Torgaýguşlar
Öýümden Aşgabat
ýoluna çenli iki kilometr ýaly aralygy köplenç pyýada geçýän. Ýaňy Gün dogup
gelýärkä ekin meýdanyň gyrasy bilen ýöremegiň üýtgeşik bir täsiri bar. Häzir bu
täsiri bu peltek dilim bilen näçe pelteklesem hem sähelçe-de düşündirip
bilmejegimi bilýän. Emma göwnüme muny ýazyp bilsem, dünýede armanym galmajak
ýaly. Eger uly gürlän ýaly görünmejegini bilsem, “Bu haly, täsiri düşündiripmek
meniň baş maksadym” diýerdim. Şeýleräk oýlar bilen barýarkam, çöpüň aşagyndan
mollatorgaý asmana göterildi. Ol ýokaryk
galyp barşyna üýtgeşik saýraýardy.
Ýetginjekkäm şol
döwrüň “Pionerler köşgüne” dutar öwrenmäge gatnardym. Mugallymymyza Bäşim
Lallak diýerdiler. Gowy adamdy. Onuň bize saz öwretjek bolup dik duran ýerinden
eli dutarly “Damp-bara-damp” diýip, poly depip durşy, düýn bolan ýaly, göz
öňümde. Bir gün arakesmede ýoldaşlarymyzyň biri: “Mugallym, “Kepderini”
öwretsene” diýdi. Dym-dyrslyk boldy. Biz hemmämiz Bäşim agaň jogabyna
garaşýardyk. Halypa bir sägindi-de gaharly: “Ilki “Torgaýguşlary” bir öwren”
diýdi. Biz gülüşdik. Gülkümize Bäşim aganyňam gahary ýazyldy. Olam ýylgyrdy.
Soň “Bagtly geljegime barýany” çalmaga başladyk.
Indi görüp otursam, “Kepderini” men
diýen sazandalara-da “Çalyp ber” diýseň, ýaýdanýan eken. O wagtlar welin,
“Kepderini” çalasymyz gelýärdi.
Mollatorgaý bolsa gitdigiçe ýokaryk
dyzaýardy. Bu täsin guşuň Allanyň adyny sanap ýokaryk göterilýärmiş-de,
ýekejesine galanda ýadyna salyp bilmän aşak gaýdýandygy baradaky täsin rowaýat
ýadyma düşdi. Allanyň adynyň ýeke birini tutuş durkuň bilen duýup aýdyp bilseň
ruhuň göterilýänine-hä söz ýok. Häzir biziň öwrenşip giden, hatda kähalat
baryny-ýogunam unudýan zatlarymyz: Allanyň yşygy – Günüň çyzylyp dogup
gelşine-de, guş-gumrularyň senasyna-da, tämiz howa, janyň saglygyna-da göwnüň
açylyp joşasyň, sesiň bolsa-bolmasa aýdyma gygyryberesiň gelýär. Ýogsa bu
Allanyň adynyň, sypatynyň sähelçe, hol owadan kebelegiň adam elinden gelmejek
nagyşly ganatynyň galyňlygyça-da ýok bölejigi ahyryn.
Saklanyp
bilmedim, çola ýanýodadan köneje köwüşli barşyma:
-Asmandaky
torgaýguşlar,
Ýary gör-düň-mi,
gör-düň-mi?-
diýip çalaja
hiňlendim. Sopularyň Allany ýara, ýagny bir gyza deňemeklerini geň görerdim.
“Alla ýara görä beýigräkdir-ä” diýerdim. Emma häzir welin diňe Onuň ynsanyň
ýarydygyny, başga hiç bir zadyň ýary bolup bilmejegini duýdum. Torgaý guş bolsa
nokada öwrülip, ýetişibildiginden “jür-jür” edip saýraýardy. Onuň senasyny
“jür-jür” diýip kiçeldenime utanýan. Ýaňy elliden geçdim. Inşalla, saýrap
bilmesemem saýraýanyň nähili saýraýandygyny beýan etmegi öwrenmäge çalşaryn.
Alla meni bu sözümde ýalançy etmesin.
Ýene-de ruhum
göterlip asmandaky torgaýguşa ýüzlendim. Bu gezek ondan ýarymy däl, hakyky ýary
soraýardym. Bokurdagym doldy, aýdym setirlerini tamamlap bilmedim…
Aşgabat ýolyna
ýetdim. Torgaýam aşaklady. Awtobusa mündüm. Inim tikenekläp gitdi. Garşymda iki
sany lal biri-biri bilen barmaklarynyň yşaraty bilen gürleşýardiler. Dyknyşyk
awtobusda olaryň alkymyna dykylyp durmaly boldum. Ýüzümem, gözümem olardan
sowup bilmeýärdim. Edil jadylanan ýaly olara seredýärdim. Olapyň çalt-çalt
hereket edýän barmaklary torgaýguşuň pysyrdaýan ganatlaryna şeýle bir
meňzeýärdi. Ynsan Allanyň atlaryny sanaýar. Sanaýar… sanaýar… Edil ýanymda ýaly
dostumyň “Mugallym “Kepderini” öwretsene diýýän sesi gulagyma gelýär. Bäşim
Lallak pahyram “Sen entek torgaýguşlary bir öwren” diýýär.
“Kepderi” sazynyň
edil guşuň ganatlarynyň sesini gaýtalan bir ýeri bar. Magtymguly Pyragynyň
hezreti Alyny synamak üçin gelýän kepderidir laçynly poýemasyny bilmeýänimiz
ýokdur. Birdenem saz bölünen ýaly bolýandyr-da dutar ganatlarynyň sesini
owazlandyrýandyr. Soňam bagşy kükrekden çykýan sesi bilen:
“Uçup perwaz
kyldylar
Gitdiler asman
sary”
diýýär. Guş
sypatyndaky perişdeleriň asmana galyp baryşlary bigtyýar göz öňümden geçýär.
Hatda olaryň ganatlarynyň sesem eşidilýär…
Teswirler (2 sany)
Gowy yazylan ceper eserler
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Allañ adalaty barada gürrüñ edeliñmi? Erkin pikirlenmek gerek.