Äýnek, aýna, çüý hem açar…
Halamaýan zadym
işden ýadaw geleňsoň nahar-çaý içip, ýassyga ýaplanyp, uzanyp, içiňi hümledip,
dynç almagyň ýerine öýüň bolgusyz ownuk-uşak işine dümtünmek. Ýöne etjek alajyň
ýok, gyşyň başynda üç-dort gün bäri bizar eden, “diňmejekmikä?” diýdirýän sowuk
ýagyşdan beter iňirdi başlamanka penjiräniň döwlen aýnasyny salmaly. Üstesine
bir bölek aýna tapsaň, aýna kesilýän ýokdur, onam goňşulardan gidip getirerler
welin, ownuk çüý tapylmaz. Öňki köne çüýlerem poslap, döwlüşip ýatandyr, gopup
gaçanam ýere siňip gidendir. Çüýem başga bir goňşudan diläp alyp geldiler. “Şu
ownuk-uşak zatlary, alyp goýaýmaly welin, jygyldyga barylsa-da bahymrak
gaýdanyňy kem göreňok” diýip, içimi gepledip, döwlen aýnany salmaga başladym.
Heniz garaňkam düşenok welin, gözüm çüýüň kellesini görmejek bolýardy. Şol wagt
birden ýadyma düşdi – işim hat-petek bolansoň, işde dakynar ýaly äýnek alypdym
ahyryn. Bäh, gözüm nurlanan ýaly bolaýdy. Çüýüň kellesi dagy ýaşululaň çilkme
telpeginden kiçi däl. “Aý, indi aýnany bahym salaryn” diýip, ýaňy bir üç çüý kakdym
welin, arkamdan sesi geldi: “Arma, how!”. Gaňrylyp seretsem dost oglanlaň biri,
ýylgyryp äýnegimi gutlaýar, “gelşip dur” diýýär. Hä, oglanlaryň biri şu gün
elli ýaş toýuny edýärdi, meň ýadyma-da düşenok. Aýnaň çüýlerini doly kakyp
bilmedim. “Howlukma, kakaýynam” diýip bilemok. Dogrusy, diýesimem gelenok. “Aý,
gelip kakaryn-da, dagy bolmasa ertir. Edil häzir-ä aýna gaçmaz” diýip, derrew
ýuwnup, geýindim. Äýnek dakynanymda, ownuk çüýlere çyra tutulan ýaly bolşuna
henizem haýran galyp barýardym. Ýaş toýy hem bolsa adam köp ýygnanypdyr. Hernä
bizi çola jaýa geçirdiler. Saklanyp bilmedim, äýnek dakynyşymy ýoldaşlaryma
aýtdym. Garaz, gülmäge bahana edinen tapyldy, “Aý, äýnek dakynyp ugran bolsaň,
gözüň ýyl-ýyldan küteler” diýen boldy, hamala, mundan öň ýyl-ýyldan ýitelen
ýaly. Emma oglanlaň biriniň “Gözüň öwrenşip, aýyl-saýyl görýärmikäm diýip ýören
ähli zatlaryňa-da birden äýnek dakynan ýaly seredip bolsady” diýmesine birhili
boldum. Häzir şol pursady ýatlap, ýylgyranymy duýman galýan. “Birhili” sözüniň
ýerine “Aňym äýnek dakynan ýaly boldy” diýip, ýaňsy bilenräk ýazasym gelýär.
Ýogsa elli ýaş toýumy etmesemem şol ýaşa nädip ýetenimi bilmedik halyma äňymyň
äýnege mätäçligi gözümiňkiden pes däldir. Onda-da akyl, aň aňyrrakda-da. Garaz,
adaty oturylyşyk, degişmeler, gaty-gaty gülmek we şoňa meňzeşler bilen
ep-eslije oturdyk. Meniň aklymdan welin, dostumyň aýdanlary gitmedi.
Aslynda, aňymza, düşünjämize
maglumat berýän zat göz bilen gulak. Gözümiziň aňymyza täsiri çensiz. Bu bilip
ýören zadymyz, ýöne gözümize aňymyzyň täsiri hakynda oýlanyp görüpmidiňiz. Şol
bir adam dürli ýagdaýlarda gözüňe başga-başga bolup görünýär. Kä halat, mysal
üçin, bergiň bar bolsa ony görmejek bolýaň, görnesiň gelenok, hatda ýer
ýarylanok, sen gireňok. Ýogsa sähelçe ýyl öň hem şol adamyň bitiren işlerini
görüp, “Onuň bilen oturyşyp bolaýsady” diýýärdiň. Ýa-da dünýe şol bir ýeke-täk
dünýe ýöne ol her kim üçin birhili. “Şükür bagşy” kinofilmindäki Mämmetýar han
aýtmyşlaýyn, “Dünýede näçe adam bar bolsa, şonça-da filosofiýa bar.” Aňymyň bir
ýerinde Artyk Jally wezirine: “Durmuşam bir ýaryşdyr, Ýusup. Bu ýaryşda
adalatsyz bolmakdan heder etmeýän ýeňýändir. Şükür maksadyna ýetmek üçin
adalatsyz bolmakdan çekinenok” diýýär. Şükürem dodaklaryny berk gysyp
“Nätsemkäm? Çalmamy bes edäýsemmikäm?” diýip dutaryny gazaýar.
Meniň pikirlerimi oturanlaryň
biriniň morta sowaly bozdy: “Adam dürli-dürli bolubersin, hemmämiziň esasy
pikirimiz birmeňzeş – çagalarymyzy eklemeli. Ýalanam bolsa aýdyň! Kim nädip
çagasyny ekleýär – bu eýýäm başga gürrüň.” Diýmek, esasy pelsepe hemme kişi
üçin ýeke-täk ýaly. Nesil öndürmek, özüňden soň dowamyňy üpjin etmek –
haýwanu-ynsan, hatda ösümlikleriň hem
baş maksady. Emma garaýyş, nazar ony dürli-dürli, milliardlarça sana
ýetirýär. Gapy bir emma her kim ony öz açary, hiç kimiňkä meňzemeýän açary
bilen açýar. Açarsyz diňe itekläniň bilenem açylmaýar – hökman açaryň bolmaly.
Geň gapy – ömür gapysy. Açaryň demri hem seniň nazaryňdan, garaýşyňdan emele
gelen durmuş ýörelgäň. “Ýörelgäm ýok” diýseň, bu-da bir ýörelge bolýar duruberýär.
Pikirlerime gümra bolamsoň
dostlarymyň biriniň nädip, näme bilen baglanyşykly bu rowaýaty aýdanyny
bilemok.
Baýezit Bestamynyň ýanyna bir nätanyş sopy gelip: “Bestamyny
gözläp geldim” diýse, beýik şyh oňa “Bestamy hem Bestamyny 40 ýyl bäri gözleýär.
Senem gözläber, belki, taparsyň” diýip jogap berýär.
Bu rowaýaty eşidenimden äýnegim
özüme tarap öwrülen ýaly boldy. “Sen dünýäni, onuň baş maksadyny görjek bolýaň,
özüňi bir görýäňmi?” diýen sowal aklyma-da gelmändir.
Giçden soň öýe
dolanyp geldim. Aýnaň ýetmeýän çüýni indiden soň kakasym gelmedi. Berkidilmedik
aýna sähel şemala çalaja şykyrdap ses edýär. Hamala maňa “Başlan işiň näçesini soňky nokadyna çenli ýetirmän
taşladyň?. 99 çüý urup, iň soňkujany urmanyň üçin olar ýuwaş-ýuwaş gowşap
gitdi” diýýän ýaly. Näler turasym gelýär, emma ýarygije tark-tark edip, il
örüzip ýöreýinmi? Belki, bary-ýogy iki çüýdür kakylmadyk, emma bitirip bolanok,
edil ýarpy edip taşlan işlerime dolanyp gelip bolmaýşy ýaly. Ýöne indi äýnek
aldym ahyryn, mümkin indikilerimi bitirerin. Şony başarsamam razy.
Teswirler (2 sany)
Hydyrjan, çekiji ýatdan çykarypsyñ.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Durmuşyň aýnalarynda kakylman galan näçe sanak çüýlerimiz bardyr!