Oýalykdaky düýş
Adam diýlen
ýüregi bir zat küýsese, göwün ýüwürdegen bolýar. Men-ä şoň ýaly bolanda köne
suratlarymyzy öňüme alýan. Olar edil küşt oýny ýaly seniň pikirleriňi kän ýyl
yza alyp gidýär-de, oýalykda düýş görýän
ýaly bir hala düşýäň. Özem gowy düýş. Kä wagt öňüňden dünýeden öten ejeň ýa-da
kakaň suraty çykaýsa, çala gyýyljak bolýaň welin, derrew olar bilen
baglanyşykly bir süýji ýatlama ýadyňa düşýär.
Ýagdaýyny tapsam
o suratlary ýeke özüm görmegi gowy görýän. Ýöne häli-şindi däl, bolaýsa ýylda
bir gezek, hatda iki-üç ýylda bir gezek şeýle bolýandyr. Dogrusy bu juda az
bolýar. Bolmanda aýda bir gezejik bir şeýdip, dünýäni unudyp, otursadym diýýän.
Emma, megerem, o pursadyň üýtgeşikligem seýrekligindedir. Ýakynda-da şeýle boldy. Çagalar garyndaşlaryň biriniň
toýuna gitdiler-de, öýde ýeke galdym.
,,Ýekelik Hudaýa ýagşy’’ diýleni, ýüregim gysdy. Kitaba, telewizora güýmenjek
boldum, bolmady. Birden suratly albomlar ýadyma düşdi. Ýeňil gopup, olary öňüme
aldym. Emma olary açmankam öňüme könelip giden depderçäm gaçdy. Daşy gökje
depderime gözüm düşenden ýüregim jigläp gitdi. Ony ýanymdan aýyrman göterenime
ýigrimi, ýigrimi bäş ýyl töweregi geçendir. Onuň nädip ýyrtylman munça ýyl
galyşyna haýran. Depderçämiň sahypalaryny emaý bilen açyp başladym. Telefon belgileri, atlar,
familiýalar... O telefonlar üýtgäp gitdi. Eýeleriniň hem öleni öldi, diri
galany işini üýtgetdi. Olaryň käsi bilen juda yssy gatnaşardym, häzir
setanda-seýranda bir görüşýäs. Hamala şol döwürki men bilen häzirki men
başga-başga adamlar ýaly. O wagtlar uly oglum uluja agtygymyň ýaşyndady.
Hakykatdanam şeýle üýtgäýdimmikäm? Geň duýgy bilen sahypalary agdaryşdyryp
barşyma gözüm bir ýazgymda eglendi.
“Medeniýet
nämekä? Her kimiň medniýetli bolasy, bolmanda görnesi gelýär. “Sende medeniýet
ýok” diýäýseň, obada ekin-tikinden başga zady bilmeýän oglanam juda gaty görer.
Hakykatdanam medeniýet nämekä? Gelin-gyzlarymyzyň geýýän uzyn köýnegimikä? Ýa
gelinlerimiziň kyrk günjük atynýan şeýle owadan gyzyl kürtesimikä? Gapymyza
eken, indem gyssagly kätmen urmaly kartoşkamyzmyka? Moskwaň mekdeplerinde
okuwçylara kompýuter öwredýärmişler. Kompýuterden başy çykýanlar hakyky
medeniýetlilermikä? Onda biz haçan medeniýetli bolarkak? Okan kitaplarym göz
öňüme gelýär. Dostoýewskiý, Akutagawa… Öten agşam öýde dost oglanlar bilen
oturdyk. Gramplastinkada Woznesenskiniň, Ýewtuşenkonyň goşgularyny diňledik –
özleri okaýar. M. Kozakow Týutçewiň goşgularyny okaýar. Ýa-da medeniýet şumy?
Birden-birden göwnüme medeniýet adamlary belli bir kadada ýaşatmak üçin akylly
adamlaryň oýlap tapan ýasama bir zady ýalam görünýär. Göräýmäge, düşnükli zat ýalam welin, oglanlaň
arasynda gürrüň gozgasamam hiç bir ýüregiňe jüňk bolup duran zat aýtmadylar.
Hatda boýnundaky galstugyny görkezip “Medeniýet şu” diýip gülenlerem boldy.
Menem alasamsyk görünmejek bolup deň gülmeli boldum. Hakykatdan-da meniň bu
soragym alasamsygyň soragy bolmagam mümkin. Niçigem bolsa, medeniýet awtobusda
ýaşululara ýer bermek ýa-da bilmän biriniň aýagyny bassaň “Bagyşlaň” diýmek,
galstuk dakynmak däldir-ä? Göwnüme özümden medeniýetli medeniýetsiz ýasalýan
ýaly. Hakyky medeniýet wyždany mydama oýaryp durýan bir zat bolmaly ýaly. ”
Bu ýazgymy okap
pikire gidenimi duýman galdym. Surat görmek niýetimem unutdym. Dostoýewskini,
Akutagawany ürç edip okaýardym. Şemiň ýagtysyna Bethoweniň “Aý sonatasyny”
diňleýşimizem ýadyma düşýär. Emma meni hopukdyran zat medeniýete ýasama bir zat
ýaly garaýşym boldy. Şol döwürler medeniýetiň nämedigini bilmeýän ýeke mendimmikäm?
“Asyl ony bilmek nämä gerek? Olar boş, biderek zatlar. Medeniýeti iýip bolanok,
satyp bolanok, geýip bolanok. Onsoň ony bildiň-bilmediň tapawudy näme?” diýen
düşünje gaty ýoň bolan düşünje ýaly bolup dur. Gökje depderçämden kimdir biri:
“Bethoweni diňleseň, makalalaryň, hekaýalaryň gazet-žurnallarda çap edilip
dursa, eliň portfelli, boýnuň galstukly işe gidip-gelip dursaň, sakgalyňy syryp
bolanyňdan soň ýörite ýag çalmany bilýän bolsaň – mundan aňyrda nähili
medeniýet bolup biler?!” diýip duran ýaly.
Gurbannazar Ezizowyň “Serpaý” kitabynyň ölenden soň çykarylmagy, öz
döwründe Janna Smelýanskaýanyň Magtymguly baýragyna mynasyp bolup, Nury
Halmämmede berilmezligi şonuň üçindimikä? Halk medeniýetiň nämedigini bilmese,
şeýle bolmazmy, ýogsa?!
Depderçämi ýapdym. Başarsam, şol
döwürki, nirä barýanyny bilmeýän ýaşlygymy hem ýapardym. Emma ony ýapyp
bolmaýar. Oňa diňe düşünüp bolýar. O-da üstünden 25 ýyl geçen depderçäň öňüňden
çyksa. Hernä toýa diýip giden çagalarym geläýdi. Olar meniň öňümdäki albomlara
işdämen ýapyşdylar. Öýeräýmeli oglum “Kaka şu men-maý?” diýip ýylgyrýar.
Çagalar bilen gyzygyp surat gördük, depderçäm bir gyra düşdi. Ol hiç kimiň
gözüne ilenokdy. Menem başarsam oňa seretmejek bolýardym…
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.