Öwgi, şöhrat hem biz | Eserler | Hydyr Amangeldi

Öwgi, şöhrat hem biz

Esseler | 12 teswir | 2562 okalan

„Ýene-de öwgümi? Öwgüden ýadadyk“ diýme, dost. Hiç kimi öwmek maksadym ýok, diňe öwgi hakynda oýlanasym, onuň manysyna düşünesim geldi-de...

Hawa, menem owal «Öwgüdir-dä onuň nämesine düşünjek?» diýip pikir edýärdim. Ýöne soňky wagtlar öwgi, şöhrat, şöhratparazlyk meni köp pikire batyrýar, eýgilige bolsun-da hernä. Biziň hemmämiz  (bolmanda meniň tanaýanlarym) öwgüni halamyzok, şöhratparazlygy ýigrenýäris. Dostum, şeýle gerek? Emma... bizde bir gylyk bar: - biriniň ýazan zadyny okamazdan öňürrti ony ýazanyň kimdigine seredýäris. Şeýdäýmeseň boljagam däl, dünýe-de ýazyjy-şahyr kän, kitab-a ondanam köp. Öňüňden çykany okap bolanok. Ýitiren wagtyňam jähennem, kä wagt şeýle bir «eserleri» okaýaň welin, dost, ýazyjy, şahyr diýlen millete garaýşyň üýtgäberýä. Gowy eser okanyňda-da ýazan adama hormatyň bilen birlikde, umuman ýazyjylygyň, şahyrlygyň mertebesi göz öňüňde ýokary galýandyr-a. Ana, şoň ters ýüzi bolup geçýär. Onsoň isleseň-islemeseň ýazanyň kimdigine seretmeli bolýar. Tanalýan biriniň ýazan zady bolsa derrew, işdämen okap başlaýaň. Ýazyjy meşhur bolsa, eserine düşünse-düşünmese öwýänlere-de duşulýar. Bolmanda «halamadym» diýmän, «düşünmedim» diýýäň. Mysal üçin, biz „Pablo Pikasso ýa-da Salwador Dali ýaramaz suratkeş“ diýip bilmeris. Ýogsa, dost, olaryň eserleriniň näçerägine düşünýärkäk? Bularyň hemmesini etdirýänem ilki öwgi, öwginiň yzy bilenem gelýän şöhrat dälmi? Ýöne Pikasso şöhratyň hasabyna meşhur däl, elbetde. Diňe onuň şöhraty özüne düşünmeýänlerem baş egdirýär. Onda öwgi, şöhrat gowy zatmy? Göwnüme, kimdir biri: „Erbet zat bolsa oňa ýetjek bolup derde-azara galynyp, hatda kä kişi bihaýalykdanam çekinmän ýörmezdi“ diýýär. Bu elmydama meni akylly-başly oýlanyp, meseläň düýp maňzyna ýetmäge goýmaýan gaharym. Gel, gyzmalygy bir gyra goýaly, dost.

Bir döwürler, heniz ýigrimi bäşem ýaşamadyk ýyllarymyz, biz ýaňy hekaýa, goşgy ýazmaga başlan dost oglanlar bolup, her hepde oturyşyp, biri-birimiziň ýazan zatlarymyzy okaşardyk. Näme gözüň köküni gyryp, beýniň ýülügini döküp, uzak gijäňi ukusyz geçirip ýazan zadyňy başga biri kötekläp dursa ýaraýarmy? Öwüleniňi isleýäň, emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly, ... içinden monjuk gözleýädik. Başga birini gowja ýepbekläp öz sowatlylygymyzy, ýiti zehinimizi, talantymyzy görkezmäge çalyşýardyk. Kimdigi anyk ýadyma düşenok, özüm tapanam bolsam, garaz, „Tankytdan peýda ýok, ol ruhybelenligiňi öçürýär, höwesiňi gaçyrýar, geliň biri-birimizi diňe öweliň“ diýen karara geldik. Biz şo wagtlar bäş-alty dagy-ha bardyk, bu pikir hemmämize-de kem ýaramady. Sebäbi biziň joşup-joşup ýazasymyz gelýärdi. Öwgüden beter joşdurýan zat barmy?! Bir salym «öwh-ä öwe» başladyk. Öwere zadam tapýardyk, ýöne bir gezek, (ýene-de mendim öýdýän) bir hekaýa ýazdym. Aramyzda gödekden, gönüsini aýdýan birimizem bardy, o neresse ýaş ýogaldy, hekaýaň golýazmasyny öňe oklap goýberdi-de «Biderek, aýal gybaty ýaly» diýip goýberdi. Aramyzda bir dym-dyrslyk boldy. Birdenem barymyz pakyrda berdik. Şeýdibem «öwmeşek» gutardy. Gutarmalydam. Ýalanyňam ömri uzyndyr welin, çynyň ömrem ondan uzyn bolmasa gysga däldir. Olar ekizler ýaly biri-birine meňzeş bolmasalaram, mydama bile gezýäler. Emel edip olary aýrylyşdyrjak bolsaňam ýaňky biziň bolşumyz ýaly gülkünç ýagdaýa düşýäň. Birazajyk pikirim şaha ýarjak boldy, bagyşla, dost, esasy meselä – öwgi bilen şöhrata dolanyp geleli.

Ýadyma düşýär, bäş ýaşlarymdadym. Ejem, gelnejem, doganlarym dagymyz köplük bolup bir tabakdan palaw iýip otyrdyk. Şonda ejem goňşularymyzyň meň bilen deň-duş oglunyň adyny tutup: «Pylany palawy penjesini dolduryp iýýär. Meň oglum barmagynyň ujy bilen iýýär» diýdi-de maňa söýünç bilen seredip ýylgyrdy. Hiç ýadymdan çykanok, ýogsa ondan bäri elli ýyl geçeňkirläpdir, emma ejemiň meni öwmesi beýle-de dursun, şol pursat nahar iýen tabagymyzyň reňkine çenli ýadyma düşýär, Hytaýyň gülli mejmesidi. Öwgi şeýle zat. Onuň tagamyna, lezzetine taý geljek zat bir barmyka? Şondan soň, mydama, başarsam özümi keseden synlamaga çalyşdym. Egin-eşigim, nahar iýişim, dilime alýan sözlerim, garaz ähli hereketimi elekden geçirjek boldum.

Bir ýerden okapdym ýerine salyp, laýyklap öwüp bilseň, öwlen adamyň beýnisi iň azyndan üç sekuntlap doňýarmyş. Öwgiň ýylanyň jadysy ýaly zatdygynam, şöhratparazlygyň adamy gözli kör edýäninem köp görensiň, dostuum. Nähili beýle bolýar? Onda bu meseläň çözgüdi ýokmy? Meni oba alyp barýan ulagyň magnitofonyndan eşdilýän aýdym hasam pikirimi jemlemäge päsgel berýär:

«Toý, toý, toý,

Sen gamlanma, goý,

Gülüp-oýnalyň

Oý, oý, oý.»

Aýdymyň bu sözleri beýnimi iýip barýar. Şol aýdymyňy öçüräýem diýip bolanok, ulagyň içinde menden başga-da 10-12 adam bar. Belki, olaryň hiç birem bu ýüwel heňi höwes bilen diňleýän däldir, şonda-da maňa galyply sokjaran bolmak. Ýarpy ýolda-da düşüp galýan.

Dost, nähili pikir edýäň, belki öwgini, şöhraty özüň ýörite gözlemeseň bolýandyram. Iliň özi seni öwse, mysal üçin Mylly Täçmyrat, Alty Garly ýaly bolsaň, öwülseň zyýanam ýokdur, belki? Senden soranam bolýan welin, birhili böwrümi diňleýän. Sebäbi özüň suw meýilli bolsaň, oňaryp öwjek ýaranjaň, tamakin tapylar. Senem oňa ynansaň...

Alla janlarym, men-ä kelebimiň ujuny ýitirdim. Dostum, senden syrymy gizlemäýin, eger öwgüni, şöhraty hakykatdanam halamaýan, ýigrenýän bolsam munça gep otaryp oturmazdym. „Bu häsiýet diňe sende däl, köp kişide, gaty köp kişide bar“ diýip, öz-özümi köşeşdirjegem bolýan, käwagt köşeşýänem, ýöne ýene goltugymda ýylan göterip ýören ýaly howsala düşýän. Görşüň ýaly, çykalga-da tapamok. Aglaýyn, güleýin, ýigreneýin, söýeýin – göwnüm rahatlananok.

Ulagdan düşdüm, aýdymam gitdi, toýam. Indi pyýadalap bäş-on minut ýöresem öýe ýetýän, öýe ýetsem, inşalla ünsüm sowlar, belki suw grandymyz döwlendir ýa-da et gutarandyr...

Öýe golaýladymam welin, azan sesi eşdildi. Ikindi namazyna ýetişdim. Dostum, indi yzyny uzaltmaýyn, ýöne Kur'anyň birinji suresinde, bismilladan soň ilkinji setir „Elhamdülillähi Rebbil älemin“ ýagny älemleriň Rebbine hamd bolsun. Arapçada „hamd“ sözi öwgi, şükür, şöhrat ýaly manylary berýär. Men „Hawa, dogry, diňe Allah öwgä mynasyp, ýöne senem Allahyň öwgüsine mynasyp bolaýsaň...“ diýip pikir edenimi duýman galdym. Şobada-da „öwgi“, „şöhrat“ diýilen zatlar başga mana, has gymmatly zada öwrüldi. Men beýle ýönekeý çözgüde garaşmaýardym, emma dostum, bu beýle ýönekeýem däl ýaly-la. Allahyň öwgüsini gazanjak bolup ýaşamak islegiň bolýa, ýöne hany adamlaň öwgüsini inkär edip ýaşajak, işlejek bolup gör, dost. Ýeňil-ä düşmez, üstünlik arzuw edýän, özüme-de, saňa-da, dostum, eziz okyjym.

Teswirler (12 sany)

begmyrat:
06 Awgust, 2013

Hydyr aga, ýene men. Meni halamaýandygyñyzy bilýänem welin, sonda-da aýdaýyn:

Dost sözüni köp ulanmagyñyz ýazgyñyzy ýuwan edipdir. Dost sözüni köp ulanmaly däl, gadyry gaçýar. Çyn dostuñ ýüzüne dost diýip ýüzlenmek bolanok! Çyn dostlukda öwgüli sözler ýa-da dostlugy añladýan islendik söz artykmaçdyr! Dostumyñ meni öwmäñ ýerine döwmesi- meniñ üçin iñ uly öwgidir!

Begmyrat :
29 Awgust, 2013

"...grandymyz döwlendir, et gutarandyr..." diylen yerini haladym.

begmyrat:
06 Sentýabr, 2013

Yene bir Begmyrat bamaý?

Hoshgeldi:
19 Fewral, 2014

Gowy sayt eken tuweleme yone shu halan yazgylarym diylen bukjada doredilende gowy boljak eken.

Şirmyrat Akmyradow:
22 Oktýabr, 2014

Hydyr aga! Gaty öwgä mynasyp makala ekeni. Şular ýaly öwgüni halamaýan eserleri öwerin. Sebäbi dostlarça ýazylan eser boldugy bolýar. Munuň hem sebäbi bu bir ruhy kesel. Belki hem tekepbirligiň netijesi, tekepbir adamyň aşy, suwy, nanydyr. Dost ýüzüňe diýipdirler. Bu meselani, adam gaýta-gaýta özüne ýatladyp durmaga mätaç.Aspirin ýaly makala ekeni.

Şirmyrat Akmyradow:
22 Oktýabr, 2014

Ýokarydaky begmyrat dostymyzyň tankydyny tankytlasym gelýär.
Ýagny makalany özümiziň belli galybymyza saljak bolman, eýsem ýazyjynyň nukdaýy nazaryndan garap göreli: Ýazyjy okuýjy bilen aradaky boluyp biljek ýaş tapawydynam göz öňünde tutman eýsem maksadyny päsgelçiliksiz ýetirmek üçin tebigy, dostlarça, ýonekeý sohbetdeşlik atmosferasynda, makala mährini siňdirip ýazypdyr diýsek öte geçdigigimiz bolmazmyka diýýan.

Mayagozel:
13 Noýabr, 2014

Dogrudanam bu hakda pikir edip görmeli, pikirlenmåge gowy

Altyn:
07 Iýul, 2015

Dogrusyny aýtsam, Hydyr aga öwgüni wasp edişiňiz örän süýji. Ýöne oňa bagly bolmaly däl. Soňra süýji kesele ýazmagy gaty ahmal. Adamlardan öwgi eştmegi özüňe maksat goýmaly däl. Öňki zamanyň alymlaryny döwürdeşleri kemakyl hasaplapdyrlar. Ýöne olaryň öwgüsine başgaça garasaň, öwgüniň esasy roly (meniň çaklaýşyma görä) öwýäniň gözýetimene baha bermeklik bolup durýar. Mysal üçin, aýal maşgalanyň gap-çanak ýuwup bilýänligi hiç kimi geň galdyranok.Diýmek, öwere zat ýok. Eger iki matematik bir formulany ikisi-de çözüp bilýän bolsa, olar üçin biri-biriniň arasynda tapawut ýok. Gepiň gysga ýeri, halkyň aňy näçe deň össe, şonça-da öwgüniň süýji lezzeti gaçar. Ýöne halkyň deň şertlerde ýaşamaýanlygy sebäpli bu lezzetiň keýpi uzak wagta çeker.

Maksat:
12 Iýun, 2017

Hydyr aga,aýtjak zadyňyz tüýs ýerine düşüpdir.Siz heniz gozgalmadyk meseläni kebşirläp,edebiýat ylmyna goşupsyňyz.Eger elimde bolan bolsa siziň bu açyşyňyz üçin Nobel baýragyny bererdim. Dogurdanam öwgi ynsanlary näçe arşa göterdigiçe onuň ruhy dünýäsini,ahlak düşünjesini meçew beriji şemal ýaly guma garýar.Siziň mahal-mahal dost diýip durmagyňyz hem ýerine düşüpdir.Sebäbi dünýä alymlary adamlaryň ünsini haýsyda bolsa bir pelsepe pikirine baglamak üçin onuň adyny köp gaýtalamaly diýip nygtaýarlar.Goý siziň ýiti galamyňyzyň ujyndan ajaýyp eserler döresin.Şu teswirime öwgidir öýdüp göwnüňize alaýmaň,çünki ol öwgi däl-de size goýulýan hormatyň bir nyşany bolan-alkyş.

Lacyn:
27 Iýun, 2017

Oran oran gowy yazyanyz agam doredijiliginize hayran!

Ýowuz:
20 Fewral, 2018

[b]ÖWMEK [/b]/ [i]Diliñ apatlary[/i]



Käbir ýerlerde öwgi gadagan edilendir. Ýamanlamak bolsa gybat we başgalarynyň garşysyna gürlemekdir. Biz onuň hökümlerini öňki baplarymyzda aýdypdyk. Öwmekde alty apat bardyr. Dördüsi öwende, ikisi öwilendedir.

[b] Öwýän kişidäki apatlar: [/b]

[b] Birinjisi: [/b] Käte hetden aşar we hetden aşalyk ony ýalana elter. Halit ben Mikdad şeýle diýipdir: “Kim-de kim soltany ýa bolmasa haýsydyr bir adamy, ondaky ýok sypatlar bilen, adamlaryň ýanynda öwse, Allatagala kyýamat güninde, o:tdan dilini daglap azap berer!”


[b] Ikinjisi: [/b] käte öýän kişi sözlerini yrýa eder. Çünki öwýän kişi, öwgisi bilen tarapa bolan söýgüsini görkezer. Aslynda kalbynda söýgi ýokdur we gürleýän zatlaryna ynanmaýar. Bu tarapdan alanyňda, aýdýan zatlary hem ryýakär hem mynapyk bolar.


[b] Üçinjisi: [/b] öwiji, arasynda ýok zatlary hem aýdar. Has hem şol aýdýan zatlaryndan habary hem bolman gürlär. Şeýle rowaýat edilýär: Bir kişi, Pygamberimiziň ýanynda başga bir dostyny öwdi. Pygamberimiz şeýle diýdi:

“Sen dostuňuň boýnyny gopardyň. Eger dostuň bu diýenleriňi eşiden bolsady, hiç haçan ygtybarly bolmazdy! Eger biriňiz, birini öwmeli bolsaňyz, bolmanda: “Men pylanyny şeýle adam hökmünde tanaýaryn we Allatagalanyň ýanynda hiç kimi päkize edip goýmaýaryn, çünki Allatagala onuň ähli hereketlerini görýär we bilýär. Eger ol şeýle bolsa görýändir”—diýsin. Bu apat düýpli zatlar bilen öwmekden geler. Ol wasplar diňe deliller bilen biliner. Adam: “Ol takwadyr”, “Haka ýakyndyr!”, “Haýyrlydyr” we şuňa meňzeş öwmek ýaly... Emma öwýän: “Men ony gije namaz okaýarka gördüm. Sadaka berýärkä, haja barýarka gördüm”—diýip, takyk bir zat aýtsa zeleli ýokdur.

Kişiniň “Ol adyldyr, adalatlydyr”—diýmegi hem nädogrydyr. Sebäbi, adyllyk, adalatlylyk her kimiň içinde gizlengidir. Şonuň üçin bu hili zatlarda anyk bir zat aýtmak ýalňyş bolar.
Hezreti Omar, bir adamyny öwen birini diňledi. We: “Sen onuň bilen ýoldaş bolup gördüňmi?!”—diýdi. Öwen: “Ýok!”—diýdi. Omar: “Sen oň bilen söwda edip gördüňmi?!”—diýdi. Öwen: “Ýok!”—diýdi. Omar: “Sen oň goňşusymy!”—diýdi. Öwen: “Ýok!”—diýdi. Hezreti Omar: “özinden başga gudratly bolmadyk Allanyň adyndan ant içýän, sen ol adamyny tanamaýarsyň!”—diýdi.


[b]Dördünjisi: [/b] Öwülen adam zalym ýa pasyk bolsa-da, öwilmekden ýaňa käte söýüler. Ýöne beýli söýgä ýer bermek dogry däldir. Pygamberimiz şeýle diýipdir: “Pasyk bir kişi öwülende Allatagala gaharlanar”

Hasan Basry şeýle diýipdir: “Kim-de kim uzak ýaşamagy üçin zalyma doga etse, Allatagala garşy çykanlardan bolar!”


Pasyk bir zalymyň gaharlanmygy üçin garşy çykmak, begenmesin diýip, ony öwmezlik iň gowy hereketdir.


[b]Öwülen kişidäki apatlar [/b]


Öwgi adama iki tarapdan zyýan berer:


[b]Birinjisi:[/b] Öwgi onda buýsanç we men-menlik döreder. Aşa buýsanç we men-menlik bolsa heläk ediji närselerdir. Hasan Basry şeýle gürrüň berýär: “Hezreti Omar sahabalaryň ýanynda eli gamçyly otyrdy. Şol wagt Jarit bin Münzir geldi. Oturanlaryň biri Hezreti Omara garap: “Bu gelen Rabia kabylasynyň öňbaşçysydyr”—diýdi. Hezreti Omaram, oturanlaram, gelen Jaritem bu sözi eşitdi. Jarit Hezreti Omaryň ýanyna gelende, Hezreti Omar ony gamçylap başlady. Şonda Jarit: “Eý, mömünleriň emiri meniň bilen algy-bergiň barmydy?!”—diýdi. Omar: “Seniň bilen aramyzda hiç hili algy-bergi bolmady. Ýöne bu aýdylan sözleri eşitmediňmi?!”—diýende Jarit: “Eşitdim eý, mömünleriň emiri”—diýdi. Hezreti Omar: “Ynha şonuň üçin seni men-menlige, buýsanmaga elitmejek bolup, seni peseltjek hereket etmäge mejbur boldum.”—diýdi.


[b]Ikinjisi: [/b]Öwüleni haýyr bilen öwselerem, bu öwmege monça bolar, haýyrly taraplardan gowşap, nebsinden razy bolar. Nebisinden razy bolan, kim bolsa bolsun öňkiliginden gowşar. Nebsiniň neneňdigini bilýän kişi bolsa, bar güýji bilen oňa garşy göreşer. Emma diller, adam üçin öwgüli sözleri aýdyberse, adam menziline barandyryn öýder(büs-bütin gowşar!) Bu meselä degişli pygamberimiz(S.A.W) şeýle diýipdir:

Eger dostuň bu öwenleriňi eşden bolsady, sen onuň damagyny çaldygyň bolardy. Birini öz ýüzine öweniňde sen onuň bogazyndan ýitiliginden ýaňa parlap duran pyçagy geçiren ýaly bolarsyň.

Başga birini öwen kişä-de şeýle diýipdir: “Alla seni kessin.Sen ony kesdiň!”

Mutarraf şeýle diýýär: “Men özimi öwenlerinde, hökman maňa nebsim har-zelil görindi.”

Zyýad ibn Ebu Muslim şeýle diýipdir: “Öwmek—kesmek diýmekdir. Haýsydyr bir kişi özi hakda öwgi eşidende şeýtan oňa görüner. Emma musulman kişi derrew ýatlap, özini ele alar.”

Ibn Mübärek şeýle diýipdir: “Ady agzalan iki kişem gaty dogry aýdypdyr. Zyýadyň sözi hakynda aýtsam, onuň agzan kalp, halkyň kalbydyr. Muterrefiň aýdany hakda aýtsam, onuň aýdýan kalby gowy kalpdyr.”


Pygamberimiz şeýle diýipdir:

Bir adamyň, başga bir adamyny ýüzine öweninden, ýiti pyçak bilen topulany gowudyr.

Hezreti Omar şeýle diýipdir: “Öwmek, pyçaklamak diýmekdir” Munuň manysy şeýledir: Çünki pyçaklanan biriniň işleýşi gowşar we işlemez ýaly derejä geler. Bir adam öwlen wagtynda ýa gowşar, ýa-da tekepbirlige meýl eder.

Tekepbirlik we aşa buýsanjam, heläk ediji närselerdendir. Şonuň üçinem Hezreti Omar öwmekligi, pyçaklamaga meňzedipdir. Eger öwgi, öwen bilen öwilen bu apatlardan uzak bolsa öwginiň zyýany ýokdur. Hatda bu ýagdaýlarda öwmek gowy bolar we Pygamberimiz sahabalaty öwüp şeýle diýipdir:

Eger Ebu Bekiriň imany, şu wagta çenli gelip-geçen adamlaryň hem pygamberleriň imany bilen terezä goýulsa, hökman Ebu Bekiriňki agyr bolar.

Hezret Omar hakda-da şeýle diýipdir:

Eger men pygamber edilip iberilmesedim, Omar pygamber edilip iberilerdi.

Eýsem, şulardan beýik öwgi barmy?!

Emma Pygamberimiz bu öwgini sadyklyklarna we imanlarynyň güýçlidiklerine seredip aýdypdyr. Sahabalaram öwgi sebäpli gowşamakdan, men- menlikden uzakdaky beýik adamlardyr. Hatda biriniň özini öwmesi-de içinde men-menlik bolany üçin elhençdir. Pygamberimiz şeýle diýipdir:

Men adamogullarynyň halypasy we bu sözde öwünmek ýokdur!

Ýagny: Men bu sözi aýtmak bilen, adamlaryň özini öwişi ýaly, bir öwgini maksat edinmeýärin— diýmek isläpdir.

Munuň hikmeti şudur: Çünki Pygamberimiz Allatagala ýakynlygy bilen öwinýärdi. Adamyň nesillerinde üstinligi üçin däl. Mysal üçin, patyşanyň ýanynda beýik söýgi bilen kabul edilen biriniň, patyşanyň käbir hyzmatçylaryndan has öňde we söýülýän bolmagyndan däl, nygmat bilen begenişi ýaly. Bu aýdyp beren zatlarymyzdan, öwmegiň apaty hem gowlugy, ýasamalykdan saplanmagyny tapawutlandyryp bilersiň.


Enes şeýle gürriň berýär: Sahabalaryň ýanyndan bir jenaza geçdi. Ony öwdiler. Pygamberimizem: “Wajyp boldy!”—diýdi. Biraz wagt soň, başga bir jenaza geçdi, ony erbetlikde aýypladylar. Pygamberimiz: “Wajyp boldy!”—diýdi. Sahabalar: “Bu nähili bolýa, ikisine-de Wajyp boldy, diýdiňiz!”—diýdiler. Pygamberimiz: “Öwen kişiňize jennet, ýamanlanyňyza jähennem wajyp boldy. Çünki siz, Allatagalanyň ýer ýüzindäki şaýatlarysyňyz.”—diýip, bu sözi üç gezek gaýtalady.

Müjähid şeýle diýýär: “Adam ogullary üçin perişdelerden ýoldaşlar bardyr. Olaryň mejlisinde oturarlar. Musulman adam, musulman doganyny haýyr bilen ýatlan wagtynda, perişdeler: “Saňa-da şuňa meňzeş bolsun”—diýip doga ederler. Ony ýamanlyk bilen ýatlanyn-da bolsa: “Eý, aýby ýapyk bolan Adamogly! Nebsiňe aňsatlyk ber! Seniň aýbyňy örten Allatagala şükürde we senada bol!”—diýerler ”


Ynha bular öwmegiň apatlarydyr.


YMAM MUHAMMET GAZALY "Diliñ apatlary" —atly eserinden.
Terjime eden: © Nureddin KESEARKAÇLY

Ayjemal Gurbanova:
26 Maý, 2018

2017-iň tomsunda "Suhangöýlük ussatlygy" atly kursa gatnapdym. Şonda orta çykyp çykyş etmeli gezegini hemmeler dadyp görmelidi, isle aljyraňly ýagdaýda, isle dogumly.

Şonda mugallymymyzyň ilkinji ündew-wesýet beren zady "Alyp baryjynyň kemter ýerinden däl-de, gaýduwsyz eden ýerlerini öwmek bilen başlaň. Şonda negatiw tarapyny aýdayňyzda-da, ýaňky ýagşy jümleler şerebä suw guýlan ýaly görüner. Öwüň, Öwmänem başaryň. Ýöne ýerlikli öwüň, şonda dostuňyz duşmanyňyzdan has üstün çykar" diýerdi.

Meneňem ýkeje eden zadym başymy makullap diňlemegimdi. Miwesinem görýän dogrymy aýtsam-a :)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.