Eserler | Ylýas Amangeldi

BAPBA DOSTUMA

Goşgular | 0 teswir | 260 okalan

 

Kim ýumdurdy seniň göwher gözleriň?!

Nurana ýüzüňi gel, gel, kim örtdi?!

O nähili beýle, şeýle mert ýigit

 Sähelçe salymda dünýeden ötdi?!

 

Dostlaryň aglady, aglady ýaryň,

Eziz aýtmyşlaýyn dymdylar soňra.

Onda bu ýagyşlar nireden ýagýar,

Hak dostun ýitiren diňýän bolanda?!

 

Baş bermezek, baş egmezek, ... dowamy

BU GÜN 1-NJI MART!

Goşgular | 1 teswir | 1322 okalan

BU GÜN 1-NJI MART!

 

                   G. Ezizowyň 75 ýyllygyna.

 

Baglaryň daranşy başga,

Asmana garanşy başga,

Bu gün.

 

Damjalaň paýraýşy başga,

Guşlaryň saýraýşy ... dowamy

ÝALŇYŞMA SÖÝGIM!

Goşgular | 2 teswir | 1855 okalan

Ýekeje dilegim, ýalňyşma, söýgim,

Seniň ýoluň tämizlikde synalar.

Bu dünýede goýup giden yzlarym,

Seň mertebäň, manyň bilen yzlanar.

 

Başga bir söýginiň jogaby bolma,

Öz söýgiň üçinem sorama jogap.

Söýýänleri üçin zor bilen söýme,

Söýmediler diýip ýagmagyn borap.

 

Algy-bergi kimin söýüp, söýülip,

Dünýeden niçeler bigam ötdüler.

Olar diňe mazaryň öň ýüzünde,

Haýp geçen ömürden ýaka tutdular.

 

Eger sen ýalňyşsaň kömege geler,

Güýç, kuwwat, erjellik... duýgulaň bary.

Ýöne seň ýanyňda ejizdir olar,

Olar aň perzendi, sen ýürek tary. 


Söýgä erk edýän ýok, söýgüden başga,

Oda ... dowamy

EJEME

Goşgular | 2 teswir | 1202 okalan


 

Men saňa „jan” diýip bilmedim.

Sendenmi, ýa özümden?

Ýa bu sözi gördümmi suwjuk?

Ýa tersine,

Saňa diýjek bolamda süýjäp,

onuň

Dilimi keserne dözmedim,

Bilmedim.

dowamy

"Men bir perde-de däl..."

Goşgular | 0 teswir | 1229 okalan


***

Men bir perde-de däl,

Ýa düzülen goşa tar.

Nämüçin maňa basýarsyň?

Kakýarsyň maňa?

Elli bäş ýaşadym,

Şeýle-de dert kän.

 

Ýa sen,

Eger, gyş ... dowamy

BIZI BAGYŞLA

Goşgular | 2 teswir | 1102 okalan

Milletiň içinde, milletden üzňe,

Gelerden uzakda, giderden golaý,

Ýaşadyň perdeler çekmän ýüzüňe,

Sen hakda diýerdiler:

„Sen ony goýaý.”

Sen bolsa, tutduryp barýaň,

Üm-düzüne.

Algyňam ýokdy hiç kimden,

dowamy

ATSYZ GOŞGY

Goşgular | 3 teswir | 1236 okalan


* * *

Begener ynsan, begener,
Begenji daglara deger
Çöllerde her ýana ösüp
Selinleriň başyn eger.
Gökdäki ak bulutlaram,
Ynsan begenjidir meger?!

Bir günem...

Gynanar ynsan,
Gynanar çyndan.
Gynanjy çykmaz içinden.
Bermez daglara ... dowamy

GÖZÜME ÝAŞ AÝLANÝAR

Goşgular | 1 teswir | 1056 okalan

Gözüme ýaş aýlanýar.

Başym aýlanýar.

Oturgyç, galam, kagyz...

Degre-daşym aýlanýar.

Gündizler, gijeler, agşam aýlanýar.

Bu nähili beýle?

Belki, bardyr aýlanmaýan?

Aýlanmaýan ýok.

Ýadaýanam ... dowamy

ÝAGYŞLY GÜNÜŇ SETIRLERI

Goşgular | 0 teswir | 902 okalan

Sowapdyryn ähli zatdan,

Güýz gününiň ýagyşy deý.

Güýz gününiň ýagyşy deý,

Hiç bir zada ýylym ýok.

Çüýşe ýaňagyna penjiräň

Çeksem-de nagyş

Ojaklaryň ýylysyny islämok..

 

 

 

Bir kyn güne galan deý,

Günä galan deý,

Gyzaryp,

Gutardy gündiz.

Ýaşdy güneş.

Misli netije ... dowamy

ÖMRÜŇ SOŇKY MERDIWANY

Goşgular | 1 teswir | 1003 okalan

 

Basdym aýagymy bir merdiwana,

Men bir diwana.

Ýokary galýanmy, inýänmi aşak,

Aýaklaýyn düşýänmi, ýa gidýänmi başaşak?

Gurruk guýa inýänmi, ýa gaýýanmy howada?

(Şükür, hernä, dilim-aňym dileg bilen dogada).

 

Hyşy-wyşy, hyşy-wyşy...

Lenç etdi gyşy.

Gyş, hamala, tomsy söýenmiş.

Emma, ara düşenmiş ýaz.

Şondan bärem gyşy,

Buz örtüp doňmuş.

Hem ondan gelýärmiş aýazly owaz.

„Bu baharjyk kimmiş, ... dowamy

ÝAT ÜLKEDEN BIR GÖRNÜŞ

Goşgular | 0 teswir | 1083 okalan


Saman şlýapaly garry bikäniň,

Yzyndan selkilläp güjügi barýar.

Ýok, güjük däl, bir biçäre ýekäniň,

Döşünden itilen geljegi barýar.

 

Bikesi garrapdyr, külbesi sowuk,

Baransoň öňüne nan bir oklansa.

 

Goşa düwen miwedi ýolmaga eliňiz ýetmän,

Urduňyz gaçyrdyňyz, şonda-da

Naýynjar bakdy, razymysyňyz,

Çüýrügi ýokdur-da hernä? Bişip bir ýetişipdirmi?

Süýjiligi dodagyňyzy ýarmasyn,

Beýniňize uraýmasyn turşusy?

Iýip bilmejekmisiňiz, ýarman?

dowamy

***

Goşgular | 0 teswir | 913 okalan

 

 

Taýdym, büdredim, aýgym kürüme gitdi,

Gorkýaryn, bir ädim ätmäge.

Hetdim ýok, öňe däl, yza gitmäge.

Ýeňsämden itdimeseler razy,

Depämden basmasalar razy.

Men kime näme etdim, bilemok.

Ýa ... dowamy

Ýüzümi Özüňe öwür

Goşgular | 0 teswir | 953 okalan


Başga hiç zat gerekmez,

Maňa Sen gerek, Sen gerek.

 

Ýunus Emre

 

 

 

dowamy

* * *

Goşgular | 0 teswir | 907 okalan

Asman Eline urulan ýetimçe ýaly, Kemiş-kemiş edip dur. Bulutlar dem alara howa tapanok. Ahyram gübürdäp gitdi, Geldi öýlänçi, Asmanyň boşady içi. ... dowamy

KÖPÜŇ BIRI

Goşgular | 1 teswir | 1543 okalan

Köpüň biri bolsadym, Aýagma basmasalar. Bir süýji dilli bolsadym, Üzüm deý asmasalar. Gökden damja deý damsam, Saýwana urulmasadym. Yzymdan edilip ham-sam, Gaýbana urulmasadym. Gömseler ýerden çyksadym, Ýüregim ak kömelek. Atylsam ganym çykmazdy, Bolsadym ak kebelek. Dünýä menek-menek, nirdesiň melek? Bu panyň özi duzak, duzaklar gurulmasady, Öňe düşen imanlydan, uzakda durulmasady. Oklansam, ýollara daş bolsam, Daşlara syrdaş bolsam, Sogap iş elimden gelmez- Günäden bir daş bolsam. Goý, köpüň biri bolaýyn, Aýagyma basyň, basyň. Men bir süýji dilli bolaýyn, Soň isleseňiz asyň. ... dowamy

* * *

Goşgular | 0 teswir | 934 okalan

Başga hiç zat gerekmez, Maňa Sen gerek, Sen gerek. Ýunus Emre * * * Dam damja. Damja-damja dam. Her demim. Her günüm, Her ýyl, Her ömür bir damja. Her döwür. Bir damjadym menem. Senden inen bir damja, Ýüzümi Özüňe öwür. Yhlasym artypdyr, gözlerim görýär. Görmän bilmeýän. Bilmeýän görmän. Görenimi gördürme, Diňe görenini gören kördür. Daşymy gurşady goýazy ümür Allahym, kör etme meni, Ýüzümi Özüňe öwür. Ädim-ädim ädilýär ädimlerim, Maňa ýol gerek, men ýola gerek. Höwesim köplüge gitmek. Köplüge gidýän. Köplükde galmagal, Köplükde gowur... Köplükden gidýän. Men kime gerek? Dünýämi tersine çöwür, Ýüzümi Özüňe öwür. Ýaşaýarkam Güneşi ... dowamy

DAG

Goşgular | 0 teswir | 976 okalan

* * * Dag aňyrsyndaky dostlaryma Ýüreklerde dag bar, Arada-da dag. Siz daglardan aňyrda mensiz, Men bärde sizsiz Sessiz. Diňe köňül serhetsiz. Käte gulagym şyňlanda, Diýýärin: „Bu sizsiňiz, siz, siz!” Ýogsa, gün-güzeran, derdiň agdyk başyňdan, Daglar başynda-da gubar. Bu daglar armandyr, armandyr bu dag, Gyýçakdyr daşlary, gyýçak, Gaýasy dilim-dilim. Armanda dilim. Sähel zada gyýyljak, Ýürek neneň çydaýar? Bilmedim. Bilebilmedim. Uça bilsedim, Siz sary uçjak. Soň siz bilen kybla. Kybla... kybla... ... dowamy