Ýoldan soňky ýodajyk
Ýazyň ahyry ýoluň ýakasynda baldagyndan döwlen güljagaza gözüm düşdi. Bägül, gülälek diýen ýaly belli gülem däl, Çopantelpegem bolsa tanardym, ýönekeýje haşal otlaryň arasynda açylan mawyja reňkli gül. Şonda-da nebsim agyryp gitdi. “Köçede depelenen güle gynandym” diýip, ullakan gussa ýasajak bolamok. “Bäh, mundan-a gowy goşgy ýasap bolardy” diýilýän ýaşdanam geçdim. Ýöne ojagazam Gün şöhlesine açylandyr, baharyň ýakymly şemalyna başyny yrandyr. Käwagt sazyň aşyklary dutary yranyp diňleýändirler ýa-da türk garyndaşlarda ilki gezek gördüm, Alla doga edýän takwa kişiniň tutuş göwresi bilen yranyşyny. Ana, şolar ýaly täsin yranma, ýaýkanma güllerde-de, agaçlarda-da, goňurbaşda-da bardyr. Yranar, ýakanar oturar, ne ýadar, ne-de ýaltanar, ne-de irer. Yranyşlarynda şadyýanlygyň, bagtyň alamatlary bardyr. Olardan “Bagt nämekä?” diýip soraýasyň geler. Soraýaňda-da olar: “Allany ýatlap ýaşamak. Oňa doga edip yranmak” diýäýjekler ýaly. Emma indi ol güljagaz ne ýaýkanar ne öser. Aslynda, tomsam geldi. Indi öňi-soňy ol gül guran götinsümerleriň arasynda solar gider. Gynananyňa-da ýa degýär ýa degenok. Ondan beterräk zatlaram saralyp solýar, sen bolsa gep owadanlap haýsydyr bir adyny bilmeýän gülüň gürrüňini edýäň.
Siziň oýuňyza
ynsan düşendir. Ynsan özüni güle meňzedegen-dä. Meňzemänem duranok – näzik,
owadan, aşyk…
Ýöne ynsan bilen
gülüň arasynda Ýer bilen Gök ýaly tapawut bar eken. Elliden geçenlerem: “Köp
büdredim, kän ýykyldym. Ýöne şükür, oňuşmazça däl” diýer. Ýaňy aýak bitip,
ylgap ugran çaga-da köp ýykylýandyr. Kähalat gatyja-da ýykylar, ýarym-ýaş
aglar. Hiç kim golundan tutup galdyrmasa-da ýene sesini goýup turup gider.
Adamzadyň tebigaty şeýle.
“Emma ýykylmak bar,
awunsaňam turulýar. Başga-da bir eýmenç ýykylmak bar – iň soňky gezek. Ondan
soň turulmaýar…” diýmäň. Sebäbi ölümem adamyň badyny almaýar. Ölüm gutulgysyz.
Gutulgysyzlygy hem onuň çykalgasy. Ölüm ýassygyna başyny goýanam “Ölümden gaçyp
gutulan ýok. Wagty gelse, hemmämizem gitmeli” diýip, ýol gutaransoň hem özüne
inçejik ýodajyk edinýär. Şeýle. Ýöne şol ýodajygam gutarýar. Ölümden soň näme?
Ölümden soň bir
biçäräni Alla dowzaha buýrupdyr. Bende idenekledilip alnyp barylýarka, bir
yzyna gaňrylyp seredenmiş. Ynsanyň müýnüni bilse-de bir naýynjar seretmesi
bardyr. Alla “Bendäm nämä seretdiň?” diýip sorapdyr.
- Men dowzaha gitmäge razy. Ýöne
şonda-da umydym bardy.
- Bendämiň umydy gyrylmasyn, girsin
jennete!
Menem giderin,
bararyn Ýaradanyň huzuryna. Ýaradyşyna laýyk ýaşap bilmänim üçin başymy müýnli
egip duraryn. Şeýtany özüme duşman edinmändigime ökünerin. Soňam… soňam umyt
bilen Oňa serederin. Başga hiç zadym bolmasa-da umytjagazymyň bardygyna çalaja
begenerin. Bu gün bolsa şojagaz umydymy gül goran ýaly gorap, başardygymdan
berjaý etmäge çalyşýan ybadatym bilen suwarýaryn…
Ýok, ynsan köçede
ösüp oturan güljagaza asla meňzänok.
Teswirler (2 sany)
Alayt Begmyrat yurege dushdinle bolgusyz sozlerin bn! Hudaya ynanmayan bolsan ozun un ynananok, ynanyanlara bir bolgusyz picintini atmadarow! Hydyr agam berekella yazyan eserlerinden hekayalryndan oylanmalaryndan okap ganyp bilemok edebiyat bn gyzyklanyan azam bolsa bardyr yok daldir! Galamyzyn ujy mundan beylagem yiti bolsun sizin yazan hekayalarynyzy okap gorip begendim dogrusy, hazirem gowy eserlerin doredilyanine! Gowy yazyjylaryn bary gecen asyr yogalandyrlar diyip yordim! Allaha shukur bar eken! Indiki eserlerinize hem hokman garashyan sabyrsyzlyk bn! Yash okyjynyz Meylis Kakamyrat ogly!
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Mus, mus diýme-de Mustapa diý-de gutar-da, Hydyr! Ýasyña, tejribäñe gelsenok. Ýazgylaryñy edebiýatyñ howlusyna salasyñ gelenok. Hany realist pikirler gutardymy? Edebiýatymyz haçan syýasatyñ we diniñ zäherinden saplanarka? Aýagyñy ýerden üzmeli däl. Sen bizi, ýagny okyjylaryñy nirä çagyrýañ? Setirleriñde tanys ys bar, okap baslanyñdan burnuña haplap urýar-da, erbet ýüregiñi bulaýar. Hormat bilen ýas tankytçyñ begmyratkaka86@rambler.ru