram howlugýar, bellisini aýdaýsa diýýäler. Bir ýyl garaş, bereýin diýseň, oňa-da razy.
- Al-aýt, kyn güne goýduň. Dogrusy, men gep uzaltmaýyn, biz oňaýaly-la, Nurmyrat. Çagalaram kän bir göwnäp baranok.
- Hmm.
- Sen neme etme. Özümem şähere barsam, arkaýyn barara öýümiň bolanyny kem göremok, Kakajanam täze ýyl okuwa diýip ugratmakçy. Olam doganynyň öýünde ýatyp-tursa kem däl.
- Meň diýýänimem şo-da...
- Aý, ýok, bolmaýa. Çagalary ynjydasym gelenok. Sen menden aýp görme.
- Hmm. Bor-da. Men-ä ýok diýersiň öýtmändim.
- Nädeýin, ýeke menden çözülýän mesele däl, gynanma, ýazylanynyň üstünden bararsyň.
- Gör-dä. Ökünäýmeseň soň...
“Ökünäýmeseň” diýilen söze gaşy çytylan Mämmet aga syr bermän, gürrüňi başga ýana sowup goýberdi.
- Esen aga, indi men goýunlaň ýanyna baraýyn. Sizem biraz aýlanyp, çalmara beryberiň, tüňçäň çaýy bilen çomujyň toşabynam iýip görüň. Geçilerem sagarlar, oňam derman süýdi bardyr.
Mämmet aga aralaryndan uzaklaşany bilen Esen aga: “Şu taýda ot ýakyp, biraz oturaýsak näder, Nurmyrat?” – diýdi-de, gury sazaklardan çöpleme çöplemäge başlady. Sähel salymda odun toplandy. Iki kişi sazak oduna çoýunmaga durdular.
- Çopan-a göwnemedi.
- Hä?
- Aý, çagalaryny bahana edýä.
- Be... Ýazylýan däldir-dä.
- Ýazylmaz-maý?! Oňa düýe sagýan gerek, geçi çopan gerek. Gyzyny ynjytjak dälmiş. Gyzynyň şu çölden çykyp bilse, armanynyň ýokdugyny bilip durun. Aý, bular diktator-a. Maly bolsa bolýa.
- Edil beýle däl bolaýmasyn.
- Bir käse süýt berdi diýip arkasyny almasana, Esen aga.
- Biri hakynda erbet pikir edip günä galanyňdan, gowy pikir edip ýalňyşanyň ýagşyrakdyr diýlipdir.
- Haý, Esen aga. Seňki hezil, gep otar diýseň...
Ertirlik çaý-suw äbermegiň aldasynda gydyrdanyp ýören Amansoltan eje “Adam içindäkini aýdar. Göwnese “bolýa” diýer, göwnemese, aňdyrar. Biz-ä şu gyza düşmedik” diýip özbaşyna hüňürdeýärdi. Onuň hüňürdüsini özünden başga eşidýänem ýokdy. Dogrusy welin, Amansoltan gyzyny Nurmyratlara bernini kem görenokdy. Oňam asyl sebäbini körpe oglunyň täze ýyl Aşgabatda okamaly boljakdygy, oňa ýaşara öý gerekdigi bilen baglanyşdyrsa-da, Aşgabat diýilen ony ýylba-ýyl özüne çekýärdi. Telewizor diýilýände şäherde her gün bir zadyň gurulýanyny, açylýanyny görýärdi. Çölüň welin, şol sarsman oturşydy – başy garly dagam bir – Garagumam. “Bu gyz nirä baranda-da bu göwünaçyklygy bilen hor boljak gyz-a däl. Birbada nemetse-de, soň öwrenşer gider...” Şol wagt aňyrdan ylgap gelen Annagurbanjyk enesiniň edýän pikirlerini dyr-pytrak etdi. Ol ylgawşyny ýazman gelensoň, haş-haş edýärdi:
- Ene, ene, goşgy aýdyp bereýinmi?
- Aýt, köşegim, aýt.
Oglanjyk gaýşaryp, uly iş bitirjek ýaly ýaňy öwrenen goşgusyny aýtmaga durdy:
- Çuňňur guýa daş atsaň,
Çümer gider, eje jan.
Ýat illere gyz berseň,
Ýiter gider, eje jan.
Goşgy gutardy, emma enesinden “berekella” eşdilmeýärdi. Ara dymyşlyk düşmesine geň galan oglanjyk gözüni tegeledi. “Gaýtadan aýdasammykam? Ýa-da ýalňyş aýtdymmykam?” diýip durka enesi özüne geldi.
- Kim öwretdi saňa muny?
- Hatyja. Ýöne atama aýdyp bermeli däl, diňe saňa aýtmaly.
- Hä, berekella guzym. Ýöne ataňa aýdyp bermegin.
- Häk-gä. Atama aýtmaly däl.
Çybanyny ýaran çopanam agyr ädimläp goşa geldi. Gelşine-de aýalynyň oturýan jaýyna bardy.
- Nämäni ataňa aýtmaly däl?
Ogrulykda tutulan ýaly bolan Annagurbanjyk haraý isläp, enesine seretdi. Amansoltan eje-de birinji gezek aljyrady. Niçigem bolsa, diline gelenini bahana eden boldy, emma çynyny aýtmaýanynyň bildirip duranyny özem duýdy. Onda-da nätsin, bir zat diýmeli:
- Aý, towuklaň iýmini döküpmi-nämemi...
- Hä, şeýlemi?
Oglanjyk zyrlap daşaryk ylgady. Mämmet aga aýalynyň özüni ýiterini bilmedik boldy:
- Keýwany, men-ä Nurmyrada oňaýaly diýdim.
- Özüň bilersiň, kakasy.
- Hmm. Çomujyň toşabynam äber-äý. Ýumurtga-da çak.
- Aýtmasaňam ediler-le...
Gudaçylyga gelen biri, sözi alynmadyk başga biri bolany üçin däl, näme üçindir, bu aňyrsyna gözýetmeýän ürgün çägelikde Esen agaň gözüne ähli zat ownuk, geçegçi görünýärdi. Bakylyk diýilýäni bir zada meňzetmeli bolsa, onuň göwnüne iňläp ýatan çölden laýyk zat ýokdy. Özüni sowuk çägä goýberen Esen aga oduň ýylysyna nädip irkileninem bilmedi. Onuň uklanynam birbada duýmadyk Nurmyrat alada galdy.
- Üşäýmezd-ä hern-ä? Goşdan içmegi alyp geläýsemmikäm? Aşagyndan üşäýmese... Içmegi getiremde-de, ýazjak bolsam oýanar. Şujagaz ýöränine-de ýadandyr...
Esen agaň gözleri ýumuk bolandanmy, Nurmyradyň göwnüne onuň ýüzi hasam hor, ejiz göründi.
“Ýaňy, şu çomujam meň üçin gögeren ýaly diýdi welin, bokurdagymyň dolanyny duýmandyryn... Kesel diýlen myrtar zad-ow...”
Nurmyrat egnindäki penjegini çykaryp, Esen agaň üstüne ýapdy. Indi diňe oduň şytyrdysy eşdilýärdi. Başy aladaly pyýada Esen agany oýarmajak bolup, sesini çykarman oda seredip, öz pikirlerine gümra bolup, esli oturdy. Onyň ýadyna gijeki ýyldyzlar düşdi. Çölde olaryň şeýle ýakyna gelýänini, hem ullakan görünýänini hakydasyna getirip: “Şunça ýyl çöle gatnasamam muňa aň etmändirin” diýip haýran galdy. Onuň göz öňüne oglankalar tomsuň güni daşarda ýatyşlary geldi.
“Ýedigenem her gije biziň üçin dogardy. Ony synlap doýup bilmezdik. Kakam Ýedigenleriň – ýedi doganlaryň Ülkeriň gyzyny alyp gaçyşyny gürrüň bererdi. “Altynjy ýyldyzyň öňünde çala ýyldyraýan ýyldyzy görýäňmi? Şol Ýlkeriň gyzy” dýerdi.
- Honha, ol topbak ýyldyzlaram Ülkeriň atlylary, yzlaryndan kowup gelýärler.
- Olar doganlaryň yzyndan ýeterlermi?
- Ýetmezler. Ýetmezler, oglum.
Biz doganlar Ýedigen ýyldyzlaryny gowy görerdik. Bir demde ýedi gezek:
Ýedigenim ýedi ýyldyz,
Ýedi gonar, ýedi göçer,
Sanasam sogaby bar.
- diýip sanamaga çalşardyk. Sanap sogap gazanardyk. Men jigilerimden ulurak bolamsoň, köpräk sanardym. Muňa çynym bilen begenerdim, ejeme aýdyp öwünerdim. Ol ýyllar ýasamalyk bize ýatdy. Gülsegem çynymyz bilen gülerdik, aglasagam, öwünsegem...”
Birden Esen aga bir iňledi-de, tisginip oýandy.
- Düşürgäýdiňmi?
- Bäh, uklaýdym-maý? Ejem pahyry göräýipdirin... eli kündükli... şol bir bolşy...
Esen aga düýşüni doly gürrüň bermedi. Dogrusy, soranam bolmady. Onuň düýşi welin, göwnüne hakykat ýaly, gäýta, häzirki görýänleri düýşe meňzeýärdi:
Öz-ä şäherde, ssirkde. Bir maýmyny orta çykaryp, adam ýaly oýnadýardylar. Maýmyn top depýärdi, stoluň başyna geçip birzatlar ýazan bolýardy. Ýazanlaryny ýyrtyp, başyny tutup oturýardy. Birdenem, adamy maýmyn edip oýnadýarlar. Adam agaja dyrmaşýardy, maýmyna öýkünip çirkin gygyrýardy. Şahadan-şaha bökýärdi. Bir agajyň şahasynda sallançak uçýardy. Şol wagtam Esen agaň ejesi eli kündükli göründi. Ol sesiniň ýetdiginden ejesine gygyrdy: “Eje, çynlakaýlyk bilen ýasam
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.