Şeýh Ybraýym bilen Hoja Ahmet Ýasawy (hyýaly hekaýa)
Olar howlukman, topragy ynjytmaýan ädimler bilen tokaýyň darajyk ýodasyny yzarlap barýarlar. Asmanda ýyldyzlar Ýere gaçaýsak, ol bagty getiren ýodajyga düşek bolup düşeläýsek diýýär. Aýam nämedendir, gizlin bir syryndan uýalýan ýaly, ýüzüniň ýarsyny ýapyp bu iki ýolagça seredýär. Öňde Türküstanyň uly şeýhi Ybraýym, yzynda “Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet” diýdirjek, ýaňy ýedi ýaşyny dolduran ogly Ahmet. Olar soňky günler beýle “gezelençlere” ... dowamy
Garaja molla
Hojaýusup işan şeýle bolandan soň, Garaja molla-da özüniňem ... dowamy
Ok (hekaýa)
Ellinji ýyllaryň başlarydy. Şäheriň milisiýasynda işe başlan ilki günümdi. Baýmyrat Sähedow diýilýän kapitan bilen gije nobatçylyk etmelidim. Emma Baýmyradyň dişi agryp, güp ýaly çişipdir, onsoň Rejep Ataýew diýilýän bilen onuň ýerini çalyşdylar. Rejep Ataýewiň bir ganhory tutandygy, şonuň üçin medal bilen sylaglanyny naçalnigiň kabulhanasynda diwardan asylan «Hormat tagtasyndan» okapdym. Şo ýerde egnindäki formasy ýüzüne gelşip duran at ýüzli ýigidiň suratam bardy. Şonuň üçin ... dowamy
Özbekleriň ýurduna syýahat
Nesibämiz çekip özbekleň ýurduna gitdik, Ylýas bilen, gezelenje. Buhara, Taşkent, Samarkand şäherlerinde bolduk. Buharada diňe Nagyşbendä zyýarat edip bildik hem şo ýerde juma namazyny okadyk. Ýolda bizi haýran galdyran zat - diňe halaýan häsiýetlerimizdäki adamlar ýoldaş boldy. Halamadyk, keýpimizi gaçyran hiç zat bolmady.
Aşyrgeldiň Serçäni maşyna süýretjek bolşy, obada uly gürrüň. Hakykatda bolan zat welin şeýle. Kolhozyň goýun fermasy Puhary: “Hojaýyn, şü Plany serçäň (“serçe” o çopanyň tiresiniň ady) gürrüňi köp gelýä, gidip şoň mallaryny tükelläp geleli” diýip birki gün bäri Aşyrgeldiň gulagyny gazaýar. Aşyrgeldem obadaky işleri goýup, Annamerediň uly maşynynda Puharynam alyp, bededen, kepekden mas ýüklenip guma tarap ýola düşdi. Ýüzugra birki çopanyň goşunda iýmdir ... dowamy
Aşyk oýnaýan gelin
Asmandaky dolan Aý dünýäni ýagtyldyp dursa-da, on-onki ýaşly Aşyrgeldi golaý-goltumda gymyldy görmedi. Onuň elindäki düwünçege zordan güýji ýetýärdi. Mawy gözler ýaltaklap, oglany ogurlyga barýamyka diýdirýär. Ogurlyk nirden, Aşyrgeldi indi iki aý bäri düşeginden galyp bilmän ýatan ejesiniň eşiklerini Berkeliň ýabynda ýuwmaga alyp barýar. Aýal adamyň etmeli işini erkek oglan halyna edýänini hiç kim görmese-de Ýere giräýsem diýýär. Häzir-ä gijäň ýary, aýbam bolsa, gülüşselerem, ejesi ... dowamy
Hurmagülüň penjiresi
Söýünhan sakal düýn ömründe etmeýänini etdi – kyrka ýetip barýan ogluna oglan käýýän ýaly käýýedi. Mundanam Aşyrgeldi däl, özi kän kösendi gerek. Ýer yranandan soň, kesegiň aşagyndan diri çykaranlaryny çykardylar, ýogalanlaram Hoja mazarda depin edildi. Ýaşulularyň bar işi birnäçe günläp diňe adam jaýlamak, ýuwar ýalsy ýuwuldy, şehit ady bilen şo durşuna gömülenlerem az däl. Bu bir bela, iki-ýeke Söýünhan agalar ýaly bolaýmasa, ýara ... dowamy
Ýer elenýä
Söýünhan aga o gün Kur’any, namazy bilen parahat, güýzüň howasam jana ýakymly. Gaýta bir gün öňýany, birine garaşýan ýaly ýüreginde bir duýgy döräpdi. “Ýa, ýomut gardaşlar, goýun sürüp geläýjekmikäler? Aý, indi gelmezler, Ulugberdi kaka oňarmady-da...” Üstünden esli ýyl geçenem bolsa, goýun satmaga gelen Baljan söwdegär ýadyna düşüp, birden uludan dem alanyny duýmady. “Baljan gelse, dünýäň habaryny getiräýýädi-dä, aýp boldy. Gazdyran kärizem elinden gitdi, ... dowamy
"Wah, bolmady..."
Söýünhan aga düýnden bäri Herrikgalada oturýan dostunyň sadakasyna gitmegiň aladasynda. "Dostum" - bu Söýünhan agaň öz sözi. Olary ýeke-ýeke sanasaňam dört-bäşden aşmaz. Ýaşulynyň obada häli-şindi barýan ýeke gapysy bardy. Beýlekileriňem toýy-ýasyna görner ýöne ýakyn gatnaşmaz. Garşysyndakyň ýeke sözi batnyksyz bolsa-da, ýaşuly üçin ýeterlik - çekiler durberer. Ulugberdi baý, ynha, "Çagyrlan ýere irinme..." diýer baryberer. Baran ýerinde-de turmany ... dowamy
Gürleme
Gürleme!
Diliňe alma!
Sözde ýalan bar.
Gepiň içine salma
Garma saman-sepile
Sygdyrma dile
Gürleme!
Gürrüňde kölege,
Şelaýynlyk, haýýarlyk.
Haramlyk, haýynlyk
Näme diýseň bar
Sözde.
Gürleme.
Gögüň gümmürdisi,
Asmandan daman damja...
Ejemiň gözleri,
Çytyk gaşlary kakamyň...
Çagamyň boýnundaky düwmäň
Şyňňyrdysy.
Çüýi gowşan gapymyň
Çalaja iňňildisi.
Dagdan iýnen dury çeşmäň
Şildirdisi...
Ýüregmi üzere getiren dutaryň
Tirňildisi...
Gürleseň gürle, şulaň dilinde,
Dilin-de...
Ýogsa, gürleme!
Dileseň Hakdan dile
Diliň bile däl.
Gözden akýan ýaşyň bile
Biri kem ýetmişe ýeten
Ýaşyň bile... ... dowamy
Käriz
Aý-günüň geçäýşini - eýýäm Ulugberdi ataň kyrky. Uruş döwrüniň ýasyndan soňky ýyllardaky ýaly toýuň ysy gelenok. Janlam soýulanok, ibr-de-zibir tabak gatnadýanam ýok. Kä ýerde, kä ýerde birki sany saçak atylypdyr - bolany. Herkim kän çörege-de elini uzatman aýat-töwür okadar-da turýar. Iki-ýeke Söýünhan ýaly merhuma degerli ýaşuly otyr, gelen-gideniň "taňryýalkasynyny" berýär. Söýünhan aga muňa algy-bergi pisint düşünerdi. Kim ... dowamy
SÖÝÜNHAN SAKAL
Päki degmedik gara sakaly döşüni tutup duran Söýünhan sakal Ak patyşaň serhet ýakasynda saklaýan tölegli atly goşunynda jigitlik edýärdi. Serhedem Eýran bilen araçäk. Bir günem kemendirleri Ýazmyrat han ony çagyrdy-da ýanynda duran kelte boýly, küs murtluja adamy görkezdi:
- Sakal, şu döwlet wekili. Ony Gürgene äkidip-getirmeli. Bir gylam ynjamasyn. ... dowamy
EJEM HAKYNDA
Mekdebi tamamlanymyza ýigrimi ýyl boldy, duşuşalyň, könäni ýatlaşalyň diýişdik. Ýaşymyz kyrka ýetip barýar. Bu ýaşda geçenleri göz öňüne getirip, şol günleri seniň bilen bile ýaşanlary görmek, gowy görýän kinoňy gaýtadan görenden has gyzyklydyr. Ýogsa “gahrymanlaram” tanyş, hatda her wakaň näme bilen gutarjagyna çenli hemmesi belli. Şol “film” hakynda oňa gatnaşanlaryň pikirini bilesiň gelýärmi, ... dowamy
Iki gudrat arasy
(hekaýa, täzeden işlenilen wariandty)
Işanguly aga haçan gelse-de, ol edil şu gün geler öýtmeýärdi. Dogrusy, oňa garaşyp, ýoluna-da seredip ýörenok. Ýöne ýetmişe ýetmäge ýekeje ýyly galan garryň daňdan namaza turanda ýüregi bir zady syzan ýaly jigledi durdy. Onam ol ýol ýadawlygyndan görüpdi. Garry düýnjik welaýat merkezinde uly ýygnaga gatnaşyp gelipdi. Ýygnagam gowy zat, köne tanyşlary ... dowamy
Iki gudrat arasy
Işanguly aga haçan gelse-de, ol edil şu gün geler öýtmeýärdi. Dogrusy, oňa garaşyp, ýoluna-da seredip ýörenok. Ýöne ýetmişe ýetmäge ýekeje ýyly galan garryň daňdan namaza turanda ýüregi bir zady syzan ýaly jigläp gidipdi. Onam ol ýol ýadawlygyndan görüpdi. Başga zada ýorjagam bolmandy. Birküç günlükde welaýat merkezinde uly ýygnak bolup, Işanguly aganam bäş-älty sany sakgaldaş edip şoňa ... dowamy
Sakgal
Gürrüňini edeniňe-de degip duran zat däl welin, ýaşyň gaýdyşansoň sähel zadam uly alada bolsa bolaýýar eken. Gepiň gysgasy Bäşim aga sakgal goýbertsem diýen karara geldi. Dogrusy, altmyşyň ýarsyndan aşansoň, üstesinede oba arasynda gezýän ýaşuly her iküç günden eňegini gazap ýörmekden bizar boldy. Deň-duşlaram kileň sakgally. Diline buýrup bilmeýänlerden “Haçana çenli eňegiňi ýilpardyp ýörjek?” diýýänem tapylýar.
Aslynda, “Sakal geçide-de ... dowamy
Sen gerekmi?
“Her kim özüçe akylyndan azaşýar” diýýändirler, meňkem şoň ýaly boldy. Altmyş alty ýaşa ýetip barýarkam, dil öwrenmäge başladym. Iňlis dili kyn dilem däl diýdiler. Hakykatdanam, başda kynam görünmedi. Ýöne gitdigiçe kynlaşýar, sözleri ýadymda saklap bilemok, çalt ýadaýan, garaz, höwesim gaçyp başlady. Esasy agram salýanam “Altmyşdan soň dutar öwrenip, görüňde çaljakmy?” diýen sowal. Üstesine oglumam: “Gerek bolsa öwrenersiň” ... dowamy
Guş (gysgajyk hekaýa)
Oňa ne jyn urdy, bir gün şäherde ber-başagaý bolup ýörşüne balyjaklar, guşjagazlar satylýan dükana girdi. Nädip gireninem bilmedi. Guşjagazlaryň jürküldisine diň salmanyna-da esli ýyl bolupdyr - şol oglanjykka obaň gaýrasyna gidip goýun bakýan ýyllaryndan bäri näçe ýyl geçdi. Durup bilmedi, biriniň bahasyny sorady. Baha bahanady, jogaby eşder-eşitmez jübsünden pul çykardy. Çagalar-a hezil eder, ejelerem bir çytylar goýar-da. Diýişi ýaly, çagalary guşjagazy görüp guş bolup uçdular. Şäher ... dowamy
"Çomuç" soňy
Öz-ä şäherde, ssirkde. Bir maýmyny orta çykaryp, adam ýaly oýnadýardylar. Maýmyn top depýärdi, stoluň başyna geçip birzatlar ýazan bolýardy. Ýazanlaryny ýyrtyp, başyny tutup oturýardy. Birdenem, adamy maýmyn edip oýnadýarlar. Adam agaja dyrmaşýardy, maýmyna öýkünip çirkin gygyrýardy. Şahadan-şaha bökýärdi. Bir agajyň şahasynda sallançak uçýardy. Şol wagtam Esen agaň ejesi eli kündükli göründi. Ol sesiniň ýetdiginden ejesine gygyrdy: “Eje, çynlakaýlyk bilen ýasamalygyň arasynda sary-sadylla bolup geçmelimi? Şumy dünýäň manysy?” Segsenden geçen garry ... dowamy
"Çomuç" dowamy
- Allaha şükür. Henize çenli beýle rahat uklan wagtym ýokdur.
- Tüweleme, kelläňi ýassyga goýdugyň uklaýýan ekeniň. Düýelerem sagýalar, indi tutruşybersegem bolar, neneň görýäň?
Oňa çenli çalmaryň daşynda çybşyldy eşdildi. Mämmet aga daş çykdy. Ol eglenmän ullakan ak şakäse doly düýe süýdini alyp geldi. Soňam ony howlukman kiçi käselere paýlady. Daňyň ýagtysyna bu görnüş, entek ukudan doly açylmadyk myhmanlar üçin düýş ýalydy.
Düýe süýdi ... dowamy
"Çomuç..." dowamy
- Atagurbany näme ibermediň?
- Aý, muň özem gitjek diýip dyzap durmady. Ýöne ibersem boljagam däldi. Bu mallar indi ýeke janyma eýgertmeýä.
Atagurban kän eglenmän, çalmardan çykyp gapdalda dikilen gara öýe girdi. Gelni onuň öňüne çaý getirdi.
- Nahary kakaň dagy bilen iýjekmi?
- Bor-la.
- Nurmyrat aga ýene Hatyjany diläp gelipdir.
- Hmm. Kakam näme diýýär?
- Bilmedim.
- Hatyja näme?
dowamy
Çöl, çomuç, düýe süýdi...
Aladaňdan ýola düşen ýeňil ulag orta ýaşdan agan Nurmyrat bilen altmyşa ýeten Esen agany Garagumyň jümmüşine “Tüm” diýilýän ýere tarap alyp barýar. Olaryň ýaş kiçisi guma belet. Okuwy gutaryp, eline “diplom” alan ýyly “kolhoz” diýilýäniň ýykyljak-ýykyljak uçurlarynda goýundarçylyk fermasynyň müdiri bellenen Nurmyradyň şodur-şodur bir aýagy çölden ýygnanok. Häzirem hususy kärhanasynda mal saklaýar. Goýun bolsun, sygyr – tapawudy ýok, arrygrak maly arzan bahadan satyn alyp, semredip satýar. Düşewündi gowy, gurply. ... dowamy
Doňbagyr
Leýli indi 45 gündir işledilmeýän telewizoryň düwmesine basdy, günlere meňzeýär ýüzündäki ýukajyk çaň. Çaňda jan ýok – esgä agram bermän syrylyp gitdi, emma ýas getiren günler welin, musallat daşy kimin doňup dur. Açylanyna mähetdel ekranda ak telpekli jigitler tans edip iki tarapa at salyşsalar-da içerä, Leýliniň süňňüne ornap giden gussany kowardan ejiz. Şowhunly saz boş otaga boş ýaň saldygyça gaýta Leýliniň bokurdagy dolup, gözlerine ýaş aýlandy. Ol telewizoryň sesini peseltdi, ... dowamy
Gaplaň
Ondördi gije dogan Aý Günüň ýiti ýagtysynyň perdesini syryp, ähli zadyň asyl durkuny açaýan ýaly. Kiçijik şäheriň kiçijik haýwanat bagy-da Aýyň solgun sary yşygyna gündizkisindenem beter ýürekgysgynç görünýärdi. Üstesine bu "bagyň" garawulynyň köpegem tumşugyny göge tutup zaryn-zaryn uwlaýardy. Itiň uwlamasyna kümüsöw gara möjegem sesini goşdy. Ol dar kapasanyň gözeneginiň öňüne gelip, öň aýaklaryna direnip, asmandaky Aýa bakyp uwlaýardy. Gara reňkiniň üstüne gyraw düşen ýaly görkezýän ösgün ... dowamy
Garamurt
Öňi gözenekli kiçijik penjireden eýlesi-beýlesi üç, üç ýarym metr töweregi dar otaga daň ýagtysam göwünsiz girýän ýaly. Törde, ortarada ellinji ýyllaryň ysy gelip duran, galyň tagtadan ýasalan mähnet stol, onuň bilen asla sazlaşmaýan ýeňiljek, ejizje oturgyç jaýyň esasy bölegini tutup dur. Üstüniň matasy süzülip giden köne diwanda ýatan goja diwardan asylan suratlardan gözüni aýyryp bilmän synlaýardy. Alagaraňkyda birihili başga bir dünýeden seredýän ýaly görünýän Lenin bilen ... dowamy
Höwürtge
Tomsuň jokrama yssysynda öýüne dolanan Ogulhally eje palçyň aýdanlaryna henizem haýran, onuň sözlerini ýeke-ýeke içinden gaýtalaýardy.
- Öýüňe doga edilipdir. Gulp urulypdyr. Iki sany, otuz ýaşlaryndaky är-heleýiň işi. Gyzyň durmuşa çykmaz, bagty açylmaz ýaly, ýörite edilen doga. Topraga gum salyp gapyň öňüne sepilipdir. Ony ady „B” harpyndan başlanýan molla okat. Gulpy şol açar. Gyzyňam bagty açylar.
Bu yssam bir tarapdan, bäri-bärde Gökdepe barmy. Zol-zol gyňajynyň ujy ... dowamy
Ok
Gijäň ýary «Lenin bagyň» gündogar burçunda bir serhoş harby işgär tarapyndan atylan Baýrow milisgäň iň soňky gygyran sözi şü. Onuň iki gezejik ilki bogazyna sydygyndan gygyryp, soň çala pyşyrdap «ok» diýmesinden kim many alsyn? O manyny, bir böwründen girip, arka tarapyndan çykan okdanam eýmenç manyny Baýrowyň bir özi bilýär. Gowsy, baryny başdan, yzygiderli düşündirmäge çalşaýyn, eger başarsam, başarmasamam başarşymça...
Aslynda, degişli edaralar tarapyndan derrew bassyr-ýussur edilmäge çalşylan ... dowamy
Atgulaksyz tabyt
Oraz nämä oýananyny bilmedi. Gözüni açdy. Gara öýüň ortasynda ýanýan ot söneňkirläpdir. Hersi bir dulda, başly-barat ýatan on-on iki ýigidiň hemmesem Köpetdagyň etgindäki obalardan ýygnan, tanalýan mergenler, awçylardy. Oraz olaryň ikisinden galanyny öňden tanaýardy, ol ikisem «Bäherden gapdalyndandyrys» diýdiler. Gökdepe galasynyň gabaw ýaňy başlanan günleri olaryň sany ýigrimä golaýdy. Bir öýe sygarmykak diýişenem bolupdy. «Aý, köplük bolsak ýyly ýatarys, üşemeris» diýişip, gülüşip oturanlary düýn ýaly. Häzir ... dowamy
Böwürslen
Daň agaryp gelýär. Her kim ýatyr – dünýe ilki bolup oýanýan ýaly. Adam ata Ýere iberilende-de gijelik eken. Ol indi garaňkylykda ýaşamaly bolaryn öýdüpdir. Birdenem daňyň agaryp, töwereginiň ýagtylyp başlanyny görende ol Allaha şükür bilen sežde edipdir. Belki, jahan Adam ata üçin ýagtylandyr?!
* * *
Onuň doly ady Nurmuhammedem bolsa, hemme kişi oňa Nurum diýýärdi. Ýaňy 10-12 ýaşdaryndaky Nurumyňam bir endigi bardy – ol hökman Gün ... dowamy