Eserler | Hydyr Amangeldi

Öwgi, şöhrat hem biz

Esseler | 12 teswir | 2562 okalan

„Ýene-de öwgümi? Öwgüden ýadadyk“ diýme, dost. Hiç kimi öwmek maksadym ýok, diňe öwgi hakynda oýlanasym, onuň manysyna düşünesim geldi-de...

Hawa, menem owal «Öwgüdir-dä onuň nämesine düşünjek?» diýip pikir edýärdim. Ýöne soňky wagtlar öwgi, şöhrat, şöhratparazlyk meni köp pikire batyrýar, eýgilige bolsun-da hernä. Biziň hemmämiz  (bolmanda meniň tanaýanlarym) öwgüni halamyzok, şöhratparazlygy ýigrenýäris. Dostum, şeýle gerek? Emma... bizde bir gylyk bar: - biriniň ýazan zadyny okamazdan öňürrti ony ýazanyň kimdigine seredýäris. Şeýdäýmeseň boljagam däl, ... dowamy

Döküber gelin...

Esseler | 3 teswir | 3072 okalan

 Rowaýata meňzeş bolansoň anyk aýtmaly bolýan – bu bolan waka. Waka diýsem geňirägem eşdilýär. Gepiň gysgasy, köçäň bir tarapynda iki sany ýaş gelin, garşysynda-da bili bükülen garryja ene ýaşaýar. Başga-da ýaşaýanlar bar welin, olar bolan ýagdaýa degişli bolmansoň, sanap oturmagyň manysy ýok. Ondan gowsy hapa dökülýn bedreler, gaplar hakda aýdaýyn. Hawa, garry ene howlyň hapasyny bir gaba salyp köçäň gyrasyna çykaryp goýýar, gelinlerem. Ýöne olar hapalaryny bi wagt çak çykaryp, garry enäň ... dowamy

Zyňylan çäýnek

Esseler | 2 teswir | 2112 okalan

 

Daýym bardy, gargy tüýdük çalardy, çagalary sünnet ederdi. Hakykatda ejemiň erkek dogany bolmandyr. Tüýdükçi daýymam babamyň doganlarynyň biriniň ogly bolmaly. Ýöne biz o döwürler çaga süýtdeş daýymy, doganoglan daýymy tapawudyny bilemizok. Aslynda onuň tapawudam, belki, ýok bolsa ýokdur. Kakam üçinem tapawudy bolandyr öýdemok. Daýym bilen baglanyşykly gürrüň berjek wakam biz barkak bolup geçipmi ýa-da ondanam öňmi onam anyk bilemok. Daýym o wagtlar goňşy obada däl-de biziň obamyzda ýaşaýan eken. Kakam kolhoz ... dowamy

Akyl terezisi

Esseler | 3 teswir | 2089 okalan

Oglanlykdan bir zada – akyly, düşünjäni ölçäp bolmaýandygyna gynanardym. Adamyň boýuny ölçäp, agramyny çekip bolýar. Aýagyň, kelläň ölçegi bar. Hatda, öýkeniň giňligini, ýüregiň näçe gan itekläp bilýändiginem ölçeýärler. Biliň inçeligi, döşüň giňligi, egniň ýasylygy... bu zatlar-a hasabam däl. „Wah, şularyň barynyň ýerine akylyňy ölçäp bolsady, bähbidi kän bolardy“ diýýän. Mysal üçin boýuň ösmese basketbol oýnaýaň, her gün ölçeýäň, ösdürmäge çalyşýaň, akylyň welin ösýäninem bileňok,  tesýäninem. Kim akylym az diýip, derde galyp,  äýnek dakynmaly ... dowamy

Köpegiň şerti

Esseler | 2 teswir | 1682 okalan

Gepi uzaltman gysgaldyp aýdaýaýyn. Garaz, bir arryk köpеk halatly piriň ýanyna arza gеlipdir.

– Pirim, mеni pylan mоlla nähak ýerе urdy. Şоndan hakymy alyp bеr, ýogsa-da özüm haklaşaryn – diýýämiş. Pirеm dеrrеw iti ynjydan mоllany çagyrdyp gеtirdipdir. Mоlla bоlaňda nämе, adam pahyr dеrrеw özüni aklar-da:

– Mеndе günä ýok pirim. Оl dеňimdеn gеçip barýarka üstümе palçyk syçratdy, şonuň üçin urdum.

Pir özündе müýn duýmaýan mоlla nämе diýjеgini bilmändir. Bеlki, diýjеgini bilsе-dе ... dowamy

Özümden uly penjegim

Esseler | 3 teswir | 1744 okalan

Reý Bredberide şeýle setirler bar:

 

-          Men öz arzuwyma çenli ösüp bilmedik adam.

-          O näme diýdigiň bolýar?

-          Bu diýdigim, Dug, entek ýaş oglankam özüme eşigi göwrämden uly tikerdim. Ahyrynda-da asylgy duran iň gowy penjegime çenli ösüp bilmedim. Bolasym gelen adam bolmagy başarmadym.

Bu setirleri okap, başymy tutup oturşyma içimden: „Haý, gardaş! Penjegi iliň biçişi ýalyrak biçäýseň ... dowamy

Iki oduň arasynda

Esseler | 2 teswir | 2007 okalan

 Nämüçindir men, köp kişi ýaly, ýeke  galamda däl-de, köpçülikde, dürli adamlaryň arasynda oýlananymy duýman galýan. Ýogsa muny etjek bolup azara-da galamok. Gaýta ümsümlikde pikirleriň, ýadyma düşýän wakalaryň köplügi meni belli bir zat hakynda dünýäni unudyp, çynlakaý pikir etmäge maý bermeýär.

Bu gezegem şeýle boldy. Biriniň öýüne myhmançylyga barmaly boldum. Öý eýesi bize (biz 5-6 kişi) hormat goýup bilipdir. Giň ýazylan saçagyň üstünde dürli-dümen iýgi-içgiler goýupdyr. Isleseň arak-şerap, isleseň miwe suwy. Aramyzda şagalaňçy, degişenimizem bolansoň ... dowamy

Ýoldan soňky ýodajyk

Esseler | 2 teswir | 1625 okalan

 Ýazyň ahyry ýoluň ýakasynda baldagyndan döwlen güljagaza gözüm düşdi. Bägül, gülälek diýen ýaly belli gülem däl, Çopantelpegem bolsa tanardym, ýönekeýje haşal otlaryň arasynda açylan mawyja reňkli gül. Şonda-da nebsim agyryp gitdi. “Köçede depelenen güle gynandym” diýip, ullakan gussa ýasajak bolamok. “Bäh, mundan-a gowy goşgy ýasap bolardy” diýilýän ýaşdanam geçdim. Ýöne ojagazam Gün şöhlesine açylandyr, baharyň ýakymly şemalyna başyny yrandyr. Käwagt sazyň aşyklary dutary yranyp diňleýändirler ýa-da türk garyndaşlarda ilki gezek gördüm, Alla ... dowamy

Torgaýguşlar

Esseler | 2 teswir | 1495 okalan

Öýümden Aşgabat ýoluna çenli iki kilometr ýaly aralygy köplenç pyýada geçýän. Ýaňy Gün dogup gelýärkä ekin meýdanyň gyrasy bilen ýöremegiň üýtgeşik bir täsiri bar. Häzir bu täsiri bu peltek dilim bilen näçe pelteklesem hem sähelçe-de düşündirip bilmejegimi bilýän. Emma göwnüme muny ýazyp bilsem, dünýede armanym galmajak ýaly. Eger uly gürlän ýaly görünmejegini bilsem, “Bu haly, täsiri düşündiripmek meniň baş maksadym” diýerdim. Şeýleräk oýlar bilen barýarkam, çöpüň aşagyndan mollatorgaý  asmana göterildi. Ol ýokaryk galyp ... dowamy

Oýun bilen çyn

Esseler | 1 teswir | 1331 okalan

Oýun hakynda oýun edip bilsedim gaty gyzykly bir zat bolardy. Sebäbi çyn hakynda-da çynyň bilen bir zat aýtmaga çalyşsaň ýa ýürekgysgynç ýa-da düşnüksiz, çylşyrymly bolýar. Üns berseňiz degişmä salybrak çynyňy aýtsaň garaşanyňdan täsirli bolup çykýar. Eger bu dünýede oýun bolmadyk bolsady biz çynyň aşagynda gark bolup giderdik. Oýun täsin närse. Kä halat şeýle bir gaharyň gelip, janyň ýananda ýene oýna salsaň gaharyň ýatyşyp, janyň ýangyjyna suw dökylen ýaly bolýar durberýär. Emma meň ... dowamy

Äýnek, aýna, çüý hem açar…

Esseler | 2 teswir | 1252 okalan

Halamaýan zadym işden ýadaw geleňsoň nahar-çaý içip, ýassyga ýaplanyp, uzanyp, içiňi hümledip, dynç almagyň ýerine öýüň bolgusyz ownuk-uşak işine dümtünmek. Ýöne etjek alajyň ýok, gyşyň başynda üç-dort gün bäri bizar eden, “diňmejekmikä?” diýdirýän sowuk ýagyşdan beter iňirdi başlamanka penjiräniň döwlen aýnasyny salmaly. Üstesine bir bölek aýna tapsaň, aýna kesilýän ýokdur, onam goňşulardan gidip getirerler welin, ownuk çüý tapylmaz. Öňki köne çüýlerem poslap, döwlüşip ýatandyr, gopup gaçanam ýere siňip gidendir. Çüýem başga bir ... dowamy

Oýalykdaky düýş

Esseler | 0 teswir | 1551 okalan

Adam diýlen ýüregi bir zat küýsese, göwün ýüwürdegen bolýar. Men-ä şoň ýaly bolanda köne suratlarymyzy öňüme alýan. Olar edil küşt oýny ýaly seniň pikirleriňi kän ýyl yza alyp gidýär-de,  oýalykda düýş görýän ýaly bir hala düşýäň. Özem gowy düýş. Kä wagt öňüňden dünýeden öten ejeň ýa-da kakaň suraty çykaýsa, çala gyýyljak bolýaň welin, derrew olar bilen baglanyşykly bir süýji ýatlama ýadyňa düşýär.

Ýagdaýyny tapsam o suratlary ýeke özüm görmegi gowy görýän. Ýöne ... dowamy

Körüň ýoly

Esseler | 0 teswir | 1206 okalan

Ony Tejende gördüm. Dürli reňkli mata bölekleri biri-birine düwlüp, hajathana çenli çekilipdir. Bir bada munuň nämä gerekdigine düşünmän, düşünjegem bolman öý eýesinden: "Bu näme-aý?" diýip morta soradym. Ol müýnli ýaly "Kakamyň gözi görenok" diýdi. Körlügiň ýa-da kör kakaly bolmagyň näme aýbynyň bardygyny bilemok, ýöne näme üçindir, ýoknasyz bilesigelijilik eden ýaly menem soranyma utanyp gitdim. Tomsuň güni bolansoň, daşarda – erigiň  kölegesinde oturdyk. Oturyp uzagam oturmadyk – bir käse çaý içdik-de turduk. Emma ... dowamy

Ilkinji basgançak

Esseler | 1 teswir | 1170 okalan

Ilkinji basgançak

 

“Kaýyllyk” hem “kämillik” – bu sözleriň biri-birine şeýle sazlaşmagy tötänleýin bir zatmyka? Kaýyllyk haýwantaklykdan, kämillik welilikden nyşan dälmi? Haýwantaklyk nirede, welilik nirede?!

Bir maşgalada diýeni bolýan çaga bar bolsa, biri men bolmalydym. Kakam iki obany birikdirýän kolhozyň başlygy, menem körpe ogly, onda-da ekiz taýydym. Emma maňa entek ýörjen-ýörjen bolmankam, doglan günüme welosiped alyp bermändiler. Çagalygymda ýekeje üç tigirli, zynjyrly welosipedi aýal doganym obamyzyň dükanyndan alyp getiripdi. Onuň hem puluny soň ... dowamy

Duşuşyk hem hoşlaşyk halkasy. Ilkinji basgançak

Esseler | 0 teswir | 1359 okalan

Duşuşyk hem hoşlaşyk halkasy

 

Bu duýgyny her birimiz kä duýup, kä unudyp hemişe aňymyzda göterip gezýäris. Daň atypdyr, işe ýetişmeli. Täze hepde başlandy. Işe çenli ýoly ýarpylaberemde Günem gyzaryp dogdy. Pikirime gümra bolup, onuň nähili doganynam görmändirin. Dogrusy, awtobusyň adamsy ýetik, arkaýyn Günüň dogşuny synlap, oňa “Salowmaleýkim, Gün aga!” diýere-de maý ýok. Her kim gyssanmaç, her kim bir ýere howlugýar. Meň ýaly ýazara zat gözläp ýören bolmasa, hiç kimiň ýadyna duşuşygam ... dowamy

Süzmeli söhbet

Esseler | 1 teswir | 1126 okalan

-           Indi goňşulardan süzme getirmäge-de men gitmeli-dä.

-           Dagy näme, işşekçer çykan ogluň biriniň gapysyndan “Süzmäňiz barmy?” diýip barsynmy?

Ýadyma öz oglanlygym düşüp gitdi. Biz o wagtlar şäherde – agamlarda ýaşap, şäher mekdebinde okaýardyk. Köçämiziň o tarapynda azyk harytlaryny satýan dükan bardy. Maňa bir kile gant alyp gel diýipdiler. Barsam, kiçiräjik magazin adamdan hyryn-dykyn. Köpüsem aýallar. Delje şokaladmy, kökemi bir zat gelipdir. Giden nobat – men öň geldim-de, men belläp gitdim. Gant ... dowamy

Duşuşyk hem hoşlaşyk halkasy

Esseler | 0 teswir | 1211 okalan

Bu duýgyny her birimiz kä duýup, kä unudyp hemişe aňymyzda göterip gezýäris. Daň atypdyr, işe ýetişmeli. Täze hepde başlandy. Işe çenli ýoly ýarpylaberemde Günem gyzaryp dogdy. Pikirime gümra bolup, onuň nähili doganynam görmändirin. Dogrusy, awtobusyň adamsy ýetik, arkaýyn Günüň dogşuny synlap, oňa “Salowmaleýkim, Gün aga!” diýere-de maý ýok. Her kim gyssanmaç, her kim bir ýere howlugýar. Meň ýaly ýazara zat gözläp ýören bolmasa, hiç kimiň ýadyna duşuşygam düşenok, hoşlaşygam. Saçyma ak girenem ... dowamy

Süzmeli söhbet

Esseler | 0 teswir | 1110 okalan

-           Indi goňşulardan süzme getirmäge-de men gitmeli-dä.

-           Dagy näme, işşekçer çykan ogluň biriniň gapysyndan “Süzmäňiz barmy?” diýip barsynmy?

Ýadyma öz oglanlygym düşüp gitdi. Biz o wagtlar şäherde – agamlarda ýaşap, şäher mekdebinde okaýardyk. Köçämiziň o tarapynda azyk harytlaryny satýan dükan bardy. Maňa bir kile gant alyp gel diýipdiler. Barsam, kiçiräjik magazin adamdan hyryn-dykyn. Köpüsem aýallar. Delje şokaladmy, kökemi bir zat gelipdir. Giden nobat – men öň geldim-de, men belläp gitdim. Gant ... dowamy

Ýedigenim ýedi ýyldyz

Esseler | 0 teswir | 1365 okalan

Telewizorda sirk oýunlaryny görkezýärdiler. Bir adam mähnet goňur aýyny oýnadýardy. Onuň gowuşgunsyz hereketleri geň görünýärdi hem nebsiňi agyrdýardy. Janawere artistlik ukyby berilmändir. Oňa ýalandan, ýasama hereketler etmek ýat. Muňa ynsan ökde.

            Menem oglankam artistlik edip görüpdim. Okan mekdebim telestudiýanyň golaýynda bolansoň, çagalar üçin teleoýunlary taýýarlaýan rejissýorlar köp gelerdi. Ýüzi yşnaklyrak okuwçylary saýlap, yzlaryna düşürip alyp giderdiler. Arap Gurbanowyň “Gülnar” atly eseriniň esasynda taýýarlanan telespektaklda baş gahrymanyň oguljygy bolupdym. Baş rolda-da Baba Annanow ... dowamy

Gülüp bilmesem…

Esseler | 0 teswir | 1251 okalan

 Neneň-niçik boldy anyk ýadyma düşenok, pesinden 15 kişi dagy bolup güýzüň güni biriniň daçasyna ýygnandyk. Iýildi-içildi. Hemmämiz biri-birimizi gowy tanasagam, dürli-dürli dünýedäki adamlardyk. Aramyzda 25-30 ýaşlymyzam, elliden geçenmizem, içýänimizem, içmeýänimizem bardy. Mümkin şonuň üçindir, ýomak aýdyşmak başlandy. Muňa ökdelerimizem bardy, men ýaly asla başarmaýanam. Näme üçin beýlekä, töweregim içini tutup gülüp ýatandyr, men bolsa özüme zor salyp ýasama gülýärdim.  Käte töweregimi ýasama gülkim bilen aldasam, käte başarmaýardym. Başarsam ýene  ýagşy, başarmadyk gezegim özümi ... dowamy

Hеr dеm diýsеm... / Аllаnyň syry

Esseler | 0 teswir | 1170 okalan

 Hеr dеm diýsеm...

 

            Кöpdеn bäri gаpymyň öňünе gеlýärsiň. Indi işiкdеn ätlýsеňеm bоljак ýaly. Mеn hеm sаňа öwrеnişibеrdim. Höwrügip hеm gidеrin. Ýalňyzlyкdа ýoldаşym, gеlip-gеlip sеn bоlаrsyň öýtmеýrdim. Аllаhа şüкür, аýdyşlаry ýaly ýaкymsyz hеm däl eкеniň. Sеni gаrşylаp bilşim hеm özümiň nädеrеjеräк кişidigimi tаnаdаr. Аýdypdyrlаr-а кä кişi gаrrаsа it bоlаr, кä кişiň dili süýjär diýip. Eýýäm mеndе sаňа mаhsus häsiеtlеr hеm döräp ugrаdy. Indi öňкüligim ýaly bаşаrsаm hеm bаşаrаryn, bаşаrmаsаm hеm ... dowamy

Mаny. Ynаm

Esseler | 1 teswir | 1190 okalan

Mаny

            Gurbаnnаzаr şаhyryň ilкinji çаp edilеn çакlаňjа кitаbynyň аdy ýadymа düşdi. "Ynаm". Dеň-duşlаrynyň biri оndаn кitаbynа nämе üçin şеýlе аt gоýanyny, оnuň nämäni  аňlаdýandygyny sоrаpdyr. Şаhyr syrly ýylgyrypdyr-dа: "Кitаby bеýlеliginе tutubаm окаp gör!" diýipdir. Sоwаl bеrеn кişi кitаby şаhyryň аýdyşy ýaly tutup окаmаgа synаnyşаn bаdynа "Mаny" diýеnini duýmаn gаlypdyr. 

            Bir tаnşym bаr - оl аslа ys аlаnок. Оnuň üçin güllеr аçylyp, töwеrек bаrк urup dursun ýa-dа hаpа döкülýän zibilhаnа bоlsun ... dowamy

Penje-penje gar

Esseler | 0 teswir | 1145 okalan

             Muňа höwеs etmеýän ýa-dа etmеdiк ýoкdur. Göwnümе bоlmаsа, Mаr-u Şаhu Jаhаn, Кönеürgеnç ýaly görеni hаýrаn gаldyrаn, Nоwаýy, Оmаr Hаýýam ýaly ägirtlеr gеzеn şähеrlеri ýyкyp, ýеr bilеn ýеgsаn edеn Çingiz hаnа-dа, аdаmlаry pеçlеrdе оdun ýaкаn ýaly ýaкаn Gitlеrе-dе, Sibiriň "Bаr gidibеr" diýlеndе-dе yzyňy tаpyp bоlmаjак sümmе tокаýlаryndа  аgаç çаpdyrаn, аdаmlаry gyrgynа sаlаn Stаlinе-dе... wаgşylyкlаr etdirеn şоl аrzuw ýaly bоlup dur.

            Nаpоlеоnyň pоrtrеtiniň аşаgynа "Sеniň gylyç bilеn eýеläp bilmеdiк dünýäňi mеn ... dowamy

Yzа

Esseler | 2 teswir | 1270 okalan

             "Mаgtymguly bаrка, Pygаmbеrimiziň hаdyslаry bаrка, Кur’аn bаrка оwnuк pеlsеpеlеr ýazyp, gеp оtаryp, "Dаmjа" diýip оturmак nämä gеrек?" diýеn аdаmyň bu hак sözi üçin ynjаmаdym. Hакyкаtdаn hеm Кur’аndаn sоň, "Hаdyslаrdаn" sоň, Mаgtymgulydаn sоň, bаşgа-dа birnäçе ägirtlеrdеn sоň... ýеnе-dе bir zаtlаryň ýazylýandygy gеň. Düşünjек, аdаm bоljак аdаmа Mаgtymgulyň ýеке кüplеdi,   "Gеlеn gidеr - gidеn gеlmеz" diýеn ýеке sеtiri ýеtеrliк. Оnsоň sеň "Dаmjаň" "dаmjаjyк" diýеnlеri üçin, nеnеň ynjаjак? Emmа Muhаmmеt Pygаmbеrimiziň müňdеnеm кön hаdysy bаrка, ... dowamy

Damjalar

Esseler | 0 teswir | 1289 okalan

            Her kim damjany bir hili göz öňüne getirýär. Ýagşyň damjalary, ýaňakdan syrygan ajy gözýaşyň keseki gözünden gizlenýän damjasy, ýazyň ilki günleri ýaňy pyntyk ýarsam diýip duran üzüm şahasy kesilende ondan damýan damja, haýwanat bagynda demir kapasanyň aňyrsyndaky şir-peleňiň gözünde gatap galan agyr damja (oňa damja däl-de hiç diňmeýän agy diýesiň gelip dur), ýeke perzendini öýeren enäniň gapysynda gelnalyjy maşyn duranda, ondan düşüp gelýän gyzyl kürteli gelni görende göz owasyny dolduran ... dowamy

Daşyň-içiň amanmy?! "Gabrystana bar-da, otur, pikir eýle..."

Esseler | 1 teswir | 1335 okalan

Daşyň-içiň amanmy?!

 

            Hal-ahwal soraşanlarynda, köplenç, aýallar biri-birine şeý diýşegen bolýarlar. Adamyň daşy-içi - dogan garyndaşy barada däl-de, onuň özüniň daşy hem içi hakynda gürrüň edesim gelýär. Has dogrusy, öz daşym- içim hakynda.

            Din alymlarynyň, pelsepeçileriň kesgitlemelerini bilemok welin, özümçe adamyň "daşy" diýilse, onuň daş sypaty, boýy-syraty, geýnişi, oturyp-turşy, aglaýşy, gülşi... mahlasy, göz bilen görüp bolýan ähli hal-hereketleri hasaplaýaryn. "Içi" diýlende adamyň ruhy dünýesi, oý-pikirleri, niýeti, arzuw-hyýaly... ýadyňa düşýär. Bu ... dowamy

Sanjy, Ýaşa ýuwulmadyk ýüz,

Esseler | 3 teswir | 1545 okalan

 Sanjy

 

            Omar Haýýamyň "Allahym! Meni dostlarymdan gora, duşmanlarymdan özüm goranaryn" diýip eden dileginiň sanjysy aýrylmaýar. "Ol adam diri bolan bolsady, "dostlarym" diýip kimleri göz öňünde tutduň - dost eşigine bürenen duşmanlaryňymy? Ýa-da iki ýüzli, kimi görse şoňa dostlarymy? Ýüzüňe gülüm-ýalym edip, ýeňsänden gürrüňiňi edýänlerimi? Ýa-da seniň pikiriň, akylyň, baýlygyň üçin dost bolanlarymy? Ýa-da ýüregi bilen seni gowy görüp, kyn günüňde gynanyp, kömek edip, şat günüň şatlygyňy paýlaşýan, "doganymdanam ýakyn" diýdirýän ... dowamy

Lä edri, Ýer ýarylmady..., Direg, "Miwe köp bolsa eger..."

Esseler | 0 teswir | 1286 okalan

            "Lä edri" arapçada bilmeýärin, bilemok diýmegi aňladýar.

Pygamberimiz: Ylym üç zatdan ybaratdyr - Allahyň ap-açyk kitaby, Resulyň üýtgewsiz sünneti we bilmeýärin diýmek.

            Şundan soň ýene bir zatlar ýazjak bolmak, elbetde, öz-özüňe garşy gitmek bolýar. Içimden näçe gezek "Lä edri" diýsemem başarmadym. Düýn bir oturlyşyga gitmedik bolsam, belki,  bir zatlar ýazjak bolup, siziň başyňyzy agyrtmasamam agyrtmazdym...

            Gysgajyk aýtsam, 5-6 sany çalarak serhoş pyýada goýnuň iýilmeýän ýeriniň ýedidigini sanap jedel edýärdiler. ... dowamy

Müň dirhemlik hatyram

Esseler | 0 teswir | 1109 okalan

Tahyryň Zöhrä: "Müň dirhemlik hatyramy bir dirhemge satmagyl" diýenindäki biçäre haly göz öňüme gelýär. Müň dirhem nirede, bir dirhem nirede?!

            Men-menligim barjak ýerine baraýypdyr öýdýän - özüm-özüme baha kesip ugran bolsam. Näme diýselerem, nähili pikir etselerem, Tahyryňky ýaly "müň dirhem" diýmesemem, gaty bir arzan-a däldirin. Buça bolanyna görä, indi, anyk aýt, gymmat bolaňda näçeräk bahaň bardyr öýdýäň?

            Özüme beren bu sowalym meni kürtdürdi. Oýun-oýun, ýöne gürrüňi çyna ýazdyrdym ... dowamy

Ýer ýarylmady...

Esseler | 2 teswir | 1652 okalan

            Haýa nämä gerekkä, bihaýalaram gül ýaly ýaşaşyp ýör-ä?

            Bihaýalyk bilen haýa hakynda gürrüňe başladym. Başladymam haýa hakynda gürrüň etmegiň özüniň bihaýalykdygyny duýdum. Özüm kim, haýa hakynda gürrüň açarça?! Akyldaryň "Köwşüni palçyga bulan adam batgadan gorkmaz" diýen sözüni galkan edinip, degene gözüm menden däl edibersemem bordy. Suwuň gadyryny çölde galan teşne biler, belki, haýa hakynda bihaýanyň sözlerini okamak has gyzyklydyr.

            Hakykatdanam, haýa ynsana näme üçin berildikä? Ýeke özüň öýüňde ... dowamy

Goýnuň garasy, Müň dirhemlik hatyram

Esseler | 2 teswir | 1222 okalan

            Bir adamy tanaýan, ol hiç wagt dilegçä aňsat-aňsat zat bermeýär. Hatda pildir kätmenini, çekiçdir paltasyny wagtlaýyn ulanmaga sorasaňam boş gaýtarýar. Beý diýsem, ony bir garasöýmez  adamdyr  öýdäýmäň. Ol goňşokara gatnadyp, goňşusyny sylaýan adam. Bir gezek: "Näme üçin beýdýäň? Öňi-soňy kätmeniňi ulanoňok ahyryn?" diýdim. Ol: "Bir gün senden, bir gün ondan diläp ýöreniňden gerek zadyň özüňde bolsa gowy dälmi? Şo gurallar gymmat zadam däl, ýöne iliň arkasyndan güni geçip duransoň, kä kişi ... dowamy

Goýnuň garasy

Esseler | 0 teswir | 1179 okalan

    Bir adamy tanaýan, ol hiç wagt dilegçä aňsat-aňsat zat bermeýär. Hatda pildir kätmenini, çekiçdir paltasyny wagtlaýyn ulanmaga sorasaňam boş gaýtarýar. Beý diýsem, ony bir garasöýmez  adamdyr  öýdäýmäň. Ol goňşokara gatnadyp, goňşusyny sylaýan adam. Bir gezek: "Näme üçin beýdýäň? Öňi-soňy kätmeniňi ulanoňok ahyryn?" diýdim. Ol: "Bir gün senden, bir gün ondan diläp ýöreniňden gerek zadyň özüňde bolsa gowy dälmi? Şo gurallar gymmat zadam däl, ýöne iliň ... dowamy

Rowaýaty saçak

Esseler | 0 teswir | 1397 okalan



Atammy ýa-da atamyň atasymy - ony anyk bilemok, gepiň gysgasy, atalarymdan biri, ýalňyşmasam, düýesini ýitiripdir. Görgüli gözläpdir, köp gözläpdir, ahyry tapjagyna umydy azalyp: "Eger düýäni tapsam, pylan işana Hudaý ýoluna bereýin" diýipdir. Işan aganyň adyny hem anyk bilmänim üçin çak bilen ýazasym gelenok. Atam şeý diýenden soň, bir alaňdan aşypmy-aşmanmy ýitigini tapypdyr. Begenipdir. Suwsuz jöwzaly çölde gören görgüsi gözüne görünmändir. Gynanmanam düýäni işan agaň gapysyna alyp ... dowamy

"Iň şerefli mahlukat"

Esseler | 1 teswir | 1237 okalan

    Käbir duşuşyklar hiç ýadymdan çykmaýar. Unutdymmykam diýýäniňem birden edil düýn bolan ýaly göz öňüňde janlanýar. Kä halatlarda huşumyň bu häsiýetine käýinsemem, köplenç begenýän.
    Ol adam bilen duşuşanyma-da 15 ýyl töweregi geçendir. Men ony ýekeje gezek gördüm, soň görüşmek nesip etmedi, indem duşaryn öýdemok.
    Ol adam sypaýy, arassa geýnen, kiçi göwün, pes päldi. Onuň şeýle gowy maşgalasy, edepli çagalary, bereketli saçagy, döwletli ojagy bardy. ... dowamy

Dilbilmezlik derdi

Esseler | 1 teswir | 1115 okalan

Bir zada akyl ýetirseň, düşünseň, düşünmeýäniň ýüzüne geň galyp bakýansyň. Düşündirjek bolarsyň, düşünse begenersiň, düşünmese... ýene düşündirmäge çalşarsyň, şonda-da garşyňdakyň akyly kabul etmese, eliňi salgap geçip gitseň ne ýagşy, gaharyň geler, janyň ýanar. Ahyry köşeşersiň, hem oýlanarsyň - "Bu näme üçin beýlekä? Şeýle bir düşnükli, özi üçinem peýdaly zada ol adam näme üçin düşünmeýärkä? Atam pahyr diýer eken "Dilbilmeze gep düşündiržek bolanyňdan arkaň bilen dagyň daşyny ... dowamy

Ynsanyň geň haly

Esseler | 0 teswir | 1518 okalan



    Ynsanyň geň haly barada gürrüň edesim gelýär-de ýoluny tapamok. Ýogsa bu biziň her birimiziňem başymyzdan geçýär. Emma köplenç muny duýmaýarys ýa-da duýsagam üns beremizok, gadyryny bilemizok. Meniň diýjek bolýanym, gezip ýörsüň welin, birden kelläňde bir pikirmi, netijemi, düşünmekmi şulara meňzeş bir ýagdaý bolýar-da özüňi öňkiňden bir basgançak ýokaryk galan ýaly duýýaň. "Şu wagta çenli näme üçin beýle pikir etmedimkäm?" diýýäň. Dünýäň giňeýär, gözleriň has uzaklary ... dowamy

Arman hem şükür

Esseler | 1 teswir | 1065 okalan

 

     Agamyň bir dosty bardy. Olar bile bal ary saklardylar. Bir ýylam kesel degdi-de, agamyňam, dostunyňam arylary gyryldy. Sähelçe ýyldan soň agamyň dostunyň özem dünýeden ötdi. Ondan bäri esli ýyl geçdi. Bu zatlaryň bary ýadymdan çykaňkyrlapdy, ýöne düýn agamyň dostunyň ogly täze maşyn alnypdyr-da şony gutlamaga gitdik. Şol ýerde-de agam dosty bilen baglanşykly bir wakany gürrüň berdi. Bir gün ol agamyň ýanyna gelip: "Dost, arylarymyzam-a gyryldy, ... dowamy

"Gijeki myhman"

Esseler | 3 teswir | 1164 okalan



    Gurbannazar Eziziň "Gijeki myhmanyny" okap ýatanymdan boldumy, agşam geň düýş görüpdirin. Meni hasam geň galdyran zat onuň mylaýymlygy, mähirli ýylgyryşy boldy. Dogrusy ilki men oňa Jebraýyl perişdedir, dagy bolmasa Mikaýyldyr öýtdüm. Näme üçindigini bilemok, onuň perişdedigne-hä hiç şübhelenmedim. Ýöne geleniň Ezraýyldygyna düşünemsoň welin, süňňüm gowşap gitdi. Ýeriň-gögüň diregi özüm däl, yzymda çagalarym aç-hor bolar diýip pikir etmedim. Olaryň ryzkyny Alla ýetirer. Öýlenmedik ogullarymyňam müjerret geçmejegi ... dowamy

Gül ömür

Esseler | 0 teswir | 1016 okalan



    Arada bir sebäp bilen gündelik ýöretdim. Sanaýmaly gün geçenden soň "Pylan ýere gitdim. Pylany bilen gürleşdim. Howa sowugam bolsa ynha, Gün çykar - türkmeniň gyşydyr-da" diýen ýaly gündeliklerde adaty duşaýýan ýazgylarymy okap oturşyma birden ýüregim jigläp gitdi. Ömrümiň sagatlar, pursatlar, gije-gündizler bilen parça-parça edilen böleklerini kesesinden synlan ýaly boldum.
    Endige görä, düýnler-şu günler, ertirler-birigünler bilen ýaşap ýörüs. Bir günem ömrümiz kirpikleriň arasyndan daman damja ... dowamy

Söz nire, men nire?!

Esseler | 0 teswir | 1143 okalan

Geljegiňi bilýärdim. Dost diýeniň şeýle-de bolmaly,  kelte ýarag ýaly tüýs gerek wagtynda öňüňden çykar. Eger gelmedik bolsaň hem muny maňa düşündirerdiler, bitmejek ýara bilen birlikde. Dünýäň gurluşy şeýle, kim depäňden gaýnag suw guýup aklyňa aýlandyrýar, kim sowuk suwa salyp çykarýar. Amallar niýetlere görä diýilipdir ahyryn.
Dost, sen maňa her kelläňe geleni ýazyp ýörmeli däldigini aýtdyň. Ýazanlarymdan mysal getirmän aýtdyň. Sen: “Kimiň aýdanyny, kime aýdanyny, haçan aýdylanyny ... dowamy

Kiçi dilden aňyrsy

Esseler | 0 teswir | 1690 okalan

Hawa, kiçi dilden aňyrsy barada gürrüň edesim gelýär. Bilmedim, Aýyň Güni, gijäniň gündizi, Ýeriň Asmany höwes edişi ýalymy, göwnüm kiçi dilden aňyrsyny küýseýär. "Dil" diýilse, ilki bilen ýadyňa "söz" düşýär. Belki, kiçi dilden aňyrdan "sözlemek" kyn bolany üçin ynsana ýeňillik diýlip "öl ýere biten" dil berlendir. Diliňki aňsat - erk edip bilmeseň ýa-da wyždanyňy diňlemän "diý" diýip buýruk berseň, diýesi gelmeýän zady hem diýip goýberýär. Kim ... dowamy

Kakalar ölmeýär eken

Esseler | 1 teswir | 1214 okalan

    Muny geňem görmegiňiz mümkin, ýöne hiç kime aýdyp bilmeýän bir derdim bar. Ony şeýdip gazet sahypasynda aýdaýmasam iki-çäk oturyp adama gürrüň berip bilmejegimi bilýän. Gelşiksiz görünmegem mümkin welin, aýtsam derdim ýeňlär diýen tamam bar, onam, dogrusy, anyk bilemok.
    Düýşüme 8 ýyl mundan öň ýogalan kakam pahyr girýär. Köplenjem käýeýär. Ilki badalar onuň käýemesine kän üns bermedim. Kakamyň dirikä-de häsiýetidi, köplenç bize käýýärdi. Üstesine sesem ... dowamy

Däliň Akyl bilen duşuşygy

Esseler | 1 teswir | 1121 okalan

Arada bazarda geň birini gördüm. Öz-ä bir horja, egninde-de köneje eşigi. Ol her geçeniňem alkymyna dykylyp barýar, mümkin hyzmatyny hödürleýändir-dä. Her kim oňa: "Özümkini nätjegimi bilemok" diýýär-de deňinden geçiberýär. Käbiri-hä: "Bar, göläňe dogra" diýibem azgyrylýar. Her kimiň derdi özüne ýetik, her kim ondan elli bizar. Ahyry ol ýoluň gyrasyna geçip, aglamaga oturdy. Oňa nebsim agyrdy. Näçe gündir, içinden ýyly geçene meňzänok, bolmanda göwünlik bererin. Göwnüm ýetse ... dowamy

Çäkmi – çäksizlik

Esseler | 1 teswir | 1149 okalan



     Adam ogly näme üçindir çäksizligi söýüşi ýaly, çäklendirmeleri halamaýar. Asmana uçsa çäksiz belentliklere galsam diýýär, çuňluklara çümende-de ýene şol höwes onuň hemrasy. Birini söýse-de çäksiz söýesi gelýär, söýlende-de çeniz-çaksyz söýülmegini küýseýär. Megerem, bu häsiýet, edil ýaňy dünýä inen bäbejigiň öz-özünden enesini emmelidigini bilşi ýaly ynsana Alla tarapyn berlen peşgeş bolsa gerek.
    Eger bu pikirlerim edep bilen baglanyşykly bolmasa, onda göwnüm göterilip, asmanym durlanardy. Emma edep, ... dowamy