Ok (hekaýa)
Ellinji ýyllaryň başlarydy. Şäheriň milisiýasynda işe başlan ilki günümdi. Baýmyrat Sähedow diýilýän kapitan bilen gije nobatçylyk etmelidim. Emma Baýmyradyň dişi agryp, güp ýaly çişipdir, onsoň Rejep Ataýew diýilýän bilen onuň ýerini çalyşdylar. Rejep Ataýewiň bir ganhory tutandygy, şonuň üçin medal bilen sylaglanyny naçalnigiň kabulhanasynda diwardan asylan «Hormat tagtasyndan» okapdym. Şo ýerde egnindäki formasy ýüzüne gelşip duran at ýüzli ýigidiň suratam bardy. Şonuň üçin begenmänem durmadym, bolmanda nobatçylykda ganhorly wakany eşderin diýip pikir etdim. «Nobatçylyk» diýilýänem Aşgabadyň merkezi köçelerinde gije ýatman aýlanyp ýörmeli. Urşam, Ýer yranma-da geçip, «geçdigi bolsun» diýlip parahat, asuda ýaşaýşyň lezzeti bilinýän ýyllar başlanypdy. Iki-ýeke ogrulyk, uruş-çygyryş bolaýsa-da şäheriň çet ýakalarynda bolýar. Gije-de Aý-aýdyň, ýazyň ortaky aýlarynyň salkyn gijeleriniň biri. Menem ýaňy goşun gullugyny sowup gelen ýigit, keýpine-de şäheriň çola köçelerinde gezesim gelýär. Ýanymdaky ýoldaşym, Rejep diýilýänem başda aýdyşym ýaly öňden bäri bu ugurda işläp ýören, tejribeli adam. Menden on-onki ýaşa uludyr. Daýanykly, buýra-buýra gara saçlary ýüzüne gelşip duran, garagözelek syratly pyýadany görnimden göwnüm ýetdi. Ol ýalaň bolmasa, ýylgyryp arkama kakýar-da «şeýle dos jan» diýýär. Gele-gelmäne «dos jan» diýilmegime hoşal, ikimiz tirkeşip ýörüs. Rejep gürrüň berýär, menem häsini ýetirýän, eýdip-beýdip daňy atyrmaly ahyryn. O wagt işe duran ilkinji gijämiň ömür ýadymdan çykmajak gije boljagyny nireden bileýin. Rejep garaýagyz ýüzünde hasam akjaryp görünýän dişlerini görkezip ýylgyrdy:
- Ynanýaňmy, meň hiç dişim agyranok.
- Aý, nätdiň-aý.
- Hawa, gara çynym. Azylamdan iki-ýeke owranyp döküleni bar welin, sähelçe-de agyrmaz.
- Bäh, oň ýalam bolýam-aý?
- Başga biri aýtsa özümem geň görjek. Bolaýsam dört ýa bäş ýaşlarymdadym. Şeýle bir dişim agyrdy. Şu wagtam ýadyma düşýä welin, birhili boluberýän. Daşarda ýatýardyk. Tomusdy, bilmedim dişim agyrandanmy, şeýle yssy – petiş gijedi. Uzak gijäni aglap geçirdim. Gözümden akýan ýaşdan, derden ýaňa ýassygym myžžyk bolupdy. Ne ejem, ne enem, ne-de atam meň sesime ýatyp bildiler. Biri dişimiň köwegine duz dyksa, beýlekisi duzy gyzdyryp daşyndan ýapýar. Emma hiç peýdasy ýokdy. Ahyry daň atdy. Dişimiň çişine agzym zordan açylýa, aglamakdan ýaňa sesim gyrylyp gidipdi, kelläm güňläp durdy. Hawa, şeýdip daň atdy welin segsene golaýlan garryja enem geldi-de goşawujymy gyzyl bugdaý däneleri bilen doldurdy. O wagt çaga-da, bugdaý dänesinem elime ilki alyşym bolaýmasa. Böwrek ýaly dok, gyzyl dänelriň aýama batyşy şu wagtam göz öňüme gelip dur. Enem şeýle mähirli, dili süýji garrydy, ak gyňajam daňynýady.
- Goý, balajygym. Bibi Patma janyň ýoluna çykaly, Alla jandan dileg edeli, dişiň agyrysy şo bada aýrylar – diýip çep elimden tutdy-da Günbatarlygyna tarap alyp ugrady. Gündogary, Günbataram bilemok welin, ilerimiz daglykdy, edil Günüň batýan ýerinde-de gerşi beýlekilerden saýlanyp duran beýik dag bardy, ana şoňa tarap on-onbäş ädim töweregi ýöredik. Belki, Bibi Patma däldir, mümkin Paraw Bibi diýendir, ýadymdan çykarypdyryn. Dym gyzyl dänelerden welin, gözümi aýyryp bilemokdym. Ýöräp ugranymyzdan dişimde agyry galmady. Enem:
- Sep, oglum bugdaýlaryňy. Bismillarahmanrrahym! Emiň-ýomuň şol bolsun – diýdi-de, öz elindäki bugdaýlary öňüne sepip goýberdi. Menem sepen boldum. Bugdaýlar ýarym ädim öňüme düşdüler. Men jadylanan ýaly bir olara, bir eneme seredýädim. Soň enem çommalyp, kündük ýaljak bolup oturdy-da, içinden az salym bir zatlar pyşyrdady, elini ýüzüne ýetirip «Allahu ekber» diýdi. Dünýäni unudyp, enemiň hereketlerini sypdyrman synlap durşuma, olary gaýtalaýardym. Elimiň aýasyny açyp, çommalyp ýanjagazynda oturdym. Zordan dilim öwrülse-de «Allahu ekber» diýdim. Soň öýmüze uly ýoldan dolanyp gelen ýaly gelenimizi, ýassyga başymy goýanymy bilýän. Atamam: «Hany oglum, sen uklaýançaň menem dişiň dogasyny okaýyn» diýip başujumda oturdy. Atam bir zatlar okap, arasynda durup, «çüf, çüf» diýip ýüzüme üfleýär. Haçan, nadip uklanymy bilemok, oýanamda dişimde sähelçe-de agyry galmandyr. Şodur-şodur men asla diş agyry diýilýän zady bilemok. Şeýle dos jan.
Rejebiň gürrüňine haýran galyp «ors bazaryna» nädip gelenimizem bilmändirin. Gijäň ýary bazar boşdy. Aýyň ýagtysyna dükanlaryň agzyndan asylgy gulplar kölegeleri bilen birleşip hasam ullakan görünýärdi. Gündiz adamlardan hyň berýän bazar boş welin, göçülen ýurda meňzeýärdi. Harabada ýatyp-turýan derwüş ýaly bolup bazaryň garawuly, arkasy ýeke nil tüpeňli ardynjyrap öňümizden çykdy. Biziň bilen gadyrly salamlaşdy.
- Rejep, ýanyňdakyny tanamadym-la? – diýip, goja kütelen gözüni maňa dikdi.
- Hawa, Täşli aga, täze işgär.
- Hä, bolubilýä. Düşümli bolsun. Adyňa kim diýerler? Kimlerden borsuň?
Ýaşululara mahsus soranjaňlykdan soň, onuň mürähet eden çaýynam içmän Rejep ikimiz tirkeşip ýolumyzy dowam etdik. Bir salym dymyşyp ýöränimizden soň ol durup çilim otlandy-da maňa-da uzadyp:
- Aýyň seredişin-aý, janyňy alyp barýa – diýdi.
- Aýam serederm-aý? – diýip, ýoldaşyma Rejep diýjegimem, Rejep aga diýjegimem bilmän ýaýdanyp, çilim çekmeýänimi aýtdym.
- Maňa düşünmersiň, kä wagt howluda ösüp oturan bir düýp almamyzam her herekedimi sypdyrman maňa seredýän ýaly bolýa. Käte şuň ýaly täsin howada özbaşyma «Ýaşamak gowy-laý» diýip goýberenimi duýman galýan.
Içimden «Ýaşamak erbedem bolýamyka?» diýip pikir etsemem sesimi çykarmadym. Ýöne Rejepde göçgünlikmi, göterimlikmi şuňa meňzeş häsiýetiň bardygyny syzdym. Dogrusy, beýle adamlary kän halap baramokdym. Olardan garaşmaýan bir zadyň çykaýýar. Aý, bir gije nobatçylygy geçirerin-le. Onsoňam beýle adam ýoldaşyň bolsa ýüregiň-ä gysmaz. Aýdyşym ýaly, nobatdaşym bir gep tapdy:
- Şu asudalykda ikimizden artykmaç adam barmyka?
- Artykmaç bolsak, hökümet hak töläp saklamazdy-la.
- Olam şeýle. Gel, şu oturgyçda bir salym dyz epeli.
Menem ýoldaşyma öýkünibräk aýaklarymy bir-biriniň üstüne atyp oturdym. Depemizdäki sütünden asylan çyraň yşygyna ädiklrimiz hasam lowurdaýardy. Täzeje eşik geýseňem öňki bolşuňy saklaýmak aňsat däldir welin, hökümet adamsydygyňy görkezýän ýörite eşigiň täsiri has güýçli bolýan eken. Özümi arkamda dag bar ýaly batyr, ynamly duýýardym. Maňlaýy nyşanly, ýalpyldap duran gara gaşly papagyny gapdalynda goýup, çilimi uzyn-uzyn sorýan Rejebiň welin diliniň gijeýäni bildirýärdi. Ol garaňky töweregine, ýyldyzly asmana aňyrsyndan bir zat göräjek bolýan kimin siň-siňe seredýärdi. Ony horlaýan pikirleri näçe bilesim gelse-de sorasam ýalňyş boljagyna düşündim-de, sesimi çykarmadym. Ahyry saklanyp bilmedi:
- Çagalygymyň gürrüňini bermeli däldim aslynda welin... Bilýäňmi näme, men ölümi ýeňdim. Hawa, sen geň görme, hakykatdanam ölümimi ýeňdim.
Näme diýjegimi bilmän:
- Bir ganhory tutanyňdan-a habarym bar. Oň üçin medalam beripdirler öýdýän?!
- Bä, sen eýýäm meň medal alanymam eşitdiňmi? Başga näme eşitdiň?
Rejebiň seredişiniň birden üýtgäninden üýşenip gitdim.
- Aý, ýok başga eşden zadym ýok.
Rejep çekip bolan çilimini ädiginiň burnu bilen öçürdi-de, ýerinden turdy.
- Aý, ol şypana hiç, diňle, men saňa ölümi nähilli ýeňişimi gürrüň bereýin
Agzysary oglanyň ýanynda özüni hasam işbitiren duýýan kişiniň sözlerinde öwünjeňlik äheňini gözledim emma, ol agyr uludan dem aldy. Ýüzüniň agraslanmasy aýtjaklarynyň has düýpli gürrüňdigini ýa-da onuň bu gürrüňi edesi gelmeýändigini bildirdi. Meni welin, onuň bolşy hasam gyzykdyrdy. Diş agyrysynyň aýrylyşy ýaly, arwahly-jynly bir hekaýata garaşdym. Gijäň garaňkysam muňa meçew berýärdi.
- Uruş turmazyndan laýyk üç ýyl öň ýany, on bäşem ýaşamankam, 38-nji ýylyň gyşynyň sowuk gijeleriniň birinde erbet düýş gördüm. Şol aýazly gije düýşümde baglyk, agaçlyk ýerde biri meni atdy. Alagaraňkyda ähli zat, çyraň yşygynamy, Aýyň ýagtysynamy lowurdap dur, ýapraklara çenli şeýle aýyl-saýyl. Maňa tarap gönügen tüpeňiň nilem ýalpyldaýar. Birdenem gulagyňy gapyp barýan ses bilen tüpeňiň nilinden ot çykyp gitdi. Ok şu böwrümden girip, arkamy böwüsdi. Okuň degen ýerini tutup ýykyldym. Bolany. Hopugyp, gygyryp oýandym. Tutuş göwräm saňňyl-saňňyl edýä. Aýaklamda ysgyn ýok. Aý, ol düýş däldi-laý. Beýle-de bir hemme zat aýyl-saýyl düýş bolarmy? Çynam o düýşüň ýanynda ýalandyr. Ertesi ir bilen gijeki gören düýşümi ejeme gürrüň berýän welin, gözümi peçde gyzyl ot bolup ýanýan şalmanyň ýalnyndan aýyryp bilemok. Peçdäki odam «O düýş däl, hakykat» diýip dur. Ejem görgüli «Tüpeň habardyr. Hoş habar aljaksyň, oglum» diýip gowulyga ýoran bolýa. Kim bilýär, ejäň duýgur ýüregi dogry ýoranam bolup biler. Aslynda, «37-nji» diýilýän atha-atlyk, tutha-tutluk ýyllar her ýetginjegiň, aýal-erkek diýmän her adamyň düýşünde göräýjek zady – atylmak. Ýöne şonda-da o düýşümi hiç unudyp bilmedim. Ýadymdan çykd-ow, diýip ýörkäm, oslamadyk wagtym ýadyma düşüp, tisginip gidýädim.
Tanap ugranyma ýaňy bir sagat çemesi wagt geçenem bolsa, edil köne tanyş ýaly bolup giden bu geň adam birden durdy-da:
- Bu zatlary henize çenli bir adamyň ýanynda-da gürrüň bermedim. Häzirem maňa ne jyn urdy, bilemok, içim dyňzap gürrüň beresim gelip dur, saklanyp bilemok. Ýa seni maňa düşünäýjek ýaly görýänmi nämemi? Ýeri bolýa, başladym, indi baryny aýdyp bereýin. Şeýle dos jan, 41-iň gürrüňine başlamankam 30-njy ýyly diňle.
Diş agyrymdan iki-üç ýyl soň bolmaly, alty-ýedi ýaşlarymdadym. Bir gije elleri tüpeňli, maňlaýy ýyldyzly papak geýen adamlar gelip atamy alyp gitdiler. Ine, şu papaklarymyza meňzeş, ýöne reňki solak ýaşyldy.
Rejep kellesindäki papagy birinji gezek görýän ýaly uzak synlady. Onyň maňlaýyndaky demir nyşana basam barmagyny degirdi. Soň ony çep elinde saklap durşuna, sag eliniň barmaklary bilen sakgaly çala ösüp ugaran çekgesini owkalaşdyrdy.
- Atam Ahala belli işandy. Ejemiň, garryja enemiň aglaşyp, öýüň içiniň uly yzlaşyk bolanyny, atamyň «Hä, häzir» diýip, çäkmenini geýende elleriniň titreýşini garaňky burçda galpyldap oturşyma sypdyrman synlaýadym. Atam bir:- Goýuň, sesiňizi, çagany gorkuzýaňyz... - diýdi-de, gelenleriň öňüne düşüp, garamaşyna münüp gitdi. Öýmüz boşap galdy.
Şol eýmenç gijeden soň esli aýlap, mümkin ýyllapdyr gorkup gezendirin. Ahyry enemden «Atam nirä gitdi? Haçan gelýä?» diýip, çala sakawlap soradym. Enem meni aldajagam bolman ýeke agyz: «Ataňy atdylar, oglum» diýdi. «Atdylar» diýen söz özüniň elhençligi bilen beýnime ömürlik ok bolup girdi.
Ataçyldym. Mydam atam bilen ýatýadym. Oň döşüni tutup duran ak sakgaly bardy, adymam mydama «Rejepmuhammet» diýip tutardy. Atamyň äkidilmeziniň bir-iki gün öň ýany ýakymsyz, iňňildä meňzeş basyk sese oýandym. Enemiň aglanyny heniz görmändim. O ýaşymda herkimiň bir agysynyň, aglaýşynyň bolýanyny nireden bileýin. Enem ak gyňajy bilen ýüzüniň ýarysyny ýapyp, diňe sesini däl, agsysnam daşyna çykarmajak bolýardy. Onuň aglaýanam diňe gözünden dynman akýan ýaşyndan bildirýärdi. Atam şonda: «Rejepmuhammedi turuzdyň. Ýazylandan gaçyp gutulyp bolmajagyny sen bilýäň-ä» diýdi, gatyrganman, käýinmän diýdi. Asla atamyň adama sesini gataldanyny bilemok. Onuň şeýle ýumşak adam bolanyny ulalamsoňam köp eşitdim. Şol wagt welin, aýdanlaryna düşünmän gözjagazlarymy petredip, geň galyp seredýändirin-dä, başymy sypalap «Ýatyber, oglum, ukla. Şujagazlaň görjegi bir gowy bolsun» diýeni ýadymdan çykanok. Atamyň sesiniň sandyraýşy şindi-şindem gulagyma geliberýä. Enemiň näme üçin aglaýanyna-da, atamyň sesiniň sandyramasyna-da çaga akylym ýetýämi?! Atam «ukla» diýdi – gözümi ýumdum. Indi oýlanýan welin, şo gün atama tutuljakdygynyň habary gelen bolmaly...
Rejep ýene uludan demini aldy. Garaňkylyga seredip, ýuwaşja ýöräp gürläp barşy, ony bu wakalary maňa däl, özüne, onda-da telim ýola özüne gürrüň berýäne meňzedýärdi. Ol ýüzüni galdyr-da:
- Hawa, dos jan, şeýle – diýip goýberdi welin, sesindäki gussadan bokurdagym dolup gitdi.
Biz «Azatlyk» köçesinň ugrunda salynan Akademiýaň owadan jaýynyň deňine geldik. Beýle gürrüňleri birinji gezek eşdişimdi. Kitaphon bolamsoň beýle-beýle zatlar diňe kaitaplarda bolýandyr, hakykatda adamlaň başyndan geçýändirem öýdemokdym. Rejep ikinji «Belomoryny» otlady:
- Birinji parkyň içinden geçeli, soň Lenin bagynda bir salym oturaýarys.
Onuň sesinde ýaşyna gelişmeýän ýadawlygy duýdum. Ýogsa ilki göremde, hyjuwy daşyna urup duran, ýörände aýagyndan ot çykýan dogumly görnüpdi. Oňa başlan gürrüňini dowam etmegiň agyrdygyny aňsamam saklanyp bilmedim:
- 41-nji ýylyň gürrüňini berjekdiň...
Arjanak sypat pyýada gaşlaryny hasam çytdy. Ol:
- Besdir-dä, 41-i başyňa ýapjakmy – diýäýer öýdüp çekindim. Emma, hakyna seredeniňde, bu gürrüň ýarsy aýdylyp goýuljak gürrüň däldi. Rejep nälaç dowam etdi:
- Hawa, tereziň bir gapdalynda 30 bilen 37-nji ýyl ýatyrka, beýleki gapdalyna 41 mündi. Olaryň haýsysynyň agyr gelenini bir Alla bilýä. «Uruş turupdyr» diýlenini eşdenimden ýadyma düýşüm düşdi. Indi o düýşümiň oraşandygyna sähelçe-de şübhäm ýokdy. Obada erkek göbekli bolsa topar-topar edip urşa äkidýädiler. Men düýşüm bilen ýatyp, düýşüm bilenem turýadym. Kän wagt geçmän «öldi» habarlaram gelip ugrady. Menden üç-dört ýaş uly Annaberdi aýagyny aldyryp geldi. Ol uruş gidýän ýerler, ümmülmez tokaýlyklar barada aýdyp berýärkä, göz öňümde düýşüm, agaçlyk ýerde atylyp öldürilişim. Annaberdiň jontaryp duran aýagyna her gezek gözüm düşende ýüzümi sowsamam, uruşdan maýyp dolanyp gelmäge-de müňde bir razydym. Emma ýaňy durmuşyň süýjüsini duýup ugramda ölüp oturbermegi hiç aklyma sygdyryp bilmeýädim. Meň üçin urşa gitdigim atuwa gitdigimdi. Gaçgak bolup daga-düze çykaýmaga-da hyýal etdim, ýöne gaçsamam tutulyp düýşümde görşüm ýaly atyljagymy syzýadym. Mende „Uzak ýaşaryn, ogul-agtyk görerin, atam ýaly ak sakgally garry bolaryn“ diýen sähelçe-de umyt ýokdy. Adam öljegini duýsa, ýoluň gyrasynda ýatan daşam gözüne eziz görner eken. Göwnüme ähli zat düýş, diňe şol gören düýşüm hakykat. Gapymyzda eken bir düýp tudum bilenem gujaklaşyp, hoşlaşyberesim gelýädi. Ýok, ölümden gorkamokdym, ýagty jahandan aýrylyşmakdan gorkýadym. Iň kyn ýerem, bu duýgularymy hiç kim bilen paýlaşyp bilemokdym. Kimiň ýanynda dil ýarsam, ýaňy murtuň garalanda ölmegiň nämedigini gözi bilen görüp gelen Annaberdiň ýanynda-da agzasam meni gorkak, dowulçy hasaplajagy belli. Men welin dowulçam, gorkagam däldim, her kimiň irde-giçde ölmelidigine-de düşünýädim. Meň diňe ýaş ýigit, gujurly, ýüregim gursagymda gürsüldäp durka ölesim, guma garylasym, çüýräp gidesim gelenokdy. Has dogrusy ölmek hiç, ok deger nädip jan bereniňem duýmarsyň, ýöne şoňa gitme-de iş bardy. Allaň iň uly keremi, meger, ynsana geljegini bilmez ýaly edip ýaratmasydyr. Urşa gitsem yzyma dolanyp gelmejegimi şeýle anyk bilýändigime hiç kimi ynandyryp bilmejegime-de gözüm ýetýä. Muny subut etmek üçin urşa äkidilmeli, Orsýetiň gür tokaýlarynyň birinde-de okdan ölmeli.
- Aý, o wagt hiç kimem uruşdan ölmän dolanyp geljegine ynanan däldir-le.
Rejep ýoluň gyrasynda ösüp oturan agajyň bir ýapragyny silkip ýoldu-da:
- Hawa, hiç kimem ölmejegine doly ynanan däldir, ýöne «belki...» diýen bir umyt uçgunjygy her kimde bardy. Uçgunjyk bolsa-da oň ýüregiňi nähili ýyladýanyny, diňe men, şol uçgundan mahrum adam bilýär, oňa düşünýär, edil çöldäki teşnäň bäş damja süýji suwuň nämedigini bilişi ýaly. Ýagtyň nämedigini kör biler, inim, gözli körçe bilmez.
«Gitdigim gaýdyp gelmerin. Bu gün bolmasa, ertirem alyp giderler. Çopan bolup çöle gidäýsemmikäm? Çopanam bolsam äkiderler» diýip kelle döwýädim. Birdenem milisge bolmak kelläme geldi. Milisgä degenokdylar. Üstesine iýjegiň-geýjegiň hökümediň hasabyna. Ýöne nädip milisä işe girjek? Baranyň bilen alaýýalarmy? Gel, diýip gujak açyp duran barmy?
Ýene oturýan-oturýanda oda düşüberýän. «Indi ejemden, öýümizden aýrylyp oturybermelimikäm? Ogulgüle öýlenip bilmän armanlyja, gözümi açyp gidiberermikäm? Atam pahyr şo gije ýönelige «görjegi gowy bolawersin» diýip başymy sypalan däldir. O meň görjegimiň erbet boljagyny edil häzirki syzyşym ýaly syzýan eken. Işan atam janyň agzyndan boş söz çykarmy?! «Menem okdan, senem okdan ölmeli boljak» diýdigi eken» diýip içimi gepledýän.
Özümden sähelçe ýaş tapawutly Meretguly dagyň eline-de powestka berdiler. Indi gezek biziňki. Mertguly bilen hoşlaşýan welin elini uzadyp, «Dos, aman gal, yzymyzdakylara göz-gaş edeweriň. Ýöne, senem bahym gitmeli bolaýmasaň. Niçigem bolsa, ýagşylykda ýatla, saglykda görşeli» diýýä. «Bolýa, sag-aman gel. Ejeň dagyny alada etme» diýip, syr bermän gujaklaşyp hoşlaşýan, içimdenem: «Sen gaýdyp geljegiňem bileňok, gelmejegiňem anyk bileňok. Kim bilýär, belki, ölmersiňem. Ikimiziň aramyzda ullakan tapawut bar Meretguly. Sen öňüňdäki geljegi bileňok, men bolsa bilýän. Geljegi bilmegiň nähili agyr ýükdigini sen bir bilsediň. Pygamberleriň göteren ýüküniň nähili agyr bolanyna indi düşünýän» diýýän.
Atamam atyljagyny iki gün öňünden anyk bilipdir, belki ony biri gelip habar berip gidendir, onçasyny bilemok, emma atam meň ýaly, közüň üstünde aýakýalaňaç byzbydyklamandy. Arkaýyndy, parahatdy. «Ýazgytdan gaçyp gutulyp bolmaz» diýýädi. Aý, atamyňky hezil, ýetmişden geçen, görjegini gören garry. Men welin, ýaňy on sekiz ýaşymda. Meretgulyň obadan çykaryp alyp barýan köne purgunda aýagyny sallap oturşuna gitdigiçe daşlaşýan kepbe tamlaryndan gözüni aýyryp bilmän barşy şu günki ýaly göz öňümde. Mümkin ol başyna düşjek her kynçylyga kaýyl, «Dolanyp gelerin, inşalla. Kyrk ýyl gyran gelse, ajaly ýeten öler» diýip oýlanyp barýandyr. Şeýledirem. Ýöne meni alyp gitseler beýle pikir edip bilmejegim belli.
Ahyry başga çykalga tapman, raýon merkezine gitdim. Milisgäň naçalnigi Harçenko diýilýäniň ýanyna bardym. Orsça-türkmençe garym-gatym edip, özümiň urşa gitsem hökman öljekdigimi düşündirjek bolýan, «neçelnigiň ýüregine rehim indermäge» dyrjaşýan. Rehim nire? Gaýta «Sen ýaş, urşa esger gerek» diýýä. Gülümsiräp: „Bolmanda bize kömek edip, jenaýatçy tutup beren bolsaň“ diýmesine-hä asla-da nähili düşünjegimi bilmedim. Tutup eltäýer ýaly hany ogrulyk edip ýören barmy? Adamlar aç ölýä, emma iliň zadyna, kolhozyň harmanyna el uzadýan ýok. Gerek bolsa ogry, haramzada-da gapyşar eken.
Rejep gürrüňine dyngy berdi. Nirä gitjegini bilmeýän ýaly sägindi. Menem ýanynda «Hakykatdanam öljegini şeýle aç-açan duýaýdymyka? Aý, gorkana goşa görnen bolaýmasa. Urşa gitmek daýyňlara giden ýaly däldir» diýip oýlanasym gelýärdi welin, ol adamda gorkaklarda duş gelmeýän içki güýji, gaýraty syzýardym hem özümiňem gulluga diýip, otla mündürip alyp gidenlerinde Aşgabatdan çykyberemizde erbet ýüregimiň gysanyny ýatlaýardym.
Ors bazarynyň günbatarsyny syryp ilerligine baýyrlyga tarap uzap gidýän uly köçeden kä wagt bir geçip gidýän mele «Pobeda» ýa-da gara «Zim» biziň ýolumyzy az salymlyk gündizlik ýaly ýagtyldanda ýoldaşymy hasam merdemsi görkezýän irimçik agzy, ýüzüne gelşip duran galyň dodaklary, gaşlarynyň arasyndaky iki sany çuň çyzyklara çenli bir pursatlyk aýyl-saýyl görnüp gidýärdi. Içimden bolsa: «Näçe garadan gaýtmaz bolsaňam uruş diýlen eýmendirýändir. Uly il gidensoň goşulyp gidiliberilýändir-dä» diýip oýlanýan. Birden ýoldaşym hyrra yzyna öwrüldi:
- Ýör, «Gorka» gideli. Birazajyk garbanarys, gije uzakdyr.
Biz Ýokary Sowetiň jaýynyň ilersindäki beýik üýşmek gum depesiniň üstünde gurlan, Aşgabadyň iň meşhur restoranlarynyň biri «Gorka» tarap ýöräp ugradyk. Rejep ýene gürrüňini dowam etdi. Töwerek ümsümlikdi. Megerem, sagat ikä golaýlaşyberen bolsa gerek, şäherde aýak ýygnanypdy. Setanda-seýranda-da öňümizden adam çykanok. Garalşyp duran arçadyr, ors agaçlary, iki gat jaýlar dymyşyp Rejebiň gürrüňini diňleýän ýaly. Diňe ukusy tutan Aý, bu gürrüňi öňdenem bilýän deýin, buludyň aňyrsyna geçipdir.
- Hawa, şeýdip, Harçenkäň ýanyndan lapym keç çykyp oba gaýtdym. Her birinde sallançak uçubermeli üzümli haýatlaryň, daşy saman suwag bilen suwalan pessejik palçyk tamlaryň gözüme nähili mähriban görünýänini senbir bilsediň. Ogulgülleriň öýleriniň deňine ýetdim. Ogulgül diýýänim obaň iň owadan, iň eli çeper, iň işeňňir, iň mähirli, ejemiňem iň göwni ýetýän gyzy. Oňa höwes etmedik eje, hiç kime aňdyrman aşyk bolmadyk oglan bir barmydyka? «Uruş turmadyk bolsa, belki, bu wagtlar eýýäm Ogulgüle öýlenerdim. Toý ederdik... Bolmanda şu wagt milisge eşikli, aýagym aýnagonç ädikli, egnim pagonly barýan bolsam, çykyp seretmese-de, penjirelerinden-ä jyklardy. Urşa gitsem, gelýänçäm garaşarmykan-aý? Şu wagt ejemi gudaçylyga ibersem diýip pikir edýän hemem öz niýetime özüm garşy bolýan «Ýok, gaýdyp gelmen. Wah, şo düýşi görmedik bolsam bolmaýamy?» diýýän. Içimden igledip barýan bu pikirlerim şu ýere gelende birden sakga duranymam duýmadym. «Düýşümde duýdurylan bolsam, diýmek çykalga gözle diýildigidir. Ýogsa, o düýşüň manysy näme?» diýen pikir kelläme gelende tisginip gitdim. Näme men çykalga gözlämokmy diýsene, ýöne hany çykalga? Gaçgaklyk etjekmi? Gumuň jümmüşinde ýyllap ýaban ýatjakmy? Iýjegiňem töweregiňi talap tapjakmy? Beýdip namartlanymdan-a urşda ölenimem gowy. Şeýdip, telbe diýseň telbe däl, sag diýseň sag däl – özbaşyma düňderlip, düňle bolup ýörün. O wagtlar kolhozyň ekinine suw tutýadym. Bir günem aladaňdan egnime pilimi atyp obadan çykyp, ekinçilige tarap ugradym.
Rejep ýene gürrüňiniň arasyny böldi. Biz «Gorka» ýetdik. Mark Bernesiň «Garaňky gijesi» gijäň asudalygynda uzaga ýaňlanyp gidýärdi. Naharyň ýakymly ysy burnumyza urdy. Rejep öňde, menem yzynda howlukman ýokaryk çykyp ugradyk. Beýige galdygyňça şäher aşaklap eliň aýasynda ýaly görnüp barýar. Ýer yrananda-da ýykylmadyk un kombinatynyň çyralary görünýä. «Birinji maý», «Azatlyk» köçeleriniň yşyklary uzaga uzap gidýä. Biziň ýaşaýan ýerimiz «Gaža» diýilýän garaňka bürenipdir. Çen bilen biläýmeseň görünýän zat ýok. Gündogar tarapymyzda Lenin bagy. Leniniň ýadygärliginiň çyralarynyň yşygy töweregindäki agaçlaryň başyna jähek çekip, owadan görkezýä. Arman Leliniň öňüni agaçlar tutupdyr. Restoranda adam ýok diýerlik. Kyrk-kyrk bäş ýaşlaryndaky bir harby ors adam ýanyndaky özünden has ýaş görünýän zenan maşgala bilen bir zadyň jedelini edýär. Saryýagyz dolmuş pyýadanyň gowy serhoşdygyny dym gyzyl bolan ýüzi aýdyp dur. Oň bilinde sapança görünýärdi. Megerem, ulyrak organ işgäri bolarly. Iki sany ýaş türkmen ýigitlerem, özleri deň-duş rus gyzlary bilen çetki stollaryň birinde otyrlar. Wagtal-wagtal olaryň gülki sesleri aýdymam basyp gidýär. Oglanlaryň egnindäki ak ýüpek matadan tikilen ýakasy nagyşly ukrain köýnekleri hasam akjaryp ýagta ýalpyldaýar. Bolany. Başga adam ýok. Tans meýdançasy boş. Dogrusy, meň restoran diýlen ýere birinji gezek gelşimdi. Özümem öýdeçildim welin, üstesine oglundan zady gysganmaýan puldaryň oglam däldim. Rejep welin, edil öýlerine gelen ýaly arkaýyn. Ofisiant gyz ony görüp, elini galdyryp salam berdi-de, göni bize tarap gaýytdy. Bizem boş stollaryň birine geçip oturdyk.
- Taneçka, bir garbanar ýaly bir zat getir. Onsoňam...- Rejep iki barmagyny birikdirip şyrkyldayp goýberdi. Yşarata düşüş gyz derrew yzyna ýumlugaýdy.
- Hawa, şeýle dos jan. Sen gowy oglan bolarly, düşbi seredişiň bar. Birhili ýüzüň ýakymly.
Garaşman durkam agam ýaly adamyň beý diýmesine gyzaryp gitdim. Ol meň gyzaranymy görüp hasam göwnihoş güldi. Oňa çenli ýelgamak ýaly gyz iki sany kotlet bilen arak getirdi. Rejep:
- Dos, şu gün men-ä garşy bolmasaň ýüz gramjyk içjek. Ýöne sen içme. Niçigem bolsa iş wagty ikimizden birimiz bir içgili bolmaly – diýip bulguryny doldurdy.
Rejep nahara başlaman bir bulgury boşatdy-da elindäki çarşagyny işdämenlik bilen üwelen ete çümdürip iýip başlady. Oturgyçda oturmak, çarşak bilen nahar iýmek aýbogdaşyňy guraga-da saçakdan bir kesemen ýylysy gitmedik, ysy janyňy alyp barýan çörekden döwüp, bir jam çekdirmani öňüňe alan ýaly bolmasa-da birhili dereje berýädi. Beýige çykdygyňça howa-da hasam durlanýan bolarly, jana şypalydy. Men araksyzam özümi arşyň bäri ýanynda oturan hasaplaýardym. Üstesine-de Aşgabadyň merkeziniň asudalygyna seretmek ynanylan adam. Ýanymda-da otdan suwdan geçen, dogumy daş ýaryp duran pyýada seni özi bilen deň saýyp, başyndan geçenini gürrüň berip, «dos jan» diýip otyr.
Birden Rejep barmagyny asmana çommaltdy-da:
- Aý ýene maňa bir zatlar diýýä. Bilýäňmi o näme diýýä? – diýip gussaly ýylgyrdy.
Onuň ýylgyryşynda şadyýanlygyň sähelçe ýokundysam ýokdy. Lowurdap duran alyn dişlerine asla kybap gelmeýän ahmyrdan doly gözlerine bakmagam agyrdy, olara bir gözüň kaklyşansoň aýyraýmak ondanam kyndy. Ýoldaşymyň barmagyny çommaldan tarapyna zordan gaňrylyp seretdim. Ýokaryk çykanymyzdanmy ýa öňündäki bulut syrylandanmy dolan Aý hasam ýagtylan ýaly görünýärdi. Hakykatdanam bir zatlar diýäýýäne-de meňzemän duranokdy.
- Azara-da galma oňa düşünmersiň. Gowsy, gürrüňiň yzyny diňle. Onnoň aladaňdan suw tutmaga barýadym. Edil şu günki ýaly ýazyň günüdi daňyň reňki üýtgeşik, tämiz howa, dünýä täsin saz çalýar. Meni welin bu gözellik gysyp-gowurýar. Günlerimiň sanalgydygyny şeýle bir syzýan welin, edil Ezraýyl bilen tirkeşip ýören däldirin öýdemok. Egnimdäki pili aýlap ýere urup göni daga tarap tutdyryberesim gelýär. Obadan çykyberendirin-dä öňümden egni köne güpbüli, saç-sakgaly ösen arryk uzynak biri çykdy. Deňinden geçiberjek bolsam: - Eý, Rejep! – diýip gygyrýa ýaňky. Bir bada daňyň ümüş-tamşynda gözüme görünäýýärmikä öýdtüm. Aljyrap nätjegimi bilemok. Ony gören badyma tanamadym. Ünsli seretsem, menden iki ýaş uly, ilerrägimizde ýaşaýan Sylap.
- Saglykm-ow! Oba-gara gurgunçylykmy? Men Sylap how, nätdiň-aý, tanamadyňmy? Men zordan, sakawlap:
- Sylap, sen-maý? Hany... sen... urşa gitmediňmi? – diýdim. Sowalyma Sylabyň ýüzi sallanaýdy:
- Aý, obamyzy, ejemi-kakamy göresim, olar bilen ýekeje käse çaýy bile içesim geldi. Gaçyp gaýtdym. Bir didarlaryny görsem, soň yzyma barjak – diýýä. Gulaklaryma ynanmadym. Uruş näme obaň mekdebimi gaçyp gaýdyberer ýaly.
- Gaçyp gaýtdym diýýäňmi? Uruşdanmy? – diýip gaýtalap soraýan welin:
- Hawa. Bir aý bäri ýolda. Hupbat baryny gördüm, hernä tutulmadym. Hany gel, elleşeli-le, how – diýip meni gujaklady.
- Sen tutularynam öýdeňok-la? Arkaýyn gelýäň... – diýip henizem gözlerime ynanamok. Ol bolsa:
- Rejep jan, indi obama geldim-ä. Hanhajykka öýmüz. Indi meni kim tutsun?! Onnoňam meň gaçgak gezmek niýetimem ýok. Öýümiziň ysyny bir gursagyma doldursam bolýa, soň „Yzyma iberiň“ diýip özüm barjak – diýýä.
Birden Harçenke neçelnigiň „Bolmanda bize kömek edip, jenaýatçy tutup beren bolsaň“ diýeni aňymda ýyldyrym çakan ýaly bolup gitdi. Ine, saňa jenaýatçy. Sylap welin, menden beýle zat çykar öýdenok. Ikimiz elimiz sapanly eriklikde, baý, sar tutandyrys. Ol:
- Seýidem öldi. Bile topçy bolduk... Öýlerine habar etmeli. Ýa habar aldylarmy? – diýdi. Men öz niýetim bilen başagaý oň näme diýýänine düşünmedim:
- Kim Seýit? Ataly agaň oglumy?
- Hawa. Aý, Rejep dos, uruş ýaman zat. Onuň erbetligini göz öňüňe-de getirip bilmersiň. Seýit neresse elimdejik jan berdi. Özüň nähili, ejeň ýagşymy? – diýende onuň ýüz-gözüniň garaört bolany gözüme ildi. Neressä nebsim agyryp gitdi. Hany, saglyk bolsun.
Rejep ikinji bulguram göterdi. Bir salym dostuna duşuşyny täzeden kino görýän ýaly göz öňünden geçirýän bolarly, öňündäki naharyna diňkesini dikip dymyp oturdy. Soň nahardan datman diýen ýaly ýene bir bulgury boşatdy.
- Nirde galdyk? Hä, o menden hal-ahwalymy sorady. – Heniz-ä äkidenoklar. Sen çyndanam ýene yzyňa, urşa gitjekmi? – diýip niýetimi akylymda aýlaýan. Asylam Sylap türk, ynanjaň oglandy welin, şonda-da ony sepini bildirmän aldap ele salmalydy. Oň tutuljagy belli, esasy zat hiç kime ýetirmän özüm tutmalydym. Neresse boýnuny burup:
- Dagy, alajyň näme? – diýip, naýynjar maňa seretdi.
Men pilimi beýläk, ýoluň gyrasyndaky çaýyrlyga zyňdym-da elimi Sylabyň egnine atdym.
- Şonça ýoly geçip, tutulman gelipsiň indem yzyňa gitjek bolma, dost. Bilýäňmi, men Harçenkäni tanaýan. Milisgäň neçelnigi Harçenke. Ikimizem milisä işe gireli. Milise boldugyňam urşa alynmaly däl diýip kagyz berýäler. Özem häzir gideli. Öýüňize barsaň, miliseler gelip tutup alyp gitseler erbet bolar. Ýör gideli, Harçenke gowy adam. Oň saňa rehimi iner, yzyňa ugratmaga dözmez – diýip saýrap başladym.
Sylap maslahatymy bir bada akylynda aýlap bilmedi. Bagtygaraň obasyna, obadaşyna, onda-da bile oýnap ulalan dostuna duşanyna akly başyndan uçupdy. Men ikinji gezek Harçenke bilen dostugymy aýdyp, ynandyrmaga çalyşdym. Kerep aýlaýan möý kimin oň bir sagyna, bir çepine geçýän. Dogrusy, şo wagtky aýdanlarymy şu wagt gaýtalap biljek däl, edil biri agzyma salyp berýän ýaly, aýtjagym öz-özi dilime gelip dur. Sylap nätjegini bilmän ýaýdandy. Ol obasyna gelipdi. Öýlerine-de iki köçäni geçse barjak, ses ýetim galdy, ýöne meň aýdýanlarymam ony imrindirýä.
- Öýe barsaň, oturyp-oturmankaň ejeňi agladyp südürläp alyp giderler... Urşa gitmän bärde galyp bolsa oňa ýetesi zat barmy? Elimiz kagyzly geleris welin, adymyzy tutan bolmaz. Görýäň-ä şu wagta çenli meň urşa äkidilmeýänimem Harçenkäň arkasyndan. Ýöne bu gep ikimiziň aramyzda galsyn. Ýaman gowy adam. Özem türkmenleri şeýe gowy görýä. Ýör, gideli. Biz barýançak olam işine ger, ýör – diýip arkasyndan itip diýen ýaly öňüme salyp raýon merkezine alyp ugradym. Sylap şeýle gowy, ýüregi arassa, sada oglandy-da. Onuň „Tutuljak bolsam ýolda tutulardym, indi geldim“ diýen düşünjesine şeýle bir berk ynanşy, meň urşa gitsem ölerin diýip ynanşymdanam berk bolmasa, gowşak däldi. Şonda-da:
- Şu wagt göni gidibereli-maý. Bolmanda salamlaşyp bir... – diýip gaňrylyp-gaňrylyp yzyna, ýetimiň seredişini edip, özelenip seretdi welin, ýüregim jigläp gitdi.
- Sen dogrudanam o Harçenke diýýäniňi gowy tanýaňmy? – diýýä. Menem:
- Hawa how. Tanamasam seni äkiderim-aý. Näme maňa-da ynanaňom-aý? – diýip gaýta ony götünogry edýän. Ahyry:
- Aý, ýör. Kysmatda näme bolsa görübiris-dä. Seniň diýeniň bolsun Rejep dos – diýdi.
Biz tirkeşip raýon milisiýasynyň jaýyna bardyk. Sylaby daş işikde goýup, özüm naçalnigiň ýanyna girdim. «Gaçgak tutup getirdim» diýdim. Gökden düşen ýaly bolup duran naçalnige zordan ýagdaýy düşündirdim. Maňa düşünen badyna-da naçalnik telefony galdyrdy, gözümiň alnynda gaçgak ýigit Sylabyň goluny arkasyna gaňyrdylar. Neressäň bar diýeni:
- Dost, bu näme etdigiň boldy?!
- Sen... öňi-soňy yzyma gitjek diýdiň-ä...
Ol jogap bermän ýüzüme tüýkürdi. Şeýle dos.
Içgidenmi ýüzi birhili agaran ýaly görünýän Rejep aýna küýzejikdäki iň soňky aragam bulguryna guýup, ýüzüniň ugruna içdi, tarelkasyndaky kotletdiň soňky owuntyklaryna çenli agzyna saldy. Garşymda oturyp dostuny satyşyny aragyň arasynda gürrüň berip oturan bu geň adama näme üçindir ýigrenç bilen garap bilmeýärdim. Ýöne, dogrusy, öňküm ýaly gözügidijem seredemokdym. Özüne çekiji, milisiýaň işgärine däl-de kompozitoramy ýa-da dagyň eteginde ýaşap, çagalaryny aw awlap ekleýän, hiç kime garaşsyz, ile-de kän goşulman özbaşyna ýaşap ýören adama meňzeýän bu kişi hakynda aňymda düşnüksiz duýgular döreýärdi. Dogry, urşa gidäýmegem aňsat däldir welin... Gazly limonady owurtlap oturşyma:
- Soň nähili boldy. Sylap ejesi, kakasy bilen görüşip bir bildimi? – diýdim.
- Soňmy? Soňuny ýör daşarda gürrüň bereýin. Ýör Lenin bagyna gideli-le. Näme üçindir şo bagy aýratyn gowy görýän.
Biz ýerimizden turanymyzda ak ýüpek köýnekleri garaýagyz ýüzlerine gelşip duran oglanlardyr sary saçlary çyraň yşygyna hasam altyn öwüsýän saryýagyz gyzlaram öň ýanymyzdan aşak düşüp ugradylar. Olary synlap, Rejebiň gürrüňini berýän günleriniň barmak büküp sanaýmaly ýyl öň bolup geçenine-de ynanmak kyndy. Biz ýuwaşlyk bilen gündogarlygyna Lenin bagy diýilýän, duşuşylýan, dynç alynýan, gül goýulýan, Aşgabatda uludan-kiçä her kimiň belet ýerine tarap ýöräp ugradyk.
- Hawa, şeýdip, Harçenko gaçgagy ele salandygy üçin sag bolsun aldy, o-da meni işe. Sylap ejesi, kakasy, jigileri bilen otla mündürilende görüşipdir. Özüni ugratmaga gelen garyndaşlaryna:
- Didaryňyzy görsem razydym, çaý içip oturmagam nesibämde ýokdur-da. Dolanyp gelmesem gandarym Rejepdir – diýipdir. Dolanybam gelmedi. Şeýdip gan bergili boldum. Milisä işe girenimden ejemem alyp raýon merkezine göçdüm. O wagtlar enem pahyr-a dünýeden ötüpdi. Niçigem bolsa Sylabyň gan algysyny almaga gelen bolmady. Ogulgüle-de öýlendim.
Ýyllar geçiberdi. Urşam gutardy. «Uruş gutardy» diýlende her kim begenendir, ýöne men ölümi ýeňenime begenjimi hiç zat bilen deňär ýaly daldi. Indi maňa okdan ölmek ýok. «Boljak işe çäre barmy?» ýa-da «Ýazgytdan gaçyp gutulyp bolýamy?» diýlenini eşitsem gülküm tutup, zordan özümi saklaýadym. Tutuljagyna gözi ýetip durka-da gaçmaga hyýalam etmedik atam, saňa akmak diýerler. Atam bolsaňam, näçe okumyş bolsaňam, öte nadan ekeniň. Sowatsyz adamlar-d
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
hydyr aga bu eserem bolmandyr