Iki oduň arasynda
Nämüçindir men, köp kişi ýaly, ýeke galamda däl-de, köpçülikde, dürli adamlaryň arasynda oýlananymy duýman galýan. Ýogsa muny etjek bolup azara-da galamok. Gaýta ümsümlikde pikirleriň, ýadyma düşýän wakalaryň köplügi meni belli bir zat hakynda dünýäni unudyp, çynlakaý pikir etmäge maý bermeýär.
Bu gezegem şeýle
boldy. Biriniň öýüne myhmançylyga barmaly boldum. Öý eýesi bize (biz 5-6 kişi)
hormat goýup bilipdir. Giň ýazylan saçagyň üstünde dürli-dümen iýgi-içgiler
goýupdyr. Isleseň arak-şerap, isleseň miwe suwy. Aramyzda şagalaňçy,
degişenimizem bolansoň gep gözläp, gürrüň açjak bolubam derde galmaly däl. Garaz,
hemme zat gül ýaly. Öý eýesiniň biziň gelenimize begenjinem ýüzünden okap
oturmaly. Öý eýesi ýoldaşlarymyzdan bir-iki sanysy bilen bulgur çakyşdyryp
keýpini hasam kökledi. Biz – içmeýänlerem ýüzümizi sortduryşyp oturmamyzsoň,
wagtyň nähili geçeninem bilmändiris. Birden öý eýesi ýassyga gyşaryp ýatan
ýerinden oguljygynyň adyny tutup gygyrdy. Gapydan 4-5 ýaşlyja ýüzi mähirlije
çaga içerik girdi. Gireni bilenem uly adam ýaly “Salowmaleýkim” diýip,
ýeke-ýeke hemmämiz bilen elleşip görşüp çykdy. Soň kakasynyň ýanyna bardy.
Oglunyň hereketlerin guwanç bilen
synlaýan kaka ogluny ýanynda oturtdy-da: “Hany öwrenen töwirleriňden
daýylara okap ber” diýdi. Oglanjyk enaýyja sesi bilen ilki “Alhamy”, soň
“Kulhuallany” okady. Onuň arap dilindäki sesleri çykarjak bolup yhlas edişi
häzirem göz öňümden gidenok. Balkyldap duran dury gözlüje, güne-toza çykmadyk
şäher çagajygynyň näzijek ýüzi çytylyp yhlasynyň aňyrdandygyny aýdyp durdy. Şol
wagt meniň ýadyma owallar bir öýe myhman barsaň, öý eýesiniň çagasyny ýanyna
çagyryp çagalar bagynda öwrenen rusça goşgusyny okatdyryşy düşdi. Emma bu
biygtyýar aklyma gelen meňzetmäni kowasym geldi. Ýogsa gowy zat ahyryn –
manysyz, täsirsiz çaga goşgusynyň ýerini Kur’an süreleri tutupdyr. Şüňa meňzeş
deliller bilen göwnümi götermäge, bagty getiren çaganyň halyna begenmäge
çalyşdym. Öý eýesi bize seredip: “Özümiziň başarmaýanymyzy şulara başartmaga
çalyşýandyrys” diýip ýylgyrdy. Onuň çagasynyň başarjaňlygyna begenişi biziň
çenimiz däldi. Esasy zat hem özüniň başarmadygyny oglunyň başarýandygyna ak
ýürekden begenýärdi. Emma meniň gulagyma çagalar bagyna gatnaýan başga bir
çagajygyň rusça jedirdeýşi gelýärdi. Töweregimdäkilerden nähili gizlänimi
bilemok welin, bu keýpime sogan dograýardy. Başardygyňdan her bir zady oňatlyga
ýormalydygyny bilsemem bu maňa häzir eýgertmeýärdi. Çagalar bagynda ürç edip
öwrenip, soň öýümize gelen myhmanlara begene-begene okap beren goşgularymyzdan
häzir näme galdy? Hiç zat. Oýlanyp otursaň, ýakymly ýatlama-da ýok. Özüňiň
hakykatdanam aldanan çagadygyňy görýäň. Ownuk
zatda-da aldananyňy bilmek, mysal üçin, gök bazaryndan 3 kilo diýip alyp
gelen kartoşkaň öýde çekip görseň 2,5 kilo çyksa nähili agyr degýär. Emma
aldanan çagalygymyzyň biziň ýüregimize, aňymyza salýan agramy has agyr, ýöne
muny kim duýýar, kim kän bir duýubam baranok. Çagalykda aldanmagyň durmuşda
saýlap aljak ýörelgämize gönüden-göni täsiriniň bardygyna sähelçe-de şübhäm
ýok. Onda-da ne täsir.
Oglanjyk bolsa
boýunjagazyny süýndürip inçejik sesi bilen “Allahus-samad” diýýär…
Teswirler (2 sany)
Ýañky teswiri saýtyñyzda çap etmek islemeseñiz, jogabyñyzy "begmyratkaka86@rambler.ru" e-poçtama ugradyp bilersiñiz.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Hydyr, gaty gaharymy getirdiñ. Eýle-de bir beýle bolarmaý?! Sakaldan aýryp murtda goýanyñ näme haýry bar? Bu nä çöññelik? Haçan seni zäherlediler? Hany umumyadamzat gymmatlyklary? Akyl satjak bolsañ hökman dine ýapysmalymy? Indi gel-gel heleýbaz araplaram umumyadamzada görelde bolmalymy? Su ýazgyñy utanman nädip dünýä jemgyýetçiligine hödürlejek, ykrar etdirjek? Meselem Dostoýewskä ýa-da Kerim Gurbannepese? Aýñal, Hydyr! Ýuwan bolma, ownama! Türkmenistanyñ kanunçylygyna görä jemgyýetçilik iýmiti bilen mesgullanmak üçin, ýagny ilata nahar bisirip satmak üçin ýörite lisenziýa alynýar. Siz ýazyjylara-da gerek su. Ýa köpüñ "naharyny" gowja bisirmäni öwren, ýa-da "naharyñy" öz öýüñde oturyp iý.