Şeýh Ybraýym bilen Hoja Ahmet Ýasawy (hyýaly hekaýa)
Olar howlukman, topragy ynjytmaýan ädimler bilen tokaýyň darajyk ýodasyny yzarlap barýarlar. Asmanda ýyldyzlar Ýere gaçaýsak, ol bagty getiren ýodajyga düşek bolup düşeläýsek diýýär. Aýam nämedendir, gizlin bir syryndan uýalýan ýaly, ýüzüniň ýarsyny ýapyp bu iki ýolagça seredýär. Öňde Türküstanyň uly şeýhi Ybraýym, yzynda “Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet” diýdirjek, ýaňy ýedi ýaşyny dolduran ogly Ahmet. Olar soňky günler beýle “gezelençlere” ... dowamy
Garaja molla
Hojaýusup işan şeýle bolandan soň, Garaja molla-da özüniňem ... dowamy
Ok (hekaýa)
Ellinji ýyllaryň başlarydy. Şäheriň milisiýasynda işe başlan ilki günümdi. Baýmyrat Sähedow diýilýän kapitan bilen gije nobatçylyk etmelidim. Emma Baýmyradyň dişi agryp, güp ýaly çişipdir, onsoň Rejep Ataýew diýilýän bilen onuň ýerini çalyşdylar. Rejep Ataýewiň bir ganhory tutandygy, şonuň üçin medal bilen sylaglanyny naçalnigiň kabulhanasynda diwardan asylan «Hormat tagtasyndan» okapdym. Şo ýerde egnindäki formasy ýüzüne gelşip duran at ýüzli ýigidiň suratam bardy. Şonuň üçin ... dowamy
Özbekleriň ýurduna syýahat
Nesibämiz çekip özbekleň ýurduna gitdik, Ylýas bilen, gezelenje. Buhara, Taşkent, Samarkand şäherlerinde bolduk. Buharada diňe Nagyşbendä zyýarat edip bildik hem şo ýerde juma namazyny okadyk. Ýolda bizi haýran galdyran zat - diňe halaýan häsiýetlerimizdäki adamlar ýoldaş boldy. Halamadyk, keýpimizi gaçyran hiç zat bolmady.
Bu goşgular meňki däl. Remezan diýip bir ýigit iberdi. Menem olary siziň bilen paýlaşaýyn diýdim. Bilýän ekizlerde diňe Ylýas ikimiz ýazanlarymyzy goýýardyk. Gelekde-de şony etmekçi. Ýöne Remezanyň goşgularyny şol kadadan çykma hökmünde kabul ediň. Pikieleriňizi ýazyň.
Ýene-de Remezanyň goşgularyndan biraz galdy. Olaram soň goýaryn.
Gyzym.
Gyzym!
Seni
Unudandyr öýtmegin,
Ýanyňa gelerin, aýda ýa ýylda.
Asyl, eneň bilen ir säher, agşam
Belki,
hasaby ýok, ýatlaýas günde.
Sen bolaňda begenipdim,
Çägi ýok.
Bu barada aýtsam ýüregim ... dowamy
Serçäň maşyna süýrediljek bolşy
Aşyrgeldiň Serçäni maşyna süýretjek bolşy, obada uly gürrüň. Hakykatda bolan zat welin şeýle. Kolhozyň goýun fermasy Puhary: “Hojaýyn, şü Plany serçäň (“serçe” o çopanyň tiresiniň ady) gürrüňi köp gelýä, gidip şoň mallaryny tükelläp geleli” diýip birki gün bäri Aşyrgeldiň gulagyny gazaýar. Aşyrgeldem obadaky işleri goýup, Annamerediň uly maşynynda Puharynam alyp, bededen, kepekden mas ýüklenip guma tarap ýola düşdi. Ýüzugra birki çopanyň goşunda iýmdir ... dowamy
Aşyk oýnaýan gelin
Asmandaky dolan Aý dünýäni ýagtyldyp dursa-da, on-onki ýaşly Aşyrgeldi golaý-goltumda gymyldy görmedi. Onuň elindäki düwünçege zordan güýji ýetýärdi. Mawy gözler ýaltaklap, oglany ogurlyga barýamyka diýdirýär. Ogurlyk nirden, Aşyrgeldi indi iki aý bäri düşeginden galyp bilmän ýatan ejesiniň eşiklerini Berkeliň ýabynda ýuwmaga alyp barýar. Aýal adamyň etmeli işini erkek oglan halyna edýänini hiç kim görmese-de Ýere giräýsem diýýär. Häzir-ä gijäň ýary, aýbam bolsa, gülüşselerem, ejesi ... dowamy
Hurmagülüň penjiresi
Söýünhan sakal düýn ömründe etmeýänini etdi – kyrka ýetip barýan ogluna oglan käýýän ýaly käýýedi. Mundanam Aşyrgeldi däl, özi kän kösendi gerek. Ýer yranandan soň, kesegiň aşagyndan diri çykaranlaryny çykardylar, ýogalanlaram Hoja mazarda depin edildi. Ýaşulularyň bar işi birnäçe günläp diňe adam jaýlamak, ýuwar ýalsy ýuwuldy, şehit ady bilen şo durşuna gömülenlerem az däl. Bu bir bela, iki-ýeke Söýünhan agalar ýaly bolaýmasa, ýara ... dowamy
Ýer elenýä
Söýünhan aga o gün Kur’any, namazy bilen parahat, güýzüň howasam jana ýakymly. Gaýta bir gün öňýany, birine garaşýan ýaly ýüreginde bir duýgy döräpdi. “Ýa, ýomut gardaşlar, goýun sürüp geläýjekmikäler? Aý, indi gelmezler, Ulugberdi kaka oňarmady-da...” Üstünden esli ýyl geçenem bolsa, goýun satmaga gelen Baljan söwdegär ýadyna düşüp, birden uludan dem alanyny duýmady. “Baljan gelse, dünýäň habaryny getiräýýädi-dä, aýp boldy. Gazdyran kärizem elinden gitdi, ... dowamy
"Wah, bolmady..."
Söýünhan aga düýnden bäri Herrikgalada oturýan dostunyň sadakasyna gitmegiň aladasynda. "Dostum" - bu Söýünhan agaň öz sözi. Olary ýeke-ýeke sanasaňam dört-bäşden aşmaz. Ýaşulynyň obada häli-şindi barýan ýeke gapysy bardy. Beýlekileriňem toýy-ýasyna görner ýöne ýakyn gatnaşmaz. Garşysyndakyň ýeke sözi batnyksyz bolsa-da, ýaşuly üçin ýeterlik - çekiler durberer. Ulugberdi baý, ynha, "Çagyrlan ýere irinme..." diýer baryberer. Baran ýerinde-de turmany ... dowamy
Gürleme
Gürleme!
Diliňe alma!
Sözde ýalan bar.
Gepiň içine salma
Garma saman-sepile
Sygdyrma dile
Gürleme!
Gürrüňde kölege,
Şelaýynlyk, haýýarlyk.
Haramlyk, haýynlyk
Näme diýseň bar
Sözde.
Gürleme.
Gögüň gümmürdisi,
Asmandan daman damja...
Ejemiň gözleri,
Çytyk gaşlary kakamyň...
Çagamyň boýnundaky düwmäň
Şyňňyrdysy.
Çüýi gowşan gapymyň
Çalaja iňňildisi.
Dagdan iýnen dury çeşmäň
Şildirdisi...
Ýüregmi üzere getiren dutaryň
Tirňildisi...
Gürleseň gürle, şulaň dilinde,
Dilin-de...
Ýogsa, gürleme!
Dileseň Hakdan dile
Diliň bile däl.
Gözden akýan ýaşyň bile
Biri kem ýetmişe ýeten
Ýaşyň bile... ... dowamy
Gürleme
Gürleme!
Diliňe alma!
Sözde ýalan bar.
Gepiň içine salma
Garma saman-sepile
Sygdyrma dile
Gürleme!
Gürrüňde kölege,
Şelaýynlyk, haýýarlyk.
Haramlyk, haýynlyk
Näme diýseň bar
Sözde.
Gürleme.
Gögüň gümmürdisi,
Asmandan daman damja...
Ejemiň gözleri,
Çytyk gaşlary kakamyň...
Çagamyň boýnundaky düwmäň
Şyňňyrdysy.
Çüýi gowşan gapymyň
Çalaja iňňildisi.
Dagdan iýnen dury çeşmäň
Şildirdisi...
Ýüregmi üzere getiren dutaryň
Tirňildisi...
Gürleseň gürle, şulaň dilinde,
Dilin-de...
Ýogsa, gürleme!
Dileseň Hakdan dile
Diliň bile däl.
Gözden akýan ýaşyň bile
Biri kem ýetmişe ýeten
Ýaşyň bile... ... dowamy
Gürleme
* * *
Gürleme!
Diliňe alma!
Sözde ýalan bar.
Gepiň içine salma
Garma saman-sepile
Bir zatlar ýazaýdym, okap görseňiz
Ýagty
Ala-garaňky zyndan,
Kiçijik penjire dilik-dilik.
Dogrusy, näme ýazjagymy bilmedim. Onsoň "Öňki, köne-küşüllerimi göreýin" diýdim. Şeýdibem şolara dümtünip galypdyryn. Bulara "geçen asyrdan galan diýseňem bolýa. 1990-2000-nji ýyllarda ýazylan bolmaly. Ilki tapanja goşgularymdan başlaýaýyn. Bularyň köpüsi çap edilmedi.
Asmandaky Aý ýagtysyn
Aý-günüň geçäýşini - eýýäm Ulugberdi ataň kyrky. Uruş döwrüniň ýasyndan soňky ýyllardaky ýaly toýuň ysy gelenok. Janlam soýulanok, ibr-de-zibir tabak gatnadýanam ýok. Kä ýerde, kä ýerde birki sany saçak atylypdyr - bolany. Herkim kän çörege-de elini uzatman aýat-töwür okadar-da turýar. Iki-ýeke Söýünhan ýaly merhuma degerli ýaşuly otyr, gelen-gideniň "taňryýalkasynyny" berýär. Söýünhan aga muňa algy-bergi pisint düşünerdi. Kim ... dowamy
SÖÝÜNHAN SAKAL
Päki degmedik gara sakaly döşüni tutup duran Söýünhan sakal Ak patyşaň serhet ýakasynda saklaýan tölegli atly goşunynda jigitlik edýärdi. Serhedem Eýran bilen araçäk. Bir günem kemendirleri Ýazmyrat han ony çagyrdy-da ýanynda duran kelte boýly, küs murtluja adamy görkezdi:
- Sakal, şu döwlet wekili. Ony Gürgene äkidip-getirmeli. Bir gylam ynjamasyn. ... dowamy
EJEM HAKYNDA
Mekdebi tamamlanymyza ýigrimi ýyl boldy, duşuşalyň, könäni ýatlaşalyň diýişdik. Ýaşymyz kyrka ýetip barýar. Bu ýaşda geçenleri göz öňüne getirip, şol günleri seniň bilen bile ýaşanlary görmek, gowy görýän kinoňy gaýtadan görenden has gyzyklydyr. Ýogsa “gahrymanlaram” tanyş, hatda her wakaň näme bilen gutarjagyna çenli hemmesi belli. Şol “film” hakynda oňa gatnaşanlaryň pikirini bilesiň gelýärmi, ... dowamy
Iki gudrat arasy
(hekaýa, täzeden işlenilen wariandty)
Işanguly aga haçan gelse-de, ol edil şu gün geler öýtmeýärdi. Dogrusy, oňa garaşyp, ýoluna-da seredip ýörenok. Ýöne ýetmişe ýetmäge ýekeje ýyly galan garryň daňdan namaza turanda ýüregi bir zady syzan ýaly jigledi durdy. Onam ol ýol ýadawlygyndan görüpdi. Garry düýnjik welaýat merkezinde uly ýygnaga gatnaşyp gelipdi. Ýygnagam gowy zat, köne tanyşlary ... dowamy
Iki gudrat arasy
Işanguly aga haçan gelse-de, ol edil şu gün geler öýtmeýärdi. Dogrusy, oňa garaşyp, ýoluna-da seredip ýörenok. Ýöne ýetmişe ýetmäge ýekeje ýyly galan garryň daňdan namaza turanda ýüregi bir zady syzan ýaly jigläp gidipdi. Onam ol ýol ýadawlygyndan görüpdi. Başga zada ýorjagam bolmandy. Birküç günlükde welaýat merkezinde uly ýygnak bolup, Işanguly aganam bäş-älty sany sakgaldaş edip şoňa ... dowamy
Sakgal
Gürrüňini edeniňe-de degip duran zat däl welin, ýaşyň gaýdyşansoň sähel zadam uly alada bolsa bolaýýar eken. Gepiň gysgasy Bäşim aga sakgal goýbertsem diýen karara geldi. Dogrusy, altmyşyň ýarsyndan aşansoň, üstesinede oba arasynda gezýän ýaşuly her iküç günden eňegini gazap ýörmekden bizar boldy. Deň-duşlaram kileň sakgally. Diline buýrup bilmeýänlerden “Haçana çenli eňegiňi ýilpardyp ýörjek?” diýýänem tapylýar.
Aslynda, “Sakal geçide-de ... dowamy
Sen gerekmi?
“Her kim özüçe akylyndan azaşýar” diýýändirler, meňkem şoň ýaly boldy. Altmyş alty ýaşa ýetip barýarkam, dil öwrenmäge başladym. Iňlis dili kyn dilem däl diýdiler. Hakykatdanam, başda kynam görünmedi. Ýöne gitdigiçe kynlaşýar, sözleri ýadymda saklap bilemok, çalt ýadaýan, garaz, höwesim gaçyp başlady. Esasy agram salýanam “Altmyşdan soň dutar öwrenip, görüňde çaljakmy?” diýen sowal. Üstesine oglumam: “Gerek bolsa öwrenersiň” ... dowamy
Guş (gysgajyk hekaýa)
Oňa ne jyn urdy, bir gün şäherde ber-başagaý bolup ýörşüne balyjaklar, guşjagazlar satylýan dükana girdi. Nädip gireninem bilmedi. Guşjagazlaryň jürküldisine diň salmanyna-da esli ýyl bolupdyr - şol oglanjykka obaň gaýrasyna gidip goýun bakýan ýyllaryndan bäri näçe ýyl geçdi. Durup bilmedi, biriniň bahasyny sorady. Baha bahanady, jogaby eşder-eşitmez jübsünden pul çykardy. Çagalar-a hezil eder, ejelerem bir çytylar goýar-da. Diýişi ýaly, çagalary guşjagazy görüp guş bolup uçdular. Şäher ... dowamy
Öwgi, şöhrat hem biz
„Ýene-de öwgümi? Öwgüden ýadadyk“ diýme, dost.
Hiç kimi öwmek maksadym ýok, diňe öwgi hakynda oýlanasym, onuň manysyna
düşünesim geldi-de...
Hawa, menem owal «Öwgüdir-dä onuň nämesine düşünjek?» diýip pikir edýärdim. Ýöne soňky wagtlar öwgi, şöhrat, şöhratparazlyk meni köp pikire batyrýar, eýgilige bolsun-da hernä. Biziň hemmämiz (bolmanda meniň tanaýanlarym) öwgüni halamyzok, şöhratparazlygy ýigrenýäris. Dostum, şeýle gerek? Emma... bizde bir gylyk bar: - biriniň ýazan zadyny okamazdan öňürrti ony ýazanyň kimdigine seredýäris. Şeýdäýmeseň boljagam däl, ... dowamy
Döküber gelin...
Rowaýata meňzeş bolansoň anyk aýtmaly bolýan – bu bolan waka. Waka diýsem geňirägem eşdilýär. Gepiň gysgasy, köçäň bir tarapynda iki sany ýaş gelin, garşysynda-da bili bükülen garryja ene ýaşaýar. Başga-da ýaşaýanlar bar welin, olar bolan ýagdaýa degişli bolmansoň, sanap oturmagyň manysy ýok. Ondan gowsy hapa dökülýn bedreler, gaplar hakda aýdaýyn. Hawa, garry ene howlyň hapasyny bir gaba salyp köçäň gyrasyna çykaryp goýýar, gelinlerem. Ýöne olar hapalaryny bi wagt çak çykaryp, garry enäň ... dowamy
Zyňylan çäýnek
Daýym bardy, gargy tüýdük çalardy, çagalary sünnet ederdi. Hakykatda ejemiň erkek dogany bolmandyr. Tüýdükçi daýymam babamyň doganlarynyň biriniň ogly bolmaly. Ýöne biz o döwürler çaga süýtdeş daýymy, doganoglan daýymy tapawudyny bilemizok. Aslynda onuň tapawudam, belki, ýok bolsa ýokdur. Kakam üçinem tapawudy bolandyr öýdemok. Daýym bilen baglanyşykly gürrüň berjek wakam biz barkak bolup geçipmi ýa-da ondanam öňmi onam anyk bilemok. Daýym o wagtlar goňşy obada däl-de biziň obamyzda ýaşaýan eken. Kakam kolhoz ... dowamy
Akyl terezisi
Oglanlykdan bir zada – akyly, düşünjäni ölçäp bolmaýandygyna gynanardym. Adamyň boýuny ölçäp, agramyny çekip bolýar. Aýagyň, kelläň ölçegi bar. Hatda, öýkeniň giňligini, ýüregiň näçe gan itekläp bilýändiginem ölçeýärler. Biliň inçeligi, döşüň giňligi, egniň ýasylygy... bu zatlar-a hasabam däl. „Wah, şularyň barynyň ýerine akylyňy ölçäp bolsady, bähbidi kän bolardy“ diýýän. Mysal üçin boýuň ösmese basketbol oýnaýaň, her gün ölçeýäň, ösdürmäge çalyşýaň, akylyň welin ösýäninem bileňok, tesýäninem. Kim akylym az diýip, derde galyp, äýnek dakynmaly ... dowamy
Köpegiň şerti
Gepi uzaltman gysgaldyp aýdaýaýyn. Garaz, bir
arryk köpеk halatly piriň ýanyna arza gеlipdir.
– Pirim, mеni pylan mоlla nähak ýerе urdy. Şоndan hakymy alyp bеr, ýogsa-da özüm haklaşaryn – diýýämiş. Pirеm dеrrеw iti ynjydan mоllany çagyrdyp gеtirdipdir. Mоlla bоlaňda nämе, adam pahyr dеrrеw özüni aklar-da:
– Mеndе günä ýok pirim. Оl dеňimdеn gеçip barýarka üstümе palçyk syçratdy, şonuň üçin urdum.
Pir özündе müýn duýmaýan mоlla nämе diýjеgini bilmändir. Bеlki, diýjеgini bilsе-dе ... dowamy
Özümden uly penjegim
Reý Bredberide şeýle setirler bar:
- Men öz arzuwyma çenli ösüp bilmedik adam.
- O näme diýdigiň bolýar?
- Bu diýdigim, Dug, entek ýaş oglankam özüme eşigi göwrämden uly tikerdim. Ahyrynda-da asylgy duran iň gowy penjegime çenli ösüp bilmedim. Bolasym gelen adam bolmagy başarmadym.
Bu setirleri okap, başymy tutup oturşyma içimden: „Haý, gardaş! Penjegi iliň biçişi ýalyrak biçäýseň ... dowamy
Iki oduň arasynda
Nämüçindir men, köp kişi ýaly, ýeke galamda däl-de, köpçülikde, dürli adamlaryň arasynda oýlananymy duýman galýan. Ýogsa muny etjek bolup azara-da galamok. Gaýta ümsümlikde pikirleriň, ýadyma düşýän wakalaryň köplügi meni belli bir zat hakynda dünýäni unudyp, çynlakaý pikir etmäge maý bermeýär.
Bu gezegem şeýle boldy. Biriniň öýüne myhmançylyga barmaly boldum. Öý eýesi bize (biz 5-6 kişi) hormat goýup bilipdir. Giň ýazylan saçagyň üstünde dürli-dümen iýgi-içgiler goýupdyr. Isleseň arak-şerap, isleseň miwe suwy. Aramyzda şagalaňçy, degişenimizem bolansoň ... dowamy
Ýoldan soňky ýodajyk
Ýazyň ahyry ýoluň ýakasynda baldagyndan döwlen güljagaza gözüm düşdi. Bägül, gülälek diýen ýaly belli gülem däl, Çopantelpegem bolsa tanardym, ýönekeýje haşal otlaryň arasynda açylan mawyja reňkli gül. Şonda-da nebsim agyryp gitdi. “Köçede depelenen güle gynandym” diýip, ullakan gussa ýasajak bolamok. “Bäh, mundan-a gowy goşgy ýasap bolardy” diýilýän ýaşdanam geçdim. Ýöne ojagazam Gün şöhlesine açylandyr, baharyň ýakymly şemalyna başyny yrandyr. Käwagt sazyň aşyklary dutary yranyp diňleýändirler ýa-da türk garyndaşlarda ilki gezek gördüm, Alla ... dowamy
Torgaýguşlar
Öýümden Aşgabat ýoluna çenli iki kilometr ýaly aralygy köplenç pyýada geçýän. Ýaňy Gün dogup gelýärkä ekin meýdanyň gyrasy bilen ýöremegiň üýtgeşik bir täsiri bar. Häzir bu täsiri bu peltek dilim bilen näçe pelteklesem hem sähelçe-de düşündirip bilmejegimi bilýän. Emma göwnüme muny ýazyp bilsem, dünýede armanym galmajak ýaly. Eger uly gürlän ýaly görünmejegini bilsem, “Bu haly, täsiri düşündiripmek meniň baş maksadym” diýerdim. Şeýleräk oýlar bilen barýarkam, çöpüň aşagyndan mollatorgaý asmana göterildi. Ol ýokaryk galyp ... dowamy
Oýun bilen çyn
Oýun hakynda oýun edip bilsedim gaty gyzykly bir zat bolardy. Sebäbi çyn hakynda-da çynyň bilen bir zat aýtmaga çalyşsaň ýa ýürekgysgynç ýa-da düşnüksiz, çylşyrymly bolýar. Üns berseňiz degişmä salybrak çynyňy aýtsaň garaşanyňdan täsirli bolup çykýar. Eger bu dünýede oýun bolmadyk bolsady biz çynyň aşagynda gark bolup giderdik. Oýun täsin närse. Kä halat şeýle bir gaharyň gelip, janyň ýananda ýene oýna salsaň gaharyň ýatyşyp, janyň ýangyjyna suw dökylen ýaly bolýar durberýär. Emma meň ... dowamy
Äýnek, aýna, çüý hem açar…
Halamaýan zadym işden ýadaw geleňsoň nahar-çaý içip, ýassyga ýaplanyp, uzanyp, içiňi hümledip, dynç almagyň ýerine öýüň bolgusyz ownuk-uşak işine dümtünmek. Ýöne etjek alajyň ýok, gyşyň başynda üç-dort gün bäri bizar eden, “diňmejekmikä?” diýdirýän sowuk ýagyşdan beter iňirdi başlamanka penjiräniň döwlen aýnasyny salmaly. Üstesine bir bölek aýna tapsaň, aýna kesilýän ýokdur, onam goňşulardan gidip getirerler welin, ownuk çüý tapylmaz. Öňki köne çüýlerem poslap, döwlüşip ýatandyr, gopup gaçanam ýere siňip gidendir. Çüýem başga bir ... dowamy
Oýalykdaky düýş
Adam diýlen
ýüregi bir zat küýsese, göwün ýüwürdegen bolýar. Men-ä şoň ýaly bolanda köne
suratlarymyzy öňüme alýan. Olar edil küşt oýny ýaly seniň pikirleriňi kän ýyl
yza alyp gidýär-de, oýalykda düýş görýän
ýaly bir hala düşýäň. Özem gowy düýş. Kä wagt öňüňden dünýeden öten ejeň ýa-da
kakaň suraty çykaýsa, çala gyýyljak bolýaň welin, derrew olar bilen
baglanyşykly bir süýji ýatlama ýadyňa düşýär.
Ýagdaýyny tapsam o suratlary ýeke özüm görmegi gowy görýän. Ýöne ... dowamy
Körüň ýoly
Ony Tejende gördüm. Dürli reňkli mata bölekleri biri-birine düwlüp, hajathana çenli çekilipdir. Bir bada munuň nämä gerekdigine düşünmän, düşünjegem bolman öý eýesinden: "Bu näme-aý?" diýip morta soradym. Ol müýnli ýaly "Kakamyň gözi görenok" diýdi. Körlügiň ýa-da kör kakaly bolmagyň näme aýbynyň bardygyny bilemok, ýöne näme üçindir, ýoknasyz bilesigelijilik eden ýaly menem soranyma utanyp gitdim. Tomsuň güni bolansoň, daşarda – erigiň kölegesinde oturdyk. Oturyp uzagam oturmadyk – bir käse çaý içdik-de turduk. Emma ... dowamy
Ilkinji basgançak
Ilkinji basgançak
“Kaýyllyk” hem “kämillik” – bu sözleriň biri-birine şeýle sazlaşmagy tötänleýin bir zatmyka? Kaýyllyk haýwantaklykdan, kämillik welilikden nyşan dälmi? Haýwantaklyk nirede, welilik nirede?!
Bir maşgalada diýeni bolýan çaga bar bolsa, biri men bolmalydym. Kakam iki obany birikdirýän kolhozyň başlygy, menem körpe ogly, onda-da ekiz taýydym. Emma maňa entek ýörjen-ýörjen bolmankam, doglan günüme welosiped alyp bermändiler. Çagalygymda ýekeje üç tigirli, zynjyrly welosipedi aýal doganym obamyzyň dükanyndan alyp getiripdi. Onuň hem puluny soň ... dowamy
Duşuşyk hem hoşlaşyk halkasy. Ilkinji basgançak
Duşuşyk hem hoşlaşyk halkasy
Bu duýgyny her birimiz kä duýup, kä unudyp hemişe aňymyzda göterip gezýäris. Daň atypdyr, işe ýetişmeli. Täze hepde başlandy. Işe çenli ýoly ýarpylaberemde Günem gyzaryp dogdy. Pikirime gümra bolup, onuň nähili doganynam görmändirin. Dogrusy, awtobusyň adamsy ýetik, arkaýyn Günüň dogşuny synlap, oňa “Salowmaleýkim, Gün aga!” diýere-de maý ýok. Her kim gyssanmaç, her kim bir ýere howlugýar. Meň ýaly ýazara zat gözläp ýören bolmasa, hiç kimiň ýadyna duşuşygam ... dowamy
Süzmeli söhbet
- Indi goňşulardan süzme getirmäge-de
men gitmeli-dä.
- Dagy näme, işşekçer çykan ogluň biriniň gapysyndan “Süzmäňiz barmy?” diýip barsynmy?
Ýadyma öz oglanlygym düşüp gitdi. Biz o wagtlar şäherde – agamlarda ýaşap, şäher mekdebinde okaýardyk. Köçämiziň o tarapynda azyk harytlaryny satýan dükan bardy. Maňa bir kile gant alyp gel diýipdiler. Barsam, kiçiräjik magazin adamdan hyryn-dykyn. Köpüsem aýallar. Delje şokaladmy, kökemi bir zat gelipdir. Giden nobat – men öň geldim-de, men belläp gitdim. Gant ... dowamy
"Çomuç" soňy
Öz-ä şäherde, ssirkde. Bir maýmyny orta çykaryp, adam ýaly oýnadýardylar. Maýmyn top depýärdi, stoluň başyna geçip birzatlar ýazan bolýardy. Ýazanlaryny ýyrtyp, başyny tutup oturýardy. Birdenem, adamy maýmyn edip oýnadýarlar. Adam agaja dyrmaşýardy, maýmyna öýkünip çirkin gygyrýardy. Şahadan-şaha bökýärdi. Bir agajyň şahasynda sallançak uçýardy. Şol wagtam Esen agaň ejesi eli kündükli göründi. Ol sesiniň ýetdiginden ejesine gygyrdy: “Eje, çynlakaýlyk bilen ýasamalygyň arasynda sary-sadylla bolup geçmelimi? Şumy dünýäň manysy?” Segsenden geçen garry ... dowamy
"Çomuç" dowamy
- Allaha şükür. Henize çenli beýle rahat uklan wagtym ýokdur.
- Tüweleme, kelläňi ýassyga goýdugyň uklaýýan ekeniň. Düýelerem sagýalar, indi tutruşybersegem bolar, neneň görýäň?
Oňa çenli çalmaryň daşynda çybşyldy eşdildi. Mämmet aga daş çykdy. Ol eglenmän ullakan ak şakäse doly düýe süýdini alyp geldi. Soňam ony howlukman kiçi käselere paýlady. Daňyň ýagtysyna bu görnüş, entek ukudan doly açylmadyk myhmanlar üçin düýş ýalydy.
Düýe süýdi ... dowamy
"Çomuç..." dowamy
- Atagurbany näme ibermediň?
- Aý, muň özem gitjek diýip dyzap durmady. Ýöne ibersem boljagam däldi. Bu mallar indi ýeke janyma eýgertmeýä.
Atagurban kän eglenmän, çalmardan çykyp gapdalda dikilen gara öýe girdi. Gelni onuň öňüne çaý getirdi.
- Nahary kakaň dagy bilen iýjekmi?
- Bor-la.
- Nurmyrat aga ýene Hatyjany diläp gelipdir.
- Hmm. Kakam näme diýýär?
- Bilmedim.
- Hatyja näme?
dowamy
Çöl, çomuç, düýe süýdi...
Aladaňdan ýola düşen ýeňil ulag orta ýaşdan agan Nurmyrat bilen altmyşa ýeten Esen agany Garagumyň jümmüşine “Tüm” diýilýän ýere tarap alyp barýar. Olaryň ýaş kiçisi guma belet. Okuwy gutaryp, eline “diplom” alan ýyly “kolhoz” diýilýäniň ýykyljak-ýykyljak uçurlarynda goýundarçylyk fermasynyň müdiri bellenen Nurmyradyň şodur-şodur bir aýagy çölden ýygnanok. Häzirem hususy kärhanasynda mal saklaýar. Goýun bolsun, sygyr – tapawudy ýok, arrygrak maly arzan bahadan satyn alyp, semredip satýar. Düşewündi gowy, gurply. ... dowamy
Duşuşyk hem hoşlaşyk halkasy
Bu duýgyny her birimiz kä duýup, kä unudyp hemişe aňymyzda göterip gezýäris. Daň atypdyr, işe ýetişmeli. Täze hepde başlandy. Işe çenli ýoly ýarpylaberemde Günem gyzaryp dogdy. Pikirime gümra bolup, onuň nähili doganynam görmändirin. Dogrusy, awtobusyň adamsy ýetik, arkaýyn Günüň dogşuny synlap, oňa “Salowmaleýkim, Gün aga!” diýere-de maý ýok. Her kim gyssanmaç, her kim bir ýere howlugýar. Meň ýaly ýazara zat gözläp ýören bolmasa, hiç kimiň ýadyna duşuşygam düşenok, hoşlaşygam. Saçyma ak girenem ... dowamy
Süzmeli söhbet
- Indi goňşulardan süzme getirmäge-de
men gitmeli-dä.
- Dagy näme, işşekçer çykan ogluň biriniň gapysyndan “Süzmäňiz barmy?” diýip barsynmy?
Ýadyma öz oglanlygym düşüp gitdi. Biz o wagtlar şäherde – agamlarda ýaşap, şäher mekdebinde okaýardyk. Köçämiziň o tarapynda azyk harytlaryny satýan dükan bardy. Maňa bir kile gant alyp gel diýipdiler. Barsam, kiçiräjik magazin adamdan hyryn-dykyn. Köpüsem aýallar. Delje şokaladmy, kökemi bir zat gelipdir. Giden nobat – men öň geldim-de, men belläp gitdim. Gant ... dowamy
Ýedigenim ýedi ýyldyz
Telewizorda sirk oýunlaryny görkezýärdiler. Bir adam mähnet goňur aýyny oýnadýardy. Onuň gowuşgunsyz hereketleri geň görünýärdi hem nebsiňi agyrdýardy. Janawere artistlik ukyby berilmändir. Oňa ýalandan, ýasama hereketler etmek ýat. Muňa ynsan ökde.
Menem oglankam artistlik edip görüpdim. Okan mekdebim telestudiýanyň golaýynda bolansoň, çagalar üçin teleoýunlary taýýarlaýan rejissýorlar köp gelerdi. Ýüzi yşnaklyrak okuwçylary saýlap, yzlaryna düşürip alyp giderdiler. Arap Gurbanowyň “Gülnar” atly eseriniň esasynda taýýarlanan telespektaklda baş gahrymanyň oguljygy bolupdym. Baş rolda-da Baba Annanow ... dowamy
Gülüp bilmesem…
Neneň-niçik boldy anyk ýadyma düşenok, pesinden 15 kişi dagy bolup güýzüň güni biriniň daçasyna ýygnandyk. Iýildi-içildi. Hemmämiz biri-birimizi gowy tanasagam, dürli-dürli dünýedäki adamlardyk. Aramyzda 25-30 ýaşlymyzam, elliden geçenmizem, içýänimizem, içmeýänimizem bardy. Mümkin şonuň üçindir, ýomak aýdyşmak başlandy. Muňa ökdelerimizem bardy, men ýaly asla başarmaýanam. Näme üçin beýlekä, töweregim içini tutup gülüp ýatandyr, men bolsa özüme zor salyp ýasama gülýärdim. Käte töweregimi ýasama gülkim bilen aldasam, käte başarmaýardym. Başarsam ýene ýagşy, başarmadyk gezegim özümi ... dowamy
Hеr dеm diýsеm... / Аllаnyň syry
Hеr dеm diýsеm...
Кöpdеn bäri gаpymyň öňünе gеlýärsiň. Indi işiкdеn ätlýsеňеm bоljак ýaly. Mеn hеm sаňа öwrеnişibеrdim. Höwrügip hеm gidеrin. Ýalňyzlyкdа ýoldаşym, gеlip-gеlip sеn bоlаrsyň öýtmеýrdim. Аllаhа şüкür, аýdyşlаry ýaly ýaкymsyz hеm däl eкеniň. Sеni gаrşylаp bilşim hеm özümiň nädеrеjеräк кişidigimi tаnаdаr. Аýdypdyrlаr-а кä кişi gаrrаsа it bоlаr, кä кişiň dili süýjär diýip. Eýýäm mеndе sаňа mаhsus häsiеtlеr hеm döräp ugrаdy. Indi öňкüligim ýaly bаşаrsаm hеm bаşаrаryn, bаşаrmаsаm hеm ... dowamy
Mаny. Ynаm
Mаny
Gurbаnnаzаr şаhyryň ilкinji çаp edilеn çакlаňjа кitаbynyň аdy ýadymа düşdi. "Ynаm". Dеň-duşlаrynyň biri оndаn кitаbynа nämе üçin şеýlе аt gоýanyny, оnuň nämäni аňlаdýandygyny sоrаpdyr. Şаhyr syrly ýylgyrypdyr-dа: "Кitаby bеýlеliginе tutubаm окаp gör!" diýipdir. Sоwаl bеrеn кişi кitаby şаhyryň аýdyşy ýaly tutup окаmаgа synаnyşаn bаdynа "Mаny" diýеnini duýmаn gаlypdyr.
Bir tаnşym bаr - оl аslа ys аlаnок. Оnuň üçin güllеr аçylyp, töwеrек bаrк urup dursun ýa-dа hаpа döкülýän zibilhаnа bоlsun ... dowamy
Penje-penje gar
Muňа höwеs etmеýän ýa-dа etmеdiк ýoкdur. Göwnümе bоlmаsа, Mаr-u Şаhu Jаhаn, Кönеürgеnç ýaly görеni hаýrаn gаldyrаn, Nоwаýy, Оmаr Hаýýam ýaly ägirtlеr gеzеn şähеrlеri ýyкyp, ýеr bilеn ýеgsаn edеn Çingiz hаnа-dа, аdаmlаry pеçlеrdе оdun ýaкаn ýaly ýaкаn Gitlеrе-dе, Sibiriň "Bаr gidibеr" diýlеndе-dе yzyňy tаpyp bоlmаjак sümmе tокаýlаryndа аgаç çаpdyrаn, аdаmlаry gyrgynа sаlаn Stаlinе-dе... wаgşylyкlаr etdirеn şоl аrzuw ýaly bоlup dur.
Nаpоlеоnyň pоrtrеtiniň аşаgynа "Sеniň gylyç bilеn eýеläp bilmеdiк dünýäňi mеn ... dowamy
Yzа
"Mаgtymguly bаrка, Pygаmbеrimiziň hаdyslаry bаrка, Кur’аn bаrка оwnuк pеlsеpеlеr ýazyp, gеp оtаryp, "Dаmjа" diýip оturmак nämä gеrек?" diýеn аdаmyň bu hак sözi üçin ynjаmаdym. Hакyкаtdаn hеm Кur’аndаn sоň, "Hаdyslаrdаn" sоň, Mаgtymgulydаn sоň, bаşgа-dа birnäçе ägirtlеrdеn sоň... ýеnе-dе bir zаtlаryň ýazylýandygy gеň. Düşünjек, аdаm bоljак аdаmа Mаgtymgulyň ýеке кüplеdi, "Gеlеn gidеr - gidеn gеlmеz" diýеn ýеке sеtiri ýеtеrliк. Оnsоň sеň "Dаmjаň" "dаmjаjyк" diýеnlеri üçin, nеnеň ynjаjак? Emmа Muhаmmеt Pygаmbеrimiziň müňdеnеm кön hаdysy bаrка, ... dowamy
Damjalar
Her kim damjany bir hili göz öňüne getirýär. Ýagşyň damjalary, ýaňakdan syrygan ajy gözýaşyň keseki gözünden gizlenýän damjasy, ýazyň ilki günleri ýaňy pyntyk ýarsam diýip duran üzüm şahasy kesilende ondan damýan damja, haýwanat bagynda demir kapasanyň aňyrsyndaky şir-peleňiň gözünde gatap galan agyr damja (oňa damja däl-de hiç diňmeýän agy diýesiň gelip dur), ýeke perzendini öýeren enäniň gapysynda gelnalyjy maşyn duranda, ondan düşüp gelýän gyzyl kürteli gelni görende göz owasyny dolduran ... dowamy
Daşyň-içiň amanmy?! "Gabrystana bar-da, otur, pikir eýle..."
Daşyň-içiň amanmy?!
Hal-ahwal soraşanlarynda, köplenç, aýallar biri-birine şeý diýşegen bolýarlar. Adamyň daşy-içi - dogan garyndaşy barada däl-de, onuň özüniň daşy hem içi hakynda gürrüň edesim gelýär. Has dogrusy, öz daşym- içim hakynda.
Din alymlarynyň, pelsepeçileriň kesgitlemelerini bilemok welin, özümçe adamyň "daşy" diýilse, onuň daş sypaty, boýy-syraty, geýnişi, oturyp-turşy, aglaýşy, gülşi... mahlasy, göz bilen görüp bolýan ähli hal-hereketleri hasaplaýaryn. "Içi" diýlende adamyň ruhy dünýesi, oý-pikirleri, niýeti, arzuw-hyýaly... ýadyňa düşýär. Bu ... dowamy
Sanjy, Ýaşa ýuwulmadyk ýüz,
Sanjy
Omar Haýýamyň "Allahym! Meni dostlarymdan gora, duşmanlarymdan özüm goranaryn" diýip eden dileginiň sanjysy aýrylmaýar. "Ol adam diri bolan bolsady, "dostlarym" diýip kimleri göz öňünde tutduň - dost eşigine bürenen duşmanlaryňymy? Ýa-da iki ýüzli, kimi görse şoňa dostlarymy? Ýüzüňe gülüm-ýalym edip, ýeňsänden gürrüňiňi edýänlerimi? Ýa-da seniň pikiriň, akylyň, baýlygyň üçin dost bolanlarymy? Ýa-da ýüregi bilen seni gowy görüp, kyn günüňde gynanyp, kömek edip, şat günüň şatlygyňy paýlaşýan, "doganymdanam ýakyn" diýdirýän ... dowamy
Lä edri, Ýer ýarylmady..., Direg, "Miwe köp bolsa eger..."
"Lä edri" arapçada bilmeýärin, bilemok diýmegi aňladýar.
Pygamberimiz: Ylym üç zatdan ybaratdyr - Allahyň ap-açyk kitaby, Resulyň üýtgewsiz sünneti we bilmeýärin diýmek.
Şundan soň ýene bir zatlar ýazjak bolmak, elbetde, öz-özüňe garşy gitmek bolýar. Içimden näçe gezek "Lä edri" diýsemem başarmadym. Düýn bir oturlyşyga gitmedik bolsam, belki, bir zatlar ýazjak bolup, siziň başyňyzy agyrtmasamam agyrtmazdym...
Gysgajyk aýtsam, 5-6 sany çalarak serhoş pyýada goýnuň iýilmeýän ýeriniň ýedidigini sanap jedel edýärdiler. ... dowamy
Müň dirhemlik hatyram
Tahyryň Zöhrä: "Müň dirhemlik hatyramy bir dirhemge satmagyl" diýenindäki biçäre haly göz öňüme gelýär. Müň dirhem nirede, bir dirhem nirede?!
Men-menligim barjak ýerine baraýypdyr öýdýän - özüm-özüme baha kesip ugran bolsam. Näme diýselerem, nähili pikir etselerem, Tahyryňky ýaly "müň dirhem" diýmesemem, gaty bir arzan-a däldirin. Buça bolanyna görä, indi, anyk aýt, gymmat bolaňda näçeräk bahaň bardyr öýdýäň?
Özüme beren bu sowalym meni kürtdürdi. Oýun-oýun, ýöne gürrüňi çyna ýazdyrdym ... dowamy
Ýer ýarylmady...
Haýa nämä gerekkä, bihaýalaram gül ýaly ýaşaşyp ýör-ä?
Bihaýalyk bilen haýa hakynda gürrüňe başladym. Başladymam haýa hakynda gürrüň etmegiň özüniň bihaýalykdygyny duýdum. Özüm kim, haýa hakynda gürrüň açarça?! Akyldaryň "Köwşüni palçyga bulan adam batgadan gorkmaz" diýen sözüni galkan edinip, degene gözüm menden däl edibersemem bordy. Suwuň gadyryny çölde galan teşne biler, belki, haýa hakynda bihaýanyň sözlerini okamak has gyzyklydyr.
Hakykatdanam, haýa ynsana näme üçin berildikä? Ýeke özüň öýüňde ... dowamy
Goýnuň garasy, Müň dirhemlik hatyram
Bir adamy tanaýan, ol hiç wagt dilegçä aňsat-aňsat zat bermeýär. Hatda pildir kätmenini, çekiçdir paltasyny wagtlaýyn ulanmaga sorasaňam boş gaýtarýar. Beý diýsem, ony bir garasöýmez adamdyr öýdäýmäň. Ol goňşokara gatnadyp, goňşusyny sylaýan adam. Bir gezek: "Näme üçin beýdýäň? Öňi-soňy kätmeniňi ulanoňok ahyryn?" diýdim. Ol: "Bir gün senden, bir gün ondan diläp ýöreniňden gerek zadyň özüňde bolsa gowy dälmi? Şo gurallar gymmat zadam däl, ýöne iliň arkasyndan güni geçip duransoň, kä kişi ... dowamy
Gören kim, görünen kim (dowamy)
«Mоlla bоljak däl. Mоllalygy başym ýapaýynmy?! Siz üçin, adam ýaly ýaşamak, sizi adam sanyna gоşmak üçin, tutuş ýylyň dоwamynda ýer dörjеläp gеçirtmеjеk bоlup şu işе baş gоşdum» diýip bоlýamy? Şоl ýatyşyma, birdеn birhili erbеt bоldum. Ýalandan namaz öwrеnip, ýalandan namaz оkan bоlmag-a bеýlе-dе dursun, bеýtmеgi göz öňünе-dе gеtirip bilmеýärdim. Bеýlе zat mеniň üçin asla mümkinеm däldi. Alladanam оýunjak bоrmy?! Allaň özi gеçirsin-dä. Alla gеçirimlidir, bеndеsi ... dowamy
Doňbagyr
Leýli indi 45 gündir işledilmeýän telewizoryň düwmesine basdy, günlere meňzeýär ýüzündäki ýukajyk çaň. Çaňda jan ýok – esgä agram bermän syrylyp gitdi, emma ýas getiren günler welin, musallat daşy kimin doňup dur. Açylanyna mähetdel ekranda ak telpekli jigitler tans edip iki tarapa at salyşsalar-da içerä, Leýliniň süňňüne ornap giden gussany kowardan ejiz. Şowhunly saz boş otaga boş ýaň saldygyça gaýta Leýliniň bokurdagy dolup, gözlerine ýaş aýlandy. Ol telewizoryň sesini peseltdi, ... dowamy
Gören kim, görünen kim (dowamy)
Ejеm halamadyk sözüni, hеmişеkisi ýaly, «nеmе» bilеn çalşyp, gürrüňini dоwam etdi.
«Şоnda оbamyzyň оrs dili mugallymy Galina pahyr Hudaýnazar aga «Оbada оgurlyk edýän bar, süpük tirýekkеşligindеn ýaňa, çagasyny köçä nеmеdýän bar, arak puluny tapmasa, gapy-gapy aýlanyp ýörеn bar. Sеň gözüň оlary görеnоk-da, ýekе naçara jynyň düşdümi? Görgüliň tutuş dünýädе ýekе pеrzеndindеn başga zady ýok. Şоnam köp gördüňmi?» diýip, о mоllany gürlеmеz ýaly edipdi. meniň arkamy ... dowamy
Gören kim, görünen kim (dowamy)
10-njy mart 198... ý.
Näçе gün gеçdi. Şu gündеligiň оňly zadyň üstündеn eltmеjеgini duýsamam, ýazman saklanyp bilеmоk. Muny özümi öwmеk üçin başlamandym. Aýbyňy açyp оturmagam ýakymly bir zat däl. Ýönе gündеligim mеni yzarlaýar. Оtursam-tursam, özümi kеsеdеn synlap, aňymda gündеligimе gеçirýärin. «Agşam bu bоlşumy nädip ýazaryn?!» diýip, öz-özümi duşaklabam оturamоkdym wеlin, ýakymsyzdy, bir tarapdanam, gyzykly. Durmuşyň tоlkunlarynyň aýlap uruşyny, gark bоlmajak bоlup dyrjaşyşymy, kеsеsindеn synlan ... dowamy
Gören kim, görünen kim (dowamy)
«Ýeri bu zatlara mеniň nämе dahylym barka?!» diýip, içimdеn оýlananymam şоldy wеlin, Albеrt gürrüňini maňa tarap öwürdi:
– Şamyrat, halkda ynam galmady. Biz оnuň ynamyny öldürdik. Ynha, sеn dört-bäş aý bäri hiç ýerdе işläňоk...
Albеrt işsiz ýatan wagtymyň aýyna çеnli gözümе dikan sеrеdip aýdanda, inim tikеnеkläp gitdi. Hеrnä, оl dеrrеw sözüniň yzyny ýetirdi:
– Hоwsala düşmе. Sеn işlеmеdiň, döwlеtdеn hakam almadyň. Emma köp adamlar hеm işlеmеdilеr, aýlygam aldylar, üstеsinе, ... dowamy
Goýnuň garasy
Bir adamy tanaýan, ol hiç wagt dilegçä aňsat-aňsat zat bermeýär. Hatda pildir kätmenini, çekiçdir paltasyny wagtlaýyn ulanmaga sorasaňam boş gaýtarýar. Beý diýsem, ony bir garasöýmez adamdyr öýdäýmäň. Ol goňşokara gatnadyp, goňşusyny sylaýan adam. Bir gezek: "Näme üçin beýdýäň? Öňi-soňy kätmeniňi ulanoňok ahyryn?" diýdim. Ol: "Bir gün senden, bir gün ondan diläp ýöreniňden gerek zadyň özüňde bolsa gowy dälmi? Şo gurallar gymmat zadam däl, ýöne iliň ... dowamy
Gaplaň
Ondördi gije dogan Aý Günüň ýiti ýagtysynyň perdesini syryp, ähli zadyň asyl durkuny açaýan ýaly. Kiçijik şäheriň kiçijik haýwanat bagy-da Aýyň solgun sary yşygyna gündizkisindenem beter ýürekgysgynç görünýärdi. Üstesine bu "bagyň" garawulynyň köpegem tumşugyny göge tutup zaryn-zaryn uwlaýardy. Itiň uwlamasyna kümüsöw gara möjegem sesini goşdy. Ol dar kapasanyň gözeneginiň öňüne gelip, öň aýaklaryna direnip, asmandaky Aýa bakyp uwlaýardy. Gara reňkiniň üstüne gyraw düşen ýaly görkezýän ösgün ... dowamy
Garamurt
Öňi gözenekli kiçijik penjireden eýlesi-beýlesi üç, üç ýarym metr töweregi dar otaga daň ýagtysam göwünsiz girýän ýaly. Törde, ortarada ellinji ýyllaryň ysy gelip duran, galyň tagtadan ýasalan mähnet stol, onuň bilen asla sazlaşmaýan ýeňiljek, ejizje oturgyç jaýyň esasy bölegini tutup dur. Üstüniň matasy süzülip giden köne diwanda ýatan goja diwardan asylan suratlardan gözüni aýyryp bilmän synlaýardy. Alagaraňkyda birihili başga bir dünýeden seredýän ýaly görünýän Lenin bilen ... dowamy
Rowaýaty saçak
Atammy ýa-da atamyň atasymy - ony anyk bilemok, gepiň gysgasy, atalarymdan biri, ýalňyşmasam, düýesini ýitiripdir. Görgüli gözläpdir, köp gözläpdir, ahyry tapjagyna umydy azalyp: "Eger düýäni tapsam, pylan işana Hudaý ýoluna bereýin" diýipdir. Işan aganyň adyny hem anyk bilmänim üçin çak bilen ýazasym gelenok. Atam şeý diýenden soň, bir alaňdan aşypmy-aşmanmy ýitigini tapypdyr. Begenipdir. Suwsuz jöwzaly çölde gören görgüsi gözüne görünmändir. Gynanmanam düýäni işan agaň gapysyna alyp ... dowamy
"Iň şerefli mahlukat"
Käbir duşuşyklar hiç ýadymdan çykmaýar. Unutdymmykam diýýäniňem birden edil düýn bolan ýaly göz öňüňde janlanýar. Kä halatlarda huşumyň bu häsiýetine käýinsemem, köplenç begenýän.
Ol adam bilen duşuşanyma-da 15 ýyl töweregi geçendir. Men ony ýekeje gezek gördüm, soň görüşmek nesip etmedi, indem duşaryn öýdemok.
Ol adam sypaýy, arassa geýnen, kiçi göwün, pes päldi. Onuň şeýle gowy maşgalasy, edepli çagalary, bereketli saçagy, döwletli ojagy bardy. ... dowamy
Dilbilmezlik derdi
Bir zada akyl ýetirseň, düşünseň, düşünmeýäniň ýüzüne geň galyp bakýansyň. Düşündirjek bolarsyň, düşünse begenersiň, düşünmese... ýene düşündirmäge çalşarsyň, şonda-da garşyňdakyň akyly kabul etmese, eliňi salgap geçip gitseň ne ýagşy, gaharyň geler, janyň ýanar. Ahyry köşeşersiň, hem oýlanarsyň - "Bu näme üçin beýlekä? Şeýle bir düşnükli, özi üçinem peýdaly zada ol adam näme üçin düşünmeýärkä? Atam pahyr diýer eken "Dilbilmeze gep düşündiržek bolanyňdan arkaň bilen dagyň daşyny ... dowamy
Ynsanyň geň haly
Ynsanyň geň haly barada gürrüň edesim gelýär-de ýoluny tapamok. Ýogsa bu biziň her birimiziňem başymyzdan geçýär. Emma köplenç muny duýmaýarys ýa-da duýsagam üns beremizok, gadyryny bilemizok. Meniň diýjek bolýanym, gezip ýörsüň welin, birden kelläňde bir pikirmi, netijemi, düşünmekmi şulara meňzeş bir ýagdaý bolýar-da özüňi öňkiňden bir basgançak ýokaryk galan ýaly duýýaň. "Şu wagta çenli näme üçin beýle pikir etmedimkäm?" diýýäň. Dünýäň giňeýär, gözleriň has uzaklary ... dowamy
Arman hem şükür
Agamyň bir dosty bardy. Olar bile bal ary saklardylar. Bir ýylam kesel degdi-de, agamyňam, dostunyňam arylary gyryldy. Sähelçe ýyldan soň agamyň dostunyň özem dünýeden ötdi. Ondan bäri esli ýyl geçdi. Bu zatlaryň bary ýadymdan çykaňkyrlapdy, ýöne düýn agamyň dostunyň ogly täze maşyn alnypdyr-da şony gutlamaga gitdik. Şol ýerde-de agam dosty bilen baglanşykly bir wakany gürrüň berdi. Bir gün ol agamyň ýanyna gelip: "Dost, arylarymyzam-a gyryldy, ... dowamy
"Gijeki myhman"
Gurbannazar Eziziň "Gijeki myhmanyny" okap ýatanymdan boldumy, agşam geň düýş görüpdirin. Meni hasam geň galdyran zat onuň mylaýymlygy, mähirli ýylgyryşy boldy. Dogrusy ilki men oňa Jebraýyl perişdedir, dagy bolmasa Mikaýyldyr öýtdüm. Näme üçindigini bilemok, onuň perişdedigne-hä hiç şübhelenmedim. Ýöne geleniň Ezraýyldygyna düşünemsoň welin, süňňüm gowşap gitdi. Ýeriň-gögüň diregi özüm däl, yzymda çagalarym aç-hor bolar diýip pikir etmedim. Olaryň ryzkyny Alla ýetirer. Öýlenmedik ogullarymyňam müjerret geçmejegi ... dowamy
Höwürtge
Tomsuň jokrama yssysynda öýüne dolanan Ogulhally eje palçyň aýdanlaryna henizem haýran, onuň sözlerini ýeke-ýeke içinden gaýtalaýardy.
- Öýüňe doga edilipdir. Gulp urulypdyr. Iki sany, otuz ýaşlaryndaky är-heleýiň işi. Gyzyň durmuşa çykmaz, bagty açylmaz ýaly, ýörite edilen doga. Topraga gum salyp gapyň öňüne sepilipdir. Ony ady „B” harpyndan başlanýan molla okat. Gulpy şol açar. Gyzyňam bagty açylar.
Bu yssam bir tarapdan, bäri-bärde Gökdepe barmy. Zol-zol gyňajynyň ujy ... dowamy
GÖRЕN KIM GÖRÜNЕN KIM...
Dostum Hüdaýi Jana...
Görеn kim, görünеn kim, galdyk güman içindе
Ýunus Emrе
Ýenе bir gün gеldi. Ýenе bir gün gеçеr. Eýýamlar gеlеr, Şammat diýip biriniň ýaşanyny bilýän ýekеjе adam hem galmaz. Ýok, gadymky şalaryňky, sоltanlaryňky ýaly, ölеnimdеn sоň asyrlar gеçsе-dе, mеni ýatladyp duran galalar galdyrmak ýaly, оtursam-tursam aklymdan çykmaýan güýçli höwеsim, arzuwym ýok. Ýogsa, ölеniňdеn sоň ýylyň sоwlup-sоwulmanka, özümi unutsalar, kän bir halabam durman, egеr ölеniňdеn sоň halap-halamazlyk ... dowamy
Gül ömür
Arada bir sebäp bilen gündelik ýöretdim. Sanaýmaly gün geçenden soň "Pylan ýere gitdim. Pylany bilen gürleşdim. Howa sowugam bolsa ynha, Gün çykar - türkmeniň gyşydyr-da" diýen ýaly gündeliklerde adaty duşaýýan ýazgylarymy okap oturşyma birden ýüregim jigläp gitdi. Ömrümiň sagatlar, pursatlar, gije-gündizler bilen parça-parça edilen böleklerini kesesinden synlan ýaly boldum.
Endige görä, düýnler-şu günler, ertirler-birigünler bilen ýaşap ýörüs. Bir günem ömrümiz kirpikleriň arasyndan daman damja ... dowamy
«DIŇE BIR SEŇ BILEN BAKYLYK BARDYR...»
1. “Diňe bir seň bilen bakylyk bardyr…”
Sözbaşy ýerine
Indi näçe ýyldyr bergili ýaly bolup ýörün. Gurbannazaram agyr daşlary jykyra ýükläp, ilerligine barýar. Daşlaryň agramyna köne jykyryň ýeke tigri sypaýjak bolýar. O wagt 1974-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrydy. Sentýabryň başynda toý etmeli bolamyzsoň, öýmüziň töweregini arassalaýardyk. Gurbannazar toýuň üç-dört gün öňünden gelip, bize kömekleşýärdi. Jykyr jygyldap barýar. Neresse şondan soň ýekeje ýyl ýaşap gitdi.
(“Neresse”, “ömür tanapy üzüldi” diýen ... dowamy
Söhbetdeşlik
Bir wagtlar – “Gören kim...” Türkiýede kitap bolup çykanda Hüdaýy Jan bilen söhbetdeşlik edipdik, bir neşir üçin. Türk dilinde çykypdy. Şonuň türkmençe görnüşi galypdyr. Belki, gyzyklandyrar.
- Romanyň baş ideýasy näme?
- Dogrusy, bilmedim. Haýsydyr bir pikiri alyp şony hem ýazaýyn, şol pikiriň daşynda wakalar guraýyn ýa-da wakalary şoňa gulluk etdireýin diýmedim. Emma, häzir sowalyňyzdan soň, bu barada oýlanýan welin, adamlaryň öz nebsi, dünýewi bähbitleri üçin Allany hem ... dowamy
Söz nire, men nire?!
Geljegiňi bilýärdim. Dost diýeniň şeýle-de bolmaly, kelte ýarag ýaly tüýs gerek wagtynda öňüňden çykar. Eger gelmedik bolsaň hem muny maňa düşündirerdiler, bitmejek ýara bilen birlikde. Dünýäň gurluşy şeýle, kim depäňden gaýnag suw guýup aklyňa aýlandyrýar, kim sowuk suwa salyp çykarýar. Amallar niýetlere görä diýilipdir ahyryn.
Dost, sen maňa her kelläňe geleni ýazyp ýörmeli däldigini aýtdyň. Ýazanlarymdan mysal getirmän aýtdyň. Sen: “Kimiň aýdanyny, kime aýdanyny, haçan aýdylanyny ... dowamy
K.S. Stanislawskiý Talant (ýazgy depderçesinden)
Talanty adamdan bölüp aýryp hem onuň başlangyjyny, soňuny kesgitläp hem bolmaýar.
Talant duýulýar, emma söz bilen kesgitlenmeýär. Talantyň psihologiýasy örän çylşyrymly bolany üçin ylmyň meşgullanjak işi, ýöne ol hem talantyň dürli-dürli sypatlaryny, görnüşlerini jemläp, bir kesgitleme berip bilmeýär. Her bir ýagdaý, diňe bir talant däl, adamyň umumy psihologiýasy, onuň şertleri ýörite öwrenilmegi talap edýär. Şol sebäpli talantyň derejesini, ululygyny-kiçiligini, has-da entek ol doly ýüze çykmanka baha ... dowamy
Jorj Simenon
Ýarym sagat çemesi mundan öň ýesirediji şepagat uýasy özüniň ömür boýy ýazyjy bolmagy höwes edendigini, indi on ýyl bäri hem günsypdyrman gündelik ýöredýändigini aýtdy. Onuň kärine görä hemişe haýy giden biçäre adamlar bilen iş salyşmaly bolýandygyny göz öňünde tutsaň, megerem, onuň gündeliginde haýran galdyryjy gyzykly zatlar bolmaly.
"Ýazmak" diýilýän söz müňlerçe adamlara jadylaýjy täsir edýär. Men aýal-erkek, ýaş-u-garry parhy ýok ummasyz köp adamdan buirnäçe gezek hekaýa ... dowamy
O`Genri Iň soňky ýaprak
Waşington skweriň demirgazyk böleginde köçeler biri-birine garyşyp, çolaşyp geçelegeler diýlip at berilýän gysgajyk zolaklara öwrülip gidýärdiler. Bu geçelgeleriň täsin burçlary, öwrümleri bar. Hatda ol köçeleriň biri özüni iki gezek kesip geçýär. Bir suratkeş bu köçäniň gymmatly bir häsiýetini hem açdy. Aýdaly, dükandan nesýe alynan reňkdir kagyz we holst üçin hasaplaşmak niýeti bilen eli hasap kagyzly barýan hasapçy bir köpügem alyp bilmän jübüsi boş gelýän özüne pete-pet ... dowamy
Ok
Gijäň ýary «Lenin bagyň» gündogar burçunda bir serhoş harby işgär tarapyndan atylan Baýrow milisgäň iň soňky gygyran sözi şü. Onuň iki gezejik ilki bogazyna sydygyndan gygyryp, soň çala pyşyrdap «ok» diýmesinden kim many alsyn? O manyny, bir böwründen girip, arka tarapyndan çykan okdanam eýmenç manyny Baýrowyň bir özi bilýär. Gowsy, baryny başdan, yzygiderli düşündirmäge çalşaýyn, eger başarsam, başarmasamam başarşymça...
Aslynda, degişli edaralar tarapyndan derrew bassyr-ýussur edilmäge çalşylan ... dowamy
Kiçi dilden aňyrsy
Hawa, kiçi dilden aňyrsy barada gürrüň edesim gelýär. Bilmedim, Aýyň Güni, gijäniň gündizi, Ýeriň Asmany höwes edişi ýalymy, göwnüm kiçi dilden aňyrsyny küýseýär. "Dil" diýilse, ilki bilen ýadyňa "söz" düşýär. Belki, kiçi dilden aňyrdan "sözlemek" kyn bolany üçin ynsana ýeňillik diýlip "öl ýere biten" dil berlendir. Diliňki aňsat - erk edip bilmeseň ýa-da wyždanyňy diňlemän "diý" diýip buýruk berseň, diýesi gelmeýän zady hem diýip goýberýär. Kim ... dowamy
Kakalar ölmeýär eken
Muny geňem görmegiňiz mümkin, ýöne hiç kime aýdyp bilmeýän bir derdim bar. Ony şeýdip gazet sahypasynda aýdaýmasam iki-çäk oturyp adama gürrüň berip bilmejegimi bilýän. Gelşiksiz görünmegem mümkin welin, aýtsam derdim ýeňlär diýen tamam bar, onam, dogrusy, anyk bilemok.
Düýşüme 8 ýyl mundan öň ýogalan kakam pahyr girýär. Köplenjem käýeýär. Ilki badalar onuň käýemesine kän üns bermedim. Kakamyň dirikä-de häsiýetidi, köplenç bize käýýärdi. Üstesine sesem ... dowamy
Atgulaksyz tabyt
Oraz nämä oýananyny bilmedi. Gözüni açdy. Gara öýüň ortasynda ýanýan ot söneňkirläpdir. Hersi bir dulda, başly-barat ýatan on-on iki ýigidiň hemmesem Köpetdagyň etgindäki obalardan ýygnan, tanalýan mergenler, awçylardy. Oraz olaryň ikisinden galanyny öňden tanaýardy, ol ikisem «Bäherden gapdalyndandyrys» diýdiler. Gökdepe galasynyň gabaw ýaňy başlanan günleri olaryň sany ýigrimä golaýdy. Bir öýe sygarmykak diýişenem bolupdy. «Aý, köplük bolsak ýyly ýatarys, üşemeris» diýişip, gülüşip oturanlary düýn ýaly. Häzir ... dowamy
Däliň Akyl bilen duşuşygy
Arada bazarda geň birini gördüm. Öz-ä bir horja, egninde-de köneje eşigi. Ol her geçeniňem alkymyna dykylyp barýar, mümkin hyzmatyny hödürleýändir-dä. Her kim oňa: "Özümkini nätjegimi bilemok" diýýär-de deňinden geçiberýär. Käbiri-hä: "Bar, göläňe dogra" diýibem azgyrylýar. Her kimiň derdi özüne ýetik, her kim ondan elli bizar. Ahyry ol ýoluň gyrasyna geçip, aglamaga oturdy. Oňa nebsim agyrdy. Näçe gündir, içinden ýyly geçene meňzänok, bolmanda göwünlik bererin. Göwnüm ýetse ... dowamy
Çäkmi – çäksizlik
Adam ogly näme üçindir çäksizligi söýüşi ýaly, çäklendirmeleri halamaýar. Asmana uçsa çäksiz belentliklere galsam diýýär, çuňluklara çümende-de ýene şol höwes onuň hemrasy. Birini söýse-de çäksiz söýesi gelýär, söýlende-de çeniz-çaksyz söýülmegini küýseýär. Megerem, bu häsiýet, edil ýaňy dünýä inen bäbejigiň öz-özünden enesini emmelidigini bilşi ýaly ynsana Alla tarapyn berlen peşgeş bolsa gerek.
Eger bu pikirlerim edep bilen baglanyşykly bolmasa, onda göwnüm göterilip, asmanym durlanardy. Emma edep, ... dowamy
Böwürslen
Daň agaryp gelýär. Her kim ýatyr – dünýe ilki bolup oýanýan ýaly. Adam ata Ýere iberilende-de gijelik eken. Ol indi garaňkylykda ýaşamaly bolaryn öýdüpdir. Birdenem daňyň agaryp, töwereginiň ýagtylyp başlanyny görende ol Allaha şükür bilen sežde edipdir. Belki, jahan Adam ata üçin ýagtylandyr?!
* * *
Onuň doly ady Nurmuhammedem bolsa, hemme kişi oňa Nurum diýýärdi. Ýaňy 10-12 ýaşdaryndaky Nurumyňam bir endigi bardy – ol hökman Gün ... dowamy