Iki gudrat arasy | Eserler | Hydyr Amangeldi

 Iki gudrat arasy

Hekaýalar | 0 teswir | 948 okalan

(hekaýa, täzeden işlenilen wariandty)

 

Işanguly aga haçan gelse-de, ol edil şu gün geler öýtmeýärdi. Dogrusy, oňa garaşyp, ýoluna-da seredip ýörenok. Ýöne ýetmişe ýetmäge ýekeje ýyly galan garryň daňdan namaza turanda ýüregi bir zady syzan ýaly jigledi durdy. Onam ol ýol ýadawlygyndan görüpdi. Garry düýnjik welaýat merkezinde uly ýygnaga gatnaşyp gelipdi. Ýygnagam gowy zat, köne tanyşlary görýäň, oňa-muňa gezdirýäler. Pylan aga diýip uly hormat goýýalar.  

Oh! Sag aýagynyň dyzynyň ýazylasy gelenok. Ýaşuly agyrysyna dözüp hajathana tarap ýöredi. Hudaýa şükür, hernä, mellegiň aýak ujuna gitmeli däl. Ejesi pahyryň gyşyň aňzagynda, taýyp ýykylaýmajak bolup, seresapja gyrmyldap barşy ýaşulyň göz öňüne gelip gitdi. Bir elinde-de kündügi. Şol wagt segseniň bir ýanlaryna barandyr. Aý, ol adamlar gaty gaýratly eken. Yşanguly aga ejesi kömek eden ýaly boldy. Birneme dikelenini, gözüniň ýitelenini özem duýman galdy. 

Ýaşuly namazyny bitirip, duran ýerinde ýeňiljek aýlanýan, aşagy tigirjekli kürsüsine özüni atdy. Internede girip, elektron poçtasyny açdy. Ana, ýegençiden bir hatjagaz bar ýaly. “Daýy, salowmaleýkim. Ýagşymysyňyz? Kakama siz üçin arassa arabika iberendirin, iki gap. Alarsyňyz-da.” 

-       Aý, berekella. Kofäm azalybam barýady. 

Ýaşuly ýegenine jogabam ýazman kompýuterini öçürdi. Garalan ekranda görnen öz keşbine birhili, bir zat aýtjak bolýan ýaly seretdi. Işewür adamlaň iş kabinetini ýatladýan otagda adaty ýaşulularyň tamynyň törüne düşelen ne körpeçe bar, ne-de ýassyklar. Onuň deregine törde ykjamja diwan, aýaklary tigirjekli, pyrlanýan gara kürsüň öňündäki laýjak stoluň üstündäki gymmatja kompýuter. Işanguly aga onda esasan Kur’an aýatlaryny, hadyslary okaýar, internete girip daşary ýurtda okaýany agtygy, ýegençisi bilen habarlaşýar. Ýaşynyň köpüsini boýny galstukly intelgent bolup geçiren Işanguly aga üçin “mydam eli kündükli” mollaçarlykdan şeýleräk, ýarym ýewropalyrak ýaşaýyş ýakymly. Aslynda, ýaşuly mollaçarlyga, başda diýäýmeseň, soň kän bir ymtylybam barmady. Ol dura-bara diniň kündükden has çyňrakdygyna düşündi.        

Agtygynyň okuwa gitmesine-de ýaşuly sebäp bolupdy. Düýnki ýaly çäreleriň birinden soň, öňki häkim “Okuwa iberäýjek agtygyň ýokmy?” diýäýmezmi. Şeýtdi-de o çagaň nesibesi Stambuldan çykdy durberdi. Ýegenlerden ýene biri iki ýyl yz ýany oň ýanyna gidermen boldy. Işanguly aga ikinji gezegem häkimiň ýanyna bardy. Ýaşula “ýok” diýmediler. Häzirki kofe iberdim diýip ýazýanam şol ýegençi. 

Öňüm gelenden soňum gelsin diýilýäni gaty akyl gep eken. Ýaşuly öz ýanyndan ýaşlygyny, okuwyny gutaryp öýli-işikli bolan ýyllaryny ýatlasa başyny ýaýkaberýär. Hasam öýlenenden soň. O ýyllar ol aýlykdan ol aýlyga ýetmek alada. Aşgabatda ýokary bilim alyp, Aşgabatda-da işlemek uly bir derejemikä öýdülýän döwür. Alty sanam biri-birniň yzyny basyp duran çaga. Işanguly olaň nädip alta ýeteninem duýman galsa nädersiň. Dört ýalydy, birdenem körpeleri ekiz boldy-da, ynha, jemi alty ogul. Niçigem bolsa ekledi, harama ýanaşmady. Iki aýakly iki günde, ogullary derrew ýetişdi. Altysam zehinli bolansoňlar okadylar. Birine daýysy kömek etdi, ýene birine başgasy, garaz altysam diplomly boldy. Işanguly munuňam nähili bolanyny duýmady. Ogullar öz-özi diýen ýaly ýetişdiler, murtlary garaldy, çiginleri ýasaldy. Indi olary öýermekden habar ber. Dogan-garyndaşda-da üýtgeşik artyp ýatan zat ýok. Niçigem bolsa, ulusyny öýerdi illäp-günläp. Öýermesine öýerdem welin, kösenç baryny görendir. Diňe karz alan adamlarynyň sany giden bir tagta kagyzyň iki tarapynam doldurdy.

“Bu zatlar nirden ýadyma düşýär-aý?!” diýip içini gepleden ýaşuly ýylgyrýar.  

Işanguly aga daş-çykdy. Mallaryny bir-bir gözden geçirdi. Hersiniň deňinde goýlan haltalary silkip syrylan tut, üzüm ýapraklaryny öňüne dökdi. Güýzüň çigregine gyrasy çala solup ýüzi ýygyrt atana meňzeýän, garalyp, galňap paçak ýaly bolan tut ýapraklaryndan dolabara nowasyny sary öküzçe işdämän özüne çekýär. 

-       Eziz adamlar, eziz jemagatlar! Eşdişeweriň! Şu gün Atadurdy agalar sadaka berýändir. Uly-kiçi diýmän baraweriň!

Mesjitden gelýän bu ses gaýtalanýar. Ýaşuly häli-şindi gerek bolup durmasa-da, ýanyndan aýyrmaýan telefonuny eline aldy. 

-       Ýegen oturanmysyň. Geldik, şükür. Özüňizem ýagşymy? Eşitdim. Bor onda, garaşaryn. Ýegençem kofe iberdim diýipdir, aldyňmy? Şolaram ýadyňdan çykarman getiräý. Bolýa, hoş onda.

Ýene kürsüsine geçen ýaşuly kompýuterini açyp ýegençisine hat ýazmaga oturdy. Hatyny iberensoňam köne suratlary synlap, olary ekranda bir ulaldyp, bir kiçeldip wagty unutdy. Ellinji ýyllar, özüniň ýaňy bir ýaşanja suraty. Kakasynyň gujagynda. Ýanynda ejesi, iki erkek dogany. Uly dogany bolaýsa onki-on üç ýaşlarynda welosipediniň rulundan berk ýapyşyp dur. Arkada gelnejesi, aýal doganlary… Tomusyň güni bolmaga çemeli, hemmesiniň ýüzi garaört. 

-       Işanguly aga…

-       Barýan. Häzir çykdym, ýegen. 

Yşanguly aga kompýuterini gyssanmaç öçürip daş çykdy. Otuz ýaşlaryndaky ýegeni Aşyrmyrat bilen gadyrly salamlaşdy-da, ulagyň öňündäki oturgyçda-da oturman yzyna geçdi. 

-       Ýagşymyň, daýy.

-       Müňdebir sükür. Ýol birnemejik ýadatdy. Ýogsa mydam ýumşak awtobuslarda welin, şolam kyn görülen bolýa-da.

-       Aý, ýaşyň könelşensoň…

-       Ýaşam däl-le. Kakam pahyr segsende-de hasasyna söýenip, eşege towsup münerdi.

-       Tüweleme, ýygnag-a gowy gurnandyrlar.

-       Dagy näme?! Oglanlar ýygnak geçirmäge ökde. Özüňizem ýagşymy, ýegen. Mejjidiň radiosy gygyrmasa ýada-da düşjek däl, Atadurdylaň sadakasy.

-       Aý, onsuzam daýy, özüm gelip alyp gitjeg-ä. Ine, ýegençiň iberen kofeleri. Arasynda bize-de hödür edersiň-ä?

-       Içjegiň kofe bolsun.   

Sadaka ýerinde Işanguly aga köpçülige salam berip töre geçiberende, obada halamaýan adamsy Şaweliň gaýnaýan tüňçe ýaly lykyrdap gülýänini, soňam oňa gözi düşenden gülküsini tapba kesip “Işanguly aga, geleweriň, geliň, bärik geçäýiň” diýip ýer görkezmesini halamady. “Aý, bolgusyz bir anekdot eşdendir, şony gürrüň berýändir” diýip bilmediklerden bolup görkezilen ýere geçdi. Ýygyrdy ýetik etlek ýüzünde çala görünse-de, çakgyň çüýi ýaly ýakymsyz gözlerini güldürip, Şaweli saglyk-amanlykdan soň ýene diliniň gijisini gidermäge durdy:

-       Şanguly aga, sakgal-aýt, tüweleme telewizorda dagy hasam owadan görünýän eken. 

Ýaşuly sakgaldaşynyň nämä kakdyrýanyna şobada düşündi. Ýygnakdan soň, telewizorçylar gelip Işanguly agany gürledip ýazgy edipdiler. Soňam telewizorda birki gezek gaýtalap görkezipdiler.

-       Aý, howwa. Men-how kellämden närza bolsamam, sakgalymdan razy. Birhili hormatym artaýdy. Artdygy bolawersin.

-       Kelläň näme etdi, Işanguly aga?

-       Sen sorama, Şaweli sakgaldaş, instutda okaýakam küşt ýaryşy geçirildi. Muňa-da kelläme göwnüm ýetip, goşulaýmanmy. Masgara edendir. Şondan bäri bu kelleden göwnüm geçdi. Seňem habaryň bolsun-haw. Kelle diýlen şeýdýä oturberýä. El-aýak diýeniňi edýä. Otur diýseň oturýa, ýöre diýseň ýörejek bolýa. Ýöne kelleden başga ikinji bir zat diýeniňi etmeýä, biabraý edýä oturberýä.

Atyma gelenini aňan ýaly Şaweli aga-da birhili gobsunjyrajagynam bilmedi, oýkanjyrajagynam. Işanguly aga onuň dyzyna eliňi ýetirdi.

-       Ikinji diýýänim, dil diýip bir bela bar. Şol dek durman biabraý edýä. Sen ýel-pel diýjek bolýandyr diýip dowula düşme. Içiňdäki ýeli eptekden kömür alyp atsaňam ýom-ýok edýä. Diliň dermanam ýok.

Oturanlar gülüşdiler. Şaweli aga-da ile goşulşyp gülümsirese-de, mazasy bolmady.

-       Bir nol, sen utduň bu gezek, Şanguly aga.

Işanguly aga ýanyndakyň adyny bilgeşleýin üýtgedip tutýanyna ikinji gezekde anyk duýdy. Birhili boldy. 

“Muň bilen eňek deňleşip otursaňam-a abraý däl. Jogabyny bermeseňem gylaw alar. “Doňuzy batga-da bas” diýýä. Bujagaz oýnunyňam jogabyny bereýinle:” 

-       Şan-şöhrat diýýäniňem jany bar, Şaweli. Şany-şöhraty halamaýanymyz barmy. Haýsymyzyň “Obada pylan aga bardyr” diýdiresimiz gelenok?  Golaýda oturan ýaşululardan ýene biri gürrüňe goşuldy:

-       Murt haýbat, sakal hormat diýýä. Ýns berseň, murtly pyýadalaň sene-mene edişäýmesem bardyr. Sakgaly ýaşula welin, ses gataldýan ýokdur. Eňegi taýpy ýaly, senden bäş-alty ýaş ulam bolsa, sakalyňy görüp “Salowmaleýkim” diýer.

-       Aýdýan-a telewizorda-da gaty gelşikli görünýä.

Bu gürrüňe Işanguly aga nädip gaharynyň gelenini bilmän galdy.

-       Goýuňsan-aýt biderek gürrüňi. Sakgala-murta günüňiz galan bolsa… El-aýak, göz-gulak, dil-agyz diýseňiz käşgä. Sakgal näme etsin? Ösdürseň öser, syrsaňam syrylar. Bir zady çişirmeli diýseler. O bir pygamberiň sünneti, eden işi, hereketi, halan zady. Kelläňde niýetiň düzüw bolsun. 

Her niçigem bolsa Işanguly aga toýa-sadaka görünmäge mydam höwesekdi. Üýşmeleňde hemişe özüne hormat goýulýanyny duýardy. Ýaşuly özüne baha berende il-günüň sylagyny tutaryk edinýärdi. “Halk” sözünde Hakyň ady bar. Şu sözleň ýakyndygyna üns berýäňizmi? Il sylamasa Alla-da sylamaz” diýerdi. “Alla sylamasa, iliň sylagy gara şaýa degmez” diýen düşünje onuň aklyna-da gelmeýärdi. Şonuň üçin oba adamlarynyň ony sylaýanyna-da çyny bilen begenýärdi.  

Işanguly aga “Çaý içip git” diýse-de, ýegeni ýegdenekläp yzyna düşübermäge çekindi, işlidigini bahanalap, öýe girmedi. Ol giräýende-de ýaşuly çytylyp durjak däl. Garryň keýpi kök. Maslahatdan soň, welaýat häkiminiň özi saklap oňa “Çärelere aktiwiräk gatnaşaweriň, haýyşyňyz, meseläňiz bolsa-da çekinmän geliberiň” diýipdi. Ýaşuly bu gürrüňçiligi ýadyna salanam şoldy, birden töwerek ýaşyl reňke boýaldy durberdi. Birhili asmandan ýaşyl tozga ýagýan ýaly, töweregini ýaşyl tozan, kirşen basan ýaly boldy-da, özünden gitdi. Gapysyna ýetmäge üç-dört ädim galanda badak atylan ýaly, çiňarkan yere ýazyldy. Hiç kim ony tutubam ýetişmedi. Ylgap gelen uly ogly kakasyny gaty betondan galdyryp, gujagyna aldy. Ýaşulyň daşa degip ýarylan ýeňsesinden akýan gan ak köýneginiň arkasyny gyrmyzy reňke boýady. Gelinler, ogullar agtyklar gaýda-gaýmalaşyk. Kimi dogtora jaň edýär, kimi garryny göterşip öýe salyşýar. Uly ogly ejesi bilen onuň ýeňsesinden akýan gany saklajak bolýar. 

-       Kaka… kaka…  

Işanguly aga göterilip öýe salynanynam, oba dogtarlarynyň gelip, kellesinň ýarylan ýerini saranynam, gara gan bolan köýnegini ýyrtyp aýranlarynam duýmady. Bir haýukdan soň ak ýektaýly ýigidiň burnuna noşatyr ysgadyp “Işanguly aga, Işanguly aga” diýip gygyrmasyna özüne geldi, ýöne ne dili aýlanýardy, ne-de gabagyny galdyryp bilýärdi. Elbet, bir yşarat görendir-dä, lukman oglan “Özüne geldi, özüne geldi” diýdi. Töwereginden ogullarynyň biriniň “Ýüreginiň urýanam indi bildirýä” diýenini eşitdi. Aýalynyňmy, gelniniňmi burnuny çekenini duýdy. Megerem şumjarýan bolmaly. Ýaşuly özüni dünýeden gyra çekilen, ýöne entek alynybam gidilmedik biri ýaly duýýardy. Dili-gözi, el-aýagy diýenini etmese-de, gulaklarynyň şeýle gowy eşitgirligine, eşdeniniň sypatynam, hereketinem aňynda çyzyp berişine, gözi ýumugam bolsa töweregini görüşine garry haýran galyp ýatyr. Ol içinden “Ýa öläýdimmikäm” diýibem göwnüne getirdi. Ýöne şol bada ýeňsesindäki ýaraň awusyny duýdy. Iňledi, emma iňňildisi daşyna çykmady. 

-       Degmäň ýatsyn. Uklasyn.

-       Hany, daşyny alyşyp oturmaň. O tama geçäýiň. Eje sen oturber.

Uly ogly Kasymyň sesi. Güsürdeşip turdular, bäş-alty adam-a bar. Galmagal-ses ýatdy. Hiç kimiň nepi degenok, gyzykly kinony janly gören ýakynlarynyň gözlerinde diňe haýranlyk. Hiç zat ýok ýerden. Hykgy-çokgam etmän gaýa gaýdan ýaly gaýdyberäýýänem eken adam.

Işanguly aga näçe ýatanyny bilmedi. Agtyjagynyň “Ene, çarşagy tapamok”, aýalynyňam “Bardyr-la şo ýerde, ejeňden sora” diýip pyşyrdamasyna oýandy. Şol bada mallary – körpe köşekli düýesi, agyldaky goýunlary, owlakly geçileri, bakyp oturan öküzçesi göz öňüne geldi. Ýaşuly mal-garany ekin-tikinden eý görerdi. Hasam gapysy agylsyz, gazyksyz, basylgy bedesiz, sähelçe süzme diýip goňşy-golama çagalaryny eli tabakly ylgadan Işanguly, indi mallaryna iýdirjek, suwa ýakjak, aşagyny arassalajak, gyş iýjeklerine çenli taýýarlajak bolup çyr-çytyrdy. Bir tarapdanam ýöne oturandan bir zada hysyrdananyň, aladajygyny edeniň kem däl. Ýogsa her hili pikirler kellä agram salyberýä. Kitap diýilse, gazet-žurnalyna çenli okamalymyş öýdülip okalypdyr, indem olar maý tapsa aklyňa agram saljak bolýar. Malyň hysyrdysy olary ýeňýän. Arada biri gelipdir-de “Işanguly Allaň käbir edenine aklym haýran. Jennetde Adam ata bilen How enäni ýaşadýarka olar aýal-erkek, pynhan işi etdilermikä? Eden bolsalar çagalary näme üçin bolmadyka? Ýa boldumyka? Biz bilmeýämikäk?” diýýä. Görä ynsanyň aklyndan geçmejek zat ýok. Ýeri şoň aladasy saňa galypmy diýsene. Bäş wagt namazyňy sypdyrma-da oka, orazaňy tut. Allaň edenine ikimiziň aklymyz ýetermi? Ondan-a malyňa bir gysym ot at. Janawerleri aç etme. Mal-gara garryny şular ýaly pikirlerdenem goraýardy. Ýöne häzir başy ýassyga ýeten gojanyň ilki akylyndan geçen, özüniňki däldir öýtmeýänleriniň birden özünki däldigine akyly ýetdi. Indi olaryň arasyna barma ýok. Olar serhediň aňyrsynda. Ýaşulam barde, arada araçäk simi çekilen ýaly. Ýogsa Işanguly aga bilýä çarşagyň nirededigini. Bedäň aňrybaşynda kipe sünjüp goýan özi. Alyp bermek, görkezmek beýle-de dursun, salgy beribem bilenok. Ol şu dünýede, öýünde, kompýuterli otagynda ýatsa-da, bu dünýäň adamsy däldigini anyk bilýär. Geň ýeri Işan agaň göwnüne-de gutularyn, özümi tutaryn, dikelerin diýen umyt gelenok. Nämä garaşdyrylýanyna-a düşünenok. Iki jahan owarrasy diýilýän asyl bu eken-ow. 

Işanguly aganyň ýany adamsyz bolmaýardy. 

-       Ýagşymy?

-       Şükür. Bir bolşy-da.

-       Alla şypa bersin.

-       Oýarjak, tanatjak bolaňyzokmy?

-       Oýananok.

-       Hmm. Alla garaşyk etsin-dä.

Çykyp gitdi. Goňşyň aýaly – Soltanjemal. 

Işanguly aganyň Soltanjemalyň özüne çyny bilen gynanýandygyny duýmasy tebigy, ýöne ýaşuly onuň egnindäki sary gidip ugran gülli ştapl köýneginiň solak gök reňkine çenli görýär ýa-da görmese-de şeýle göz öňüne getirip, oňa-da ynanýar. Gözüňe ynanşyňdan göz öňüňe getirşiňe, hyýalyňa has berk ynanybam bolýan eken. Hatda şu wagt ýaşulyň gabagy açylyp goňşy daýzaň eşiginiň reňkiniň gök däl, mämişidigini görse-de, ol gözüne ynanjak däl.

-       Giň jaýa geçiräýmelimi?

-       Ýok, gozgap bolmaz. 

-       Kemem däl, gaýta kän adam üýşmez.

-       Gelýän kän-dä, howa ýetmeýämikä diýýän.

-       Ýok, jaý dymyk däl. Ýadansyň eje, sen ýatyber.

-       Bor-la, ýadamok-la. 

Dertli goja ýene içinden iňleýär. Bir azajyk kellesiniň ýatyşyny üýtgedesi gelýär, gymyldy-hereket ýok. Üýtgetmeden geçen, “üýtgedäýem” diýip bilenok. Hamala dili pagtadan ýaly. Işanguly aga hemişe-de dilini halamazdy, gulaklaryny gowy görerdi. Gulakdan diňe haýyr gelýär, zyýan ýetjek gümany ýok. Dil bir başyna giden. Garry bilýän eken, gerek wagty ilki özünden ýüz öwürenem şol iki barmak dili. Ol “Akyly gulagyndarak görünseňem, diliniň eýesi däl diýdireniňden gowy” diýip düşünerdi.

Işanguly aga näçe ýatanynam biljek däl – körpesi Hüseýin “Bir hepde bolaýdymy, ýatanyna?” diýäýdi. Bäh, bir hepde bäri gymyldy hereketsiz ýatyrmykam? Obadaky deňi-duşdan soramaga gelmedigi galmady diýýänem-le bolasy. Gelim-gidime birbada “Obada hormatym bar eken-aýt” diýip içinden begenen, bir tarapdanam bolaýmalysy hökmünde kabul eden garry, soňa-baka gelseler halaman başlady. Olar asyl ölümiňi boýnuňa goýandan beter, ony howlukdurýana meňzäberdi. Ol öläýjek-de, milletem razylaşyp ýetişmän galaýjak ýaly. «Razylaşyp-razylaşmaz ýaly, milletde algy-bergim barmy? Men nä nesýesine alyp-satyp ýören söwdagärmi?” Hernä, gojaň içinden edýän pikirleri daşyna bildirenok. Adamlar bolsa, dünýäni duýman, gymyldy-hereketsiz ýatan Işanguly agaň ýanynda birsalym dymyp oturýardy-da, “Alla şypa bersin” diýip turýardy. Käbiri “Emgek bolup geçsin-dä, düýnjügem telewizorda gürläp otyrdy” diýip, geň galjagynam, gynanjagynam bilmän çykyp gidýärdi.  

-       Nätdiň düzetdiňmi?

-       Hawa-laý, hakyny berdim, gitdi.

Ogullary Kasym bilen Ulugberdiň bu özara pyşyrdysy ýaşulyny geň galdyrdy. Ol özüni çagalaryna juda gerek hasaplaýardy. Käte “Men ölsem nädersiňizem?” diýip, ýylgyran bolardy. Ýaşuly birden “Öläýmelimikäm indi?” diýenini duýman galdy. Diliniň teprenmeýänem gowy zat. Onuň sesini başujyny saklap oturan, ekizleriniň kiçisi Hüseýinem duýanok. Ýaşuly ölüm hakda kän agzardy. Kä juma günleri mesjidiň ymamy işli bolup eglenende münbere çykyp wagyz etmeli bolardy. Şonda ýaşuly ölümden, ahyretden, hasap gününden mysal getirerdi. Dogrusy, mysal getirmeli bolýardy. O dünýäden, ajaldan gürrüň açmasaň, dagy nämäň wagzyny etjek. Ýöne ýaşuly şolaryň hiç birinde-de ajalyň özüni ýykjagyny hyýalyna-da getirmeýärdi. Munuň esasy sebäbem onuň ýaşy ýaňy ýetmişe ýetipdi. Segsene bir golaýlasaň, onsoň, aşyň-suwyň, üçüň-ýediň ýadyňa düşse. Ony bu dünýä baglaýan iň esasy zadam özüniň çagalaryna entejik gerekdigine bolan berk ynanjy. Emma, ýaşuly iki jahan owarrasy bolup ýatyşyna, kän olara-da zerur gerek däl ekendigine ýuwaş-ýuwaş duýup, akyl ýetirip barýar. Çagalaram edil, agyldaky tokly-toramlary ýaly özünki dälmikä?

-       Ýagşymy? Bir ýatyşymy?

-       Hmm.

-       Ejemlere gidäýjekdim-dä.

-       Öýleden soň äkiderin.

-       Waý-eý, bir zat tapylaýýa-da.

-       Näme kakamy taşlap gideýinmi?

-       Hasan ýokmy?

-       Ýok. 

Hassa biçäre gelniniň tasanjyrap çykyp gidişini köýneginiň eteginiň pasyrdysyndan gözi bilen görendenem aýyl-saýyl gördi. Aýlanýan kürsiniň gaýyşydyr demirleriniň sesi geldi. Megerem Hüseýin gelni gidensoň turup aýlanýan kürsüme geçip oturdy. Bäh, men özümi bularyň iň aýrylmaz bölegimikäm diýýädim. Sen ýokkaňam aýlanan dünýe, sen gideňsoňam öňküsi ýaly aýlanyp durmazmy ýogsa, edil aýlanýan kürsüň ýaly. Hüseýiniň kompýuteri açanyny goja onuň sesinden aňdy. Körpe özüni indi zatlarymyň eýesi ýaly duýýandyr. Eýesem-dä, zat körpäňki. Birden ýaşulyň ýadyna kompýuterinde görýän daşary ýurt serialy düşdi. Haparak, ýaramazyrak ýerlerem bardyr. Daşyndan asla bildirmese-de garry erbet utandy. Hernä kompýuteriň sesi derrew ýatdy. Hüseýin kompyuteri doly açylmanka öçüripdi. Garram ynjaldy. 

Daşary ýurduň mähnet ak maşynlaryndan biri Işanguly agalaň gapysyna öwrülip saklandy. Maşynyň gabaralylygyndanmy hasam keltejik görünýän, seýregräk çalaran çokga sakgaly ýaşuly uzyn donuna çolanjyrap düşdi. Ol çala ardyndy. Kasym ony görenden öňünden çykdy. 

-       Salowmaleýkim, Muhy aga. Geleweriň.

-       Waleýkimessalam. Kakaň ýagşymy?

-       Ýagşy, şükür. Şo bir ýatyşy-da. Demi gelip-gidip dur, ýöne dünýäni bilenok. Geläýiň.

Kasymyň Muhy aga diýýäni obada “Tyrryk molla” ady bilen tanalýardy. Oňa bu ady goýanam Işanguly aga. 

-