Hurmagülüň penjiresi | Eserler | Hydyr Amangeldi

Hurmagülüň penjiresi

Hekaýalar | 4 teswir | 900 okalan

Söýünhan sakal düýn ömründe etmeýänini etdi – kyrka ýetip barýan ogluna oglan käýýän ýaly käýýedi. Mundanam Aşyrgeldi däl, özi kän kösendi gerek. Ýer yranandan soň, kesegiň aşagyndan diri çykaranlaryny çykardylar, ýogalanlaram Hoja mazarda depin edildi. Ýaşulularyň bar işi birnäçe günläp diňe adam jaýlamak, ýuwar ýalsy ýuwuldy, şehit ady bilen şo durşuna gömülenlerem az däl. Bu bir bela, iki-ýeke Söýünhan agalar ýaly bolaýmasa, ýara düşmedik, ýas tutmadyk öý galdymy? Aslynda öýleň özem ýok. Ýerine käýerde bir dik duran çig kerpiçden galdyrylan diwar, olaram üstüňe gaýdaýmasyn diýip ýykdylar. Kolhozyň bаşlygy Aşyrgeldi halky ýygnap, umumy ýygnak edip, obany gündogardan, Berkeliň ýabyndanam aňyrdan, ak ekin ekilýän düz meýdandan salmaly diýip karar çykardy. Elbet, bu karary ol şäherdäki ketdeler bilenem maslahatlaşyp, razylaşypdy. Ilki täze obaň kartasy çyzyldy. Soňam şoňa görä ýerler paýlandy. Her tire özbaşyna hatar gurmaly diýildi. Bu meselede Aşyrgeldi ýaşululary diňledi. Her kimem garym-gatym oturanyndan öz tiredeşi bilen goňşy bolanyny kem görmedi. Tireparazlyk, ýene şoňa meňzeş nysak çykarara adamlarda ýagdaý ýokdy. Ýas, duýdansyz gelen bela adamlara tiräň beýle-de dursun, kürtüň-türkmeniňem şol bir adamdygyny düşündirdi. Eýrandan bärik geçip, serhet bekändensoňam yzyna geçibilmedik, ýerli halkyň “kürt”diýilýän toparyndanam demini sanap ýatan tekäni kesegiň aşagyndan çykarany kändi. Olar ömürboýy şol “kürte” minnetdar bolup ýaşasalaram azdy. Hatar tutanyň bilen tire bolup topalaň etjek miltiňem ýok. Otuz ýedinji ýyl diýilýän adamlary topalaňa hyýalam etmez ýaly edipdi. Aslynda, bu zatlar hiç kimiň ýadyna-da düşenok. Ýadyna düşýänler üçünem halkyň bir hatarda, eliň aýasynda ýaly bolup oturmagy has amatly. Öý sanyna görä her tirä ýer bölüp berdiler. Bir tarapdan Aşyrgeldi üçinem bu kem däl, haýsy tireden ýaramazlyk çyksa, şoň ýaşulusyny “kantura” çagyraýmalydy. “Gözüňi sibirde açasyň gelýämi?” diýen ýaly ýörgünli sözleň haýbatam entek doly ýatanok. Obany Pöwrüze ýolundanam, Büzmeýiniňkidenem daşyrakda tutdular. Aşyrgeldi muny “Entän, niýeti pis sowulyp durmaz” diýip ýeke sözlemde ýaşululara düşündirdi. Her kimem muny kem görmedi. Ýogsa goňşy obalar – Köşem  Gypjagam, Gökje-de uly ýollaň ýakasynda. Aşyrgeldi öz öýüniňem obaň ortasynda däl-de bir çetinde tutulanyny kem görmedi. Söýünhan sakal-a asylam köpçülikden çekeräk adam. Halkyň gaňyrşyna-da gitmez, ýöne özbaşynarak ýaşar. Halkyň içinde ýaşulyny özüne çekýänden çekindirýän tarapy kändi. Uruş diýdi, Ýer yranma diýdi, mekdep diýdi, radio diýdi adamlarda birhili täze, özüne kybap bolmadyk düşünjeler döredi. Alla şükür edip, tapanyňa kaýyl ýaşap ýörmegi düzgün edinen Söýünhan sakalyň göwnüne millet başgalaşyp barýady. Mekdep diýýänlerinde Alla ýok diýip yzygiderli ündelip durulmasa-da, din öwredilmeýär, “könäň zyýanly galyndysy” diýip bir gepem tapdylar. Şeýtdi-de Alla-da “galyndy” boldy durberdi. “Ýok beýle däl” diýer ýalam däl. Uly il Allasyzam iýjegini tapyp ýör. Ýer yranaýan güni her kim Alla diýdi, ýöne ýyldyrym çakan ýaly. Ertesi her kim öý dikeltmek, ölüsini gömmek bilen başagaý. Alla diýip otursaň boljagam däl. Aşyrgeldi obaň ilersinde üstüňe abanyp duran Köpetdagyň jülgelerinde, kemerlerinde aw edensoň, ýegre dostlary serhet goraýan rus ofisserleridi. Olaryň kolhoza-da el kömegem, maşyn kömegem degip dur. Adamgara goýberilmeýän, iki serhet arasyndaky giden meýdanda kolhozyň mallaryny bakmaga rugsatam berýädiler. Garaz, Aşyrgeldi aýtmyşlaýyn “Iýdirip-içireniňe degýän adamlar.” Ýer yranandan soň täze obany dikeltmäge-de, serhetde gulluk edýän esger ýigitleriň uly kömegi degdi. Gurluşyga gerek pürsdür-tagtanam tapyşdylar, özlerinde baryny paýlaşdylar. Aşyrgeldiň özi üçün-ä edaraň bir jaýyny durşuna söküp, getirip gurup berdiler. Bu betbagtçylyk Aşyrgeldi başlygyň abraýyny hasam artdyrdy. Gyssanan “Başlyk, onym ýok, munym ýetenok” diýip oň ýanyna geldi. Ýaşy kyrka ýetip barýan, akyl käsesi dolan pyýada, durmuşyň kynçylygynam çeken, ýetimligem, garyplygam, gaçgaklygam, şahsy duşmançylygam başyndan geçiren başlyk, garamaýak halky öz içersindenem ileri görýämikä diýdirýär. Söýünhan sakalyň onuň “jylawyndan” çekmeýänem şondandy. Käteler içinden “Biziň namaz okap gazanýanymyzy, bi ile-güne ýagşylyk edip gazanjak” diýerdi. Şonuň üçin perzendiniň namaz okamaýanyna-da, “içgi-çekgisine-de” göz ýumýar. Ýöne şo gün welin, saklanyp bilmedi. Asyl, saklanjagam bolmady. Aşyrgeldiň özi üçin saldyrýan jaýynyň sütünlerini dikipdiler. 

-       Jaýyň beýikligi şu sütünlere görä boljakdyr-da?

-       Hawa, Söýünhan aga.

-       Kes şü taýdan.

Goja hasasynyň ujy bilen sütünleriň kesilmeli ýerini ussalara görkezýärdi. Garryň häsiýetine belet ussalar, nälaç ýogyn pürsleri pyçgylap gysgaltdylar. Şol wagtam Aşyrgeldi geldi.

-       Muny nädäýipsiňiz? 

-       Men etdirdim. Gaýraňa seret, heý ilde seňki ýaly beýik jaý salýany barmy? Näme pylanyň jaýy diýdirjek bolýaňmy? Içini giň ederler jaýyň.

Aşyrgeldi kakasyna ýeke sözem diýip bilmedi. Kakaňa gaýtargy berip boljakmy? Ol sesini çykarmady-da, öýüne-de girmän, ýene kanturyna garşy tutduryp gitdi. Öýkelän oglunyň ýeňsesinden seredip galsa-da, Söýünhan sakal eden işine ökünmedi. 

Ikindisini okan ýaşuly güneşe çykyp, goýun agylynyň gapdalynda içini hümledip oturdy. Ol öz-özüne “Burnunyň aşagy ýaňy garalyp ugran oglana hojalygy tabşyrdyň. Ýatan çöpi galdyrmadyň. Indi gel-gel segsene ýetip barýan halyňa sütün bilen näme işiň, jaý bilen näme işiň?” diýip bilenokdy. Onuň ýüreginde düşnüksiz howsala bardy. “Bu milletiň öňüne düşýäni Aşyrgeldi, oňam edýäni şu bolsa...” Her ýerde bir tegelenip duran ak öýlere gözi öwrenşen Söýüünhan aga adamlaryň ýerli-ýerden haýdaşyp palçykdan kepbe galdyrmasyna näme diýjegini bilmeýärdi. Hasam sähel zatdan çökder manylary çykarýan ýaşulyň paýhasy salynýan jaýlaryň degiş-degiş hatar-hatarlygyny kabul etmeýärdi. “Nähili ýaşaljakka? Ogul diýer, gelin diýer goňşyň gapysyna girseň-çyksaň gözüň düşüp durmazmaýt?! Ýa goňşyň güni görnüp dursa gowymyka? Özümem näçe ýyldyr içinde otyryn welin, laý kepbeler öýe däl, ketege meňzeýändir öýtmändirin. Oglumyňka ýene giňişgenräk. Kakama, aýallara, özüme diýip bölüşdiripdir. Il-günem-ä bölen bolýa. Mal-garaň hordaragy bir ýere, süsegrägi beýlekä salynar diýip, agyllaň bölünýänini bilýäs. Ýer gytlygam-a ýok. Ýa “deň hukuk” diýilýäni şümükä? Aýallarymyzyň başyndaky börügini ýakdyrdy – hiç zat bolmady. Bulam şondan beter däldir-le. Şonda ýaşululardan biri “Ne güne galdyk, heleýlerimiziň başyny ýalaňaçlatdyk” diýende, Ulugberdi töre: “Heleýiň bürünjegini özüň bürenersiň diýmese şükür et” diýip azgyrlypdy. Ýaşulular aýallaň börügi dört barmakdan beýik bolmasyn diýip öýme-öý aýlanypdylar. Şeýdip, Köşüdäki bürenjek ýakyşlyk Käriz obasynda bolmandy. 

“Sapargeldi agamyň, Ulugberdi atamyň agtyklaryna gözüm düşüp durar-da, näme?” Şeýleräk oýlary edýän garry “täze oba” diýilýänine düşünjek bolýardy. Göwnüne özünden başga kişi muň pikirinem edenok. Baryny gabap, giňiräk agyla salsaň, şonda-da göwnibir ýaşap ýörjege meňzeýäni gojany haýran edýärdi. Hälden bäri bu tamlar nämänidir ýadyna salsa-da hakydasyna getirip bilmeýän goja birden dikeldi. Onuň ýadyna Aşyrgeldiň gününe goýman äkiden ýeri “zowpark” düşdi. Tilki-şagal – dürli haýwanlardan tutupdyrlar-da dar keteklere salypdyrlar. Şonda towşanlary geň görüp synlan goja içinden “Bu janawerleri beýdibem saklasa boljak ekenow” diýipdi. Hakyt şol towşan ketekleri. Hasasyna çala direnip howlukman jaýyna gelen Söýünhan sakalyň öýüne girmäge aýagy çekmese-de başga alajy ýok. Oturany bilen saçak ýazan Hurmagülüň gynanjy gözünde. 

Ilki badalar, Hurmagül gaýdyp geläýende ýerdölede ýaşardylar. Gelinem garaňky bolýa diýip, bir ýerlerden aýna döwügini tapyp, ýerdöläň depesinden yş düşer ýaly edipdi. Obaň baý gelinlerem “Ýörüň Hurma gelniň penjiresini göreliň” diýişip, ýaýkanşyp gelýädiler. Içlerinde jak-jaklap gülýänem bar. “Anjaýyn eden bolaýşşyny” diýişen bolýalar. “Hyh, tüf” edişip, dodak çöwürip, tüýkürişýädiler. Dünýe salyşykly çemçe, bu gün şol öňki baý heleýleriň Syrderýaň boýunda mazary galdy, ugradylmadyklaryňam güni özünkiň, kelhozyň hojaýynynyň ýaşaýşynyň ýaryça ýok. Indi senem tüýkürseň tüýküriber. Şeýle-de öňi eýwanly jaý obada başga hiç kimde bolmaz. Aşyrgeli salynýan jaýy ýere çyzyp düşündirende Hurmagülüň iň begenen zady şol eýwan. Ýogsa adamsynyň eýwan diýýänine ol gaty bir düşünibem baranok. 

“Gelin, senem barýaka akyl ýetirersiň. Bu dünýe begeneniňe, gynananyňa degýän däldir. Gördüň-ä iki bökdürende, ählisini haraba öwürdi. Bir eden ikinji gezek edip bilmez öýdýämiň?!” Gelnine aýdylmaly bu sözler gojaň içinde galdy. Ýöne gaýnatasynyň ýüzüne seredende näme diýjek bolýanyny bilmäni öwrenen Hurmagül häzirem onuň diline almadyklaryny eşdýär. Şonda-da adam çig süýt emen-dä. Gelin kesilip gysgaldylan sütünlere çyny bilen gynanypdy. 

Teswirler (4 sany)

Mango Tropikano:
06 Iýun, 2022

“Hasam sähel zatdan çökder manylary çykarýan ýaşulyň paýhasy salynýan jaýlaryň degiş-degiş hatar-hatarlygyny kabul etmeýärdi”.

Söýünhan aga Täze zamany görse näme diýerdik-ä?
Hem hatar-hatar, hem meňzeşje, görnüşi bilenem, reňki bilenem….

Depesi aýnaly jaý…. Gyzykly çözgüt.

Hekaýa real waka esasynda öýdýän.
Minnetdar Hydyr aga.
Gowy hekaýa.

Aýgül Ýazweliýewa :
22 Aprel, 2024

erbet dal hekaya hydyr aga men hayysymy bitirip beray hayys!!!.

Aýgül Ýazweliýewa :
22 Aprel, 2024

erbet dal hekaya hydyr aga men hayysymy bitirip beray hayys!!!.

Aýgül Ýazweliýewa :
22 Aprel, 2024

hydyr aga

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.