Körüň ýoly
Ony Tejende
gördüm. Dürli reňkli mata bölekleri biri-birine düwlüp, hajathana çenli
çekilipdir. Bir bada munuň nämä gerekdigine düşünmän, düşünjegem bolman öý
eýesinden: "Bu näme-aý?" diýip morta soradym. Ol müýnli ýaly
"Kakamyň gözi görenok" diýdi. Körlügiň ýa-da kör kakaly bolmagyň näme
aýbynyň bardygyny bilemok, ýöne näme üçindir, ýoknasyz bilesigelijilik eden
ýaly menem soranyma utanyp gitdim. Tomsuň güni bolansoň, daşarda – erigiň kölegesinde oturdyk. Oturyp uzagam oturmadyk
– bir käse çaý içdik-de turduk. Emma çaýly käsäni elime alsamam, ýerde
goýsamam, kör görgüliň ýoluna zol gözüm düşdi durdy. Hernä muny ýanymdakylar aňmadylar. Dogrusy,
aňanam bolsalar bilemok, kän gürrüňe goşulyb-a bilmedim. Erikden alma, almadan
üljä, üljeden aňyrda zat bolmansoň ýörite ýere
kakylan şalmana kä ýerde aşagrakdan, kä ýerde ýokarrakdan, kä halpygrak,
kä dartdyrybrak baglanan mata bölekleri beýikli-pesli, öwrümli ýola meňzeýärdi.
Ýoldaşymyzyň kakasy biz gidýänçäk daşaryk çykmady. Ýöne şonda-da onuň bir eli
bilen „ýolundan“ ýapyşyp dähedem-dessemläp barşyny görüp duran ýaly göz öňüme
getirýärdim…
Körhan kaka diýip
bir garyndaşymyz bardy. Pahyryň iki gözem kördi. Bir köçe gaýramyzda ýaşardy.
Emma her gün gelerdi. Kakam oňa "Haý, körsüreýän bolaýmasaň" diýip
degerdi. Ol: "Şujagazlaň sesi meni öýde oturdanok" diýip başymyzdan
sypalardy. O wagtlar biz bolaýsak bäş ýaşlarymyzdadyk. Nädip, haçan gözden
galanyny bilemok, ýöne Körhan kakamyzy gowy görerdik. Gelýänini gördügimiz
öňünden çykyp idip alyp gaýdardyk. Munuň üçin ol bize Magtymgulyň "Gökje
kepderisini" hiňlenip aýdyp bererdi. Her gün aýdaýmalydyr. Gününe
goýmazdyk. Ýogsa biz ol goşgyny ýat tutup gidipdik. Ol kör gözlerini asmana
dikip:
"Bu gün bäş
gündür ajam,
Awum bergin ýa
Aly!"
diýende, gökden
bize görünmeýän aç laçyny göräýýärmikä öýderdim. Pahyr çala titreýän ellerini
goşarymdan tirsegime çenli ýörederdi-de "Tirsejigiň aýlanyp gidýär, täret
kylaňda suwuň töwerege dökülmez, aýlabypjyk akar" diýerdi. Onuň bu sözleri
her täret kylamda ýadyma düşüp gidýär. Ol kör gözler bäş ýaşly çaganyň Alla
ýadyna düşmän ulalyp, orta ýaşa ýetende-de namaza durjagyny nädip gördükä? O
döwürler ors döwrüdi. Azan sesi çykmazdy, sanaýmaly garry oraza tutup, namaz
okaýardy. Kakam pahyr "Ors dar balak geýse sizem geýiň, gysgasyny geýse
sizem geýiň, hakyňyzy gidermäň" diýerdi. Hatda ors mekdebine saljagam
bolupdy. Emma biz oba çagalary orsça hiç zat bilmeýärdik. Mekdebiň direktory,
bir ors aýal "Okap bilmezler, kyn bolar" diýip almandy. Agalarym
biziň ors mekdebine alynmanymyza gaty gynanypdylar. Kakam dagy Körhan kakamyň
görýänlerini şol wagt göz öňüne-de getirmeýän eken. Elbet, gözliň öz gözi,
körüň öz gözi bar boldugy-da. Ol gözleriň hersiniň hem öz görýän zatlary, görüp
bilmeýän uzaklyklary bar. Bu gün teleantennalara çenli dürli habar beriş
serişdeleri biziň gözümizi görgür, gözýetimimizi giňeltmäge çalyşýarlar.
Hakykatdan-da munuň şeýle bolýandygyna biz ynanýarys. Ynandygymyzça-da körleriň
görýänlerini duýmak ukybymyzyň peselýändigni aňmaýarys. Gözlerimiziň ýitiligi
bilen piçjiň atýarys. Emma Ýer ýüzünde ynsanyň goýberýän ýalňyşlary,
büdrelemeleri, dökýän gany, agdarylyşyklary, opurylyşyklary artmasa
kemelmeýär.
Tejenden Aşgabada
tarap süýnüp barýan maşynymyz kä beýige dyrmaşýardy, kä aşak inýärdi. Uzak ýol
birden böwür berip, birdenem oklaw ýaly gönelýärdi. Meniň göz öňüme körüň ýoly
geldi. Erikden alma, almadan ülje agajyna, üljeden soň gaty ýere kakylan bir
bölek şalmana baglanan kesindiler, gyýkyndylar, düwün bary düwlüp, çekilen ýol...
Aslynda her bir
ynsanyň edil şol bize görünmedik kör ýaşulynyňka çalymdaş ýoly bar ýaly. Ýöne
biziň „ýolumyz“ göze dürtülip durmaýar. Öz ömrümiň ýoly göz öňüme gelip gitdi.
Ol özümden öň ýaşap geçenleriň hem özümiň ýaşan ýyllarymyň tejribesinden dörän,
edil köne esgi gyýkyndylary ýaly, gyýkyndylaryndan, kä inçejik, kä gysga, kä
çüýrük ynamlarymyň başly-barat biri-birine düwlen tanaplaryndan ybaratdy.
Esassyz, ham-hyýal umytlarym bolsa gaty ýere kakylan şalmana meňzeýär. Düwünler
näme? Ýalňyşlarymdan, ökünçlerimden, ahmyrlarymdan galan ýara yzlarymy?!
Allanyň gudratyna
haýran galaýmaly. Ol biriniň ýüz keşbini alaga-da beleki bir bendesiniň ýüzüne
goýmaýar. Ol her her bendesine özüne mahsus, gaýtalanmajak sypat beripdir. Edil
şonuň ýaly hem her kime bir hili ýol beripdir. Olar hem gaýtalanmajak, dürli-dürli
ýollar. Ýogsa, olaryň ählisem Ýaradanyň Özüne barýar.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.