SÖÝÜNHAN SAKAL
Päki degmedik gara sakaly döşüni tutup duran Söýünhan sakal Ak patyşaň serhet ýakasynda saklaýan tölegli atly goşunynda jigitlik edýärdi. Serhedem Eýran bilen araçäk. Bir günem kemendirleri Ýazmyrat han ony çagyrdy-da ýanynda duran kelte boýly, küs murtluja adamy görkezdi:
- Sakal, şu döwlet wekili. Ony Gürgene äkidip-getirmeli. Bir gylam ynjamasyn. Ýigitleň içinde iň ygtybarlysy diýip saňa tabşyrýandyryn. Äkit - getir. Ahmal ediljek adam däldir.
- Gürgen diýeniň ynha dälmi, Alla ýar bolsa, äkidişimiz ýaly getireris, han aga.
Söýünhan Sakal kemendiri Ýazmyrat hany gowy görse-de, ogalana tabşyryk berýän ýaly, beýle çintgiläp durmasyny halamady.
- Haçan ugramaly?
- Häzir.
Şeýtdi-de iki kişi sen-men ýok nirdesiň Gürgen diýip tutduryp gidiberdiler. Söýünhan sakal ýola belet bolansoň uly güýmenjesi janpenalyk edýän adamsyny synlamak. "Alla-da ynsany müň dürli edip ýaradýar-aýt. Lezgimikä, ermenimikä? Çypar ors-a däl."
- Gardaş, nireli borsuň? Milletiň näme?
Söýünhanyň ýol kesmek niýeti bilen beren morta sowalyna ýoldaşy bir gaňryldy. Beýlede sowuk nazar bolar eken-aýt. Hamala ýok zada sereden ýaly. Ýüzüniň ýekeje damary gymyldasyn-la. Onuň bar edeni atyny debsiläp, gorguna geçdi-de, öňe düşüp gidiberdi. Men diýen ýigit Söýünhan Sakalyň ýüzüne urulan ýaly boldy. Çapady ýaly gyzardy. Maňlaýyna şobada çyg geldi. Barmaklary çala titireýän elini gyljynyň baljagyna ýetirmän zordan saklandy. Ýazmyrat hanyň "Bir gylam ynjamasyn" diýeni gulagyna geldi.
- Kössäni bir gynyndan çykarsam, bu togalak kelläň ýasy ýeňsesi ýolda ýatan daşa deger...
Söýünhan Sakal nädip, ýoldaşyndan galmajak bolup, aýak urşuny gataldan atynyň başyny çekenini bilmedi. Tabşyrylan kişi gany depesine uran ýigitden ep-esli arany açdy. Bu-da onuň janyny halas etdi. Has dogrusy, ýaňy ýigitlik ýaşyna ýeten, dünýäni Hajy diken ädiginiň gonjuna siňen tozança-da görmeýän Söýünhany ganhor bolmakdan gutardy. Şol wagt ol sähel ýanaşan bolsa, milleti, dili näbelli, niýeti, içi gizlin bu keltejik adamyň ýeňsesi ýasy bolansoň dört buç ýaly görünýän kellesini daşlaň arasyna togalardy. Käteler adam edýän hereketlerini biygtyýar edýär. Hamala küşt çöpüne dönýär. Aýagy, eli, dili, tutuş göwresiniň her agzasy kelleden biygtyýar, özbaşdak. Ýüzüne tüýkürlen ýaly bolan Söýünhänäm şeýle halda. Onuň bar gazaby atynyň uýanyna düşdi. Ýigit dyzmaç atynyň jylawyny gaýta-gaýta silkýändigini duýanok. Janawer demir agyzdyrygyň agyrysyna dişlerini syrtardyp, agzyny açýar, duran ýerinde oýnaýar. Janynyň gyl üstüne müneninden bihabar ors ilçisi janpenasynyň yza galanyny görüp, atynyň başyny çekdi. Söýünhan sakal yzyndan ýetensoň, olar ýene ýollaryny dowam etdiler. Ýöne indi olardan hiçisi gaýdyp dil ýarmady. Diňe mahal-mahal Söýünhan Sakalyň eli gylyjynyň baljagyna ýapyşaýsam, içimi sowatsam diýýärdi. Bili gylyçly gezip ýörenine ýoňsuz ýyl bolanam bolsa, Söýünhan sakal ony adama garşy uzatmandy. Bir gezek kepbjebaşyň başyny alypdy. Onam, dogrusy, almaly bolupdy. Häzir welin, içinden doga baryny okap, özüne giňlik berjek bolýardy. Sag-aman şunam yzyna getirsem, Ýazmyrat hana "Gaýdyp maňa şu ýumuşyňy buýrma" diýeýin diýip içini hümledýärdi. Kümmethowuzda-da, Gürgende-de üýtgeşik hadysa bolmady. Girdenek efser (Bu Söýünhanyň dymma ýoldaşyna dakan adydy) birki gapydan girdi. Söýünhana-da daşynda garaş diýip yşarat etdi. Kän garaşdyrmanam çykdy. Şeýdibem yzlaryna dolandylar. Gaýdyşyn Azady bilen Magtymgulyň ýatan öwlüýäsiniň deňinden geçip, dik demirgazyga Gyzyletrege tarap tutdyryp ugranlarynda gün öýle boldy. Söýünhan giň düzlük meýdanda atynyň başyny çekdi-de, tämiziräk diýen ýerinde ýeňiljek namazlgyny ýazdy. Çalarak sesini gataldyp azan aýtdy. Bäş-on ädim öňräkden barýan "girdenek efser" muny duýdumy ýa-da duýmadymy, atynyň başyny çekmän ýoluny dowam ediberdi. Söýünhan öýläň parzyny okap, soňky sünnete niýet edende, ýoldaşynyň "garagörüm ýerde garalyp duranyny" gördi. Söýünhan Sakal içinden "Dur, garalda" diýdi-de, howlukman namazyny bitirdi. Ýolagçylyk, namazdan soň, tesbih çekip oturmak hökman bolmasa-da nädip aryny ýerine saljagyny bilmän gelýän ýigit howlukmady. Ýoldaşynyň nädeni belli däl, howlugsa-da, howlugmasa-da ol ýeke özi ýoluna gidibermegä howatyr etdi, janpenasyna garaşdy. Söýünhan namazyny ymykly bitirip, atyny sähel säpjedip wekiliň duran ýerine geldi. Ol sesini çykarman ýene atyny sürdü-de gidiberdi. Ýöne indi Söýünhan ondan kän yza galmady. "Girdenek efseriň" garaşmaly bolanyna hum ýaly çişenini aňan ýigit içinden hoşal. Şeýdip serhetçileriň kazarmalaryna-da ýetdiler. Olaryň gelýänini görüp Ýazmyrat hanyň özi öňlerinden çykdy.
- Sag-aman gelýäňizmi, Sakal?
- Allaha şükür. Salowmaleýkim.
- Waleýkimessalam. Ýüzüňden-ä gar ýagýa?
- Aý, serdar, ýagdaýyny tapsaň, indi maňa beýle ýumuş buýrma.
- Hä, nämboldy?
- Näme bolanam bolsa boldy. Ýöne gaýrat et, meni oglanlaň ýanyndan aýyrma.
Ýazmyrat han Söýünhan sakala jogap bermän ilçiň yzyna düşüp jaýyna girip gitdi. Az salymdanam Söýünhan sakala hanyň huzuryna gel diýdiler.
- Sakal nädäýipsiň?
- Näme edipdirin?
- Goragda saklmaly adamyň ýeke özüni goýberip, namaza durberipsiň-ä.
- Haý, han aga, seň girdenek efseriň diýip men namazymy geçirerinmi, ýogsa?
Ýazmyrat han bu jogaba, myhmanynyň halamajagyny bilse-de, saklanyp bilmän, loh-loh güldi, derrewem ýasamarak agras sypata girdi.
- Sakal, bu döwlet wekili, men ýanyndan aýrylma diýmedimmi?
- Han aga, eliň aýasy ýaly giň düz meýdan, dag ýok, dere ýok, kötel ýok. Näme boljakmyş oňa?
Ýazmyrat han Söýünhandan ýüzüni keseräk sowup "Düzgüni bozupsyň, bir gün güpbah. Ýat, dynjyňy al, galanynam ertir gürleşeris" diýdi. Ýigitler gelip Söýünhanyň bilindäki gylylyjyny aldylar. Özünem iň gyradaky boş, ýeke öýe saldylar. Hanyň "gübah" diýýänini beýleki dikilen ak öýleriň hiç birinden tapawut etmeýärdi. Içerde içi mele-myssyk nanly saçak. Ýigitleriň biri ýörite hak tölenip saklanýan aşpeziň ýaňja buglan palawynam getirdi. Ýigitlere aýlykly sazandalyk edýän Täçmämmet Suhangulyň dutarynyň sesem eşdilip dur. Şonda-da Söýünhan gyljynyň alynmasyna namys etdi. Özünde beýder ýaly günä duýmaýan ýigit onki ganat ak öýe sygmaýardy. Turup, gapyda duran gapygarawuly urup, çykyp gidiberende-de nirä gitsin? Garawul biçärede näme günä bar, ony urar ýaly. Söýünhan Sakal birden lampa aşak oturdy. Onyň göz öňüne ýarylan galadan asmana göterilen tozan geldi. Töwerek sap-sary, goh-galmagal asmana göterilýär. Güýçli partlamaň sesine gapylan gulaklaryny tutup aşak oturan oglanjygyň - Söýünhanjygyň "Ahyrzaman! Ahyrzaman!" diýýän sesini özem eşitmeýärdi. Gyljy alynyp, güpbaha salynan ýigit içinden "Dereje" diýenini duýman galdy. Ol şü güne çenli dereje diýilýän zadyň nämedigini bilmeýärdi. Han näme, patyşa näme parhyna däldi. Oň üçin Ýazmyrat hanyňam diňe ady han. Islän wagty, islän ýerinde al gullugyňy diýip biljek. Göwnünde näme bolsa çekinmän diýýän adamsy. Ýöne ol Girdenek efser "Dur" diýse durupdy, "Ýör" diýse yzyna düşüpdi. "Daşynda garaş" diýse, jaýa girmän, daşarda irikge bolup garaşypdy. Indem gyljyny elinden alyp, bir öýe dykdylar. Ol özüni eli-goly üýpsüz baglanan ýaly duýýardy. Gahary-gazaby depesinde gaýnaýar, emma edibilýän zady ýok. Söýünhan sakalyň ýadyna bäş-on günlükde ýaňy öldürlen goýnuň çylka etinden kakmaçy çekeläp oturşyna "Ors bizi beýle bakjak bolsa, ýurdumyza salmajak bolup gan döküp oturmalam däl ekenik" diýeni düşdi. Ol turup Kur'anyny eline aldy. Ondan bilýänje ýerlerini, bildigiçe okady. Köňli rahat tapmady. Namazlygyny ýazyp namaza durdy emma, nähili niýet etjegini bilmedi. Ömründe namazyny geçirenini bilmese-de kaza diýip okady. Namazynyň sogabyny şehitlere, kakasyna bagyşlady. Gözlerinden akýan ýaş sakalyny gowy çyglanyndan onuň habary ýokdy. Ol kakasynyň Pöwrizäň zyndanynda ýesir ýatyşyndanam agyr haly başyndan geçirýärdi. Kakasy nähilem bolsa, günäkärdi. "Milleti, kimdigi näbelli kümsük orumsakça görülmedim. Käşgä oň üstüne ýagy çozan bolsa..."
Niçigem bolsa palawdan çam-çüm eden ýigit, ahmyrly, uludan demini alyp ýassyga başyny goýdy.
Ertesi Ýazmyrat han Söýünhanyň gylyjyny gowşurdy. Wekilem gidipdir.
- Sakal öten agşamkyny göwnüňe alma. Men o diýýän "girdenegiňi" dyrnagyňça-da göremok. Ýöne nätjek, o döwlet wekili, Ak patyşaň iberen adamy...
Ýüzüni sortdurybrada-da Hany diňlän Söýünhan Sakal oňa jogap bermedi. Gyljyny biline guşandy-da çykyp gitdi. Ýazmyrat hanyň "düşündrişem" bu gulagyndan girip beýlekisinden çykyp gitdi. Sähel gündenem onuň gulluk rugsadyna gaýtmaly wagty geldi. Söýünhan Sakal gulluk haky diýlip berlen grandan doly horjunyny, münüp ýören saýlama atynam satyp, arzan alan alaşasynyň arkasyna bökderdi-de obasyna - Ahal iline gaýtdy. Rugsat wagty dolup, gulluga gitmeli bolanda-da gitmedi.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.