Remezanyň goşgulary
Bu goşgular meňki däl. Remezan diýip bir ýigit iberdi. Menem olary siziň bilen paýlaşaýyn diýdim. Bilýän ekizlerde diňe Ylýas ikimiz ýazanlarymyzy goýýardyk. Gelekde-de şony etmekçi. Ýöne Remezanyň goşgularyny şol kadadan çykma hökmünde kabul ediň. Pikieleriňizi ýazyň.
Ýene-de Remezanyň goşgularyndan biraz galdy. Olaram soň goýaryn.
Gyzym.
Gyzym!
Seni
Unudandyr öýtmegin,
Ýanyňa gelerin, aýda ýa ýylda.
Asyl, eneň bilen ir säher, agşam
Belki,
hasaby ýok, ýatlaýas günde.
Sen bolaňda begenipdim,
Çägi ýok.
Bu barada aýtsam ýüregim para.
Elbetde,
Ol günler gaýdyp gelenok.
Gaýtaryp getirsem tapardym çäre.
Ah, Gyzym,
Ah, gyzym, naçarym meniň,
Sypardym, ogşardym seniň başyňdan...
Şeý, diýdi-de, ýüregini agladyp,
Ata turdy, bir mazaryň başyndan...
* * *
Palçy.
Hamana bilýän dek, geljege garap,
Köne karty garyp atýar palyny,
Pikirleriñ beýan edýär jikme-jik,
Ine, onsañ ynanylmaz ýalymy?
Aslynda taşlanan gurra ynanyp,
Geljegimi gözlemändim palymda,
Ilki bäşlik zyñdym, soñ bolsa onluk,
Bu zatlar hiç...
Gyzyklanmañ ýanynda.
Garyşdyryp karty bakyp gözüme,
Ogluñ pylany bor, gyzyñ pylançy,
Ýylgyryp, ýanyndan turdumda gaýtdym,
"Basym öýlenýärsiñ" diýende palçy.
16.11.2022ý
* * *
Mugallym.
Ak saçly gojanyñ yzyndan ýetip,
Salam berdi, ýaş gujurly mugallym,
Mähirli ýylgyryp salamyn aldy,
-Ýagdaýlaryñ niçik gowumyñ oglum.
Ýitigini tapan ýaly ýaş ýigit,
Elini göýbermän saklady salym.
-Şu derejä ýetirdiñiz, minnetdar!
Ýaş wagtym terbiýe berdiñ mugallym.
-Okuwçy wagtlarym, synpdaş oglanym,
Dakynyp gelipdi owadan sagat,
Gözüm gidip, gizlinlikde alypdym,
Ýitirenin, size arz etdi aglap.
-Kim aldy,
Jogap ýok, elbetde utanç,
Iküç gezek sorap, tapyp bir çäre,
- Ýeriñizden turuñ duruñ nyzama,
Gözüñiz ýum diýip, goýduñ hatara.
Barlagdan geçirip ýekänme-ýekän,
Deñime geldiñde menem barladyñ,
Emaýlyk bilen meñ başymy sypap,
Alypdyñ ogurlap alan sagadym.
Şonda-da, maña hi:ç zat diýmediñ,
Hat-da maña gazaplanyp bakmadyñ,
Durmuşymda maña ullakan sapak,
Beripdiñiz,
Şindem...
Men unutmadym.
-Şeýlemi?
Ýylgyrdy goja mugallym.
-Ol wakany, men şol güni unutdym,
Siziñ gözüñizi açmañ diýemde,
Sagady alamda, gözüm ýumupdym...
Mugallym diýen bir hekaýany okap, başardygymdam goşga geçirmek isledim.
15.11.2022ý
Wirtualda söýgi döräli bäri.
Adamlar düşdüm men täsin durmuşa,
Wirtualda söýgi döräli bäri,
Bendi etdi, geçip sosial görnüşe,
Wirtualda söýgi döräli bäri.
Gündizim geçenok, gije ýatamok,
Eger, ýazyşmasam, günüm ötenok,
Wah, al kakmyş megabaýdam ýetenok,
Wirtualda söýgi döräli bäri.
Öýümde işler kän ýetenok elim,
Ýazyşýan hatlarym, Balym-da, gülüm,
Duýgymy paýlaşýan smaýlik bilen.
Wirtualda söýgi döräli bäri.
Wi fi öçse, erbet gelýär gaharym,
Sesini eştmesem nädip ýataryn,
Derrew adyn kontaktdan taparyn,
Wirtualda söýgi döräli bäri.
Unutmaly boldum, mejbury ýatdan,
Telefonym gaçdy bökemde ýapdan,
Olam meni aýyrypdyr hasapdan,
Wirtualda söýgiñ döreýşi ýaly.
04.11.2022ý
* * *
Aglaşdylar,
Göterdiler jesedin,
Nowjuwan, açylan ter gözel gyzyñ
Ýöne il içinde gepi köpeldi,
Myş-myşlar göterdi öliniñ yzyn.
-Ol, edeplidi.
Estagfuralla,
Adamzat ölmese, görjek her zady
Akylly diýäniñ çykýar bihaýa
Jaý ýerine ýetmänkä, porsady ady.
-Özüne kast etjek gyzlardan däldi.
-akyllydy,
-edeplije çagady,
-Aýt joram, bu zadyñ sebäbi näme?
Ene welin, bagryn tutup aglady,
Gyz gitdi.
Göwrelimiş diýdiler,
Käsi ýeter-ýetmezlikden diýişdi.
Anyk sebäbini bilýän adam ýok,
Myş-myş gybatlara, siñekler üýşdi.
Ýöne,
Gyz namysynam gorapdy,
Ýetmezçilikdenem gezmezdi nalap,
Kalbyna ot salan kiçijek haty,
Okap, geçiripdi gijesin aglap...
...Aglaşdylar.
Aglaşdylar ses edip,
Ýany bilen äkidipdi syryny.
Gybatyn etdiler, giden jesediñ,
Güman tutdy, hakykatyñ ýerini.
* * *
Ýadymdan çykmasyn diýip,
Ekipdim,
Bir ýaş nahaly.
Ulaldy, ýaşyl öwüsdi,
Ýaz pasly,
gelen mahaly.
Ýatlaýan....
gözüm düşende,
Seniñ bilen duşan günim.
Seniñ bagtyñ bolsa bolýa,
Ýatlan wagtym,
Her dilegim...
Güýz geldi,
saraldy ýaprak.
Unutmazlyk üçin ýene,
Yhlasymy gaýgyrmadym,
Unutmaryn soñky demem...
...Ah, çäre ýok,
Söz beripdim,
Ýöne,
unutmaýyn nädip,
Nahalyma gurap barýar,
Ýapraklaram düşýär gaýyp...
* * *
Adamlar!kalbym
Men täsin tokaýa düşdüm.
...Ýolbars ýer sürüp ýör,
Syçan it kowýar,
Siňek şäher gurýar,
Ary söwdigär,
Balyk aýdym aýdýar,
Çybyn ýer köwýär,
Möjek goýun bakýar,
Şagal goragçy,
Tilki buýruk berýär,
Towşan soragçy,
Pişik Pil awlaýar,
Tal miwe berýär,
Doňuz top oýnaýar,
Pyşdyl ylgaýar,
Çägeden ýöräp barýar, ulakan gämi,
Bürgüt ýasanypdyr, derýadan hini,
Gije gün dogup dur,
Bulutlar ýerde,
Demir otda doňýar,
Ereýär garda,
Ýylan ganat kakýar,
Daglar asmanda,
Älemgoşar çykypdur,
Ýeriň astyndan,
Mekdepde mugallym,
Len diýen haýwan,
Bu görýän zatlarym,
Düýşmi ýa huşmy?
Geň galýan,
Geň galýan,
Galýaryn haýran...
Ýazýaryn goşgy...
* * *
Gel, nesihat bereýin, akyl alýan ýok indi,
Akmak saýmaz hiç kişi, senem şolaň birisiň.
Seni daşdan synlanlar, diýer şagal ýa tilki,
Garyp bol, ýa isle baý, öz ykbalyň şirisiň.
Gürlemegi öwrenseň, lal bolsun seň ýoldaşyň,
Syrly bolar sözleriň, düşünersiň üm bilen.
Gije gezer bolarsyň, ogry bolsa ýoldaşyň,
Gündiz ýatyp geçersiň, öwrenşersiň tüm bilen.
Ýalňyz galsaň unutma, ýoldaş tutun kitaby,
Pikirlenip ädim ät, görünsede gözýetim,
Gowy işiň başynda, edip bilmän utanyp,
Gezip ýörme.
Erjelli, tutanýer bol ahbetin.
Bürgüt ýaly göterlip, galsaň asmana sary,
Dag başy dumanlydyr, şondan belende ozma,
Basjak ýelem tapylar, ganatyň gyrar biri,
Seniň ryskyň ýerdedir, ýerden örküňi üzme.
Şudur saňa nesihat, başyňa kynlyk düşse,
"Yzy gowy bor" diýip, ýorybergin oňluga.
Entek näme görüpsiň, razysyň günüň geçse...
Şeýdip,
Akyl berýärin, gundagdaky ogluma.....
* * *
Sähra ýaşyl öwüsdi,
Kä-te, sepýär ýagmyryn.
Bagra basyp sypaýan,
Gün öňünden çyglaryn.
Günüň ýaňy dogşy deý,
Janlanşy deý, agajyň,
Täze dogan aý bolup,
Ýylgyrsana, çalaja!
Süýji uka batamda,
Saçlarymy çeksene!
Üstüme böküp, münüp,
Ýaňagymdan öpsene!
Ömrüme bezeg berdiň,
Akar çeşmä öwrülip,
Bagt goşduň bagtyma,
Begen,
Şatlan,
Gül oglum!
Goňşy sözi senden asyl eşdemok,
Ýaman bolsam meniň bilen oňşyber.
Kyn günümde, şat günümde paýlaşýan,
Medet bergin, hemsaýa ber, goňşy ber.
Ak ýürekden göwnüňe zat getirme,
Goňşy diýip, bähbidiňi ýitirme,
Göwnüň galsa, kese garap oturma,
Ýa Ýaradan, güler ýüzli goňşy ber.
Köçä çyksaň, gybat etýäň men hakda,
Salam, berip güler ýüzli bolsakda.
Mellegide gysyp barýaň bir çetden.
Ýa Ýaradan, bir ynsaply goňşy ber.
Ýas tutsak, öýüňde aýdym saz gurýaň,
Toý tutsak, çemçäňi ilden öň urýaň,
Şonda-da seň bilen oňuşyberýän,
Oňuşypdym, oňuşaryn, oňşyber,
Razy, Allam gadyr bilen goňşy bor.
GÜN DOGDY...
Gün dogdy,
Ýene etmeli işler,
Düýn bolşy ýaly galmasyn ertä.
Bolmady , çykdy ýene bir säwlik,
Şony düzeltsem, soň etsem borda...
Güýmenip ýörşüme, wagt geçipdir.
Gün galypdyr. Dik ýokarda eýýäm.
Dosdum jaň edýär, ýumuşy bilen,
Ony bitirýänçäm bolupd:r öýlän.
Bolupdyr öýlän,
Gün ýaşyp barýar.
Irdenki işimede gar ýagdy.
Aý bolýa, indi erte ederin,
Öňümiz gije ...
Ýene, gün dogdy.
* * *
Gaýdyp ber!
Ol, neresse çagamy,
Üýtgedip, bu dünýäniň kadasyn...
Taýy bilen gülüşip,
Keýpine,
Şatlansyn, goý ol,
Oýnap ýadasyn.
Gaýdyp ber!
Meň görmedik doganym,
Gaýdyp ber!
Daýy, Kowum gardaşlam,
Goňşymyň ýetim galan ogluna,
Gaýdyp ber!
Enesniň mährin içsin.
Soňky dilegim, Atamy beriň!
Direlsin,
Bagtly saýsyn özlerin.
Olara derek özüm gideýin,
Hyd:r ata duşsam aýtjak sözlerim.
* * *
Eje!
Sizi ynjydan bolsam!
Ýa, agladan bolsam,
Meni bagyşla!
Çagaň men entegem,
Ulalyp bilmän...
Bilýäni ýok, betlikden başga.
Eje!
Serhoşlukdan açylyp bilmän,
Özümi bilemok,
Barýan ýolumy.
Göýä, terkidünýä,
Janserek bolup,
Çykmadyk janym,
Ölen ýalymy?
Eje!
Ýeke duýýan,
Bu giň dünýäde,
Çalardy saçlaryň,
Ogluň derdinden.
Günäm bolsa bagyşla,
Giderin bir gün,
Bir wagtlar,
Diriligme öldüm men...
* * *
Alma nahaly,
Ulaldy, ösdi.
Boý getirdi.
Hasyl berdi enaýy.
Her şahada,
Her gülünde bir miwe.
Alma, injir, nar, erik, garaly.
Göz gerek görmäge,
Waspyna diliň,
Uly ýürek gerek, saýalmaga.
Yralap şahasyn sypaýan eliň,
Ýapragyn döküp,
Zaýalamaga.
Gije -gündiz ogrysy bar,
Zary bar.
Goýy kölegesi - şagal mesgeni.
Miwesin datmadyklar hyrydar.
Şirlerde oýanýar,
Utanç messebi.
Güýz geldi.
Ynha saraldy ýaprak.
Indi habar soraýan ýok,
Halyndan,
Şagallaň yzyn, ýapsada toprak.
Ol.
Harapdy,
Uwwuldynyň zaryndan.
Öňkiler ýaly,
Miweleri ýok.
Öz wagtynda
Gerildiň, göze saýlanyp.
Otyr,
Okünip, başyn yralap.
Geçmişdäki,
Ýalňyş hakda oýlanyp...
* * *
Biri gürrüň berdi, durmuşy hakda,
Başyndan geçiren külpetlerini.
Özüniň beýgelip, pese düşüşin,
Basyp geçenin, Ülpetlerini.
Bagty çüwüp,
Pul, maşynyn gazanşyn,
Çürkeýşi hakynda söwer dostuny.
Aýalyny altyn bilen bezeýşin,
Pul bilen gömenmiş onuň üstüni.
Ynha,
Görsem, içip guma bulaşyp.
Maňa gürrüň beren günüň ertesi.
Gör durmuşy?
Ýumak ýaly çolaşyk...
Bu durmuşyň özi täsin erteki.
* * *
Yssy, tapbat,
Ymgyr çöl.
Assa ýöräp...
Alyslarda görünýärdi damjalar,
Alaňdan-alaňa barýan büdüräp,
Ýalaňaç aýaga tiken sünjüler.
Ýene-de şol öwrüm,
Şol öňki peýzaž.
Teşne indi haçan ynjalar,
Salgyma aldanyp barýaryn ine,
Alyslarda görünip dur damjalar...
Remezan Mämetgurbanow.
Teswirler (5 sany)
GOWY GOSGYLAR
GOWY GOSGYLAR
erbet dal...su saytda name ucin tesbir kan kabul edilonokka?.
arzuwcyl:gosgy gowa bolupdyr wn gurbannazar ezizowynky yaly dalda.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Gyzym goşgusy gaty täsirlendirdi