"Çomuç" soňy
Öz-ä şäherde, ssirkde. Bir maýmyny orta çykaryp, adam ýaly oýnadýardylar. Maýmyn top depýärdi, stoluň başyna geçip birzatlar ýazan bolýardy. Ýazanlaryny ýyrtyp, başyny tutup oturýardy. Birdenem, adamy maýmyn edip oýnadýarlar. Adam agaja dyrmaşýardy, maýmyna öýkünip çirkin gygyrýardy. Şahadan-şaha bökýärdi. Bir agajyň şahasynda sallançak uçýardy. Şol wagtam Esen agaň ejesi eli kündükli göründi. Ol sesiniň ýetdiginden ejesine gygyrdy: “Eje, çynlakaýlyk bilen ýasamalygyň arasynda sary-sadylla bolup geçmelimi? Şumy dünýäň manysy?” Segsenden geçen garry elindäki kündügini ýerde goýdy-da, parahat jogap berdi: “Oglum, sen iki arada elewremän, ýaradylyşyňa laýygyny edibereňde bolmaýarmy?” Ol hasajygyna daýanyp, basgançaklary sanaýan ýaly, ýeke-ýeke basyp barşyna: “Dünýäň manysy Ýaradanyň söýgüsini gazanmak dälmi?!” diýdi. Esen aga ejesine ýokaryk galmaga kömek etjek bolup, elini uzadany bilen basgançakda hiç kimiň ýokdugyny görüp galypdy, tisginbem oýanypdy.
- Turan bolsak, baraly, Mämmet aga çalmarda garaşýandyr. Üşemediň dälmi, Esen aga?
Çalmaryň bärräginde eneleri otara giden dört-bäş sany körpe köşek gazygynyň daşynda aýlanýardy. Olar adamlary görüp çaga ýaly bozlaşdylar.
- Süýtdeş doganjyklarymyzmy, bular?
- Ýok, emişen doganlarymyz.
- Nurmyrat, hany, olar bilen suratymy alsana...
Mämmet aga çalmarda çomujyň toşaby bilen çaýy taýýar edip garaşyp oturşyna, köşekler bilen surata düşýän myhmanlaryny ýylgyryp synlaýardy. Hatyja-da gelnejesi bilen çalmaryň arka tarapyndaky alaňyň aňyrsynda geçileri sagýardy. Annagurbanjygam käsesi elinde, Hatyjaň süýt sagyp bererine garaşýardy.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.