Käriz | Eserler | Hydyr Amangeldi

Käriz

Hekaýalar | 0 teswir | 629 okalan

Aý-günüň geçäýşini - eýýäm Ulugberdi ataň kyrky. Uruş döwrüniň ýasyndan soňky ýyllardaky ýaly toýuň ysy gelenok. Janlam soýulanok, ibr-de-zibir tabak gatnadýanam ýok. Kä ýerde, kä ýerde birki sany saçak atylypdyr - bolany. Herkim kän çörege-de elini uzatman aýat-töwür okadar-da turýar. Iki-ýeke Söýünhan ýaly merhuma degerli ýaşuly otyr, gelen-gideniň "taňryýalkasynyny" berýär. Söýünhan aga muňa algy-bergi pisint düşünerdi. Kim giç gitse, ýurduny ir başgalana bergisini berýär. 

Üýnüň alyşýan biri ýoldaş bolup otursa-ha, onda, günüň nädip öýlä baranynam duýmarsyň welin, bu gün gelen işli bolup geläýýärdi. Söýünhan aga Orazsähet hoja ýoldaş bolar öýdüpdi - olam kän eglenmedi. Ýaşula kiçijik akja çäýnekde çaý demläp getirdiler. Ol çäýnegi görenden ýüregi gozganyp gitdi. Hamala, Ulugberdi kakasy "Näme ýüzüňi sallap otyrsyň-haw?" diýip mydamky dogumy bilen işikden ätläýjek ýaly boldy. Emma naşyja çäýnegi - Ulugberdi kakasynyň çäýnegini, indi Söýünhan agaň öz öňünde goýdular. Düýnem özüni at dabyradyp ýören ýigit saýýan Söýünhan sakal "töreler" diýilýän giden syrgynyň iň ýaşulysynyň çäýneginde çaý içmeli boldy durberdi. 

"Goja kişi bolduň diýseňiz ýok diýip bilmen, ýöne Ulugberdi kakamyňky ýaly ýaşululyk maňa eýgertmez. Ýaşuly bolmak üçin, tilkiň sapalagy bolmasa-da, gyssanaňda öwrüm, aýlaw gerek. Hany, olar ýaly häsiýet bizde? Biz iki reňki bileris - ýa ak, ýogsa-da gara. Beýleki reňklere geçiberseň, Söýünhan sakalyň ugry bolmaz. Honha, oglum Aşyrgeldiň öwrümlerem meňkiden kän. Çäýnegem öňüňde goýsalar eliňi uzatmaly bolar-da. Ulugberdi kakamyň adamlar bilen gürleşende girim-çykymy bu görünýänleň hilindenem däldi. O boljak barmy?" 

Goja ýatlamalaryny ýoldaş edinmeli boldy. 

Bir gezek, käriziň zor gazylýan wagty Ulugberdi pahyryň puly baýady. Köpi gören pyýada munuň şeýle boljagyny öňünden bilýärdi. On gün öň gutarmaly granlaryny eýdip-beýdip, şu güne ýetiripdi. Düýnem halys ugur tapman, üzüm bişdigi ýyljyraklap görünýän, Asatur ermeniň üstüne gidipdi. Kelte boýly, garynlajyk bolansoň, aýakly garpyza meňzeýän ermeniň teke bazaryň günbatarsynda howlusy bardy. Bazar degip duran diýseňem boljak, giden syrgyn, hatar tutup oturan ermenimidir, häzirbegjanmydyr, legzimidir... öýleriniň öňünden kiçijik ýapdan suw akyp gaýralygyna gidýärdi. Ýap boýuna-da degiş-degiş çynarlar ekilipdir. Bol suwuň boýunda oturdylandanmy sähel ýylda adam boýuna ýeten bu ýasy ýaprak agaçlar töweregiň howasyny üýtgedipdir. Howlularyňam haýsysyna seretseň, daşyna aýlanan palçyk haýatdan başy çala görünýän alma-armyt, injir - adyny tutan miweli agajyň görnüp durandyr. Ulugberdi içinden: "Bizem gapylarymyzda şu zeýilli agaçlardan sanjamyzda elimze kakjag-a ýok welin, eger-eger..." diýse-de, bu pikirini unutdy. Onuň derdi - ermeni pul berermikädi. "Berse-de göterimine berer. Jähennem göterimne alsamam. Obaň mollalary eşitse-hä haram diýşip başlar. Eştmese näder?!" Niçigem bolsa "Bismilla, Alla özüň äňsat et-dä" diýip, reňklenen gapydan içerik ätledi. Şol bir ýaglyja ýüz, mylaýym ýylgyryş Ulugberdi baýy garşy aldy. Elbetde, bularyň düzgüni, ýerde oturjak gümanyň ýok - kürsä geçmeli. Özüni ýassygyň üstünde oturan ýaly duýs-dä, nätjek baran ýeriňe görä bolmaly. Derrewem "yssykan" diýilýän zatda gara çaýy, gapdalynyň nohutlykişmişi bilen getirip goýdular. Bu hyzmatlar edilýänçä, hal-ahwal soraşýan Asaturyň ýüzünden şol ýylgyryş aýrylmaýardy. Bu Ulugberdi baýa "Seň näme diýjek bolýanyňam, niýetiňem bilýän. Ýöne özüň beletsiň, biz iki gyl ýolman bir gyl ýoldurýanlardan däldiris" diýip gaýtalap durdy. Hat-da Ulugberdi baýyň "Aý, bazara geldim-de, dostum bilen salamlaşaýyn diýip sowulaýdym" diýip, habaryny bermänem turasy geldi. Ýöne "Atylan ok daşdan gaýtmaz, geldim aýdaýyn, gör-bak näme diýýä" diýip habaryny berdi. Hakykatdanam, Asatur ermeni Ulugberdi baýyň karyz pul sorajagyny aňypdy. Çünki onuň gapysyndan gelýänleriň hemmesi diýen ýaly, şo niýet bilen gelýärdiler. Gelse gelýärdiler welin, oljasy oňup gidýäni az-azdy. Ol "begenip" gideniňem begenji bir ýyla ýetenokdy, boýnuny sallap ikilenç gelýärdi. Baýyň habaryny eşden ermeni içini hümledip biraz oturdy-da, gepem uzaltman goňşy otaga geçdi. Kän eglenmän çykan ermeni kiçijik torbajygyň agzyny çözüp orta goýdy. Ondaky ýüzi orsuň patyşasynyň keşbi zikgelenen altyn pullaryň ýylpyldysy gözüň ýagyny iýip barýar. Ulugberdi baý olardan zordan ýüzüni sowdy.

- Ýöne bir şertim bar, suw çykaraňsoň, maňa-da ýer berersiň. 

- Oba göçüp barjakmy?

- Aý... görerin, hanym näme diýýär. Belki, özüm bararyn, mümkin başga biri barar... Mesele onda däl. Suwuň golaýyndan, gowy, hasylly ýer. Ynha-da pul. Näçe gerek, al. Ýeriň bahasyndan üzlüşeris.

- Hmm.

Baý ermeniden beýle şerte garaşmandy. Pul alyp, ýer bermek iň amatly şert, ýöne Köşüň tekeleri muny halajakmy? Dini başgany obamyza getirmersiň diýip dursalar? Içinden şeýle pikir öwürýän Ulugberdi baý, gyzyl granlara nebsewür seredýrdi. Elleriniňem olara uzasy gelip dur. Emma Ulugberdi baýy "Ulugberdi baý" diýdirýän, onuň öňüni ölçerp-dökmäge ökde paýhasydy. Bu gezegem ol ellerini şarpyldadyp, buduna urdy-da kürsüden turdy.

- Bolýa, Asatur, şertiňi obaň baýlaryna aýdaýyn, eger göwneseler, ertir şu wagtlar gelerin. Gelmesemem, göwnüňe kine getirme.

Baý gülpürkülen ýaly bag-bakjaly, penje-penje bägülleri göwnüňe rahatlyk berýän howludan çalt ädimler bilen çykyp barşyna "Ýok, bulara ýer berseň, derrew ýerden çykarar. Başga ýol gözlemeli" diýen karara gelipdi. "Başga ýol barmy? Haý, ertir ölsem öleýine salyp geläýmesem biridir. Suwy bir çykaraýyn, soň ermen-ä baýlar göwnänok. Puluňy al diýäýmeli bormuka? Lebziňi ýuwudyp çekdiren käriziň berekedi bolarmy? Dünýe döräpdir adam pul bilen Allany, ynsaby oňuşdyrjak bolup geçäýipdir öýdýän." Baý kellesinde müň pikir öwürip obasyna geldi. Haýsy gapa barjak, derdiňi aýtjak? Hiç kimde-de artyp ýatan gran ýok. Bolaýanda-da ol ony Ulugberdi baýa bererin diýip ýygnamandyr. Ýogsa küren oba, her kim azajyk, baryndan orta goýanda-da kärizi alyp çykar. Ýöne kime gerek? Suw çekilse, gereklän köpeler, o belli. Obaň sanaýmaly baýlaryndan biri hasaplanýan Ulugberdi oba diýileni bütewi bir zada meňzetse-de, öýme-öý göz öňüne getirjek bolsa, pytrap gidişine haýran galýardy. Akja çäýnegine çaý demledip, käsesine nabat atan baý çykalga gözleýärdi. Içini hümledip oýlanýardy. 

"Nurberdi han, Gowşut han barka ýene millet bolup jemlenilerdi. Gepiň diňlenerdi. Gala ýykylansoň-a, her öý özüne han boldy oturberdi. Busan towuga "han" diýip bolýan bolsa..." Han käsedäki çaýyň entek sowamandygynam duýman dodagyny ýakanyna erbet gahary geldi. "Indi bir kemiň, millet näme joşsaňyz beriň diýip gapy-gapy aýlanmakdy. Şonam edäýseň-ä..." Ulugberdi baý çaýyny nähili içeninem bilmän, öýe-de sygman ýene daşaryk çykdy. Soňky ýyllar baýyň ýakyn gürrüňdeşi doganoglany Söýünhan sakaldy. Ulugberdi onuň öýüne ýetiberende gapylaryndaky agaç sekiň üstünde güberlip, ýassyga ýaplanyp ýatyşyna çaý süzýän myhmana gözi düşdi. Baý muny haýra ýordy. Ol şargara sakal pyýadany tanamasa-da onuň gaba göwresinden, bolup ýatyşyndan "pullujadyr" diýip çen etdi. Myhman hakykatdanam ýaňy pullanypdy. Ol Etrek tarapdan mal satmaga gelen sowdagär Baljan gysykdy. Saglyk-amanlyk soraşyldy. 

- Aý, mallary ýerledik. Ertir irden öýe ýöremekçi. Inşalla sag-aman barsak, dogmany öýlendirmekçi. Söýünhana ýoldaş boluň, toýumyza geliň. Sähedini aldygym habar ýollaryn.

- Inşalla, inşalla bararys. Ýomut garyndaşlaň toýa gyzyklydyr. Orta çykyp küşt depmeleri bardyr. Hany, işleri ugrukdyrybilsek.

- Ne iş? 

- Ulugberdi kakam ilerden käriz gazdyrýa. Indi azalyberendirem-le?

- Azaldy-la welin, granlar gutardy. Kärizgenlerem hakyna tutma. Iýjek-içjeklerine-de, çykmady diýseňem, bäş-üç gran gidip dur. Kärizgen halky iýermen bolýan eken.

- Hmm.

- Garaz, pul atly, biz pyýada bolub-a geçdik ýalançyda.

Söwdagär halky duýgur bolýamy, baýyň gepinden, kürk towguň, jüýjelerini gara görse, ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, howatyry artdy. Baljan söwdagär karzyna gran dilenmese kaýyl. Ulugberdi ony kän sary-sadylla edip goýmady. Derrew "öküziň şahyndan" ýapyşdy. 

- Beý, Söýünhan diýýän-ä, myhmanyňdan bir ryja edäýsek geň bolaýarmyka?

Söýünhan welin, gürrüňiň nirä barýanyndan habarsyz, çaý beýleki bilen başagaýdy.

- O nämäň ryjasy?

- Aý, şu kärizgenleň çykdajysyny Baljan täjirden dilesek, bermezmikä?

- Aý...

- Täze ýyl şu wagtlar gelse, granma-gran gaýtaryp berjegim-ä ikuçsyz.

- Aý, baý aga bolmaýa. Men ogul öýerjek diýdim-ä.

- Ogul öýärligiň bardyr-la, gaýrat et.

- Ýok, bolmaýa. Bolsa-da bolmaýa.

Söýünhan agasynyň arkasyny çaljak boldy.

- Ýagdaýyň bar bolsa...

- Ýagdaý bolmaz, halypa. Söwda-da tarhandökerlik bolmaýa. Ýüzüňi saraldybam oturma, baý aga.

Näme üçündir owal etmeýäni, Ulugberdi baýyň birden gahary geldi.

- Bolmaz, bolmaz diýip käkeläp oturma. Bir gysym gran diýip Ulugberdi ýüzüni saraltmaz. Bolýa, Söýünhan, men işim bilen bolaýyn.

- Oturmaly eken-dä, Ulugberdi kaka. Hany, gürleşeris, düşünşeris.

- Ýok, düşünişmeýäs. Men adama karz berýänlerden däl, endigim şü. Maňa Baljan gysyk diýýäler. 

Ulugberdi gelişinden has dogumly ýöräp yzyna gitse-de nirä barýanyny, nirä barjagyny bilenokdy. Ol içinden: "Berkeliň, Orazdurdyň ýanyna baraňda-da şundan gowusyny eşitmersiň, bu-la bir daş ýerden gelen näbelet myhman. Ondan zat gaty göresi ýagdaý ýok. Hoşamaýlap turaýmalydym" diýip özüne basalyk edýärdi. Onuň öýüne dolanyp barasy gelmedi. Baý Köşüň deň-duş baýlarynyň biriniňkä sowuldy. O ýerde-de küşde kellesi gyzyp duran wagtam, oýnuň arasynda aýakly çilimi öňüne alyp gyra çekilip oturanda-da kellesinde şol bir sanjydy: "Agzasammy? Agzamasammy? Aý, ýok. Yzyňdan "Eýgermejek işiňe baş goşsaň boljagyň şodur" diýip gybatyňy ederler, ýöne ýeke granam çykmaz. Bu bir gysyklygam däl, her kim utdurmajak, samsyk görünmejek bolýa" Ulugberdi baý şeýleräk pikirler bilen ýarygijä çenli otursa-da ahyram töweregine syr bermän öýüne gaýtdy. Içi ahmyrdan doly Ulugberdi Söýünhanyň öýüniň deňine nädip ýetenini duýmady. Görse, Baljan söwdagär agaç sekiň üstünde çäşerlip, hor çekip ýatyr. Uzak günüň mal söwdasy ony gowy surnukdyrypdyr. Içi grandan doly jübem serpilip aşak sallanyp dur. Ulugberdi nädip sowulanyny bilmedi. Ýiti gezlik jübüni bildimem etmedi. Kümüş puldan gyra-gyrma jübi eliňe gowy agram salýar. Oljasy oňan baý ony goltugyna saldy-da, howlusyna tarap ýumlugaýdy. 

Daň atyp-atman her kim namaza durjak, horazlar Günüň dogjagyny jar etjek. Ulugberdi baý aýtmyşlaýyn Baljan "täjir" welin, gözüni açandan elini jübsüne ýetirdi. Ol düşeginden zöwwe dikeleninem duýmady. Ýüzi ak-tam, bolan işe haýran, söm-saýak bolup dur. Eli kündükli täret kylyp gelýän Söýünhan myhmanyna "Sag-aman ördüňmi?" diýip, elindäki suwly kündügi uzatdy.

- Pul gidipdir, Söýünhan...

- O nähili gidipdir, nirä?

- Ynha, gör-dä.

Garaja kesilen jübiň hoňkaryp duran ýerinden elini geçirip, Söýünhana görkezdi.

- Päh. 

- Düýnki ýaşulyň işidir.

- Ulugberdi kakammy? Aý, o beýle iş etmez. Oglan-uşak däl-ä...

- Gideli, gideli şoň üstüne.

- Hany, myhman ilki namazymyzy okaly.

- Seň ýadyňa namaz düşýä...

Söýünhan kündügi myhmanyň öňünde goýdy-da, özi namazlygyny ýazdy. Onuň bu parahatlygy Baljanyň göwnüne "Aga-ini dildüwşip edäýdilermikä?" diýen müňkürligi oýardy. Niçigem bolsa, ol nädip täret kylanyny, nädip namazyny bitirenini bilmese-de, öý eýesine görä bolmaly boldy. Söýünhan hem namazyny bulaşdyrmajak bolýardy, hem Ulugberdi kakasy myhmanynyň puluna el uzadarmy diýip kellesinde aýlaýardy. "Baljanda onça puluň bardygyny agasyndan başga görenem ýok. Kesekem bu jelegaýlara gelip bilmez. It-guş hökman oýaraýmaly. Beh, agamyň üstüne gitmeli boljag-ow." Söýünhan näçe ýaýdansa-da, alasarmyk ýagdaýdan bahymrak çykasy gelýärdi. Ol işikden ätläninden agasynyň olara garaşyp oturan ýaly görünmegini halamady. Emma jübiň kesilenine ör-gökden gelmäni oňardy. Daş ýerden gelen gelmşek ýurt eýesine "Çykar puly" diýip gönüläp aýtmaga çekinýärdi. Söýünhanam agasyna beýdiýip biljek däl. Ulugberdi baýam "tutulmadyk ogry däl" edýär hem Baljanyň sakalyny synlaýar "Beh, öten agşam aň etmändirin-aýt. Muň sakalynyň tolkun atyp, ýyldyraýşyn-aýt ýa üýtgeşik ýag-beýleki çalýamyka?"  Ahyry Baljan söwdagär bolmajagyna göz ýetirdi.

- Bolýa, baý aga, sen utduň. Oýunçy utulanyny bilse ýagşy. Gel, şo puluň ýarsy seňki bolsun. Ene süýdünden halal. Täze ýylam, asyl hijem gaýtaryp berjegem bolma.

Ulugberdi baýyň ýüzi şobada üýtgedi. Ol söwdagäriň has ýakynyna süýşüp gözlerine çiňňerildi.

- Sözüň sözmüdir?

- Sözdür.

Baý, oglan ýaly, ýeňil gopup, goňşy tamyndan kesilen jübini granlary bilen alyp geldi. Muny gören Söýünhan agasynyň ýüzüne seredip bilmedi. Ulugberdi baý welin, inisiniň ýüzüni aşak salanyny görse-de görmedik boldy. Ol gelişine düýe çöken ýaly, çökdi-de granlary paýlamaga durdy. Baý altynlaryň birini öz öňüne goýsa beýlekisini myhmanyň öňüne oklaýar. Oklanýan granlar biri-birine degende şyňňyrdap ses edýär. Bu ses Ulugberdiň gulagyna saz bolup degýärdi.

"Pahyr soň-soňlar "Söýünhan, käriziň suwuna haramam goşaýdym-da, şondanmyka, ne suwum galdy, ne ýerim. "Belşewik" diýdi, "batrak" diýdi, "gulak" diýdi - bela başymyzdan sowulmady" diýipdi. Söýünhanyň özem şol wakadan soň kän wagt aýňalyp bilmän gezipdi. Ol gaýta-gaýta içinden "Heý, adamam myhmanyň jübsüne elini uzadarmy. Onda-da tutuş töreleň sylanýan baýy, gyssansa hossary bolup oturan Ulugberdi baýyň etjek işimi? Jahyl-juwanam däl, sakalyna ak giren epeý kişi. Ahyrzaman geldi-le, biz ýöne bilemizok..."

Bu wakalara bujagaz çäýnegem şaýat, suwy şaglap akýan kärizem. Söýünhan sakal agasyny näçe aýyplap gezenem bolsa, häzir muny başarmaýardy. Suw gelip, bu ýerler özbaşyna küren oba öwrüldi. "Käriz obasy" diýip at aldy. Giden millet çörekli boldy. Käte käbir zatlar öz-özünden bolaýýana-da meňzäýýär...

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.