Guş (gysgajyk hekaýa) | Eserler | Hydyr Amangeldi

Guş (gysgajyk hekaýa)

Hekaýalar | 5 teswir | 11375 okalan


Oňa ne jyn urdy, bir gün şäherde ber-başagaý bolup ýörşüne balyjaklar, guşjagazlar satylýan dükana girdi. Nädip gireninem bilmedi. Guşjagazlaryň jürküldisine diň salmanyna-da esli ýyl bolupdyr - şol oglanjykka obaň gaýrasyna gidip goýun bakýan ýyllaryndan bäri näçe ýyl geçdi. Durup bilmedi, biriniň bahasyny sorady. Baha bahanady, jogaby eşder-eşitmez jübsünden pul çykardy. Çagalar-a hezil eder, ejelerem bir çytylar goýar-da. Diýişi ýaly, çagalary guşjagazy görüp guş bolup uçdular. Şäher ýerinde olaryň goýun bakmajagy, guşuň saýraýşyny goýnuň otlap ýörkä diňlemejekleri belli. Ejelerem tamany ödedi. Şol bada "Nämetjekdiň, pul berip? Hapasyny ýygnamagam maňa dertdir-dä" diýdi. Onuň diline gelenem şu jogap boldy: "Ikimiz gygyrşamyzda, guşa gözümiz düşüp utanar ýaly diýip aldym…"

Teswirler (5 sany)

Mayagozel:
02 Noýabr, 2014

Hekaya yylgytdy :)
Sonunda beyle jogaba garashmandym :)

aspasp:
29 Dekabr, 2016

aaa

Nowça:
19 Fewral, 2017

Gysgajyk eken manyly

Shyhy Abdyllayew:
13 Fewral, 2018

Leader :
26 Fewral, 2018

:) mbah

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.