Gündelik | Ylýas Amangeldi

Sentýabr 12, 2020 | 2 teswir | 2291 okalan

Şu gün köp garşylyklary içmde ýeňip gündelik ýazmaga girişdim. Ol gündelik bolup eden ýa-da etmekçi bolýan zatlaryn barada bolmaz. Edebiýat hakynda özüm bilen (okyjylar bilen) pikir alyşma ýaly bir zat. Saýtyň eserler bölümi açylypdyr. Ondan öň ähli hekaýalarymy ýygnap bir ýere jemlemegiň pikirini etdim. Hekaýalarym başly-barat, eýesiz ýaly bolup ýatyrlar. Hersi bir ýerde. Olary kitap ýaly jemlemek, yzygider goýmak, gowşaklaryny ýok etmek ýaly işler edilmän ýatyr. ... dowamy

Noýabr 28, 2015 | 0 teswir | 1233 okalan

Gürlemek aňsat däl. Iň aňsady dymmak. Emma dymdygyňça dymasyň gelýär. Menem şeýle gündelik ýazmak kyn, ýazmazlyk aňsat. Ýazmadygyňça ýazmanyň gowy diýýäň. Birdenem näme üçindir dymasyň gelenok. Aýdasyň gelýär.

Aýdasym gelýär. Päklik hakynda. Daglaryň gary ýaly arassa, gözleriň ýaşy ýaly dury, gojalaryň sakgalynyň aklygy ýaly parlak. Göwünler kir tutanda ondan hapa zat ýok. Göwün kirlese ony ýuwara-da zat ýok. Dagyň gary kirlese erär gider.Ak sakgal kirlese ýuwup ... dowamy

Awgust 08, 2015 | 1 teswir | 1096 okalan


Köpden bäri başga sahypalara girsemem özümiňkä hiç zat goýman ýörün. Onuňam sebäbinem bilemok. Bärde okaýan azdyr, ýöne maňa iň gowy düşünýänler hem menden kemçilik gözleýänler bu ýere girýändir. Durmuş-da bu. Hemme göz - göz. Emma hersiniň seredişi, görüşi başga. Häzir ýene bir hekaýa goýýan. Arada biraz gysgaldylyp Edebiýat-Sungatda çykdy. Gazetde adynam "Söýgi" diýip goýupdyrlar. "Dürli söýgüler" diýlen bolsa has gowy boljak eken. Men adyny üýtgetmedim. Bir ... dowamy

Aprel 19, 2015 | 0 teswir | 1023 okalan

Aprelem tamamlanyp barýar. Günleriň at salaýşyny. Özümi olarda ýaşap etişmeýän ýaly duýýaryn. Ýokary tizlikde barýan metroň wagonlaryna özümi atmasyna atypdyryn emma bu tizlik... garaşan tizligim däl. Uçarda bolsaň tizlik hasam ýokary bolýar emma ony duýman otyrsyň. Bu ýerde welin ok ýaly uçup ahyrky duralga - düşmeli duralgaňa barýanymy özüm duýup durun. Hökman etmeli işlerime ýapyşýan. Ýöne olaryňam hökmanlygy şu günlükçe. Has uly hökmanlygy etmäge-de elim baranok. Ara ... dowamy

Aprel 07, 2015 | 0 teswir | 1069 okalan

Ýazyň çykany barha aýdyň bildirýär. Gapyda kesilen üzümler aglamasyny goýdy. Indi olaryň pyntyklary ýapraklap guşlary özüne çekýär. Howaň bulutlaşygy aýrylşyp Günüň gyzgyny barha artýar. Tüýs kino düşürmeli günler başlanýar. Biziň kinomyzam biraz yza süýşdi. Ýöne şonda-da erbet däl. Ýaşyl baýyrlar, dag etekleri, şol ýerlere çykyp häzirki dokumental filmimizi alyp ýörüs. Ertir has köp işleri bitirmeli.

Adam nähili gymmatly! Hasam bile tirkeşýän dostuň. Wagt geçýär, tirkeşmäň galyşýar, soň ... dowamy

Mart 17, 2015 | 0 teswir | 867 okalan

Ýazyň gellmegi mundan öň mende beýle duýgulary oýarmaýardy. Bir hili maşyn sürüp bilmeýän halyma ýokary tizlikde gidýän maşynyň ruluna geçip, onam bilmeýän, görmedik ýollarymdan sürüp barýan ýaly bolup durun. Öňümde bolsa maňa nämedir bir zada urulmak garaşýan ýaly. Emma gijelerine kä gün bolaýmasa köplenç rahat ýatýan. Birine gaharym gelip gaty söz aýdamok. Hiç kimi ynjytmajak bolýan. Göwnüme bolmasa baryp uruljak zadym - biriniň göwnüne degmek ýaly bolup ... dowamy

Mart 01, 2015 | 1 teswir | 926 okalan

Bu gün 1-nji mart! Gurbannazar neressäň doglan güni. Irdenden bäri kellämden çykanok. Okan zatlarymda-da, gören zatlarymda-da, eşidenlerimde-de, gündelik adaty zatlarda-da ol ýadyma düşdi durdy. Hasam töweregimdäkileriň hereketlerinde ony görmäge çalyşdym. Haýran galaýmaly, bu ýagdaý maňa köp zady aýtdy. Adamlar bilen öňkümden has mähirli bolmaga çalyşdym. Gören, okan zatlarymy şahyrlarça aňymdan geçirdim. Bir topar goşgulyk pikirler kelläme geldi. Olary belläp almasam ýadymdan çykmagam mümkin. Ýöne bellärin. Sähelçejigem gaharlanmadym. ... dowamy

Dekabr 19, 2014 | 0 teswir | 924 okalan


Häzirki goýmakçy bolýan hekaýamy Ertirlerde-de goýdum. Emma okyjylaryň kän ünsüni çekmedi. Ol ýerde goşgy gowy okalýar.

Şu günler ýürek agyry horlaýar. Eýýäm bir aý bolup barýar, aýrylasy gelenok. Doktoryň beren dermanlaryny atýan kän peýdasam degenok. Irden gezelenje çykmaly, biraz hereket gerek. Hany görerisdä. Beýdibä uzak çydatjak däl. Hekaýany okap görüň, hakykatdanam boş bolmagam ahmal. Bilmedim. Ady "Tabakdaş".

... dowamy

Dekabr 16, 2014 | 0 teswir | 864 okalan

Sahypamyza käwagt biri giräýýär öýdýän. Köp wagtlap zat ýazmanymyzdan soň adamlara üýtgeýän zat ýokdur diýip gelmelerini goýandyr. Dogrusy, üýtgeýän, hatda üýtgejegem zat ýok. Dünýä ahyrete çenli şol bir akymynda geçip dur. Şujagaz çaga ulalanda nähili bolarka, ol ulalýança köp zat üýtär, özümem üýtgärin. Şonda nähili bolarkam diýýärdim. Şol çagajyk öýeräýmeli ýigit bolup ýetişdi. Ýöne menä üýtgän zady görmedim. Şo bir günler. Üýtgemek diýip men gaty uly zady göz ... dowamy

Dekabr 14, 2014 | 0 teswir | 866 okalan


Bugünem bir hekaýa goýaýyn. Okap pikirini aýtjaklary gürrüňdeşlige çagyrýaryn. ... dowamy

Dekabr 12, 2014 | 0 teswir | 957 okalan

Meniňki gündelik däl, hepdeligem däl, aýlyk ýazgylara meňzeýär. Ýadyma düşen wagty ýazyp duran ýaly. Edil beýle-de däl welin, daşyndan olşeýle. Ine bu günem bir zatlar ýazaýyn diýdim. Içime sygmanam däl, siziň ünsüňizi özüme çekmek üçinem däl. Köne ýazgylaryma girdim welin okaýan gaty kän eken. Onsoň olar bilen gysgajyk wagtlyk söhbete gireýin diýdim. Oba hojalyk institutynda bile okan kursdaşlarymy ýatladym. Olaryň ýarsyndanam köpüsi ýogalypdyr. Imanly bolsunlar. Ýene ... dowamy

Maý 17, 2014 | 2 teswir | 982 okalan

Maýyň 5-nden bäri dynç alyşda. Gowy işlärmikäm diýýärdim. Ekzýuperiň terjimesini dowam etdirýän. Olam gaty kyn. Şony dynmanam başga zat etmäýin diýip dyzap otyryn. Ýogsa ol ýene galjak. Hydyr bilen täze ssenariýni bolduk etdik. Tudanalar bişdi. Her gün irden açöze iýýän welin derman bolaýýar. Limonlary bejerjek bolýan. Umuman fiziki işden elim çykypdyr. Şoňa dözmesem onda bolmaýar. Fiziki zähmetden galdygň ruhy işem çöker. Ikisini bile alyp gitmeli.

Howa ... dowamy

Mart 29, 2014 | 0 teswir | 978 okalan

Birki günlükde ýarawsyzyrak bir işdeş ýoldaşymdan "Nähili ýagdaýlaryň?" diýip soramda "Duşmanlarym gynanyp, dostlarym begener ýaly ýaşap ýörin" diýdi. Bir hili bolup gitdim. Ýogsa ertekilerimizde-de "Dostlary şat, duşmanlary mat" boldy diýilýär. Adam şeýle derejede biri-birine duşman bolup bilşine haýran galýan. Duşmançylyk diýilýän zat görmedik zadymam däl welin... biriň begenjine beýlekiň gynanmak, hiç akylyma syganok.

Ýaz çykdy. Bahym Hydyram gelmeli. Guma gidip bilsek diýip ýörin. Kelläme, pikirlerime dynç ... dowamy

Mart 18, 2014 | 0 teswir | 935 okalan

Ýazyň çykany bildirýär. Bir hili sähel zada göwnüm göterlip, sähel zada-da gaharym geljek bolup dur. Tebigatdaky täzelenmegiň adama hiç hili täsirsiz geçmegi mümkinem däl. Hekaýa ýazasym gelýär. Käbir ýazylmaly zatlar düýşüme-de girip başlady. Şu wagt başga zada başymy galdyrman ýazmalymykam diýýän. Ýazmaga dyrjaşýanam. Ot örgününde eden zatlarymdyr-da diýip soň gyş günleri gaýtadan serederindä bolmasa. Ýöne häzire çenli ýazanlarym şowsuz çykanok. Alla ugruna etsin-dä. Soňky hekýalardan birini häzir bärigem ... dowamy

Mart 15, 2014 | 3 teswir | 932 okalan

Gündelik ýazgylaryma girmäge ýaýdanyp durun. Ýazsam haýyrlydygynam bilemok, biderek wagt geçirmekdiginem. Diňe öz wagtyma däl,okajak bolup sizem wagtyňyzy ýitirersiňiz. Iň soňunda-da okan zatlaryňyz känbir göwnüňizdenem turmaz. Aý, bor-da diýer geçersiňiz. Men bulary özüm üçin ýazýan diýsemem bu-da dogry däl. Özüm üçin ýazsam men olary iliň okajak ýerine ýazmazdym. Öz başyma bir ýerde ýazar goýardym. Okarsyňyz diýip ýazýan. Okaýanlaryňam bardygyna begenýän hem ýazgylarymdan tamaňyz çykýarmy şony bilmän ... dowamy

Fewral 18, 2014 | 0 teswir | 919 okalan

Hekaýany geçen dynç günleri ýazyp boldum. Umuman bir zady ýazmak niýetine düşemsoň ýazylýar. Ýene bir powest ýatyr şonam bir ýaňalyk etmeli. Magtymguly hakynda pikir edip ýörin. Ony ýazmagymy goýdum. Bir kara gelsem oturyp ýazaýjak welin, ýalňyşmakdan çekinýän. Üstesine-de köp meseleler jedelli. Magtymgulyň adamlar bilen gatnaşygy meselesi kyn. Hiç çözgüdini tapamok. Ony damlaryň arasynda görüp bilemok. Derwişler bilen, dag-daşlaň arasynda, çölde-düzde Magtymguly düşnükli, Allaň gudratyna sygynyp, beren ... dowamy

Fewral 14, 2014 | 0 teswir | 678 okalan

Bu günler dury pikirlenip, laýyk hereket etmegiň aladasynda gezýän. Hemem gybatdan. Gybat esasan işim bilen baglanşykly. Işde ýüzüne aýdylmaly zatlary aýdyp bolanok. Öýkeleşmejek bolunýar. Soňam içiň ýangyjynda gaharyňy getiren adamyň gybatyny edýäň. Diňe edebi gahrymanlarym bilen ýaşasamdiýýän. Parhaýda 20 günläp ýatyşym ýaly ýatyp işlesem. Hekaýalar tirkeş-tirkeş gelýär. Ýazylman ýatyr. Goşgy ýazan ýaly ony derrew içiňdenem çykaryp beýläk atyp bolanok. Dümtünip işlemeli, wagt sarp etmeli. Magtymgulyny diňe ... dowamy

Fewral 13, 2014 | 0 teswir | 662 okalan


Birki gün gündeligem ýazyp bilmedim. Heserli kinomyzyň kinostudiýada hünärmenler tarapyndan görülşigi boldy. Soň öýde görülşikler. Magtymgulynam düzüwli işlemäge wagtym bolmady. Şonda-da bolanjasyny Garaguma tabşyrdym. Kinony gowy görýärler. Men gaýtalap-gaýtalap köp göremsoň bärden gaýdan ýerleri  gözüme ilýär. Ýöne gowy.

Magtymgulyny 20 kagyzdan gowrak edip Garaguma tabşyrdym. Yzynam ýuwaş-ýwaş ýazmakçy. Belki-de bar işimi şol edäýmegimem mümkin. Kinolardan daşgary, elbetde.Ýaňy bir ýazyjy tanyş bilen internetde hat atyşyp wagtymy ýitirdim. Şonuň ... dowamy

Fewral 09, 2014 | 0 teswir | 700 okalan


Gündelikleri okamaga 4 adam giripdir. Şolar meni çyndan yzarlaýanlardymyka, ýa ygyp-sagyp düşenlerdimikä? Kim bolsalaram begendirdiler.

Düýn gündeligi ýazyp bolup ýatmakçydym. Ýene ýazmaga oturdym. Bir sagat çemesi işläpdirin. Magtymgulyny gutaraýjak bolýan. Bu gün gündizem işledim. Erbet gidenok. Ýöne birden köp pikir edip işlemäge kelläm öwrenşip bilenok. emasam agyr, jogapkärli. Onda-da ýazýan. Ertir işde azajyk degsem soň okap gözden geçirmeli.

Bu gün Heserlini Baýramguly agam, Soltanmyrat agam, Atabaý, ... dowamy

Fewral 08, 2014 | 0 teswir | 690 okalan


Bu gün işler oňuna boldy, şükür. Kinoçylara diýen zatlaryny tapyp berdik. Filmiň esasy surata düşüriljek ýerleri - howludaky, jaýyň içindäki hem meýdandaky ýerleri belli etdik. Garaz olar hoşal bolup gtdiler. Ýöne Magtymguly hakynda ýazýanymy dowam etdirip bilmedim. Kellede köp zatlary işledim. Ertir irden ýazyp başlamakçy. Inşalla bolar. Şu gün ýazyp bilen bolsam has gowy boljakdy. Emma teý, gitmedi. Olam materialyň çigliginden. Ýöne onuň "Garagum" üçin bir bölegini ... dowamy

Fewral 07, 2014 | 0 teswir | 719 okalan

Gündelige täzeden başlaýan. Geň görseňizem, bu şeýle. Uzaga çekermi? Bilmedim. Allaň işi. Özümiň ýasasym gelýär. Şonuň üçinem ýazmaga başladym. Häzir işim ýetik. Şonda-da käbir habarlarym, pikirlerim, edýän işlerim, galyp barýan işler... garaz hemmesini paýlaşaýyn. Öňki okyjylarymdan adam galmadyk bolsa gerek. Indiki okajaklaram tötänden girerler. Gyzykly. Gündelikleri ýazmaga başlanymy hiç kime habar bermekçi däl.
Bu gün juma güni. Ertirem işe gitmeli däl. Öýde birazayrak ýazmakçydym. Ýöne ertir ... dowamy

Iýul 01, 2013 | 0 teswir | 820 okalan


Bu gün täze aý başlady. Italýan ýazyjysynyň eseriniň terjimesini elden geçirip dyndym. Gaty gowy eser. Türkmençesinem okar ýaly etmek üçin alada baryny edýän. Çünki, gowy zadyň terjimesem gowy bolaýmaly. Henize çenli eden terjimelerimi el ujundan eden wagtym ýok. Ýöne soň olary geçiren bölüm müdirine-de, redaktoryna-da zaýalaýmaň diýmedim. Olaram mençe bu zatlardan baş çykarýandyrlar diýdim. Ýöne edil beýle däl eken. Olaryň gowlan ýerlerem bolýar welin, zaýalaýan ýerlerem ... dowamy

Iýun 29, 2013 | 0 teswir | 824 okalan

Eýýäm gündelik ýazmanyma 10-gün töweregi bolaýypdyr. Ýogsa ýazara zadam kän. Puşkin teatryna gitdim. Spektakl hakykatdanam erbet däl eken. Biziň türkmen teatrlarymzdaky goýulyp ýörülen oýunlardan has gowy. Artistlerem gowy oýnaýar. Ýogsa ýaş artistler. Oýundan çykyp gowy pýesa ýazmagam kelläme geldi. "Eneleri" pýesa şekiline getirsem diýip pikir etdim. Soňam ondan gowy powest etsem has dogry bolar diýen netijä geldim. Pýesa ýazmagam öz başyna sungat. Oňa-da eliňi, pikirlenşiňi uýgunlaşdyrmaly. ... dowamy

Iýun 20, 2013 | 0 teswir | 859 okalan

Bu gün kakam dagy hakynda welosipedçiler maşgalasy diýip bir zat ýazydym şony "Edebiýat we Sungat" gazetinde çap edipdirler. Sähelçe üýtgedipdirler. Olam makalaň zyýanyna däl. Onuň çap edilenine begendim. Kakamyň agamayň suratam bar. Baga zadymy okamasalaram dogan-garyndaşlarym ony soň-soňlaram biri-birine görkezişip okasalar gerek. Hydyryň maşgala ýatlamalaram şonuň ýaly bolar. Bu gowy iş. Bu gün Wampilowyň "Uly ogul" spektaklyny görmäge gitsek diýýäs. Gowy diýip öwýärler. Puşkin teatrynda. Biziň ... dowamy

Iýun 18, 2013 | 0 teswir | 811 okalan

Düýn "Eneleri" biraz işledim. üýtgedilen warianty bilen ýňkini çalşyraryn. Welosipedçiler hakyndaky makalamyň çykjagyna begendim. Çykýança ynamam ýokdur welin...

Düýn Tokar neressäň eli bilen ýazan bir ýazgysyny gördüm. Hajy diýip bir hudožnik  "Ömür kitaby" diýen ýaly bir kitap tutunypdyr Öýünemuhman bolan, göwni ýetýän adamlaryna ýazgy ýazdyrýan eken. Şondan Tokaryň ýazgysyny okap berdi.  Dünýä bakyp ses edip aglasym gelýär. Dünýä meni eşider ýaly çöle çykyp, çölüňem iň beýik ýerine ... dowamy

Iýun 17, 2013 | 0 teswir | 795 okalan

Düýn ýene bir hekaýa ýazdym. Zenan kalby žurnalyndan soradylar. Başga zada kän başymy galdyrmadym. Bu günem işde ol-bu işler bilen derekli oturybam bilemok. Edebiýat Sungat gazeti söhbetdeşlik guraly diýýär. Oňa-da ýok diýjek bolup durun. Sebäbi men ýazyjydyryn diýip söhbet eden bolup oturmaga utanýan. Ölünçämem şeýle bolar. Soň ýazyjy ekendigimizi ýa-da däldigimiz wagt kesgitlär. Ýazyjylyk ýaly (şahyrçylygam, umuman sungat işgäri) geň kär ýok. Daýhan eker, ygaly, dersi, ... dowamy

Iýun 13, 2013 | 0 teswir | 818 okalan

Almaz dost, sag bol, göwün galkyndyryjy hatyň üçin. Bilmedim, garaňkylyk däl bolmagam mümkin. Onda-da daňyň öň ýanynyň garaňkylygy. Ýaş 60-a baransoň garaňkylyk günüň dogup barýandygynyň däl-de, ýaşyp barýanynyň alamaty ýaly bolup dur. Ýöne Alla ömür berse... Şu meselede-de düýn Nury Halmämmediň döredijiligi hakynda bir kompozitor bilen pikir alyşdyk. Ol Nuryň 30-a çenli ýazan sazlarynyň gaty gowy bolandygyny aýdýar. Ömrüniň soňky 10 ýylynda ýazanlary olarça bolmady diýýär. ... dowamy

Iýun 12, 2013 | 1 teswir | 893 okalan

Düýn işde italýan ýazyjysyndan terjimämi berk tutupişlärin öýdüpdim. Işe gelsem žurnalyňsahypalaryny okamaly boldum. Bu günem şony okaýan. Her nomerden nobatçy bolup okalýar. Ýöne bu-da iş. Agşam öýe barybam işläp bilmedim. Iýenim ýaramadymy... garaz, günler geçip dur. Menem özümi düzgüne salyp bilmän kösenip ýörün. Dogrusy,  Ç. Çaplinde bir söz bardy: "Когда я полюбил себя, я понял, что тоска и страдания – это только предупредительные сигналы о том, что ... dowamy

Iýun 10, 2013 | 1 teswir | 754 okalan

Düýn gündelik ýazmadym. Gazet üçin welosipedçiler hakynda makala taýýarladym. Şu gün iberip görjek. Ýolbarsam şu gün ibererin. Gowy dynjymy alyp gije sagat 4-lerde oýandym. Ýene 5-e çenli turmadym. %-golaý turup namazymy okap ýene ýatypdyryn. Ýogsa ukymam tutup baranokdy. Emma düşege geçemsoň nädip uklanymy bilmändirin. Indem işe gitmeli. Öýde işläp bilemok diýen ýaly. Ýöne makalany öten agşam gowja işledim. Gije 11-lere çenli. Onda-da irdenem ol-bu edere iş ... dowamy

Iýun 09, 2013 | 0 teswir | 771 okalan

Bu günem "Ýolbarsa" biraz degdim. Sözlemlerini işledim. Almazdan hekaýa baradaky ýazgysy geldi. Minnetdar. Onuň hasam "Esger ogluma hatlary" uzaga çekdirýändigim hakyndaky igenjine begendim. Dogrusy ol hatlary şu günki esgerlere däl, häzir aýak bitip ýörenjeler esger çykanlarynda-da okar ýaly edip ýazjak bolýan. Haçan tamamlamda-da giç bolmaz ýaly. Ýöne şu gün gutarsam şu günki esgerlerimize peýdasy degse eýýäm bir nesliň ondan peýdalanyp ýetişdigi boljak. Inşalla ýazaryn. Şu ýazgylarymy ... dowamy

Iýun 08, 2013 | 1 teswir | 922 okalan

Bu gün uzakly gün öýde boldum. Şol düýşüme giren hekaýany ýazdym. Almaz dostdan gowy hat gelen eken. Tertip-düzgünli ýaşamak her bir adamyňam arzuwy bolsa gerek. Arman köpümize ol başartmaýar. Dogrusy, mende tertip ýogam däl. Belli işleri belli wagtlarda edýän. Näme işlesemkäm diýip oturýan wagtym ýok diýsemem bolýar. Ýöne beýniň ýadawlygymy, ýa ýaltalykdanmy hiç zada elim barman oturýan wagtlarym bolýar. Ähli zat netijesiz ýaly. Diňe namaz-ybadat diýip ... dowamy

Iýun 06, 2013 | 2 teswir | 842 okalan

Okyjylardan biri (Merdan) Mämmetnazaryň familiýasyny sorap ýazypdyr. Mämmetnazar Babanazarow. Düýn-öňünlikde telefonda Mämmetnazar bilen habarlaşdym. Ýagdaýlary gowy. Meni sorana salam aýdyň diýýär. Merdan dost, senem soradyň, saňa-da Mämmetnazar şahyrdan köp dogaý salam.

Parahat Çerkezowa diýen žurnalist gelin Nury Halmämmet hakyndaky kitabyny owadan edip çykardypdyr. Onda Nury Halmämmediň gündeliklerem bar eken. Hiç bir edarada işlemän ýören ýyllaram 11 sagatlap döredijiligi bilen meşgullanýan eken. Döredijilik adamsy şeýle bolmalam. Gürrüňe, gybata ... dowamy

Iýun 05, 2013 | 3 teswir | 833 okalan

Näme üçin gündeligini ýazmasyny goýduka diýýänlerem bardyr welin, bu barada özümem köp pikirlendim. Esasan käbir ýoknasyzlar sebäpli. Gündelik diýilýän zatda esasan özüň hakynda ýazýaň. Ýazgylaryň "baş gahrymany" özüň. Onsoň oňa barmak çommaltsalar agyr degýär. Hekaýadaky gahrymana biri düşünip biler, biri düşünmän, emma özüňe düşünmeseler, senem düşünmeseňizem men şeýle diýip ýazyp otursaň, bulam boljak welin... eliň sowaýýar. Dogrusy ýazmak eken. Kim nähili düşünende näme? Durmuşda-da bu şeýle ... dowamy

Dekabr 12, 2012 | 5 teswir | 955 okalan

Ýene ýagyş ýagýar. Ýaňy Mämmetnazaryň goşgularyny okadym. Eger Gurbannazar bolmadyk bolsa, türkmeniň häzirki zamanşahyrlarynyň iň gowsy Mämmetnazar diýerdim. Arada Watan gazetinde-de gowy goşgulary çykypdy. Ne gözel şahyr. Ýitirilen, ýitirlip tapylan. Adamlarda geň ýagdaý bar. Ajy zadam süýjedip iýýärler. Gyzgyn çaýy sowatman içýärler. Suwy doňduryp diýen ýaly içýärler. Meniň özümem şeýle. Bir zada gara diýip halaman bolýar, başga bir zadam garaja diýip gowy görýäris. Adam ýaly geň haýwan ... dowamy

Noýabr 27, 2012 | 0 teswir | 816 okalan

Howanyň ýüzüniň gamaşyp durandanmy bir zatlar ýazasym geldi.

Biz durmuşda köp zady ýerine ýetirmekden gaça duranymyzy kem görmeýäris. Mysal üçin, bir işi başga biri etjek bolsa, men ony etmäýin diýýäris.Diňe özümiziň hökmany etmeli işimizi etmek bilen çäklenýäris. Hatda käbir ýagdaýlarda şol hökmany etmeli işlerimiziň çäginem daraldyp bildigimizçe daraltmagyň aladasynda ýaşaýarys. Şeýtmek bilen maksadymyz näme? Almaň içindäki gurçuga öwrülmäge ymtylýarysmy? Guşy o agaçdan beýleki agaja geçmegi uçmaga ... dowamy

Oktýabr 07, 2012 | 0 teswir | 851 okalan

Köpden bäri hiç zat ýazamok. Elbetde, şu ýere girip gündelik ýazamok. Welosipedçiler hakynda bir ssenariň üstünde işläp ýörün. Bir hekaýa ýazdym. Ýene atlar, seýisler barada. Kakamy ýatlap bir kiçiräk ýazgy ýazdym. Bulardan hekaýa bilen kakam hakyndaky ýazgymy saýtda goýmakçy. Umuman günümiň geçişi erbedem däl. Ýazara-da zat kän. Ýöne ýaşap başyňdan geçiren zadyňy gündelige ýazsaň bir hili tramwaýda bir zadyňy galdyran ýaly bolýar. Öz içimde galsa-da ýadymda ... dowamy

Awgust 27, 2012 | 1 teswir | 898 okalan

Häzir şu günüň köpi geçip azy galdy. Bir wagtlar "Ölen günlerim" diýip gündelik şekilinde bir zatlar ýazypdym. Şol ýene ýadyma düşdi. ýöne ony dowam etdirmekçi däl. Ol meniň wagtymy aljak. Pikirimi başga ýana sowjak. Häzir şeýle-de köpe ýetjek bolup aljyrap ýörün. Häzirem sahypany açyp gördüm-de haçandan bäri zat ýazman ýöremsoň birzatlar ýazaýyn diýdim. Ýöne beý diýsem, bir zatlar ýazsam bolar diýip pikir edýändir öýdäýmäň. Ýazasym gelen zat Hydyryň edebiýat saýtyny ... dowamy

Awgust 02, 2012 | 0 teswir | 865 okalan

Gündelik ýazmasyny taşladow diýirdim öýdýän. Dorusy, näme ýazjagymam bilemok. Dünýede bolup ýören zatlaryň hersi bir hekaýa ýaly. Onam ýazmaga watam ýok, manysyz ýalam bolup dur. Häzir 3 sany hekaýany goýmakç. 2-sii soň ýazdym. Biri  öňden duran, biraz eýlesine-beýlesine seredişdirdim. Ýene-de 3-sini kellämde aýlap ýörün. Olaram ýazdygym goýaryn. Gündelik okandan hekaýa okamak gyzykly bolarmyka diýýän.Hekaýalar hakynda pikiriňizi ýazsaňyz begenerdim. Esasy bilesim gelýän zat olar okanyňa, maňa bolsa ... dowamy

Iýun 23, 2012 | 2 teswir | 1199 okalan


Geçen gündelikdäki ýazgyma Döwlet agzadan teswir geldi. Jogapkärçilik, liderlik hakynda ýazýar. Dost bilen doly razylaşýan. Gurbannazar Eziz dirikä lider däldi. Ýazyjylaryň başlygam däldi, gazet redaktoram däldi. Gowy okalýan şahyrdy. Ýogalandan soň 50-ýyl soň ol edebiýadymyzyň liderine öwrüldi. Her kim bir zat diýse oňa salgylanýar. Ýaş şahyrlar özlerini onuň ýazyşy ýaly ýazjak bolup horlaýarlar. Ol hakykatdanam lider. Men lidere dirikä köpçüligiň öňüne düşüp, ýa-da köpçüligi yzyna düşürip ... dowamy

Iýun 21, 2012 | 2 teswir | 896 okalan

Ahyry täze bir zada başladym. Ýazmasy kyn bolar öýdemok. Ýöne aňsadam düşmez. Türkmeniň ruhuny açyp görkezmek pikirim bar. Başga milletler bireýýäm stol-stulda nahar iýýärkä türkmen henizem aňbogdaşyny gurup ýerde otyr. Kölegä keçe ataýman oturguçjyk, stoljyk, tapçanjyk goýýan türkmen ýaňy görnüp ugrady. Gelinlerimiz gaýynlaryndan, gaýyn agalaryndan ýaşynyp ýör. Bu tema "Ýuwaş gelin" filminde gülkünç edilip görkezildi. Ýalňyşmaýan bolsam bu filmiň bir gapdalynda ors ýa başga bir millet ... dowamy

Iýun 16, 2012 | 0 teswir | 900 okalan

Bu gün agşam magraç. Hemmäňizi bu baýram bilen gutlaýaryn. Doga-dilegleriňiz, oarza-nmazlaryňyz kabul bolsun!

Pygamberimiziň ymmatym diýip yzyna gaýdan gijesi. Bize-de gören jenneti nesip etsin diýip Serwerimiz yzyna dönüpdir. Onuň ymmaty, sünnetini berjaý edip ýören, Onuň ýoluny tutujylardan bolmak hemmämize nesip etsin.

Gelip-gitme däliňki ýaly, ýene özüm özümden daşlaşyp barýn ýaly bolup durun. Ýazasym gelýär. Makala, hekaýa, roman. Ýogsa ynjalmajagymy duýýan. Ýa işde edebiýat bilen kän iş salyşýanymyzdan ... dowamy

Maý 18, 2012 | 0 teswir | 800 okalan

Ertiriň arassa howasynda ýarym sagat gezip geldim. Tudanalar sowulmaga golaýlaýar. Emma iň süýji wagty. Agşamam ýagyş ýagansoň Alla tarapyn ýörite ýuwlup goýlupdyr. Şükrüni edip iýdim. Asmanam, howa-da şeýle. Her demiňe şükür edip oturmaly. Ýaralaryňy bejerýän ýarym sagat. Her gezek şol ýarym sagatdan soň, mumyýa ýalan keýik ýaly bolaýýan. Gyşyň ak gary (öýüňi, ruhuňy ýylytmak aladaň ýok bolsa), ýazyň gijeki ýagyşdan soň ertirki säheri, güýzüň ümsümje ýaprak dökmesi, ... dowamy

Maý 09, 2012 | 1 teswir | 850 okalan


Esger ogluma hatlary dowam etdirmäge başladym. "Nesil" çap edýär. Soňky ýazanlarymy bärde-de goýdum. Okan kärdeşlerim bu näme hekaýamy diýip soranam boldy. Hekaýa däl. Onda hakykatdan esger ogluňa ýazan hatlaryňmy dýdiler. Olam däl. Dogrusy, bu forma. Mazmuny şu forma laýyk gelýär. Esgerlerimize ýüzlenesim geldi. Ilki başda hakykatdanam körpe oglum gullukdady. Ony göz öňüe getirip ýazypdym. Ýöne körpediýip men ähli esgerleri göz öňünde tutýaryn. Esgerlik bizde häzir garaňky tema. Ol ... dowamy

Maý 05, 2012 | 3 teswir | 1087 okalan


On gün töweregi bolandyr her gün irden ýarym sagatlyk meýdanda gezim edýän. Tudanalar bişipdir. Gülleriň ysy. Ýöne bu ýl gurak geldi. Otlar çalt gurajak. Adamyň endigi hakynda pikir etdim. Endik edilýän zatlar gowy bolanda adam dutarçyň barmaklarynyň öz-özi barmaly perdä baryp durşy ýaly, adamam kösenmän haýyr işlerde ýaşap biljek ýaly. Hatda nädip haýyr edeninem bilmängalyp ýaşap ýörjek ýaly. aýyr etmek üçin özüni köseýänleriň niýetinde azajygam bolsa kir ... dowamy

02.05.12

Maý 02, 2012 | 0 teswir | 853 okalan

Ýene bir aýa başladyk. Daş-töwerek ümsümlik, Hudaýa şükür, asudalyk. Kellämde-de bir ullakan dert-azar, gaý-tupan ýok. Muňa begenmelimi-dalmi – onam bilemok. Dogrusy, tereziniň iki tarapam deň gelýär. Alp Arslan türkmen dostumyň gündelikleri belli bir temalara bagyşlamak pikiri ýüregime ýakyn geldi. Şonuň üçin, şu gün ata-perzent meselesi barada käbir düşünjelerimi orta atasym gelýär. Ýöne bu pikirlerimiň gutarnykly, daşa ýazylan ýaly kararlar däldigini, ýagny, şu gün bu meselä şeýle garap, ertir düýbünden garşy gidýändigimi öňünden ... dowamy

30.04.12

Aprel 30, 2012 | 1 teswir | 920 okalan

Geň maglumat eşitdim. Alymlar bihaýarak, wyždansyzrak, namyssyzrak we ş.m. häsiýetli adamlar haýalyrak, wyždanlyrak, namyslyrak, merdiräk we ş.m. häsiýetli adamlardan maddy taýdan gowy ýaşaýar eken. Olar ýokary wezipelere-de, baýlyga-da, şöhrata-da we ş.m. dünýewi maksatlara has bahym, has aňsat ýetýär ekenler. Aslynda, men munuň şeýledigine TW-de işleýän ýyllarym, entek ýaňy 24-25 ýaşlarymda göz ýetiripdim. Biri bardy haýýar heleýiňki ýaly häsiýetlidi. Her kim şoňa galmagyny eşitmejek bolup, ondan gaça durýardy, onuň bilen razylaşýardy. Hiç kimiň ... dowamy

Aprel 25, 2012 | 1 teswir | 956 okalan

Aprel gutaryp barýar. Ýazyň iň gowy aýy. Maý aýynda eýýäm howa gyzar. Geçen ýyllarda bu wagta tudanalar bişerdi. 10 gün töwereginde bişse gerek. Bu günler her gün irden 30 minutlyk gezim edýän. Obadan çykyp, tutluklaryň gyrasy bilen. Saglygyma gaty gowy ýaraýar. Kelläm durlanýar. Nesil gazetine bir hekaýa berdim. Atlarymyz barada. Iki günde ýetişdiräýseň diýdiler. Goşgy ýazylan ýaly ýazylyp gitdi. Redaksiýadakylar gowy gördük diýdiler. Bir hepde öňünden ... dowamy

Aprel 21, 2012 | 1 teswir | 1119 okalan

Bu gün aýlowda atlary kino düşürdik. Kinomyzda esasy gahrymanlary gördüm. Erbet däl. Kino umuman bolarly.

Adamlar maddy baýlyk bilen ruhy baýlygyň arasyny açyp bilmän, ýagny özüne iň zerurynyň haýsysydygyny kesgitläp bilmän kösenýärler. Ikisem gerek. Dogry. Ýöne haýsysy has zerur? Haýsysyny öňe düşürýän bolsak şoňa görä-de bizi tanasa bolar. Maddy baýlygy nebsimiziň garasy, ruhy baýlygymyzy nebsimiziiň arassasy ýöredýär öýdýän. Mysal üçin, bir gurgun içerä myhman bolsak. Täzeje ... dowamy

Aprel 19, 2012 | 2 teswir | 922 okalan

Soňky merdiwanyň basgançaklaryndan gidip barýaryn. Her bir sözlemiň nokat bilen gutarşy ýaly, olam bir gün nokada barar. Sözlemimiň Eýesini unutmasam belki ol bir many berer? Manysyzlyk iň aýylganç zatlardan biri bolsa gerek. Irden turduň - agşam ýatdyň. Okadyň, ýazdyň, terjime etdiň. Iň soňunda barsy manysyz bolup çyksa... Allahym mü'min musulmany, içinde biziňkilerem manysyzlykdan özüň gora.

Jepbar Hansähediň çalan sazlaryny diňläp otyryn. Ol ömrüni dutaryna, sazyna bagyş ... dowamy

Aprel 04, 2012 | 0 teswir | 795 okalan


Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzdygyna ýene bir gezek şükür etdim. Muňa geň bir wakasebäp boldy. Gündeliklerime bir agzadan hat gelipdir. Ol meniň bilen bir etažda işleýän eken. Täret alamda görýän bolmaga çemeli. Ol tualetdäki el ýuwulýan rakowinalar döwülýär siziň täret alýanyňyz üçin diýýär. Her gezek elini ýuwjak bolanda rakowina gopup aýagyna gaçaryndan gorkýan eken. Men oňa gorka döwülmez diýäýsemem, gorkjak diýip jogap berse gerek. Sebäbi onuň aladasy ... dowamy

Mart 21, 2012 | 2 teswir | 855 okalan

Bu gün nowruz. Ertirem. Nowruzdan soň ýaz çykdy hasap edilýär. Dünýe özgerýär. Ýaşaýyşa täzeden jan girýär. Özüm hakynda-da muny aýdasym gelýär. Bolmanda ganymyz täzelense. Gyş çyksa. "Ýazym gelse, ýagty pikir dogursam..." Gurbannazar. Pikiriň ýagty bolmagy nämäni aňladýar? Optimistlikmi? Durulykmy? Garaňkylygy ýagtyldýan, töweregine ýagtylyk saçýan pikirmi? Özüme pissimistdirin diýip biljek däl. Kinomyzyň ssenarisini gaýtaranlarynda iň soňky gezekde Hydyram el çekipdi. Men welin goýmaly diýdim. Başardygymdan düzedişler girizip ... dowamy

Mart 18, 2012 | 0 teswir | 842 okalan

Düýn bir goşgy ýazdym. Agşam namazymy okap irkilipdirin. Galasym gelmedi. Ýassymy okamaga turmalydygymy welin bilýän. "Merdiwana" "men bir diwana" ýaly söler kellämde kapýalaşyp ugrady. Bolmanda gowy kapiýany belläp alaýyn, köpden bärem goşgy ýazamok diýip kompýuteriň başyna geçdim. 1 sagadyň dowamynda goşgyny ýazyp boldum. Kynçylyksyz ýazyldy. Emma temasy agyrdy. Ömrümiň iň soňky merdiwanyna çykdym. Onuň gurruk guýa alyp barýanynam bilemok, howada gaýdyrýanynam... Gowsy men ony häzir goşgulara ... dowamy

Mart 16, 2012 | 4 teswir | 867 okalan

Gündelik ýatdan çykyp gidipdirä. Ýogsa günler gaty doly geçýär. Işde-de, öýde-de. Kinomyz resmi edaralaryň hemmesinden geçdi. alynyp başlanjak. Güneşli howa gerek, hemem ssenariýni ýene biraz güýçlendirmek isleýäs.

Akmyrat agaň ogly Hytaýda uşudan ýeňiji bolup geldi. Ýeke özem däl 3 altyn ýene 3 kümüş, şonça-da bürnç alypdyrlar öýdýän. Bir gyz uşuçymyz, türkmen gyzy, ady Jeren aňyrda terminator lakamyny alypdyr. Çykanyny derrew ýeňýär. Elinden zordan alýarlar. Finala çykan garşydaşy ... dowamy

Mart 10, 2012 | 0 teswir | 764 okalan

Bugün düýnüm hakynda ir-daňdan ýazyp otyryn. Düýn... Geçen gün... Dolanmajak söýgüli ýaly... Hernä her günümize söýenimiz derejesinde garamaýanymyzam gowy zat. Bu wagtyň gadyryny bilmezlik däl. Bir wagtlar ölen günlerim diýip gündelik ýöredipdim. Günlerimi öz elim bilen jaýlapdym. Biz adamlary hem jaýlaýarys ahyryn. Dostlarymyzy, ýakynlarymyzy, ene-atalarymyzy, örän beýik ynsanlaram jaýlaýarys. Ýüregimiz gyýym-gyýym bolsa-da, bu bize Allanyň goýan dessury. Günlerimizem şeýle. Wagty saklap bolmaýar. Saklamak bolmaýar. Oňa ýetişibem ... dowamy

Mart 09, 2012 | 0 teswir | 768 okalan

Bu gün işde Hudaýi beýiň sahypasyna girsem mekdepler hakyndaky kitabymyň täze neşiri hakynda habar bar eken. Begendim. Näme üçindir kitabyň daşyna atyň üstündäki türkmen oglanynyň suratyny goýupdyrlar. Gelişmänem duranok welin, bir hili reklam kitaplary ýaly bolupdyr. Öňki kitaplaryň daşy oýlandyrjydy. Ýöne bu-da gowy. Türkmenistan hakyndadygy billirýär. Häzir türkmenler, Türkmenistan hakynda Türkiýede gowy okalýan bolmaga çemeli.
8 mart hakynda ýazjakdym. Şol gün işdenem boş bolamyzsoň öýde boldum. ... dowamy

Mart 06, 2012 | 0 teswir | 839 okalan

 

Käbir ýönekeý nakyllaryň çuň manylary hakynda ýazasym geldi. Men bu nakyla meňzeş jümläni ors dilinde eşidipdim hem ony köp wagt gaýtalap gezipdim. Belki-de aňymda orun edinen düşünjäme öwrülendir. Häzirem ilki şol ýadyma düşdi. Türkmençesi: "Kiçijik ýalançylyk uly ynamsyzlygy döredýär" Hawa, kiçijik zatda ýalan sözlemegiň saňa uly zatlarda ynanylmazlyga  sebäp bolýar. Diýmek, sähelçe zatda-da ýalan sözlemejek bolmaly.

Ikinji akylyma gelýän söz  "Mesligi goýun göterer onuňam garasy". Mesligi, bol-ein, ... dowamy

Mart 04, 2012 | 1 teswir | 801 okalan

Düýnki duşuşyk, gaty gowy geçdi. Hemişekisi ýaly päk çagalar, çaga ýaly päk şahyryň goşgularyny okadylar. Içimden pikir edýän, Gurbannazar ýyllar meniň ömrümi kesgitlemez, ony kesgitlejek zaman bar diýýär. Hakykatdanam Gurbannazaryň ýaşynyň näçä çenli dowam etjegi belli däl. Biz altmyşdan soň belki 65 ýa-da75 ýaşarys. Şonuň bilenem ömrümiz tamam bolar. Onuň welin 165 ýyllygy bellenmegi hem mümkin. Onuň ömri goşgularynyň ömri bilen deň dowam eder gider oturar. ... dowamy

Mart 02, 2012 | 0 teswir | 841 okalan

Düýn 1-nji martdy. Şol gün işe baranym bilen telefon geldi. Mekdepde bile okan ýakyn dostum Atabaý eken. Bu gün 1-nji martdyr diýdi. Yzyndanam durubyrak gutlaýan diýdi. Menem sag bol diýdim. Hawa, şu gün Gurbannazaryň doglan güni diýdim. Olam şeýlemi diýdi. Men özümi Gurbannazaryň doglan güni bilen gutlanýarmykam diýipdirin. Milli baýramçylykda, mysal üçin, 1-nji maý güni, bu güne hiç birimiziňem dahylymyz ýokka, bir-birimizi gutlardyk. Edil şonuň ýaly boldy. Meniň ... dowamy

Fewral 29, 2012 | 7 teswir | 972 okalan

Fewralam gutardy. Täze işde işläp ýörenime 1 aýdanam geçdi. Işi doly göz öňüne getirýän. Kim, näme, nire - düşnükli bolup barýar. Döredeijilik welin dur diýsemem bolýar. Bir aýda üç goşgy hem şu gündelikler. Gündelikleriň maňa peýdasy baram bolup biler. Ýöne häzirä öwrenşipdirin. Tä agşama çenli ony ýazmalydygymam ýadyma düşenok. Ýazmagam kyn görýän. Islendik zatda hakykaty ýazmaly. Hatda, gowy maksat bilenem dogryňy aýtmasaň, syryň ilki özüňe açylýar. Özüň ... dowamy

Fewral 27, 2012 | 0 teswir | 847 okalan


Gündelik ýazmadyk günüňi ýaşamadyk ýaly duýýarsyň. Emma, üstünden bir hepde geçäýse, tersine görünmegem ahmal. Degişýän. Sen gündeligiňi ýaz, ýa ýazma günler geçip dur. Öýkeli, galmmaglly, ökünçli, armanly, kä pursatlary gülkä dolup, göwnüň açylyp... geçip dur. Bu günler işiň terjimelerine keýpim düşdi. Edebiýat meni doly öz tarapyna geçirip barýar. Ýene-de aýlawda işlän döwürlerim ýadyma düşdi. Şol wagtlaram şeýledi. Gözüme aýlawyň işinden, aladasyndan başga zat görnenokdy. Toýa baraýyn, ... dowamy

Fewral 26, 2012 | 2 teswir | 861 okalan


Edil ýaňy Gurbannazarlardan geldik. Ejesi 90 ýaşapdyr. Halnabat gelneje-de çaý, nahar äberdi. Hydyr men, Akmyrat aga üç bolup gitdik. Ejesi Gülnabat daýza garrap, müçesi kiçelipdir. Ýöne ýüz-gözi öňküsi ýaly duryja. Şähdi açyk. Alla köp görmesin. Hydyr ikimize azaşyp düşdüňizmi diýip garşylady. Hakykatdanam gowy manyda azaşdyk. Akmyrat agaň arkasyndan haçandan bäri şeýdip otursymyz gelip ýören myhmançylygymyzda bolduk. Nesibeli gün bar eken. Edil öz öýmüzde ýaly rahat oturdyk. ... dowamy

Fewral 25, 2012 | 2 teswir | 840 okalan


Bu gün ýene-de iki sany gowy teswir aldym. Kimdir birinden. Sag bol. Elbetde, inçeden yzarlasak, döwlediň haky diýlen zadam ýok. Ýöne, garagyň içine seredip ölseň-öläý edýänleri görüpdim. Men şonda has haýygypdym. Emma Gurbannazar ýogalmadyk bolsa, sen goşgam ýazmazdyň diýmegiňiz biraz çetime degdi. Meni goşga höweslendiren, ýazmagymy ündän, setir ýazmagy öwreden Gurbannazardy. Özem diri Gurbannazar. Eger ýazmagymy islemedik bolsa ol maňa muny aýdyp bilerdi. Dogry, men belki ... dowamy

Fewral 24, 2012 | 1 teswir | 831 okalan


Düýnki gündeligi şu gün ýazýan. Düýn saýta girýän "Döwlet" düýşüm hakynda gowy pikirler aýdypdyr. Dogrusy, näme diýjegimi bilmedim. Nesiňi gamçylamak meselesi oýlandyrdy. Mende nebis ýokdur diýip biljek däl. Gara nebsimiň bardygyny bilýärin. Limonlarymyň köpräk hasyl bererini isleýän. Ýazan zadyma, çykan kitabyma gonoraryň köpräk bolaryny isleýän. Aýlygymyň gowurak bolmagynam isleýän. Käbirleriň menden iki esse kän aýlyk alýanyny eşidem-de dogrudana ol meniň ikim ýalymyka, ýa-da men onuň ýarsy ... dowamy

Fewral 23, 2012 | 0 teswir | 782 okalan


Bu günki gündelige 3-4 günlükde ýazan goşgymy goýaýyn diýdim. Ýöne aňsadyna bakyp edendir öýtmäň. Bir günüň ruhy haly bardyr. Şu günler hakykatdanam dograp iýesi gelýänler daşymy alan ýaly. Kiplingiň meşhur goşgusy bar eken, ady "Eger", iňlisçesi "If", orsçasy "Ýesli" şony terjime edip ýörün. Ruhumy berkiti. Gaty gowy goşgy eken. Ony boldum etsem terjimelerime goýaryn.

Goşgyny eserlerde ... dowamy

Fewral 22, 2012 | 1 teswir | 882 okalan

Düýn gündeligi ýazmaga oturdymam-da, birden ýazasym gelmedi. Okyjysyz ýazyjy ýok diýilýänini başymdan geçirdim. Her gün 4-5 adam gündelikleri okaýar, sahypa girýär bolany. Dogry, şol 4-5 adam belki maňa has ýakyn okyjylardyr. Şolaryň biri üçinem men ýazaýmaly. Ýene-de şeýtan böwrüme dürtüp goýmady. Ertirçileri saýdyma çagyrdym. Hemmesinden Alla razy bolsun, göwnümi ýykmadylar, saýda girdiler, gutladylar, göwnümi göterdiler. Şolaryň hatlaryna jogap ýazyp wagtymyň nädip geçeninem bilmän galypdyryn. Ýogsa, gaty gowy ... dowamy

Fewral 20, 2012 | 3 teswir | 821 okalan

Bu gün kakamyň ruhuna aýat okadyk. Kakamy öňem bir ýatlamda öňümden çykaýjak ýaly bolar durardy diýipdim. Umuman adama özi kaka bolandan soň kakasyz, ejesiz  dünýä inmegemem gowy gürünýän pursatlary bolar eken. Şeýtan seniň men-menligiňi ýokary göterýär, hatda seni kakaňdanam ýokardamykam diýdirýär. Meniň kakam obaň ýaşulysy bolup dünýeden öten adam. Kakaň öýünde-de san ýaly gezip ýören birisi bolaýsa dagy... Estagfyrullah!

Men welin mydamam kakamyň adyny buýsanç bilen tutup ... dowamy

Fewral 19, 2012 | 0 teswir | 1442 okalan

Bu gün baýdak baýramy. Baýdagymyza bagyşlap täze goşgy ýazdym. Çap etdirmek üçin däl, baýdagymyza bolan garaýşymy ýazyp galdyrmak üçin. Soň wagty geler belki çapam ediler. Emma esasy zat halkyň düşünjesi. Baýdak pygamberimizde-de bolupdyr. Yslamyň baýdagy. Ýer ýüzünde baýdaksyz ýurt ýok. Emma, düşünjesinde baýdagy bolmadyk ýurtlar kändir. Bu şol ýurtlaryň esasy betbagtçylygy. Men ogrulyk etsem, ýurdumdan ogrulyk edýän, haramçylyk etsem, öz ýurdumy biabraý edýän, harsydünýälik etsem, ýurdumy satyp ... dowamy

Fewral 18, 2012 | 0 teswir | 805 okalan

Häzir özi hakynda ýazyp oturanyndan habarsyz bir ýazyjy ýaly gündeligimi dowam edeýin.

Ýazyjy hakykatdanam özi hakynda köp syrlary ýazýar. Muny onuň özi bilýän däldir diýseň ýalňyş bolar, bilmesine bilýär, ýöne ýazyjylyk, ýazyp oturan zady başbermezek at ýaly ony alyp gaçýar. Şonda ussatlar ýazýan zatlarynyň hakykylygynyň arkasyna bukulýarlar. Eserdäki waka şeýle bir hakykata ýakyn, ony eseriň gahrymanlary hakykatdan başdan geçirip duran ýaly. Emma, ýazyjy welin, ol wakany birnäçe ... dowamy

Fewral 17, 2012 | 0 teswir | 758 okalan


Düýn biderejik sebäp bilen gündeligi ýazyp bilmedim. Diýmek ýazylmaly däldir. Bu günem şeýle bolup bilerdi. Durmuşyň şeýle bir köp ýodalary bar, ol seni barjak ýeriňe eltmän uzkly gün, hatda ömürboýam aýlap bilýär. Iň ýamanam ýoluňy bilmezlik. Ugruňy anyk bilýäň, gitmeli ýoluňam bilýäň, emma barýan köçäň, eden öwrümiň, sowulan tarapyň, ýa-da göni gidip baryşyň dogrumy? Jogap berjek ýok. Böwrüňi diňleýäň, ýene gidiberýäň. Her täret alamda aýaklarymy ýuwup durkam, ... dowamy

Fewral 14, 2012 | 0 teswir | 802 okalan


Günler gaty çalt geçýär. Tanpynaryň edebiýat, terjime, gündogar we günbatar hakyndaky ýazgylaryny terjime edipdim. Onçakly şowly bolmady. Häzir üstünde işleýän. Teksti agyr. Kyrkynjy ýyllaryň teksti. Garaýyşlary bize ýat. Ýöne gowy makalalar. Iliniň-ýurdunyň aladasyny ýürekden eden adam. Redaksiýa bilen barha öwrenişýän. Esasy işlerim kän gowy ýöränok. Özüme buýrmak kyn düşýär. Ýa işden ýadaw gelýän şondan bolmagam ahmal. Ýöne ýene 3-4 günden žurnalyň işi gowy ýeňlär,

Adama diliň ýara ... dowamy

Fewral 13, 2012 | 0 teswir | 795 okalan


Uzaga ceken oglanlygy okap bir Mysapyr pikirini ýazypdyr. Uly aga bolmak nämeden geçýär diýip soraýar. Meniň özüm kakamyň iň körpesi. Iň uly agamyzam pahyr boldy. Ol biziň barymyzy gowy görerdi Biz erkek oglanlardan bäş dogan. Iki sanam aýal doganymyz bardy. Olaram aradan çykdy. Uly agam hemmämizi gowy görerdi, ýöne arasynda meni has gowy görerdi (Göwnüme bolmagam mümkin). Sebäbi beýleki doganlarymam arkaýyn "Ýok, meni has gowy görýärdi" ... dowamy

Fewral 11, 2012 | 4 teswir | 943 okalan


Agşam düýş görüpdirin. Özüm atyň üstünde, elimde gamçym bar. Atym gowy, gamçy nämä gerek diýýärmikäm diýýän. Ýanymdaky atly barýan biri (kimdigine üns bermändirin) "Gamçysyz bolmaz" diýýär. Gamçy ulanmagy öwredýär. Atymy gamçylap çapyp görýän, hakykatdanam bady gatalýar. Oýanypdyryn. Nämäň gamçysy? Bu meniň ömrümde ikinji gezek düýşümde at çapyp görüşim. Oýalygymda-da ýeke ýa iki gezek ata münendirin. Düýşümde at çapanym öňki gezek maňa düşümli bolupdy. Bu gezegem düýşümi ... dowamy

Fewral 11, 2012 | 0 teswir | 811 okalan

Bu gvn uzakly gün gar ýagdy. Ýagdy, ýaganjasam ere gaçyp gaçman eräp dur. Öýden çykman oturdym diýsemem bolýar. Gelen-gidenem bolmady diýsemem boljak. Gar ýagýar,ereýär. Göräýmäge netijesiz zat ýaly.Şonça ýol geçip ýere gaçýaň, gelşiňe-de ereýäň. Ýa olaryň ömri ýere gaçýançalarmyka? Ýerde ýataňda-da uzak ýatmak ýok. Haýran galýan. Asmandan gaçýan garlaryň hemmesi arassa. Biziň kirli howamy kirledäýmese, olarda kiriň ýokundysam ýok. Şeýle kän, hiç birem beýlekisine galtaşanok. Biri-beýleksine ... dowamy

Fewral 10, 2012 | 0 teswir | 790 okalan


Bu gün fewral aýyndan on gün geçýär. Häzir gündeligi ýazmak kyn. Okamagam onçakly gyzykly däldir. Emma, üstünden 10 ýyl geçensoň olaryň gyzygy artar. Şonda „Wah, has jikme-jik, ol-a gün eken sagadynam sypdyrman ýazsam bolmaýarmy” diýerin. Köp tanyşlarym, ýakynlarym, bu günlerime dahylly adamlar olardan öz atlaryny gözlärler. Men hakda näme ýazdyka diýerler. Atlaryny tutanlarym begenerler (eger begener ýaly zat ýazan bolsam, gynandyrjy ... dowamy

Fewral 09, 2012 | 0 teswir | 823 okalan

Bu gün eýýäm üçülenji gün, günlerim gözümden sypdy. Özüm gözümden sypdym.

 

„Sogap iş elimden gelmez,

Günäden bir daş bolsam”

 

Günäden daş bolmak sogap iş edendenem agyr gelýär. Sogabyň sogapdygyny bileniňden bolmagam ahmal, höwes bilen edýäň. Gününiň welin ... dowamy

Fewral 06, 2012 | 0 teswir | 790 okalan

Bu gün Allany razy etmek beýle-de dursun, adamyň göwnüni tapmak (muňa ýaranjaňlyk ýa-da adamy ugruna kowmak diýip düşünmäň), hakykatdan adamyň göwnüne, ýüregine gerek zady etmek gaty agyr diýip pikir etdim. Asyl ol mümkin däldirem diýdim içimden. Sebäbi ýanymda biri gybat edip oturan bolsa, oňa "Dur, gybat etme, gybat günäleriň ulusyna girýär. Gybat etmek gybatyny edýäniň etini iýen ýalydyr diýipdir pygamberimiz" diýsem, gybatyny goýar. Emma ol onuň ýüregine ... dowamy

Fewral 05, 2012 | 1 teswir | 906 okalan

Agtyjak gutuluşdy. Çagaň gutulmasam aňsat.

Gündelikde wagtymy kesesinden synlasym gelýärdi. Emma, bu başardybam baranok. Uzyn gün boş geçiren wagtym ýok diýen ýaly. Emma... Uzyn gün boş geçdi. Biraz 1-2 sahypa töweregi terjime etdim. Lermontowdan bir goşgy göwnüme ýarady-da ondanam bir küpledini terjime etdim. Ertirlere girdim. Känem eglenmedim. Şonda-da wagtymy aldy. Akdaşaýga gitdik, limonçy dostum Baýramyň ýanyna. ... dowamy

Fewral 04, 2012 | 0 teswir | 775 okalan


Maý aýyndan fewrala geçäýdi diýmäň. Ol günleriň gündeligi dur. Men ony öz başyna jemläp bir ýere goýaryn. Häzir bolsa şu günüm hakynda.

Näçinji gündeliklerkä? Köp gezek ýazyp taşladym. Manysyz görünmedi. Wagtymy alýar diýip bahana etdim. Wagtymy tygşytlajak bolup, barjak ýerine golaý ýoldan hem çalt barjak bolýanyň (şeýle pikir köplenç ýat şäherlerde kelläňe gelýär. Bilýänsirän bolýaň, azaşýaň) azaşyşy ... dowamy

8-maý, ýekşenbe.

May 08, 2011 | 1 teswir | 1060 okalan

Her günüm gündelik ýazar ýaly gyzyklymy? Mümkin, ýaşamak üçin, özüme gyzyklydyr. Emma, ol kimdir biriniň okanyna degermikä? Bu gorky bilen başlaýan gündelige. Onuň okaljagyny-okalmajagyny bilmän ýazyp otyryn. Aslynda gündelik şahsy zat. Ony ýazýanlar okalmasa gowy görýärler. Emma, okyjylarda gündelik okamaga uly höwes bar. Şonuň üçin gündelik formasynda ýazylan uly romanlaram bar. Menem bu gündeligi okalsyn diýip ýazyp otyryn. Näme üçin, ol okalmasyn diýeýin? Hatalarymy gizlemek üçinmi? ... dowamy