BAPBA DOSTUMA | Eserler | Ylýas Amangeldi

BAPBA DOSTUMA

Goşgular | 0 teswir | 259 okalan

 

Kim ýumdurdy seniň göwher gözleriň?!

Nurana ýüzüňi gel, gel, kim örtdi?!

O nähili beýle, şeýle mert ýigit

 Sähelçe salymda dünýeden ötdi?!

 

Dostlaryň aglady, aglady ýaryň,

Eziz aýtmyşlaýyn dymdylar soňra.

Onda bu ýagyşlar nireden ýagýar,

Hak dostun ýitiren diňýän bolanda?!

 

Baş bermezek, baş egmezek, baş ýigit,

Daşym garanjaklap galdym baş dostsuz.

Wah, men dagy hiç-le, tutuş içerä

Ot düşdi nebitsiz, kömürsiz, otsuz.

 

Bäş günden meý içmek meýlimiz bardy,

Baş kakyşyp 91-den biz dynjak.

Ýöne ýyllar bizden dynýan ekeni

Kim gitmeli? Kim galanna gynanjak?

 

1991.


Bu goşgyny täzelikde okyjylardan biri maňa iberdi. (Adyny goýman, biri diýip ýazypdyr). Ilki okamda meňki dälmikä diýdim. Soňky setirlerinde özümkidigini bildim. Kompýuterim iki gezek dagy döwülip gaty kän zatlarym ýitdi. Başga-da ýazan zatlaryň bar diýdi. Belki olaram iberse. Ýitiren zadyň tapylsa begenýäňdä. Ýogsa üýtgeşik zatlaram däldir. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.