Oýun bilen çyn
Oýun hakynda oýun
edip bilsedim gaty gyzykly bir zat bolardy. Sebäbi çyn hakynda-da çynyň bilen
bir zat aýtmaga çalyşsaň ýa ýürekgysgynç ýa-da düşnüksiz, çylşyrymly bolýar.
Üns berseňiz degişmä salybrak çynyňy aýtsaň garaşanyňdan täsirli bolup çykýar.
Eger bu dünýede oýun bolmadyk bolsady biz çynyň aşagynda gark bolup giderdik.
Oýun täsin närse. Kä halat şeýle bir gaharyň gelip, janyň ýananda ýene oýna
salsaň gaharyň ýatyşyp, janyň ýangyjyna suw dökylen ýaly bolýar durberýär. Emma
meň ol oýun däl-de çagalygymyň oýny hakynda gürüň edsim gelýär. Onuňam sebäbi
henizem özümi çagalygymyň oýnuny dowam edip ýören ýaly duýýaryn.
Çagaka her kim
bir oýna guzygýandyr. Bu beýle bir möhüm zadam däl ýaly, ýöne men çägeden köşk
ýasamagy gowy görýärdim. Kiçijikkäm biziň içerimizde Görogly köp okalardy.
Elden-ele geçip daşy könelip giden kitabymyzda Göroglynyň atly köşküň
üstünden uçup barşynyň hem onuň
çürbaşynaky altyn gupbany ýaý çekip urşynyň suraty bardy. Men şol altyn gupbaly
köşgi yhlas bilen gurardym. Daşynyň galasyna, içiniň köçelerine çenli ýasamaga
çalşardym. Çygly çägä ähli yhlasymy siňdirerdim. Soň… soň garaňky düşüp köşgümi
goýup gitmeli bolýardym. Tomusuň güni, daşarda ýatýardyk. Meniň galam hem uzakda
däldi. Aý-aýdyň gije ak çägeden guran galam kölegeleri, öwüşgünleri bilen täsin
görünýärdi. Köşgümde kä Hünkar patyşa, kä Görogly ýaşaýardy. Köşgüm Hünkar
patyşanyňky bolanda onuň gaharly hem ahmyrly sesi ýaňlanýardy. Göroglynyňky
bolanda welin Sapar kösäniň degişmesine gülüşýän kyrk ýigidiň şadyýan sesi,
Göroglynyň namasy eşdilýärdi. Men galamdan gözümi aýyryp bilmän ýatyşyma uklap
galardym.
Ekzýuperi “Men
çagalygymyň dünýesinden gelýärin” diýýär. Onda, megerem, biziň her birimiz
çagalygymyzyň oýunlaryndan gelýäris. Bu oýun nirede, haçan çyna öwrüldi ýa-da
asla şol oýunlarymyz dowam edip ýörmi – bu sowalyň jogaby mende ýok.
Birden-birden çagalygymyň oýny çyna, bu çyndyr öýdip başagaý bolup ýören
dünýämem oýna-da meňzäberýär. Kähalat
kükregimi howadan doldurmagymy oýun, demimi göýbermegimi çyna meňzedýän.
Bütin ömrüni
kolhoza bagyşlan kakam pahyryň bir beren gürrüňi hiç ýadymdan çykanok. Gyşyň
güni ýary gije kolhozyň suwçusy: “Başlyk, böwet ýykyldy” diýip kakamy turuzýar.
O döwürler käriz suwuna tutuş kolhozyň ekinleri suwarylar eken.. Suwuň bir
damjasy hakykatdan-da gyzyldan gymmatly eken. Kakam barşyna böwediň ýykylan
ýerine özüni urýar. Suwçy bolsa haýdap kakamyň öňüne ýandak, çöp-çalam basyp,
soň gum atmaga başlaýar. Şeýdip olar ýykylan böwedi täzeden basýarlar. Kakamyň
öýe gelip näçe içmege dolansa-da galdyrap ýatyşyny göz öňüme getirýärin. Ýogsa
o döwürler men entek dünýä-de inmän ekenim. Şonda-da edil galamdan Göroglynyň
namasyny eşdişim ýaly ejemiň adyny tutup “Ody güýçlüräk ýak” diýýän kakamyň sesi
gulagyma gelýär.
Kakam pahyr öldi
gitdi. Kolhozlaram dargady. Dargamalydy dargady. Nebsi öňüne düşenler diňe muňa
sebäp boldular. Kakamyň kolhozyndanam edil meniň çägeden galdyran galam ýaly
hiç zat galmady. Onda kakamyň ömrem oýun bilen geçäýdimikä? Hany onda çyn? Men
muny kakamdan dirikä soramandyryn. Ruhy bolsa “Edil beýle-de däldir, oglum”
diýýän ýaly.
Belki meň
galamam, kakamyň kolhozam oýun däldir-de, biziň üçin deňinden geçilen her zat
oýna meňzäp galaýýan bolaýmasyn? Ýa-da ynsan oýun oýnan ýaly edip çyny
döredýärmi? Eger çyny wagtyň dürbüsi bilen gözlesek, ol näçe gözümize
dürtülse-de oýun bolup görner. Okunda aýlanýan Ýer togalagynyň bir çaganyň
pyrlap göberen togolak pökgüsinden tapawudy näme-de? Birinde çägeden salan
galasyna seredip uklap galýan oglanjyk bilen kolhozyna çyndyr öýden pyýadanyň
ýaşandygyndamy? Bu Ýerem bir gün pyrlanmasyny goýar. Şol günem biz onuň üstünde
oýnuň ýok ekendigini bilip galaýjak ýaly.
Sekizinji gatdan
daşaryk seredip durun. Uzakda Garaşsyzlyk binasy hellewläp görünýär. Edil
aşakda bir ýigit bilen gyz aralaryna bäş-alty ädim ýer goýup gürleşip durlar.
Hon-ha biri gyssanmaç haýdap barşyna zol-zol sagadyna seredýär. Oňa garşy bolsa
iki kişi gelýär. Olar ellerini galgadyşyp bir zadyň jedelini edýärler.
Beýleräkde bolsa oglanjyklar aşyk oýnuna gyzypdyrlar…
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Maladis. Erbet däl.