| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 06, 2012 | 0 teswir | 893 okalan

Bu gün Allany razy etmek beýle-de dursun, adamyň göwnüni tapmak (muňa ýaranjaňlyk ýa-da adamy ugruna kowmak diýip düşünmäň), hakykatdan adamyň göwnüne, ýüregine gerek zady etmek gaty agyr diýip pikir etdim. Asyl ol mümkin däldirem diýdim içimden. Sebäbi ýanymda biri gybat edip oturan bolsa, oňa "Dur, gybat etme, gybat günäleriň ulusyna girýär. Gybat etmek gybatyny edýäniň etini iýen ýalydyr diýipdir pygamberimiz" diýsem, gybatyny goýar. Emma ol onuň ýüregine ýakmaz. Ýok, beýle däldir. Onuňam ýüreginde Alla bardyr. Menem Allanyň talabyny aýtdym. Oňa Allany ýatlatdym. Diýeýin diýýän. Çynym bilen. Özümi toparlaýan. Ol bolsa gybatyna barha gyzýar. Dur diýsem, özüm gybat etmeýänsireýän ýaly görünmenmi? Gürrüňdeşim maňa gybatyny edýän adamynyň arkasyny aljak bolýandyr öýtmezmi? Içinden "Gybatyny edenimi baryp ol adama aýdar" diýibem müňkür bolar. Nätmeli? Ýaýdandym. Onuň gybatlaryny gulagymyň ýele ýanyndan geçirdim, emma "Dur" diýip bilmedim. Onsoň neneň menden Alla razy bolsun? Alla maňa näderkä diýip gybaty diňledendir, menem ýaýdandym. Adamyň göwnüni ýykmajak bolup...

Biri geldi bir haýyş etdi. Göwnüni ýykmazlyk üçin bolýar diýdim. Emma onuň haýyşy ýeke menden çözülenok. Muny aýtsam, haýyş eden sypjyklyk edýär diýjek. Göwni galjak. Bolýar diýdim. Özümden çözülmejek zady çözmäge girişdim. Alla kömek etdi, iş bitdi. Ýöne elmydam beýle-de bolanok. Belki-de iş bitýänçä özüme zyýanam edendirin? Indi beýle zady boýun alman diýýän. Adama adamyň göwnüni tapmak gaty kyn eken.  "Adamyň çigit ýaly göwni bardyr" diýýärler. Ýöne ol çigit bize göterderden agyr eken. Ýok, Ylýas, namartlama. bendesiniň göwnüne ýetip bilmedik Allany neneň razy edip biler? Ýyksaň öz göwnüňi ýyk, köseseň öz ýüregiňi köse. Imanyňy gazanjak bol. Gybat edene dur diýip bilmejek bolsaň özüňem şolardansyň. Alla kömek eder diýip haýyr işe topulmaýan bolsaň, Alla iman getirişiň gowşakdyr. Ertir Alla seni ýene synar. Inşalla synasyn-da. Maňa ýene bir gezek maý bersin, bu günki aşyp bilmedik belentligimden aşjak bolaýyn. Ýykylan göreşden doýmaz bolmasyn-da hernä...     

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.