Gürleme
Goşgylar | 9 teswir | 938 okalan
Gürleme!
Diliňe alma!
Sözde ýalan bar.
Gepiň içine salma
Garma saman-sepile
Sygdyrma dile
Gürleme!
Gürrüňde kölege,
Şelaýynlyk, haýýarlyk.
Haramlyk, haýynlyk
Näme diýseň bar
Sözde.
Gürleme.
Gögüň gümmürdisi,
Asmandan daman damja...
Ejemiň gözleri,
Çytyk gaşlary kakamyň...
Çagamyň boýnundaky düwmäň
Şyňňyrdysy.
Çüýi gowşan gapymyň
Çalaja iňňildisi.
Dagdan iýnen dury çeşmäň
Şildirdisi...
Ýüregmi üzere getiren dutaryň
Tirňildisi...
Gürleseň gürle, şulaň dilinde,
Dilin-de...
Ýogsa, gürleme!
Dileseň Hakdan dile
Diliň bile däl.
Gözden akýan ýaşyň bile
Biri kem ýetmişe ýeten
Ýaşyň bile...
Teswirler (9 sany)
Kerim:
17 Oktýabr, 2023
Namart ekiñaÿ
Maksat Taymazov:
20 Aprel, 2024
23.04.2024 April
erbet dal eser yone biznes eserler bolsa has gowy bolardy.
Maksat Taymazov:
20 Aprel, 2024
???.
Bayramberdiii:
21 Aprel, 2024
arzuwcul: hydyr aga haÿysym integam bitenok
Bayramberdiii:
21 Aprel, 2024
Men aytjak bolyan zadym biznes kitaplar adamyn beynisine beyleki eserlere gora gowy
Bayramberdiii:
21 Aprel, 2024
hydyr aga su sayda giryan bolsanyz meñ hayysymy bitirip beray agam hayys!!!.
Bayramberdiii:
21 Aprel, 2024
Kerwen:hmm
kerim:
28 Aprel, 2024
salam bolsun agza doslara
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
"Diliň bile däl.
Gözden akýan ýaşyň bile"
bääähh bäh... uludan dem aldyrýan ýerleri