Duşuşyk hem hoşlaşyk halkasy. Ilkinji basgançak
Duşuşyk hem hoşlaşyk
halkasy
Bu duýgyny her
birimiz kä duýup, kä unudyp hemişe aňymyzda göterip gezýäris. Daň atypdyr, işe
ýetişmeli. Täze hepde başlandy. Işe çenli ýoly ýarpylaberemde Günem gyzaryp
dogdy. Pikirime gümra bolup, onuň nähili doganynam görmändirin. Dogrusy,
awtobusyň adamsy ýetik, arkaýyn Günüň dogşuny synlap, oňa “Salowmaleýkim, Gün
aga!” diýere-de maý ýok. Her kim gyssanmaç, her kim bir ýere howlugýar. Meň
ýaly ýazara zat gözläp ýören bolmasa, hiç kimiň ýadyna duşuşygam düşenok,
hoşlaşygam. Saçyma ak girenem bolsa, edil oglan ýaly hyýal edýän – şu wagt şü
adamlar geçen bir gün bilen hoşlaşyp täze gelen bir gün bilenem duşuşýandyklaryny
duýsadylar. Ýa adam pahyr, hökman, ömrüni tutuş ömürboýy görjek-görjek bolup,
ahyry ölümüniň sähelça salym öň ýanynda görüp galmalymyka?!
Şäherara
awtobusdan düşüp, öň ýany duralga gelip saklanan trolleýbusa münmäge howlukdym.
Şol gyssagarada säher bilen güjügini gezdirmäge çykan zenana gözüm düşdi. Has
dogrusy, zenanda-da, onuň güjüginde-de nazarym eglenmedi – gyssagara aňyma
ornan güjügiň boýnundaky zynjyr boldy. Ol zynjyr hakykatdan-da täsindi. Onuň
owunjak hem birhili egri-bugry edilen geň halkalary bardy. Halkalaram
biri-birine baglanyp, özboluşly nagşa meňzeýärdi. Gözüme kaklyşyp giden zady
aňymda ösdürip, bolşundanam üýtgeşik görýän bolmagymam mümkin. Ýöne boş
oturgyçlaryň birine geçip jaýlaşykly oturanymdan soň, akylym ýoldaky pikirimi
dowam etdirensoň duşuşyk hem hoşlaşyk ýaňky zynjyr bilen biygtyýar baglanyşyp
gitdi. Eýsem, adam ömri duşuşyk hem hoşlaşyk halkalarynyň biri-birine baglanan
zynjyry dälmi?!
Haýsydyr bir
meniň üçin näbelli hoşlaşykdan soň aglap, näbelli dünýe bilenem hynçgyryp duşuşan
bäbekligim ömür zynjyrynyň başlangyjy… Soň hatar-hatar oglanlyk, ýetginjeklik,
ýaşlyk, ýigitlik… Bularyň içinde-de gör, näçe duşuşyklar, hoşlaşyklar… Köp
nokatlary hatarlap, adamlaryň ýüregine gussa getirip oturmakda nä many bar? Sen
“duşuşyk” diýip, “hoşlaşyk” diýip öýden işe çenli uzak ýoluňy nädibem bolsa
gysgaltmagyň aladasyndamy? Ýok, bu pikirlerim ýol gysgaltjak şüweleňli gürrüň-ä
däl, ýöne munda bir bada göwnüňe gelşi ýaly, ullakan gussa-da ýok. Köplenç
ynsan isle bir adam ýa-da waka bilen begenip duşuşandan soň hoşlaşyk pursatynda
ýene duşuşaryn ymydy bilen kän gussa batman hoşlaşýar. Olaryň köpüsini-hä, edil
hälki awtobusda bolşumyz ýaly, duýmanam geçirýäris. Belki, munuň sebäbi bu
duşuşykdyr hoşlaşyklaryň
gutulgysyzlygyndandyr. Belki, biziň ölüm hakda-da hemişe oýlanyp, gussa
batyp, dünýämizi daraldyp ýörmeýänimiz onuň gutulgysyzlygyndadyr. Kim bilýär,
ölümem adam saýlasa, onda bu biziň üçin has uly gussa, alada öwrülibem biler.
“Her kim şol ahyrky hoşlaşyga barýar, menem barýan” diýen düşünje köp kişiniň
ýüregine teselli ýaly bolup dur.
Hawa, ömür
zynjyrynyň ahyrky halkasy-ha şol. Ýöne şol iň soňky hoşlaşyk bilen duşuşyk
barada oýlanman bilemok. Agyr oýlanmadyr öýtmäň. Habardarlyk ýaly, gaýta.
Garrasa begenýän adam, ölüm ýüküni hem beýle agyr görmeýär. Kakam pahyr
“Hyk-çok edilen bolunýa welin, segsenden geçip, çagajyklaryň arasynda gidip
bilseň ne armanyň bar, Allaha şükür” diýerdi. Bu iň soňky hoşlaşyk bilen
duşuşyga barýan adamyň sözleri.
Emma iň soňky
hoşlaşykdan soňam bir duşuşyk bar. Ol duşuşyk hakynda Dört Çaryýarlaryň
birinjisi, Pygamberimiz bilen hijret wagty bir gowakda iki-çäk galan Ebu Bekir
Syddykyň aýdanlary şular:
- … Eden işlerimiň iň haýyrlysy soňky
edenlrim bolsun! Iň gowy günümi Saňa gowşan günüm eýle!
Hawa, ol günki
duşuşyk biziň ähli duşuşyk we hoşlaşyklarymyzyň zynjyrynyň iň soňky halkasy bolar. Ol halka ömür
zynjyrymyzy hem bütewi bir halka öwrüp onuň manysyny açyk görkezer. Häzir bolsa
işe geldim. Ýene bir iş günüm başlandy. Amal niýetlere görädir.
“Kaýyllyk” hem
“kämillik” – bu sözleriň biri-birine şeýle sazlaşmagy tötänleýin bir zatmyka?
Kaýyllyk haýwantaklykdan, kämillik welilikden nyşan dälmi? Haýwantaklyk nirede,
welilik nirede?!
Bir maşgalada
diýeni bolýan çaga bar bolsa, biri men bolmalydym. Kakam iki obany birikdirýän
kolhozyň başlygy, menem körpe ogly, onda-da ekiz taýydym. Emma maňa entek
ýörjen-ýörjen bolmankam, doglan günüme welosiped alyp bermändiler. Çagalygymda
ýekeje üç tigirli, zynjyrly welosipedi aýal doganym obamyzyň dükanyndan alyp
getiripdi. Onuň hem puluny soň äkidip beripdiler. Bu zatlaryň anyk ýadyma
düşýänliginden çen tutsam, pesinden 5-6 ýaşlaryma ýeten bolmaly. Tä mekdebi
tamamlaýançak biz saç ösdürmändik. Saçymyz syrylgy, başymyz tahýaly Aşgabadyň
on ýyllyk mekdebini tamamlan diňe bizdik. Kakam mollaçar adam däldi, ol
megerem, arassa hem “molla çagasy ýaly” diýdirýän terbiýeli bolmagymyz üçin
şeýle etdirendir. Biz gaçyp-tezip, saç goýbertjek bolmaýardyk, kakamyzam
tutup-basyp, zor bilen saçymyzy päkiň aşagyna almaýardy. Asla, urulman,
ýenjilmän ulalypdyk. “Kakam şeýle ediň diýýän bolsa şol jedelsiz dogrudyr”
diýen düşünje mende gaty berkdi. Belki, bu düşünjäm öýli-işikli bolan
ýyllarymda az-kem gowşan hem bolsa, kakam ýurduny başgalanyndan soň ýene öňküsi
ýaly berkedi. Emma bu ýerde esasy mesele kaka bolan hormatda, ondan gorkmakda,
çekinmekde ýa-da dogrusy şoldur diýen düşünjede däldi. Bizde kaýyllyk bardy.
Kakamyz-ejemiz nädibem bolsa, kaýyllygy aňymyza berk guýmagy başarypdyrlar. Şu
wagta çenli eden, ökünip aňyrsyna çykyp bilmeýän ýalňyşlyklarym barada
oýlansam, olaryň aňyrsynda kaýyllyk düşünjesinden çykmagy görýän. Onda men
haýwantak ýaşaýdymmykam? Bilmedim. Aslynda, bu sowaly ömürboýy özüme berýän,
jogabyny hem berip bilemok. Ýöne bir zat ýadyma düşýär, 9-nji synpdadym.
Sapakda yza geçip, partaň aşagynda gizläp edebi kitap okamak endigim bardy. Bir
gezek edebiýat mugallymymyz meniň bu etmişimde tutdy. Okap oturan kitabymy
eline alyp adyny gördi-de yzyna berdi. Hiç zat diýmedi. Soňam meň bilen işi
bolmady. Şol wagtky okaýan kitabym Dostoýewskiniň “Mertebesi peseldilenler we
kemsidilenler” diýen kitabydy. 1969-njy ýyl mekdebiň gutardyş synagynda şahyr
Gurbannazar Ezizowyň:
“Magtymgulyň
çaýlar içen çäýnegin
Ýuwup süpürmäge
hukuk gazansam”
diýen setirlerini
düzmäme epigraf edip alypdym. Düşünýän bu mysallarym meniň haýwantak
ýaşamandygymyň subutnamasy däl. Gürrüň mekdep ýyllaryna ýazansoň, ýadyma
düşdi-de…
Magtymguly:
“Bu dünýe
mülkünde şadyr-soltandyr
Kysmatyna kaýyl
bolsa adamzat”
diýipdir. Onda
Gökdepe galasynda özünden ökde ors goşununa garşy duran türkmenler kysmatlaryna
kaýyl bolman göreşenlermikä? Megerem, kysmatyna kaýyl bolmadyk, ajalyň gözüne
göni bakyp bilmez.
Onda näme üçin
kaýyllyk haýwantaklygy ýatladýarka? Aňyrbaş oňaýly durmuşy aklymyzy aldyran
derejede isleýänligimizden bolaýmasyn? Akyldaryň:
“Doýmaz gözüň
dolmaga bir goşawuç gum bardyr”
diýmesi aňyrbaş
oňaýlylyga garşy gitmekmikä ýa-da gara nebse?
Emma şonda-da
aňyrbaş oňaýlylyga kaýyllygyň üsti bilen ýetip bolýandygyna ynanmak kyn. Kyn
bolany üçin hem adam durmuşy çylşyrymly, kötelli, howply-hatarly…
Onda kämillik
näme? Ol juda uzakda – Jamynyň, Azadynyň, Magtymgulynyň… ruhy ýaly. Kaýyllyk
onuň ilkinji basgançagyna meňzeýär. Emma ol şeýle bir ilkinji basgançak welin,
oňa basman ikinjä galma ýok.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.