Ilkinji basgançak
Ilkinji basgançak
“Kaýyllyk” hem
“kämillik” – bu sözleriň biri-birine şeýle sazlaşmagy tötänleýin bir zatmyka?
Kaýyllyk haýwantaklykdan, kämillik welilikden nyşan dälmi? Haýwantaklyk nirede,
welilik nirede?!
Bir maşgalada
diýeni bolýan çaga bar bolsa, biri men bolmalydym. Kakam iki obany birikdirýän
kolhozyň başlygy, menem körpe ogly, onda-da ekiz taýydym. Emma maňa entek
ýörjen-ýörjen bolmankam, doglan günüme welosiped alyp bermändiler. Çagalygymda
ýekeje üç tigirli, zynjyrly welosipedi aýal doganym obamyzyň dükanyndan alyp
getiripdi. Onuň hem puluny soň äkidip beripdiler. Bu zatlaryň anyk ýadyma
düşýänliginden çen tutsam, pesinden 5-6 ýaşlaryma ýeten bolmaly. Tä mekdebi
tamamlaýançak biz saç ösdürmändik. Saçymyz syrylgy, başymyz tahýaly Aşgabadyň
on ýyllyk mekdebini tamamlan diňe bizdik. Kakam mollaçar adam däldi, ol
megerem, arassa hem “molla çagasy ýaly” diýdirýän terbiýeli bolmagymyz üçin
şeýle etdirendir. Biz gaçyp-tezip, saç goýbertjek bolmaýardyk, kakamyzam
tutup-basyp, zor bilen saçymyzy päkiň aşagyna almaýardy. Asla, urulman,
ýenjilmän ulalypdyk. “Kakam şeýle ediň diýýän bolsa şol jedelsiz dogrudyr”
diýen düşünje mende gaty berkdi. Belki, bu düşünjäm öýli-işikli bolan
ýyllarymda az-kem gowşan hem bolsa, kakam ýurduny başgalanyndan soň ýene öňküsi
ýaly berkedi. Emma bu ýerde esasy mesele kaka bolan hormatda, ondan gorkmakda,
çekinmekde ýa-da dogrusy şoldur diýen düşünjede däldi. Bizde kaýyllyk bardy.
Kakamyz-ejemiz nädibem bolsa, kaýyllygy aňymyza berk guýmagy başarypdyrlar. Şu
wagta çenli eden, ökünip aňyrsyna çykyp bilmeýän ýalňyşlyklarym barada
oýlansam, olaryň aňyrsynda kaýyllyk düşünjesinden çykmagy görýän. Onda men
haýwantak ýaşaýdymmykam? Bilmedim. Aslynda, bu sowaly ömürboýy özüme berýän,
jogabyny hem berip bilemok. Ýöne bir zat ýadyma düşýär, 9-nji synpdadym.
Sapakda yza geçip, partaň aşagynda gizläp edebi kitap okamak endigim bardy. Bir
gezek edebiýat mugallymymyz meniň bu etmişimde tutdy. Okap oturan kitabymy
eline alyp adyny gördi-de yzyna berdi. Hiç zat diýmedi. Soňam meň bilen işi
bolmady. Şol wagtky okaýan kitabym Dostoýewskiniň “Mertebesi peseldilenler we
kemsidilenler” diýen kitabydy. 1969-njy ýyl mekdebiň gutardyş synagynda şahyr
Gurbannazar Ezizowyň:
“Magtymgulyň
çaýlar içen çäýnegin
Ýuwup süpürmäge
hukuk gazansam”
diýen setirlerini
düzmäme epigraf edip alypdym. Düşünýän bu mysallarym meniň haýwantak
ýaşamandygymyň subutnamasy däl. Gürrüň mekdep ýyllaryna ýazansoň, ýadyma
düşdi-de…
Magtymguly:
“Bu dünýe
mülkünde şadyr-soltandyr
Kysmatyna kaýyl
bolsa adamzat”
diýipdir. Onda
Gökdepe galasynda özünden ökde ors goşununa garşy duran türkmenler kysmatlaryna
kaýyl bolman göreşenlermikä? Megerem, kysmatyna kaýyl bolmadyk, ajalyň gözüne
göni bakyp bilmez.
Onda näme üçin
kaýyllyk haýwantaklygy ýatladýarka? Aňyrbaş oňaýly durmuşy aklymyzy aldyran
derejede isleýänligimizden bolaýmasyn? Akyldaryň:
“Doýmaz gözüň
dolmaga bir goşawuç gum bardyr”
diýmesi aňyrbaş
oňaýlylyga garşy gitmekmikä ýa-da gara nebse?
Emma şonda-da
aňyrbaş oňaýlylyga kaýyllygyň üsti bilen ýetip bolýandygyna ynanmak kyn. Kyn
bolany üçin hem adam durmuşy çylşyrymly, kötelli, howply-hatarly…
Onda kämillik
näme? Ol juda uzakda – Jamynyň, Azadynyň, Magtymgulynyň… ruhy ýaly. Kaýyllyk
onuň ilkinji basgançagyna meňzeýär. Emma ol şeýle bir ilkinji basgançak welin,
oňa basman ikinjä galma ýok.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Maňa gaty täsirli we peýdaly boldy, sag boluň. Şugünlerde edil gerekli bir maslahatdy. Takdyryma kaýyl bolmaga nebsim razy bolman, durmuşy kynlaşdyryp ýörenimden habarymam ýokdy. Takdyra kaýyl bolmagy hem bir saýlap göreli belki hemme düwünçekleriň çözgüdi şol syrdadyr diýp pikir edipdim, köp mesele öz özünden çözülip gitýän eken.