Iki gudrat arasy
Işanguly aga haçan gelse-de, ol edil şu gün geler öýtmeýärdi. Dogrusy, oňa garaşyp, ýoluna-da seredip ýörenok. Ýöne ýetmişe ýetmäge ýekeje ýyly galan garryň daňdan namaza turanda ýüregi bir zady syzan ýaly jigläp gidipdi. Onam ol ýol ýadawlygyndan görüpdi. Başga zada ýorjagam bolmandy. Birküç günlükde welaýat merkezinde uly ýygnak bolup, Işanguly aganam bäş-älty sany sakgaldaş edip şoňa äkidipdiler. Ýygnagam gowy zat, köne tanyşlary görýäň, oňa-muňa gezdirýäler. Pylan aga diýip uly hormat goýýalar. Bu gezeg-ä Işanguly agany telewizorda-da gürletdiler. Şonda-da garrylyk gursun, agşama ýetýäň welin, gowja ýadanyň bildiräýýär. Ýolagcylyk bir ýerinde jimiň bolsa açýar. Täze çykan ýumşak awtobus ýörite etrap häkimliginiň agzyna çenli getirse-de, dyzlaň diýeniňi etmejek, biliň gönelmejek bolýar. Niçigem bolsa Işanguly aga syr bermeýärdi.
Güýzüň güni ertir namazynyň wagty beýle irem däl. Ýogsa ýaşuly ýol ýadawlygy bahanasy bilen kän gijikdirmän düşegine geçipdi welin, häzir gözleri zordan açylýar. Ol özüne zor salyp diýen ýaly düşeginden turdy. Oh! Sag aýagynyň dyzynyň ýazylasy gelenok. Şarnirleň ýagy gutaran ýaly. Ýaşuly agyrysyna dözüp hajathana tarap ýöredi. Hudaýa şükür, hernä, mellegiň aýak ujuna gitmeli däl. Şuň jaýyň içindeligem eşret. Ýyly suwam haçan barsaň akyp dur. Ejesi pahyryň gyşyň aňzagynda, taýyp ýykylaýmajak bolup, seresapja gyrmyldap barşy ýaşulyň göz öňüne gelip gitdi. Bir elinde-de kündügi. Şol wagt segseniň bir ýanlaryna barandyr. Aý, ol adamlar gaty gaýratly eken. Yşanguly aga ejesi kömek eden ýaly boldy. Birneme dikelenini, gözüniň ýitelenini özem duýman galdy. Ýylam bolsa, suw garryny özüne getirdi. Indi otuz ýyla golaý wagtdan bäri namazyny sypdyrmaýan ýaşuly üçin bujagaz ysgynsyzlyk hiç zadam däl. Ýöne ýyldan-ýyla ertir bilen ýassyny okamak barha kynlaşýar diýmeseň. Dagy näme, sen ýeňlär öýtdüňmi? Ýaşuly öz otagyna girip, giň namazlygyny ýazdy. Indi rekegatlary bulaşdyrman okalsa. Ertir namazy ýene ýagşy-la. Ýaşuly köplenç agşam bilen ýassyda hasabyny käte bulaşdyrýar. Ol namazyny sejde säwsiz okady. Soňam namazlygyny ýygnap, duran ýerinde ýeňiljek aýlanýan, aşagy tigirjekli kürsüsine özüni atdy. Internede girip, elektron poçtasyny açdy. Ana, ýegençiden bir hatjagaz bar ýaly. “Daýy, salowmaleýkim. Ýagşymysyňyz? Kakama siz üçin arassa arabika iberendirin, iki gap. Alarsyňyz-da.”
- Aý, berekella. Kofäm azalybam barýady.
Ýaşuly agtygyna jogabam ýazman kompýuterini öçürdi. Garalan ekranda görnen öz keşbine birhili, bir zat aýtjak bolýan ýaly seretdi. Işewür adamlaň iş kabinetini ýatladýan otagyň sag diwaryndan häzirki döwrüň suratkeşleriniň biriniň çeken “düşnüksiz” suraty asylgy. Burçda Tagtabazardan ýörite getirlen keýikokara söýelip goýulypdyr. Munda adaty ýaşulularyň tamynyň törüne düşelen ne körpeçe bar, ne-de ýassyklar. Onuň deregine törde ykjamja diwan, pesejik žurnal stoljagazyň üstünde tokly kitirijik, kofe üwelýän, süzülýän enjamlar, bir gap gowrulan, ýöne üwelmedik arap kofesi… Köfäni, ony üweýän, süzýän zatllaryny Ulugberdiň daşary ýurtlaryň birinde okaýan ogly kanikula gelende getirip beripdi. Agtygynyň okuwa gitmesine-de ýaşuly sebäp bolupdy. Düýnki ýaly çäreleriň birinden soň, öňki häkim “Okuwa iberäýjek agtygyň ýokmy?” diýäýmezmi. Şeýtdi-de o çagaň nesibesi Stambuldan çykdy durberdi. Ýegenlerden ýene biri iki ýyl yz ýany oň ýanyna gidermen boldy. Işanguly aga ikinji gezegem häkimiň ýanyna bardy. Ýaşula “ýok” diýmediler. Häzirki kofe iberdim diýip ýazýanam şol ýegençi.
Işanguly aga pyrlanýan gara kürsüde gözüni süzüp çalaja pyrlanýar. Kürsüň öňündäki laýjak stoluň üstündäki gymmatja kompýuterinde Işanguly aga esasan Kur’an aýatlaryny ýat tutýar, hadyslary okaýar. Ýaşynyň köpüsini galstukly, kostýumly intelgent bolup geçiren Işanguly aga üçin “mydam eli kündükli” mollaçar bolamakdan şeýleräk, ýarym ýewropalyrak ýaşaýyş ýakymly. Aslynda, ýaşuly mollaçarlyga, başda diýäýmeseň, soň kän bir ymtylybam barmady. Ol dura-bara diniň kündükden has çyňrakdygyna düşündi.
Wah, Işanguly aga beýle kabinete otuz ýaşlarynda höwes ederdi. Bolmalysydyr-da, goja höwesine altmyşdan geçensoň ýetdi. Ýaşuly diwanyna geçip, kofedir, kofe üwelýänini eline aldy. Içi suwly tokly kitirisiniňem düwmesini basyp goýberýär. Darajyk otagy kofäň ýakymly ysy tutýar. Muňa entek owurtlamadyk kofesinden lezzet alýan gojaň keýpi hasam açylýar.
Öňüm gelenden soňum gelsin diýilýäni gaty akyl gep eken. Ýaşuly öz ýanyndan ýaşlygyny, okuwyny gutaryp öýli-işikli bolan ýyllaryny ýatlasa başyny ýaýkaberýär. Hasam öýlenenden soň. O ýyllar ol aýlykdan ol aýlyga ýetmek alada. Aşgabatda ýokary bilim alyp, Aşgabatda-da işlemek uly bir derejemikä öýdülýän döwür. Alty sanam biri-birniň yzyny basyp duran çaga. Işanguly olaň nädip alta ýeteninem duýman galsa nädersiň. Dört ýalydy, birdenem körpeleri ekiz boldy-da, ynha, jemi alty ogul. Hökümediň berýänje aýlygy bilen ekle-dä ekläp bilseň. Niçigem bolsa ekledi, harama ýanaşmady. Hökümedem çaga puly berýädi. Dogrusy, haram gazanç edere mümkinçiligem, ýagdaýam bolmady. Gaty aýlykda oturan edara, daşyndan düşýän zat ýok. Aslynda Işanguly daşyndan düşürjek bolmalydyram öýtmedi. Iki aýakly iki günde, ogullary derrew ýetişdi. Altysam zehinli bolansoňlar okadylar. Birine daýysy kömek etdi, ýene birine başgasy, garaz altysam diplomly boldy. Işanguly munuňam nähili bolanyny duýmady. Ýetde-gütdelikden başga durmuş barmy?! Ogullar öz-özi diýen ýaly ýetişdiler, murtlary garaldy, çiginleri ýasaldy. Indi olary öýermekden habar ber. Dogan-garyndaşda-da üýtgeşik artyp ýatan zat ýok. Niçigem bolsa, ulusyny öýerdi illäp-günläp. Öýermesine öýerdem welin, kösenç baryny görendir. Işangulyň şo ýyllarky aljyraýşy zadyň çeni bolan däldir. Diňe karz alan adamlarynyň sany giden bir tagta kagyzyň iki tarapynam doldurdy.
“Bu zatlar nirden ýadyma düşýär-aý?!” diýip içini gepleden ýaşuly ýylgyrýar. Häzirki bolşunamy ýa şol geçen günlerine ýylgyrýarmy ýa-da ysy janyňy alyp barýan kofäň üýtgeşik tagamynamy – muňa-da düşüner ýaly bolmady. Ýaşuly endigine görä, ak sakgalyny sypalap, kürsüsinde ýene bir gezek pyrlanyp goýberýär. Bu-da ýaşulyň hiç kime görkezmän, ýeke-özi edäýýän oýunlarynyň biri.
Işanguly aga daş-çykdy. Iki günüň içinde üýtgejek zadyň ýokdugyny bilse-de, mallaryny bir-bir gözden geçirdi. Hersiniň deňinde goýlan haltalary silkip syrylan tut, üzüm ýapraklaryny öňüne dökdi. Güýzüň çigregine gyrasy çala solup ýüzi ýygyrt atana meňzeýän, garalyp, galňap paçak ýaly bolan tut ýapraklaryndan dola bara nowasyny sary öküzçe işdämän özüne çekýär.
- Eziz adamlar, eziz jemagatlar! Eşdişeweriň! Şu gün Atadurdy agalar sadaka berýändir. Uly-kiçi diýmän baraweriň!
Mesjitden gelýän bu ses üç gezek gaýtalanýar.
- Ýegen oturanmysyň. Geldik, şükür. Özüňizem ýagşymy? Eşitdim. Bor onda, garaşaryn. Ýegençem kofe iberdim diýipdir, aldyňmy. Şolaram ýadyňdan çykarman alyp geläý. Bolýa, hoş onda.
Işanguly aga ýene otagynda. Kofe gaplary, çaşkajygy ýuwulyp goýulypdyr. Tüweleme, şu Hüseýiniňki ýetişikli. Kürsüsine geçen ýaşuly kompýuterini açyp ýegençisine hat ýazmaga oturdy. Hatyny iberensoňam köne suratlary synlap, olary ekranda bir ulaldyp, bir kiçeldip wagty unutdy. Ol ýakynda iş edinip, agalaryna çenli aýlanyp, ejesiniň, kakasynyň, daýy-ýegeneriniň, agalarynyň, özüniň köne suratlaryny ýygnap kompýuterine geçiripdi. Indi güýmenje tapmasa şolary açyp, howlukman synlaýar. Ellinji ýyllar, özüniň ýaňy bir ýaşanja suraty. Kakasynyň gujagynda. Ýanynda ejesi, iki erkek dogany. Uly dogany bolaýsa onki-on üç ýaşlarynda welosipediniň rulundan berk ýapyşyp dur. Arkada gelnejesi, aýal doganlary… Tomusyň güni bolmaga çemeli. Hemmesi köýnekçe.
- Eh, gelnejemiň aýagy ýalaňaç eken, şu wagta çenli görmändirin. Ylgap surata düşýänleriň hataryna durup ýetişdimikä? Pahyr… Gowy adamdy. Fronta gideniň yzynda ýeke gyzy bilen galan.
Işanguly aga dünýesi suratlara garyşyp gitdi.
- Işanguly aga…
- Barýan. Häzir çykdym, ýegen.
Yşanguly aga otuz ýaşlaryndaky ýegeni Aşyrmyrat bilen gadyrly salamlaşdy-da, ulagyň öňündäki oturgyçda-da oturman yzyna geçdi.
- Ýagşymyň, daýy.
- Müňdebir sükür. Ýol birnemejik ýadatdy. Ýogsa ýadar ýalam edilmändir. Ähli ýöreýänimiz elli ädim ýokdur, mydam ýumşak awtobuslarda welin, şolam kyn görülen bolýa-da.
- Aý, ýaşyň könelşensoň…
- Ýaşam däl-le. Kakam pahyr segsende-de hasasyna söýenip, eşege towsup münerdi. Özümizde derek ýok.
- Tüweleme, ýygnag-a gowy gurnandyrlar.
- Dagy näme?! Oglanlar ýygnak geçirmäge ökde. Özüňizem ýagşymy, ýegen. Mejjidiň radiosynyňam belli bahasy ýok, irden “Atadurdylar aş berýä” diýip gygyryp dur.
- Aý, onsuzam daýy, özüm gelip alyp gitjeg-ä.
- Ömrüň uzak bolsun, ýegen. Bizi sylany Alla sylasyn.
- Ine, ýegençiň iberen kofeleri. Ýadymdan çykmanka bereýin. Arasynda bize-de hödür edersiň-ä?
- Içjegiň kofe bolsun. Sen bulary, ýegen ýaltanma-da meň kompyuterimiň öňünde goýup gelsene. Ýogsa menem alman düşerin.
Aşyrmyrat kofeleri alyp, ylgap diýen ýaly jaýa girip gitdi. Maşynda ýeke galan ýaşulyň ýadyna entek öýlenmedik oglanka, gyşyň ortasynda, garly gije obaň ilersinden geçýän uly ýolda awtobusdan düşüp, öýüne pyýadalap gaýdany düşdi. Aralyk iküç kilometr bardy. Birki maşyn deňinden durman geçse-de, golaýlaberende Annaseýidiňkilerden biri durup alypdy. Ýöne o wagtlar “… Alla sylasyn” diýen ýaly alkyşlary Işanguly bilenok. Ýaşuly özbaşynda ýene bir ýylgyrýar.
Sadaka ýerinde Işanguly aga köpçülige salam berip töre geçiberende, obada halamaýan adamsy Şaweliň gaýnaýan tüňçe ýaly lykyrdap gülýänini, soňam oňa gözi düşenden gülküsini tapba kesip “Işanguly aga, geleweriň, geliň, bärik geçäýiň” diýip ýer görkezmesini halamady. “Aý, bolgusyz bir anekdot eşdendir, şony gürrüň berýändir” diýip bilmediklerden bolup görkezilen ýere geçdi. Ýygyrdy ýetik etlek ýüzünde çala görünse-de, çakgyň çüýi ýaly ýakymsyz gözlerini güldürip, Şaweli saglyk-amanlykdan soň ýene diliniň gijisini gidermäge durdy:
- Şanguly aga, sakgal-aýt, tüweleme telewizorda dagy hasam owadan görünýän eken.
Ýaşuly sakgaldaşynyň nämä kakdyrýanyna şobada düşündi. Ýygnakdan soň telewizorçylar gelip Işanguly agany gürledip ýazgy edipdiler. Soňam telewizorda birki gezek gaýtalap görkezipdiler.
- Aý, howwa. Men-how kellämden närza bolsamam, sakgalymdan razy. Birhili hormatym artaýdy. Artdygy bolawersin.
- Kelläň näme etdi, Işanguly aga?
- Sen sorama, Şaweli sakgaldaş, instutda okaýakam küşt ýaryşy geçirildi. Muňa-da kelläme göwnüm ýetip, goşulaýmanmy. Masgara edendir. Şondan bäri bu kelleden göwnüm geçdi. Seňem habaryň bolsun-haw. Kelle diýlen şeýdýä oturberýä. El-aýak diýeniňi edýä. Otur diýseň oturýa, ýöre diýseň ýörejek bolýa. Ýöne kelle bilen ýene bir zat diýeniňi etmeýä, biabraý edýä oturberýä.
Atyma gelenini aňan ýaly Şaweli aga-da birhili gobsunjyrajagynam bilmedi, oýkanjyrajagynam. Işanguly aga onuň dyzyna eliňi ýetirdi.
- Aý, dowula düşüp oturma. Men oňa diýemok. Dil diýip bir bela bar. Şol dek durman biabraý edýä. Oň dermanam ýok. Içiňdäki ýeli-peli eptekden kömür alyp atsaňam ýom-ýok edýä.
Oturanlar gülüşdiler. Şaweli aga-da ile goşulşyp gülümsirese-de, mazasy bolmady.
- Bir nol, sen utduň bu gezek, Şanguly aga.
Işanguly aga ýanyndakyň adyny bilgeşleýin üýtgedip tutýanyna ikinji gezekde anyk duýdy. Birhili boldy.
“Muň bilen eňek deňleşip otursaňam-a abraý däl. Jogabyny bermeseňem gylaw alar. “Doňuzy batga-da bas” diýýä. Bujagaz oýnunyňam jogabyny bereýinle:”
- Şan-şöhrat diýýäniňem jany bar, Şaweli. Şany-şöhraty halamaýanymyz barmy. Haýsymyzyň “Obada pylan aga bardyr” diýdiresimiz gelenok? Sylanýaňmy – senem sylamalysyň. Dünýede gaýtargysyz, tölegsiz zat ýokdur.
Kyrk ýaşyň gyzmaçlygyndan kän kösenen ýaşuly birden gaharynyň gelenini duýdy-da, dymdy. Oturanlardanam onuň gürrüňine düşünen düşündi, düşünmedik gözüni tegeläp galdy. Şawelem şol düşünenleriň içinde. Ýöne oýny uzatmaga çekindi. “Güjügiň oýnam bolsa, göläň çyny. Daşyrak duranyňdan gowsy ýok, külüni çykaryp oturbermesin, telewizora çykyp ýören ýaşulydyr” diýdi. Golaýda oturan ýaşululardan ýene biri gürrüňe goşulýar:
- Murt haýbat, sakal hormat diýýä. Ýns berseň, murtly pyýadalaň sene-mene edişäýmesem bardyr. Sakgaly ýaşula welinses gataldýan ýokdur. Eňegi taýpy ýaly, senden bäş-alty ýaş ulam bolsa, sakalyňy görüp “Salowmaleýkim” diýer.
- Aýdýan-a telewizorda-da gaty gelşikli görünýä.
Bu gürrüňe Işanguly aga nädip gaharynyň gelenini bilmän galdy.
- Goýuňsan-aýt biderek gürrüňi. Sakgala-murta günüňiz galan bolsa… El-aýak, göz-gulak, dil-agyz diýseňiz käşgä. Sakgal näme etsin? Ösdürseň öser, syrsaňam syrylar. Bir zady çişirmeli diýseler. O bir pygamberiň sünneti, eden işi, hereketi, halan zady. Kelläňde niýetiň düzüw bolsun.
Işan guly aga sadakadan gaýdyşyn ýegenini gyssady.
- Ýaňy geçip oturmankak Şaweliň gülküsini halamadym. Näme ýegen oba-da ýakymsyz gep-gürrüň barmy?
- Aý daýy senden zat gizläp bolasy ýokla. Ekizleň gelinleri köçede galmagal edipdirler.
- Aý, ýog-a. O näme üçin?
- Aý… Hüseýiniň dosty Jepbar maşynyny Merede satypdyr arada-da Hüseýin durupdyr.
- Näme üçin? Arada durmak nämä gerek?
- Pulunyň ýarsyny baş aýdan bererin diýipdir, Meret. Hüseýinem berer diýip kepil geçipdir. Ertesi Hasanam Jepbara “Hüseýin öňem birki gezek arada durdy, şuň ýaly söwda-da. Puluňy alyp bilseň zor bodugyň” diýipdir. Jepbaram ylgap gelipdir Hüseýiniň üstüne. Garaz, biraz sene-mene edişipdirler. Soň Hüseýin Merediň üstüne baryp doly hasaplaşdyrypdyr. Ýetmedigini özündenem goýupdyr öýdýän.
- Hmm. Ýeri onsoň, gelinleň muňa näme dahyly bar?
- Bilmedim. Kiçi daýzam, uly daýzamyň üstüne barypdyr öýdýän “Haçan Hüseýin arada durup pul köýdüripdur?” diýip. Göreniň Hasan-da: “Oýun edýän-how” diýjekdim, jaň geldi-de, gyssanyp turup gaýtdym. Näbileýin oň çyna ýazdyrjagyny” diýip gülüp ýör.
Işanguly aga-da sessizräk güldi.
- Bolasy, Şaweliň geçisi daga ýaýrapdyr diýdim-le.
- Daýy giňligiňize telpek goýýan. Bar zady ýylgyryp ýeňäýýäňiz.
- Nä Jepbaryň dyzap baranyny az görýäňmi, ýegen? Ýa daýzalaňdyr öýdýäňmi garry daýyňa?
- Şony diýýän-dä, daýy siz başga-laý…
Işanguly aga ýegenine jogap bermese-de, onuň aýdanlarynyň göwne ýakymlylygyndan gaşlary gerilip, gözleri güldi. Ol öň beýle däldi, ýöne soňky ýyllar onda özüne öz ýanyndan baha bermek häsiýeti döredi. Ýaşuly munda töweregindäkileriň, il-günüň özi hakda aýdýanlaryny tutaryk edinýärdi. Köpçülikde “halk” sözünde Hakyň ady bar. Şu sözleň ýakyndygyna üns berýäňizmi?” diýerdi. Oba adamlarynyň ony sylaýanyna-da çyny bilen begenýärdi.
Işanguly aga “Çaý içip git” diýse-de, ýegeni ýegdenekläp yzyna düşübermäge çekindi, işlidigini bahanalap, öýe girmedi. Ol giräýende-de ýaşuly çytylyp durjak däl. Garryň keýpi kök. Oňam özüne ýetesi sebäbi bar. Maslahatdan soň, welaýat häkiminiň özi saklap oňa “Çärelere aktiwiräk gatnaşaweriň, haýyşyňyz, meseläňiz bolsa-da çekinmän geliberiň” diýipdi. Ýaşuly bu gürrüňçiligi ýadyna salanam şoldy, birden töwerek ýaşyl reňke boýaldy durberdi. Birhili asmandan ýaşyl tozga ýagýan ýaly, töweregini ýaşyl tozan, kirşen basan ýaly boldy-da, özünden gitdi. Gapysyna ýetmäge üç-dört ädim galanda badak atylan ýaly, çiňarkan yere ýazyldy. Hiç kim ony tutubam ýetişmedi. Ylgap gelen uly ogly kakasyny gaty betondan galdyryp, gujagyna aldy. Ýaşulyň daşa degip ýarylan ýeňsesinden akýan gan ak köýneginiň arkasyny gyrmyzy reňke boýady. Gelinler, ogullaragtyklar gaýda-gaýmalaşyk. Kimi dogtora jaň edýär, kimi garryny göterşip öýe salyşýar. Uly ogly ejesi bilen onuň ýeňsesinden akýan gany saklajak bolýar.
- Kaka… kaka…
Işanguly aga göterilip öýe salynanynam, oba dogtarlarynyň gelip, kellesinň ýarylan ýerini saranynam, gara gan bolan köýnegini ýyrtyp aýranlarynam duýmady. Bir haýukdan soň ak ýektaýly ýigidiň burnuna noşatyr ysgadyp “Işangulyaga, Işanguly aga” diýip gygyrmasyna özüne geldi, ýöne ne dili aýlanýardy, ne-de gabagyny galdyryp bilýärdi. Elbet, bir yşarat görendir-dä, lukman oglan “Özüne geldi, özüne geldi” diýdi. Töwereginden ogullarynyň biriniň “Ýüreginiň urýanam indi bildirýä” diýenini eşitdi. Aýalynyňmy, gelniniňmi burnuny çekenini duýdy. Megerem şumjarýan bolmaly. Ýaşuly özüni dünýeden gyra çekilen, ýöne entek alynybam gidilmedik biri ýaly duýýardy. Dili-gözi, el-aýagy diýenini etmese-de, gulaklarynyň şeýle gowy eşitgirligine, eşdeniniň sypatynam, hereketinem aňynda çyzyp berişine, gözi ýumugam bolsa töweregini görüşine garry haýran galyp ýatyr. Ol içinden “Ýa öläýdimmikäm” diýibem göwnüne getirdi. Ýöne şol bada ýeňsesindäki ýaraň awusyny duýdy. Iňledi, emma iňňildisi daşyna çykmady.
- Degmäň ýatsyn. Uklasyn.
- Hany, daşyny alyşyp oturmaň. O tama geçäýiň. Eje sen oturber.
Uly ogly Kasymyň sesi. Güsürdeşip turdular, bäş-alty adam-a bar. Galmagal-ses ýatdy. Hiç kimiň nepi degenok, gyzykly kinony janly gören ýakynlarynyň gözlerinde diňe haýranlyk. Hiç zat ýok ýerden. Hykgy-çokgam etmän gaýa gaýdan ýaly gaýdyberäýýenem eken adam.
Işanguly aga näçe ýatanyny bilmedi. Agtyjagynyň “Ene, çarşagy tapamok”, aýalynyňam “Bardyr-la şo ýerde, ejeňden sora” diýip pyşyrdamasyna oýandy. Şol bada mallary – körpe köşekli düýesi, agyldaky goýunlary, owlakly geçileri, bakyp oturan öküzçesi göz öňüne geldi. Ýaşuly mal-garany ekin-tikinden eý görerdi. Hasam gapysy agylsyz, gazyksyz, basylgy bedesiz, sähelçe süzme diýip goňşy-golama çagalaryny eli tabakly ylgadan Işanguly, indi mallaryna iýdirjek, suwa ýakjak, aşagyny arassalajak, gyş iýjeklerine çenli taýýarlajak bolup çyr-çytyrdy. Bir tarapdanam ýöne oturandan bir zada hysyrdananyň, aladajygyny edeniň kem däl. Ýogsa her hili pikirler kellä agram salyberýä. Kitap diýilse, gazet-žurnalyna çenli okamalymyş öýdülip okalypdyr, indem olar maý tapsa aklyňa agram saljak bolýar. Malyň hysyrdysy olary ýeňýän. Arada biri gelipdir-de “Işanguly Allaň käbir edenine aklym haýran. Jennetde Adam ata bilen How enäni ýaşadýarka olar aýal-erkek, pynhan işi etdilermikä? Eden bolsalar çagalary näme üçin bolmadyka? Ýa boldumyka? Biz bilmeýämikäk?” diýýä. Görä ynsanyň aklyndan geçmejek zat ýok. Ýeri şoň aladasy saňa galypmy diýsene. Bäş wagt namazyňy sypdyrma-da oka, orazaňy tut. Allaň edenine ikimiziň aklymyz ýetermi? Ondan-a malyňa bir gysym ot at. Janawerleri aç etme. Mal-gara garryny şular ýaly pikirlerdenem goraýardy. Ýöne häzir başy ýassyga ýeten gojanyň ilki akylyndan geçen, özüniňki däldir öýtmeýänleriniň birden özünki däldigine akyly ýetdi. Indi olaryň arasyna barma ýok. Olar serhediň aňyrsynda. Ýaşulam barde, arada araçäk simi çekilen ýaly. Ýogsa Işanguly aga bilýä çarşagyň nirededigini. Bedäň aňrybaşynda kipe sünjüp goýan özi. Alyp bermek, görkezmek beýle-de dursun, salgy beribem bilenok. Ol şu dünýede, öýünde, kompýuterli otagynda ýatsa-da, bu dünýäň adamsy däldigini anyk bilýär. Geň ýeri Işan agaň göwnüne-de gutularyn, özümi tutaryn, dikelerin diýen umyt gelenok. Nämä garaşdyrylýanyna-a düşünenok. Iki jahan owarrasy diýilýän asyl bu eken-ow.
Işanguly aganyň ýany adamsyz bolmaýardy.
- Ýagşymy?
- Şükür. Bir bolşy-da.
- Alla şypa bersin.
- Oýarjak, tanatjak bolaňyzokmy?
- Oýananok.
- Hmm. Alla garaşyk etsin-dä.
Çykyp gitdi. Goňşyň aýaly – Soltanjemal.
Işanguly aganyň Soltanjemalyň özüne çyny bilen gynanýandygyny duýmasy tebigy, ýöne ýaşuly onuň egnindäki sary gidip ugran gülli ştapl köýneginiň solak gök reňkine çenli görýär ýa-da görmese-de şeýle göz öňüne getirip, oňa-da ynanýar. Mesele ynanmakda-da, gözüňe ynanşyňdan beter göz öňüňe getirşiňe, hyýalyňa has berk ynanybam bolýan eken. Hatda şu wagt ýaşulyň gabagy açylyp goňşy daýzaň eşiginiň reňkiniň gök däl, mämişidigini görse-de, gözüne ynanjak däl.- Giň jaýa geçiräýmelim?
- Ýok, gozgap bolmaz.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.