WAGT BILEN IKI-ÇÄK | Eserler | Ylýas Amangeldi

WAGT BILEN IKI-ÇÄK

Esseler | 0 teswir | 191 okalan

Ýetmiş bir ýyl mundan öň ýanyma gelipsiň. Şondan bärem ikimiz bile. Gaty köp adam, köp zat maňa sendenem ýakyn durupdy. Emma hemmesi gitdi, diňe sen galdyň.

Men saňa “Wagtym ýogam” diýipdim. Hawa, ýoksuň öýdem-de sen bar ekeniň. “Wagtym ýetenok”, “Wagtym geçdi”, “Wagtdan yza galýan”, “Wagtym bolsady”... diýibem çykdym. Ýöne Gurbannazyryň “Gazaply kazysy”, sen “mydam başymda” ekeniň. Gurbannazar halypaň ýaşka düşünenlerine gojalyp akyl ýetirjek bolýaryn.

Geldi-geçersiň öýdýärdim. Tutuş ömrüne “Ylgap barýan keýigiň şahynyň kölegesinde kölegelän ýaly bir möhlet” diýen akyldaryň sözüne haýran galypdym. Barysy dogry eken. Wagt sen keýik bolup ylgap barýaň, biz bolsa kölegäňde saýalamaga ýetişip bilsek bolany. Haçan başlananyňy bilmänkäk, tamamyňa erişdik. Seni utdummykam diýenler utuldy, senden öňde barýandyryn öýdenler yzda galdy. Kimlere baky ýatlanmak berdiň, kimleri unutdyrdyň. Kakamyň “Bu dünýeden geçmejek ýokdur” diýen sözlerini ýatlap, wagtyň däl-de, biziň geçip gidip barýanymyza düşündim.

Häzir ikimiz iki çäk. Napolenyň sürgün edilen adasynda “Bu ýerde wagtdan başga hiç zat ýok” diýişi ýaly bolmasam-da, töweregimdäki zatlarda diňe sen gözüme ilýärsiň. Göwnüme bolmasa, töweregimdäki zatlardan diňe sen meni goýup gitmejek ýaly. Töweregimdäkiler “Wagty doldy, sanalgysy gutardy” diýenlerinde-de sen menden aýrylmajak ýaly. Muny hiç kim bilmez. Her kim öz derdi-aladasy bilen galar.

Mümkin, seniňem, meniňem keşbimiz, durkumyz üýtgär. Seniň üýtgewsiz minutdyr-sekintlaryň togtap, başga bir hala geçer. Meniňem könelip ýygyrt atan göwräm, gowşan süňklerim dyr-pytrak bolar gider. Emma sen menden aýrylmarsyň, menem senden. Men şol pursatlarda hakykatdanam seniň gadyryňy bilerin. Meniň üçin iň gymmatly zadyň sendigiňe düşünerin. Arman, peýdasy degmez. Tersine bolmagam mümkin. Sen meni pany däl, hakyky dünýede, diňe gowulyklaryň içinde täzeden ýaşatmaga başlarsyň. Diňe şat edersiň, hiç ýerde ökündirmersiň. Bilimi bükmersiň, başymy aşak sallamaly etmersiň. Menden ozmazsyňam, galmazsyňam. Biz bir göwre bolup ýaşarys...

Beýle umyt, beýle arzuw maňa nireden geldi? Täret alyp oturan Abdulkadyr Geýlanynyň köneje mis kündüginiň birden altyna öwrülşi ýaly bir zat dälmi bu? Şonda Geýlany hezretleri “Bu ne bela?” diýip altyn kündügi eliniň tersi bilen zyňyp goýbermändirmi näme? Altyn kündük yzyna gaýdyp gelende ol ony ýene, ondanam aňyrraga zyňmandyrmy? Bu hereketlerini ol tä altyn kündük öňküje mis kündügine öwrülýänçä dowam etdirmändirmi? Men bolsam, öz ýasan “umydyma” şeýle berk ýapyşýaryn. Sogabymyň günämden agyr geljekdigini bilýän bolsam käşgä...

Wagtym, her niçik bolanda-da, sen meni ýeke goýma. Sorag-jogaba eltilemde “Men özüme berlen ukyby başardygymça açyp görkezmäge çalyşdym” diýer ýaly maý ber. Bu sözüm ýalan çykmaz ýaly galanja pursatymda-da der dökmäge gaýrat ber. Meni ýüzigara etme. Belki azabym ýerine gowşar. Maňa “Wagtyny boş geçiripdir, eli boş geldi” diýmeseler bolýar.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.