Döküber gelin...
Rowaýata meňzeş bolansoň anyk aýtmaly bolýan – bu bolan waka. Waka diýsem geňirägem eşdilýär. Gepiň gysgasy, köçäň bir tarapynda iki sany ýaş gelin, garşysynda-da bili bükülen garryja ene ýaşaýar. Başga-da ýaşaýanlar bar welin, olar bolan ýagdaýa degişli bolmansoň, sanap oturmagyň manysy ýok. Ondan gowsy hapa dökülýn bedreler, gaplar hakda aýdaýyn. Hawa, garry ene howlyň hapasyny bir gaba salyp köçäň gyrasyna çykaryp goýýar, gelinlerem. Ýöne olar hapalaryny bi wagt çak çykaryp, garry enäň gabynyň üstüne döküp gaýdýan ekenler. Bir günem gelinleriň biri şeýdip durka garry ene-de bagyň aňyrsynda kükerlip bir zada güýmenip oturan eken. Ene başyny galdyrýar, gelniňem gözi garra düşýär. Nädendir öýdýäňiz? Galmagal turar-da. Haýran galaýmaly – ene galmagal etmeýär-de, «Döküber gelin, özümjik yzyňy ýygnaşdyraryn» diýýä. Gelin bir ýere girmändir. Gaýdybam, gelinler garryň gabyna hapalaryny dökmäni goýupdyrlar.
Ertekä
meňzeýär gerek? Hakykatdygyny anyk bilmesem, menem bu güürrüňi bir dilewaryň
tapan owadan hekaýaty bolaýmagam mümkin diýip ikirjinlenerdim. Ýöne durmuş
diýlen dilewaryňdan, ýazyjyňdan has güýçli, çeper. Onuň wakalary has çuň bolup
çykýar. Onuň düzýän käbir wakalarynyň oýlanyp aňyrsyna çykyp bolanok.
Ene görgüli her gün
kişiň hapasyny ýygnaýa-ýygnaýa bizar bolandyr, başga biriniň äsgermezçiligi
degnasyna degendir, «Elime düşäýseň bolýar» diýip aňtap ýöräýjek ýaly. «Döküber
gelin, özümjik yzyňy ýygnaşdyraryn» diýmek üçin nähili adamkärçilik gerek. Bu
adamkärçilik garryň bilini büken durmuş tejribesi, käýine-käýine paltasy daşa
degensoň gelen netijesimikä? Ýogsa o gelinlere hetdini tanatmak, gaýdyp şeýle
işiň golaýyndan geçmez ýaly töwerege peçan etmek laýygy dälmi? Bihaýaçylyga
garşy göreşilmese, çäresi görülmese onuň hasam bujrugy artmazmy? Biz şu düşünje
bilen janymyzy ýaka-ýaka saçymyzy agardyp ýörüs dälmi? Arada bir içegen
deň-duşymyzy ýatlaşdyk welin, oturanlaň biri «Ogullaryndan janynyň
ýangynjyna-da içýändir» diýdi. Lagnatkerde ogul atasyny arakkeş-ä däl, dälem
eder. «Döküber gelin...» sözleriň aňyrsyndaky agyny, yzany duýmaga çalyşdygyňça
iniň tikenekleýär. Gelinler gaýdyp hapalaryny dökmänmişler. Wah, görgülä şeý
diýdireňsoň, gaýdybyň bolarmy? Gelin it ýylgyrşyny edäge-de «Wi-iý» diýip,
ertesi ýene öňki bolşuna boluberen bolsa nähili bolardy. «Häzirki zaman
gelinlerinden şo-da daş däldir» diýýäniňiz-ä bardyr. Hakykatdanam ene näderdi?
«Bular özlerinden bilb-ä utanjak däller» diýip gazap atyna atlanaýardymyka?
Ýok, megerem ol tä amanadyny tabşyrýança bihaýalaň yzyny arassalap geçerdi,
ýöne ýüzlerine gelmezdi. Sebäbi, hapaň dökülýänini görenden bu işi kimleň
etjegini ene aňandyr. Diňe bir aňmagam däl, bet işiň üstünde tutanda-da ýene
gelinden garry köp utanan bolaýmasa... Çyn haýa hemişe bihaýadan haýa eder.
Adam ata, How ene
Ýere kowlan gününden başlap Ýer togalagy ahyrzamana tarap togalanýar. Ahyrzaman
diýilýänem ynsanyň pisliginiň, bihaýalygynyň, şeriniň, azgynçylygynyň...
ýene-de pesligiň näçe görnüşi bar bolsa ählisiniň çürbaşa çykmagy dälmi näme?
Mundan aňryk tigirlenere halys ýagdaý bolmansoň Ýer okundan sypmaly dälmi?
Ahyrzamanam gutulgysyz. Onsoň bu gutulgysyzlykdan nädip halas bolmaly?
Bilmedim, ol enäniň nä günleri başyndan geçirip, nädip beýle düşünjä ýetip
bilenini, ýöne göwnüme o-da ýokardaky sowallary özüne beren bolaýmasa. Heý, öz
hapasyny eltip goňşusynyň gapysyna, onda-da garryja görgüliň gapysyna dökýän
gelinler ile peçan edeniň, goh-galmagal turuzanyň bilen pälinden gaýdarmy?
Onsoň o görgülä «Olar bilen deň bolmasam bolýar, hapadyr-da süpürseň, ýygnasaň
arassalanar-da» diýäýmekden başga näme alaç galýar? Esasy zat ahyrzamanyň bir
pursatjygam bolsa ir gelmesine şärik bolmazlyk dälmi? Pis näme? Ýaýnabersinmi?
Ýa-da köp zady Allaň boýnuna dakýas, olaram dakaýmalymyka? Ýok, şeri ýaradan
Alla haýram ýaradandyr. Haýyr bilen şer
hemişe köçede aralaryndan gyl geçmez dostlar kimin tirkeşip ýörler. Sen
göreş-göreşme şere şärik bolma. Ine, esasy göreş.
Teswirler (3 sany)
Muňa durmyş diýilýar
Manyly setirler
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Siz meni bagşlaň eger men doňýürek görünsem, ýöne bu hili wakalar sagat saýyn bolup dur. Gelinleriň bu "hereketi" endik bolasy çemeli. Sebäbi men 20 ýyl şolar ýaly goňşularyň, klasdaşlaryň, dostlaryň, işdeşleriň, ýolbaşçylaryň bu endikleriniň şaýady bolup gelýärin. Bu endik öz gözbaşyny ene-atadan alyp gaýdar, maňa ynanaýyň. Meniň ejem mydama zeýrenýärdi, söwüşýärdi goňşy gelinler bilen, hemme zat edip gördi, ýöne netije bolmady. Olar 3 esse beter edýärdiler. Ahyry ejem elini çekdi. Indi ol gelinler garrady, agtyklary ýetişip başlady. Emma olaryň işini öň ogullary, indi agtyklary dowam etdirýärler. Meniň pikirimçe, "arassaçylyk" hem bir Allanyň beren baýlygy. Baýlygyňy welin, il-halka görkezmeli däl. Adam ilki gidişýär, senden galmajak bolup. Eger onuňky başa barmasa, başarany ýigrenýär,öjükýär. Men "Ilden çykma" diýleniň manysyna indi düşündim.