Söhbetdeşlik | Ylýas Amangeldi

Söhbetdeşlik

Gyzyklanýan soraglaryňyzy aşakdaky form arkaly iberip bilersiňiz. Jogaplanandan soňra saýdymyzda çap ediler.

Adyňyz:
Sorag:

Gowher: Salam,Ylyas aga!12 Aprel, 2024

Salam!

Perhat Sabirovv: Oguljennet, Her bir zadyň õz haýyry bardyr. Ylym lukmançylyk ösüp barýa daşary ýurt medisinalary bu ugurda kän üstünlik gazanandyrlar25 Mart, 2024

Çykmadyk janda umyt bar. Derdi beren Alla dermanynam berer diýilýär. Ýagşy dilegde bolalyň.

Gerçeknazar Amannazarow: Ylýas aga salawmaleýkim , gowymy ýagdaýlaryňyz ?! Gymmatly wagtyňyzy alanym üçin bagyşlarsyňyz. Siziň pikiriňizçe iň gowy goşgy nähili döreýär ? Gowy goşgular ýazmak üçin esasy nämeler etmek zerur ? Şygyr ýazmak barada gymmatly maslahatlarňyzy paýlaşaýyň.25 Mart, 2024

Internetde goşgy ýazmagy öwredip sapak berýänlerem bar. Kitaplaram bar. Hakyky goşgyny ýazmak mümkin däl, onuň özi döreýär. Mysal üçin Gurbannazaryň saýlama goşgulary. Emma häzirki döwürde goşgy ýazmagy şeýlebir ýeňilleşdirdiler, gowja üns berse her kimem ýazaýjak ýaly. Temaň belli (güýz, bahar, durna, söýgi, söýgüliňden aýrylmak, baýramçylyk günleri - haýsyndan ýazasyň gelse ýazyber), sözleriň belli (beýleki goşgularda iň köp ulanylýan sözler), kapiýalaryňam çap edilip ýörülenlerden alybermeli. Akylly bir zat aýtjak bolma, inçe duýgulary oýarma, adamlaryň kellesine agram salma. Setir yzyna setir ýelmäber. Derrew bir goşgy çenine barar. Şeýdip ýazylan goşgy kime gerek, kim ony okajak? Okan tapylar. Bolmanda redaksiýaň poeziýa bölüminiň işgäri mejbur bolup okar. Seň yzyny üzmän iberýän goşgularyňdan bizar bolubam birini-ýarymyny çap eder. Işleriňde üstünlik!

Oguljennet Bäşimowa Hangeldiýewna: Meñ oglumuñ doga bir aýajygy ýok men ýoldaşym bilen ylalaşyp ýaşap bilemok sizden uldakan haýyş 3çagam bn nirä gitjegimi bilemok bolar ýaly bolsa kömek edäýiñ nirik barjagymy bilemok. 24 Mart, 2024

Alla kömek etsin-dä gyzym. Başga näme diýeýin...

Perhat Sabirovv: Üç söz bilen aýdyp bilýärkam bäş söziñ näme geregi bar. Maýakowskiý filosow Men pikirimi 1 söz bilen aýtýarkam, Ol ýerde 3 sözüň geregi näme? G.Ezizow16 Mart, 2024

Perhat dost, bu barada özüň nähili pikir edýäň? Göwnüňe näme gelýär? Gurbannazaram ondan-mundan göçürip özüne şahyr diýdiren eken diýýäňmi? Ýa başgaça pikir edýäňmi? Bu sowala çynyň bilen, ýüregiňdäkini aýdyp jogap berseň özüňi tnarsyň. Ýöne perişde ýaly adama daş atyp galjak bolýan bolsaň o-da öz ygtyýaryňd. Hiç kim seň eliňe ýapyşmaz.

¶ : Salam Ylyas aga, Siziň saglygyňyzy dileýän! Begençgeldi Orazowyň goşgularyny haýsy saytda okap bolarka? Galamdaş ýapylanyndan soň hiç bir ýerde Orazowyň goşgularyna duş gelmedim. Häzir hem goşgy ýazýarmyka, ýazýan bolsa gyzyklanyp okardyk.11 Mart, 2024

Saýtlara kän giribem ýöremok. Edebiýat kafesinde 1-2 aýlykda gabat gelipdim.

Merdan: Agam sizin pocdanyza hat ugradyp bolmady. Siz bbilen nadip habarlasyp bolarka?01 Mart, 2024

Poçtama hat gelip dur. Senem gaýrat edäý. Telefon nomerimi sorama. Men ony senden gizlämok.Bärik ýazsam okajak kän. Aýp etmäweri.

Gulay: Salam! Kimdir birini gormezden ony soyup bolarmy? Yagshylyk yolunda yalan ishledilse ony dinde aklap bolarmy? Dogan ejemi, terbeyelan-eklan ejemi? Durmushda hich hili garshylyksyz hakyky soygi bolup bilermi? Soymek-soyulmek ayypmy? Ejen-kakan yrza etmek uchin soyen yaryndan gechip soymeyan ynsan bilen durmush gurmagyn gunasi barmy, ya-da sogaby barmy?29 Fewral, 2024

Gurbannazar Ezizow öz gelnini söýüşip, seýil baglarda bile gezip alan däl. Gyzka göreýin bolmanda diýip gapylaryna-da barypdyr. Içeri girmänem gaýdypdyr. Soň öýlenipdir. 10 ýyl ýaşaşypdyrlar. 4 gyz 1 ogly bolupdyr. Gaty agzybir, hakyky aşyklar bolup bir gezegem göwne degişmän ýaşapdyrlar. Ene-atany razy etmek perzendiň borjy. Bu meseläni herkim öz ýagdaýyna görä çözýär. Sogap-günä meselesem, kyn mesele. Allaň özi gowsuny etsin.

Perhat Sabirovv: Salam Ylýas aga26 Ýanwar, 2024

Waleýkim essalam. Saglyk, gurgunçylykmydyr?

Men: hydyr deryayew barada salgylanma gerek.19 Ýanwar, 2024

Internetden gözläýmeseň.

Dünýä dursun parahat: "Günüň dogmagy aňsatmy" powestiňiziň dowamy barmyka. Şu ýerde goýanyňyzy okadym. Sag boluň eserleriňiz üçin!17 Ýanwar, 2024

Senem sag bol okap, sesleneniň üçin. Dowamy ýok.

Merdan: Agam sonky yazanyma jogap bermediniz?15 Ýanwar, 2024

Sen menden poçta adresimisoradyňmykaň diýýän. Onam goýupdym. Şondan habarlaşaýaly. Telefon geregem dälä.

Ahmet: Rahym Esenow atly yazyjyny tanayanyzmy?05 Ýanwar, 2024

O bende bireýýäm ýogaldy. Gaty ýakyndan tanamasamam ýazyjy diýip tanaýan.

Merdan: Ylyas aga siz bilen janlasyp bolarmy? Elektron pocdada yok mende nomerinizi galdyryp bilersinizmi.04 Ýanwar, 2024

Poçtam i.amangeldi@gmail.com

Merdan: Ylyas aga gowumy yagdaylarynyz taze yylynyz gutly bolsun. Ylyas aga siz bilen telefonda janlasyp bolarmyka? Eger mumkin bolsa nomerinizi galdyraysanyz. Haysy wagtda habarlassam bolar agam?02 Ýanwar, 2024

Gündizlikde haçan jaňlaşsagam bolar. Ýöne sen ilki maňa özüňi tanatda! Okaýaňmy, işleýäňmi?

Perhat Sabirovv: Ylýas aga sizi hem saýt agzalaryny täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn31 Dekabr, 2023

Sag bol, sag bol. Siziňem täze ýylyňyz gutly bolsun, düşümli ýyl bolsun!

Rabiya: Salam23 Dekabr, 2023

Salam.

Perhat Sabirovv: Ýatlap gutlanyňyz üçin minnetdar @Adalat19 we Ylýas aga22 Dekabr, 2023

Ýatlamasak bolmaz-a. Ýene bir gezek uzak ýaşa!

Adalat19: Pursatdan peýdalanyp saýt agzasy Perhat Sabirovv atly jigimiziň (22.12.2002ý) doglan güni bilen gutlaýaryn. Ýene 22gezek 21 ýaşa Jigimjan ýaşyň uzak bolsun, görjegiň gowluk bolsun. @Söýgüli ýazyjyň21 Dekabr, 2023

Perhat dostuň doglan güni gutly bolsun. Oňa Alla uzak, peýdaly, sogaply ömür bersin.

Perhat Sabirovv: Namazy 1 (bir) wagtyna okamak günä diýip eşitdim welin çynmykä agam?15 Dekabr, 2023

Eger ol bäş wagtyna däl 1 wagtyna bolmaly diýip bolgusyz hokga bilen okalsa günä. Eger ýuwaş-ýuwaş bäş wagtyna geçmek niýeti bilen okalsa günäsi ýok. Bäş wagt okanyňkydan az hem bolsa sogaby bar. Eger diňe ertirini okamaga wagty bolup, galan dördüsine işde mümkinçilik bolman okap bilmese, mümkin bolanlaryny okap, galanynyň kazasyny alybam bolýar. Meniň bilişimçe. Türkmenlerde "Binamazdan, kem namaz" diýilen sözem bar.

Perhat Sabirovv: Bitaraplyk baýramyňyz gutly müberek bolsun Ylýas aga we saýt okyjylary! Asmanymyz asuda, yurdumuz parahat, maşgalalaryňyz abat, durmuşyňyz bagtyýar, kalplaryňyz söýgi biLen dolsun! Ýenede Bitaraplyk baýramyňyz gutly bolsyn. Gutlamak bilen saýt agzasy - Perhadik12 Dekabr, 2023

Sag boluň. Siziňkem gutly bolsun!

Babyr: Howa sowap ugrasa onler kakam bilen irden adamlara gyzgynjak corek paylayanymyz yadyma dusyar. Bu barada men size gurrun beripdim. Hemise sowuk howa mana sol dowurleri yatladyar. Sizin mana sen Babyr dal Batyr diyeninizem yadymda. Menem Batyr adyny halayan.06 Dekabr, 2023

Gowy ýadyma düşenok, ýöne Babyrlar kä iki bolýadylarmy?Mesele onda däl. Kakaň bilen çörek paýlamagyňyz gyzykly eken. Nähili paýlaýadyňyz? Garyndaşlaryňyza hudaýýoly çörek paýlanşy ýaly gapy-gapy aýlanyp paýlaýadyňyzmy? Muny gürrüň bereniň ýadymda galmandyr. Garradygyňça huş gidýär.

Durdy: Agam Komek Kulyyw barada bilyanlerinizi gurrin berayin.27 Noýabr, 2023

Bagyşla, bendäň ertir aýy diýip eşitdim. Gowy, ýumşak adamdy. Gowy ýazyjydy. Üýtgeşik gürrüň berere zat ýadyma düşenok. Hemmämiz ýaly biridi. Imanly bolsun bende.

Babyr: Agam akyl bermega islamok, yone Allanyn uzak omir beren adamyna, janly taryha owrilen bir garra betgumanlyk etmeginiz gowy dal. Guman imandan ayyrar. Biza atamyzy/babamyzy tanayan, olar bilen gatnasan adamlara keramatly yaly garayas. 2/3 sany nekgende sebapli hemmeden yamanlyga garasmak gowy dalmika diyyan mena. Ol yasulyn yazanlaryny pozmaly dal ekeniniz. 100 yasa yetsek ozimizin nahili boljagmyz belli dal entek. Beyle garry adamlaryn barlygynyn ozi bir uly baylyk. Gary ady bilen hat yazyan atamyza Alla uzak omir bersin.17 Noýabr, 2023

Ýaşy ýüze ýeten şol ýaşuly hakykatdan bar ýaşuly bolsa men onuň öýüne salama baryp gaýtmaga-da taýýar. Emma ol adresini ýazmady. Adynam aýdanok. Kakam hakynda bilýänleriňi ýaz diýsem ondan ugurly zat gelmedi. 100 ýyl 1 gün diýiphekaýam am bardyr.Uzak ýaşan adamlara men öňüräkden bäri gyzyklanyp gelýän. Daşary ýurtlardaky hakynda ýazylanlaram yzarlaýan. Bizde-de bir daýza bardy. 127 ýaşan edýdiler öýdýän. Ýöne oň pasport alanda ýaşyny dogry görkezmedik bolmagy mümkin diýen ýaly mesele çykaýdy öýdýän. Ginnesiň kitabyna ony ýazmadylar. Ýok sen ony tanaýan bolsaň, menem tanyşdyr.

Perhat Sabirovv: 100 manada kaşilýok alyp içini boş goýanyňdan, 10manada kaşilýok alyp 90 manady içinde saklanyň gowydyr. Baý görünjek bolup garry ýaşama. Wagt geçip hemmezat gowy diýýärler, emma sen hereket etmeseň wagtyň geçişi hiçzat üýtgetmeýär.16 Noýabr, 2023

Baý görünjek bolup garry ýaşama. Şu aýdanyňa düşünmedim.

Perhat Sabirovv: Garaşmagy gowy görýäňizmi ýada garaşdyrmagy?15 Noýabr, 2023

Başarsam garaşdyrmajak bolýan. Garaşmaly bolamda-da sabr edýän.

Perhat Sabirovv: Dädem maňa aýtdy; maňa görkezenlerňi çagalaryňdan çekersiň. Menem aýtdym; Dädeňe görkezmesediň, mendenem çekmezdiň Şu aýdylanlar bilen ylalaşýaňyzmy15 Noýabr, 2023

Durmuşda günäni her kim özünden gözlese iň dogrusy bolýar. Senem, kakaňam, ataňam... Başga birine aýtsammykam, aýtsam dogry bolarmyka diýen sözüňi, jogabyňy ilki özüňe berip gör. Ýakymsyz söz, onda-da özüň özüňi günäkärlemek gaty ýokuş deger. Şonuň üçinem ony aýdasyň gelmez. Ony başga birine, onda-da kakaňa aýtmaga bogunyň çatmaz. Ýok, şonda-da aýdyp biljek bolsaň... Magtymgulyda bir setir bar. "Näletkerde ogul dogdy-dogmady".

Perhat Sabirovv: Düýşünizde gören zatlaryňyz günler aýlar geçip hyýalyňyzda bolanyny gördüňizmi?12 Noýabr, 2023

Käwagt şeýle bolýar. Ýöne gaty az.

Perhat Sabirovv: Ýakyn ynsanyňdan "Haramzada" sözüni eşideniňden soň ol ynsanyň bilen nähili gatnaşykda bolsaň bolar?07 Noýabr, 2023

Elbetde, haramzada bolman.

Babyr: Oyke yok bolsa bolyalay. Agam onirak bu yerde kakanyzy tanayan 100 yasdan gecen yasuly size yazypdyr. Son ol yasulydan habar bolmadyla? Beyle garry adamyn internede giryanine hayran galdym mena. Dogrusy turkmende siz bilen den adamlardanam internede giryani gaty azdyrmyka diyyan. Yone ors harpda yazysy, sozleri yazandaky aheni hakykatdanam yasuly adama menzeyar. Uzak yasan adamlar bilen sohbet etmek gaty gyzykly. Her gezek bu yere girenimde sol yasuly birzatlar yazmadymyka diyip gyzyklanyan ozima.03 Noýabr, 2023

O ýaşuly (eger ol hakykatdan bar, ýasama däl bolsa, olam entek belli däl)meniňä diýjek ýaşulym däl eken. Sözümiz alyşmazmyka diýip bir topar ýazanlaryny pozdum. Indi göwnüme çiglik gelse pozup goýberýän.

Babyr: Onler size yazanymda uzak jogap bererdiniz. Gurbannazar hakdada kop zatlary gurrun beripdiniz. Mana sen Babyr dalde Batyr diyipdiniz. Hazir menden bir zady gaty goren yaly bolup dursynyz. Belkide wagtynyz azdyr, yada bu yerde bulagaylyk doretjek bolan nekgendeler howesinizi gacyrdy. 03 Noýabr, 2023

Erbet zadyň pikirini etmezler. Höwesimizi gaçyryp gaçyrmaz ýaly biz kim? Senden öýkelär ýaly näme etdiň? Kä wagt hat uzak ýazylýa, kä gysga. Kä wagt howlugýaň, kä wagt ýazara zadam galanok. Giňiräk bolsana, dost.

Perhat Sabirovv: Salam Ylýas aga, gowmy ýagdaýlaryňyz03 Noýabr, 2023

Şükür Hudaýa.Özüňizem gowuçylykmy?

Babyr: Agam gaty gysga jogap beripsiniz weli Gurbannazar Ezizowyn ogly bilen aranyz gowy dalmi ya et bakyanlar bilen aranyz gowy dalmi? Belki menden oykeli yeriniz bardyr? Oziniz itleri halanyzokmy, it saklayanyzmy?30 Oktýabr, 2023

Gurbannazaryň ogly biziň deň-duşumyz däl. Gabat gelen ýerimizde salamlaşaýmasak, üýtgeşik gatnaşygymyz ýok. Senden näme üçin öýkeli bolaly? It saklamyzok.

Ylyas Kyyas ogly: Salowmaleykim atdaş aga "atamyn oljegini bilsem 1 halta duza satardym" diyip konelermizin sozi bar sona nahili manyda dusunyaniz men oz sahsy pikirlem bar yone ondada hakyky anladyan manysy nameka??28 Oktýabr, 2023

Öz-özünden düşnükli zat ýaly göwnüme. Göni manysynda düşünýän menä. Boljak işi öňünden bilip bilmeýänim üçin men şeýleräk hereket etdim. Bilen bolsam menem dogrusyny ederdim diýen manyda. Başgaça nähili many çykaryp bolýan bolsa ýazaý.

Babyr: 27/nji oktyabrdaky Watan habarlar geplesiginde gumrik gullugynyn isgari Gurbannazar Gurbannazarowic Ezizow gurledi. Ona Turkmenistanyn at gazanan itsynasy diyilen at berilipdir. Agam sol belli sahyr Gurbannazar Ezizowyn oglumyka bilip berayin.28 Oktýabr, 2023

Hawa, şol.

Perhat Sabirovv: Hatyra gününde berlen ähli beren sadakalarymyz Allah dergähinde kabul bolsun05 Oktýabr, 2023

Amin. Öten-geçenleriň jaýlary jennet bolsun!

Okyjy: Ylýas aga, salawmaleýkim. Eger-de hekaýalaryňyzy, oýlanmalaryňyzy goýaryn diýseňiz, türkmen dilinde ýene-de bir edebiýat saýty açylypdyr. Salgysy: https://beyan.wiki/#/03 Oktýabr, 2023

Hany açyp göreýin. "Makalam" diýip bir saýt bar eken. Şu günler şolar bilen işleşýän.

Myhman: Onda men islan eserimi baslesige hodirlap bilemokmy, hemme zat redaksialara baglymy? Agam siz oziniz baslesiklerin haysylaryna gatnasyp gordiniz?02 Oktýabr, 2023

2015-nji ýylda Altyn Asyr bäsleşigine gatnaşdym. Oňa-da hekaýalarymy "Edebiýat Sungat" gazeti hödürledi. Gazetlarde köpräk çykyş etjek bol.Esasy zadam baýrak üçinem däl, özüň üçin gowy ýazmaga çalyş. Şonda göwnüň baýrak alandanam has gowy ynjalýar.

Myhman: Salawmaleykim agam gowyumy yagdayynyz! Sizden sorajak zadym bardy bilyan bolsanyz aydayyn. Eger bilmeyan bolsanyz sorasdyryp bilip berayin. Doredijilik baslesiklerine nahili gatnasmaly meselem Altyn Asyr ya beyleki baslesiklere? Yazan zatlaryny elektron gornusde ugratmalymy, elde yazyp eltmelimi, nira eltmeli, islendik adam baslesiklere gatnasyp bilyami, beren eserin barada son habar etyalermi netijesini?21 Sentýabr, 2023

Dost, Altyn Asyr bäsleşigi diňe gazet jurnallarda çap edilen, çap edilen ýerindenem ýaryşa hödürlenen eserleriň arasynda geçýär. Hödürlenen eserleriň arasynda gowusyny ýörite eminler topary kesgitleýän ýaly. Ýöne kim eminler, naçe adam, haýsy edaradan o zatlar aýdylmaýar. Beýleki bäsleşiklerem şu tertipde, meniň bilşimçe.

¶: Salam Ylýas aga, siziň "edebiýada düşünmek" atly hekaýaňyzy haladym. Ýöne hekaýada edebiýatyň diňe bir tarapyndan seredilen ýaly görünýär. Edebiýatda ruhlandyryjy jümlelerem ýok däl ahyry, meselem " Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde", "Sen öküz dek ýele garşy ymyp git". Edebiýatyň şeýle jümleleri adamzady "bigäne" bolmagy "isletmän" eýsem ony bigänelikden halas bolmaga ruhlandyryp bilmezmi?! 14 Sentýabr, 2023

Dogry aýdýaň. Hekaýadaky gahryman soň edebiýadyň göwnüňi galkyndyrýan setirlerinem ýatlaýar. Adam mydama "öküz" ýaly bolup bilmeýär. Çuň oýlanmalara gidýär. Hekýaň gahrymanam şeýle pikirlere giden adam. Onuň halyny, başdan geçirýän duýgularyny beýan etmäge çalyşdym. Hekaýa seni oýlandyran bolsa bolýar. Hatyň üçin sag bol.

Perhat Sabirovv: Salam agam. Serediñ Türkmençilikde ejeň erkek doganynyň gyzyny alsaň bolýamy?11 Sentýabr, 2023

Bu barada Hydyr agam size kanagatlanarlyk jogap beripdir. Meniň başga goşmaça aýtjak zadym ýok.

Tirkiş: Öz kinolaryñyzyñ arasynda iñ halayanyñyz haysysy? Başgaçarak źanrlarda kino döretmek hyýalyñyz ýokmy, meselem fantastika...?09 Sentýabr, 2023

Özümiz haýsysyny halamyzda-da uly bir zat däl. Her kinomyzda bir hili boldy. Her gezek iň soňkymyz gowydyr diýýäň. Soň täzesinebaşlaýaň welin o gowy boljak ýaly bolup dur. Olary görenler baha berse gowy boljak.

Mäneli: Salawmaleýkim agam. Döwletli maşgala nähili bolýar. Umuman, "dowletli", "bidöwlet" sozlerine nähili düşünmeli.31 Awgust, 2023

Bu hakda çynlakaý pikir ýöredip görmändim. Gel, bile synanşaly. Döwlet sözüniň esasan iki manysyny bilýän 1-nji государство, ýagny mysal üçin Parfiýa döwleti. 2-njisi maşgala döwleti. Ýagny döwletli maşgala. Oguldyr döwletiň başy diýilýär. Döwletiňiz artsyn. Döwletli içeri we ş.m. Diýmek, döwletlilik abraý, nesliň dowam etmegi, mal-mülk ýaly manylary berýär. "Bi" goşulmasy (oňa goşulma diýmek ýalňyşam bolup biler) sözüň ters manysyny berýär. Mysal üçin, biabraý bolan - abraýyny döken, bimany - manysyz, bigaýrat - gaýratsyz we ş.m. Menä şeýleräk düşündim.

Okyjy: Agam Panturkiste gowy jogap beripsin yone senem 30 yyl mundan on komunistdin, Hudaya ynanmayanlardandyn. Ynanjyn hakyky bolsa, ozinem mert bolsan hazirki aytyan akylly zatlaryny 70/80/nji yyllarda aytmalyda.30 Awgust, 2023

Wah, şo wagtlar senem gelip bu masalhatyňy maňa bermänsiňdä. Aý, zyýany ýok diýeli, hiçden giç ýagşy.

Panturkist: Islendik birzady bilseñ gowymy ýada ynansaň27 Awgust, 2023

Akylyň kesip biljek derejesine çenli bilseň gowy. Bilip ynansaň gowy. Ýogsa ýalan-ýaşryk zatlar bilen aldanybam bilersiň. Bu meseläni Hak Tagala bilen baglajak bolýanlar welin ýalňyşarlar. Jelaletdin Rumyda şeýle bir tymsal bar. Bir horaz düýäni görüp oňa haýran bolupdyr. Ol öz ýanyndan: "Düýäň iýýäni çöp-çalam. Men bolsam däne çokup ýörün. Şonda-da düýe menden uly. Munuň bir syry bardyr. Düýäni ketegime myhman alyp munuň anygyna ýeteýin" diýipdir. Çokýan dänelerinden bir tabagy dolduryp, düýäni myhman alanda hödür etmek isläpdir. Däne toplapdyr. Ahyry bir günem düýäni öýüne myhmançylyga çagyrypdyr. Düýe-de çakylykdan boýun gaçyrmandyr. Horazyň ketegine barypdyr. Aýagyny basany bilenem horazyň ketegi ýumrulypdyr. Möwlana bu tymsalyny Alla doly akyl ýetirjek bolýanlary horaza deňeäp, seniň kiçijek kelläňe Alla sygjakmy diýen many bilen jemleýär.

Gerçeknazar : Ylýas aga salawmaleýkim ! Meniňem ykbalym siziňkä meňzeşiräk ýaly. Şu ýazmagy hiç taşlap gidip bilemok menem. Araky ýazjak diýenimem ýazyp başladym. Telefonym döwüldi şonuň üçin biraz gijiräk ýazdym. Okap , gymmatly maslahatlaryňyzy ýazsaňyz hasam begenerdim . Ine şu aşakdaky salga girip okaýyň. https://biz.islenen.ru/25134-edebiyat-agamy.html25 Awgust, 2023

Gerçeknazar saňa näme jogap berjegimem bilemok. Öwgüli setirleriňden beterem, goşga gelişmejek zady goşgy setirlerine salypsyň. Şolar ýaly goşgyny başga bir ýerde okap gördüňmi? Şeýdip goşgy ýazylýarmy? Menden aýp etmäwergin.

Turkmen yigit: Hydyr aga mediumda diyipsiniz ol nire bolya?24 Awgust, 2023

Medium.com internetde bir saýt. Hydyr aga indi ýazan zatlaryny ilki şol ýere goýýar.

Gerçeknazar Amannazarow: Ylýas aga salawmaleýkim ! Gowymy ýagdaýlaryňyz ?! Ilki özüm bilen tanyşdyrsam , Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Gerçeknazar Amannazarow (Hemme saýtlara-da "Gerçeknazar" niki bilen girýän) . Çagalygymdan edebiýat bilen gyzyklanyp , goşgy , hekaýa , gündelik... ýazmagy halaýan. Sizi köpden bäri görmegi we maslahatlarňyzy diňlemegiňizi arzuwlap ýördüm. Geçen gezekki edebiýat agşamy şol arzuwyma ýetirdi. Kerim Gurbannepesowyň "Olaryň her demi bize sapakdy" diýip aýdyşy ýaly , siz ýaly halypalaryň her demi biziň üçin uly sapak bolup durýar . Siziň şol gymmatly maslahatyňyzdan täsirlenip , edebiýat agşamyndaky wakalardan gysgajyk hekaýa ýazmak isleýän. Siziň özüňizdenem soraýaýyn diýdim. Allajan elmydama janyňyz sag , maşgalaňyz abadan bolsun. Sag boluň . 21 Awgust, 2023

Ýagşy dilegleriňe sag bol. Şol duşuşykda ýazmak, ýazmazlyk hakynda gürrüň gozgaldy. Men ýazmagyň agyr işdigini hemem başarsaňyz ýazmaň diýen pikiri aýtdym. Hakyky, ýürekden ýazasy gelýän adam kim ýazma diýse-de ýazar. Maňa-da goşgy ýazmak wagtlaýyn, ýaşyň goýalşansoň näme işlejek diýipdiler. Edebiýatdan daşlaşdyryp biljek bir käre gitdim. Bäş ýyl okadym, ekzamenler, leksiýalar başga zatlardandy. Emma ýene ýazmak islegim öňe geçdi. Ýazmamy goýup bilmedim. Şol gşam hakynda hekaýa diýýäniňem ýaz, belki bir zatlar çykar. Döredijiligiňde üstünlik ýaranyň bolsun!

däli türkmen: salawmalikim atam ýaşyñyzda bolanyñyz uçin atam diyp yuzlenmekçi (eger mumkin bolsa) hormatly atam...köne sözleri ulanyp eser yazmak geçmişi täzeden ýaşlara öwretmek uçin gowy zatmy ýada yaşlaryñ pikiriçe diñe täzeçillik bolmalymy...ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLYNDA ýaş neslimiz atalaryñ babalaryñ pendini ulanyp çykaran netijesine görä hereket etmeli hut şonuñ üçin soraýan eger mumkin bolsa doly jogaplaýyñ...21 Awgust, 2023

ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLYNDA bu usullaryň ikisinem ulanybermeli. Ýaş nesliň has-da öňe gitmegi üçin başga-da usullar bar bolsa edebiýadymyzda peýdalanmagymyz gerek diýip düşünýän.

Perhat Sabyrovv: Medium name zat? Name ucin Hydyr aga diyman Hydyr diyip adyny tutyanyz ozinizden uly adamyn.21 Awgust, 2023

Hydyr diýenim säwlňk. Sebäbi öýde mydam bile diýen ýaly. Hydyr diýmejek bolup men oňa akgamam diýýän. Ýöne Hydyr diýip ýzlenýän wagtymam kän bolýar. Ýöne bu uly mesele däl. Maňa-da adymy göni aýdyp ýüzlenýänler kän. Sylaşyk aga diýeniň ýa diýmäniň bilen uly ýitgä galmaýar. Aga diýip yzyndanam ýüzüne gilip dursaň şol erbet. Sylaşyk ýürekden bolsa gowy diýjek bolýan. Meňem agama bolan sylagym ýasama däl-de ýürekden. Agamam muny bilensoň Hydyr diýenimi aýp görüp durmaýar. Biz bilýän zadymyzyň uly gürrüňini etdik. Mediumyň nämedigini bilmeýäniňmen has beter gynandyrdy.

Perhat Sabirovv: Hydyr aga görnenokla Ylýas aga19 Awgust, 2023

Hydyr okyjylaryna Mediumda garaşýar. Bärigem arasynda gelýär. Ýöne esasan Mediumda.

Ayna: Salam agam, shu setirlerin awtory kimka?! "Elbetde, bu berlen Ömri uzaldyp bolmaz, emma ony çuňaldyp, giňeldip bolýandyr. Hasaply ömre gün goşup bolmaz, ýöne güne ömür goşup bolar" 17 Awgust, 2023

Bilmedim. Ýöne gowy aýdylypdyr.

Гарры: Инижигим менин язанларым гориненокла сана барямы? Озин душиндираймесен биз бу затлары душинемзок.16 Awgust, 2023

Agam, ýene bir gezek haýyş edýärin, görüşip bilmerismikäk. Sorajak zatlarym bar.

Гарры: Огул сенин 100 яшан гарры хакда язан хекаяны халадым. Мана якын хекая екен. Интирнит говы зат екен овренмек кын биз ялы гаррылара. Какан Амангелди башлык менден 9/10 яш улурак болмалы анык яшына билемок. Шоларам хазирки довири горен болсалар хайран галардылар. Ай гаты гаррасанам говы дал денлеримиз гидип галдылар. Оглум менем инди гидесим геля тизирак бизем алса говы боларды. Вах каканам менем яш вагтык комунист болуп бираз гунаде етдик. 70 яша якынлаянчак дузелжек болмадык. Мена инди намаз овренибем билемок. Оглум мен догры йере язямыкам язанлам горинями кошек?05 Awgust, 2023

O döwürleriň günäsi özünde galsyn. Bilmezlikden edeniň kän günä hasabyna geçmezmişem diýýärler. Eger siz kakamdan 10 ýaşkiçi bolsaňyz häzir 100-den aňyrdaky goja bolýaňyz. Alla size uzak ýaş beripdir. Belki sogap gazanmaga şunça mümkinçilik berensoň sylajakdyr. Şol mümkinçiligi zda-kände peýdalanan bolsaňyz, armanyňyz galmandyr ýaly. Adam pahyr şonda-da armanly ötermiş diýýärdiler. Dogry ýere ýazýaňyz. Adyňyzy, niredendigiňizi aýtsaňyz höwes bilen salama barardym.

Гарры: Оглум гургунмы? Дерт яманы гаррылыкдыр дийип сен ялы бир шахыр языпдыр. Шонун айданы догры екен. Интирнит дийилян говы зат екен. Оглум мен сенин какан Амангелди башлыгы горен адам, бир гезек атанам горипдим.22 Iýul, 2023

Essalamaleýkum agam. Kakam, agam hakynda bilýänjeleriňizi ýazsaňyz maňa uly kömek etdigiňiz. Olar hakyndaky maglumatlary toplaýan. züňizi tanadyp bilersiňiz.Internetde hat alyşmak, tanyşmak aýp zat däl ahyryn.

Merjen: Way name ucin kyn goryaniz? Ilkinji gijaniz barada soramoga men. Gelnejem hazir barmy, gowumy ozi? Gurrun berip bolayjak zatlary aydayyn. Gelnejem bilen soyusip toy etdinizmi, sizin garyndasynyzmy, garyndas dal bolsanyz nadip tanisdynyz, gelnejem bir yerde isledimi, edebiyat bilen gyzyklanyamy? Soraglarymyn arasynda kyn dusjegi yokdurla. Gelnejeme bagyslap eser doreden bolsanyz ol baradada gurrun berayin.18 Iýul, 2023

Gelnejeňe söýüşmän öýlendim. Şükür häzirem ýanymda. Agzybir ýaşaşyp ýörüs. Üç ogul üç gyzymyz boldy. Hemmesi öýl-işikli boldular. Gelnejeň garyndaşymyz däl. Ýöne aýal doganymlar bilen goňşy ýaşaýardylar. Doganymyň teklibi bilen öýlendim. Söýüşenlerim naňa ýazylman ekenler. Hiçisini aldap ýa başga bir mesele ýüze çykyp öýkeletmedim. z-özünden daşlaşyp gitdiler. Gelnejeň edebiýat bilen känbir gyyklananok. Ýöne oba adamlarynyň arasynda ulalansoň dili çeper. Meniň ýazýan zatlaryma ondan eşiden sözlerim, wakalarym girip giderdi. Gelnejeňe bagyşlan bir goşgym bardy. Onam ýitirdim öýüdýän. Kompýuterimiň iki gezek ähli ýazgysy ýandy. Göçürip goýan diskimem ýandy. Şeýdip eslije zadymy ýitirdim. Indi ondan-mundan çöpläp dikeltjek bolup ýö rün.

Babyr: Amasa diymegin manysyni bilyanizmi? Ya aydayynmy agam manysyny?18 Iýul, 2023

Amaşa Aman şadan gaýdýar diýip eşidipdim. Giňiräk maglumat bilýän bolsaňyz ýazsaň begenerin.

Babyr: Agam sizin tiraniz name sycmazmy ya tilkimi?04 Iýul, 2023

Hiçisem däl. biz amaşa.

Merjen: Gelnejem hakda gurrin berayin.03 Iýul, 2023

Türkmeniň kyn görýän zady-da şu. Bagyşlaň welin.

Perhat Sabirovv: Gurban baýramlaryňyz gutly bolsun agam28 Iýun, 2023

Sag bol. Siziňkem, barça musulmanyňkam gutly bolsun!

Kakamyrat mugallym: Gadyrly Ylyas doganym Mana yaranjanlyk hakda gosgy gerekdi. Nireden tapyp bilerkam?12 Iýun, 2023

Gurbannazarda bu temadan ýazylan goşgy bar. Olam edil ýaranjaňlyk diýenok-da sypaýylyk bilen gödekligi alýar. Goşgyň adam "Gödeklik" öýdýän. Açyp göreýin diýsem Gurbannazaryň kitabam galmandyr özümde. Okaýyn diýip alyp gidip getirmeýärler. Internetden gözledip göräý. Gurbannazaryň goşgularyny internetde kän goýýarlar. Mende Gurbannazaryň kitaby ýok diýenimi geň görjekler tapylar. Geň görseňizem ýagdaýym şeýle. Özümem gerek goşgymy internetden tapyp alýan.

Gurbanberdi: Ylýas aga! ýenede bir bilesim gelýän söz Magtymguly atamyz "Bagşynyň süresi bolmaz" dýmek bilen näme diýjek bolduka.31 Maý, 2023

Magtymgulynyň bu setirinem birinjigezek eşidýän ýaly bolup durun. Gürrüňdeşliklerde-de gabat gelmedim. Haýsy goşgusyndan? Doly küpledini ýazsana.

Gurbanberdi: Agam Salowmaleýkim! Küwze diýen söz nämekä düşindirip beräýiňdä öňinden sagbolsun aýtýan!31 Maý, 2023

Eşiden sözüm däl. Eger bilip bilseň maňa-da ýazaý.

Kuwwat ÝK: Salawmaleýkim Ylýas aga gowmy ýagdaýlaryňyz Hydyr aga dagy gowmy siz bilen işleşmek örän ýakymly Heserli kinoda hem Ynjytmada hem men Kuwwat häzir iniňiz Resul mugallymyň elinde okaýan. kakam dagy köp salam aýtýar size, janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Meniň size berjek soragym teklipler barmy kino ssenariýa ýazmaga ýa indi kän üns bereňizokmy, meniň pikirimçe şol Heserli bilen Ynjytmanyň arasynda hem kino üçin ssenariýa yazmadynyz oytyan?! 15 Maý, 2023

Waleýkim essalam Kuwwat. Kinolarymyzy halandygyňyza begendim. Olardan soň häzir bir filmi düşürip bolup barýas. Onda-da saz bar. Ýöne saz sungaty hakynda däl. Bir oba oglanynyň atasyna meňzemek arzuwy hakynda. Kinony görkezenlerinde habardar ederin. Okuwlar gowumy? Kakaňa salam aýt.

Turkmen yegit: Sen ozin name ucin 40 yasdan son namaz okap basladyn? Gic okap baslamagyna SSSR/i gunakarlejekmi ya orslarymy? Belki o dowur eyledi diyip dowuri gunalarsin.07 Maý, 2023

Özümden başga günäkärlere zat ýok. 40-ymda bolsa-da başlanyma şükür edýän

Jemshit: Men goshgylar hekayalar yazyp bilyan. 2014-nji yyldan bari doredijilik bn meshgullanyp gelyarin. Emma shu doreden eserlerimi biri bn paylashmak ya-da gazet žurnallarda chap etdim. Dine 2020-nji yylyn may ayynin 24-ne esgerlik dowrim bir sany goshgymy chap etmek miyesser etdi. Men doredijiligimi togtatmadym hali-shindi yazyp gelyan. Sizin mana berip biljek maslahatynyz. +9936436125307 Maý, 2023

Kyn ýoly saýlapsyň. Gaty köp zähmet çekmlei hem sabyrly bolmaly bolarsyň. Üstünlik arzuw edýän.

: soragyma jogap berayin YLYAS AGA hayys Yalbaryan soraglara.Minnetdar.Size Jan-Saglyk,Agzybirlik,Rysgal-Dowlet,Bereket,Yurt-Parahatçylyk,Yslam nury,Bagt-soygi-Isnizdede Uly ustunlik,dileyarin.Amin Allam seni oz penasynda aman saklasyn03 Maý, 2023

Ýagşy dilegleriň üçin sag bol.

Turkmen yigit2009: Salam gowmy.12yyl okalarmyka mekdep jogabyny bilesim gelya yazayyn02 Maý, 2023

Mugallymlaryňdan soraý. Olar saňa has anyk jogap bererler.

Turkmen yigit2009: Essalawmaleykim agamjan gowmy agam isler.Agam bir soragym bar oda ine men su wagtdan namaza durasym gelyar Gulluga gidende name etmeli Gullukda namaz okatyalarmy ya okadanoklarmy.02 Maý, 2023

Namaza durmak isleýän bolsaň mundan seni hiç zat sowatmaz. Şükür ýurdumyzda muňa garşy hiç hili karar görmedim. Gullukda namaz okamak mselesi biraz kyn bolup biler. Sebäbi gullugyň düzgüni bar. Ýöne gullukda wagtyň namaz okamaga şert ýok bolsa, gullugyňy sowýançaň okamanam bilersiň. Gullukdan soň arkaýyn dowam edibermeli. Ýöne gullukdakaňam namaza sähel mümkinçilik berilýän bolsa okamak dogry bolar. Ýaltalyk edip, soňam ony gullukda şert bolmady diýseň bu bolmaýar. Alla hemmämiziň namaz-orazalarymyzy kabul etsin.

Babyr: Agam kyn gormeseniz nekgende sozinin manysyny dusundirayin.23 Aprel, 2023

Bilmedim. Eşiden sözüm ýaly, ýöne ýatlap bilmedim.

Perde: "Älemleriň serweri pygambermiziň ömri" kitaby türkmen diline terjime edenligiňizi ýazypdyrlar myhman depdere .Şol kitaby nireden tapyp bolarka?23 Aprel, 2023

Ol meniň özümde-de ýok.

Halmyratdurdymeredow98 : Nädip regastrasýa bolunýar22 Aprel, 2023

Sen eýýäm registrasiýa bolupsyň ýaly.

Perde: Ýazýanlaryňyzy okamagam adama öwüt ýaly. Menä okap many alýan.Ýöne köpi gören adam hökümünde maňa bir maslahat beriň,bir zad öwrediň.Durmuşda özüňe sapak bolan zatlardan.19 Aprel, 2023

Dogrymy aýtsam, bir akyldaryň "Hiç zat bilmeýänimi bilýän" diýen sözlerini okap ony özüme degişli ýaly duýdum. Ile öwüt bermek beýle-de dursun, ýagşydan-ýamandan özümiň sapak almaly zatlarymam doly özüme siňdirip bilemok. Durmuşyň özünden uly mugallym ýok. Ondaky bolup ýören zatlar akyl bilen aýdardan has geň, çuň hem öwrenerlikli.

Perde: Sagboluň jogaplanyňyza bilýän bu hakda bir zat diýmek kyn.onda-da soralýan zatlara berýän jogaplaryňyz gaty dürs,göwne makul gelýä şonuň üçin soradym. Ömrüňüz uzak bolsan garaşdyrmany jogapladyňyz.19 Aprel, 2023

Amin. Berlen ömri abraý bilen ýaşamak, iman baýlygyny gazanmak her bir musulmana nesip etsin.

Perde: Allatagala şärik goşmaly däl diýilýä.Allatagala şärik goşmak nähili bolýa kişi bilmänem şärik goşup bilermi?ýada birini aşa gowy görseň söýseň şo hakynda köp oýlansaň hem şärik goşanyň bolýamyka.18 Aprel, 2023

Din ugrundan kän bir bilýän zadymam ýok. Şärik goşmak, nämänidir ýa-da kimidir Alla bilen deň tutmak, ýa-da Alladanam ýokary görmek manysyny berýärmikä diýýän. Beýtmek bolsa külli günädir.

Babyr: Hakyky gadyr gije hacanka?15 Aprel, 2023

Beýik Möwlana "her gijäňi gadyr bil, her göreniňi Hydyr bil" diýipdir. Ýöne muňa eýerip bolýarmy? Her gijäňi gadyr gijesi ýaly ybatlarda geçirmek, her göreniňden Hydyr atany gören ýaly ybrat almak kyn iş. Ýalançy kezabam bize okuw geçip gidýär. Seni başga-başga pikirleriň üstünden eltýär. Şemsiddin Töwrizi bir aç ite ýol beripdir. Ondan bu näme etdigiň diýip soranlarynda "Alla meni şu it edibem ýaradyp bilerdi. Meni adam edip ýaradypdyr. Şoňa şükür edip ite ýol berdim" diýipdir. Hakykatdanam kezzaby göremizde biz her näme bolsa-da meni şeýle pes ahlakly ýaratmansyň diýip şükür diýmegi käýinmek, sögünmek bilen çalşyrýarys.

Gurbanberdi: Agam! Seň bilen iç dökuşesim gelýä ýazýan zatlaryňy okoýan welin öz häsýetime kybapdaş görýän.saýtlaşlaň içinde içinde her hili düşinjegi bar tel belgiňi nädip bilmeli?13 Aprel, 2023

Gurbanberdi gowsy sen öz el telefon belgiňi ýaz, menem saňa jaň edeýin.

Babyr: Agam siz Annasoltan Kekilowany gordinizmi? Onun garyndaslary Aman Kekilowdagy bilen gatnasyklary nahilidi?12 Aprel, 2023

Ýok, görmedim. Aman aga bilen gatnaşyklary gowy däldi diýip eşidipdim. Onuňam sebäbi Annasoltan özüni öol döwür üçin gaty erkin alyp barýardy. Şol döwür üçin diýýän o döwürlerde gyzlar sport egin-eşigini geýse-de aýp ýaly, gelşiksiz hasap edilerdi. Jinsi geýmegem şonuň ýaly. Annasoltan şolar ýaly geýnip oba çykar eken. Bu-da oba adamlaryna ýaramandyr. Garaz şeýleräk. Men Annasoltan hakynda kän bilýän zadym ýok. Goşgulary gowydy.

Kakajan: Salam dost. Komyuterde islemek o diyen yenil dal. Dasary yurt bilen aragatnasyk saklamak ucin name etmeli?29 Mart, 2023

Bilmedimdä dost. Kompýuterden o diýen meňem başym çykanok.

Merjen: Meň pikirimçe her kim begenjini başgaça görkezýä men aýtjak bolýanym hemme gyzam agrassyran bolup bilýä ýöne men häsiýetleri üýtgemez diýjek bolýan kä bir gyzlar daşarda akyllysyran bolýa kä birem öýde näme bolsa daşardada şol sypatdan gürrüň açdy bir oglan buluç oglan diýip biri gyzyň owadanlygyndan peýda ýoga häsiýeti üýtgäp dursa öňki döwürlerde obaly gyzlar agras bolýady häzir dogrymy aýtsam oba gidesim gelenok 22 Mart, 2023

Ilki başda türkmen gyzlary agras bolýardy. Soň oba gyzlary. Soňam oba-da gidesimiz gelenok... Ine, mesele nänämede. Ýasamalyk gowy zat däl. Başardygyňça asyl bolşuňda bolmaly. Asyl bolşumyz bolsa terbiýämizden, görüp=eşidýänlerimizden köp täsir alýar. Käbir adamlaryň zanny agras bolýar. Käbirleri gülegen. Gülegenler ulalyp alçak gyz-geline öwrülýärler. Agraslar talapkär, dözümli maşgalalar bolup ýetişýär. Men muny mysal üçin aýdýaryn. Boljak oglan ýaşlykdan diýselerem, ulalansoň tanar ýaly bolmaýanlaram duş gelýär. Ýöne köplenç çagalyk häsiýedimiz bizden aýrylmaýar. Megerem şonuň üçinem edep-terbiýäniň gürrüňi köp edilýär. Çaga hatda enesiniň göwresindwkä-de töwereginden, ejesiniň rahatlygyndan ýa-da gany gyzmalygyndan täsirini alýar diýýärler. Durmuşyň özi agraslygy talap edip ugrasa halkam agraslanjak, bökjekläp tans edip ýörse-de kelpeňlik artyp barýan ýaly. Biz özümizi, içerimizi tertibe salýarkak, tutuş milletimize täsirimiziň ýetýändigini unutmaly däldiris.

Merjen: Gyzyň daşky sypatyna däl içki dünýäsine seretmeli daşky sypat üýtgäp biler ýäne içki dünýäsiniň owadanlygy üýtgemeýä bir nakyl bara 'daşy jäjek içi möjek' diýip şoň üçin daşky sypatdan peýda ýooook20 Mart, 2023

Gyzyň daşky sypatynyň üýtgemesi bilen içki dünýäsiniň üýtgemesi baglanşykly bolmagam mümkin. Ýöne ýaňy ýetişip ugranda olaryň (gyzyň-oglanyň) ýüregine joş gelýär. Edil baharda pyntyklaň ýarylyp dünýäň ösüşe duruşy ýaly. Şol wagt olaryň eşiginem üýtgedesi gelýär, içki dünýäsinem. Dogrusy olaň içki dünýäsi üýtgäp gidip otyr. Şol wagt töweregem, ene-atasam gyza eserdeň garamaly. Onuň üýtgeýişini dogry tarapa gönükdirmeli. Bet pällerden olary goramaly. Tans et diýenlerinden ýüzüň ýerden galmasyn, sen indi uly gyzsyň diýmeli.Ýigit çykypsyň, ar-namysa düşünmeli wagtyň geldi diýmeli. Toýlardaky tansy orta getirenler şeýtanyň nökerleri bolsa gerek. Türkmen begenende bökjeklemäge başlaýan halk däl. Begenjinem, gynanjynam Alla şükür edip geçirýän halk bolmalydyr. Gyz-gelinleriň, ýigitlerimiziň edebi biziň sütünimiz. Şol edep gowşasa sütünimiz gowşaýan bolsa gerek.

Gurbanberdi: 9 мартдакы Окыжы наме Максат билен яздыка шол тесбири адамлар нахили болупдырай.19 Mart, 2023

Näme maksat bilen ýazanda näme? Her kim özüni bolmanda özüne tanadýar.

Buluc oglan: her kime ozininki owadandyr ola dogry. Sizin Eyran gyzlaram owadan bolya diyeninizi onem biri aydypdy. Diymek pars gyzlary owadanda? Gurji gyzlaryna bilmedim yone Korey gyzlara gaty owadan dalmikan diyyan. Interneda Braziliyaly gyzlar, yenede birnace natanys yurtlaryn gyzlaryny owadan diyip gorkezya. Buluc, hindi, ors, ozbek, gazak, arap, kurt, turk gyzlary barada name aydarsynyz? Eyranly gyzlaryn tajik, owgan gyzlaryndan tapawudy barmy?16 Mart, 2023

Haýp türki däldir tili gürjüniň diýýär dälmi dessanda. Ýöne aýal-gyzyň görmegi haýa-şeriminde. Utanmany bilmeýän aýal maşgala näçe owadanam bolsa bigörk görünýär. Magtymguly Pyragy "Oturyp-turuşyn görüň" diýip aýratyn aýdýar. Edep, terbiýeaýallarda az bolsa, çagalarymyz biedep bolup ugraýar. Bu-da döwrüň bir betbagtçylygy. Aýal-gyzlary orta çykaryp tans etdirip başlan gününden türkmen gaty uly ýitgä galdy. Gadymky asyl türkmeniň azalmagy başlandy. Aýallary erkekleriň deňine çenli peseltdik. Sylaşyk gowşady. Onsoň kim owadan bolanda näme?

Buluc oglan: agam oglanlar bilen aramyzda haysy milletin gyzlary owadan bolya diyen gurrun bolanda her kim bir zat diyyar. Her millletinem, her adamynam oz owadanlygy bardyr. Siz kopi goren adam. Kop yurtlarda bolup her milletin adamlaryny gorensiniz. Sizin pikirinizce haysy milletin gyzlary has owadan bolyar.16 Mart, 2023

Eýranyň hüýr gyzlary, koreýiň ýüpek ýaly maşgalalary, gürji gyzlary... aýal maşgala Alla owadanlyk eçilipdir. Ähli ýurduň öz boluşly görki bar. Ýöne her kime-de özüniňki ýakyn.

Babyr: soragyma gowy jogap beripsiniz. Yone tanalyan adamlardan sol dowirdede arak icman saklanyp bileni bolandyra? Kerbabayew, seytakow, .deryayew, Ata Kopekmergen yaly yasy uly yazyjylaram icipdirlermi? Indi olaryn arasynda icmedik yekejede adam yokmy? Sizin aydysynyz yaly arakdan doredijilige zyyan yetyan bolsa name sebapden doredijilik adamlary koplenc icgini gowy goryarler?16 Mart, 2023

Berdi aga ýa Ata Köpekmergen dagam içendir diýip biljek däl. Umuman o zatlar döwrüň kemçiligi. Metjit ýok, dini düşündirýänler ateistler, onsoň edebiýat adamlaram köp okap, töweregine täsirini ýetirjek bolýan adamlar. Olary sylap halkam öňlerinde arak baryny goýýarlar. Şeýdip zaýalanyberýär-dä adam.

Joşgun: Täze kinoñyz ýene aýdym-saz bilen baglanyşykly eken. "Heserli" kinoñyza çalymdaş ýaly göründi reklamasynda?! Şowly çykmagyny, tomaşacylaryñ göwnünden turmagyny dileyan.16 Mart, 2023

Hawa dutar bilen baglanşykly. Ondan çuňurak girişilen tema. Sag bol. Düýn Aşgabat kinoteatrynda görkezilişi boldy. Tomaşaçylaram gowy garşylady.

Babyr: Bäh... ynsap...ynsap!!! Ikinji Babyr bolyp ýazýana ýuzlenýan, şondan başga at tapmadyñmy nekgende! Agza boljak bolsam bolmady...ýöne Babyr bolup ýazmak bn näme nep gazanýanyña düşinemok. Haramzadalygyñam dürli görnüşleri bar-ow. Ýöne, "Her kim eder, özine ederem" diýilýändir, bek belle! 13nji martyñ birnji "Babyr"syraýana teswirine beren jogabyñyz bn ylalaşýan, agam. Köplenç şo pisint zatlary(döwür zerarly) ozallaram, häzirem abraýly adamlañ abraýna kölge düşirmek üçin ulanyp ýörler.15 Mart, 2023

Giň bolaly dost. Her kim öz pälimdem tapar.

Jomart: Bilmedim, şonda-da käbir dessanlardaky wakalar hiç mantygyma oturanok. Hemrany biz hakyky aşyk hasaplap bilerismi?! Diñe tarypyny eşitmek bilen aşyk bolup bilinýamika? Hakyky aşyk bolyan bolsa enceme ýyllap hakykaty gizlap, soñam öz yurduna cenli Sayady aldap getirmesi... garaz şular ýaly gahrymana hakyky aşyk diyip bolarmyka? 13 Mart, 2023

Söýgä her kimiň öz düşünişi bar. Umuman Aöyk kim? Çölde gezip ýören Mejnunmy, ýa akylly-başly maşgala başy? Şu soraga jogap bereniňden soň şoňa görä-de söýgi başlanýar. Dünýedenäçe adam bar, näçe adam ýaşap geçipdir. Erkegi, aýaly. Emma aşyklar sanaýmaly. Diýmek söýgi sanaýmaly adama berilýärmikä? Galanlarymyz söýmän ýaşaşyp ýörüsmi? Bu sowallaraher kim özüçe jogap berýär.

Babyr: Howwa plaş eken, suratlaryny gördûm. Gelişýänem eken.13 Mart, 2023

Gurbannazara geýen eşigi gelşer durardy. Şol plaşam. Bapba neresse uzyn ak şarf orardy boýnuna. O döwürlerde geýinmek meselesine häzirki ýaly ünsem berilmezdi. Gazetler nobata durlup alynardy. Kitaphanalar haçan barsaň adamdan doludy. O wagtlar häzirki ýaly internedem ýokdu-da. Indi hezil haýsy kitaby okaýyn diýseň öýüňden çykman okap bolýar.

Babyr: Ýene birleri 2nji martda Babyr bolup ýazypdyr.. meñ şo-ol gelip gidişim. 26.fewral. ondan bari int açmaga elem degenok. Aslynda şo wagtlaram gelme niyetim ýokdy-da, Turkiyedaki ýer titremani görip, Hydyr aga gurgynmyka dp gelipdim. Soñam bar eken. Ýazýan bolsa, aman esen bolup gezip yorendir dp goýupdym öz ýanymdan. Telefony tazelap, arkaýyn mediumyñ ustinden habarlaşmakdy niýetim. Oña çenlem pikirlermi ozimde saklap sabyr etmek... sadakalar, iş diýibem ýazybilmedim. Kyn görmeseñiz agam, şu teswirimi ćap etmän saklaýyñ(men bolup başgalar ýazanda biler ýaly)men teli täzelap gelemde, şu teswiri poçtañyza ugradaryn. Bu wagtky ulanýanymda epocta, imo,ico, shareit ýaly meşhur programmalar işlemansoñ olañ usti bn habarlaşyp bilemok. (Bu teswiriñem ýarsyny 8martda ýazyp, soñ el degman indi gelip durşym) * * * Namaz diýip başyñ ýere goýýarsyñ, Ilki ýere ur sen serdäki zady. * Höküm etseñ jahan-şan maña näme, Sudt-zyýan, añsat-kyn maña näme?! Tagan-men, gazan-men atarsañ oda, Senden perman gelse, jan maña näme?! * Her kim ki wepa kylsa, wepa tapgusydyr, Her kim ki jepa kylsa, jepa tapgusydyr, Ýagşy kişi görmegeý ýamanlyk hergiz, Her kim ýaman bolsa, jeza tapgusydyr. * Barçalardan gaçyp, bardym ýanyña, Senden gaçyp, Saña eñsem çäreñ ne?! * Boş zynatdan geýseñ gara gowudyr, Nadan bejerenden ýara gowudyr. Pasyklaryñ parhsyz söhbet-sazyndan, Dagu-daş, boş gowak, dere gowudyr. * Päklik, tämizlik ber dok-u aç günüm, Beýle mülk golunda ýokdur hiç kimiñ. Bendeler ukuda, gapylar-gulply, Sen bize, Hak, kerem gapyñ açgynyñ! * Ölüm bilen ryzkyñ hakda oýlanma, Olar geljek wagtyn bilmeýärlermi?! * Ýykylan halyny bilermi pasyk, Dertli biler derdi bagryna basyp. Namart merdi gara köpükçe saýmaz, Mert durar jaý söze gulagun asyp. * Dowzah-şumuñ, Jennet-ýagşyñ mekany, Janan-bize, jan ýaraşar Janana. * Dost tut Hak dostuny sen janyñ bile, Turar sen magşarda sen onuñ bile. * Her söz ki eşitse, diýse bolmaz, Söz bar ki aýytsa diýse bolmaz. * Her gijäni gadyr bil, Her görenñi Hydyr bil.13 Mart, 2023

Ýazan zatlaryň gowy eken. Ony paýlaşman saklamakda many görmedim.

Babyr: gurbannazar ussat. Yone Nury Halmammedinem, gurbannazarynam gaty aragy kop icendigini aydyalar. Bizin tanalyan adamlarymyzdan arak icmeyani bolupmudy? Bilyan bolsanyz gurrun berayin.13 Mart, 2023

Olaryň döwri, dogrusy bizem bir çetinde bolduk öol döwrüň, içgiöňe tutulýardy. Öýe gelen myhmana çaý hödür edegen türkmen gelenň öňünde arak goýup bilmese aýphasap edýärdi. Mekdepde okaýarkak, golaýymyzda gök-ňnüm dükany bardy. Şonda-da çakyr satylardy. Dükan daşy setka, kä ýerlerine şifer çüýlenendi. Şol setkaň gopuk ýeri bardy. Oglanlar (mekdep ýaşyndaky çagalar eýdip-beýdip çakyr çykarýan ekenler. Soňam ony içer ekenler. Şeýdibem agyzlaryna içgi almagy öwrener ekenler. Häzir şol dükanyň setkasynyň gopuk ýeri göwnüme bolmasa ýörite bejerilmän goýulan ýaly. Aragam arzan bolansoň gaty alkaşlar içäýmese çakyr içilenokdam. Çagalara welin... Degişmeleriň bir ýany araga syrygardy. Lül bolup bilen edem işine buýsanýardy. Garaz ýaramazçylyk, uruş-sögüş... Gurbannazar dagy ýalylar üçin bolsa Edeninem içipdir (asyl orslaryň içmeýän ýazyjy-şahyry ýokdy) diýen ýaly mysallar bilen, içgini medeniýetliligiň nyşany ýaly görkezýärdiler. Owadan çüýşeler, stakanjyklar, bokallar... Garaz halk zaýalanyp barýardy. Şol döwri görenler häli-häziem oturyp içişlerini uly zat ýaly edip gýrrýä berýärler. Doňuz bolup bögürýärdik diýmeýärler. Gurbannazar, Nury ýaly talantlaryň dünýä inmeginiň şol döwregabat gelenine gynanýan. Häzir türkmeniň ýüzi başga tarapa öwrüldi, hudaýa şükür. Gurbannazaryň iki-çäk otyrkak maňa beren öwüdi "Içäýmegin" diýipdi. Menem ýanynda agzyma çilimem gysdyrmaýan arassa ýetginjekdim. Gurbannazar bilen ýaş tapawudymyz 12 ýaş. Menem instituty gutarýançam içmedim. Gurbannazar neresse ýogalandan soň araga agzymy degirdim. Degirim diýýänim, gaty az, keýpini bilmän içip gördüm. Iň soňky gezegem 80-nji ýyllaryň ahyrlarynda. Içgiň döredijilige zyýandan başga kömeginiň degmeýändigini aýdyp biljek. Gaýta örküň ýok, ynamyň ýok, akyl-huş ýerinde däl... Sowalyňa başgarak jogap berdim welin, göwnüme sen şony soramak islän ýaly bolduň durduň.

Merjen: meselem size iň ýakyn adam size göriplik etse näme ederdiňiz dostuňyz göriplik etse09 Mart, 2023

Görüp adamdan diňe daşda durmalymyka diýýän.

Okyjy: 70 yasap Sayatly/Hemrany birinji gezek okamak doredijilik bilen meshullanyan adama utanc dalmi? Dine ors kitap okap yatman oz eserlerimizem okap durmaly. Bizdede beyik eserler bar gowniyetmezcilik etman.09 Mart, 2023

Sen nireden bilýäň meň Saýatly Hemrany birinji gezek okaýanymy? Men ony 5-6 ýaşlarymdakam doganlaryma okap berýärdim. Soňam okadym. Bagşylaň dilindenem diňledim. Okyjym, Okaýan awtoryňy beýle peseltjek bolmasana!

Jomart: "Saýatly-Hemra" dessanynda Hemranyñ bir gyzyñ tarypyny eşidip, öz öýlenýän gyzyndan geçip gitmegine nähili garaýañyz? Eserde halamadyk ýerlerim köpräk, goşgularyna söz ýok welin. 08 Mart, 2023

Edebi eserde wakalar durmuşdaka görä has ýiti geçýär. Durmuşda Hemraň bu hereketini hiç kimem halamaz. Ýöne biraz ara wagt salyp, öýlenen gyzynda kemçilikleri görüp, başga bir has owadan (onuň gözüne) gyza duşup durmuşyny bozýanlar barha köpelmek bilen. Eserde Hemra Saýat diýip gitse-de ýene Selbinýaza gaýdyp gelýär. Saýady söýeni üçin Selbiýazam Hemrany öýünden kowup duranok. Durmuşda onadan beter ýagdaýlaram bolup biler. Bir gyzy gowy görýän bolsa bu onuň üçin gutulgysyzdyr. Selbinýyaz muňa düşünýär hem ýüregindäki Hemra bolan söýgüsiniň üstünden atanak çyzyp bilenok. Bu zatlaryň hemmesi eseri ýaşadýar. Goşgularyň üsti bilen gahrymanlaryň içki dünýäsi açylýar. Söýgi düşündirilýär. Elbetde oňa diňe çeper eser hökmünde garamaly. Ondan görelde almaly diýildigi däl. Göreldäni Kurandan Hadyslardan almaly. Çeper eser okyjyň dynjyny bermeli.Näme etseň ýalňyş, näme etseň dogry boljakdygy hakynda oýlandyrmaly.

Babyr: Arada 1nji martda radiodan öz okamagynda goşgularyny berdiler, Gurbannazaryñ. Biri suratam çekipdir 3 agaç diyen ýalyrak. 29da okan eken. Onda Ezizow hokmunda gollary kesilen agajy şekillendirdim diyyar. Sebabi omri kesildi diyyar söhbetdeşlikde. Birhili ýaşulyñ şo pikiri gownüñe jüñk däl. Ol käbir "dirilerden" gowy ýaşaýar. Ezizow ak penjek geýer eken güýz günleri(Ozal eşitmänim üçin oz ýanymdan minnetdar boldum ýaşula. Ogly bolsa dakasy gelen atlarynyñ biriniñ Batyrdygnam bilemokdym. Birhili Ezizow hakynda iñ owunjak hasaplanaýjak zatlaram onyñ okyjylary üçin gymmatlymyka diyyan) 08 Mart, 2023

Dogry aýdýaň. Gurbannazar ömrüni gül bolup açylyp, gollaryny ýaýyp ýaşady. Ýaşaýaram. Ak penjek däl, plaş. Ony çagalary häzirem saklap ýörler.

Jomart: Siziñ iñ halan çeper eseriñiz? 07 Mart, 2023

Soňky döwürlerkän çeper eserem okamok. Köp wagtymy kino alýar. Arada Saýatly Hemrany okadym. Haýran galdym. Hemra irden oýanýar welin ýanynda Saýat ýok. Gabanjaňlyk duýgusy oýanýar. Saýat bolsa Hemra turmanka oňa bir desse ter gül ýygyp goýaýyn diýip çykýar. Saýat gelýär welin Hemra oňa Saba-säher wagty çykma gülkeşte diýip goşgy aýdýar. Sähel suw çaýkansa kölden aýpdyr diýýär. Köl diýip nämäni göz öňünde tutýar? Näme üçin aýp? Pikirlenýäň welin içiň duýgudan dolýar. Goşgynyňher setirine haýran galdym. Hemem kitap diýeniň şular ýaly bolaýsa diýdim. Saba-saba çykma, perim, gülkeşte, Zülp perişan olar, ýelden aýypdyr. Bir ýany rakybyň tagna sözleri, Bir ýandan ulusly-ilden aýypdyr. Nähili owadan! Zülp perişan bolsa ýelden aýypdyr. (Ýarynyň zülpüni ýeldenem gysganýar. Hemem zülpüňe degip geçse ýelden aýpdyr diýýär). Birýandan rakybyp tagna sözleri (duşmanlaryň gybaty) bir ýandanam ulusly-il (Gybatymyz edilmände-de ulus ilden aýp dälmidir diýýär. Her küpledi şunuň ýaly ýürekden aýdylan.

GOWHER: salam Ylyas aga siz name ucin ozun barada yazmak kyn diyyaniz?03 Mart, 2023

Özüni bilen weli diýmeýärlermi näme? Biz nire welilik nire?

GOWHER: NADIP BASLADYNYZ KITAP YAZMANA03 Mart, 2023

Goşgy düzmekden. 8-nji klasda okaýardym. Gurbannazar bolmak arzuwy bilen, oňa öýkünip goşgy ýazyp ugradym. Soňam proza geçdim. Arasynda ýazylsa goşgyny häzirem ýazmaga çalyşýan. Ýazýan zatlarymyň derege ýaraýan zatlar bolup çykýanyna şükür edýän. Derege ýaraýandyr diýip pikir edýänimem edebiýatçy deň-duşlarym, gazet-jurnallaryň redaksiýasy olara kabul edýär, çap edýär. Diýmekçi bolan zadyma düşünen okyjylarym duşýar. Sag bolsun aýdýarlar.

Babyr: hydr aganyn sytyna girya yone sorag jogap bolumine girip bolanok. Sebabi nameka?02 Mart, 2023

Ony bilmedim. Aýratyn sorag-jogap bölümini ýapyp bolmaýar.

Gurbanberdi: Kăte oýlonýan adamda onsuz náme õmur bar uruş sõguş gep gybat birek,biregiň gõwnini gõrip ýaşap bolmoýamyka? 28 Fewral, 2023

Bu mesele gaty kyn mesele. Adam atanyň iki ekiz ogullarynyň biri-beýlekisini öldürýär diýlip rowaýat edilýär. Abyl bilen Kabyl. Ara şeýtan düşýär. Men-menlik duýgusy, kem galmazlyk... garaz ähli ýaramaz duýgular birleşip adamyň ruhundaky päkliklerden, hoşgylaw häsiýetlerden üstün çykýarlar. Bu dünýäň deň agramlygy üçin gerek diýýänlerem bar. Ak bilen garanyň göreşi. Alla bizi haýryň, sogabyň, ynsanperwerligiň tarapynda durýanlardan eýlesin.

Pälwan: Okuwçylaryma temadan daşary Magtymgulynyñ goşgularyny ýatladýan. Ine bir gün birnäçe okuwçy goşgy aýdanynda sakynyp, ýalñyşyp aýtdylar. Okuwçylaryñ arasynda goşgyny labyzly aýtmagy başaryan biri bardy. Onsoñ şol birden synpdaşlaryna gahary gelip öz pikirlerini aýtdy. "Mugallym, Magtymgulynyñ goşgularyny beýdip aýtjak bolsalar aýtdyrmaly-la. Beýik şahyrymyz bar yhlasyny siñdirip, gör nähili ajaýyp goşgulary ýazypdyr. Biz bolsa dogry-dürs aýtmagam başaramzok. Magtymgulynyñ nebir ajaýyp goşgularyny bulap otyrys". Okuwçynyñ aydany bir tarapdan gaty dogrudy. Ýöne şol ýerde okuwça şeyle jogap berdim: " Her kim öz aýdyp bilşiçe aydyar, gowy aydyp bilmeya diyip goşgyny ýatlamaga bermeseñ,Magtymgulynyñ goşgularyndan umuman habarsyz galar. Şuwagt azajygam bolsa birzatlar öwrenyär" diýdim. Okuwçynyñ aydany hem aslynda gaty dogrudy. Magtymgulynyñ  goşgularyny öwrenip,ýatdan labyzly aýdyp bilmeyän bolsak, biz nädip özümize türkmen ýa-da Türkmenistanyñ rayaty diyip yörüs. Bu pikirim bilen ylalaşmaýan ýok bolsa gerek ýa bar bolsa-da ýok diýer derejede az bolsa gerek. Indi şu meseläni oylanyp başga zady pikir etdim. Magtymgulynyñ bize bagyş eden goşgularyny gowy edip öwrenip bilmeyäs diyip käyinyän bolsak, Allatagalanyñ bize bagyş eden zatlaryny akyl, el, dil, göz... umuman öz mümkinçiliklerimizi dogry-dürs ulanyp bilmeyän bolsak ýa-da bu dünýä eserini okap bilmeýän bolsak, biz nädip özümize adam diyip yörüs?! Özümiz adam edilip ýaradylan bolsagam, iñ köp unudýan zadymyz adam bolup ýaşamak. Pikirler adam bolmaga iterýär, yöne näme üçindir hakykaty pikirlenmekden gaçýarys. Işi bahana edip, eklenji alada edip öz berjaý etmeli zatlarymyza wagt tapylmaýa diyen bahana duwlanýas. Aslynda eklenç üçin rysgaly berýäni, asyl iş bilen üpjün edyäni unudýas. 27 Fewral, 2023

Pälwan aýdýanlaryň bilen ylalaşýan. Ýöne sen halkyň üstünden şeýle sözleri ýagdyrmagyň çagalaryň Magtymgulyň goşgularyny labyzly okap bilmeýändiklerinden gaýdýar. Ýöne şol okamakda kösenýän çagalaryň kösenjine kim günäkär? Magtymgula düşünmeýändigimi ýa-da oňa sowat öwreden mugallymmy? Biz çagalarymyzyň sowatly bolmagy üçin näme etdik hem etmedik? Mesele Magtymgulyda däl. Ony okanda labyzly okamaýan biriniň okamaga üns berip okan zadyna düşünmek hakynda pikirem etmeýänden gowy bolmagy mümkindir. Umuman sowatly bolmak hakynda pikir edýäniňe begendim.

Babyr: Howwa, haýsydyr bir ýazyjyñ hemme ýazanlaryny okasañ, gowy tanap bolýar. Birhili ýazyjyny eserlerinden gowy tanadyp biljegem ýok ýaly. (Men iñ soñky gezek 20 fewralda, aşakda ýazan zatlarmy ýazyp çykypdym. Şondan bärem telde jañlaşaýmasam, kitap okamak, site girmage elim degen. Diýjek bolýanym 23nji fewralda ýazylan ýazgy meñki dal. Beýtmäliñ gaýrat edip)26 Fewral, 2023

Şular ýaly bulaşyklyk döredýänleriň maksadyna düşünemok.

Gurbanberdi: 100 ŷyl 1 gūn hekaŷaňyzy okodym gaty tăsir galdyrdy sagbol agam Allajan hemmămize miesser etsin 100 ŷaş!26 Fewral, 2023

Sag bol. Ýöne menä 100 ýaşa höwes edemok. Ömrüň soňunyň güzaby kän bolýan eken.

Merjen: Rejepgeldi agam gyzy bärde gözlenenok ejeňe aýtýaň ejeň tapyp bersin hä birem akylly gyzy hak etmek üçin akylly oglan bolmaly sen akylly bolsaň Allada ýürwgiňdaki gyzy berer tapaýadyňa azwyňdky gzy25 Fewral, 2023

Şeýdip düşünşeweriň!

Gurbanberdi: Salawmaleŷkim okodym gyzykly saýt ekeni iśiňizde ùstinlik?24 Fewral, 2023

Gurbanberdi, üstünlik arzuwlap, soňunda-da sorag alamatyny goýanyňa düşünmedim. Düwmäni ýalňyş basansyň-da. Sagja bol. Saňa-da üstünlik, görjegiň gowy bolmagyny dileýän.

Rejepgeldi Hydyrow: Men adym Rejepgeldi 95-nji ýyl maña gowja akyllyja gyz gerek habalaşaýlyñda 23 Fewral, 2023

Rejepgeldi, meniňä çykmadyk gyzym ýok. Ýogsa eneň-ataňy iber tanyşaly, belki habaryňyzyalarys diýäýjekdim.

Babyr: Ylyas aga name ucin Hydyr agan sahypasyna gecip bolanok? Ya yapyldymyka.23 Fewral, 2023

Ýok, açylýar. Menä arkaýyn girýän.

Babyr: Ýazasym-a gelýär, agam! Ýöne, dünýä boş sözlerden ozalam depme dykyn, senem onuñ üstini doljakmy diýýäler. Gazanjagyñ näme diyyaler. Käwagt ýazasym gelip içimi it ýyrtýar. Käwagtam ýazanymy okap beresim gelip... belkem entek okamany öwrenmelidirin diýýãn köplenjem...20 Fewral, 2023

Ýazmak ters bir, halanmajak zat däl. Arassa ahlak bilen göwnüňdäkini kagyza geçirmek-de günä-de bardyr öýdemok. Esasy zat ters ýollary ündemezlik, ýaman bähbit aramazlyk.Umumanam bähbine çapýan adam edebiýat bilen oňuşmaýar. Ondan baýan adama men duşmadym. Ol şöhratparazlaram halamaýar. Garaz edebiýat päk, ýakyn syrdaş. Oňa içiňi döküp bolýar. Ony başga birine okatmak, okatmazlyk öz işiň. Ýöne ol aýbyňam açýandyr. Ol aýnadanam beter dury bolansoň seni içki niýetiňe çenli açyp görkezýär. Bu zatlary bilýänsiňem-le...

Merjen: Ýalňyşma söýgim goşgysynyň 2-nji topbagy gaty manyly bolupdyr 2 goşgyňyz gaty gowy düzülipdir bapba dassuňyza düzeniňiz birem ýalňyşma söýgim beýlekilerem gowy ýöne has gowysy şu ikisi bolupdyr16 Fewral, 2023

Hoş sözleriňiz üçin sag boluň.

Merjen : Bapba dostuma diýip goşgyňyzy okadymm gowy düzülipdir 15 Fewral, 2023

Sag bol. Bapba ondanam kän gowy goşga mynasyp dostdy.

Merjen : Men beýleki adamlaryň ýazanlaryny we siziň olara beren jogaplaryňyzy okadym gyzykly gürrüňler soraglar bar eken meň ýazanlarymada jogap ýazarmysyňyz birem Mekan bilen Hatyja diyip biri bar eken gaty görmesinler welin güldüm azyrak bärde tanyşmak üçin dälde sorag jogap alyşmalymykan diýýän 13 Fewral, 2023

Aý, her hili adam bar.

Merjen: Men söýermen göwnüm üçin diyip bir hekaýa okadym welin siz ýazdyňyzmy şeýle bir gyzykly hekaýa eken söýgi hakynda hakyky söýgini gürrüň berýär bilýäňizmi bu döwürde maýyp adamy söýüp goldajak adam ýak ýöne hekaýada hakyky söýgini gürrüň berýär by döwürde söýýän diýip iň kyn gününde taşlap gitýä käbir düşünjesiz adamlar name üçin söýgiň arkasynda durup bilmejek bolsalar söýýan diýýälerkä mena söýgä ynanamok inni säýgem oýunjak boldy düşünjesiz adamlar üçin13 Fewral, 2023

Hekaýany okanyň üçin sag bol. Gowy göreniňe begendim. Dünýe giň. Il içinde hekaýalardakydanam çyn ýürekden bir-birini gowy görýänler bardyr.

Merjen: Näme üçin çyn ýürekden söýýanler söýülenok 13 Fewral, 2023

Ýaşkam söýgi hakynda bir goşgy ýazypdym. Şonda: Başga bir söýginiň jogaby bolma, Öz söýgiň üçinem sorama jogap. Söýýänleri üçin zor bilen söýme, Söýmediler diýip ýagmagyn borap. diýen setirler bardy. Belki soragyňa bu setirler jogap bolandyr? Umuman söýgä her kim özüçe düşünýän ýaly. Şonuň üçin näme jogap ýazsamam bärden gaýtjak ýaly bolup dur.

: C dogry bilen yalnysy nadip saygarmaly.Birine yalnysyny gownune degman nadip dusindirip bileris?31 Ýanwar, 2023

Dogry bilen ýalňyşy her kim öz ahlak hem aň-düşünjesine, tejribesine, dogrusy we ýalňyşy kesgitleniljek bolunýan meseleden nähili baş çykarýandygyna daýanyp kesgitleýän bolsa gerek. Mysal üçin gurluşykda bir otagyň inini 4 metr etmek dogrumy ýa 5 metr diýseler men tapawudy näme diýip bilerin. Bu ugurdan hünärmen adam bolsa, "Tapawut 1-metrle" diýer... Bir adamyň göwnüne degmän ýalňyşyny köpçülige ýüzlenip "şeýle hereket etmek ýa-da şeýle diýip aýtmak ýalňyşdyr" diýip aýtsaň ýalňyşan öz ýzlňyşyna düşüner. hem ýalňyşlyk goýberenini özünden başga sdsm bilmeýändir diýip pikir eder. Saňa bolsa"Eger ol meň ýalňyşymdan habarly bolsa göni aýdardy. Häzir onuň diýýäni meniň ýalňyşyma tötänden gabat geldi" diýer. Şeýdibem senden hiç zady gaty görmez. Muny Pygamberimiz köp eder eken.

Kerim: salam size bir soragym gije gelende gundiz nira gidya gundiz gelende gije nira gidya 19 Ýanwar, 2023

Gije gelende gündiz gijä, gije gelende-de gije gündize gidýän bolaýmasa? Nähili pikir edýäň?

Arzy: men söhbeteşlik gurmany gowy görýän ýöne ynsanlar gedem men geplesem çaga ýaly diýä ýöne erbet bolyp gepläp bilemok iş ýerimde diňe içimi gepledip gezýän şol sebäptenmen birhili olaryň men hakta pikirlerini bilýän ýöne döz gelip aýdyp bilemok 16 Ýanwar, 2023

Islendik häsiýetdäki adamgepi alyşýan adam bilen uzak gürleşipoturyp bilýär. Bu ýagdaý adamyň gepe çeperligine ýa aýdaýan zatlarynyň üýtgeşik gyzykly däldigine (ýa gyzyklydygyna) bagly bolmanam bilýär.Elbetde, gowy, gyzykly başdan geçirmelerini gürrüň berýän köpi gören adamy uly zallarda köpçülik bolubam diňleýärler. Emma adaty adamlaryň mysalynda biriniň seni diňlemegi üçin üýnüň alyşýan biri bilen söhbet etmek dogrudyr. Seni diňlemeseler diňlejekleri gözlemeli bolarsyň. Ýene bir zat, akylly-başly gürrüň etmegi oňarmak diýibem bir zat bar. Sen öz berýän gürrüňleriňe üns berýäňmi? Ol diňläp oturanlara ýarajak gürrüňmi? Aýdýan zatlaryň ýerliklimi ýa-da boş ýaňramamy? Ili günäkärlemänkäň özüňi soraga çekmek iň dogrusydyr. Hakykatdanam suwjuk, ýasama, ýalan-ýaşryk, zoňtar, ýerliksiz gürrüňler adamlara ýakmaýar. Şolar ýaly gürrüňleri özüňem uzak diňlemek islemersiň.

Leyla nowruzowa: Gowy söhbetdeş bolmak üçin gowy diňläp bilmeli.şu maglumat barada gözleň 07 Ýanwar, 2023

Sözlemiňizi doly gutarman ekeniňiz. Biri-biiňi diňlemän söhbetdeş bolmak bu heriň bir tarapa seredip gürleşenýaly bir zat bolaýmasa. Diňläp bilmek gaty möhüm. Gowy diňläp bilýän hem söhbetdeşiniň aýdanyny aňynda özleşdirýär, hem öz pikirini ösdürýär. Söhbetdeşini diňlemän diňe öz pikirini aýdyp oturan öz pikiriniň üstüne hiç bir zatgoşp bilmeýär, özüni baýlaşdyrmaýar.Mysal üçin bir suwly gapdan suwy alyp dursaň, ýerine-de suw guýmasaň ol boşar. Diňlemek öz "gabyňy" doldurmak. Eger söhbetdeşiňde seni baýlaşdyryp biljekzat ýok bolsa gürrüňem uzaga çekmez.

Babyr: Käwagt, sowuk gyş günleri kakam bn gyzgynajak çörek alyp paýlardyk. Ýolda duşan nätanyş, garadañdandan işe barýan, özimizden beter gara zähmet adamlara. 2 sansyny çörek ýapýan daýzalara goýardyk. Özem jübimizdäki soñkyja pullar bolardy, çörek alynýan pullar. Sowuk howada gyzgynjak çöregiñ howry, mähri,Kakamyñ jübsinden käsi köne käsi täze pullary çykarşy, töwerekden adam gözleýşi, yra-dara barýan maşynyñ rolundan ýapyşyp oturşy, çörek paýlanymyzyñ diñe ikimiziñ aramyzda galyşy... begendirşimize diñe ikijigmiziñ begenşimiz.kän zat ýatlatdy ýazgyñyz agam, uzak ýaşañ. Aslynda kakamyñ ikimiziñ aramyzdaky bujagaz syry ýazmakçam däldim. Ýöne barde ýüziñi görüp, tanap oturan ýok. Hem kaka bn çagañ arasyndaky baglanşykda belki, bir wagt bir myhman okap görelde bolar dp ýazaýdym. Gynandyrmakly ýagdaýlaram, bir döwürler başymdan geçipdi. Iş tapman gelenñe gynanarlar öýdýäñ we ş.m.30 Dekabr, 2022

Sag bol Batyr dost. Sen özüňe Babyr diýýäňem welin meň saňa Batyr diýesim gelýär. Batyr adyny Gurbannazar şahyr oglum bolsa dakaryn diýen atlaryndan biri. Sen özüňi tanatmajak bolýaň. Tananlarynda näme? Gaýta ýazylan zatlaryň toslama däl-de hakykatdygy belli bolýar ahyryn. Oňa ynanýarlar, ondan has gowy peýdalanýarlar. Oňa has ýürekden düşünýärler. Ýazgymyň okyjysyny tapanyna begendim. Begendireniňe sag bol. Begendireniň begenjini arkaýyn ýaşap bilersiň. Menem seni begendirenimiň begenjiniň lezzetini alýan. Bu üýtgeşik begenç. Öz eliňden gelýän käriň bilen begendirmek, biriniň ruhuna, aňyna, ýüregine ýetip bilmegiň begenji. Senem bu begenji has köp hem köp adamlardan görüp bilmek mümkinçiligiňden uzakda durma. Bu seniň başarmajak zadyň däl.

Babyr: Gynandyrmagyñ gynanjy Daşarda otyr eken öz-ä. Hüm. Myhmanlary ýañy gaýdyp barýan eken. Laýyk gelipdir. Salamlaşyldy. Gara-gadyr. Dyz epdiler birsalym. Iş ýok eken. Asyl biraz öñ gelen bolsa baram eken-de, bu golaýda bolmajak eken. Dymyşdylar. Turdy. Ýöredi. Bokurdagy doldy. Bu ýerden näçe uzaga bolsa gidesi geldi. Özüni ilik-düwme tanaýan kişiñ,biperwaý gürleýşine, özüne ynamsyz garaýşyna kakyny tutdy. *******Gynandyrmagyñ gynanjynyñ agramyndan ýegşerýärdi. Näme diýerler?! Näme diýmeli! Aýtdy bolşy ýaly. Üýşüp diñlediler. Öz gynanşy ýaly gynanarlar öýtdi. Tersine boldy. Bar zady iki sözde jemlediler: "Bähbit bolsun!" Dişlerni gyjyrdatdy. Nämesi bähbit?!. Haçan şol bähbit?! Ölüp gidemsoñmy?!. Ýa soñky pilledemi?!. Gerekmi bir bir onsañ şol bähbit?!. Uff. Şu dereje her işden bähbit gözleýän hojalyk barmyka?!. Içinden gargyndy. Daşyndan dymdy.*******Geçdi günler.Tanyş jañ. Garaşylmadyk habar. Özi ýörite gereklenipdir. Özem zehininden ötri däl, dogryçyllygyndan ötri. Özem ýönekeý işgärem bolmaly däl. Özem ýönekeý kiçjik firma-da däl. Begendi. Begendirdi öýlerni. Ir-u-giç dogry adam bolsañ, gözläp tapýandyklarny nygtady. Soñ ýene jañ. Ýene iş teklibi. Ýene ýönekeý işçiñ wezipesi däl. Soñ ýene jañ. Soñ ýene şoña meñzeş zatlar. Belki beýle tötänligi, haýsydyr bir romanda okan bolsa ynanmazdy. Düýş ýalydy bar zat... (Uzagam boldy wln bagyşlarsyñyzda ýazman durup bilmedim)29 Dekabr, 2022

Iki gezek okadym. Başga-başga pikirler kelläme geldi. Gynandyrmagyň gynanjy (kimdir birini gynandyranyň üçin çekýän azaryň) hakynda pikir etdim. Men bir dostumy, dogrusy biz entek uzak tirkeşmändigem, gynandyrşym, oňam öýkeläp gidip soň menden sowaşyp gidendigi, häzir bolsa ony gözlesemem gaty kynlyk bilen tapjagym hakynda pikir etdim. Dostumy garşaman durja, özümem bilmän gynandyrdym hem ony ýitirdim. Şoň gynanjyny häzirem çekip ýörün. Dostlarymy umuman hiç kimi gynandyrmajak bolup dert-azara galýan. Käte şo sebäpli gepem eşitmeli bolýan, başyma bele-da satyn alýan. Gynandyrmagyň gynanjyny çekesim gelenok...

Nargiz: Döwran Șammyýew barada ınternetde kän bir malumat hemde aydymlaryny yok yükläp alasym gelya sizde so barada var bolsa yazayyn26 Dekabr, 2022

Arman, ýok-da.

Tazebay: Nacnji yl sen Ayday ozin21 Dekabr, 2022

Doglan ýylymmy? 1952 19 awgust.

Aýna : Salam Ylýas aga men Sada atly okyjyn hatyny okap özümdede şeýle häsiýtlen bardygyny ýazman durup bilmedim menem şeýle häsiýetlemden køsenýän köp adam beýle häsiýetde bolsan başgaca düşünýäler Hatda üstünden gülünýän wagtlaram bolýar 21 Dekabr, 2022

Eli telefonly ulalan nesle, dogrymy aýdaýyn, kän ynanyp bilemok. Hat ýazýanym meniň kimdigimi bilenok, meni görenok, görmezem. Şular ýaly pikir edýär-de, göwnüne gelen zady ýazyberýär. Men muny saňa diýip aýdamok. Çünki seni tanamok, göremok. Adamlaryň häsiýeti şeýle üýtgäpdir. Görýäňizmi, ikimiz biri-birimize sähel ýerde ynanmaýanlar, şübheli garaýanlar bolduk durberdik. Şeýle döwürde sada, hakykatçyl bolup ýaşamak hasam agyr. Sen sadasyň. Emma saňa sadasyraýar diýip gülerler. Sen hakykatçylsyň, emma hakykatçyl bolup görüneýin näderkäler diýip bolan bolşy diýýändirler. Bir döwürde, ilki goşgy ýazyp başlamda rubagy ýazyp göreýin diýip şu setirleri ýazypdym: Aý dogupdyr, nebir Aý, Oň görküni, eý Hydaý! Hernä şeýle gözel zat, Asmandan tapypdyr jaý. Aýyň Asmandadygam bir gowy zat, ýogsa depelärdiler. Dünýe häzir şeýle bir üýtgäpdir, Aýy Asmanda bolsa-da depeleýärler...

sada: Men diñe özümiñ sadalygymdan göwünjeñligimden,hakykatçylygymdan ejir çekýän.Nm etmeli bilemok?19 Dekabr, 2022

Dost jan, men saňa düşünýän. Ýöne bu görýän kynçylyklaryň belki seni taplaýandyr. Hasam sada, hasam (göwünjeňlik diýýäniňe göwni päk, ýürekdeş bolmak diýip düşündim) päk ýürekli, has hakykatçyl bolmagyňa kömek edýändir. Adamlaryň içinde bu häsiýetleri gowy görselerem oňa ýetip bilmeýändiklerine gynanyp ýaşaýanlaram köp. Şeýle häsiýetli adamlara olaryň gözi gidýär. Alla, saňa tükenmez gaýrat hem uzak ömür bersin.

Gözel: Salam Ylyas aga. Adam özüne ynamlylygyny nädip doredip biler şu barada pikiriñizi aýdaýyñ?16 Dekabr, 2022

Özüne ynamy ýoklugyndan kösenýän adam gaty az bolsa gerek. Çaga ilkinji ädimlerini ädip başlandan özüne ynamam döräp başlaýan bolsa gerek. Ýöne mysal üçin, goşgy ýazýan biri özüne ynamy ýetmän batyrgaý setir düzmäge girişip bilmese, diýmek goşgyny köp okamaly, ýazmaly, ýazylanlary derňäp öwrenmeli. Ýa söýgüde ýigit özüni ynamly duýup bilmeýän bolsa yşky entek ony doly joşa getirýän däldir. Häsiýeti çekinjeň, özüne ynamy pes birisi bolsa o-da ile köpüräk çykmaly, dogumly, edenli adamlary özüne nusga edinmeli öz ýetmezçiligini aýyrmak üçin hereket etmeli. Gyz maşgalada-da edil şonuň ýaly. Ýöne gyz maşgalany çekinjeňligi bezeýärem. Umuman, bu meselede kän bir bilýän zadymam ýok welin, şeýleräkmikä diýýän. Durmuşda esasy zat sabyrlylyk. Sabyrly gul dura-bara şat bolar diýipdir Magtymguly atamyz.

Biri: Aydayozin nirli 11 Dekabr, 2022

Düşünmedim.

Biri: Sizem sagboluñ. Siziñ mail'iñize ugradayaryn. Surat gornuşinde bar.06 Dekabr, 2022

Köp-köp sag bol.

Biri: Kompyuterimde bardy. Hydyr aga bilen siziñ köne gazetlerde çap edilen 4-5 sany eserleriñiz bar. Uniwersitetde okayakam birinden gecirip alypdym, anyk yadyma dushenok.05 Dekabr, 2022

Sag bol, dost. Beýleki göçürip alanlarym diýýäniňem paýlaşsana. Gaty köp zatlarymy ýitirdim. Indem şeýdip çöpleşdirjek bolýan. Kompýuter diýilýäne-de ygtybar ýok eken.

Biri: Kim ýumdurdy seniň göwher gözleriň?! Nurana ýüzüňi gel, gel, kim örtdi?! O nähili beýle, şeýle mert ýigit Sähelçe salymda dünýeden ötdi?! Dostlaryň aglady, aglady ýaryň, Eziz aýtmyşlaýyn dymdylar soňra. Onda bu ýagyşlar nireden ýagýar, Hak dostun ýitiren diňýän bolanda?! Baş bermezek, baş egmezek, baş ýigit, Daşym garanjaklap galdym baş dostsuz, Wah, men dagy hiç-le, tutuş içerä Ot düşdi nebitsiz, kömürsiz, otsuz. Bäş günden meý içmek meýlimiz bardy, Baş kakyşyp 91-den biz dynjak. Ýöne ýyllar bizden dynýan ekeni Kim gitmeli? Kim galanna gynanjak? Şu goşgyñyz yadynyzdamy?01 Dekabr, 2022

Nireden çykdy? Okap otyrkam gaty tanyş diýdim. Iň soňunda bilip galdym özümiňkidigini. Ýa ýalňyşýamykam? Dost nireden aldyňyz? Kim siz?

Aydayozin: Salam Ylyas aga, isleriniz taplarynyz gowdyra?! Sizden bir zada jogap almak isleýän... Bir adama ýagşylyk etseň gadryňy bilmeýän bolsa, ýa-da şol adam seniň ýanyňa diňe işi düşende gelip, başga wagty halyňdan habar almasa nähili we haýsy ýoldan ýöremeli?? Şol adamy düzedip bolarmy?!26 Noýabr, 2022

Ol adam saňa ýamanlyk etmeýän bolsa, diňe işi düşende gelýär diýip oňa erbet diýme. Ol gaýta saňa ýagşylyk edýär. Sogap gazanmagyňa sebäp bolýar. Eden ýagşylygyň üçin şu dünýede gaýtargysyna garaşsaň hem ony alsaň, o dünýede Hak Tagala sen eden sogabyň hakyny ýaşap ýörkäň aldyň diýip bu sogabyň üçin merhemedinden eçilmez diýip eşidipdim. Şonuň üçin ýagşylyk edip derýa atylýar. Çep eliň beren sadakasyny sag eliň bilmesin diýilýär. Göz üçin, jogabyna garaşyp ýagşylyk etmekden bendesinden däl-de, Hakyň özünden jogabyna garaşyp, Alla buýrugyny berjaý edip ýagşylyk etmek has haýyrlydyr. Ýagşylyk edeniň gayryny bilmezlik o-da gowy häsiýet däl. Ýagşylyk eden adama bolmanda Alladan ýagşylyk dilemelisiň. Gadyr bilmez, diňe özüniň bähbidini arap hereket edýän adamlar derrew gözden düşýändir, il içinde halanýan däldir. Bu-da eýýäm Hakyňam halamaýan adamsyna öwrülmäge ýakynlaşdyrýar. Bu dünýede her kim öz eden hereketi üçin sogap ýa günä gazanýar. Başga biri günä iş etdi diýip özüň sogapdan galmajak bolmak dogrumyka diýýän.

Mergen: Hazirki dowurde sizin aytyanynyz yaly halatly adamlar barmyka? Beyle adamlary nadip basgalardan tapawutlandyryp bolar?13 Oktýabr, 2022

Ýokdur diýip bolmaz. Weli bardyr welidigini özem bilmez ilem. Weli bardyr welidigini il biler özi bilmez. Weli bardyr welidigini özi biler il bilmez. Weli bardyr welidigini ilem biler özem. Zamana ahyragolaýlanda weliler azalyp azgynlar köpelermiş. Ýöne türkmende özüni bilenem weli diýen gürrüň bar. Her birimiz özümize weli bolup bileris. Onuň üçin özüňi aklajagam bolman, hakykata eýerip, öz ýagdaýyňyözüňkesgitlemek biziň döwrümizde iň dogrusymyka diýýän. Özüňe ynan, özüňe daýan, özüňe ýalbar. Dogry ýoly geçen weliler görkezip gidipdirler. Senem şol ýola özüňi sal. Şol ýol saňa iki dünýäňem abatlamaga ýeter. Ýok, il beýdenok, ol ony edýär, men näme üçin ony etmeli däl. Oňa ýokan zat näme üçin maňa ýokmazmyş. diýen ýaly düşünjelere eýerseň, hiç haçanam edeniň ugruna bolmaýar. Magtymgulyda bir setir bar "Bu dünýe mülkünde şadyr, soltandyr, Kysmatyna kaýyl bolan adamzat" . Bu barada pikir edip gördüňmi? Kesesinden akyl öwretmek aňsat diýýän bolmagyňam mümkin. Ýöne maňa iň aňsady başdansowma gürrüňler etmek bolardy. Men bolsa saňa ähli düşünjämi orta goýup ýazyp otyryn. Alla, ýoluňy açyk etsin. Berer erdi Suwhan, berer erdi soltan, Bermez erse Suwhan nirden bersin soltan. Ýalňyşmasam Ýunus Emräň setirleri.

Mergen: Agam aydyanyn dogry yone bilyanje dogalaryny okap ozun ucin dileg edenin yeterlikmika? Ahunlarin, isanlaryn keramaty barada aydylyan zatlar dogrymy? Palan ahuna baryp doga okatdym cagam boldy, ya isim ugrugyp gitdi diyyanler bar. Synagam bolmaly zatdyr yone synagynam ceni bolmalydyra agam.12 Oktýabr, 2022

Onuň çenini diňe Alla bilýär. Maňa biri ýataňda diňe öz gijäň däl ähli Muhammet ymmatynyň gijesiniň rahat bolmagyny diläp ýat hem şony göz öňüne getir diýdi. Hakykatdanam, rahat ýatyp bilmeýän adam gaty kän. Şolara dileg etseň sen bir kiçijik nokatjyk bolup galýaň. Seň derdiň kinniwanja bir zada öwrülýär. Ahunlar, mollalar nähili bilmedim, ýöne halatly öwliýalaryň Allaň iň ýakyn dostlarydygyny bilýäs. Şol dostlaryndanam Alladan dileg edip bermegini soraýas. Bu-da dilegiň kabul bolmagyny ýeňilleşdirýändir diýen ynamymyz bar. Men öz durmuşyma seredýän 70 ýyl yzda galypdyr. Şonça ýylyň içinde işimiň şowlamagy sagadyň maýatnigiýalykä wagt iň ýokary derejesine baryp, kä wagta iň pesderejesine düşüpdir. Işiň ugruna bolup-bolmazlygam gije bilen gündiz ýaly birden ýalpyldap gün çykýar, birdenem garaňky tümlük. Özem işiň näçe şowlamadygyça, onuň şowlaýyşam şonça uly bolýan eken. Gündiziň näçe ýagty bolsa, gijäňem şonça garaňky, soňam näçe gijäň garaňky bolsa gündiziňem şonça ýagty bolýar. Bu ylmy taýdanam subut edilen. Iki-çäk bolsak men öz ömrümden mysallar getiribem bilerdim. Bu hakykatdanam şeýle. Owadan gürrüň däl.

Mergen: Agam isi ugrukmayandygy sebapli, durmus meseleleri ya saglyk sebapli isan/mollalara yuz tutmak dogrymyka? Name etsenem edenin bolman dursa basga name maslahat beryaniz.11 Oktýabr, 2022

Işan-mollalara ýüz tutmak diýýäniň Alladan kömek islemek bolsa dogrudyr. Sebäbi Alla ynanýanlaryň ýüregi giň bolýar. Olar başlaryna düşen kynçylygy Alla meni synamak üçin şu güne saldy diýip hasap edýärler. Ol synagAllanyň edenine şükür edýäňmi ýa ýok diýen manydaky synag. Bizi ýaradanam Alla Ömrümizi kesgitlänem Alla. Onsoň galan ownuk-uşk (dünýä inmek bilen düýeden ötmek bilen deňeşdireňde) işler, kynçylyklar nireden gelsin? Men bu hakykata ýüregim bilen ynanýan. Edeniň ugruna bolmasa Alladan medet islemekden dogrusy ýokmuka diýýän.

Mergen: Salam Agam. Amansary atly sahyr barada bilyan zatlarynyz barmy?10 Oktýabr, 2022

Adyny eşidipdim. Ýöne tanamok. Döredijiligi bilenem tanyş däl.

Dogry: Şugun "dinimizde adamyñ suratyny çekmek günä" diyip eşitdim. Şu dogrumyka? 10 Oktýabr, 2022

Islendik hereket günä edilende onuň nämesiniň, näme üçin günädigi anyk aýdylýar. Mysal üçin arak içmek günä, akylyňdan azaşdyrýar. yna günä, ahlagy ýok edýär. Myasly uzaldyp oturmaly. Surat çekmek näme üçin günä bolup biler? Butparazlar öz elleri bilen ýasan zatlaryna çokunyp, ony hudaý edinipdirler. Suratçam çekýän suratyny şu maksat bilen çekýän bolsa günä boljagy düşnükli. Emma onuň näme maksat bilen çrkýäninibilmek kyn ýagdaýlaram döräp biler. Şolar ýaly ýagdaýdasurata seredýän adam ony hudaýlaşdyrmasa günä gazanylmazmykadiýýän. Dogrusy günäni-sogaby seljerip oturar ýaly meniň din ugrundan bilimim, okuwym ýaok. Eşidenlerime esaslanýan. Surat çekendenem daşdan bolsun, ýa başga zatdan heýkel ýasamak günä diýilýär. Olam eli, aýagy, tutuş göwresi ýerbe-ýer edilip ýasalan heýkel. Bilinden aşagy ýok bolsa eýýäm ony butuň üstünden gülmek ýaly bir zat hasap edýän ekenler. Surata düşmegem şeýle. Düşülen suratkagyzyň ýüzünde bolansoň, heýkel ýaly bolmaýar şonuň üçin ol günä däldir diýip eşidipdim. Umuman bu zatlardan günä gölejek bolman, biriniň hakyny iýmek, haram gazanç et,ek... ýaly has çökder hereketleriň pikirini etsek, hem özümizi şolardan daş tutmaga çalyşsak, iň esasy zatmyka diýýän.

Babyr: 2-3 gün bäri Gurbannazaryñ Saýlanan eserlerni okaýan, kompýuterem 2 3 gun bari öçenok. Öýe gelen wagtym, işden sypynşyp ýarygijeden soñ ýada dañdan okaýan esasy. Ozalkylardan has gowy düşinip ugradym Ezizowa. Aglap-gülmam kynam bolsa, soñky döwür goşgulary gözümi doldurýar. Biri ýaşamaly bolsa, Gurbannazar ýaşamaly eken diýdirýä. Men ony göremok. Tanamok. Gezen köçelerindenem geçemok. Bir asmanyñ astynda da ýaşamok. Topraga duwlananyda ýarym asyr boluberipdir. Şeýlede bolsa, biparh duýgyña, domma ruhyña täsir edip bilmegi, edebiýatyñ-poeziýañ güýjimikä?! Ýa da onuñ Şahsyýetiniñ-ruhynyñ güýjimikä?! Ýogsamam bu ikisiniñ bilelikdäki güýjimikä?!07 Oktýabr, 2022

Sentýabryň 28-inden 29-yna geçilýän gije Gurbannazar neressäň pahyr bolan gijesi. Öýlerine gitdik. Aýaly Halnabat gelneje bilen oturdyk, ýatlaşdyk. Halnabat gelnejemiz Gurbannazardan 6 ýaş kiçi. Garrajak bolupdyr. Şonda-da hyzmat etdi. Gurbannazary ýatlap "Alla bir adama üç sypaty birden bermezmiş diýýäler. Görmegeýligi, adamkärçiligi hem talanty (ukyplylyk, dördijilik zehini). Gurbannazara şolaryň üçüsem berlen eken diýýärler" diýdi. Bu hakykatdanam şeýle Gurbannazaryň üýtgeşik mawy gözleri, gadymy grek hudaýlarynyň şekillerindäki ýaly gönüden gaşynyň deňinde egrelmeýän burny, owadan sesi, mähirli ýylgyryşy, täsin gülküsi bardy. Muny öwmek üçin aýdamok. Diňe menem däl muny aýdýan. Adamkärçiligi hakynda aýtsam ondan öýkelän adam ýokmuka diýýän. Şeýle hoşgylaw, sypaýy adamdy, hem dogrusyny aýtmagam başarýardy. Bir gezek seminarda goşgularyny okap, oňa syn bermeli adam ýalňyş-ýalňyş gürrüňler edýär. Gurbannazaram seminary alyp barýar. Şonda onuň öňündäki öňem tertipli duran kagyzlaryny tertipleşdirip başagaý boluşy göz öňümden gidenok. Çykyş edip durana ýalňyşýaň diýdi çalaja. Soň özi çykyş etdi. Çykyşynda-da ýaňky ýalňyş zatlary aýdanyň adynam tutmady. Menden gowy gören ýerlerini bellän eken, şolary aýtdy. Edebiýadyny aýdybam oturmaýyn. Onuň goşgularyny bir okasaň ýene okasyň gelýär. Onuň bilen jennetde görüşmek nesibämizde bar bolsun, Alla jan.

Biri: Bolar, Ylýas aga. Asylam Ekizlere girýän köplenç, döredijiligiñize hormatym uly. Işleriñizde üstünlik dileýän. Sagboluñ dost hasaplaýanyñyz üçin, dostum.05 Oktýabr, 2022

Alla ömür bersin, abraýy bilen.

Biri: Amin. Dilegiñize goşulyan. Adam haky, hakykaty ýatladyp, şo tarapa gitmäge itergi berip durjak dost, ýoldaş, ýakyn küýseýär. Gynansam-da, men şu babatda özümi has ýalñyz duýýan.03 Oktýabr, 2022

Bu meselede ýalňyz dälsiň. Edil seniň bilen pikirdeş adamlaram kändir. Ýöne olara duşmak kyn. Olara göze-başa düşüp ýörmeýärler. Ýoknasyz gep aýdyp ýürek bulap ýörmeýärler. Meni özüňe ýaran hasaplap bilersiň. Eger garşy bolmasaň menem saňa dost diýjek. Içiň gysan wagty, özüňi ýalňyz duýan pursatlaryň Ekizlere giräý. Azajygam bolsa derdiňi ýeňletjek ýazgylary tapamykaň-a diýýän.

Biri: Ahyrýet aladasy bilen bu durmuşyñ aladalarynyñ deñagramlygyny nähili sazlap bolar? Biz bu durmuşyñ aladasyny haaas haaas köp edyan yaly.28 Sentýabr, 2022

Adama mahsus bir häsiýet, şu günki bähbidini ertirki bähbitden ileri tutmak häsiýedi bu deňagramlylygy boaýýada. Ahyret haçanam bolsa bir r wagtlarda boljak, öu günki gün bolsa geçip barýar.Adam haçanam bolsa bir gün görjek esasy peýdasyndan galyp şu günki geçip barýan, ýitirip barýan bähbitlerini sypdyrmajak bolýar. Şol bähbitler ertiriň, o düýäňe peýdasy degjek sogabyň bilen utgaşsady. Kä halatlarda bir pursatjyk gülküň hatyrasyna biz bir adamyň göwnüni ýykyp, ýüregini ynjytmakdanam gaýtmaýas. Soňundanam göwnüňe alaýma, göwnüňe degen bolsam bagyşla diýmäge durýas. Emma ýaňky bolgusyz gülkümiz bilen günä galanymyz ýadymayza düşenok. Şol gülki gänä gazandyrjak bolsa, ýerine aglanyň gowy boljagy aklymyza gelenok. Alla her kime haýyr-sogapda ýaşamaga kömek etsin.

Myhman: Agam salawmaleykum. Size yene bir soragym bar. Tazelikde yazyp baslan bolsan, ya entek yazanlaryny cap etdirmedik bolsan oz awtorluk hukugyny nadip goramaly? Gowy gosgy yazyp barlap bermegini, oz pikirini aytmagyny hayys edip bir sahyra/yazyja okamaga bersen, olam ony oz adyndan gazetde cap etdirse gosgynyn seninkidigini nadip subut etmeli? Yada aydym etmek ucin gosgyny bir aydymca bersen, olam aydymyn sozlerinem men yazdym diyip aydyp yorse aydymyn sozlerinin awtory ozindigini nadip subut etmeli? Entek gosgusy hic yerde cap edilmedik. Tanalmayan adama kim ynanar?25 Sentýabr, 2022

Şu mesele kyn mesele. Çap edilen zadyňdan gowja ýeron ulanyp zat ýazýanlaram bolýar. Adamlaryň ynsabyna bagly bolaýmasa. Sebäbi senem çap edilmedik zadyňa meňki diýeniň bilen seňki bolmaýa. Şonuň üçin eseriňi ynamdar adama okamaga bermeli. Mende bir waka bolupdy. Gazýede beren goşgularymy başga biriniň ady bilen çap etdiler. Menem bu nähili bolýar diýip barsam, iki awtoryň goşgulary çap edilýän eken-de meň adym ýazylmandyr. O wagtlar gazýetleriň harplary gurşundan guýlardy. Meň adym ýazylgy gurşun gaçypdyr. Onam bilmändirler. Gazýediň indiki sanynda goşgularymy gaýtadan öz adym bilen çap etdiler.

Jemal: Salam Ylyas aga,Magtymguly Pyragynyñ "...teke,yomut,gökleñ,yazyr,alili,Bir dowlete gulluk etsek bäşimiz..." setirinde name uçin ärsaryny agzamadyka?öz garayşyñyzy biz bn paylaşsañyz hoşal bolarys..09 Awgust, 2022

Şol goşgyň Magtymgulynyňkydygy ýa-da däldigi jedelli. Kim ýazanam bolsa bir goşgy setirine ähli türkmen taýpalaryny sygdyryp bolmaz. Menilň bilişimçe türkmenleriň başyny jemlän Ärsary baba bolmaly.

Kyýas: Meniň özüm edebiýata giç höwes döränem bolsa, özümiň goşgy eserlerimi çap etdiresim gelýär, ýagny goşgylarymda bogun kem ýa artyk gelýän, ýa-da akymyň ýitýän ýerleri bar. Üstünde işlemekde meniň tejribäm ýetenok. bir eser ýazmak isleýän oňada çeperçilik we fantaziýam pes gelýär. men nähili ýagdaýda eserimiň yzyny dowam edip bilerin? goşgularymy agsaksyz halda ýazyp bilerin? maslahat berseňiz06 Awgust, 2022

Okap, ýazyp tejribe toplap. Ýazýan zatlaryňy ýüregiň bilen ýazyp ýetäýmeseň. Köp okamak, öwrenmek islendik kärdede ussatlyga eltýän ýolmuka diýýän.

Mekan: Hatyja atly saytyn okyjysyna yuzlenme. Hatyja sizden hayys bu saytdaky Hydyr aganyn sorag/jogap boliminde size hat yazypdym. Sol yere girip elektron postanyzyn adresini yazayyn. Pocda yok bolsa dusunyan adam kopdir pocda acdyrayyn. Bu yerde nomer goysam cykarylmazlygy mumkin. Eger alajyny tapsam nomerem goyaryn. Hatyja bolmanda Hydyr agan sorag bolumine girip mana hat galdyryn. Aladan sizin saglygynyzy dileyarin. Ylyas aga bu saytda birine hat yazmagyn dogry daldigini bilyarin. Yone habarlasmak ucin basga usul tapylmady. Men bir zenan masgala komek edesim geldi. Basga erbet mamyda dusunman. Bu hatymy saytda goymaklygynyzy hayys edyan. Oninden kop Tanyr yalkasyn aydyan. Doredijilikde ustunlik arzuw edyan.01 Iýul, 2022

Mekan (adyň Mekandygam belli däl. Öň başga bir at bilen hat ýazypdyňyz,ýalňyşmasam) bolýar beli söýgüňiz ýürekdendir.

Çary.: Salam nädip hasab döredmeli?15 Iýun, 2022

Nämäň hasabyny döretjek bolýaňyz? Eger agza bolmak hakynda aýdýan bolsaň baş sahypada düşündirişi bardyr.

Avbölek: Salam ylýas aga size bir soragym bar.edebiýaty döreden adam kimka?24 Maý, 2022

Edebiýady bir adam, hatda bir millet döredipdir diýsegem ýalňyş bolar. Edebiýat tutuş adamzadyň geplemek ukyby ýaly bir zatmyka diýýän. Adamzat dilden, gepleşmekden galsa nähili bolar? Edil şonuň ýaly edebiýatsyz galmagam elhenç bir zat bolup görünýär. Adamlara geplemegi kim öwredipdir? Kim öwreden bolsa, edebiýadam şol döreden bolsa gerek. Edebiýat adamy adam edýär. Ony beýleki mahluklardan tapawutly edýär. Edebiýatdan habarsyz adamam gitdigiçe haýwanlaşsa gerek. Ol edebiýady ilkinji gezek hüwdüsi bilen, soň erteki, rowaýat, gülküli wakalar bilen alýar. Soň kitap bilen tanyşýar. Kitap bilen ösýär, kämilleşýär.

Anna: Adamzady söýýän adama name diyilyar?24 Aprel, 2022

Berekella diýäýmeseň. Şeýle adamlar nähili atlandyrylýar diýip soraýan bolsaňyz ony bilmedim.

Myhman: Salawmaleykum agam, bir soragym bardy. Oz doretyan zatlaryny gazetde cap etdirmek ucin redaksiyalara goybersen cap edilyandigi, ya edilmeyandigi barada jogap hat goyberyalermika? Hazir elektron pocdadan goyberyan eserinem cap edilyamika? Hemme gazetlerin elektron pocdasy barmy? Yene bir sorag galam hakynyn nacerak bolyandygy barada aydaysanyz. Asgabatda yasamayan bolsan galam hakyny nadip almaly. Galam haky soramalymy ya hokman dalmi soramak ozleri beryami? Sol zatlar barada gurrun berayseniz.15 Mart, 2022

Waleýkim essalam. Gazetlere materialy internediň üsti bilen iberseňem bolýar. Her gazetiň öz adresi bar. Iň soňky sahypasynda goýlandyr adresi. Ýazan zadyň hili, çap edilip-edilmejekdigi hakynda gazet habar bermeýär. Galam haky tölenýär. Kartyňa geçirilýär. Onuň üçin makalaň haýsy gazetde çykan bolsa, sen olara bankdaky belgiňi habar bermeli bolýaň. Eger habar ibereňde yzynda telefon nomeriňi hem goýsaň gazetçiler şoňa jaň edip seň bilen habarlaşýarlar. Işleriňde üstünlik!

Babyr: Ýalñyşmasam ip adres dp bir zat bar bolmaly, şoñ bn bilibem bolsa bolýandyr, kimiñ kim bolup girýänini. Her kim edenini etmese gowy.01 Mart, 2022

Bu meseleleri öwrenerisem,bilerisem inialla.Ýöne giň bolalayň. Olary bilmekden, ýa tanamakdan näme peýda geler. Hajathana näme dökülýänini dörmek ýaly bolaýmasa. Şonuň üçin iň gowusy olara ýanaşmazlykmyka diýýän. Olara golaýlamalam däl, olary golaýyňa goýbermelem däl. Şonuň üçin bu temany ýapsak gowy bolar diýipdim. Şu günden beýläk doly ýapýas. Diňe edebiýat, sungat, medeniýet.

Kakamyrat mugallym: Menin adymdan yazan nadana begendiriji jogap bereniniz ucin Men Sizden minnetdar Ylyas doganym! Diyibersinler yaranjan Size ussat yazarlara yaranyp bilsem Menin armanym yok Sebabi Siz hakdan icin ussat yazarlar Goribilmedigin gozi cyksyn Size Alladan saglyk elinizize rowaclyk01 Mart, 2022

Saýta agza bolup girmegiň usulyny üýtgetmesek boljak däl. Kim näme ýazyp, kimiň adyndan çykaryp ýör ony biz bilip bilmeýäris. Bärde bir betpäliň biri saýty bulajak bolýan bolaýmasa diýip alada galýan. Ilki tankytlan bolup gördüler. Soň kejeleşik gurajak boldular. Göwnüňize almaweriň. Il uly, her hili adam bar.

Okyjy: Ylyas aga size aga diyesim gelenok indi. Bizin arkamyzy almagyn deregine, sypayysyrap, medeniyetlisirap otyrsyn. Arman uly bolayyanda. Bolmasa akyllysyrayan bos kellani pitiklardim. Bagysla diyip syladym sen sylanmaga mynasyp dal ekenin. Ozini sypayy edip gorkezjek bolma. Senin nahilidigini kopimiz bildik.26 Fewral, 2022

Begendim. Kime-de bolsa birine özümi bildirip bilipdirin. Özüme ýaşym ýetmişe ýetip barýaram welin özümi bilmän geçdim. Şonuň üçin bu kellä pitikläýseňem bolýar.

Kakamyrat mugallym: Hazir erbet hasiyetlerim sebapli ynsabym gynayar. Az wagt gecenden son bu yazanlarymy men yazmadym diyip boynuma almazlygymam mumkin. Menden dana maslahatlarynyzy gysganman.26 Fewral, 2022

Ýen bir ýagdaýam bar. Mugallym adam giň, geçirimli, ýüzi gülüp duran bolmaly bolýar. Elbet mydam syrtaryp ýören däl. Şonda-da beýleki adamlara görä ýüzi açyk bolmalymyka diýýän. Bu-da adamyň häsiýedine geçýär. Okuwçysyny ýalňyşsa-da birbada görmediklerden bolup, soň ony düzetmek, derrew onuň ýalňyşyny aýdyp utandyrandan gowy ýaly. Çagaň ýüregi päkiň ýüzi ýaly. Ol mugallymyndan ürkse soň onuň sapagyny okasam gelmän bilýär. Şonuň üçin mugallym özüni gowy gördürip soň edep-terbiýe bermeli bolýarmyka diýýän. Gowy gördürmegiňem bir ýany ýaranjaňlyga golaý baraýýar. Rowaýat mysal getirip ýazan jogabymda sen maňa ýaranjaňlyk edýäň diýjek bolmadym. Umuman bir adamy aşa öwüp sandanam çykaryp bolýandygyny, umuman öwgini halamaýandygymy aýtjak boldum.

Kakamyrat mugallym: Hormatly ekizler oylanyp gordim welin, menin size aydanlarym yaranjanlyga mennzeyar. Yazan rowayatynyz tasir etdi. Men kop adama yaranjanlyk edyan. Bu hasiyetim sebapli mana yaranjan diyyanler, meni halamayanlar kop. Yaranjanlygy goyup bilemok. Bu hasiyetimi nadip duzedip bilerin. Mana maslahat berayin. Sizin ikinizin at/abrayynyza hormat goyyan beyik derejeli doganlar.26 Fewral, 2022

Öz erbet ýa-da pes tarapyňy görmek uly zat. Öňde=de bir iki dost Çary Karany gepde utjak bolup: "Çary aga o biri hajathanasyna ýüz görülýän aýna oturdypdyr, özem aşakdan" diýipdirler. Çary aga-da: "Ol bizden (sizden manysynda) akylly eken. Näme-de bolsa syrtyny tanar" diýipdir. Şondaky ýaly "syrtyňy tanamak" gaty kyn mesele. Ýogsa Çary Karan nire, olar nire? Ýaranjaňlyk, adamlara ýaranmak, olara özüňi ýigrendirenden kän gowudygy belli. Ýöne oňam öz çeni bar. Birden maňa ýaranjaň diýäýmesinler diýip, aňryňdan gelýän minnetdarlygyňy bildirmän dommarlyp otursaňam, mysal üçin, bagşyhyň howuny bermän otursaň "muňa aýdym täsir edenok öýdýän" diýerler. Zol-zol "how" diýip dursaňam "ýürege düşdi" diýerler. Umuman adamlar näme üçin ýaranjaňlyk edýärler? Ýalňyşmasam onuň köki hantamalyk, tamakinçilik bolsa gerek. Köçe syryp ýören item bir süňk tapan çelegini on günläp her gün barlap gidermiş diýýärler. Adamam bir ýaranjaňlyk edende "gowja bähbit" görse "şu gezegem şoň ýaly bolmazmyka" diýip ony gaýtalaýar. Ýogsa Alladan başgadan tamakin bolmak gowy däldir diýip eşiden bolmagymyzam mümkin. Şonda-da belki "süňkjagaz" düşer diýip ýaranjaňlyk edäýýäris. Onsoňam ýaranjaňlyk etseň ony halamaýanlardan halaýanlaryň köp bolmagam ahmal. Bu=da bizi azaşdyrýan zatlaryň birimikä diýýän.

Durdy: Agam eger mumkin bolsa sahyr Mammetnazar barada dolyrak gurrin berayin. Ol nacenji yyl we ol barada beyleki bilyan zatlarynyzy aydayyn.18 Fewral, 2022

Ol 1954-nji ýyl bolaýmasa. Mende üýtgeşik aýdara zat ýok. Ol ömrüniň köp bölegini Daşoguzda geçirdi. Ýaşka, talypka tirkeşipdik. Gowy ýigitdi. Göwni açyk, sada, hakyky şahyr häsiýetli adamdy. Mämmetnazar hakynda, döredijiligi hakynda uly-uly makalalaram ýazylsa gerek. Ol şoňa mynasyp şahyr.

Babyr: Şol taksileri görüp menem geñirgendim Ýalkyma baramda. Ýone pikirlenip oturýañ welin mejbur bolýandyrlar da. Döwurem öñki dowur dal indi. Mysal ucin men öýmüze hiç haçan eşik dp azar berip goren çaga däl. Doñaklykda kostýumlyja ýyrtyk ädiklije gidip gelerdim mekdebe. Indi çagalar adidas nike diydi yene gor diydi, her hiljek zada geyjekler, iyjekler, samsung, iphone goterjekler. Ene atalaram her edip hesip edip balajyklarnyñ gownuni gorup, ilden kem bolmaz yaly etjekler. Hemme diyenini edip, hic kimce yok nesil yetişdiryaler. Bir baý cagasy bir zat etse şondan galdyrmajak. Nadibem bolsa bir manadyñyzy 2 ediñ diýjek. Diñe ozlerinden ýokarlary gorjek, ozinden bir manady kän bolsa şony sylajak... şeýdibem gidiberyandirda...16 Fewral, 2022

Taksileriň bolany gowy. Garry-gurty bar, biz ýalylar bar. Ýöremesi kynlar bar, ýüklüler bar. Taksi hemmä-de gerek. Ýoluň kireýini almak bolsa ters däl. Ýagşylyk edip gaýtargysyny, muzduny soraýanlar o dünýä goýman şu dünýede hasaplaşýarlar. Olaryň gazanjam bir içerä gowy tekgelik bolýar diýýärler. Çagalarymyzy bäbekliginden hiç kimden pes etmejek bolýanymyzam adamyň zandyndaky bar zat. Ýöne bu meselede aşa gitmeli dälmikä diýýän. Nesillerimizi edep-terbiýede, bilimde iliňkiden pes etmejek bolmaga yhlas etsek, bir içerä däl, tutuş ýurdumyza bähbitli bolar. Şeýle içerilerem bar şükür.

Durdy: Agam bu sayta akylly adamlar giryamika diysem beylede dal eken. G diyilyan bir zatlar yazypdyr heme oz kimdigini gorkezipdir. Siz dinden basynyz cykyan bolmaly. Birine kor bolsun diyip gargamagyn erbet zatdygyny aydayyn bulara. Ol adam gatybir erbet zat, hapa sozleri yazmandra. Her kimin oz garaysy bara. Bular syrt diyen yaly zatlary aydyp yene birine akyl berjek bolyalar. Sizin jogap berisiniz yaly edibem jogap berip bilerdilera. Bularyn bira yaranjanlyk edip sizi utandyrjak bolyar. Kakamyrat diyilyane sizin ozinizem gowy dusindiripsiniz. Beylekilerem sahel sozi goterip bilman durlar. Bularyn gargap oturan G diyilyani sizede, bularada gargamandyr, ya gaty yaman zadam yazmandyr. Ylyas aga yada menin aytyanlarym dogry dalmi. Bu adamlara azyrajyk dusundirayin.15 Fewral, 2022

Bärde tarap-tarap bolup bir-biregiň kemini gözläp, ol beýdiýmändir, o beýdiýipdir diýip kejeleşilýän ruhy döretjek bolup çalyşmak ýalňyş bolar. Şonuň üçin men hiç kime-de gowy ýa erbet diýesim gelenok. Geliň hiçimizem ony etmäliň. Goý, ýalňyşanyň özi öz ýalňyşyna düşünsin. G hakynda indi hat ýazana jogap bermekden saklanjakdyryn. Meseläni çişirmezlik üçin.

Süleýman: 5.Asyk bolmagyna birinji sebap bolya zat nm zat 15 Fewral, 2022

Yşk heseri herkime birhili urýan bolaýmasa.

CHELSEA: Hydyr Ylyas Amangeldiyewler. Salam gowmy yagdaylarynyz. Yetip gelyan Baydak bayramynyzam gutly bolsun. Sizin hekayalarynyzy Edebiyat sungat gazetdan kop okayaryn. Gowy yazyarsynyz. Mumkin bolsa birki gunlikde aramyzdan giden halypa shahyr Mammetnazar Babanazarow hakda oz pikirinizi aydaysanyz. Minnetdar15 Fewral, 2022

Mämmetnazar gaty gowy şahyrdy. Belki-dedöwrüniň iň gowy şahyrydy. Arman ömri gysga eken. Hemem ohuň Aşgabatdan Daşoguza gitmegi oňuna bolmady. Gaty myhmansöýer Daşoguz köpçüligi, ony gurşanlar ony dogry ýola gönükdirmekden geçen ters tarapa alyp gitdiler. Günde-günaşa gurnalýan meýlislere şahyr ýüregi çydamady. Ýöne gaty adamkärçilikli, zehinli şahyrdy. Imanly bolsun. Bizem eşidip gaty gynandyk.

Kakamyrat mugallym!: Yagsylyk yagsy gylyk diyip ata babalar dogry aydypdyrlar Yagsylyk etmek hemme kisa basartmayar Yamanlyk etmeseler sukur edelin Adamlar Yagsylyk daslasyp gidip baryar Hany onki sukurli sabyrly kanagatly adamlar Sukur entegem azam bolsa bar Yagsylyk edip yoren gowy adamlar Hos sozuni gysganma solam yagsylygyn bir gornusi Mydama ynsanyn gowy tarapyn aydyn sizem sonda gowy gorerler Kemciliksiz adam yok Kem gylykly adam bar Kemcilik gozlemage endik eden ynsan elmydama biabraycylygyn ustunden barar Ile ozuni yigrendirer Gowy Adam mydama gowulygyn tarapyndadyr Adam bedeninde perisde bar diyilyani cyn Nahili niyetin barlygy sol perisda ayan Sonun ucin ol perisde mydama yagsy yaman delegin ozune nesip etsin diyyani hem oran dogry Ekizlerin eserlerinde hem yagsylyk yagsy gylyk gin mocberde suyjilik bilen berilyar Seyle gowy eserler Biz okyjylar her gun umyt sabyrsyzlyk billen garasyaryn Kawagt uzak garasmaly wagty bolsa mena Ekizler doganlaryn eserlerini gaytalap gaytalap okayyaryn Her gezek hem taze eser okan yaly bolyaryn Sebabi menin doganlaryn yazyan zatlaryna uly ynam bilen garayanlygym meni ahli zatdan yokarda goyyar Nace sapar okasamda doganlaryn eserleri hic yadatmayar Ussat yazarlara ynanc guycli Ekizlerellerinize Alla guys kuwwat Bersin!13 Fewral, 2022

Eşiden bir rowaýatymy aýdyp bereýin. Pygamber Serwerimiziň ýanynda bir sahaba beýleki sahabany öwüpdir. Şonda Pygamberimiz ony saklap: "Bir sahabamyň boýnuny oňurýaň" diýen manyda söz aýdypdyr. Ýagny bir adamy onuň ýüzüne öwmek boýnuny oňuran ýalydyr. "Ikiniň sylagy birin azdyrar" diýýär Magtymguly atamyz. Umuman öwmek öwýäne-de, öwülýäne-de peýdaly zat dälmikä diýýän. Öwýän çyny bilen öwýänem bolsa gepi terse çekjek oňa ýaranjaňlyk edýäň diýip biler. Öwülýäne bolsa oýnatga sereden ýaly seredilip bilner. Munuň iň dogry ýoly öwgini öwülýäniň ýok ýerinde eşitdirmän, bildirmän aýtmakmyka diýýän. Şeýdilende öwýäni diňläp duran oňa arkaýyn garşy gidibem biler, ylalaşybam biler. Iň esasysy bolsa öwülýän oňaýsyz ýagdaýa düşmez. Ady "G" harpdan başlanýan birine jogap bermek zerur bolanda, dogrusyny aýtmakdan başga alaç galmasa, şonda-da ýalňyş zady aýdyp duranyň ýalňyşyny sypaýçylyk bilen düzedip bolar. öwgüli sözleri götermäge injik gerek. Garry adamyň bolsa "süňki" gowşak bolýar. Şeýle-de bolsa garrylar ömürlerini biderek geçirmändikleriniň tassyklamasy hökmünde öwgä göwünjeň seredýärler. Emma öwgi olara ýeke şaýylygam peýda bermeýär. Garry ýogalandan soň, ýokdugy üçin hakyky öwgiden diňe peýda geler. Her kim ötenlerden sapak almaga çalşar. Gurbannazar neresse "Ölemden soň geljek ähli hormatyň/ Dirilikde ýeke birini görsem" diýip ýazypdyr. Üns beriň: "ÝEKE BIRINI" diýýär. Pygamberimiziň aýdanyndan ugur alsaň, şoň ýeke birem boýnuňy oňurmaga ýeterlik bolup biler. Alla bizi azdyrmasyn, dogry ýolundan azaşdyrmasyn.

Babyr: Bilemok, belki göwnümedir. Ýöne ýyl ýyldan adamlar biparhlaşýan ýaly. Bir owuç ýagşylyk. Kä wagt şoña şeýle bir zar bolýañ. Ol diñe maddy däl, köp ýerde ruhy kömek. Käte bir ýylgyryş, käte bir hoş söz küýseýäñ. Şoña mätäç bolýañ... "Ýagşylyk ähli jahandan isteme, Babyr kibi, Kim görüpdir eý, kòñül, ähli jahandan ýagşylyk" 12 Fewral, 2022

Gaty dogry aýdýaň. Eger şeýle bolmasady menem ony ýazmazdym. Hakykatdanam indi ýagşylyk etmek kyn, başgalardan, (jahandan) ýagşylyk görmegem şeýle. Häzir obamyzyň ýokarsyndan geçýän ulyýoluň ugrunda hatar-hatar maşyn durup taksiçilik edýärler. Biz ýaşkak yzyňdan maşyn ýetip, taňryýalkasyna-da oba düşürerdiler. Biziň bir kursdaşymyz bardy. Çeträk raýonlardan. Şol kursdaş pagta gidilende (talypkak) öýleriuzakda bolansoň diňe çemçesini biline gysdyryp gidipdi. "Şunça kursdaşyň haýsy biriniň ýanynda tabakdaş bolamda bolmaz, haýsy biri menden ýorganynyň bir çetini gysganar>" diýdi. Hakykatdanam ol bize goşulşyp ýatdam, naharam iýdi. Indi beýle zat bolýandyr öýdemok. Bolmanda düşegiňi baran ýerimiziň adamlaryndan satyn al diýerler. Adamlar gitdigiçe bir-birinden daşlaşyp barýar, gynansagam.

Kakamyrat mugallym: Babyr doganym dogry aydyar Ici gujukli pes gylykly adamlara gep dusundirjek bolup janyny hem yakma yuregini hem agyrtma Onaryan basaryan tuweleme Size Alla ikinizede den zehin beripdir Siz koprak yazyp bizi begendirip durun Sol bizin ucin uly bagt Sizin ussat yazardygynyzy bilmezlige salyanlaryn gozi kor bolsun Biz bolsa Babyr doganymyz bilen abrayynyza tuys yurekden buysanyarys Size mydama Biribardan uzak yas dileyarls Galamynyz yiti janynyz sag bolsun Alla Size Yaran Bolsun10 Fewral, 2022

Amin, amin doganlar! Il uly-da içnde her hilisi bar.Biri haýryň zary, biri şeriň zary, Gurbannazar şahyr aýtmyşlaýyn. Şer gözleýän şerem tapýar. Birini biabraý etjek bolup eden şer işi özüne biabraýçylyk bolup urulýar. Dogrusy, G dost maslahat berjek az-da kände bize kömek etjek bolandyr. Hiç kimi ýepbekläp ýere sokmak gowy zat däl. Soraglara beren jogaplarymy özümem gözden geçirdim. Iki sany aşyk-magşuk bolasy gelýänlere saýtda mümkinçilik bermänim hakykat. Sebäbem biziň saýtymyz ýaşlara ýa-da dul galanlara söýgüli tapyp berýän ýa-da olaryň duşuşyk, hat alyşyklaryny gurnaýan saýt däl. Ony edýän ýörite saýtlaram bar, şolara girsinler. Bu ýerde diňe biabraýçylyk bar. Şu ýerde bir rowaýat ýadyma düşdi. Gysgaça aýtsam, namazyny sypdyrman metjitde okaýan biri bir namaza gelmändir. Ymam sebäbini soranda "Öýde ot-ýalyn bilen däri bardy, şolardan biynjalyk bolup gelip bilmedim diýipdir. Ot bilen däri diýýäni ýetişen gyz bilen oglan. Menem şol "ot bilen därini" saýta ýakynlaşdyrmajak boldum. Biziň saýtymyz edebiýat, sungat, medeniýet saýty. Sorag-jogap saýtam däl. Gynansagam, "şu zadyňyzy okadym welin, şu ýeri maňzyma batmady. Ýa-da şu ýeri jüpüne düşüpdir" diýen ýaly hatlara (seslenmä) gaty az gabat gelýäs. Onam ýazýan zatlarymyzyň entek çigiräkdiginden görýäs. Bize siziň pikirleriňiz, garaýyşlaryňyz gyzykly hem zerur gerek. Gepi uzaltdym, aýplaşmaweriň.

Okyjy: Ylýas aga, "G" diýen aňlatma duwlanýan jenap Kondomyň önüminiň ýuwanja salyhatlylyga, nakysja medeniýetlisiremege bukulýan wälli-wüllüsine gaharym gelip ýazanlammy çykarmaga ýüzüňiz gyzanam bolsa, öten geçen bolsam ötünç soraýan. Ýöne ýaşuly, ady adam bolan üçin Allatagala akyl hem-de edep nuruny girizmäge iki sany-ha ötükli "işik" birem, ötüksiz "işik" goýupdyr. Göz bilen gulak "ötükli işikler", adamyň üşügem (seljeriş ukyby, aňy) "ötüksiz işik". Ýöne ýaňky agzalýan ýalylaň şol üç işigem owal-a temmelengi, üstündenem plombalanan. Onsoň oň ýalylaň aňyna bir zat saljak bolsaň diňe syrtyndan giräýmese, başga girýän ýeri ýok. Ýene-de bir gezek bagyşla, ýaşuly. Ýöne, atasy bilen ýaşytdaş adama akyl satan bolup, wäçjiklän bolşy ibaly adam däldigini aňladýar. Galan ýerini saýtyňda goýmasaňam, ýaşuly, oňa gidip beýle agyz deňeşesi gelýän bolsa, beýnisi bekemedikleň saýtlarynyň birine gitmegi maslahat berýän ýerimi bir goýsana, gaýrat et-de. Şol ýerde oňa hut özüne mynasyp bolaýjak jogaby bererler. Belki ol öz ýanyndan azarlap, şeýle jogabyň berilmegini küýseýänem bolmagy ahmal. 10 Fewral, 2022

Okyjy, bu hatyňy çykaraýyn. Näme-de bolsa köşeşipsiňiz. Bir akmak guýa daş atar, ýüz akyllam ony çykarjak bolar diýilýäne bardy biziňkem.

Babyr: Seslenman durup bilmedim. Özim bolsam hiçisinem çykarmazdym içi güjükli teswirleñ. Ýone: "Doñuz derýa neýlär, it üýrüp Aýa" diýýär. Kakamyrat mugallyma menem goşulýan. Sizi gaty sylaýan ekenler. "Beýle okaýanyñ, halaýanyñ çyn bolsa, Ýör, äkideýin, gaty gowy adamlardyr olar." Diýdiler maña da. Ýaýdanjañlygam gowy zat däl. Bir ýyl bäri ynha-ynha dp ýörün.09 Fewral, 2022

Babyr dost, gelseňiz gapymyz açyk. Tamaňyzy ödäp öňüňizde durup bilsek bolýa. Öňki jogap bermesi "kyn düşen" haty ýatlasymam gelenok. Ot ýanmasa tüsse çykmazam diýýärler. Tüsse çykarjak bolup "ot gorsap" ýörenlerem tapylýar-da. Okyjylardan biri hasam gaharly hat ýazypdyr. Agzyndan gelenini diýýär diýsemem bärden gaýtjak. Ýöne gelşirip ýazypdyr. Onuň haty çap etmäge utanýan. Okap öz ýüzüm gyzyp gitdi. Ýöne gowy maslahatam beripdir: "Ylýas aga! Muň ýaly osraklara sözüňi zaýalamasana, ýaşuly! "Niýetiň, päliň ýoldaşyň bolsun" diýip deňesinden geç-de gidibersene". Şony edenden dogrusy ýokmuka diýýän. Hatlaryňyz, maslahatlaryňyz üçin sag boluň. Bu waka gaýta maňa ýazmaga itergi boldy.

G: Agam name ucin menin sizin kemciliklerinizi gorkezip yazanlarymy cykarmansynyz. Munynyz namartlyk bolyara iki sany yazgy yazdym. Ozinizi owip yazylan zatlary cykaryanyz. Hakykat gowninize yaranokmy? Menin yazanlarymda soginc yada yalan zatlaram yokdy. Size tohmetem atamok. Belki durmusda gowy adamsynyz, gowy yazyjysynyz. Men dine soraglara jogap bermekdaki kemciliginizi aytdym. Menin yazanlarymy cykarmadygynyzam saytynyzda senzura bardygyny gorkezyar. Bir azyrak merdirak bolup yalnyslarynyzy duzedersiniz diyip umyt etdim. Menin yazanlaryma jogap bermezliginiz aydyanlarymy sessiz boyun alyanynyzy anlatyarmy yada boyun almaga gorkyanynyzy anladyarmy? Yada bulam yene bir gezek ulumsylygy gorkezmeginizmi? Gaty gorme agam yazanlarym menin pikirim. Eger mertlik edip menin onki yazanlarymam, hazirki yazanymam gowy jogaplap yalnysynyza dusunseniz galan bahany sayta beyleki giryanler berer. Biz dusunisip bileris diyip pikir edyan Ylyas aga hemem mertlikde aganyz Hydyr agadan gorelde almagy maslahat beryan.08 Fewral, 2022

Dost, öňki ýazgylaryňyzy okadym. Bellige aldym. Siz ony maňa niýetläp ýazdyňyzmy ýa-da köpçülik okasyn diýip ýazdyňyzmy? Elbetde maňa, kemçiliklerini düzetsin, maslahatymy berýin diýip ýazansyňyz. Onsoň olary hemmeler okar ýaly etmegiň manysy näme? Kemçiliksiz adam barmy näme? Kemçiligi gören mahaly Pygamberimiz ony kemçilik goýbereniň özüne ýüzlenmän köpçülige ýüzlenip aýdar eken. Şonda kemçilik goýberen öz hatasyna has gowy düşünip, özi öz ýanyndan utanyp ony gaýtalamaz eken. Ýok, eger-de harçaňlaşmak, biriniň (meniň) ýüzümi gyzdyrmak islän bolsaňyz, uly ýazyjylaryň biri her gören kemçiligiňi düzetjek bolup ýörenden öz kemçiligiňi düzetmek saňa has bähbitlidir diýýär. Näme üçindir her ýazgyňyzda Hydyr agamy ara goşýarsyňyz? Men agamy mydamam sylap, ondan görelde alyp gelýän. Men samsyk bolamda-da siz akyllymykaňyz diýipdim. Görýän welin ikimizem deňeçerräk bar öýdýän. Şu ýerde ýene bir zady ýazasym gelýär. Hekaýalaryň ýa başga okan zatlaryňyzyň gürrüňini etmän, bolgusyzja soragdyr jogaplaryň uly gürrüňini etmek maňa-da haýyrly däl size-de. Geliň, edebiýadyň gürrüňini edeliň.Ähli güýjümizi, gaýratymyzy, bilimimizi edebiýada sarp edeliň. Ýa men ýene ýalňyşýarmykam? Siz diňe meniň däl Hydyr agamyňam başyny agyrdýaňyz. Näme aýdýanlaryňyzy okamak agama haýyrlydyr öýdýäňizmi? Sygryň şahyna ursaň endamy syzlar diýip eşitmänmidiňiz? Indi öwgüli hatlara jogap berýändigimiň sebäbini aýdaýyn. Birinjiden, olar öwgüli däl-de, hoş niýetli. Ikinjidenem, ýagşy söz ýylany hinden çykarar diýýärler. Hoş niýetli adamyň ýüzüni göreňde eýýäm başga zatlara gaharly gelenem bolsaň ýumşaýaň. Adamlaryň arasynda eli gylyçly gezeniňden bir desse gülli gezeniň gowy dälmi? Birden ýüzi çytyk birini görseňem eliňdäki desseden gül ber, göwnüni aç. Ýok meniň ýaly gödek, terbiýesiz, edere iş tapman oturan garry bilen düşünşip bilmeýän bolsaňyz öz ygtyýaryňdaky zat ahyryn. Size hatlaryňyzy zorlap, ýa ýokardan görkezme berip ýazdyrýan ýokdur-a. Ýazma-da, okama-da. KImiň göwnüne degen bolsam, ýene bir gezek ötünç soraýan.

Kakamyrat mugallym!: Yazyjy Doganlar! Ekizler! Hydyr hemde Ylyas!Sizin kakanyz Amangeldi aga barada obanyn ululary uzak wagtlap yatda galyjy yatlamalary aydyp beryarler Olaryn Amangeldi aga baradaky suyji yatlamalary biz dinleyjileri hic yadatmayardy Arman sol Amangeldi aga baradaky hakykaty wagtynda yazgy edip bellemanligim ucin oz ozume igenyarin Akyldarlaryn esidip yazyp almadyk zatlaryn yitiren hazynana dendir diyen sozlerini okuwcylara gunde yatladyaryn Esiden gowy zatlarynyzy yazyjy almaga yaltanman diyip diyip olara gunde yatladyaryn Bolar boldusyzlaryn Ylyas aga eyle Ylyas aga beyle diyip bolgusyz biderek zatlary Ekizler saytynda yazyandyklaryna Men Gary gynanyaryn Ol bidereklere Tanram sizdan bizar Eger Ekizlerin nahili Beyik ynsanlardygyny pak yurekli adamlardygyny ussat yazardyklaryny bilesiniz gelse Yalkym obasy beyle bir uzak ulke dal hacan gidip Olaryn myhmany bolaryn diyseniz men tayyar size yoldas bolmaga Hazirlikce Sizin hemmaniz bilen hoslasyaryn Yazar Ekizler doganlaryma bolsa bu dunyede abray rowaclyk ustunlik yar bolsun Alla howandar bolsun!08 Fewral, 2022

Kakamyň artykmaç gowy adam bolandygy hakynda köp eşitdik, köp gezek özümizem şaýat bolduk. Bende 87 ýaşap ýogaldy. Bizden bolan agtyjaklaryny gujagyna alyp oturmak nesibesinde bar eken. Kakam hakynda ýazmak biziň hiç wagtam ýadymyzdan çykanok. Bendäň sesinem ýazyp alypdyk. Ýöne o döwrüň magnitafonlarylentasy galmady. Ýazgylaram her näçe gynansagam ýitip gidipdir. Hydyr atam, kakam... beýleki ýakynlarymyz hakynda roman ýazyp ýör. Menem hekaýalarymda olardan galan ýatlamalardan peýdalanjak bolýan. Ýöne kakaň hakynda ýazmak gaty kyn hem jogapkärli. Şonda-da elimizden gelenini etmäge çalyşýarys.

Kakamyrat Akmyradow mugallym: Gadyrdan yazyjy doganym Ylyas Amangeldi! Sizin Gunun Dogmagy ansatmy atly gyzykly eserinizi suyjilik bilen hezil edip gaytalap gaytalap okap otyryn Okadygyncada eserin tagamy bala donyar Sizin beyan edyan zatlarynyzyn ahlisi hakykat Menin ogullarymyn ikisi hem sol Sizin aydyan Baskentinizi tapawutlanan bahalar bilen gutardylar Sol yer de okadan mugallymlar son sonlaram ogullaryma hossar cykyp yokary bilimli adamkarcilikli ynsanlar bolmagyny durmusda ozlerini tapmaklaryny gazandylar Baskentde sonra yokary jay da okadan Turk mugallymlaryny ogullarym hazirem yagsylykda yatlayarlar Su zatlary Size ýazmak bilen Ekizler Siz yazarlaryn ussady Sizin yazyan zatlarynyz onlki sunnum bilen garbap alyaryn Sizkoprak yazyn Sizden bize serpay bolar Size Alla uzak yas bersin Sizin ornunyz bizin kalbymyzdasynyz Doganlar Ekizler Ajayyp adamkarcilikli ynsanlar! Hos Nesibeli gun didarlasarys Ensalla! Hak Alla Amin!,07 Fewral, 2022

Haçan gelseňiz gapymyz açyk. Oturarys, edebiýadyň, okuwyň-bilimiň gürrüňini ederis. Şol okadym diýen kitabyňa sygmadyk zatlaram bar. Häzirki türkmen mekdepleri, olardaky jany bilen işleýän mugallymlar hakynda-da ýazasym gelýär. Gowyny ýazsaň ondan öwrenýänem kän bolýar. Belki gelseňiz muňa itergi berersiňiz. Hakykatdanam Ýalkyma gelseňiz bärde adamlar bir-birini gowy tanaýar. Bizem ilden artykmaç däl, şonda-da sylaglaryna sogap ýazylsyn. Bäş gün ömürde sylag-hormatdan gowy zat barmy!

Kakamyrat mugallym: Yazyjy doganlar Hydyr hemde Ylyas!Sizin neberanizi hemde Sizi Yalkym obasynda seyle bir gowy goryarler dillerinden dusurenoklar Sizin ile edyan hayyr sogaplarynyz uly kicinin dilinde Men Yalkym obasynyn mekdebinde on yyla golay isledim Mydamada Sizi gormegin arzuwynda gezdim Hazir basga mekdepde isleyarin Nesibeli guni didarlasarys Hos sag bolun07 Fewral, 2022

Hoş sözleriňiz üçin sag boluň. Ýagşy dilegleriňiz kbul bolsun! Size-de Alla uzak ömür bersin. Ýalkymda mugallymçylyk edeniňizden habarymyz bolmandyr. Ýalkymyň mekdebinde okaýan agtyjyklarym bar welin, olaram körperäk. Mugallymçylyk gowy kär. Ýöne ýazyjylykdanam kynmyka diýýän. Biz dogrusy ýazyjy däl. Men agronom, Hydyr zootehnik. Gurbannazar Eziz sebäpli(owaly Alladandyr elbet) galam-kagyza imrindik gidiberdik. Häzirem ýazyjy boljakdym ha, ýazyjy bolýyn-la diýip ýazamyzok. Öz ýüregimizdäkileri kagyza geçirýäs, bolany. Biz ýazýan zatlarymyz bilen eklenemizogam. Olardan görýän ýeke bähbidimiz olam siz ýalylaryň hoş sözi. Ýazan zatlarym yzymda ýitmän galar diýibem ýazamok. Ýitmese gowy zat, ýitse-de okanlaryň köňlüne siňip ýiter. Belki Hudaý...

Kakamyrat Akmyradow: Ekizler. Hydyr hemde Ylyas Amangeldiyewler! Sizin ikinizede Alladan uzak yas has dileyarin!06 Fewral, 2022

Bizi sylany Alla sylasyn! Ýamanyň ýüzüni aňryk etsin! Saňa-da Alla uzak ýaş bersin! Durmuşyň manysy meger şondadyr. Bir-birege gowulyk dileg etmek ýürekden bolanda başgaça bolýar. Seni edebiýada-da ruhlandyrýar, başga işlere-de. Üýtgeşik elimizden gelýän zadam ýok. Öten -geçen ýazyjylaryň basan yzyna-da degýän däl bolmagymyz mümkin. Şonda-da adam pahyr bizem okaýan, bize-de bir zatlar ýazyňsana diýýänler bar diýip ýazjak bolýas. Azabymyz ýerine düşýän bolsunda hernä. Muny kiçigöwünlisiräp ýazýandyr öýtjeklerem tapylar. Olar ýalylaryň öz işi. Her kimiň ölçeg daşam özüne, öz içindäkilere görä bolýar. Men näme ýazsam Hydyra, maňa-da uzak ýaş dileýänler üçin ýazýaryn. Çünki olar maňa dogry düşünýärler hem ýazanlarymy dogry kabul edýärler.

D: Salam hiç hili düşünmedim näme barada gidýär gürrüüň? 02 Fewral, 2022

Siz näme-de bolsa bir zada düşünmänsiňiz, men welin siziň nämä düşünmändigiňize-de düşünip bilmän otyryn.

begench: Gyz bilen name hakda gurlesende ici gysmayar?02 Fewral, 2022

Gyz-oglan bu meselede tapawut edýärmikä? Dogry oglany gyzyklandyrýan meseleler gyzlary gyzyklandyrman biler, ýa tersine. Ýöne Gowy görüşýän oglan bilen gyzyň gyzyklanýan meseleleri şol pursatlarda bir-birine gaty ýakynlaşýarmyka diýýän, "Sesi gelse gulagma, bilbiliň owazydyr" diýýmeýärmi? Onsoňam adamy gyzyklandyrýan meseleler, içini gysdyrmaýan gürrüň her kimiň häsiýedine, terbiýesine, maşgalasynyň gyzyklanýan zadyna-da bagly bolup bilýär. Tikinçiň gyzy tikiniň gürrüňini, aýdymçynyň gyzy aýdymyň gürrüňini gowy görüp biler. Esasy zat bir-biregiň göwnüni tapmagyň aladasynda bolsaňyz gürrüňlerem ahyry laýygyna düşer inşalla.

G: Agam sonky dowur gaty guurleshmek medeniyetin peselyar. Gownime bolmasa sorag beryanleri sylamayan yaly bolup jogap beryaniz. Dogry soraglaryn icinde bideregiragem kopdir. Yone hemme sizin yasynyzda dal, hemmede sizinki yaly ylym we durmus tejribesi yokdur. Yene bir zat saytynyzda senzura bar. Gownine yaramadyk soraglary cykaranok. Ddogry ol oz isindir, yone jogap yazmasanam icinde gaty sogincli sozler bolmadyk soraglary cykarsan gowy. Bu menin pikirlerim. Bu yazanlarymy sayta cykaryp oz pikirinizi bildirersiniz diyen umytda. Seytseniz azyragam bolsa tankyda cydamlylygynyzy gorkezmeginiz mumkin. Olam yazan jogabynyza bagly bolar. Adamlar bilen godek we biparh sorag jogap alysmagynyzy isleyan.06 Ýanwar, 2022

Aýdýanlaryňy tassyklaýan mysallar getirseň meňem göwnüme jaý bolardy. Eger göwnüne degenlerim bar bolsa bagyşlasynlar.

Nowruz: Salawmaleýkm Ylyas aga. Akyldar šahyrymyz Magtymgyly Pyragy öz ejesi hakynda ýekeje gošgy ya beyleki zatlary yazmandyr diyyarler.Nm un yazmadyka ya bu maglumat yalnyshmy? Kyn gormeseniz jogabynyza garashyan01 Ýanwar, 2022

Biraz ýarawsyzlyk bilen saýta girip bilmedim. Jogabymy gijikdiräýdim. Ýöne Magtymguly ejesi hakynda ýazmandyr diýýänler mundan nähili many çykarjak bolýarkalar? Şony eşitseň maňa ýazsana.

Nowruz: Salawmaleýkm Ylyas aga. Akyldar šahyrymyz Magtymgyly Pyragy öz ejesi hakynda ýekeje gošgy ya beyleki zatlary yazmandyr diyyarler.Nm un yazmadyka ya bu maglumat yalnyshmy? Kyn gormeseniz jogabynyza garashyan01 Ýanwar, 2022

Magtymguly Pyragynyň ejesi hakynda ýazmandygyny anyk aýtmak bolmaýar. Bize onuň ähli ýazanlary geip gowuşmandyr ahyryn. "Bäş ýylda bir kitap eden işimiz,/ Gyzylbaşlar alyp weýran eýledi" diýmeýärmi pahyr. Pyragynyňky diýip bize gowşan eserleriňem entek haýsysy hakykatdanam onuňky, haýsysy başga bir şahyryňky şolam uly jedel.

Aýbölek: Salam Ylýas daýy meň bir soragym bar şu çeperçilik akademiýanyň mekdebi bar şol töleglimikä biram tölegini aýdaýyň ,mekdebi gutaransoňam akademiýasyna girip bolýamy?23 Dekabr, 2021

Ýegen gyz, men ony nirden bileýin? Göni çeperçilik akademiýasyndan soraýaňyzda dogry bolmazmydy?

Komek: Salawmaleykm Ylyas aga 17 Dekabr, 2021

Waleýkimessalam! Şeýdip "kömegem" gelsin-ä!

Merjen: EDEBIYAT SOZI NAME22 Noýabr, 2021

Edebiýat mugallymyňdan soraýmaly ekeniň.

Soranjaň: Durmuşyň manysy iň uly agramy götermek däl-de, göterip boljak iň uly agramy götermekdir. Lidiýa Ginsburg11 Noýabr, 2021

Gowy aýdylypdyr.

Kömekçi: Salawmalekim Ylýas aga! Oňatmy ýagdaýlaryňyz? Fantastiki eserlere garaýşyňyz barada aýdaýsaňyz! Hemem näme üçin bizde fantastiki eserler azka? Bular barada siz nähili pikirde?08 Noýabr, 2021

Fantastikany gowy görýän. Ýöne aşa fantastika biraz gülkünç bolýar. Awtoryň islegine görä her zat bolup dursa wakalaryň gyzygy gaçýar. Özüm bu ugurdan ýazmaga synanyşdymam. Onçakly halamadym. Başarmanam goýdum. Fantastiki eseri ýazmak aňsadam däl. Oňa-da höwes gerek. Özüň gyzygyp ýazmaly, ýogsa okaýan üçin has içgysgynç boljagy görnüp dur.

Soranjaň: Ylýas aga, belki-de, "ýalňyşlygyň üstünden eltýän" şeýle netijelere başga tarapdan seretmelidiris, mümkin ondan ýitirenlerimiziň öwezine başga ýerden gazanýandyrys, belki-de zandymyz, nebsimiz synagdan geçýändir... 05 Noýabr, 2021

Gaty dogry aýdýaň. Hemmesi synag. Synag diýýänim, wakalar, şol wakalarda biziň edýän hereketlerimizi biziň kimdigimizi belli edýär. Hem özüňi tanaýaň, hem tanadýaň. Hem serpaýyňy alýaň, ýogsa-da gargyşa galýaň. Edil edebi eserdäki gahrymanlary tanatmak üçin wakalardan geçirmeli bolşy ýaly. Bizem tanalmak üçin wakalaryň içinden geçýäs. Ýaşaýyşyň aýlanmak güýji şonda. Dünýäň gyzygam diýýäris oňa. Bal tutn barmagyny ýalar diýip egrilik edýän adam ýalaýanyna baldyr öýdýär. Hakykatda ol synag.

Okyýjy: Ylyas aga shu wagtyn turkmen yazyjylaryndan haysyny okamagy maslahat beryaniz.04 Noýabr, 2021

Türkmen edebiýaty hakynda pikir edilse gowy boljak. Edebiýat ösýär, özgerýär. Häzir Ata Gowşudy ýa-da Ata Atajany oka diýsem gülkünç boljak ýaly. Ýogsa olar gaty uly ýazyjylar. Atajan Tagan, Ahmet Gurbannepes diýseň bolmanam duranok. Ahmet Halmyrat, Kömek Kuly bular biziň deň-duşlarymyz. Maksat Bäşim, Umyt Küle häzirki täze nesil. Umuman, okara zat bar. Ýöne derejelerini, ýazylan zatlaryň gymmatyny seljerjek bolup okamak iň dogrusy. Köne döwrüň ýa-da täze nesliň ýazany diýmek dogry dälmikä diýýän. "Däli Domrul" nähili beýik hem häzirkizaman stilinde, äheňinde ýazylan. Haýran galyp okaýaň... Gowy gören kitaplaryňyzy iki gezek okaň. Şonda onuň mazmunyna däl-de gymmatyna düşünmäge ýagdaý bolýar. Häzirki döwrüň özbek, azerbegjan, kazak edebiýatlarynam okasaň has gowy. Şonda deňeşdirse bolýar.

Soranjaň: Hawa islendik ýagdaý bolaýanda-da şeýle hereket etmeli diýlen pikirde däl, taýagyň iki ujy bar, kime, näme üçin, haýsy pursatda hyzmat etmeli, ony elbetde ölçerip dökmeli, şeýtmeseň aýy dostlugyna meňzemegi mümkin, eger aýydan ýagşylyga garaşsaň02 Noýabr, 2021

Aýy dostlugy diýeňde bir waka ýadyma düşüp gitdi. Gaty gowy görýän dosylarymdan biri içini döküp "Indiki dostluklaryň köp bölegi aýy dostlugy diýdi. Töweregiň durşuna aýy bolup dursa, senem janyňy saklamak üçin olar bilen dost bolmaly bolsaň kyn eken. Haçan depäňden daş inse inäýmeli. Häzirki döwürde gatnaşyklaryň aňyrsynda bähbit ýatandanmy, aýy dostlugy köpelýän ýaly. Bir döwürler "Duşmanlarym bilen özüm hasaplaşaryn, Alla meni dostlarymdan gorasyn" diýip dileg edenler bolupdyr diýip okamda geň galypdym. Muňa "edebiýatçylyk" ýaly garapdym. Emma hakyky durmuşda-da şeýle bolýanyny görüp, damlara eserdeň garap başladym. Bu-da men-de duýgularyň kütelmegine getirdi. Gurbannazarda "Bişen alma-da gorkuly garap" diýen setir bardyr. Edil şonuň ýaly. Şonuň üçin diňe haýryň yzynda gezip ýaşamagam ýalňyşlygyň üstünden eltäýýär. Iň ýigrenýän pikirim - şu pikir. Emma ony ýalana-da çykaryp bilemok.

Soranjaň: Ýok, ýok, Ylýas aga, men siziň öwüdiňizi gollaýan, öňem bir bendäň patyşa il gözüne däl-de, ýürekden bir küýze suw sowgat edişi ýaly bolmaly-da biziňkem28 Oktýabr, 2021

Gollaýanyňa sag bol. Ýöne başga pikirem bolup biler. Durmuşyň san-sajaksyz dürlüliginiň boşy ýaly pikirleriňem dürli-dürli bolmagy geň zat däl. Hatda bir-birine çapraz gelmeýän, emma başgaça pikirem bolup biler ahyryn. Meni şony aýtjak boldum. Başgaça garaýyşy eşdesim, okasym geldi, dogrusy.

Soranjaň: Garynjanyň Käbä gidişi ýaly bolmaly-da onda! Niýet düzüw bolsa, hereket düzüw bolsa, netije nähili bolanda-da biziň haýrymyza bolýa-da!26 Oktýabr, 2021

Men-ä şeýle düşünýän. Başgarak pikiriň bar bolsa aýt.

Soranjaň: Sag boluň, paýhasly pikirlenmek, dogry netije çykarmak, akylly hereket - minnetdar, Ylýas aga! Käbir ýagdaýlarda, häzir pikirlenip görýän welin, kelle döwüp, etjek işiňi şunça terezä salýan ýalam bolýaň welin, birhili netije garaşyşyňdan başgarak bolup çykaýýar. Ýa «hökman şu netijäni almaly» diýen düşünje bizi ýalňyşdyraýýamyka 26 Oktýabr, 2021

Netije almak biziň elimizde däl. Daýhan ýere tohum sepýär. Emma ony gögertmek onuň elinde däl. Biz diňe umyt edýäris. Dogry, gowy netijäň gelmegi üçin hereket edýäris. Ol bolsa gelibem biler, gelmänem. Ýagşylyk edip derýa atmak ýalňyş dälmikä diýýän. Isleýän netijämizi alyp bilmänimiz üçin yza tesmeli däldiris. Öu gün bolmasa ertir gowy netije-de bolar. Türgen iki metr belentlikden böküp geçip bilmek üçin iki ýyllap türgenleşýär. Iki ýyl diýip gepiň gelşine aýdaýdym. Ol bäş ýylam bolup biler, bäş aýam. Köp zat türgeniň yhlasyna, üşküne, ukybyna bagly.

Soranjaň: Salam, Ylýas aga, köp sag boluň, jogabyňyz üçin! Biz - ýaşlaryň durmuşda haýsy pikiri saýlap, haýsyna gulluk etmelidigimiz birhili çylşyrymlaşan ýaly - pelsepeçileriň aýdyşy ýaly, näçe ynsan bar bolsa şonça-da ideýa bar, üstesine, informasiýa üstüne informasiýa. Siziň döwrüňiz belki-de beýle çylşyrymly bolan däldir. Bu pikirleri biz nädip «elekden» geçirmeli, maslahat beräýseňiz24 Oktýabr, 2021

Ähli zady elekden geçirmelidigini biýän bolsaň, esasy zat şol. "Elegiňi" işlediber. Ony işletmegi bolsa öwredip bolmaýar. "Elekden geçirmek" näme? Dury paýhas bilen pikir ýöretmek. Soňam eden pikirleriňden dürs netije çykarmak. Çykaran netijäňe görä-de hereket etmek.

Zenan: Salam Ylyas aga size bir soragym bar men ýygralykdan,çeinjeňlikden,utanjaňlykdan ejir çekýärin hawa zenan maşgala üçin UTANÇ HAÝA örän zerur,söhbetdeşlikde ýazylanlary okap özümiň utanjaňdygyma şükür etýän ýöne sizden maslahat soraýaryn mende artygrakda şol häsiýetler 24 Oktýabr, 2021

Siziň utanjaňdygyňyz mende biraz şübhe döretdi. Utanjaň gyz maşgalalar öz utanjaňdyklaryny dillerine alyp ýörmeýärler. Ikinjiden, özüňizde bu häsiýetiň "artygrakdygyny" nireden bilýäňiz? Soragyma jogap beräýiňdä diýip zol-zol haýyş edip durmaňyzam birhiliräk görünýär. Onsoňam bu barada siz Hydyr agadanam sorapsyňyz. Jogabam sizi kanagatlandyrypdyr. Indi bu barada menden soramagyňyza nähili düşünmeli?

Gül: Salam.Ylýas aga Derwiş diýip kime diýilýär?Şuwagt hem barmyka Derwişler?24 Oktýabr, 2021

Derwüşler Hak ýoluna ýüregi bilen berlip, bu dünýäň lezzetlerini ret eden adamlar diýip bir ýerde okapdym. Olaryň öýem, maşgalasam bolmaýar. Gezen ýerlerinde ýatyp-turup ýörýärler. Häzir şeýle adamlar brmyka? Ony bilmedim. Häzir serhetler berk. O ýurtdan başga bir ýurda aňsat geçip bolmaýar. Ýöne bir ýurduň çäginde aýlanyp ýörenleriň bar bolmagam mümkin.

Soranjaň: Salam, Ylýas aga! Şeýle bir pikir bilen garşylaşdym: aslynda biziň her birimiz kimdir biriniň, haýsydyr bir guramanyň ýa-da ideýanyň «at tutary». Ynsanyň ýaradylyşy şeýlemikä?22 Oktýabr, 2021

Kimdir biriniňem, ýa-da bir guramanyň, ideýanyň "at tutary" bolmak iki dürli maynyny berýär. Mysal üçin Gurbannazar Magtymguly şahyryň çaýlar içen çäýnegini ýuwup-süpürmäge hukuk gazansam diýýär. Seniň aýdyşyň ýaly Magtymgula at tutar bolup bilse armany ýok. Ýene biri bolsa, seniň ýurduňy basyp almaga gelenleriň dilmajy bolup hyzmatynda durýar. Hakyky perzent atasynyň "at tutary" dälmi näme? Ňzüpçe bolmak, pikirleriň, garaýyşlaryň dürlüligi, demokratiýa diýilýän zatdan bozgakçylygyň ysy gelýär. Gören ýerinde götünjekläp, pikirini aýdyp bilmän, köwşüň içindäki petegeöwrülmegem dogry däl. Ýöne durmuşda "namart köprüsinden" geçmejekler şol köprüň golaýyna-da barmaýarlar. Eger çygynsyz ýagdaýa düşüp oňa barmaly bolsalaram derýada gark bolanlaryny kem görmeýärler. Dogrusam şol. Ýňne bu ýerde çykgynsyzlyk bar. Özüňi görkezjek bolmagam, batyrsyramagam, şöhrat gazanjak bolmagam ýok.

Mekan: agam sizin saytynyzda goyan soragymy pozup bolyamy? Eger men hayysh etsem ayyryp berermisiniz.18 Oktýabr, 2021

Haýsy sorag? Näme üçin?

Teacher: salam Gowy göryan adamyn baska bilen gören mahalyn name etsen hasda dogry bolar?16 Oktýabr, 2021

Ikisinem gowy gör. Goý, senem öň bir adam gowy görýän bolsa, indi iki bolsun.

Gül: Salam ynsanda gowy görýän häsýetiñiz?meñ özúm úçinà pespällik,geçirimlilik.09 Oktýabr, 2021

Salam! Pespällik bilen geçirimlilik zynjyryň iki halkasy ýaly. Geçirimlilik edip bilmegiň üçin päliňi pes tutmak hökman. Pespäl adamyň ýüregem ýuka bolýar, göwnem giň bolýar. Häsiýetleriň ýene bir gowusy dogruçyl bolmak. Gurbannazaryň sadalygam beýik häsiýet. Adam häsiýetleri bilen tanalýar. Gowy häsiýetleriň gönezligi hemmämizde diýen ýaly bar. Arman biz olaryň köpüsini basyp ýatyryp, kör edýäris. Ýalan sözlemek dogruçyllygy öldürýär, men-menlik pes pälligi. Beýleki häsiýetlerem şeýle. Allatagala beýik adalatlylygy bilen kim bolmak isleýän bolsak şoňa-da mümkinçilik döredip beripdir. Harsydünýä bolmagam, kanagtly ýaşamagam öz elimizde. Ýöne erbet häsiýetleriň arkasynda şeýtan durýar. Gowy häsiýetleriň arkasynda bolsa özümiz durmaly. Şeýtan bilen bu başa-baş söweşde üstün çykyp bilene bu dünýäde-de, o dünýäde-de rahatlyk bar... Öz häsiýetleriň hakynda alada etmek, olary gowlajak bolmak bu-da gowy häsiýet. Gaty köp adam munuň aladasynam etmeýär, pikirinem. Gaýta tersine, näçe erbet bolsa, şonça-da ýaragy güýçlenen esger ýaly bolandyryn öýdýär. Gowy adam erbet adamyň ýanynda ejiz, garyp, gününi alada bilen geçirýän, mydama utulup ýören ýaly görünýär. Gowy adama şeýle göz bilen seretmegi oňa şeýtanyň salgy berip duranyndan habary ýok...

Hatyja: Salam Ylýas aga men bn tanyşmak isleýän Mekan size hat ýazypdyr Mekan sizin özüniz nomernizi goýun Ylýas aga men hatymy cykaraýyn haýyş 08 Oktýabr, 2021

Jigim, bu ýeri oglan-gyzy duşurýan saýt däl. Men sizem tanamok, Mekanam. Mekan bilen şeýle tanyşmak, görüşmek isleýän bolsaň başga ýoluny gözle.

msbrtk: Yasuly sizin kowsunizin bagyny cozjeklerem kopdurle05 Oktýabr, 2021

On-a synap görmedim. Dogrusy, men ony başarmaýanam.

Mekan: hatyja ucin. Ylyas aga men size syrdash gozleyan diyip yazan Hatyja bilen tanyshmak isleyan. Hatyja shu yere nomer galdyrayyn hayysh. Ylyas aga menin hatymy hokman sayta cykarayynda.04 Oktýabr, 2021

Janyň saglygy.

Dogruçyl: Ýene-de bir täsir galdyran zat, bir sapar ilki,, Güneş,, diýip bir wokal unistrimental ansambl bardy. Şonda,, Tüni derany,, aýdýan Hajyryza Ezizow bilen duşdym. Nury Halmammedow bilen Gözüm düşdi sonam duran ýerlerne diýen aýdymy ýazga geçirmäne Moskwa gidipdir. Şol ýerde bolan wakalary gürrüň berdi. Nury neresse ussatdy, ukyçyldy, yene bir puşämiz bardy diýip hem gülüp hem hakyky aglapdy. Pikir etdim içki barada aýdyp bilmedow diýip. Belki gybat ýaly görendir. Hajyryza häzir kinolarda oýnap ýör. 25 Sentýabr, 2021

Hajyryzaň adyny eşidýän. Özüni tanamok. Nury bilen oturyp-turşupdyk. Bir gezek gyşyň güni öýe geldi. Aýagyndaky gonçly köwşüniň bagjyny çöz diýdi. Menem oturdymda çözdüm. Köwşüni çykarmaga kömekleşdim. Sebäbi onuň keýpi çagdy. Meni garsagujaklady. Öňem onda şeýdip gujaklamak häsiýedi bardy. Ýöne ol şol gaty ýürekden gujaklady. Gözleri gülüp dur. Häzirem göz öňümde... Soň eşidip otursam ol Tokara-da şeýdip köwşüniň bagyny çözdürjek bolupdyr. Olam çözmändir. Sen Nury Halmämmet bolsaň menem Tokar Tugur diýipdir. Tokar bizden 6-7ýaş uly. Döredijiligine çynlakaý girişen. Men bolsam ýaňy instituty tamamlan ýaş şahyrdym. Megerem şondandyr. Ýöne häzirem Nury ýaly ýigitler bolsa hyzmatynda durmaga taýyn. Goý Nury ýaly meşhuram bolmasynlar... Mysal üçin ... gowsy mysal getirmäýin. Maňa dogry düşünmejeklerem tapylar.

Dogruçyl: Halmämet agada gaty gowy adam. Gürrüňdeşem boldum. Sizem gowulykda agzady, jaňlaşýan diýdi. Şeýle gowy adamlar bilen bir az gürrüňdeş bolmagam giden wagtyňa täsirini ýetirýär. Gyzykly zatlar gürrüň berýär. 25 Sentýabr, 2021

Halmämmet aga gaty gowy adamdyr. Halypa. Gaty köp horluklary gören. Alty Garlyň elinde kömekçisi bolup işlän. Türkmeniň abraýyna abraý goşan adam.

Dogruçyl: Kakajan Aşyrow japbaklardan başlaýdymyka kino düşmegi.Ýa o başga oglanmyka? ,, Meniň dostum meleguşa,, welin gaty gowy gelişdi şol oglan.,, Kakajan aga hormatym uly,, diýdiňiz welin şu gün googleden açyp o barada köp maglumatlar okadym. Geçen ýyl ýetmiş ýaşan eken. 25 Sentýabr, 2021

Kakajan Aşyryň Däli domruly dünýä derejesinde edilen iş. Ol kinda Şükür bagşy ýaly teatrda türkmeni tanadan adam. Arman oturyp-turuşmadyk. Türkmende talantlar ýogam däl, hudaýa şükür.

Dogruçyl: «Mukamyň syry» kinofilminiň gizlin syrlary Haýran galaýmaly ýagdaý – 1929-njy ýylda kompozitor Wiktor Uspenskiý «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Biz Uspenskiniň bu ada mynasyp bolmagynda bitiren hyzmatlary barada gürrüň bermekçi. Kaluga şäherinde doglan Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý harby kadetler korpusyny tamamlap, Kawkazda gulluk edýär. Ýöne ýigidi şowlaýan harby işi kanagatlandyrmandyr, köňlünde möwç urýan aýdym-saz oňa gije-gündiz rahatlyk bermändir. Galyberse-de, ol gaýry medeniýet adamlaryna hoşamaý garaýan saýhally adamlaryň hilinden ekeni. Wiktor Aleksandrowiç harby gullugy taşlap, kompozisiýa hünäri boýunça Sankt-Peterburg konserwatoriýasyny tamamlaýar. 1918-nji ýylda ykbal ony Orta Aziýa getirýär, rus kompozitory bu ýerde ömrüni Orta Aziýa halklarynyň baý aýdym-saz medeniýetini saklap galmaga bagyşlaýar. Ol ülkämizde ilkini etnografik işine başlaýar. 1925-nji ýyldan başlap Türkmenistan boýunça folklor saparlarynyň üçüsini geçirýär. Dört ýyl, käte agyr we howply saparlarda suw ýetmezсшligine garamazdan ýolbeletler bilen iň alys obalara çenli barypdyr. Beýle gujur-gaýrat Wiktor Alkesandrowiç ýaly yhlasyna wepaly adamlara mahsus. Galyberse-de, onuň hoşamaýlygy we aýdym-saza höwesi ýerli bagşy-sazandalary özüne bendi edipdir, olar hem Uspenskä elden gelen kömegini gaýgyrmandyrlar. 4 ýyla çeken güzaply işiň netijesinde halk aýdymlarynyň we sazlarynyň 350-den gowragy nota geçirilýär. Olaryň esasy bölegi W.A.Uspenskiniň W. Belýaýew bilen bilelikde ýazan «Türkmen sazy» atly monografiýasyna girizilýär. Bu ajaýyp monografiýanyň çapdan çykanyna 100 ýyl geçen bolsa-da, ol häli-häzire çenli sazçylyk ýörite orta hünär mekdepleriniň we konserwatoriýanyň talyplarynyň ýankitabyna öwrüldi. Türkmen halk saz älemindäki bu zähmetsöýerligi hatyralap, SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýew «Mukamyň syry» filmini surata düşürýär. Bagşyçylyk sungatynyň aşygy Hudaýberdi Durdyýewiň taýýarlan ssenarisinde, geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistana halk aýdym-sazlaryny ýazga geçirmäge rus alymy Wiktor Uspenskiý gelýär. Çetki obalaryň birinde goja sazanda Didar bagşy bilen tanyşýar, ol gonak alyma öz ejesi, ilkinji türkmen zenan bagşy Karkara barada gürrüň berýär. Ol kakasyndan gizlinlikde zehinli ýaş sazanda Döwrandan sapak alýar. Tizara Karkaranyň ady ile dolýar. Bir gezek onuň aýdymyny eşiden Daşberdi han oňa öýlenmekçi bolýar. Gyz hanyň teklibini ret edýär, ýöne yzarlanmadan çekinip Döwran bilen gaçyp gidýär. Daşberdi hanyň hyzmatkäri hojaýynynyň buýrugy bilen Döwrany atyp öldürýär. Ýaryndan jyda düşen Karkara ençeme ýyldan soň dogduk iline dolanýar. Onuň at-owazasy ildeşlerine-de ýetýär, olar han bagşysy Gojaly kör bilen Karkaranyň bäsleşigini guraýarlar. Onda Karkara üstün çykýar! Biz «Mukamyň syry» filminde režisýoryň assitenti bolup işlän Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow bilen duşuşanymyzda ol şeýle gürrüň berdi: ---Film surata düşürilende gyzykly wakalar köp bolupdy. Uspenskiniň keşbini döretmäge A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artisti Wladimir Krasnopolskiý çagyryldy. Syratly, salyhatly, görmegeý artist daş keşbi bilenem gashrymanyna meňzeşdi, bu bolsa kinematografiýada esasy ýagdaýdyr. Galyberse-de, olaryň ykbalynda meňzeşlikler kändi: ikisem Russiýada doglan, ykbal «oýny» bilen Orta Aziýa düşendi, şonuň üçinem oňa Uspenskä düşünip, onuň keşbine girmek aňsatdy. Ýöne film surata düşürilen wagty üýtgeşik ýagdaýlar hem bolýardy. Obadan oba aşýan gahryman çölde harasada duşýar. Harasat döretmek üçin wagtlaýyn reaktiw uçar ulanyldy, onuň hereketlendirijisi harasat döredýärdi. Şol wagt Krasnopolskiý düýeli geçip gitmelidi. Harasady gören Wladimir Matweýewiç bu epizodda surata düşmekden kes-kelläm ýüz öwürdi. Tehnikadyr surata düşürýän topar boş durdy, Alty Garlyýew kyn güne düşüpdi. Şonda men : ---Wladimir Matweýewiçe derek meni düşüriň – diýdim. Alty Garlyýew: ---Ýöne sen Krasnopolskiden boý-iniň pesräk hemem oňa meňzeşem däl –diýdi. Tapan çykalgama begenen operator Anatoliý Karpuhin: ---Galanyny özüm oňarýan, men şeýle bir düşürerin welin, tomaşaçy ony aňmazam---diýdi. Meni düýä atardylar, hereketlendijini işletdiler welin, edil dowzaha düşen ýaly boldum. Gaýtadan düşürmeli bolmawersin diýip dileýärdim. Şeýdibem filmiň iň täsirli epizodlarynyň biri düşürildi. Karkaranyň keşbini döreden Liza Garaýewa bilen hem mesele döräpdi. Liza Garaýewa kameranyň öňünde özüni erkana alyp barýardy, döredýän keşbini ussatlarça ýerine ýetirýärdi. Ýöne ol dutar çalyp bilmeýärdi, filmde bolsa onuň saz çalýan ellerini uly planda görkezmelidi. Eger film häzirki döwürde düşürilen bolsa beýle mesele aňsat çözülerdi, sebäbi häzir bagşy-sazanda zenanlar kän. Kimdir biri sazçylyk ýörüte orta hünär mekdebiniň talyp gyzlaryndan biriniň dutar çalmaga ökdedigini aýtdy. Şeýdibem şol gyzyň eli surata düşürildi. *** «Mukamyň syry» filmi tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Ol Türkmenistanyň kinematografiýasynyň altyn hazynasyna girdi. Şunda Nury Halmämmedowyň ýazan sazy hem uly ähmiýetli bolupdy. Belki-de, şol saz sebäpli we Karkaranyň göreldesine eýerip türkmen gyzlarynyň ençemesi eline dutar alandyr. W. Uspenskiý bilen W. Belýaýewiň «Türkmen sazy» kitaby iki jiltde çap edilensoň-a, onuň meşhurlygy has-da artdy. Gowy zat okasam sizede okadasym gelýär. 23 Sentýabr, 2021

Sag bol. Meni geň galdyran zat gahrymanlaryň atlary. Didar bagşy, Daşberdi han... Uspenskiý bilen Belýaýewiň arasynda hat alyşygy bolupdyr şol döwürde. Belýaýew Türkmanistana gelmändir öýdýä. Uspenskiý nota geçiren sazlaryny oňa hat üsti bilen ýetiripdir. Ikisiniň arasynda kän jedeller bolar eken. Bu maglumatlary has içgin öwrenip bolsady. Onsoňam olaryň gazak, özbek saz sungaty hakynda ýazanlaryny okap bolsady. Türkmen sazlary bilen goňşy halklaryň sazlaryny deňeşdirip , olaryň köki hakynda nämeler ýazdylarka? Umuman bu şahslar täzeden gowy öwrenilse gowy boljak. Bir döwür şu niýet bilen arhiwe ýüz tutaýynam bir diýdim. Emma çynlakaý ýapyşyp bilmedim. Biagyrlyk etdim. Ýene bir geek iberen naglumatyň üçin sag bol. Kakajan Aşyra öňem hormatym ulydy, indi hasam artdy.

Shemal: Magtymguly barada yazan bir hekayanyzda Dowletmammet Azadynyn gazak ayalynyn adyny Aysuluw diyip beripsiniz. Bu hakykatmy ya-da dine eserinizde sheyle atlandyrdynyzmy? Men siziñ hekayanyzdan bashga yerde adyna gabat gelmedim, dine gazak ayaly diylip, ady berlenok.17 Sentýabr, 2021

Ol gazak aýalyň adynyň nämedigini bilmedim. Aýsulu özümden goýan adym. Dogrusy, onuň anyk bolmagyny hökmanam hasap etmedim/ Sebäbi wakaň özi rowaýat şekilinde. Bir gysgajyk rowaýatyň giňeldilen , çeprleşdirilen görnüşi. Azadynyň gazak aýala öýlenendigi hakykat. Ondan çagalaram bolupdyr. Olardan gaýdýan neberelerinden Aşgabatda ýaşanlaram bolupdyr. Olar bilen Ümür Esen pahyr görşüpdir. Kiçijik rowýat diýýänimem, Azadyň Magtymgulyny meýdandan alyp gelýärkä ýyldyrym çakyp, ýabymy, eşekmi ulaglaryny ýyldyrymyň urandygy. Muny öňünden duýan Magtymguly atasyny ulagyndan düşürip daşyň aňyrsyna geçirip halas edipdr. Bu rowaýat hem Azadynyň gazak aýalyna öýlenendigi maňa gaty täsir etdi.

KERWEN: Ylýas aga söýgi temasynda ýokmy09 Sentýabr, 2021

Ýazjak bolup ýörün. Bir hekaýa. Göribermeli näme çykar? Dogrusy, söýgi temasy edebiýatda şeýle bir işlenen ýazara zat galmandyr. Onda-da ýazasyň gelip durýar. Okyjylaram şoňa näme üçindir köp gyyklanýarlar. Belki-de ýüregiň emridir. Şeýtanyň emri bolaýmasyn diýibem çekimýän.

Dogruçyl: Ylýas aga, Okansyňyzam eger okamadyk bolsaňyz... Türkmen poeziýasyna nurana ýaz, goňras güýz, tämiz gyş hem altynsow tomus ýaly bolup gelen Gurbannazar Ezizowyň şahyrana dünýäsi geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda ýaş ýigitler we gyzlar bolan biziň ruhy dünýämize öwrüldi. «Şahyr diri gezip ýörkä-de şeýle meşhurmydy?!» diýip, menden şu günki ýaşlar soraýarlar. (Diýmek, bu söz ussadynyň meşhurlygy bu günki gün hem egsilmez derejede bolmagynda galýar). Gurbannazar şahyr, juwan wagty şeýle bir meşhurdy, biz — ýetmişinji ýyllarda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary şol döwürde Aşgabatda edebiýat duşuşyklarynda ony daşyndan görsegem, «Men şu gün Gurbannazar Ezizowy gördüm!» diýip, şatlanyp, birek-birege aýdardyk. Şatlanmazmyň, buýsanmazmyň, biz — ýaňy edebiýat dünýäsine ymtylýan ýigitler-gyzlar: Mammetnazar Babanazarow, Ahmet Bekmyradow, Guldurdy Sähetdurdyýew, Osman Ödaýew, Nowruz Gurbanmyradow, Süleyman Ilamanow, Miwe Tuwakbaýewa, Kömek Kulyýew, Hydyr, Ylýas Amangeldiýewler, Aman Goşaýew we ýene-ýeneler onuň şygyrlaryny, poemalaryny birek-birege ýatdan aýdyp berip bilýän muşdaklarydyk ahyryn. Şahyryň «Ynam» ady bilen 1971-nji ýylda neşir edilen kitaby juwanlyk joşgunynda gaýnaýan kalbymyza şeýle bir täsirini ýetirýärdi, biz onsoň bu owadan dünýäni Gurbannazar bilen täzeden açýardyk... «Jadyly däl, seniň ynsan gözleriň...», «Al-elwan güllerden galypdyr duman...», «Suwy süýjan alma kimin daňatar...», «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok...». Bu setirler biziň ruhumyzda täze bir öwüşgin, täze bir ahwal oýarýardy. Şahyryň dünýädäki iň çylşyrymly, iň çapraz pikirlere sada sözler bilen sazlaşykly hem dürs jogap tapyşy türkmen poeziýasynda gaýtadan janlanan täzeçillikdi. Paradoksal (çapraz) pikirleriň sazlaşykly beýany diňe nusgawy şahyrymyz Magtymgulynyň poeziýasynda ähli güýç-gudraty, öwüşgin owazy bilen orta çykypdy: «Al-ha almyş, ber-hä bermiş bu dünýä...», «Garyplar at münüp depse — eşekdir, döwletliler eşek münse — at bolar...». Beýik söz ussadynyň islendik goşgusyndan çapraz pikirleriň şeýle akgynly çözgüdini tapmak bolýar. Gurbannazar Ezizow köplere başartmaýan bu çylşyrymly hem geň-enaýy ýörelgäni öz poeziýasynda täze öwüşgin bilen orta çykardy. Mysal hökmünde şahyryň: «...Ähli duşan hem duşmadyk ykballaň, Dünýesidir biziň ümmülmez dünýä...» «Sen özüňden näçe närazy bolsaň, Il senden şonça-da razydyr, razy...». ...Bu aýdylanlar Gurbannazar şahyryň şygyrlaryna içgin nazar aýlanyňda, gözüňe ilýän täsin täzelikleriň diňe biridir. Ussadyň döredijiliginiň aýratynlyklary hakynda ylmy derňew işlerini alyp barýan alymlar üçin onuň edebi mirasynda şeýle täsinlikleriň giden bir dünýesi ýatandyr. Ýetmişinji ýyllar... ...Biz — ýaşlar G.Ezizowyň şygyrlaryny ýat tutardyk, gaýta-gaýta okardyk. Poeziýa baýramçylyklarynda, edebi duşuşyklarda onuň şygyr okaýşyny diňläp, ony hut öz ýüregimizdäki duýgulary beýan edýän şahyrymyz hökmünde sarpalaýardyk. Guwanýardyk. Buýsanýardyk. Şeýdip, bu kämil söz ussady ykbalymyzyň, ýaşlygymyzyň öçmez sahypasy, nurly ýatlamasy bolup galdy. Onuň söýgi hakyndaky: «Seni söýüp göz ýetirdim bir zada, Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde». «Söýgi hasrat däldir, ýürekde dörän, Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak. Men söýgimi belent göterdim örän, Misli maňa tabşyrylan al baýdak» — diýip, ýazan setirleri köňlümiziň tämiz bolmagyna, ýolumyzyň kämillige tarap uzamagyna sebäp bolupdy. Şahyryň ýürekleriň jümmüşine aralaşýan şygyrlarynda şeýle setirler bar: «Her hal geçmişimden ýokdur armanym. Çünki meň geçmişim — seniň söýgiňdir...» Meşhur şahyrymyz diri gezip ýören bolsa, häzir segsen ýaşa ýetjek eken. Eger ykbal oňa uzak ömür eçilen bolsa, ol bize, gör, näçe ajaýyp eserleri galdyrardy... Şahyr: «Meniň geçmişim — seniň söýgiňdir» diýýär. Biziň ýaşlygymyz, biziň geçmişimiz — Gurbannazar Ezizow hem onuň poeziýasy. Durmuşyň kadasy şeýle, ýaşlyk geçýär... Bu barada-da ol «Ýaşlyk» atly goşgusynda şeýle ýazypdyr: «Ýaşlygymyz ýitirenok hiç zady. Biz özümiz ýitirýäris ýaşlygy...» Gör, nähili hak aýdylan söz. Biziň ýaşlygymyz hiç zady ýitirenok... Biziň ýaşlygymyz Gurbannazar Ezizow bilen bile baky ýaşap ýörer. Ahmet HALMYRAT08 Sentýabr, 2021

Okanam bolsam ýene bir gezek okadym. Gurbannazaryň, umuman poeziýa diýilýäniň nähili gudratdygyny ýene-de bir gezek görkezýär. Gaty jaýdar mysallar bar. Göçürip ibereniňe sag bol. Nobatgulyň söýgi hakyndaky goşgusynam sen iberipdiň öýdýän. Sag bol.

Re: Paýlaşşamam, seň bilen-ä paýlaşman indi. Saýtyň özüňe nesip etsin. Bize Hydyr Amangeldiň saýtam bolar.03 Sentýabr, 2021

Alla ýaryň!

Re: Goşa dyrnak içindäki şahyrlardan gürrüň edýän. Ruhumyzy "çörekli" edýärlermi, ýa "çöreksiz" goýýarlarmy, olam düýpli öwrenmeli mesele.31 Awgust, 2021

Öwreniber. Gelen netijeleriňem paýlaşyp dur.

Babyr: "Ýaňy-ýakynda “Kakam bizi nähili gowy görerdi” diýip ýatlap, gözüme ýaş aýlanymy bilmän galypdyryn." bu yagdaý ýaşyulylarda da bolýan ekendä onda...birhili ownaýas öýdýän... kakalarmyz atalarmyzca, özümizem kakalarmyzça, çagalarmyzam bizçe bolmaýan ýaly. Ýöne durmuşyñda gowy kakañ, atañ bolmagy, señem oña azda käne mynasyp bolmagyñ: "Garaz, gury san boluba ýaşamandyryn" diyip, oýurgandyrýar...30 Awgust, 2021

Nsilleriň ownamagy meselesi köplere haýran edýär. Belki ol edil beýle-de däldir. Her kim kakasyny, atasyny has üýtgeşik görkezmäge çalyşýar. Adama baha berlende hatda nämeden ugur aljakdygyňam bilmek kyn. Adamkärçilikmi, başarjaňlykmy, takwalykmy? Ýa adamda bularyň üçüsem birleşen bolmalymy? Kynmesele. Nesiller ownaýar diýselerem Gurbannazar, Nury Halmämmet... ýaly ägirtlerem dünýä inip dur. Umuman ownamajak bolmalymyka diýýän. Haýsy nesil - haýsy ogul ýa gyz muny başarsa, şolam şahsyýet bolup taryha girýär. Ol bolsa bir şahsyň gaýraty. Nesil diýip umumylaşdyrmak bolmaýar. Şonda-da şol şahsyýetden sorasaň men kakakamça ýok diýer. Bu-da şahsyýetlikden nyşan.

Dogruçyl: Şahyrlaryň berip bilýän lezzetini - çörekçi, çörekçiň berjek çöregini şahyr berip bilmeýär. Olar düýbünden başga harazlaryň önümi.,, Köp şahyrlardan nan ýok,, diýen bolsaň göçme manyda bir zatlar alardyk. Gaty bir hilliräk... Ýüregmiň sarsgynyna ýazdym, goşulmalam däldim. 30 Awgust, 2021

Şahyrlardan çörek ýok diýýeniň bilen aaçagyňda çörek artýan bolsady käşkä?

Re: Şahyrlardan halka çörek ýok ahyry.29 Awgust, 2021

Muny nämeden diýdiň? Sizden halka çörek ýok diýip şahyrlary gyr-ýap etmek nietiň barmy? Hakykatdanam, özlerinden halka çörek ýok, halkyňam çöregini hiç kimden az iýenoklar diýýäňmi? Olar biziň ruhumyzy "çörekli" etmeýärlermi näme? Ýalňyşma, dost.

Dogruçyl: Ylyas aga su gosgyny ukap görupmidin?! : SÖÝÝÄN... Söýgi — girişmi sen jelepçilige Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?.. Ne söýýän bar, dag basylyp diline, Ne-de söýüp uçýan duşýar asmana. Söýýän — diýmek, salam diýmekden rowaç, Söýýän — parol haram işe meýillä. Söýýän — owadan gyz desse saçlaryn Bulaşdyrtmak üçin irmän daraýar. Söýýän! — adamsyndan alýar-da jogap, Çykarynmak üçin gelin geýinýä. (Söýýän! Duşaly öýlän! söýýän, köýýän dilberim, Bäş gezeg-ä söýerin men azyndan! Kasam edýär ýigit söýgiň adyndan) — Ahaw, salam bermäniň-ä jähennem, Hiç bolmanda, sora onuň adyny, ýaşyny, milletin. — Ýaş bolýarsyň päheý sen, Söýgiň ady, söýgiň aňy, söýgiň ýaşy bolmaýar hem bolmaýar milleti. ...Söýýän diýýär gaýtarma, söýýän diýýär nowjuwan, Söýýän diýýär supergyz, söýýän diýýär intergyz, Aýrylyşan jenan çekýär bedeninden minneti. — Gel, ýaýdanma, ýaýdanma, Haýaýapragy ýüzlük, gel, tändir sen, Don-Žuan. Söýýän! Çatyp ýetişmeýär ZAGSlar, Soň ýollar uzaýar ýurduň süýdüne. Söýýän — aýan igrekler, iksler, Dünýä meňzäp barýar beňňiň düýşüne. Söýýän — ynha ant içýän sakgalymyň agyndan. Söýýän — ojak ýumrulýar beýik söýgiň adyndan. Söýýän — gelin ümleýär, uz ýaşynyp ýaşmagyn. Söýýän — ýigit gülleýär: — Şudur dünýäň manysy. Olar işin bitirýär penjegini ýazynyp, Aşagynda penjegiň ölýär türkmen namysy. Aýal çepe gatnaýar, Är ýüregi çatlaýar! Hezil edýär azgynlar, Hut söýginiň adyndan. Söýýän — hyryn-dykyn çagalar öýi, Söýýän — ýetişmeýär lukmanlar aýryp. Söýýän — çöpdüýbüler, köldüýbüler, bagdüýbüler, dagdüýbüler Örňäp gelýärler, Ösňäp gelýärler. Dünýä gark bolup barýar ýetimleriň ýaşyndan, Jenaýatyň gylla ýary diňe söýgiň adyndan! Söýýän — ýürek ýarylýar! Söýýän — namysa garşy Söýýänleriň elhenç urşy tutaşýar. Söýýän dünýä çat açýar! Hüjüm edýär ynsan dörän ýerine. Ýekeje är ömründe syndy türkmen ahlagy Syndy namysy ary, Syndy gadymy ýoly. SÖÝÝÄN — ýykylyp barýan deýýus dünýäň paroly! NOBATGULY REJEBOW28 Awgust, 2021

Okap görmändim. Ýöne näme üçindir Gurbannazaryň "Söýgim gelip mazaryma büdürär" diýen setiri ýadyma düşýär. Halnabat gelnejemiziň Gurbannazaryň mazaryny arassalajak bolup ýörşi. Ot-çöpler onuň eşigine ýelmeşýär. Halnabat gelneje olary gözünden ýaş döküp aýyrýar hem aňynda "Otlar olaň aýagyna çolaşar, Saklan diýýän ýaly mähriban adam..." diýen setirleri, goşgusy ýadyna düşýär. Söýgi depeläniň bilen kirlemez, edil ene toprak ýalydyr. Söýgi bilen jelepçiligiň tapawudyny bilmelimikäk diýýän.

Syrly: Ylýas aga, şu saýytlaryň bardygyna men gaty begenýärin. Bardygyna diýerinmi bularyň ikidigine diýerinmi ynanaýyň begenýän, guwanýan. Kitap tekjäm, kitap saýtlar köp ýöne menä öz sadalygymdan ýokary eserlerden lezzet alyp bilemok. Salyhatlydan, düşünikli, arassa ýazylan eserlerem şu ýerden tapýaryn. Biri biriňizden hakyky bir türkmençiligiňiz güýçli. Ylýas aga täzeräk bir zat ýazjak bolýaňyzmy. Siz öz okyjylarňyzyň köpdüginede begenibermäň)) Okyjyň siziň dilegçiňizdir. Olary boş göýbermägede bir az kynçylyk çekersiňiz. Zol ýazyp durmagam bir ylhammyzyň elinde. 27 Awgust, 2021

Zol ýazyp durmak boş arzuwym. Ol başardanok. Başga-başga bahalar tapyp ýazmakdan gaça durýaň. Ymam bol diýlende gaça durulşy ýaly.

JEYHUN: SALOMALIKIM AGAM 26 Awgust, 2021

Waleýkim essalam. Salam berişiň tapawutly eken başgalaryňkydan. Kim bolasyň? Görogly begä dälsiň?

Serwigül: Salam Ylýas daýy sizin zenanlarda gowy görýän häsiýetlerniz25 Awgust, 2021

Wedarlygy. mähribanlyklary we başgalar.

Re: Berilýän soraglar hamala Ylýas aga psiholog ýaly. Aý giň boluň Ylýas aga.18 Awgust, 2021

Men muny geňlämok. Oňa darygmag-a asla ýadyma-da düşenok.

Syrly: Ylýas aga gündeligiňize zat ýazmadygyňyza 369 gün bolupdyr. Gowşut Şammyýew barada bilýän zadyňyz barmy? Ol ýazyjy meniň ýadymda ,,Ynsabyň jezasy,, diýen kitaby bilen galdy. Täzelikler bir ýazyjynyň aýaly bilen söhbetdeş boldum. Garyndaşyrakdy ol aýal. Ol: ,,Gowşut Şammyýew ýogalandan soň gyzy öýüni bejermäge beripdir. Şonda Gowşut agaň giden kitaplaryny makalatura tabşyrypdyr diýip gynandym,, Şuňa haýsy ýürek aglamaz 16 Awgust, 2021

Gowşut aga bilen bir redaksiýada-da işläpdik. Ýöne döeredijiligi bilenem, biografiýasy bilenem ol adam näme üçindir meni özüne çekmedi. Käbir adamlar bilen ýakynlayk saklap ýa-da ony döredip bolanok. Bir hili arada aňyrsy görnüp dursa-da geçip bolmaýan aýna diwar bar ýaly. Ýogsa Gowşut agadan ýamanlyk gören ýerimem ýok. Olam meni halaman ýören adam däldi. Aramyzdaky ýaş tapawudynyň täsiriniň bar bolmagam mümkin. Atamyrat Atabaý, Nobatguly Rejep bilen gowy gepim alyşardy. Gurbannazar, Ahmet Gyrbannepe dagy bilenem jigi-dogan (aga-ini) ýalydyk.

Syrly: Ýok Ylýas aga diýjek bolýanym öz ýazyp dowam edip bilmedik eserim däl-de bir powest ýa romany okamak üçin başlasam soňuna çenli alyp gaçmaýanlary bolýar. Şony diýjek bolup düşüniksiziräk ýazypdyryn. Ýazmagy oňarmasam meň ýazzanym hem şeýle bolar diýjek boldum. Ine şu pikirler meni ýazmaga goýmaýar15 Awgust, 2021

Sen hakyktdanam Syrly adam ýaly. Bir zatlar diýýäň, başga bir zatlaram diýjek boldum diýýäň. Alla hemmämize gaýrat bersin, düşünişmäge.

Syrly: Jogaby okadym. Garaz ýazylan zat many mazmunlyja bolmasa bolmaýarda. Bolsa bolaram welin soňuna çenli okalmaz. Başlap dowam etdirip bilmeýän eserlerim köp bolýar. Ylýas aga. Hudaýberdi Diwankulyýewiň eserlerini okadyňyzmy? 14 Awgust, 2021

Okapdym irräk döwürlerde. Başlap-taşlanlaryňy birleşdirseň bir zada meňzejek dälmi? Başlap-taşlamagyň esasy sebäbi maksatsyz ýazmakdan bolýar. Ýazyp başlan zadyňda näme aýtmak isleýändigiňi bilmeýäniňden bolýar, köplenç.

forever: Salam, Ylýas aga maňa söýgi hakynda gyzykly, uly göwrümli goşgy tapyp beräýiň. Özüm synanyşdym hiç tapyp bilmedim14 Awgust, 2021

Şeýle goşgyny gözlemäge elim degmäýmese

Syrly: Ylýas aga men çagalygym barada, başdan geçirmelerimi ýazasym gelýär. Dogrusy ýazybam başladym. Öň hiç beýle zat ýazyp görmämsoň munyň haýsy žanra degişli boljagyna düşünemok. Öňler daşary ýurtly şahyrlaryň käbir goşgularyny terjime etdim. Oýlanma ýazýan ýöne neşirýat üçin dälde sadaja, öz başardygymdan. Üç dört bir zatlaram ýazdym ýöne goşgy däl )). 09 Awgust, 2021

Çagalygyňdan başlap ýazan ýazyjylar kän. Ýöne olar şol ýazýanlarynyň aňyrsynda ýa bärsinde bir zatlar goýýarlar. Diýjek bolýanym many çykarar ýaly bir zatlar ýazýarlar. Şonda islendik ýazylan zadyňam manysy, gymmatlygy bolýar. Ýogsa boş ýaňrama meňzeş zatlar ýazylyp gidip oturýar. Umuman edebiýat näme, ýazyjylyk näme, pikir edip görseň adamlara bir zatlar aýtmak, düşündirmek, görkezmek ýaly bolup dur. Ony diýsem ýazyjy beýleki adamlardan akylly bolýandyr öýtme. Mysal üçin bir üýşmeleňde bir adam beýelkilere bir zatlar gürrüň berýär. Eger şonuň aýdýanlary diňlärlikli bolmasa, gürläp oturan ýaňra birine öwrüler. Eger diňlärlikli bolsa, beýlekiler içlerinden dogry hem gerek zadyň gürrüňini edýär diýer. Ine, şol zerur zady aýdyp bermek ýazyjynyň paýyna düşen zatmyka diýýän. Adamlaryň göwni çökenleriniň göwnüni galkyndyrmak, ýüreklerini ýumşatmak, ýagşylyga çagyrmak we ýene birnäçe zerur zatlaryň gürrüňini gozgamak ýaly işleri ýazyjylar, edebiýatçylar etmeli bolýar. Akyllary artykmaç bolany üçin däl. Ýazyjydan kän-kän akylly okuyjylar bar. Ýöne olar ýaňky sanan wezipeleimi etmeýärler... Köp zatlaryň başyny agyrdaýdym öýdýän.

Gülzargöwün: Salam Ylýas aga! Şu dünýä loly bilen ogrudan bir gün saplanarmyka?! Edil şu ýerdäki pukirlerdede bir erkek syrdaşy gözleýärler, ,,biri bilen gezdim, gelip ýatyp turup gidýrdim, aýryldym, agladym" şeýle soraglar, gürrüňler doly. Şol zatlary bir ýaşuly ýazyjydan soramak hökmany suratda zerurmyka. Aýal dogany, jorasy, goňşusy başga bir gepi sözi ýerinde bir ildeşi ýokmyka. Ýa bular sizden hantamamyka. Aýalyň ýan ýoldaşy ölse, çagalaryny eklenmek, olary akylly başly terbiýelemek diňe özüne galanda şol işlere nädip kelle, göwre ýetişýärkä. Men-lä halýraln şu aýal-gyzlara. Ýogsa özüme zenan ((09 Awgust, 2021

Şol soraglaryň näme üçin maäa berilýändigi hakynda özümüm köp pikir etdim. Ýazyjy adamdyr, durmuşy gowy bilýändir diýýärlermikä? Hakykatda biziň bilýän zadymyz barmy? Durmuş şeýle çylşyrymly hem şeýle şahsy, maslahatlaşyp hereket ederiňe goýanok. Şahsy durmuşyň hakynda özüňe iň ýakyn adamlar bilen maslahatlaşmak hem edeplilik hem iň dogrusy. Göwnüme bolmasa şol soraglar ýasalyp, näme diýerkä diýip maňa ugradylýan ýaly. Menem bilişimçre jogap berýän Meniň jogabymyň sorag beren üçin bir aşyklyk agramam, gymmatam ýok bolsa gerek.

Dawut: Ylyas aga ilki bn salawmaleykim,birnace wagtlap gurlesen gyzym durmushda hic hili duzedip bolmajak yalnyshlyk goyberip onam mana aytmana gorkup yoren eken men niyetim ony almak yone men edyanim dogrymy yalnyshmy maslahat Berin hayysh.29 Iýul, 2021

Bu mesele biziň üçin (türkmenler) kyn hem çözgüdi ýok mesele ýaly. Çözgüdi kim ony dogry kabul etse, dogery ýaly, ýalňyş diýse-de ýalňyş ýaly. Bize görä namysyny ýitiren gyz söýülmäge mynasyp däl. Ýöne gyzyň ýerine pikir etsek oňa-da durmuş gurmek, ýaşamak gerek. Dulbirine barsa-da bolar. Ýöne onda söýgi arada bolmasa durmuşy ýasama bolar. Bärde esasy mesele ýürekden söýmekde. Eger söýýäniň hakykatdanam çyn bolsa, ol ertir wagtyň geçmegi bilen üýtgemejek bolsa onda bolýar. Senem gyzyň aýbyny ýaşyrarsyň, ýaşaşarsyň. Aýbyňy ýüzüňe aýtjak biri tapylsa-da ondan ýüz öwürmän bilermiň? Gaty kynmesele. Dogrusy özüm şeýle ýagdaýa düşsem näme etjegimi aýdyp biljek däl. Ýüregimi diňlärin. Onuň gelen kararynam ölünçäm dogry hasaplaryn. Ýüregim maňa o gyz ýüz öwür diýse-de, onuň üstünden atanak çekme diýse-de, haýsyny diýse-de belli birini anyk diýse, şoňa görä hereket ederdim. Alla hemmämize dogry ýoly salgy bersin, şeýtanyň, azaşanlaryň ýolundan saklasyn.

Aýna: Salam Ylýas dogan elli ýaşda söýgi döräp bilermi23 Iýul, 2021

Adamyň özüne bagly bolaýmasa.

Merjen: Salam Ylýas aga durmuşda in ýakynlarny ýitirende hemme zat gutaran ýaly bolýar mendede şeýle boldy şeýle ýagdaýda cöken ruhyny nähili galdyrmaly ýaşamana nädip güýc tapmaly23 Iýul, 2021

Alla sygyn. Biribaryň özüňi näme üçin ýaradandygynyň pikirini et.Ýaradylyş maksadyňa görä ýaşamaga çalyş.

Bahar : Salam Ylýas daýy men ýoldaşym ýogalanson şäherden bir adam bn tam olam mana aýaly bn ýaşaşmaýandygyny aýtdy seni haladym türkmen nika edip ýaşaşaly diýip teklip etdi dogrusy menem ony haldym ol şeýle mylaýymdy men obada ol şäherde ýaşaýas her aýda gidip görüşerdik bile ýaşamaga onda mümküncilik ýokdy cagalarym bn ýanyna äkitmäne Men ona şeýlebir öwrenşipdim gözüme hic.zat görünmedi şol ýagdaýda bi üc ýyl ýaşaşdyk bir günem bir aýal jan etdi men Mekan bn ýaşaýan sen on durmuşynda.bardygyny bilemokdym ony mana sýtmady diýip sen bize indi azar berme diýip men Mekana jan etdim jogap soradym olam men ýanymda ýaşaýan aýal gerek şon ücin on bn öýlendim meni bagyşla senem gowy görýän ona bilirmän görşeris diýdi menem mana şärikli zat gerek däl bagtly bol diýdim men dünýäm boşap galdy ol son sonlaram jan etdi ýadymdan cykaryp bilemok diýip muny sonky alany bilip mana jn edip her hili kemsidiji sözler.aýtdy bu ýerde men gûnäm näme men näme etmelaslhat berin18 Iýul, 2021

Dogrusy, şahsy durmuşda maslahat bermegi dogry hasap etmeýärin. Çünki başga biriniň durmuşyny garaňky tokaýa deňeýärler. Men senem tanamok, halan ýigidiňem, onuň başdaş gelninem. Öz durumyşyndan her kim özi baş alyp çykmaly bolýar. Keseden gelen maslahatlar aňsat ýerine düşmeýär. Şonuň üçin, bagyşla, bir zatlar maslahat bermekden saklanýan.

Mähri: Salam Ylýas aga men ýoldaşymy ýitiremson bu dünýäde özümi şeýle ýalnyz duýýan ruhy dünýäm boşap galdy on öwezini hic zat bn dolduryp bilemok mana maslahat berin 18 Iýul, 2021

Alla sabyr bersin. Başga diýere zat tapmadym.Belki iň dogrusy şoldur. Adam her bir kynçylygyňam, ýeňillikleriňem Alladan gelýändigini, munuň bir synagdygyny bilse ýüregi giňeýär. Sabyr edýär. Howlukmaç, özüňi oda uran ýaly hereketlerden saklaýar. Alla sabyr bersin.

Melek : Salam Ylýas aga durmuşda ka mahal şeýle cykalgasyz ýagdaýlara düşýän hic hili çözgüdi ýok ýaly aljyraraýan şeýle pursatlarda nähili maslahat berýäniz25 Iýun, 2021

Adamyň çykgynsyz ýagdaýy nähili ýagdaý? Ene-atasynyň ýa-da kemala getiren perzendiniň biwagt dünýäden ötmegimi? Ýa gowy görüp ýören atynyň agsamagym? Ýa maşgala durmuşynyň weýran bolmagymy? Bu ýagdaýlary ýeke-ýeke göz öňüne getirip çykalgasyny gözläp gördüňizmi? Allanyň eserinde çykgynsyzlyk ýik. Ol Güni dogdurýaram, ýaşyrýaram, ýene dogdurýaram. Şuňa dogry düşüünseň köp meseleleriň ýeňlär.

Melek : Salam Ylýas aga men özüme syrdaş gözleýän ýöne hic tapyp bilemok maslhat berin24 Iýun, 2021

Syrdaş tapmak iň kyn mesele. Kyn ýerem ony gözläniň bilen tapyp bolanok. Syrdaşyň özi seni tapýan ýaly. Ýöne adama özünden ýakyn hem gowy syrdaş ýokmuka diýýän. Özüňi diňlemek, özüňe düşünmek, özüň bilen köpräk syrdaş bolmak gaty zerur. Biz ters iş etsek ilki özümizi masgara edýäris. Gowy işlerimize-de özümizde gaty begenýän ýokmuka diýýän. Adam ahyrynda-da özi bilen galmaly. Her näçe ýakyn syrdaşyňam bolsa, sen ýa-da ol biri-briňizi ýeke goýmaly. Öz aladaňy etmek öz bähbidiňi bilmek diňe maddy zatda, ýa şöhratparazlykda jemlenmeýär. Bir sogabyň ýerine ikisini gazanjak bolmagam öz bähbidiňi bilmek. Başga birine ýagşylyk etmek özüňe edip bilýän iň uly ýagşylygyň. Biz köplenç özümizi ters tarapdan görýäris hem oňa peýdadyr diýip zyýan edýäris. Arman...

Hatyja: Salam Ylýas aga men ýoldaşym bilen 20 ýyl gowy görüşip ýaşadym ol on ýyl mundan ön ýol heläkciliginde wepat boldy nen dört cagam bilen galdym Men henizem ýüregim ýalñyz Özüne syrdaş adamy nädip tapyp bolarka 13 Iýun, 2021

Bilmedim-dä. Belki siziň ýaly birini gözläp ýörenem bolsa bardyr. Alla kömek etsin, hemmämize.

Soltanmyrat: Bolýa, diýmedigim bolsun. Jähennemä gitsinle şü düýedaban. Size şahyrçylykda, ýazyjylykda üstünlik arzuw edýän.31 Maý, 2021

Düýedabany jähenneme iberer ýaly onda näme günä bar? Eden arzuwyňa sag bol. Ýöne şu günler oba hojalygy maňa has zerur ýaly görünýär.

Soltanmyrat: Selhozda okan bolsanyz bilmeli-a.27 Maý, 2021

Selhozda okanym-a çyn. Ýöne dünýede ot-çöpem kän-dä. Onsoňam selhozda o zatlardan beter oba hojalygy okadylýar. Bilimim pes bolmagam mümkin . Ýatkeşligimem onçakly gowy däl. 40-45 ýyl mundan öň okan zadymam ýadymdan çykaraýýan.

Soltanmyrat: Salawmaleýkim. Düýedaban ösümligi barada bilýänizmi. Şoň orsça adyny (ýa-da ylmy adyny) bilýän bolsaňyz tapyp beräýiň. Immunitetiňi bada-bat güýçlendirýär diýýärler. Hydyr aga sizden sorap göräý diýdi.10 Maý, 2021

Menem bilemok-da. Bolmasa botanika instituty, ýa-da oba hojalyk uniwersitetiniň botanika kafedasyna jaň edip soraýmasaň

serik: essalawmaleykim Ylyas aga ilki bilen sayt tazeden ise girzenniz bilen gutlayan dowamaty bolsun sizin yazan makalalarnyzy howes bilen okayan ilki Hydyr agan makalalrny yazan zatlarny okayan sizinkinem okaryn goz gecirip cykdym gowy zatlar bar eken sizlik hays ba sizin yazan zatlarnyzy beyleki inyernet saytkarda paylassam tamayanlaram sizi tanasyn Hydyr agany sizi tanasyn bilsin diyyan eger urugsat berseniz.Tutyan islerniz rowac bolup janynyz sag bolsun isinizde ustunlik.22 Aprel, 2021

Bolar.

Myhman: Elif Safak "Aşk" romanyny okadyñyzmy?17 Aprel, 2021

Okamadym.

Pero: Kitaplannyzdan kop okalanlan biri "İlki yurek olyari" yazmak sizin nacerak wagtynyzy aldy? Nacinji yylda yazyp gutardynyz? Yazyan wagtynyz size gaty kyn dusen yerleri boldumy? Bas gahryman hyyaly gahrymanmy ya durmusdan nusga alnan? Mana yarady. Ellernize guller bitsin. Galamynyz batly bolsun! Kabiryerlernde owunjak zatlarada uns bermegniz hasam gyzykly edipdir. Esasanam ozuni poyuzyn asagyna atjak bolan yerlerinde gahrymanyn tolgunamsy okyja gecip gidya. 10 Aprel, 2021

2006-njy ýyl bolaýmasa. Ýok. Köp oturmadym. Ýöne kellede kän göterdim. Gahrymanyň durmuşdan alynan ýerlerem bar, hyýaly ýerlerem. Umuman ýarym hyýaly. Esasy zat okyjylara ýaramagy. Ýafşy dilegleriň üçin sag bol.

Babyr: Howwa, žurnalyñ sanyna da seretdim welin, cykanyna da bir yyl bolupberipdir. "Özimizi tanamaga dünýäniñ kömek edişi ýaly, hiç bir kitap bize kömek etmez" şu başyndaky sözi hasam gowy gordim. Soñky dowur, kitaplardan ýaşaýyşy durmuşyñ has gowy öwredýändigi hakda öz-özüm kuylenip yördim. Hakykam yaly01 Aprel, 2021

Ýaşaýyşy öwrenmek gaty kyn mesele. Ol öwrenilip ýaşalýan bolsa munça ýalňyşlar bolmazdy hem muňa her kim gaty ökdelärdi. Emma gynansagam durmuşy bilýändir diýýän adamlarymyz birden çykgynsyz ýagdaýa düşýär oturberýär, öz ýalňyşlary sebäpli. Durmuşy Kur'andan öwrenip, öoňa laýygam ýaşap bolsady. Kitabyň uly peýdasy geçenleriňe düşünmäge gowy kömek edýär. Geljek welin mydama garaşylmaýan zatlardan doly. Ony kitaba sygdyryp bolanok. Şonda-da oňa düşünmäge çalyşmak ynsanyň borjy hem haýwanlardan tapawutly tarapymyka diýýän.

Babyr: Ylýas aga, 1 ýyl mundan öñki pikiri hem adamyñ durmuş tejribesiniñ bir ýyl artmagy bn üýtgeýär. Onsañ ýaşlañ pikiri bn ýaşyulylañ pikiri arasynda uly tapawut bolýar... şoñ üçin köp ýerde: "ulyñ diýenini etmedik uwlar" etmeli bolýar. Sizi atamyñ ornunda goýup sorajak maslahatym: "Asyl görseñ soý sorama" diýilýär, ýöne muña garşylyk: "Owal akan ýerden akarmyş aryk"  hem diýilýär. Siz ýaşulylyga ýeten döwriñizde haýsy nakyly saýlamagy(diñe ikisinden birini saýlamaly bolanda) maslahat bererdiñiz?!30 Mart, 2021

Bu sowalyňa Hydyryň beren jogabyny okadym. Onuň bilen doly ylalaşýan. Üstüne goşjak zadymam ýok.

Babyr: Ekzuperiñ "Adamlaryñ saýýaryny" görüp gaty begendim. Sebabi "Kiçijik şazadasyndan" başgasyny okap göremokdym. Okamagy arzuw edyadim. Duşanokdy. Haýdap, kim terjime etdikä diýsem, siz ekeniñiz. Begendim. Diñe eser ucin dal, işleyaniñiz ucinem begendim... @Welje, saýlamaga mümkinçilik bolsa, men-ä edebiýaty saýlardym. Ýöne, Ýegenmyradowda bolsa gerek, şu setir ýadymda galypdyr: "Durmuş düşunmeýär seniñ derdiñe" ýöne hemme zatdanam öziñe peydasyny tapmagy oñatmalymyka diýýän. Mysal üçin men Tolstoýyñ ömri hakynda ha däl, uly gowrimli eserlerini okamakamam ony gaty gowy görýädim. Indi hasam gowy gorýän. Işeññir adam, ussat ýazyjy, paýhasly goja........30 Mart, 2021

Dogrusy ol terjime öňüräk başlanyp bir sebäp bilenem galypdy. Soň ony dowam etdirdim. Täzeden gözden geçiribem jurnala berdim. O taýda-da 1 ýyldanam köp ýatyp ahyry çykdy. Soňky döwürler işleýişimiň ugry ýokdugyny aýtmak üçin bulary ýazdym. Tolstoý dagy edebiýata hakyky berlen adamlar. Olara döwürleri hemme atmosferasy şeýdip işlemäge itergi berdimikä diýýän. Hakykatdanam beýik adam Tolstoý.

Yhlas: Salawmaleykum Ylyas aga. Sizin pikirinizce 40; 50 yasdan son, yada ondanam gijirak doredijilige baslap kamil eserleri yazyp bolarmy? Seyle hem yas wagtyn gosgy, yasyn ulalysandan son proza eserlerini doretmek has ansatt diyyaler. Sizin muna garaysynyz nahili?18 Mart, 2021

Döredijilik ýaş saýlamaýarmyka diýýän. Ýöne adsam garradygyça köp hem çuňak pikirlenýär, emma az işläp bilär. Goşgy hasam ýaşlykda ýazylagan. Gurbannazaryň goşgularyna şeýle ýaş awtor ýazandyr diýer ýalam däl. Pikirleri ýaşuly adamlaryň etjek pikirlerine meňzeýär. Hemmesi Allanyň elinde.

Welje: Babyr, edebiýat bilen kartoşka, haýsy birini saýlardyň?16 Mart, 2021

Men-ä öz döwründe ikisinem saýlapdym. Ýadyma düşýär...

Döwlet Aşyrovv: Salam13 Fewral, 2021

Salam.

Enesh : salam ylyas aga bu yerde geografiya dersine degisli maglumatlar barmyka 08 Fewral, 2021

Bir şol ýetenokdy. Onam geljekde göz öňünde tutaýmasak.

mrs: salam ilyas aga gowmysynyz18 Ýanwar, 2021

Gowy şükür. Özüň neneň?

Ahmethan: Programma nadip duzipya onun ozeni name? 05 Ýanwar, 2021

Ony programmistlerden soraýmasaň.

Umyt: Salawmaleýkim, Ylýas aga. Sizi Ertir.com döwründen bäri tanaýan. Hydyr agaňam, siziňem gowy eserleriňiz bar, höwri ýene kän bolsun! Ömrüňiz uzak bolsun! Ýazýan adam üçin "arakesme" näderejede zyýanly? "Ylham böwşeňligi" diýsegem bolmanam durjak. Ýa-da ýazýan adam üçin edebiýat atmosferasynyň bolmagy howa, suw ýaly zerurlykmy? Men "edebiýat atmosferasy" diýenimde töweregiňi ýazýan-pozýanlaryň gurşap almagyny göz öňünde tutdum.03 Ýanwar, 2021

Ýazmak her kimde bir hili bolýar. Özüm hakynda aýtsam 5-6 ýyllap zat ýazmadyk döwürlerimem boldy. Ýöne Gurbannazar neresse bir setir ýazgyn welin ýazman geçiren günüň bolmasyn diýerdi. Ýazmasaň eliň, diliň kütelýän eken. Pikirlenşiňem (sýujet tapmak, ýa kapiýa ýaly zatlarda) gowşaýar. Emma o zatlar öçmese ýene tutaşyp gidýär. Özüňe zor edip ýazmakdanam näme netijäň boljagyna düşünemok. Ýazmak zerurlygy gerekmikä diýýän ýazýan adamda. Ýogsa näme üçin, näme maksat bilen ýazýanyňa göz ýetirmän ýazmak boş işlemek ýaly. Atmosfera zerur. Ony internet bilenem döredip bolýar. Dünýä edebiýatyna aralaşmaga mümkinçilik barka atmosfera ýetmezçiliginden zeýrenmek dogry dälmikä diýýän. Esasy zat maksat. Ýüregiňdäkini aýtmak hem ahyry ynjalmak. Gaty köp adamyň maksadynyň özüne şahyr ýa-da ýazyjy diýlenini gazanmak bilen çäklenýändigini gördüm. Özümiňem şolardan bolmagymyň mümkindiginden eýmenýärin. Taryhda özüne şahyr ýa ýazyjy diýdiren gaty boş adamlar kän geçipdir. Olar göwnüme bolmasa oba ýaňralaryny ýatladýar... Garaz kyn mesele...

Perhat Sabirovv: Täze ýylyňyz gutly bolsun, Ylýas aga!31 Dekabr, 2020

Sag bol! Siziňkem gutly bolsun!

Yhlas: ylyas aga salawmaleykum, taze yylynyz gutly bolsun! Taze 2021/nji yyl size dine gowulyk, ustinlik getirsin.31 Dekabr, 2020

Sagja bol inijigim. Maňa dilänleriňdenem köpüsi özüňe-de bolsun!

Perhat Sabirovv: Salam, Ylýas aga. Gowmy ýagdaýlaryňyz? Ylym we Bilimiň ikisi bir zatmy?23 Dekabr, 2020

Salam. Ylym bilen bilimiň arasynda uly tapawut bar.Olar biri-birini doldurýarlar, ýöne tapawutly zatlar. Bilim - bilmek, öwrenmek. Ylym - has düýpli öwrenmek, açyşlara çenli baryp ýetmek. Men-ä şeýle düşünýän, gysgaça aýtsam.

Rr: Adamyn senden uzakda bolanda kop wagtlap sonda sen name etmeli06 Dekabr, 2020

Oňa wepalylygyňy sakklajak balmily, adyna ysnat getirmejek bolmaly.

Orazmyrat: Salam ogluma Merdan ady goyjak manysy nameka25 Noýabr, 2020

Merdan merdana diýmekdir-dä. Näme at goýsaňam adyna eýe bolsun, ýaöy uzyn bolsun!

T.: Beýik taryhy türkmen şahsyýetler barada ýazan eserleriniň barmy?10 Noýabr, 2020

Ýok. Ýöne ýazasym gelýär.

Yhlas: yusup gojugyn gokdepe sowesi baradaky powestinde batyr han atly gahryman hereket edya. Men taryhy kitaplary okanymda ozal beyle gahrymana dusmandym. Bu eserde batyr hanyn kesbi hatda nurberdi handanam yokarda goyulypdyr. Men eserdaki bu yagdaya dusinmedim. Bu eserde sowese gatnasan gurbanmyrat isan, orazmammet han, dykma serdar yaly meshur adamlaryn ady agzalman, asla tanys bolmadyk adamlaryn atlary tutulyar.10 Noýabr, 2020

Yhlas, Ýusubyň powesti çeper eser. Ondaky Batyr hanam beýlekilerem awtoryň öz döredijiligi. Ýöne gahrymanlar boş ýerden, potologa seyredip döredilmeýär. Şol döwrüň adamlarynyň, şahsyýetleriniň jemlenen keşbi bolýar. Şolaryň esasynda döreýär. Esasy maksat okyjyny şol döwre äkitmek, şol döwrüň ruhuna salmak hem şol döwür hakyndaky garaýyşlaryňy, pikirleriňi beýan etmek. Üstesine gyzyklam bolmaly. Okyjyny özüne çekmeli. Bu zatlaram Ýusubuň kitabynda barmyka diýýän.

Mahym: Salam Ylyas aga men 14 yasymda men kiciligimden bari edebiyada gyzyklanyan edebiyaty oran gowy goryan . Howwa Hydyr agadan sorapdym name ucin yazanok diyip Hydyr agada kompyuteri islanok diyipdi 09 Noýabr, 2020

Geljegiň öňüňde eken. Ýstünlikler, bagt,yhlas... ähli gowulyklar hemraň bolsun.

Mahym: SALAM Ylýas aga siz nace yasynyzda aydayynda06 Noýabr, 2020

Mahym salam. Hekaýalarymy okaýanyň üçin sag bol. Göwnüňizden turan bolsa azabymyň ýerine düşdügi. Men 1952-nji ýylyň awgust aýynda doglan. Siz näçe ýaşyňyzda? Edebiýat bilen haçandan bäri gyzyklanýaňyz? Hatlaryňa wagtynda jogap berip bilmedim, kompýuterim ussada. Häzirem Hydyryňkydan ýazyp otyryn.

Yhlas: ylyas aga salawmaleykum. Golayda eyranly yazyjy yusup gojugyn gokdepe sowesi barada eserini okadym. Ony terjime etmage sizem gatnasypsynyz. Terjime gaty gowy cykypdyr.03 Noýabr, 2020

Hawa bir döwürler Ýusup Gojugyň hekaýalaryny Gökdepe urşy hakyndaky powestini terjime edipdim.

Mahym: Ylýas aga sizin aslynyz nireli aydayynda 27 Oktýabr, 2020

Ýalkym obasynda dogulypdyryn, ekiz taýym Hydyr bilen Ýalkym Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda ýerleşýär. Häzir Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyna degişli.

MAHYM: Kop adamlar Mahym adynyn manysyny bilenok yada Magtymguly Pyragynyn eserinde bardygyny aydyarlar menem sudden sorayyn didimda.23 Oktýabr, 2020

Zöhre-Tahyr dessanynyň bir gahrymany, Tahyra aşyk bolýanam Mahym ahyryn. Magtymgulyda Mahy tabanym diýip geçýän setiri bilýän. Aýratyn Mahym adyny tutýan ýeri ýadyma düşenok.

MAHYM: Kop kop sagbolun Ylyas dayy23 Oktýabr, 2020

Bolýar Mahym. Adyöa mynasyp ýaşa.

Garadaşly: Salawmaleýkim Ylýas aga! Gowmy ýagdaýlaryňyz? Sorag-jogap bölümine girip öň başdaky soraglary okaýaň welin, azajyk soraglarda many bar, belli bir zada esaslanan soraglar bar. Gynansakda soňky soraglary okaýan welin, ne many bar, ne-de bir gyzyklanma esaslanan soraglar bar. Muňa siz nähili pikirde? Soňam siz bilen hiç-hili baglanşygy ýok soraglary bermeklerine nähili garaýaňyz? Bu sizi tanamazlykdanmy ýa-da tanap durup şeýle baglanşyksyz soraglary bermeklerinde bir sebäbiň barlygyndanmy? Men sizi juda sylaýan we eserleriňizi söýüp okaýan. Sagboluň!21 Oktýabr, 2020

Bu aýdýanlaryň jany baram ýaly. Ýöne oňa biziň etjek zadymyz ýok. Biz el ujundan jogap berýän bolaýmaly diýibem pikir edýän. Ýöne ony diýere-de esas tapamok. Dogrusy bu ýagdaý wagtlaýyn bolubam biler.

msbrtk: Salowmaleykum Ylyas aga16 Oktýabr, 2020

Waleýkim esasanam. Ýüzbeýüz görüşmek niýetiňem bardymy?

Aynur: Sohbet jumayewin gelni24 Sentýabr, 2020

Söhbet Jumaýew kim, Aýnur kim? Düşünmedim.

Mahym: Salam Ylýas daýy Mahym Sozüniñ näme manysy barka aýdaýynda23 Sentýabr, 2020

Mahym adynyň köki Mah (Aý) sözi bolaýmasa. Mahym - Aýym.

Yhlas: gowulykda adyn tutulmagy uly zat. Menem wagtymy biderek gecirman okayan, ka wagtam gosgy duzyan. Dine ceper eserleri dalde taryhy eserlerem halap okayan. Kitapdan gowy guymenje yokmyka diyan. Okamak dunyagaraysy gineldyar. Agam siz turkmen yazyjy/sahyrlaryndan kimlerin eserlerini okamagy halayanyz. Oziniz haysy sahyrlar, yazyjylar bilen gatnasyk saklayanyz. 19 Sentýabr, 2020

Häzir saňa haýsy ýazyjynyň adyny ýazsam şolam gowy ýaly görner. Özüň oka, özüň saýla. Kim gaýkyny söýer kim küýküni diýmeýärlermi name. Ýazyjy şahyrlardanam gatnaşmaýanym ýok, kim gelse gapym açyk, kimiň ýanyna barsamam ýüzüni turşadýany ýok. Döredijilikde üstünlik arzuw edýän.

Yhlas: sorasmak, yakyndan tanysmak gowy zat. Bilimim yokary dal. Liseyde kitaphanacylyk ugrundan okadym. Gosgy duzisim durli yagdayda bolya. Ka wagt gaty gynanan wagtym yada gaty begenen wagtym gosgy oz/ozinden duzilyan yaly ansat duzilya. Emma bos oturan wagtym gosgy duzeyin diyip pikirlenibem gosgy duzyan. Dogrysy gosgy duzmek hem ansat, hem kyn. Hazira gosgy duzmekde maksadymyn namedigini anyk bilemak. Dogrusy ka wagt dunyade oz yzyny goyup gitmek, eserleri okalyan, azajygam bolsa tanalyan sahyr bolmak islegi doreyar. Yone onm yazanlar kop hazirem yazyanlar kop. Ka wagt bir/iki gossgy yazyp bizden sahyr bolasy yokmyka diyan. Sonun ucinem hazir dine ozim ucin yazyan. Geljekde cap etdirmek niyetima bar. Galanynam wagt gorkezerda.18 Sentýabr, 2020

Dogry aýdýaň wagt hemmämizi biri-birimize, hatda tanamaýan adamlarymyza-da tanadýar. Şahyr edip tanadýar, pahyr edip tanadýar, baý edip tanadýar. Garaz tanalmadyk adam galmaýar. Özüňi gizläp biljek ýeriň ýok. Ýa-da tanymal boljak bolubam alada galyp ýörmeli däl. Gurbannazar Eziz ýa-da Kerim aga üçin olaryň tanymal adam bolup geçendikleri özlerini tanymal etjek, tanalýan adam boljak bolup eden höweslerinden (şeýle höwes olarda-da bolan bolsa gerek) ýazan gowy goşgulary peýdaly bolup çykýar. Sen ýaz, ussat bol, il tanar. Hatda ýönekeý atbakar bolaý, käriňe ussat bolsaň meşhurlygyň özi gelýär. Obamyzda gaty ökde ussa bardy ýa-da köçämizde gaty gowy adambardy hemme kişä kömegi degýärdi diýlip ýatlanmagam uly zat. Belki-de bäş sany setir ýazyp baýrak alyp ady öňe çykýanlardan olar has abraýlydyrlar, meşhurdyrlaram. Welilik hakyda aýdylan söz bar. Weliler dört topara bölünýär diýýärler. Şolaryň birem weliler berdyr özleriniň welidiklerini bilmezler, ilem bilmez. Bu kesgitlemäni ýönekeý adamlara geçirsek, şeýle bir gowy adamlar bardyr üýtgeşik gowudyklaryny özlerem bilmez ilem. Oňaryp bolsa şeýle adam bolmagy men ähli zatdan beter isleýän. Ýöne gowy adam bolmak weli bolmak bolmansoň ony beýleki adamlar derrew bilýär. Gowy adama derrew gowy diýýärler. Soň ikiniň sylagyndan azman gezip bilseňem bolýar. Işiň kyn ýerem şonda. Bu ýazanlarymy okap netijäni özüň çykar.

Yhlas: pikirleriniz ucin minnetdar. Bu gosgym hazirlikce bir kuplet. Dogrysy gosgy yazyanyma 7/8 yl boldy. Emma menin kemciligim koplenc gosgularymy yazga geciremok. Sonun ucin yatdan cykyp gidya. Ozem gosgy yazyanymy ile duydyrmaga, birine okap bermage gatyy utanyan. Yone gosgy duzmegem, okamagam gaty halayan. Hydyr agadan gosgy barada soranymda size yuz tutmagy maslahat berdi.13 Sentýabr, 2020

Yhlas sen näçe ýaşyňda? Soraýanym utanýan diýeniňden. Utanjaňlyk gowy häsiýet. Ýöne başarjaňlygyňy görkezmäge utanmak ýalňyşmyka diýýän. Başaryp başarmaýanyňy bolsa hiç görmese bilmese nädip kesgitlejk? Ýazga näme üçin geçirmeýäň?

Yhlas: ylyas aga yazan gosgymy "okapdym" diyeninize hayran galdym. Sebabi ony size iberen gunum ozim duzipdim. Basga birinin gosgusyna menzetdiniz oydyan. Yone men bu gosgyny yazanymda hic kime oykenman, hic kimden tasirlenman yazypdym. Gaty seyrek yazyandygym ucin hemde cekinjenligim cebapli ozim duzenimi yazmandym. Yazysymyn haysy sahyryn usulyna menzeyandigini, nahili yazylandygyny bilmek ucin sorapdym. Gurbannazar ezizow hakdaky pikirlerinize gosylyan. Menin bu gosgym dine Gurbannazar hakda dalde guyz bilen hem baglansykly. Um uman gosgyma bildiren pikirinize minnetdar. "erbet yada gowsak gosgy dalmika diyan" diyip yazan sozlerinize begendim we yenede gosgylar duzmane howes doretdi.09 Sentýabr, 2020

Goşgyň bir küpletmi? Başga ýazan goşgularyň barmy? Goşgyňy okan ýaly bolanym onuň hem onuň gowy hem erbet tarapy. Kimiňkä-de bolsa birniňkä meňzedilip ýazylan goşgy orginal bolmaýar. Gowy tarapam goşgyny düüzüp biljegiňe ynamyň döreýär. Bu başlangyçda gerek. Döredijilige ýaňy başlajak bolýana meňzeýäň. Üstünlik ýar bolsun!

Haknazar: Salam...egerde sizden sorasalar özuni tanamak un nahili prinspleri ulanarsynyz diyip sorasalar näme diyerdiniz?09 Sentýabr, 2020

Özüni tanan weli diýýändirler. Adama iň kyn düşýän zat adam tanamak, ondanam kyny özüňi tanamaak. Umuman adaman özüne näbeledem däl. Ol nämeden gorkjagyny nämäni ýeňjegini nireden geçip biljegini... garaz özüne degişli birnäçe maglaumatlary bilmänem duranok. Emma köplenç adam bilýändirin öýdübem ýalňyşýar. Özüňi tanajak bolsaň ilki bilen özüňi diňle. Ol näme diýýär? Nähili ýaşanyňy isleýär? Nähili derejelere ýetesi gelýär? Şol ýetmek isleýän derejesine tarap barýarmy? Umuman şolar ýaly birgiden sowallara jogap ber. Onam ýazsaň has gowy bolar. (Diňe özüň üçin ýaz.) Dogrujaňy ýaz, gep owadanlajak bolma. Näçe çynyňy ýazsaň şomça netijeli bolar. Menden maslahat.

Dünýä:  Ne illeriň ýazan zadyny, gowy kitaplary okaýan ne-de özüm ýazýan. Näme ýçin birden beýle ýgdaýa düşenimem näme bilen düöündirjegimem bilemok.  Diýdiňizä şoňa diýipdim (ýalňyşyp gysga ýazypdyrn öýtýän. Bagyşlaň (09 Sentýabr, 2020

Bu meseleleriň çözgüdi ýazýan çadtňy diňe özüň üçin däl gaty köpem bolmasa okaýan başga birleri üçin ýazýandygyňa düşünmekmilä diýýän. Biri saňa kagyz beripdir senem oňa okar ýaly, okap köp meselelerde kanagatlanar ýaly bir zatlar ýazmaly. Eliňe kagyz tutduran garaşyp dur. Onsoň ýazmabilseň ýazma. Şeýle anyk ýagdaýy göz öňüne getirmek kyn. Ýaltalykdan bolmagam mümkin. Duýgularyň öçüşmegem. Garaz ýazylanok...

Dünýä: Aşakda agzan meseläňiziň çözgüdini tapsaňyz bize-de aýdaýyň, haýyş edýän (köplenç gabat gelinýän mesele(08 Sentýabr, 2020

Haýsy meseleler?

Dünýä: Aşakda "Bazar" diýip biri tehnologiýa saýta gelendirin öýtmedi öýdýän ) "Özümden utanýan..." Ylýas aga bu söz size gelişenok. Şonça gowy eser ýazybam baryny bir sözde biderek etmäň. (biderek sözüme ýalňyş düşünmäň). 08 Sentýabr, 2020

Kim Bazar?

Yhlas: geldi soyyan pasly gurbannazaryn, hemde ony baka akiden pasly. Guz diyilse gurbannazar yatlanya, yaz gelende doglan bolsada asly. ylyas aga kyn gormeseniz su gosgynyn duzilisi we manysy hakda pikirinizi dolyrak yazaysanyz. Bu gosgy kimin duzis usulyna menzeya. Pikir bildirseniz hosal bolardym.07 Sentýabr, 2020

Diýýän goşgyňy okanym ýadyma düşýär. Ýöne ony kimiň ýazanyny ýadyma salyp bilmedim. Ony tehniki ýa-da many taýdan derňemek nämä gerek? Erbet ýagny gowşajyk goşgy däldimikä diýýän. Gurbannazary paslyň ýa-da tebigaty wasp eden şahyr ýaly görmek ýalňyşmyka dibbän. Çünki ol uly hem çuň şahyr.

Yhlas: salam ylyas aga. Men hydyr aga bilen saytda sorag/jogap alysyp gordim. Yone size ilkinji gezek yazyan. Saytynyzdaky beryan jogaplarynyz mana yarady. Ylyas aga size soragym hazirki wagtda name bilen mesgurlanyanyz, doredijiliginizde tazelikler barmy.07 Sentýabr, 2020

Şu günler meşgullanýan zatlarym kän-de içinde edebiýat ýok diýen ýaly. Ne illeriň ýazan zadyny, gowy kitaplary okaýan ne-de özüm ýazýan. Näme ýçin birden beýle ýgdaýa düşenimem näme bilen düöündirjegimem bilemok. Gyş gelse ýagdaýlarym üýtgär diýen tama bilen ýaşap ýörün. Gepi uzatmaýyn. Özümden utanýan...

Bazar: Salam imo 5830 nadip acmaly versiasi goternok 06 Sentýabr, 2020

Mende IMO ýok.

Haknazar: Salam agam gowmy yagdaylanyz.Sahypanyza duydansyz totanlikde girilip gitdi,yone bu totanlik meniň kabir soraglaryma jogap boldy diysem ote gecmernmikam diyyan...sorajak bolyan zadym şu durmuşda nesiba dogrysynda garayşynyz aydaysanyz?28 Awgust, 2020

Waleýkimessalam. Nesibe uly zat. Men oňa çuň ynanýan. Nesibäňde ýok bolsa üstüňe gelen zadam senden uzak bolýar. Nesibäňde bar bolsa garaşmaýan zatlaryň (gowulygam, erbetligem)özi başyňa gelip dur. Hemmesinem Alla Tagalaň synaglary hasap edýän.

Myhman: Türkeriñ "Diriliş Ertuģrul" serialyny gördüñizmi? Siz hiç taryhy eser ýazmaga ýada kino eser doretmage synanşyp görmediñizmi?21 Awgust, 2020

Üç nokadyň biri tarih bilen baglanşykly. Taryhy ýazmak gaty kyn.

Aly: Ylyas aga, "Olen gunlerim" diyen eserinizi goyup bilersinizmi?03 Fewral, 2020

goýjak bolaryn. Häzir ýazgylarym başga komputerde.

Perhat Sabirovv: Dünýädäki in ajy dert näme diýýàñiz02 Fewral, 2020

Aýralyk bar, jydalyk bar, ölüm bar... Bu setir Şasenem Garyp dessanyndan. Magtymgulyda ölümden ajydyr kişi minneti diýibem bar. Umuman her kimiň öz ýarasy özüne görämikä diýýän. Alla görjegimizi gowy etsin.

Bagul: yhlas agam men seyle bir gyzy soyyan sona name diyip baslajagymy bilyan na.e etsemkam yhlas aga komek ed ayin31 Ýanwar, 2020

Özüň gyz maşgala ýaly, özüňem gyzy gowy görýän diýýäň, akylyňdan azaşdyňmy?

Perhat Sabirovv: Salam agam.Gowmy Yagdaylaryñyz. Taze yylynyz gutly bolsun Agam soygi name? Ginisleyin pikirinizi yazaysynyz03 Ýanwar, 2020

Maslahatymy geň görme. Özüň söýgi hakynda özüň ýçin giňişleýin ýazyp gör. Öz ýazanyň özüň üçin başga biriniň ýazgysyndan has peýdaly bolar. Söýgä her kim özüçe düşünýär. Bu-da onuň ajaýyplygy.

ÝEKEJE : salam Ylýas aga täze ýylyňyz bilen düśimli ýyl bolsun 28 Dekabr, 2019

Salam. Hemmämiziňki bile bolsun. Beýleki gutanlara-da bir gezekde jogap beräýmesem. Täze ýyl baýramçylygy gowy baýram. Biz her günümize täze ýyl ýaly (sebäbi olam bir täzeden başlamak) garasakdyk. Edenlerimiziň, etjeklerimiziň pikirini etsedik. Sogaplarymyzy, günälerimizi terezä goýsadyk. Arman bu aňsat däl. Ýöne bolmanda arzuw edeliň. Haäzir ýylda bir "täze ýyly" belleýän bolsak, soň täze aýymyzy, soň täze hepdämizi, soň günümizi bellemäge (diňe baýram etmek däl)endik edeliň.

Rustem: Siz barada maglumat bilesim gelddi Ylyas agam24 Dekabr, 2019

Özüm hakynda saýtda maglumat goýupdym.

Merjen: Salam19 Noýabr, 2019

Salam.

Kuwwaat: Salowmaleykim size soragym bar okde bolsanyza jogabyn bilersiniz potologyn turkmencesi name19 Noýabr, 2019

Meniň bilişimçe çek ýaly. Dogrusy özüme dil ugrundan ökdedirin diýip biljekdäl.

ÝEKEJE : Salam Ylýas aga.Adamy daś keşbine seredip tanamak mûñkinmi ýa birnâçe wagtdan soñ tanap bolýarmy.Men inni šul adam meñ üçin gowy bundan maña zyýan gelmez diýýãn a baśgasyndan bolsa gorkýa bu howuply diýýãn emma tersime bolup çykýa aý garaz meniñ adamlary tamamakda uly kynçylyk çekýán.Šunuñ barada aýtsañyz eger kyn gõrmeseñiz29 Oktýabr, 2019

Adam alas içinde diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Adam umuman kyn günde, uzak ýolda ýoldaşlykda, başa iş düşende gowy tanalýar. Adamo bolsa şu ýagdaýlara düşmezlik üçin öňünden tanasyň gelýär, emma arman bu örän-ňrän kyn...

Wepa: Ylyas aga gizlin sahypa barmy. Ikicak gurleshmek un26 Oktýabr, 2019

Öýe geläýmeseň. Şahsy poçtam bar. i.amangeldi@gmail.com

nesibe: Nädip çalt okamly we okanzadyñ gowy yadyñda galar ýaly etmeli?14 Oktýabr, 2019

Muny mekdepdekäň öwredýän bolaýmasalar? Mugallymyňdan soramaly ekeniň. Henizem giç däl. Soramak, öwrenmek aýbam däl.

Perhat Sabirovv: Salam. Söýgi barmy?. Bir ýürege iki gyz ýerleśip bilermi?14 Oktýabr, 2019

Hemmesi ýüregiňe bagly. Iki gyz dagy nämejik tutuş dünýäni söýmeýärismi näme?

Ejegul: Salam,Ylyas aga men,mary welayatynan name ucin men,hickimi soyup bilemok, kawagt kawag seyle yuregim gysya. Yone yerden,aglayan13 Oktýabr, 2019

Kyn hem düşnüksiz ýagdaý. Bu ýagdaýyňa özüňem düşüneňok. Daşyndan kimdir biriniň ony düşündirmegi bolsa diňe gülkünç görner. Menem ile gülki bolmaýyn.

Bägül: Salm Ylýas aga siz durmus diýip nama düsunýäñiz kyn gormeseñiz jogap beräýiñ galamyñyzyñ uju mundan beýläk hem ýiti bolsun soraglaryma jogap berip ýetişseñizä Ylýas aga kellämde size berjek örän köp soraglarym bar sag boluñ03 Oktýabr, 2019

Durmuşa her kim özüçe düşünýär hem başgaça düşünmegem islemeýär. Magtymguly akyldar oňa pany diýipdirler. Ol hakykatdanam pany däldir ňýtmek Magtymgula şübhelenmek bolýar. Diňe Magtymgula däl gaty uly şahslaroňa geçegçi diýipdirler. Muny olara din däl durmuşyň özi diýdirýär. Durmuş däl-de biz geçegçidir öýdýänlerem bar. Ýöne munuň ýalňyşdygyny ylymam subut etdi. Ýer şary planetalardan biri, özem ýykylmaga, ýumrulmaga barýar. Gurbannazar goşgularynda Bakylyk diýip gaty gowy sözi ulanýar. Ine şol bakylygyň aldasynda ýaşamak durmuşa dogry düşünmek bolsa gerek.

Bägül: Salam Ylýas aga meni bir gyzyklandyrýan sorag bar olam öz arzuwuña ýetmek ucin name etmeli24 Sentýabr, 2019

Ýaşamaly. Arzuwyňa bolmanda bir gün ýakynlaşmak üçin.

Sabr: Salam Ylýas aga!Käte bir maslahat almak üçin bärlerik aýlanaýmam bar. Başgalaryñ soran soragyny, olara ýazylan jogaplary okap özimçe sapak alýan. Köp wagtdan soñ şu gün ýene bärlerik ýolum düşdi... Sizden soralan maslahatlary okap (töwerekdenem şeýlere wakalary ("Leýli-Mežnunlyk") juda köp eşdip, 20 ýyl mundan öñki döwür bn häzirki wagty deñeşdirýäñ isleseñ-islemeseñ... ýa-da 50 ýyl ozaly... agzalýan meseleleriñ sebäpkäri hökmünde tv, telefon, daşary ýurt seriallaryny görkezmek siziñ pikiriñizçe nä derejede dogry?!. Indi dogan-garyndaşyñ çagasy däl, öz çagañada diýen etdirip bolmaýar. Çaga terbiýesinde berklik gowumy ýada ýumşaklyk?! Köpçülik ýerlerinden öýüñde görkezmeýän kinolaryñy ýada şoña meñzeşleri göcürip gormezlikleri üçin näme çäre ulanmaly?! Telefony ýa kompýuteri elinden alanyñ bn o zatlañ soñuna sogan ekilmejegihä görnüp dur... mylaýymlyk hem her kime berilýän zat däl, hoşamaýlyk bn düşindireýin diýseñ... Mylaýym bolsañam guluñ bolaýym diýjeklerä az tapylarmyka diyyan...27 Awgust, 2019

Döwre görä ýaşamak uly mesele. Kerim agaň döwür şeýle diýip öz günäleriňizi döwrüň üstüne atmaň diýmesem bar welin, döwürem edil pasyllar ýaly gelip geçip duran zatmyka diýýän. Adamalaryň keşbi, düşüncesi, haýasy, pikirlenşi... üýtgeýär. Malyň ýüzi ýedi ýylda ynsanyň ýüzi elli ýylda täzelenermiş diýýärler. Nesil çalyşýar. Aň üýtgeýär. Häzir atam pahyry diri göz öňüme-de getirip bilemok. Ol basgançak diýilýän zady gören bolsa çala görendir. Häzir bolsa adamlar liftden düşenok. Bu ösüşler diňe tehnologiýada däl hemme zatda şeýle derejede üýtgedi. Çagaüa buýramak diýilýän gaty ir başlanmaly. Özem meniň pikirimçe diňe düşündirişiň usti bilen. Gadaganlyk gaýta gadagan edilen zady süýjedýär. Adam ataň gadagan edilen miweden iýip jennetden kowulşynda uly many bar. Umuman uly meseleni orta atypsyň. Hemmämize bu meslede abraý beräýsin Alla.

Leyla: Salam Ylsyas aga yagdaylarynyz gowumy, sizden maslahat sorajakdym, menin bir bar ady Gozel ol bir oglan bn soyushyaa bashda olaryn soygusi oran gowudy soyyan oglany onun gowninigowy gurleshyadiler yone birnace wagtdan son ol oglan birhili uytgap bashlady Gozele sowuk gurlap sogip bashlady Gozel bolsa ol meni cyndan soymeyandir diyip oylaya inolara sizin maslahatynyz gerek...24 Awgust, 2019

Söýüşmekden, ýaraşmakdan ýaşym geçipdirmi nämemi bu barada sorag berseler dünýäm daralýar. Menden maslahat soraýançaňyz ýüregiňizi diňläň.

msbrtk: "ilki yurek olyar"- yurek name?23 Awgust, 2019

Ýüregiň nämedigine düşünmän, ony düşündirip bilmän ýazan bolnup ýörülendir. Özüň düşündiräýmeseň.

msbrtk: Damylla, in ansady dymmak diyilyar welin, gaharyny saklap, dymmany basharmak herkime bashartmazmyka diyyan21 Awgust, 2019

Gharyňy ýuwdup bilmek bir duşmanyňy ýeňen ýalydyr diýip eşidipdim. Emma seň aýdyşyň ýaly ony başarmakda iş bar.

Dilber: Salam Ylyas aga Jeren Durdyyewin yowalany hakynda bilyaninizi paylasayyn18 Awgust, 2019

Jeren Durdyýewanyň ýogalanyny eşidipdim. Imanly bolsun bende.

Nurana: sayt nadip acmaly18 Awgust, 2019

Saýt açyp berýäs diýip reklemelarda bardy ňýdýän. Bize-de bu ugurdan başy çykýanlar açıp berdi.

YaraN Nazarow: Salam!sizin saytynyzda okamana gowy zatlar bar16 Awgust, 2019

Sag bol hoş sözüň üçin. Arman men oňa soňky dower kän girip bilemok.

Bayram: salawmkm Ylyas aga Begencgeldi Orazow sizin sagirdiniz bolmaly yalnysmayan bolsam sizde sonun gosgylary barmy ozuni in sonny gezek hacan gorduniz so barada oz pişiriniz aydayynda kan görmeseniz13 Iýul, 2019

Begençgeldini gowy görýän. Gowy goşgulary bar. Ýöne köpden bäri göremok. Belki deň-duşlary menden has habarlydyrlar. Şolardan soraýmasaň.

Gűlşat02: Salam Ylyas aga sayta girjek bolanda acar sozi diyya name yazmaly sotak aydaysanyz kyn gormeseniz12 Iýul, 2019

Bilmedim. Ilki saýda gireňde parol almak manysy bar bolaýmasa?

Isa ýagmyrow: Men Futbolcy bolasym gelyar Munyñ ucin name etmeli ? We Geljekde futbolcy bolasym gelyar 09 Iýul, 2019

Futbolam öwredýän trenerler bardyr. Krujoklar bardyr. Şolara baraýmasaň.

Gűlşat02: Ynanmayanyz Ylyas aga so dereje janym yanya hic ýaşaysa bolan hovesim yok so dereje soyup soyulip yorkak yalan tohmet cykdy pozdular aramyzy men nace jan edip aglap yagdaymy dusunirdim hemmesi yalan tohmet men hic kim bln bolmadym durmusymda dine sen bar diydim ynanmady mana solara ynandy sesimi cykarman sabyr etsem men so zatlary edenimi boyun aldygym bolyamy?sizin maslahatynyza zar men men hic hili derdimi dinlejek masgalam joram dossum yok 1je so bady durmusymda oda.mana ynananok derdimj siz bilen paylasmagy.makul bildim sizi kaka hokmunde gorip yazzym kakamyn yoklugy ucnm mana acyk aydyn maslahatynyz gerek sabyrdyzlyk bilen garasyan30 Iýun, 2019

Gülşat salam. Töhmet belasyndan özi gorasyn diýmeýärlermi. Ýöne ýalanyň soňy ýokdur. Suw akar daş galar. Töhmet atanlar öz gazan çukurlaryna özleri ýykylarlar. Her bir aýdylan zada özi göz ýetirmän ynanyp ýörenden Allanyň seni sowýan bolmagam ahmal. Alla hemmämize sabyr bersin, her dürli synaglardan päkligimizi saklap geçmäge özi kömek etsin.

Perishdejik: Salam Ylyas aga men hem goshgy yazman halayan goshgulam cap etdiresim gelya tanshynyz yokmy02 Iýun, 2019

Tanyşlyk bilen goşgy çap ettirmek dogry däl. Goşgyň gowy bolsun.

Maral: Salam Ylyas aga men öz halaşyan oglanym mana ikilik etdi men bolsa ony hemme zatdan beter gowy göryan men bu zatlara şu wagtym ynanyp bilemok ol bolsa bu zatlary unudyp önkümiz yaly bolmany teklip etya men indi ona nadip ynanjagymy bilemok sizden hayyş men name etmelidigimi maslahat berin28 Maý, 2019

Ýüregiňize geňeşiň.

GÜLJAN : SALAM YLÝAS AGA KINOLARŇYZ HAÇAN ÇYÝA.ÇYKSA ADYNY AÝDYŇ GÖRESIM GELÝÄR.29 Aprel, 2019

Bolar.

Bahargül: Salam Ylýas aga. Ýagdaýlaryñyz gowymy? Siziñ biz ýaly ýa$lara maslahat berýändigiñizi görüp diýseñ begendim. Eger müñkin bolsa maña-da kömek edersiñiz. Men kitap okamagy gowy görýän. Meniñ üçin bagt asuda otagyñ içinde maña eziz bolan kitaplarymy okap geçirmek. Bu meniñ çagalygymdan bäri $eýle. Men häzir 18 ýa$ymda. Men adamlaryñ men hakynda "baryp ýatan ýekeöýli" diýänini da$ gulakdan e$itýän. Ýöne jemgyýete men añsat go$ulyp bilemmok. Ýakynlarymyñ toýlaryna-da zor aýakdan gitýän. Barybam diñe soralan soraga jogap berip dymyp gaýtýan. Adamlar bilen gatna$yk edenimden kitap okanymy we hekaýadyr go$gulary ýazyp ýa-da surat çekip geçiren günlerim maña gyzykly ýaly. Ýöne elbetde beýle ýa$amagyñ dogry däldigine dü$ünýän. Meni çagalygymdan gur$ap alan $ol ýekeöýliligi nädip ýeñip geçsemkäm. Ýa kitap okamak güýmenjämi düýbinden bes edäýermikäm. Ýa-da mendäki durmu$yñ häzirki akymy bilen gidip ýazyjy bolmak arzuwyma ýetsemmikäm. Men siziñ maslahatyñyza uly gyzyklama bilen gara$ýan, Ylýas aga!22 Aprel, 2019

Bahargül, diňe kitap okumak bilen ýazyjy bolup bolmaýarmyka diýýän. Saňa okan kitaplaryň näme öwredýär? Sen olardan peýda tapýarmyň? Ine esasy mesele. Geljekde seniň kim bolup ýetişjegiň şol gören peýdalaryňa bagly bolsa gerek.

selbiiiii: salam ylyas aga sizden soragym barda men bu sayda birinji gezek girip gordim vn siz nam bn meshgullanyanyz oziniz hakda gurrin berayinda kyn gormeseniz...11 Aprel, 2019

Şeýtmek meniň iň kyn görýän zadym. Häzir men pensiýada, obada, çagalarymyň, agtyklarymyň arasynda ýaşap ýörün.

Parahat: Salam Ylýas aga. Siziň kitaplaryňyzy okadym gelýär, nireden tapyp bolarka, esasanam gyzjagazym boldy tazelikde, çaga terbiýesini atly kitabyňyzy öň gorupdim, ýöne tapamok şu wagt. Yanynyza çaý içmäge myhman kabul edyanizmi,alan kitaplarymyza gol çekip berersiniz mi? Eğer mumkin bolsa? 01 Aprel, 2019

Gapym hemmeler üçin açık. Men Ýalkymda ýaşaýan. Aşgabadyň etegi. Geliň, çaýlaşarys.

Jemshit: Jemshit adynyn manysy15 Mart, 2019

Bilmedim. Taryhda Jemşit diýip uly şahsyýetiň geçenini okapdym. Jemşidiň jamam diýýändirler.

aman: salam Ylyas aga gowumy yagdaylarynyz! Ylyas aga mena sizden bir maslahat almak isleyan, nadip adam bolmaly19 Fewral, 2019

Ýaşaber!

Batyr: Ylýas aga salawmaleýkim! Gowumy ýagdaýlaryñyz? Täze kinoñyz çykanokmy? Çykan bolsa adyny aýdaýsañyz, tapyp bolsa, tapyp görsek?!17 Dekabr, 2018

Heniz çykan zat ýok.

Şatlyk: Salam Ylýas aga, Biz talyplar täze bir uly saýtyň üstünde işleýäris. Ozal ýazylyp, saralyp giden gazetlerde galan gymmatly makalalary saýtda goýup, türkmen edebiýat-sungatynyň çynarlary baradaky maglumatlary ähli kişä, ähli wagt elýeter etmek isleýäris. Biz ES-iň 6 ýylky sanlaryny häzir gözden geçirip, arasyndan gowy makalalary aldyk. Ylýas aga ýalňyşmasam ýazyjy-şahyrlar barada siziň hem makalalaryňyz bardy. Olary hem aldyk. Ýöne bizde 1970-60, ýa-da 80-nji ýyllaryň Edebiýat-Sungat gazetleri bolsady, şonda has täsirli ýazgylary alyp goýardyk. Emma welaýat kitaphanasynda 2012-nji ýyldan könesini bize bermediler. Köne gazetleri nireden alyp bolarka? Bize esasan ýatlamalar, hakydalar gerek. Şahyrlar, sungat adamlarynyň pursatlary, olar bilen duşuşan adamlarda galan täsirler, ýazgylar. Eger üstünde işleýän proýektimiz barada gyzyklansaňyz, siziň e-poçtaňyza ibermekçi. Maksat - şeýle gymmatly şahslar barada köp adamy habarly etmek. Belki siz hem maslahat berersiňiz? Gyzyklansaňyz, işlerimizi size höwes bilen görkezerdik. Hormatlamak bilen, Şatlyk07 Sentýabr, 2018

Şatlyk sen meni şatlandyrdyň. Gaty uly hem gowy zadyň başyny başlapsyňyz. Gazetleri Milli kitaphanadan alaýmasaňyz. Ozalky Sowet edebiýaty häzirki Garagum žurnalynda-da gowy zatlar ýatlamalar bardyr. Özüm bu meselede gaty passiw. Sebäbem geçen şahsyýetler hakynda ýazmaga otyrdygym özümi reklama etmek ýaly duýgy gelýär. Men plany bilenem oturşypdym diýen ýaly sözler bilen öwünmek ýaly. Dogrusy beýle bir üýtgeşik ýatlamalar mende ýok. Ahmet Gurbannepes bilen 5-6 ýyl bir obada ýaşap onuň maşyny bilen iş ýerimize gatnadyk. Şunuň özündenem gaty gowy ýatlamar ýazsa bolardy. Emma ýa ýaltalyk edýäs, bilmedim. Ýöne size işiňizde üstünlik. Anyk bilmedik ýeriňiz bolsa bildigimden kömek etmäge men hemişe taýýar.

Mahym: Mahym sozunin manysy 02 Iýun, 2018

Men dilçi däl welin bilişimçe aýdaýyn. Mahym sözýniň köki Mah bolsa gerek. Mah diýmegem Aý diýmegi aňladýar. "eý mahy tabanym" diýilýän ýerem bardyr dessanlarda. Diýmek Mahym Aýym diýmegi aňladýar.

nukdaynazar: Ylýas aga! Hydyr aga ýaly näme üçin daşary ýurtlara syýahat edeňzok? Patriotlukdanmy, mejalsyzlykdanmy? We şeýle garaýyş bar "Dünýäni kitaplardanmy ýa aýlanyp görmek bilenmi has çuňňur öwrenip bolýar?" Sag boluň! 27 Maý, 2018

Häsiýetimden bolaýmasa. Käbir adam öýdeçil bolýar. Menem şolardan. Gezelenje giden ýerimden çaltyrak öýüme dolananymy kem göremok. Ýöne belli bir niýet bilen öýden çyksam onda baran ýerimde eglenýän dogrusy eglenmäge mejbur bolýan. Mysal üçin kurortlarda.

nukdaynazar: Ylýas agam, gysga we manyly soraga jogabyňyz öte gyzyklandyrýar! Egerde ýaşamaga bary-ýogy 24 sagadyňyz galan bolsady, şol wagt-günüňizi nähili geçirerdiňiz? Sag boluň!27 Maý, 2018

Ýetişip bilen adamlarym bilen razylaşmaga çykaryn. Hemmesine ýetişerinem öýdemok. Şonuň üçin hassany soramaga barmak sogap diýilýän bolmagam mümkin. Çünki sen onuň razylaşmak işini ýeňilleşdirýäň.

Ahmet Jumayew: Salam agam gowymy yagdaylarynyz menin size bir soragym bar.Men iki yarym yyl bari bir gyzyn yzynda ejir cekyan yone sol iki yarym yylyn iki yylyny dine yzyna dusmek we dine telefonda jan etmek we line da iki gezek yazysmak bilen gecirdim sol dowurler telefonda da norm gurlesip bilmedim sol zatlar bilen iki yylym gecdi indi bu yyl taze yyldan bari yuzbe yuz gurlesmegi basardym elbetde dine 4 gezek yada 5 gezek yone sondada meninki pasmady bu zatlary yazmagymyn sebabi men sol gyzyn yanyna baramda ol mana hazir mana gerek dal men okajak diydi we solardan sonra menin yanyma onun inisi geldi we mana ekemin yzyna onun yaly dusme ekem utanya diydi yonekeyrak dusay diydi hahahaha bolya diyip menem ylalasdym emma sonda da sol gyzy yryp bilmedim menem myradyn aydysy yaly durmushymy dine sonun bilen gecirmegi arzuw edipdim emma men bu yyl okuwymy gutardym gyz bolsa menden iki yas kici men bulary yazmak bilen sol gyzyn mende gowni barmyka ya yokmyka sony bilesim gelya siz mana name diyip bilersin sizin imo da yada basga zat sahsy saydynyz barmyn soragymy jogaplamagynyza yada mana maslahat bermeginize sabrly garashyan kop kop sagbolun26 Maý, 2018

Ahmet okuwy gutardym diýýäň welin ýokary bilim aldyňmy? Gyzyň inisiniň aýdanlaryna sen näme üçin güldüň? Ol ýüregindäkini belki-de gyz doganynyňam öýregindäkini aýdandyr? Pikirlenip gördüňmi, söýgi meselesinde aşa geçmek näme? Gyyň oasy gelýän bolsa, ony gowy görýäniň çyn bolsa oňa okamagyna päsgel bermegiň dogrumy? Umuman söýgimeselesine ýigit has jogapkärli garamalymyka diýýän. Gyzyň bolsa esasy aladasy öz namysyny goramak, aldanmazlyk bolýar. Ýene bir zat aýdaýyn, söýgüde iň dogrusyny söýüşýänleriň özleri bilýär. Olara daşyndan maslahat berip kömek etmek elmydamam kyn.

Sohbetkm: Salam Ylyas aga saydiniza birinji sapar girip gordum bir osragym bar bir gosgy yazdym sony gazetada goyulmasini isleyan name nira kimin yanina barip yuz tutup bolarka agam ?18 Maý, 2018

Salam Söhbet. Goşgyňy Nesil ýa-da Edebiýat we sungat gazetlerine eltip göräýmeseň. Eger Aşgabatdan uzakda ýaşaýan bolsaň gelip-gitme kyn bolsa poçta bilen iberseňem bolar. Poçta bilen iberseň goşgyňy nähili görendiklerini bilmek kyn bolar. Sebäbi gelen hata jogap berilmeýär. Özüň eltseň poeziýa bölüminiň müdiri ýa işgäri goşgyňy okap o barada pikirlerini aýdar. Gazetleriň adresi iň soňky sahypasynda berilýändir. Döredijiligiňde üstýnlik dileýän.

Garadaşly: Salawmaleýkim, Ylýas aga. Nähili ýagdaýlaryňyz? Soňky döwür ýaşlary näme üçindir keýpe kowalaşyp, öz aralarynda "söýgi" lakamly oýun oýnap, ol oglan muny taşlady, bu gyz ony taşlady, ol ony söýýär, söýenok we ş.m boşdan-boş gürrüňler edip wagtyny şemala sowurýarlar. Bu zatlaryň döremegine, has dogrysy köpçülikleýin möwç almagyna näme sebäp boldy? Durmuş kynçylykdan ybarat. Ýaşlykda bu zatlary edip, durmuşa aýak basansoň "döwür üýtgäp barýar. Öňler hezildi. Indi bar zady kellä geýdiler" diýmeklik nä derejede samsyklyk?05 Maý, 2018

Islendik meselä düşünmek üçin onuň köküne seretmelimikä diýýän. Söýgüni gadagan edip bolarmy? Birine söý diýip söýdürip, söýme diýibem söýüşdirmän bolarmy? Aramyzda söýüşmejek bolup öz hakyky ýanýoldaşyna duşmadyklar azmy? Ýa söýüşip hakyky ýaryny tapmadyklar azmy? Umuman söýgä azgynçylyk ýaly garamak dogrumy? Ony azgynçylyga öwrüp iline ysnat getirýänleriň bardygyna söýgi günäkärmi? Özlerine görä giň ""düşünjeli adamlaryň şol düşünjelerine-de eýerip azgynçylyk edip ýörenleriniň, sada oba oglanlarynyň düşünjeleriniň bärden gaýdýandygy üçin azgynçylyk edýänlerinden kändigi jedelsizmikä diýýän. Ýaşlarymyzy azdyrýanlar özümiz bolaýmalyň? Söýgä ýalňyş keşp berip azjak bolsaň söýüş diýýän bolaýmalyň? Belki hakykatdan söýüşsediler ýaşlarymyz ýalňyşmazdylar? Mysal üçin Aman Kekilowyň "Söýgi" romanynda söýgi masgaraçylyk däl ahyryn. Söýüşýänlerem masgara bolup ýörenok. Sebäbi ol döwürlerde adamlarda halallyk, ynsap diýen ýaly düşünjeler adamlaryň ýüreginde bardy. Häzir bar zady söýgiň başyna atyp azgynçylyk edip ýörenleriň zanny azgyn. Şeýle içerde ulalyp göreni-bileni haramlyk bolan ýaşlaram alan göreldelerine görä bolýarlar. Bir içeride ýaşlar azgynçylyga ýykgyn edýän bolsalar diýmek şol içerde bozuklyk bardyr. Şol bozuklyga göz ýumup azgynçylygynyň üsti açylan ýaşlary ýa-da söýgüni günäkärlemegimiz meseläň asyl köküni ýygşyrmak ýaly görünýär. Garadaşly gardaş ýaläyşýan bolmagymam ahmal. Bu bir pikir öwürme. Meniň 3 oglumyň 3-sem söýüşip öýlendi. Gyzlarymy halamadyk, islemedik içersine çykaryp goýbermedim. Hemmesiniňem gül ýaly durmuşy bar.

Ýazyr: Salawmaleýkim, Ylýas aga. Ýagdaýlaryňyz nähili? Boýnuma alýan, ekizleriň arasyndan saýlamaly bolanda men siziň muşdagyňyz däldigimi aýdyp geçmek islärdim. Hydyr aganyň ýazyş stili, düşünjesi, dünýägaraýşy maňa ýaraýar we men onuň muşdagy. Soragym şulardan ybarat: 1-nji sorag: Aşakda bir ildeşimiz daşary ýurt barada sorapdyr. Oňa siz "Men daşary ýurtda ýaşamok" diýen jogap beripsiňiz. Ýene bir agza çap etmek işi barada soranda, "ýeterlik maglumatym ýok" jogabyny beripsiňiz. Google arkaly gözleg geçiremde, özüňiz barada ýazanyňyzda siziň Türkiýede kitaplaryňyzyň çap edilendigini okadym. Siziň söhbetdeşlikdäki jogaplaryňyz bilen terjimehaldaky maglumatlaryňyzyň arasynda biraz baglanşyk gopýandygy duýulýar. Şu barada durup geçäýseňiz hoşal bolardym. 2-nji soragym: "Häzirki wagtda "Dünýä edebiýaty" žurnalynda işleýärin" diýipsiňiz. Žurnalda haýsy wezipede işleýäňiz we geljekde žurnalda haýsy makalany çap etdirmegi maksat edinýäňiz?03 Maý, 2018

Dost jan men häzir hiç ýerde işlämok. Dünýä edebiýatyndan 2014-nji ýylda pensiýa çykdym. Terjimehalym bilen berýän jogaplarymyň arasynda gopuklyk bar diýipsiňiz. Bilmedim haýsy ýerde bar şol gopuklyk? Men daşary ýurtda ýaşamok diýip beren jogabymyň size nämesi ýaramady? Hakykatdanam men daşary ýurtda ýaşamok. Eger ýaşaýan bolsadym onda şol ýaşaýan ýurdum hakynda bilýänlerimi ýazardym. Bir zady başyňdan geçirmän şol zady bilýänsiräp jogap ýazmak sorag bereni azaşdyrybam biler. Men düýe bakyp görmedim. Onsoň menden düýe hakda sorasalar berjek jogabym ony saklan adamlara gülkünç görünmezmi? Türkiýede kitaplarymyň çykandygyny hiç kimden gizlemändim. Ýöne ony üýtgeşik bir zat ýaly mahabatlandyrybam ýöremok. Ekizlerden agamy saýlanyňyza begendim. Ol hakykatdanam menden çuň hem özboluşly ýazýar. Ýöne bu zatlaryň başyny agyrtmak bilen siziň niýetiňiziň nämedigine düşünmedim.

Wepa: Salam govmy yagdaylarnyz ylyas aga size soragym bardy zehini nadip guyclendirip bolar gymmatly vagtynyzy sarp edip jogap yazsanyz sizden minnetdar bolardym 30 Aprel, 2018

Zehini emeli ýol bilen güýçlendirip bolmaýarmyka diýýän. Ony diňe a.yp bolýan bolaýmasa. Mysal üçin mende futbolçy bolmak ukyby bar bolsa menem tennis oýnap ýörsem zehinim açylman galýar. Ilki bilen özüňdäki zehine düşünmeli ýaly. Zehin Alla tarapyn berilensoň ol hemme kişä birmeňzeşem bir ugurlam berilenok. Edil adamlaryň ýüzleriniň tapawut edişi ýaly olam tapawutly. Zehiniňi açmak üçin saýlap alan ugruňda köp der dökmeli. Hiç zat öz-özünden bolmaýar. Goşgy setirleri agzyna gelip duran adamlar ilki muňa zähmet siňdirýärler. Ýiteldilmedik pyçak kesen zadyny kňsäp kesýär. Emma çalgydaşa tutulan pyçak özi kesip barýan ýaly. Özüni çalgydaşyna tutmaga dözen adam soň üýtgeşik zehinli ýalam görünýär. Emma doga zehinli beýleki adamlardan ýoluk tapawutly zehinlerem bar. Ýöne şolara-da ilki açylmak gerek. Umuman bu mesele gaty kyn mesele. Her kim özüne zehinlidirin öýdýär. Elbetde her kimde-de zehin bar. Ýöne zehin saňa haýsy ugurdan berlipdir ine meseläň ulusy. Bu meselňni çözmegiň esasy bölegi ene-atalar bilen mugallymlara berlen. Soň her kimiň özüne. Bagyşla saňa göwnemakul jogap berip bilmedim.

Gerçeknazar : Ylýas aga Essalamu aleýkum. Gowymy ýagdaýlarñyz. Bagyşlañ e-mael adresiñizden size hat ugradyp bilmedim. Mümkin bolsa şu ýerde tanyş bolaýaly. Adym Gerçeknazar ýyl 1996 Ahal welaýat Gökdepe etrap Isbirden oba ısleseñiz telefon arkaly habarlaşyp duraly 865 22 89 52.Öñelem bellâp geçişim ýaly döredijilik bilen meşgullany çagalygymdan bâri gowy görýân. We şol sanda döredijilik bilen meşgullanýan adamlar bilen hem tanyşasym olaryñ maslahatlaryny alyp yzgyderli gatnaşasym gelýâr. Kakam balykçy menem doganlarym bilen kakama kömekleşýân. Gökdepâ aýagyñ düşse habarlaşaly agam Enşalla didarlaşmak miýýesser eder. Sözimiñ ahyrynda sözim gury bolmaz ýaly gysgajy ýazan goşgylarymyñ birini ýetirâýeýin. Goşgy adaty dörtleme boş aşa görnişde. Goşgynyñ ady "Sungat adamsy "Aýdymçy men kâte-kâte hiñlenip Öz ýanymdan aýdym aýdýaryn joşup Gowy aýdym aýdyp bilmesede men Gowy aýdymlara aşyk men aşyk Ýazyjy men kâte çaýyñ başynda Bolan wakalary ýazýan oýlanyp Entek eser ýazyp bilmesemde men Garaz ýazjak bolýan her ýan aýlanyp Suratkeş men galam alyp elime Gözel ülkâmiziñ suratyn çekýân Elbet gol gowşurup oturmaýarys Halal zâhmet çekip halal der dökýân Men sungat adamsy Şonuñ üçin men Ile ukybymy görkezip bilsem Bu dünýâñ baýlygy gerek dâl maña Halkyma özimi söýdirip bilsem Goşgyny halansyñ diýip umyt edýân. Üns berip okanyñyz üçin sag bolyñ Ylýas aga. Sizden geljek maslahatlara garaşýan. Sag boluñ!08 Aprel, 2018

Gowja goşgyň bar eken. Şahyrçylyk kyssa eserini ýazandanam kyn. Ýöne birdenem ýazylyp gidýär. Hemmesi ylhama bagly Allanyň gudraty ýaly bir zat goşgy duýilýän. Köpräk ýaz. Köp oka. Inşalla arzuwyňa ýetersiň. Esasy zat näme hakynda nädip ýazmalydygyny bilmek. Ýazmakçy bolýan temaň ýüregiňe agram slýan tema bolmaly. Ýürege agram salmak diýýänim ýüregiňden gaýdýan tema bolmaly. Görjegiň geljegiň gowy bolsun. Inşallasa görüşeris menem goşgyny edebiýady gowy görýänleri gowy görýän. Men olara päk adamlardyr diýip düşünýän. Elbetde her hili adamlaram bardyr. Ýöne edebiýady ýürekden söýmek üçin ýüregňem päk bolmaly. Päkligiň ýok ýerinde edebiýadam ýok bolsa gerek.

: howandarlyk hakynda sözlem08 Aprel, 2018

Howandarlyk hakynda ýeke sözlemýazmagymy haýyş etdiňizmi? Howandarlyk tutuş adamzadyň ýitip gitmezligi üçin döredilen duýgy mysaly. Ol balmasa ähli zat maysyny ýitirýär.

Bibi: Bul-a edil soragam däl aslynda, minnetdarlyk. Ozum kitap okamany halayardym, 4-5 yyl bari kitap bilen aramy çürt kesik üzmeli boldum, ine shu wagtlar yenede kitap okamaly diyip yuregime duwdum, yakyn tanshymdan kitap soradym, sizin “Üç nokadyñ biri” diyen romanynyzy maslahat berdi. Menin ilkinji gezek turkmen dilinde kitap okap oturshym boldy, onda-da roman. 2-3 gunde dyndym, örän ajayyp tasirler galdy, kellamdaki kop soraglarymyn jogabyny berdi duruberdi.. Size minnetdarlygymy neneñ bildirjegimi hem bilemok. Ajayyp ukybynyz bar, ishlerinizde ustunlik! 06 Aprel, 2018

Ýakymly sözleriňiz üçin sag boluň. Biziňki okyjylaryň göwnünden turmak. Muny başaryp bolsa başga zat gerek däl.

merjen: Yedi arkanda Ekizler yok bolsa hem ekiz cxaga bolup bilermi? 03 Aprel, 2018

Alla berse bolar.

Kitaphana: Salam Ylýas aga. Siz meni ertir.com dan hem tanayadynyz. Ylyas aga siziň kitaplaryňyzy siziň rugsadyňyzy alman kitaphana.net websahypasynda ýükledik welin, garşy çykmarsyňyza? Edil şolar ýaly Hydyr agaň kitaplaryny hem ýükledik. Eger mümkin bolsa täze kitaplaryňyzy hem ýükläp bilersmi websahypamyza?29 Mart, 2018

Sag boluň il-güne peýdaly iş edýäňiz. Okajak alyp okabermeli. Ýöne men girip baş sahypadan galanyny açyp bilmedim. Öz hekaýalarymdan nämeleri saýladylarka diýip görjek boldum. Diňe birinji sahypany açdy. Ýa agza bolmalymy? Ýa internet gowşak boldumy?

maksat: Ylýas aga, kitap çap etdirmek meselesi barada aýdaýsañyz. 25 Mart, 2018

Şu mesele menem gyzyklandyrýar. Emma ýeterlik maglumatym ýok.

sapar: men soragyma jogap yazanyzokmy ylyas aga21 Mart, 2018

Ýok dost. Men lukman däl. Bu ugurdan bilýän zadym ýok.

Saparmyrat: Essalamu-Aleýkum. Hatyma jogap ýazypsyňyz köp sagboluň. «Älemleriň serweri Pygamberymyzyň (s.a.w) ömüri. Salyh suruç» mendäki kitabynyň başky sahypalary ýyrtylan eken, şol sebäpden kimiň terjime edendigini, näçinji ýylda çap edilendigini bilip bilmedim. Siziň saýtyňyzyň myhman depderi bölüminde bir adam şu kitabyň elektron görünişini sizden sorapdyr, onsoň kitaby siz terjime edensiňiz öýdüpdym. Ýalňyşanym üçin bagyşlarsyňyz! 14 Mart, 2018

Bagyşla diýer ýaly zat ýok. O kitap gowy kitap. Mende-de biri bardy. Onam okamaga aldylar-da getirmediler. Belki kitaphanalarda bardyr?

Saparmyrat: Essalamu-Aleýkum ertiriňiz haýyrly bolsun. Size şu ýerden hat ýazanyma epesli wagt ýöne henizem jogap ýazaňyzok.13 Mart, 2018

Hatyň gelmedik bolaýmasa. Hatlary gaty bolgusyz bolmasa jogaplamaga çalyşýan. Bolgusyz diýýänlerim kemakylaryň iberýäni.

Ýowuz: Salam Ylýas aga. Hazirki zaman ýaşlañ ahlagy barada ýazanlaryñyz barmy?!. Şu bolimdaki has irki yazgylary okap, sol dowirler bu sayty bilmandigime gynandym... Berlen soraglañ, jogaplañ ozi gyzykly... kabir soraglar ýylgyrdýa... Şu ýerde menem bir goşgyjygy paýlaşasym geldi: ÝÜREGIMI ÝUWSANA Eje! Gussalaryñ çañy basypdyr, Eşiklem deý ýüregimi ýuwsana... Ýadyñdamy?! Ýadyñdadyr elbetde. Çagajykkam Ne tomsyñ jöwzasyn, Ne gyşyñ garyn piñiñe-de alman, Horaşaja külbämiziñ öñinde (Nädip syganmyza häzirem haýran Darajykdy, kiçijikdi öýmiz, Ejemjan!) Şo-ol köne legeni alyp ýanyña, Mähir bilen eşiklermi ýuwrdyñ. Şonda seni hasam eziz görerdim... Kyrk çilläñ garynda buz sallanardy Gyñajyñdan bugdaý reñk giñ mañlaýyña... Ah. Ah.. Gaýratly ejem, şol wagtkyñ deý, Maşyna salmada öz elleñ bilen, Hem egsilmez yhlas hyjuwyñ bilen Gel-de meniñ ýüregimi ýuwsana, Pagşylladyp üstine suw guýsana. Nureddin Kesearkaçly Wagtyñyzy alan bolsam bagyşlañ!12 Mart, 2018

Goşgyňy gowy gördüm. Ýöne bärde setirler yz-yza gidýär. Prozada bolşy ýaly. Her setir baş hrp bilen başlanýandyr diýip şoňa görä okadym. Gowy gördüm. Ýüregimi ýuw diýen pikiriňözi gowy. Baga-da goşguşaryň bolsa email adresime ibiräý. i.amangeldi@gmail.com

GaRa_TmyN: Essalamaleykum, Ylýas aga!.. Ekizler temasyndan ýazjak eserlerñize höwes bilen garaşýan!.. Meñem ekiz jigilem bar. Belki şoñ üçindir ekizleri deñeşdirmegi gaty halaýan...20 Fewral, 2018

Täzelikde bir hekaýa ýazdym. Bärde goýaryn.

menkim:..: Men bir gyzy gowy goryan juda oda özünin halanyandygyny bilyar, yasam menden kici: eyyäm 1yyl bolup gelyär her zad edip gördü men bn söwusip gördi arasyn kän wagtlap kesip gordi yone su wagt yagday täzelikde imoda nomerin aldym gurlesyan yöne su wagtam bolyar diyemok:....17 Fewral, 2018

Bagtly bol.

Saparmyrat: Es-Selamu Alýekum agam. Siziň terjime eden «Älemleriň serweri Pygamberymyzyň (s.a.w) ömüri. Salyh suruç» üç tomdan ybarat kitabyňyz bolmaly. Meňde şu kitabyň birinjisi barda, galan iki kitabyny tapyp bilemok. Sizden sorajak bolýan soragym şol galan iki tomunyny nireden tapyp bilerin???. Eger kyn görmeseňiz jogap ýazsaňyz örän minnetdar bolardym.12 Fewral, 2018

Bilmedim. Ony men terjime etmedim. Ýöne kitaby görüpdim. Ondan bäri köp wagt geçdi.

Azat: Salam agam gowumy ýagdaýlaryňyz? Bu haty saýtda çap etmeseňiz hem bolar. Siziň kitabyňyzy indirdim we men kitaplary ýolda wagtym okamagy gowy görýän, şonuň üçin telefonumda hem aňsat okar ýaly ýagdaýa getirdim. Soň kelläme geldi, taýýar zat barka beýleki okyjylaryňyz hem peýdalansyn. mail adresiňizi iberseňiz, size "Ilki ýürek ölýär" kitabyňyzyň, PDF we EPUB (bu format telefondan okaýanlar üçin örän gowy) formatlaryny ibereýin sizem saýtda goýup bilersiňiz. Beýleki eserleriňize hem garaşýarys. Hydyr agamyzyň hem kitaplaryny geçirmekçi, ilki ýöne siz bilen habarlaşaýyn we rugsat alaýyn diýdim. meniň mail adresim: azat@rahmanow.com, haty[yza garaşýaryn. 11 Fewral, 2018

Azat Rahman diýip gaty gowy çagalar şahyry bar. Sen onuň atdaşymy? Ýa bu lakamyňmy? Mail adresimi Ýowuz diýip bi agza beren jogabymda goýupdym. Şondan peýdalanyp bilersiň. Menem saňa hat ýazaryn.

Gercheknazar: Salawmalikim Ylýas aga. Bagyşlañ ýañyja Hydyr aganyñ sahypasynda goşgy gòrmedimde geñ galdym. Şular ýaly saýtda goşgy ýokmuka diýip. Aslynda (bu barada Hydyr agada ýazdym)saýtda ilkinji günim kân saýtda düşünip Bilmedim bagyşlarsyñyzda.men çagalykdan bâri goşgy(hekaýa gündelik...)ýazmagy gowy görýân. (Ýöne heniz goşgylarym gazet-źurnallara çykmanok)Beýleki zatlar barada Hydyr agada aýtdypdym.(köp zatlar ýazyp wagtyñyzy alyp durmaýyn) Ylýas aga heniz meniñ halypam ýok. Halypa hökminde biz ýaşlara gyzyldan gymmatly maslahatyñyzy alsam sizden hoşal bolardym. Üns bilen okanyñyz üçin sag bolyñ. 20 Ýanwar, 2018

Gerçeknazar, gowy adyň bar eken. Özüň barada giňiräk hat ýazsana. Mail adresime ýazaý. Adresim i.amangeldi@gmail.com

Leyli : Basga kitap yokmy?24 Dekabr, 2017

Bar welin, elden geçirip goýaýsam diýýän. Inşallasa.

Gurban: Bayram hanyn Tapylmaz gosgusy14 Dekabr, 2017

Şol goşgyny bärde goýmakçy bolduňmy? Düşünmedim. Baýram hanyň goşgy ýazandygyny bilýän. Okapdymam käbirlerini ýöne hiçisi ýadymda galmandyr. Eger sende bar bolsa bärik ýazsana. Gaýtadan okap göreýin.

Kumush: Awtor men sahypanyza giremde dine sonky yazgylarynyzy okayan.ony eyyam okap gutardym.Indi onki yazgylarynyzy okasym gelya.Sho Gozle diyen yere name diyip yazsam onki yazgylarynyz cykar?09 Dekabr, 2017

Gözledip oturmak gerek däl. Eserlere girseňiz bärde bar bolan eserler başlangyjy getirilen görnüşde yzly-yzyna goýlandyr. Haýsysyny okamadyk bolsaňyz dowamyna bassaňyz şol eseriň dowamy çykar. Gündelik diýlen ýere girseňiz gündelikler çykar. Kitaplara girseňiz bu ýere goýlan kitaplarymyzyň ýazgysy doly çykar.Söhbetdeşlige girseňiz okyjylar tarapyndan bize berlen soraglar çykar. Eger siz bu bölümlerdäki ýazgylaryň hemmesini okan bolsaňyz onda biz täze ýazgymyzy saýtda ýerleşdirýänçäk garaşmaly bolýarsyňyz.

Alyshir: Salam, Ylyas aga. shu yere "Olen gunlerim", "Ilki yurek olyar" eserlerinizi goyup bilermisiniz?08 Dekabr, 2017

Waleýkimessalam, Alyshir dost. "Ilki ýürek ölýär" kitaplar diýen bölümde bardyr. "Ölen günlerimi" hem şoňa goýmakçy. Ýöne ilki elden geçirsem diýýän.

Aşgabat: Salowmaleýkim Ylýas aga. Jogap bereniňiz üçin sag boluň. Jogabyňyzy höwes bilen okadym. Bir-biriňize goýýan hormatyňyza haýran boldum. Molodesler diýesim gelýär, (Hydyr agama diýdim) iki agama-da. Ýene bir sowal mümkinmi? Döredijiligiňizde ekizler temasyndan ýazan zatlaryňyz barmy/ Kinoda ýazsaňyz ýa ýazan bolsaňyz gyzyklydyr. 25 Noýabr, 2017

Aşgabat, waleýkimessalam. Sen-ä sowallaryň bilen bizi saýtymyza gyzykdyrbam barýaň. Jogap göwnüň turanam bolsa, ol entek bärden gaýdýan jogap. Hydyr agam hakynda uly bir eser ýazsamam ýazyp gutaryp bilmerin, göwnümem ynjalmaz. Ýöne inşallasa ýazaryn. Her zadyň wagty gelmelidir diýip süýşürip ýörün. Ekizler temasyndan iki hekaýam bolmaly Biri Ekiz pälwanlar hakynda birem irki hekaýalarymdan gyşda, doňaklykda tigirli ýola ekizler hakynda. Ikisem öz başdan geçiren wakamyz däl. Ýöne gahrymanlarynyň deregine özümi goýup ýazdym. Ýene seýis doganlar hakynda-da bolmaly. Olar ekiz dälem bolsa, ekiz ýaly. Olam şahsy durmuşymyzdan alnan däl. Ýöne ýene ýazan mahalyň özüň ýazýan zadyňa siňýäň. Kino diýipsiň. Heniz beýle bir zat ýazmadyk. Ýöne ýazsak gowy çykmagy mümkin, gowy, özümize ýakyn tema. Sorag bereýinmi diýip sorap durma. Saýtda söhbetleşlik bölümi şonuň üçin goýlan. Gaty ýoknasyz soraglar iberýänlerem bar, seniňki toýlaýmaly.

Aşgabat: Salowmaleýkim Ylýas aga. Ýaňy Hydyr agadan siz hakynda pikirlerini, garaýyşlaryny soradym. Edil şeýle haýyşy sizdenem etmekçi. Siz Hydyr agaň döredijiligi hakynda nämeler aýdyp bilersiňiz? Öz agaňyzy tankytlasyňyz gelmez. Ýöne şonda-da öwgüli sözlerem esassyz aýtmarsyňyz. Bu bolsa bir taraply görünse-de Hydyr aga hakynda onuň iň ýakynlarynyň biriniň ýazgylary bolar. Ol bolsa taryh üçinem gymmatly bolarmyka diýýän. Ekiztaýyňyza garaýşyňyzy ýazsaňyz minnetdar bolardym. Eger haýyşymy ýerliksiz ýa-da gödek hasap etseňiz bagyşlamagyňyzy haýyş edýän. 23 Noýabr, 2017

Aşgabat, waleýkimessalam. Ýeser adyň bar eken. Haýyşyňda bagyşla diýer ýaly hiç hili ýerliksizlik ýa-da gödeklik ýok. Agam hakynda näme ýazjagymam bilemok. Bu ýerde taryh üçin diýeniň böwrümi diňletdi. Hakykatdanam taryh adam ýaly bolmaýar. Adamyň, onda-da tanamaýan adamyň saňa sowalyny nähili maksat bilen berýändigini bilmek kyn. Sowal içi güjükli diýilýänmi ýa-da ýürekden berlen aýtmak kyn bolýar. Emma taryhda beýle häsiýet ýok. Taryhy adamlar ýazýanam bolsa ol adamlardan beýik. Adamlar ölüp gidýär, taryh bolsa olary öz gatyna alýar. Şu ýazjaklarymy taryh üçin ýazmalydygym meni has hem gysaja salýar. Dogrudanam ýazanlarym nesilden-nesle galyp biler. Ýok, taryh üçin ähmiýetsiz bir zat bolup çyksa-da ony diňe Aşgabat okamaz, Türkmenistan, hatda daşary ýurtlardaky türkmenlerem okap biler. Garaz şu saýta giren bu sowalyň jogabyny gyzyklanma bilen okasalar gerek. Jogaby gysga berjek bolup girişini uzadyp şol "mus-muslap" duran ýaly görünmäýin, "mustapa" diýeýin. Hydyr agam menden Uly. Ýaşy babatda-da, döredijiligi babatda-da, häsiýeti babatda-da. Ol döredijilige menden has çynlakaý garaýar. Şonuň üçinem menden metbugatda az çykyş edýär. Ol maňa garanyňda has alçak, sahy, göwniaçyk. Alçak, başgaça aýtsam, degişmäni has gowy görýänem bolsa, köpçülikden mydama çekinip gezýär. Misli köpçülik eli ýaragly-da ol eli boş ýaly. Ýa-da köpçüligiň derejesini özünden has beýikde goýup ondan çekinýär. Onuň iň gowy görýän kitaby Kuranyň düşündirişi bolsa gerek. Iň ýigrenýän adamsy özi, şol bir wagtda iň gowy görýänem ýene özi. Ol özüne mydam ýowuz daraýar. Özüni gowy görenligi üçinem az ýalňyşyp, köp sogap işleri edesi gelýär. Iň ýigernýän adamsy bigaýratlar hem ýaranjaňlar. Iň gowy görýänleri dogruçyllar. Iň gowy ýazan eseri 'Gören kim, görnen kim' romany. Iň erbediniň haýsydygyny özi aýdaýmasa bilmedim. Çünki men onuň ähli ýazanlaryny özüme nusgalyk eser hökmünde görýärin. Kinony edebiýatdanam gowy görýär. Ýene bir gowy görýän zady jahankeşdelik. Ol dünýäniň köp ýurtlarynda bolup gördi hem öz Watanyna taý geljek ýere duşmanyny aýdýar. Alla oňa uzak ömür bersin. Ýazýan zatlaryny ilkinjileriň biri bolup okaýanlygym üçin täze eserlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Aýdym-sazy ýürekden gowy görýär. Has hem dutarda, Pürli agaň çalan sazlaryny dünýäni unudyp diňleýär. Haýsy nahary gowy görýändiginem aýdaýyn. Ol höwes bilen taýýarlanylyp höwes bilenem öňünde goýlan zady gowy görýär. Iň ýigrenýän naharam minnetli aş. Başga aýdara zat galmadymyka diýýän.

begli: salam Yhlas aga men yuzumde dugirtik cykya yuwunmadyk sabynym calmadyk maz atmadyk dermanym yok licenyada aldym esasy ol agyz boslykdan baslap enege cenli cykya kicelip yuzi irinlap durya munkin bolsa jogap berseniz21 Noýabr, 2017

Oglum, lukmana baran bolsaňyz kömegi degmedik bolsa, bu meseleden meniň lukmança-da başym çykanok. Ýöne jahyllyk dürtügi kän eliňi degirmeseň, özi gutulyp gitmeli wagty gelende. Kän elleşdirseň mikroplar geçip erbet ýara-da öwrülip biler.

Merdan: Salawmaleykim Ylyas aga men sizden sorajak zadym meniñ öýlenenme 3 ýyl töwerek boldy men her ýeriñ dogtaryna bardym öwülya aýlandym meniñ çagam bolanok.18 Noýabr, 2017

Alla kömek etsin. Täze açyşlaryň kömegi bilen gelniň göwresine sizden tohum iberibem çaga bolar ýaly edýändiklerini bilýänsiň-le. Şonam synap görseň bolar. Munda hiç hili günä ýa ters zat ýokmuka diýýän.

bekdurdy : Gyzlyk perde zenan mashgaladan giden son nadip tanap bolya09 Noýabr, 2017

Men bu ugurdan alym ýa-da habarly biri däl. Muny biläýjek ugurda işleýän adamlardan soraýmasaň.

Merdan: Salawmaleýkim Ylýas aga täze üstinde işleýän eeserlerňizden goýaýsaňyz.03 Sentýabr, 2017

Goýmakçy.

Keyik: salam Ylyas aga siz meni tanayan dalsiniz men yalnyslyk bn dusdim size bir soragym bar menin hekayalarym bar zurnalada cykarasym gelya yone mende birhili girky bar name etsemkam26 Awgust, 2017

Gorkar ýaly näme bar/ Eger ýazýanlaryňyz çap etmäge ýaraýan bolsa çap ederler. Eger gowşak bolsa has gowy ýazmaga yhlas edersiňiz. Halys bolmasa kösenip ýörmersiňiz. Bu ýerde uly gynandyrjy ýa-da gorkyly zat ýok.

Sapa: Essalowmaleykim Ylýas aga men sizden gabanjanlygy nadip ayryp bolar şony maslahat berayseniz men bu gabanjanlygyn sonundan gorkyaryn sizden hayyst mana maslahat berin24 Maý, 2017

Gabanjaňlyk gowy häsiýet däl. Siz şoňa doly düşüniň. Birhäsiýeti taşlamak üçin ony ýigrenmek gerek. Biderek seriallary azyrak görüň. Gabanjaňlyk döredýän ähli zatdan gaça duruň. Gybatdan, müňkürlikden gaça duruň diýmekçi bolýan.

Sapa: Salam Ylýas aga men sizden masgala degisli hekaya yazmagynyzy hayyst edyan 2 juwan biri biriniñ bardygyna,gadyr gymatyna düşüner ýaly eger mümkin bolsa sizden hosal bolardym!24 Maý, 2017

Şu temadan iki agajyň biri-birine söýgüsi hakynda hekaýam bardy. Eger saýtda ýok bolsa goýaryn.

sapa: Salam mumkin bolsa meninem yekeje soragyma jogap berayyn oz jan yaly dostun jigisini soyup yalnysdymmykam men01 Maý, 2017

Näme sebäpden ýalňyşandyryn öýdýärsiň. Dostyň jigsini söýmek dostuňa ikilik etmek, ýa-da ony kemsitmek däl. Dostuň muňa dogry düşünmeli hem eger ikiňiz biri-biriňize mynasyp bolsaňyz bu işe garyşmaly dälmikä diýýärin.

Emir: Salawmalikim Ylyas aga 20 Mart, 2017

Waleýkimsalam

Serwi: Salam Ylyas aga men sizin yazyanlarynyzyn hayrany05 Mart, 2017

Sag boluň.

Meret: Salam. Edebi döredijiligiñzde size mysal, ylham bolan şahyr/ýazyjy ýada eserler haýsylary? Hökman okamagy malahat berjegiñiz 5 kitap haýsylary? 22 Awgust, 2016

Edebi döredijiligim diýen ýaly zatlary halamaýaryn. Gomparmak ýaly görýän. Bir topar kitaplary, ýazyjylary sanap okumyşsyrasymam gelenok. Eger talyp bolsaň edebiýat mugallymyňdan maslahat sorap bilersiň. Menem edil şonuň ýaly, belki onça-da ýokduryn. Sebäbi öz halan kitabymyň başga birine nähili ýarajagyny bilemok. Magtymgulyny oka diýäýmesem.

resul: Salam Ylyas aga. Men turkmen yaslarynyn bolup yörüşine gaharlanyaryn. Özüm hem yaş. Şol sebapden olaryn durmyşlarynyn nahili gecyanini bilyarin. Durmuşlary manysyz. Şu guni düyni kowalayar. Dine internet, oglanlar gyz gozleyar, gyzlar oglan. Yaslaryn kopsi okuwy gutaranynda da bir kitap hem gutaryp görmedik. Ahlaksyzsyk artdy, türkmençilik yitip barya. Geljekde şolar yurdy dolandyrmaly emma ne dil bilyarler ne de okuw(men hem şularyn arasyna giryarin). Men awtobusda eli kitaply hiç yas görmedim. Dine telefon. Bu yurdyn gelejegini seryallar, söygi,line bilen yykyarlar. Belki men çişiryandirin emma menin görenlerim şeyle. Sizin hem pikirinizi bilmek isleyarin.25 Mart, 2016

Bu meseleler gaty wawwaly meseleler. Ýazsaň goldanylmasy kyn, ýazmasaň ýüregiňde dert. Ýaşlaryň käbir bölegine zerur eserler bar. Şolar ýazylaýmaly. Bu barada kelläni döwýäs. "Gül açan miras" diýip bir kinomyz alyndy. Telewideniýe birnäçe gezek görkezdi. Şonda sşýgiň ahlagy hakynda, ýaşlarymyzyň bu meselä nähili garamalydygy hakynda pikirimizi aýtmaga çalyşdyk. Şony görmedik bolsaňyz, hasam klas bolup görüp, soň maslahatlaşsaňyz zyýany degmezmikä diýýän. Özüm häzir döwrümiziň ýaşlary üçin peýdaly bolar diýip bir eseri maslahat bermäge ýagdaýym ýok. Başga ýurtlaryň edebiýatynda-da bu barada ýazylan zatlar bardyr, ýöne ony "türkmenler däl" diýip dogry kabul etmezlermikä diýýän. Gurbannazar şahyryň söýgä garaýşy gaty çuň. Şony okuwçylara düşündirseňiz gowy bolar. Ýaşlarymyz hakynda ýürekden alada edýäniňize begendim.

Durdy: Salawmaleýkim, Ylýas aga! Özüm mugallym bolamsoñ okuwçylarda ýüze çykýan käbir meseleleri çözmekde kynçylyk çekýän. Şolaryñ iñ esasysy hem söýgi meselesi. "Bu ýaşda gyz bilen oglanyñ arasynda söýginiñ bolmagy gowy zat däl. Aslynda bu söýgi hem däl wagtlaýyn höwes" diýip köp dúşündirilýä, ýön e gynansak-da şo meseläni düşündirmekde ejizlik çekýän. Bu mesele hemme ýerde barmyka diýýän. Hötdesinden gelmek gaty kyn. Käbiri aýdanlaryña düşünýärem ýöne düşünmeýänlerem bar. Edebiýatymyzda şunuñ bilen baglanyşykly okuwçylaryñ sapak alyp biläýjegi eser, hekaya zat ýokmuka? Men gözledim tapamok. Asyl siz nähili garaýañyz şeýle meselä. Nähili maslahatlar berip bilersiñiz? Sizde eser ýokmy peýdaly bolup biläýjek, şu mesele bilen baglanyşykly?21 Mart, 2016

Ýokardaky ýazanlarymy gaýtalap durmaýyn.

Gulsat : Mana jogapkarcilik barada hekaya gerek05 Mart, 2016

Ýörite jogapkärçilik hakynda ýazanym ýadyma düşenok. Ýöne hekaýalarymdakay gahrymanlar özlerini mydamam jogapkärçilikli duýýandyrlar.

Goçamadow Nedir: Salam Ylýas aga Men Goçomadow Nedir Amaşagapandan.Ylyas aga edebiýat we sungat gazediniñ salgysyny aýdaýsanyz onuñ redaktory Kim?02 Mart, 2016

"Edebiýat we Sungat" gazetiniň soňky sahypasynda gazetiň redaktorynyň kimdigi, salgysy ýazylýar. Şony al-da göräý. Meniň elimde-de häzir şol gazet ýok, ýogsa saňa ýazyp bererdim.

Merdan: Gaharlanmak başlyk adamlar üçin zerur bolup bilermi? Şolar gaharlanmasa iş ýöremejek ýaly? Gaharlanman işini başaryp bilýän başlyklar barmyka?Gaharlanmagyñ peydaly we zyyanly taraplary barada öz pikiriñizi aýdaýsañyz?13 Dekabr, 2015

Gahar şeýtandan. Iň güýçli pälwan ähli pälwanlary ýeňen däl-de, öz gaharyny ýeňip bilendir. Muny Pygamberimiz (s.a.w.) aýdýar. Meniň pikirimçe işini başarmaýan ýolbaşçy işgärine gaharlanýandyr. Häzirki döwüde gaharlanyp aljak galaň ýok. Diňe başarjaňlygyň bilen netije gazanyp bolýar. Meýdançada oýnap bilmeýän futbolçysyna daşynda duran trener näçe gaharlananda näme peýdasy degjek? Öz nebsiňe, men-menligiňe gaharlansaň, onam hiç kime bildirmän geçirip, dogry ulansaň gaharyň peýdaly tarapy bolup biler. Sebäbi gahary azyň gaýraty azdyr diýýär Magtymguly. Umuman öz häsiýetiňe eserdeň bolmak gaty gowy zat.

Azat: salam Hydyr aga. Laçynlar kinoňyzy internetda nireden alyp bolarka25 Oktýabr, 2015

Kinolarymyzyň internede goýulýanyny eşidýäris. Ýöne kim, nirede goýýar habarymyz ýok.

Merdan: Ylýas aga şa serpaýyňyz gutly bolsun 18 Sentýabr, 2015

Sag bol. Bizi sylany Alla sylasyn.

Wepa: Ylyas aga salawmaleýkim.Ylyаs aga islendik zatda duş gelip biler has gowy görýan zadyñy nadip taslap bolar...04 Sentýabr, 2015

Dünýede Alladan başga gowy göreniňe degýän zat barmyka beri? Halkym, il-ýurdum, Watanym. Bularam men Allaň meni Amangeldi agalardan biri edip, musulman, türkmen edip ýaradany, türkmen halkymyň arasynda-da ýaşadyp ýöreni üçin söýýärin. Şuňa doly akyl ýetirseň, kiçi dilden bärden däl-de ýürekden ynansaň galanlaryny taşlarsyň.

Melike : Ylýas aga aýtsañyzlañ "Zenan kalby "jurnalyna goşgy iberesim gelýâr internet arkaly nadip habarlaşyp bolarka? 10 Awgust, 2015

Bilmedim. Mende olaryň hic hili adresi ýok. Belki žurnallarynda bardyr. Men oňa-da ýazylmandyryn.

Nedir: Halkara turkmen turk uniwersiteti giris testleri boyunca yaslary nace bal gazansalar kabul edyaler? 26 Iýul, 2015

Men ol ýerde işlämok, umuman bilim ulgamynda-da däl, özümem bu mesele bilen gyzyklanamok. Şonuň üçin bilmedim. Uniwersitete barsaň aýdarlar. Belki başga bilýänler bardyr?

Bayram: Sizden bir zat sorayjakdym:men bir gyz bn halasdym ondan son onyn bn dusysyp basladym ol gyzy ilki men kan sorap idedim uludan kiciden hemmesi hem ol gyza yetip bilsen armanyn name gaty gowy gyz dp aytyardylar umuman bu gyz bn men yygy -yygydan dususyp duryadym we bir gun ozumi saklap bilman calaja jynsy aragatnasyk saklanyñ bn hic zat bolanok diyip ona aytdym olam yook gorkyan dp jogap berdi ondada menem eydip beydip ona bor dp calaja jynsy aragatnasykda boldum we sonky ertesi gunler hem bu yagday gaytalanyp durdy we son arkayyn jynsy aragatnasyk saklap basladym we hic hili gan gormedim we ona diymedik zadym yok olam dine aglap men bilemok sen hic zat bolanok diydin diyip aglap otyr menem sen menden onem biri bn soyisensin diysem meni hic kim bn bolmadygyny ynandyrmak üçin name etmeli bolsa etjegini aytdy umuman mena seylerak yagdaya gabat geldim name etsemkam ? yada gyzlyk perdesi alynanda gan gelman hem bilyarmika?11 Iýul, 2015

Mesele gaty çylşyrymly. Bu mesele bilen göni doktora ýüz tutsaň gowy bolarmyka diýýän. Elbetde tanaýan doktoryň bolsa, gep ýaýramaz ýaly bolsa gowy bolar. Sen näçe tanaýanam bolsaň şol doktora-da gyzyň kimdigini aýtmasaň dogry bolar. Gyzlyk perdesi diýilýän hatda gyz çagaka bijaýrak suwa düşürilse-de ýyrtylyp bilýär. Ýöne nikalaşman gyza el urmagyň bolmandyr. "Çalaja jynsy gatnaşyk" diýýäniňe-de düşünmedim. Umuman doktorlar bu ýagdaýy gowy bilerler. Ýöne sen gyzy söýýän bolsaň, gyzam şol işi öň başga biri bilen etmedim diýýän bolsa, belki çişirip oturmak geregem däldir? Şeýle işi etjek gyz tanadaýjak ýaly. Ýa-da öň biri bilen seň ýaly duşuşan bolsa, ony goňşy-golam, klasdaş-kursdaş, tanyş biliş... bilerdi. Sen gyzyň ýaramaz gezýändigini, gezendigini ozal birinden eşidipmidiň? Seresap bol,gyz öz janyna-da kast edip biler. Eger oňa öýlenmejek bolsaň näme üçin el degirýäň? Gyzyň päkligi birinji gatnaşygyňda belli bolýar. Mümkin sen aňan dälsiň? Göwnüňde müňkürlik saklasaň olam erbet. Wakany hiç kime gürrüň bermzden gyzy has içgin soraşdyr. Gyz maşgala şyltak atmak aňsatdyr. Sen yzyň arkasyny alyp soraşdyr. Alla kömek etsin.

Durdy: Öýüñe giren siñekleri ýa-da, garynjalary öldürmek günämikä?! Öýümize şeýle köp garynja girýä weli, diwaryñ bir ýerlerine hin ýasapdyrlar öýdýän. Üýşüberse öldürmeli bolýa, derman sepmeli bolýa. Bir tarapdan çekindirýä günä bolaýmasyn diýip06 Iýul, 2015

Siňekleri öldürmek günä diýip eşitmändim. Garynja-da iýýän zadyňa düşse erbet edýär. Ondanam goranmak, olary gaçyrmak, dermanlap öýüňe girmez ýaly etmek günädir öýdemok. Garynja ýatyrkaň uly adamyňam, çagaňam gulagyna girip bilýär, dişläp biynjalyk edip bilýär. Şonuň üçi öý tämiz saklanmaly. Garynja üýşäýjek zatlar olaryň baryp bilmejek ýerinde goýulmaly.

Durdy: Ylýas aga, çagalar üçin döreden eserleriñiz ýokmy?21 Iýun, 2015

Şol ýok diýsemem bolýar. 1-2 bardyram welin olaňam üstüne gar ýagyp gidendir. Ýöne çagalar üçin "Dünýä edebiýaty" žurnalynda gowy zatlar berilýär. "Pinokkio" diýip (Orslar Burratino diýýändir) gowja zady çap edipdik. Italýançdan göni trjime. Orslaňka üýtgedilen. Gowy eser. Terbiýeleýji. Başga-da şol žurnalda çagal edebiýaty diýip dünýä belli çagalar üçin ýazylan zatlar çykýar.

Mahym: Pikirimi jemlap bilemok name isleyanimi bilemok21 Iýun, 2015

Uly il oraza tutýar.

Aman: Ylýas aga sagboluñ maslahatyñyz üçin! Şu mesele meni şeýle bir alada goýya weli, sebäbi geljekde garyndaşlyk gatnaşyklary synmaly däl-de gaytam pugtalanmaly iñ esasy hem bizden yetişjek çaga hem özümizden reñk almaly. 11 Iýun, 2015

Aman, sen akyly ýerindäki oglana meňzeýäň. Inşalla ýalňyşmarsyň. Alla ýalňyşdyrmasyn.

Aman: Häzirki yaşlara durmuş yoldaşyny saýlamakda nähili maslahat berip bilýäñiz? 10 Iýun, 2015

Ýanýoldaş saýlamak şeýlebir kyn, ondan kyn mesele bir barmyka diýýäň. Emma, bu mesele adamyň elinde däl ýaly. Hernäçe söýdüm, ýedi ýyl bile gezdik, soň öýlendim diýýänlerem öz saýlanlaryny tanamandyklaryny bilip galýarlar. Tanaýanlarynda-da olar ony özleri saýlamady, Alla duşurdy. Dükana baryp öňüňde goýlan birnäçe çörekden birini saýla diýseler, senem ýananmy, ýa bişmedigiräkmi, gatymy, könemi, täzemi diýip saýlasaň saýlarsyň. Emma ýanýoldaşy beýdip saýlap bolanok. Şonda-da eserdeň bolmaly. Iň birinji nobatda eneň-ataňa ýarajakmy şonuň pikirini etmeli. Nämä öýkeleýär, nädeňde ýaraşýar, nämä gahary gelýär, nämäni has gowy görýär, pula bolan garaýşy nähili (baýlygy gowy görýärmi), ejesine, kakasyna bolan garaýyşy nähili, olary öwüp arşa çykarýarmy ýa ýamanlap durmy... şular ýaly zatlara üns ber. Galanam Alla bagly. Bagtly bol. "Mersedes" saýladymmykam diýeniň "Opel" çyksa gynanma. Hiç kimiňkem mersedes däldir, her kime-de öz saýlany mersedesdir.

zuleyha: Uniwerde hazir talyplar okayarmy yada sesya cykdylarmy 01 Iýun, 2015

Bilmedim, men uniwersitetiň mugallymy däl.

NurMuhamme192: Üç Nokadyn Biri kitaby yokmy bu saytda?12 Aprel, 2015

Heniz ýok. Ýöne ol satlykda kitap görnüşinde Aşgabatda bar. "Älemkitap" kitap dükanynda. Dükan Mir köçesiniň ugrunda, "Bägül" restoranynyň binasynda ýerleşýär.

Begençgeldi Orazow: Bolýa hökman Ylýas aga... Çynym aytsam gaty begendim. Begenjimiñ çägi ýok..12 Mart, 2015

Bolýar.

Begençgeldi Orazow: Salawmaleýkum Ylyas aga! Bu saýtdaky ýazgylary okap uklamagy hem ýatdan çykarypdyryn. Eyyam gaty gijem bolupdyr. Bu yerde gaty gyzykly goşgylar, hekaýalar we ýazgylar bar eken... wi özümi tanatmandyryn. pelsepe.com'dan begençgeldi orazow) siz bilen habarlaşmak islapdim. Yadynyza dusen bolsa. men size ullakan minnetdarlyk bildirmek isleyarin. Sizden owrenip biljegim gaty kop zatlar bar. Sizi has yakyndan tanap, maslahatlarynyzy almak menin in esasy arzuwlarymyn biri...12 Mart, 2015

Begençgeldi arma! Nähili ýagdaýlaryň? Düýn öýe giç geldim. Gurbannazar Ezizowyň adyny Gökdepede bir mekdebe dakypdyrlar şoňa gitdik. Soň sadakasy boldy. Soň oglanlar bilen ýatlaşyp oturdyk Soň kinoçylar... garaz öýe gelip senden habar barmyka diýip Pelsepäni açdym. Görsem hat ýazypsyň. Begendim. Bu saýty öň görmän ekeniňow. Ilki muny ýöretmäge höwes (gyzyklanma) bardy. Soň kän elimiz degenok. Ýene Hydyr täzeläp durýar. Sen maňa özüň hakynda, nirede okaýaňmy, işleýäňmi, garaz dostuň-dosty gyzyklandyraýjak zatlaryny ýaz. Goşgularyňy, başga-da näme ýazan bolsaň, okadasyň gelýänlerini öz şahsy email adresime okla. Adresim i.amangeldi@gmail.com Onsoň şo taýda belki ýygjam habarlaşyp durarys. Aşgabatda bolsaň görşübem bileris.

Jemshit: Salam Ylyas aga ! Men soyyan gyzym bardy ol meni cyny bn yurekden soyyardi yone men ona 5 6 gezek dag ikilik etdim son soyyan gyzym aytyad menin yuregim sowatdyn diydi sonam mende gowni bolmady indam wagtlayynca men sen bn geplesjekdal diydi wapse hic kim bn gepleshjekdal diydi ! Indi men nadip sol gyza yenede ozum soydurip bilerkam ???07 Fewral, 2015

Oglum diýsem bolarmyka diýän saňa. Ýaşyňy göz öňünde tutup däl, maňa şeýle ynam bildirip hat ýazanyň üçin. Oglum, näme üçin ikilik etdiň? Hakyky söýýän gyzyňa özüňi gabandyrmak, onuň söýgüsini has-da tutaşdyrmak üçinmi? Ýa-da ondanam gowusy bar eken diýdiňmi. Eger ikinjisi bolsa onda täzeden ýaraşaýaňda-da onuň bilen uzak ýaşaşmazlygyňyz mümkin. Eger birinji ýagdaý bolsa, onda sen muny ol gyza düşündir. 5-6 gezek ikilik etmek kän dälmi? Eger öz uýaň bilen bir ýigit halaşyp, soňam 5-6 gezek ikilik etse sen uýaňa näme maslahat bererdiň? Şol ýigidi tanaýan bolsaň oňa baryp nämeler diýmezdiň? Tumşugynam owratmagyň mümkin. Bizde aýdypdyrlar ahyryn ody özüňe bas, ötmese kesekä diýip. Oglan bolanyň üçin ikilik edibemelidir öýdýärmidiň? Ody özüňe basyp göreniňden soňam şeýle pikir edip biljekmi? Alla saňa dogry ýolda bolmaga kömek etsin.

Gülnabat: Gülnabat sozi arapca nahilli yazylyar19 Dekabr, 2014

Bilmedim. Arap hatyny çala okap bilýän.

Batyr: Ylýas aga, "Heserli"den habar ýokmy? Sabyrsyzlyk bilen kinosyna garashyas!09 Iýul, 2014

Heserli kinosy alyndy. Heniz efire berlenok. Bizde bar.

Batyr: Ylýas aga, mümkin bolsa "Ilki ýürek ölýär" i sahypanyzda eserlerinize dolulygyna goýaýyñ?!30 Maý, 2014

Çoşdum.

Ahmet: Ylýas aga, sizem sag boluñ okanyñyz üçin, teswiriñiz üçin!18 Maý, 2014

Habarlaşyp duraly.

Ahmet: (Ylýas aga salam. Bagyshlarsyñyz welin, köp wagtdan bäri internete girmäge wagtym bolmady, yada bashga bir sebäplere görä wagtynda yazyp bilmedim bashymdan geciren wakamy. Häzir ýazyan köp wagt gecse-de.) 3nji kursuñ soñraklarydy. Ýalñyshmasam, maý aýlary. Bir dostumdan internede ýagny mail.ru agent'a girmegi öwrendim. Täze öwrenenim ücin günüm agentsiz gecmeýärdi. Internetden özüm bilen pikirde$ biri tapylmazmyka diyip gözleyärdim. Soñ bir gün Maryly bir gyz bilen tanyshdym, ady Maýsa. Ýazýan zatlaryndan häsiyetiniñ nähiliräkdigini tanap bolýardy. Pikirlenishi zady gowy. Özem köp häsiyetlerimiz dogry gelýärdi. Shu wagta cenli hic gyza beyle baglanyp görmändim. Sheyle bir baglanypdyryn welin, soñ bir gün söýýänligimi bildirdim. Günlerim gaty gyzykly gecýärdi. ( Oglanlaryñ ýagny umuman agenta girýän köp adamlaryñ pikiriçe agentdaky adamlara ynanyp bolmaýar, esasan hem gyzlara. Olar diñe wagtlaýynça keýp ücin aldaýarlar diýýärler. Ähli diýilýän geplere garamazdan men shol gyza gaty ynandym. Soñlugy bilen ol gyzyñ söygüsini hem gazandym. Ol hem meni söýýärdi. Ýöne ikimiz biri-birimizi durmushda hic göremzokdyk. Diñeje biri-birimiziñ suratymyzy görüpdik we telefonda gûrle$ip görüpdik. Günlerim gaty gyzykly gecýädi. Agenta endik bolup galypdym. Agenta köp girýänligim ücin käbir oglanlar "Agent" lakamyny hem dakypdylar. Men öz özüme haýran galýardym: Nädip hic hili dushushman halap bildim. Soñ günler, aýlar gecdi. 4nji kursa geldim. Entegem ol gyz bilen görüship bilmedim. Sebäbi ol Gyrgyzystanda okaýardy. Biziñ biri-birimizi halaýanlygymyzy entek öyümizdäkiler bilenokdy. Aramyz gaty gowlashypdy. Yöne bizi ýekeje zat howsala goýýardy. Yagny biziñ soñ durmush gurmagmyza böwet bolup biljek bir sebäp bardy. Ol hem bashga bashga welaýatda ýashamagymyz. Ol-a Maryly, menem Dashoguzly. Günleriñ birinde Maysanyñ meñ bilen gürleshyändigini, meñem Dashoguzlydygmy bildiler. Maysa gaty gaharlanypdyrlar, shol oglan bilen indi hic hili habarlashma diyipdirler. (shuwagt gözüm ýumulyp barýar, galanyny ertir ýazaryn) 09 Maý, 2014

Hatyň üçin minnetdar

ertirci: Ylyas aga! ertir.com'da tema acanzokmy.03 Maý, 2014

Ýok. Wagt ýok. Ineşu sahypama-da bir aýdan bäri girip bilmän ýördüm.

tekeli: 17 yas baradaky hekayany okadym. Gowy eken. Kuwwat Hydyrmyka? Onson yene-de hekayadaky pikir yoretmelerin 17 yashly oglanynky dalde, hazirki 60 dan gecen adamyn sozleridigi bildiripdir. Belki, 17 yashy 60 edersiniz.03 Maý, 2014

Seniňem gürrüň edýäniň ak köýnekli oglan hakynaky hekaýa bolsa gerek. Hawa men ony 60 ýaşymda ýazdym. Ýöne başadygymça 17 ýaşymdakam edäýjek pikirlerime, hereketlerime esalanmaga çalyşdym. Hekaýany üýtgetmek pikirimde ýok.

Ahmet: Ylýas aga, bu ýene men. Men Batyr. Diñe Batyr, Batyr bolup durmasyn diyip adymy üytgedip ýazaydym. Goshgyñyzam okadym, gowja manysy bar eken sapak beriji. Köp Sag boluñ saytda goýanyñyz ücin.25 Mart, 2014

Batyr bolaňda näme? Hany üýtgeşik günleriňden ýazsana. Maňa ýeke özüme içgysgynç bolýar. Ahmet bolup ýazaý.

Ahmet: Men adymy Ahmet diyip yazdym welin, bashga bir Ahmetdir(ýagny siziñ tanyshyñyz) diýip oýladyñyz öýdýän. Bashdan geciren wakamy sorapsynyz welin. Men yazjak welin, ceper yazyp bilemokda. Shonun ucin yazsam gyzyksyz bolar24 Mart, 2014

Ýok men seni tanaýan Ahmedime meňzetmedim. Özüm ýaly birisiň diýdim. Çeper ýazmak diýmek, ýürekden ýazmak diýmek. Onsoňam gyzyk üçin däl, şeýle günleri ýatlaşmak, gowy görýänleriň bilen paýlaşmak üçin ýaz diýdim. Özüň näçe ýaşlaryňda? Özüňi tanytmak,tanyşmak islemeýärmiň? Belki ýakyn dost bolarys? Dostlukda ýaş tapawudynyň oýnaýan roly ýok. Bolmanda maňa gowy edebi kömekler edersiň. Meni tanaýaňmy, ikimiz öň görüşipmidik?

Ahmet: "Ak köýnek" hekayasy özüñiz hakdamy?21 Mart, 2014

Belli bir derejede özüm hem hemmeler hakynda. Şolar ýaly wakany özüň başyňdan geçirip görüpmidiň? Ýadyňdan çykmaýan, başga günlerden tapawutly güni ýaşap görüpmidiň? Belki seniň ýaşan günüň meňkidenem gyzyklydyr? Gürrüň bersene!

Brave: Sagboluñ! Aýdanyñyz gelsin!15 Mart, 2014

Senem sag-aman işle.

Brave: Hawa, Dashoguzda. Ishlerem gowy Hudayashukur. gullugy dynanyma 7ay gecdi. Hazir bashardygymdan mugallymcylyk bilen meshgul.05 Mart, 2014

Berekella. Mugallymçylyk gaty gowy kär. Bagban eken agajynyň miwesini üç ýyldan görýär, mugallym on ýyldan. Emma ol şeýlebir deňsiz-taýsyz miwe alkyşdan-sogapdan doly. Ýön şol miwäň awy-zäher bolmak howpam bardyr. Senden edep alan, bilim alan çaga ertir ýüüňe gelip sen maňa geregi ýaly terbiýe bermediň diýse onuň aşagyndan çykmak ýok. Alla bize işimizde şowlulyk bersin. z çagaň bolsa ýene ýagşy başga biriniň çagasynyň garamatyny alyp, soňam üstüňe alan ýüküňi göterip bilmeseň gaty erbetdir. Emma, sen inşalla hakyky mugallym bolarsyň, dilini tapmajak, edep berip bilmejek çagaň bolmaz. Üstünlik hemraň bolsun, Alla medet bersin.

Brave: Meni, Ylýas aga. Men Hojayew Batyr. Heserlini sorap yazan mendim.01 Mart, 2014

Hä Batyr jan, nähili işler. Heserlini inşalla taýýar boldugy habar ederin. Daşoguzdamyň? Iş-güýçler, döredijilik nähili? Gllugy sag-aman sowduňmy ýa indi gitmelimi? Ýaşyňy bulaşdyrýan. Bir goşgy ýazýanyň birem Daşoguzdandygyň ýadyma düşýär.

jeren: Salam Ylyas aga soramagam cekinjeli welin yone meni gyzyklandyryan sowal shy men durmusha soyup cykdym emma yoldashymyn meni hakykatdanam nadereje soyyanligini bilesim gelyar sho barada maslahat beraysiniz24 Ýanwar, 2014

Söýgi meselesi şeýlebir çylşyrymly welin özüňe söýýärmikäm beri diýdirýär. Özüm bir gyzy görmesem durup bilmez ýaly derejede söýmedim. Görsem göwnüm hoşlanýan, şol gyza beýleki gyzlardan başgaça seredýän gyzym bolupdy. Şonuň üçin özümi size jogap bererden ejiz görýärin. Ýöne meniň piirimçe söýüp durmuş guran bolsaňyz, ýoldaşyňyz size öýlenen bolsa, diýmek olam sizi söýendir, söýýändirem.Kimiň häderejededigini biljek bolar ýaly ol baýlyk däl (men senden baý diýer ýaly). Ýa-da güýç däl, men senden güýçli diýer ýaly. Şonuň üçin kimiň näçe söýýänini kesitlejek bolmagyň şzi samsyklyk. Sen söý, gaýtargy talap etmän söý. Söýgi algy-bergi däl.

Gulnabat: salam! epiklik sozunin manysy name?21 Ýanwar, 2014

Bu szüň manysyny sözlükden göräý.

Gulnabat: Salam! Magtymguly Garlyýewin doglan ýerini bilýañizmi?19 Ýanwar, 2014

Aýdyşlaryna görä Kaka etrabyndan. Soň Daşoguza göçüpdir.

Ejebal: Bir ýürekde iki söýgi bolup bilermi.28 Noýabr, 2013

Bir ýürekde iki söýgi bolup biler. Ýöne söýülýänlere ol deň paýlanmalydyr. Hiç kim hiç kimi gabanjaňlyk etmeli däldir. Ýöne bu düzgün erkeklere degişli. Bir zenan iki ýigidi söýse bu eýýäm azgynçylyk bolýar. Erkek kişi;ere dört aýala çenli öýlenmge şerigatda rugsat edilýär. Bu aýallaryň hukugyny gysmakdäl. Aýallary goramak maksady bilen edilýär. Sebäbi erkek kişiler ýogalsa aýalyň başy boş galýar. Idegi kynlaşýar. Şuny göz öňünde tutup bu kanun şerigata girizilen bolsa gerek. Aýal näzik bolýar. Duýgusynda-da, düşünjesinde-de, ýaşaýyşynda-da.Şonuň üçin olar özüni aýamalydyr. Eger siz gabanjaňlyk edip söýýän ýigidiňiziň diňe özüňizi söýenini isleseňiz, bu-da dogry. Çünki paýlaşylany bilen azalmaýan zat sogap, dileg.

Kerim: Salam Ylyas aga turkmence kitaplarynyzy nireden tapyp bilerin. 23 Noýabr, 2013

Türkmençe diňe bir kitabym çap edildi. Onam "Älem-kitap" kitap dükanyndan alyp bilersiň. O dükan Aşgabatda "Bägül" restoranynyň ýerleşýän binasynda.

Mergen: Kitaplaryň elektron görnüşi hacan goýular?07 Noýabr, 2013

Kitabymyň elktron görnüşini entekler goýmak pikirim ýok. Ýöne hekaýalary, esselari şu saýtda goýup durýaryn. Kitap edip goýmaga elimem degenok.

nury: Salawmaleykum Ylyas Aga. Name üçin Dünya Edebiyaty jurnalynda "yazyjy" sözüne derek "yazar" sözi ulanylyar. 04 Noýabr, 2013

"Dünýä edebiýaty" žurnalynda ýazar sözi "awtor" sözüniň ýerine ulanylýar. Ýazyjy sözi bolsa hiç söz bilen çalşyrylanok. Umuman ýalňyşam bolmagy mümkin welin, žurnalda türkmençeleşdirip boljak sözleri türkmençeleşdirmäge çalşylýar.

: Salowmaleykim Ylýas aga! Ýagdaýlarñyz niçik? Ýitdiñizle. Köp wagtdan bäri sahypanyza-da, ertire-de hiç zat yazañyzok?!21 Sentýabr, 2013

Waleýkimsalam. Ýagdaýlarym gowy. Biraz internetden dynç aldym. Ýöne ertire dolanmak pikirim ýok. Sebäbem wagtymy gaty köp alýar.

Nabat: Salam Ylyas aga tükçe kitaplarınız Türkiyede satuwa çykarıldımıka çykarılan bolsa nirede salgysyny aydyp bilersinizmi mümkin bolsa türkmençe bolsa hasam gowy bolardy yöne ony tapmak kyn bolarmyka öydüp soramana çekindim, yazyan kütaplarynyz bilen halka hyzmatynyz üçin köp sag bolun. 08 Sentýabr, 2013

Türkçe kitaplarymyň nrede satuwda bardygyny internediň üsti bilen göläp göräýmeseňiz. Türkmenistanda ors bazarda "Älem kitap" diýip bir dükan bar (bazaryň powalynda)şonda satylýar. Eger Aşgabatda bolsaňyz şol aýyň 24-25-lerine kitap sergisi boljak şoňa "Älem kiabam" gatnaşjak. Şonda-da satyn alyp bilersiňiz.

Begench: "Ilki ýürek ölýär"i dolulygyna goýaýyñ mümkin bolsa. Dolulygyna goýulmandyr eserlerde15 Iýul, 2013

Begenç dost, türkçe bilýän bolsaň türk dilinde kitap bolup çykdy. Bilmeýän bolsaň maňa adresiňi iber şahsyňa oklaýyn.

Anonymous: Orazalarynyz Kabul Bolsun butin turkmen halkyna bagt arzuw edyan!09 Iýul, 2013

Amin.

deniz: Yene bir ýoldaşymyz gaýsar diýip terjime etdi. Bu nähili?07 Iýul, 2013

Bir zada esaslanyp diýýärmi ýa-da kellesine gelenini ýazaýýarmy?

Gara: Shahsy mail adresinizi aýdaýyñ mümkin bolsa?05 Iýul, 2013

i.amangeldi@gmail.com

deniz: şabat diýseñ nähili?03 Iýul, 2013

Bolup biler. Şa sözi mysal üçin şa ýol diýemizde "uly" "esasy" ýol manysyny berýär. Bu ýerde şonuň üçin gelişmeýän ýaly. Belki zowwambat diýersiňiz? Zowwam türkmeniň kän ulanylmaýan gowy sözi. Bat sözünem kän şemal manysynda ulanyp ýöremizok. Görüňdä. Siz bu sözi nirede ulanjak bolýaňyz?

deniz: Güýz aýlarynyñ biridi öz-ä, ejem maña şeý(le) diýdi: Oglumjan, yuwnup gelip skwoznyakda oturma-da:, daşaryñ sowujagy bar, üşärsiñ! Menem eje skwoznyak türkmençe näme bolýar-aý diýdim. Olam: türkmençesi, orsçasy bilen işiñ bolmasyn-da, äpişgäni ýap çaltrak diýdi! Ýeke söz bilen añladyp bolýan terjimesi ýokmuka? Gaýrat edip gyzyklanyp göräýiñ?! Biz şu günler işde oglanlar bilen halys bolýas, şu sözüñ ýeke söz bilen añladylýan terjimesini tapjak bolup.02 Iýul, 2013

Zowwamşemal diýseň bolanokmy? Skwoznýak diýlen zat öň türkmende ýok eken. Edil krowadyň, galstugyň bolmaýyşy ýaly. Onsoň olary aňladýan türkmençe sözem ýok. Soňýasamaly bolýas. Wagt geçip ýasalan sözlerden şowlulary galar, şowsuzlaram ulanylmaz. Daşyndan gelen sözleri terjime edip türkmençeleşdirmek zerur bolanda her kim bir zat tapýar. Sizem bir zatlar diýip görüň, tä göwnüňize jaý bolýança. Belki siziňki ornaşar gider.

deniz: Сквозняк sözüniñ türkmençesini tapyp bilmedik. Kömek edäýiñ?!01 Iýul, 2013

Sözlükde zowwam geçýän şemal diýip alypdyrlar. "Açyk galan garşyba-garşy penjirelerden şemal zowwam geçýärdi" diýen ýaly sözleme gör ulanyp göräýmeseňiz.

Anonymous: Sag Bolun,Alla hemma oz yureginin bolshy yaly zat bersin. 29 Iýun, 2013

Aýdanyň gelsin.

Anonymous: Salam:Bagyshlan welin men bu sahypa yalnyshlyk bilen dushdum, gorup otursam gaty gyzykly ekeni, shonun ucin mende-de bir sogal bar, ar almak gunami?28 Iýun, 2013

Dogrymy aýdaýyn, bilemok. ÝÖne admkärçilik talaplaryndan seretseň gowy zat däl. Emma, hiç kimiň aryny köýdüresi gelmeýär. Durmuşda bir gezek birine seni biredişime seret diýdim. Soňam hiç zadam etmedim. Ýuwaş-ýuwaş gaharym ýatyşdy. Gaýatyň bolsa soňa goýup, aryňy aljak bolup ýörme. Iň gowusy bagyşlap. Allasyndan tapsyn diýmek. Ýogsa içiňde göterip ýören aryň beýniňi yslandyrýar. Kelle agyry bolýar. Mende şeýle. Başga biri mundan lezet alýanam bolup biler. Halamaýan adamlarymdan gaça duranymy kem göremok.

Gara: Siziñ üçin ideal ogul nähili sypatlara eýe bolmaly?27 Iýun, 2013

Idial ogul edil idial adamyň bolmaýyşy ýaly bolup bilmeýär. Ogullarymdan garaşýan zadym, atalaryna, iline-ýurduna ysnat getirmese bolýar. Halal ýaşasynlar. Kur'anda, Hadyslarda aýdylanlary berjaý etmäge çalyşsynlar. Men özüm kakama ideal ogul bolup bilmedik halyma ogullarymdan muny talabam edip bilmerin. Görjekleri gowy bolsun. ize-deýamanlyk ýüzüni görkezmesinler.

Dayanch London'dan: Salam Ylyas aga,sizin kitaplanyz online satylyarmy?24 Iýun, 2013

Satylýandyr. Türkiýede çykanlarym satylýar. O taýda bu mesele ýola goýlan. Türkmençesi Aşgabatda diňe bir dükanda bar.

ertirçi : siz ertir.com sahypasy barada näme aýdyp bilersiňiz?24 Iýun, 2013

Ertirlerde uzak wagtlap boldum. Gaty köp zatlaryň başynam agyrtdym. Gowy maslahatary aldym, şatlykly pursatlaram geçirdim. Gowy dostlar bilenem tanyşdym. Umuman bu sahypa minnetdar. Ýöne soň gaçyp giden ýaly bolaýdym. Gaçmak pikirimde-de ýok. Häzirem oňa girip göz aýlaýan wagtlarym bolýar. Öňki ýaly aktiw gatnaşmaýanym, ol ýeri maňa görä däl. Men soňa-baka o taýda ýat sürüden gelen ýaly duýmaga başladym. Üstesine-de işlerim köpeldi. Menden aýyp etmäň. Bir aýtjak zadym, saýtyň derejesi biraz peseldi. Düşünjeli adamlar azalyp, boş zatlara gyzyklanma köpeldi. Ol bir hili eliboşuň wagt geçirýän ýerine öwrülip barýar. O-da göwnüme bolmagam mümkin. Saýta uly üstünlikler arzuw edýän.

aýlar: salam ylyas aga.size bir soragym bar.söygi tire-taypa seretyarmi? 12 Iýun, 2013

Ýok. Ýöne geljekde agzybir maşgala gurmak pikiri söýgüňizden öňde bolsa, biraz pikirlenip bilersiňiz. Geljekde diňe iki çatynja däl-de olaryň ata-enelerem oba dolup gatnaşmaly. Şonda dodakçöwürme, sylamazlyk ýaly zatlar ýüze çykmaz ýaly iki tarapam biri-birini düýpli tanasa gowy. Bu tanyşlyk söýgä päsgel berer öýdemok. Şonda-da däp-dessurlary sylamak soň gowulyga eltýär. Ýöne tire-taýpa hiç haçan söýgä böwet bolmaly däldir. Bu meselede 5 ogluny dürli taýpalarymyzdan öýeren dostumyň mysalynda gürrüň beribem bilerdim. Şol dostum hiç hili problema çykanok, gaýta maşgalada düşünje baýlaşýar diýerdi. Şu meseläni edebiýadymyzda açyp görkezmäge-de wagt ýetdimikä diýýän. Ozal Türkmenistanda bu meselä ýok ýaly garaýardylar. Häzir şiwelerimiz, dürli däp-dessurlar, Balkan, saryk folklorlary diýen ýaly zatlar barada söz açylyp başlandy.

Muhammet Bekgi: Ylyas aga salowmaleykim, armawerin! Bu yene-de men. Gadyrly Ylyas aga munkin bolsa yas sahyrlaryn doredijiligine degisli oz belliklerinizi we maslahatlarynyzy berayseniz 03 Iýun, 2013

Dörejilige baha bermek kyn zat. Ýaş bolsun, ussat bolsun hemmeler öz döreden eserini ýürekden ýazýar. Muny etmeýänler -döretmeýärler. Ýürekden ýazylan zatlara-da baha bren bolup otursam özüňem halamarsyň. Oka lezzet al. Höwri köp bolsun diý. Men ýaşlardan gaty gowy işlere garaşýan. Olary okamda öwrenjäň zadydyr diýip däl-de, täzelik, geljegiň eseri, häzirkizaman eser diýip okaýan. Olardan talabymam şolar ýaly. Şu güki ýazylan zat düýnkilerden kän gowy bolmalydyr.

Ýusup: Salawmaleýkim Ylýas aga! Siz Dünýä Edebiýaty žurnalynda işleýäňiz, terjimeçilik bilen meşgullanýaňyz. Biz - ýaşlara terjimeçilik sungaty barada gerekli näme maslahat berip bilersiňiz?20 Aprel, 2013

Ýusup dost, maslahat bemek aňsat. Terjime hakynda gowy maslahatlar žurnalyň özünde-de çykyp dur. Iň esasy zat ilkinji ädimi ätmek, synanşyp görmek. Soň şol synanşygyňy getirseň okaşarys, maslahatlaşarys.

Muhammet Bekgi: Ylyas aga salowmaleykim!belki-de siz merhum sahyr Italmaz Akmyradow barada bilyan bolsanyz yazayyn.18 Aprel, 2013

Italmaz Akmyradow hakynda diňe ol barada öwgüli sözleri eşidenimi aýdyp biljek. Goşgularynam okapdym, ir döwürlerde. Giňişleýin maglumatyňyz, eserleri kimde bar bolsa, paýlaşsalar höwes bilen okardym.

sallamasyoncu: Bagyslan, turkcani nahili owrendiniz, eserlerinizi haysy dillerde yazyanyz?14 Mart, 2013

Türkçäni esasan özbaşdak, soňam Başkendiň kursuna gatnadym. azýan zatlarymy diňe türkmençe ýazýan. Olary soň terjime etdirýän.

Turkmen Portal: Salam, Hormatly Ekizler! Sizi www.turtkmenportal.com salgysynda yerlesyan proyektimize cagyryarys. Sizin web-saytinizi portalymyzyn "website catalog" bolumine gosmagy teklip edyaris. Gyzyklanma bildiren halatynyzda, ashakdaky mail adresine yazip bilersiniz : turkmenportal@mail.ru info@turkmenportal.com Hormatlar, Admin 01 Mart, 2013

Size gyzyklanmam bar. Ýöne el degip baranok. Siz bilen içgin tanyşasym gelýär. Portaly nirede taýýarlaýarsyňyz? Kimler bolup? Inşalla ýakyn gatnaşyga geçen günlerimizem bolar. Saýtyňyza bir gezek girip gördüm. Gowy gördüm. Işiňize rowaçlyk!

Jeren kabulowa: Salam siz soyup durmus gurdunyzmy ya-da???01 Mart, 2013

Jeren salam. Esasy zat söýüp durmuş gurmak däl, esasy zat - söýüp, söýülip ýaşaşmak.

Umyt : Hakyky romantikler gaýgyly ýa$aýamy? ýa durmu$a höwesek $adyýan?16 Fewral, 2013

Hakyky romantikler diýip kimlere aýtjagymy bilemok. Dogrusy olara duşmadym, özümem olardan dälmikäm diýýän. Ýöne ikinjisi dogry bolaýmasa.

Gara: Salam Ylýas aga. Cagalaryñyzyñ icinde siziñ yaly döredijilik bilen me$gullanýany barmy?11 Ýanwar, 2013

Gynansamam ýok. Ýöne agtyk diýer, çowluk diýer tapylar diýen umydym. Bolmanda okamaga, öwrenmäge ýygnanja kitaplarym bar şolara eýe çykan tapylsa...

ALADIN: Yhlasaga! Kitaplar bölüminde kitabyñ elektron görnüshi ýok ekenle,ýa indi goýmalymy?22 Noýabr, 2012

Indi goýmaly. Bir elim degende goýaryn. Kän üýtgeşme girizmeýänim üçin ötünç soraýan.

sabri bitirik: İlyas bey ''Günüg dogmasy ansatmy?''kitabynyzy nerden bulabilirim?sagolun04 Oktýabr, 2012

Bu kitap "Kalır dudaklarda şarkımız bizim" le aynı. Ol da NT kitapcylarda var.

resul: ylyas aga "kalır dudaklarda şarkımız bizim" kitabynyzyn türkmençesi basyldymy basylan bolsa nirden tapyp bileris 08 Iýul, 2012

Ýok türkmençesi çykanok. Şu taýda "Günüň dogmasy aňsatmy?" diýen at bilen bölegiräk ýerleşdirdim. Doly bermegem niýet edýän.

gara: Gündelikleriñizi dowam etdireñizokmy?15 Iýun, 2012

Gara dost, ýazmakçy. Ýöne köp okyjy diňe gündeligi okaýar-da oňaýýar. Meniň esasy ýazgylarym bolsa beýlekiler. Ýöne gündeligem ýazmaly.

gara: "Ilki ýürek ölýär" doly goyulmandyr öýdýän, ya sheýle gutarýamy?11 Iýun, 2012

Ýok doly däl. Onuň türkçesi kitap bolup çykdy. Türkmençesi entek çap edilenok.

Merýem: söýgi ýeñermi ýa adaglama09 Iýun, 2012

Bu ikisini garşy goýmak soň tapylan zatmyka diýýän. Ata-babalarymyz bir-birini söýmejekleri adaglap kyn güne goýandyrlar öýdemok. Adaglanmak onsoňam nika däl. Adaglananlar isleseler durmuş gurmanam bilýärler. Esasy zat ýüregiň bilen söýmek.

brave: Sag boluñ! Hawa, özbekçe bilýän. Ol $ahyrlardanam Abdulla Arifiñ adyny e$idýädim ýöne okap görmedim. Görü$mäge bararyn diýibem entek görü$mäge barmadym, ýöne öñümizdäki birki günlikde barmakçy nesip bolsa. Indi ekzamenlar zatlaram geçdi, bo$ wagtlarmyz köpeldi.06 Iýun, 2012

barsaň telefonym 22-33-01

brave: Öz söyyän ugruma ugrukdym a:rman, Öz saylan yolumda tesmedim yza. Baylyk ya-da uly wezipe küysäp, Nebsimiñ öñünde cökmedim dyza. | Yok, yok käwagtlar cöküpdim dyza Yöne yene gayta ayaga galdym Oñ yanyndan derrew öwrülip yza Yene özüm saylan yoluma saldym | Yañsylandym, yazgaryldym köp sapar Men olara diñe ýylgyryp bakdym Diydiler bu oglan bir bela tapar Men $ondada baryan akymma akdym . | Belki yolum özgäñ yolundan pesdir Men-ä durkum bilen $ol yola uydum Boldy, meniñ yolum yazgarmañ, besdir Men özümi $onda bagtly duydum. | Men özümiñ $u halymdan minnetdar Arzuwlamok $a tagtyny yada täç Bagt-bu köp zada eye bolmak däl Juda az zatlara bolmaklyk mätäç 05 Iýun, 2012

Berekella. Gowy goşgy bolupdyr. Öňkülriňden gowy. Batyr, sen özbekçe bilýäňmi? Rauf Parfi, Abdulla Arif diýip özbekleriň gowy şahyrlary bar. Rauf dünýäden ötdi, ýöne gaty gowy şygyrlar galdyrdy. Şolaryň özbekçesini tapyp okap gör. Özbek şahyrlaryndan meniň tanamaýanlarymam bardyr. Eger olardan gowy goşgulary terjime etseň jurnalda çykarybam bolardy. Özüň üçinem mekdep bolar. Görüşmäge gelerin diýibem gelmediň.

brave: Salawmaleýkim! $u go$gy hakynda hem kemçiliklerini aýdyp birzatlar aýdaýsañyz? / Eje sözi sögünçlerde yoñ bolup, Gaplapdyr dünýäni misli bir duman. $eýle sögünçleri ulanýanlaryñ, Eje söýgüsinden edýärin güman. | Ejelermiz mydam howandar bolup, Bizi ulaldýarlar söyüp, apalap. Neneñ onsañ eje diyen sözi biz, Sögünçlerde ulanýarys hapalap. | Olary deñeýäs mukaddes käbä, Dürli-dürli sözler bilen öwýäris. Soñra bolsa sögünçlerde ulanyp, Nädip olañ mertebesin döwýäris?! | Sögünçlerde ulansak-da nijeler, Bilýän, asla kiçelmezler ejeler. Ýöne geli$meýär beýle sögünçler, Dileyän; bu endik ir-u-giç öler.02 Iýun, 2012

Goşgy goşgy bolýar. Aňdňan zatlaryň dogry hem aýdylaýmaly zatlar bolaýanda-da goşga gelişmän bilýär. Seniň bu goşgymam gowy zat, zerur temadan bolsa-da goşgy bilen däl-de başgaça aýdylmaly zada meňzeýär.

brave: Durmu$ sen näme zat, manyñ näme señ?! Dü$ünip bilemok seniñ halyña. Ümdüzüne gidip barýañ at deýin, Ylgap barýañ gözüm dü$ýär nalyña. Saña, señ halyña dü$ünjek bolup, Gama batýas indi asla gülemzok. A sen bolsa hiç pitiwa edeñok, Dü$ünip bilýäsmi ýa-da bilemzok. Gidip barýañ ýüzün görmän hiç kimiñ, Bolsak-da biz señ çaltlygña nägile. Aýt sen durmu$ nädip beýle çalt geçýäñ?! Ýa sen munuñ üçin gurýañmy hile?! Çagalyk $adyýan durmu$dyr welin, $onda-da biz uly bolmak isleýäs. Ýyl geçip ýa$ymyz ulalar welin, Ey wah, diyip hyrçymyzy di$leýäs. Durmu$ hakda $eýle pikirler edip Oýlap ýatyrdym men ähli etmi$im Men öz etmi$lerme indi ökünýän Zaýa geçen eken meniñ geçmi$im $eýdip soñky demlem sanap ýatyrkam, Geçmi$e ökünip ruhum peslendi. Ertirki dañymy nädip atyrkam Diýip oýlan wagtym durmu$ seslendi: "Aýt sen adamogly niýetiñ näme? Näme sen beýle köp dü$ýäñ howsala? Niýetim bol$uña dü$mek diýýäñmi Aklyña, kalbyña sen salman sala. Aslynda niýetiñ meni bilmek däl Öz ömrüñiñ gutarmagna gynanýañ Meni saklap bolmaz bilýäñem welin $onda-da sen saklamaga synanýañ Özüñ bütin ömrüñ geçirip zaýa, Gopbamsydyñ, ba$yñ ýetýärdi aýa. Meni bilmek indi kellä geldimi?! Ýagny, gitjek wagtyñ iñ soñky jaýa..."28 Maý, 2012

Gowam ýaly. Ýöne täzelik ýok. Häzirkizaman poeziýasy bilen içgin tanyşsaň köp zada göz ýetirersiň.

brave: Salawmaleýkim! Armañ! Ýene bir go$gymy ugradaýyn $onuñ kemçiliklerini tapyp go$gy barada aýdyp beräyseñiz? # Seni maña ýatlamalam baglaýar Aýralyk derdinden kalbym aglaýar Pelek eden i$in añmaýan ýaly Öz i$i, öz derdi, keýpin çaglaýar | Ýok, ýok pelek, asla aýyp ýok sende Bilmän günä atdym bagy$la meni Biz ynsanlar hemi$e hem $eýle-dä Özüñ gowy bilyäñ çig süýt emeni | Ba$ymyza bir kynçylyk dü$äýse Derrew bu dünýäni gapy$dyraýýas Durmu$y, dünýäni ýazgaryplar köp Günäleñ baryny ýapy$dyraýýas | Bu durmu$da belañ asyl körügi Dünýä yeñil bakýan adam dälmidir?! Durmu$a dü$ünmän oña $ek atmak Erbet gylyk däl-de, ýag$y pälmidir?! | Ynsan dälmi ynamsyzlyk döredýän, Bir-biregiñ ynamyny ogurlap. Ynsan dälmi nebsin öñden ýöredýän, Asyl hakykaty aýtsak dogrulap. | Erbet günde ýazgarmaýyn durmu$y Durmu$da günä ýok, ýokdur birje kem Aslynda ha durmu$ erbet diýýäniñ Özünde günädir, $oldur ýerçeken. 26 Maý, 2012

Gowy. ýöne soňky setirler, hasam ýer çeken sözi gelişmändir. Öňleri gaty gowy. "Erbet gylyk däl-de, ýag$y pälmidir?!" Şuny "Erbet gylyk dälmidir?" diýip kesseň güýçlenjek ýaly. Yzyndaky küpledem "Durmuşda günä ýok" diýen pikiri ösdürseň. Mysal üçin, Baharyň şemalyny, Güýzüň gussasyn, Gyşyň päkligini, Tomsuň yssysyn" Günäkärlemäge neneň ynsabyň çatýar diýen manyda. Menem bir täze goşgy goýdum. Seniň ýazanlaryňa manydaşyrak.

brave: 1ýyl gullukdan soñ niyetim nesip bolsa obamda mugallym bolmak. Go$gy ýazmaga ba$lamagymyñ sebäbi $ahyr bolmak ya-da gazet-£urnallarda i$lemek höwesimden däl. Beýle i$ler barada pikirem etmedim. Dogrymy aytsam go$ga ba$lamagmyñ sebäbini özüm hem anyk bilemok, birhili ýazmaga zerurlyk duýanymdanmy ýa-da käbir pikirlerimi ýazga geciresim gelenindenmi. Men go$gy ýazmaga öñlerem synan$ýadym ýöne teý ba$aramokdym. Ýazýadymam ýöne go$gy cykaryp bilemokdym. Soñ ilkinji go$gymy nädip ýazanymy özümem bilmän galdym. Bir özbekce kino görüpdim $onda däli diýýänleri bir adam bardy. Däli diyip däli däli däl, sag diýseñem sag däl. Adamcylyk häsiýetleri gaty gowy bolýa(ýagny Hydyr agañ "Gören kim görünen kim" powestindäki dälä meñze$räk). Soñ $ondan täsirlenip $ol barada ýazasym gelipdi we ýazdym. Ana $ol ýazanymam özüm halapdym(belki gowy dälem bolup biler) $ondan soñ ýazmaga höweslenip ba$ladym. $ol go$gymy size ýazaýyn: (bir däliniñ dilinden) . Ne bir gamym bar meñ, ne-de bir derdim Dünýälik zatlary isläne berdim Dostuma-da hatda du$manyma-da Güler ýüzüm bilen gujagmy gerdim Men $adyýan, hemmeden-de bagtly men Adamlañ dilinde däli atly men Bolmasa-da malym, baýlygym meniñ Göwnüm içre Süleýman dek tagtly men Ajyksam tapýaryn bir döwüm çörek Ana $ol göýä ki meñ üçin börek Adamynyñ bagtly bolmagy üçin Baýlyk däl-de ilki kanagat gerek Her bir günüm $atlyk bilen geçip dur Islän diýibersin, hawa, däli men Gökde güne$ dogup, seçip dursa nur Ökünmerin bu adyma häli men.14 Maý, 2012

Goşgyň gowy eken. Ýöne azajyk tehnika ýetenok. Olam işläp ele alynýan, öwrenilýän zat. Eger şygyrýete özüňi bagyş etmek niýetiň bolsa, ol gaty kän zähmeti talap edýär. Mugallymçylygam gowy kär. Men, dogrusy, kän höwes edýän. Ýetginjekler, çagalar bilen garyşyp ýörmegi gowy görýän. Her işiň öz gowy tarapam, kyn tarapam bar. Esasy zat käriňi söýüp işlemek.

brave: Yok, hic gazetlara hödürläp görmedim, sebäbi meniñ go$gy yazyp ba$lanyma köp wagt bolmady, 5-6 aý bolandyr. Gazeta gideyin diyip niyetlenmedimem, niyetlenen bolsamam birnäce say-sebäp bilen o niyetimden el cekdim. Deñ-du$larymyñ go$gulary barada anyk bir zat aýdyp biljek däl. Sebäbi özümi go$guda gaty pes hasap edyän. Elbetde deñ-du$larymyñ içinde gowy ýazýa diýip hasap edýänlerim bar(ýagny meñ halaýanlarym) ýöne häzirki wagtda söýgi temasynda(gyz b.n oglanyñ arasyndaky söýgi) köp ýazýan gaty köp. Özüñizem bilýänsiñiz. Garaz $eýleräk.14 Maý, 2012

Okuwyňy gutarmaga gaty az galan eken. Okuwdan soň nirede, nähili iş bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýaň? Goşgy ýazyp başlamagyň sebäbi näme boldy? Şahyr bolmak, gazet-žurnallarda işlemek höwesimi? Ýa başga bir sebäbi barmy?

brave: $u wagt men 5-nji kurs. 90-njy ýyl. Nesip bolsa Iyunda okuwymy tamamlaýan. Okuwymy tamamlabam gulluga gitmeli. Bärde umumy ýa$aýy$ jaýynda ýa$aýan. Aslym Da$oguzly. Bor Ylýas aga, nesip bolsa ýakyn wagtda i$leýän ýeriñize görü$mäge bararyn. Maslahatlaryñyz üçinem köp sag boluñ! Döredijiligiñizde üstünlik!13 Maý, 2012

Bolýar. 5-nji kurs bolsaň bu wagta çenli gazetlere goşgy hödürlemediňmi? Ýa çap bolanlaram barmy? Umuman häzirki öz deň-duş şahyrlaryň goşgulary hakynda nähili pikirdesiň? Habarlaşyp duraly.

brave: Men Batyr Hojaýew. HTTU-nyñ türk dili we türkmen dili edebiýaty bölüminiñ talyby. Maslahatyñyz üçin köp sagboluñ. Eger mümkin bolsa go$gularymy size görkezip dursam siz hem maslahat berip dursañyz? Ine ýene bir go$gymy ýazaýyn. Güýz Güýz höküm ýöredýär häzir her ýerde Ýene hazan urdy bagymda gülüm Indi gaýgy-gussa köpelip serde Ol gaçýan ýapraklar ýatladýar ölüm Adamogly öz nebsine köp çapýar Wy£dany dur diýip signal çalmasa Wy£danymyz bolsa añsat oýanmaz Bir zat öljegimiz ýada salmasa Güýz öz gezegiñde gel sen aýlanyp Agaçlardan ýapraklary tändir sen $eýdip ýadymyza ölümi salyp Bizi erbet ýolumyzdan dändir sen 13 Maý, 2012

Batyr, erbedem däl. Mysal üçin "tändir sen" "dändir sen" diýip ulanan kapiýalaryňy has gowy gördüm. Häzir näçinji kusda okaýaň? Umumy ýaşaýyş jaýynda bolýarmyň ýa-da Aşgabatda, onuň töwereklerinde ýaşaýarmyň? Wagt tapsaň, Dünýä edebiýaty žurnalyna gel. Men şo taýda işleýän. Atabaýew bilen Mir köçesiniň çatrygy. Uniwersitetiň ýany. Täze döredilen Halkara gatnaşyklar institutam bar gapdalymyzda. Dom peçat (metbugat öýi) diýýändirler. Şol ýerde, 3-nji gat. Telefonym 22-33-01. Görüşeli. Ine kanikula-da çykarsyňyz, eliň has boşaşar. Ýa praktika barmy? Umuman, ýagdaýlaryňy ýaz. Arada biz HTTu-a barybam gaýtdyk. Terjimeçiler bölüminde okaýanlar bilen duşuşdyk. Eger özüm şo taýlara düşsem seni tapjak bolaryn. Berekella, ýazyber.

brave: Salawmaleykim Ylýas aga. Işleriňiz bilen armaň! Men özüm barada aýtsam men talyp. Siziň döredijiligiňize gaty gyzyklanýan. Eserlariňizi, ýazýan zatlaryňyzy gaty gyzyklanyp okaýan. Bize ýetirýän eserleriňiz üçin minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Meniň özüm hem döredijilik bilen gyzyklanýan, ýakynrakda goşgy ýazmaga başladym. Şu ugurda bize maslahat beräýseňiz. Hydyr aga hem maslahat sorap ýazypdym welin bu ugurdan siziň köpräk maslahat berip biljekdigiňizi aýtdy(elbetde ozi hem mohum maslahat berdi). Men bir goşgymy ugradaýyn siz şonuň kemçiliklerini aýdyp maslahat beräýseňiz gaty hoşal bolardym. Böwet(kynçylyk) Men böwet men, ýollardaky kynçylyk, Her bir kişiň ýolunda men bardyryn. Meni söýmän bolýarsyňyz biynjalyk, Aslynda men size gerçek ýardyryn. Oýlap görüň mensiz bolsa bu durmuş, Nähili gyzyksyz, erbet bolardy. Islän kişi, islän wagty, islänne, Kynçylyksyz ýetse kalpda beslänne, Üstünligiň gyzygy hem bolmazdy, Bu durmuşyň manysy hem galmazdy. Meniň bilen many gazanýar dünýä, Mendirin ýaşaýşy saklaýan gazyk. Adam üstünlige meň bilen münýä, Meň bilen çaýylýar ýaşaýşa gyzyk. Meň bilen gazanlan miwe datlydyr, Gadamlarňyz meniň bilen batlydyr, Mensiz barlan sepgitlerde gyzyk ýok, Sepgitler meň bilen has şöhratlydyr. Men bolmasam kämillik hem bolmazdy, Şol bir derejede durardy ynsan. Kämilliksiz adam - adam bormudy, Durmuşda bolardy ýönekeý bir san. 11 Maý, 2012

Waleýkim salam. Goşgyň erbet däl eken.Gowy görenzadym ýazmaga ukybyň bardygy görünýär. Ýaltanman ýazyber hem köp oka. Böwet hakynda aýtsam, onda men sözüni kän gaýtalapsyň. Böwet özüniň böwetdigine buýanýar, adamlary köseýänine begenýär. Sebäbi ol adamzady öňe itekleýär. Ýöne ol böwet. Belki-de böwet bolup ýaradylanyna gynanýandyr. Mysal üçin, böwedi adam diýip göz öňüne getireli. Ol býleki adamlaryň, özem iň gowy görýän adamlarynyň öňüne böwet bolup ýaşaýar. Çünki olaryň ösmegini isleýär. Şol adam özüni nähili duýardy? Bu paýyň özüne düşenine begenermidi? Men bir adamyň gününi kynlaşdyrdym diýip şeýtan begenýän bolaýmasa. Ýazmakçy bolan zadyň gaty gyzykly hem çylşyrymly zat. Ýöne sen oňa gaty ýöntem garapsyň. Ýadyma düşýär, bir masgarabazyň obrazyny ýerin ýetirýän adam adamlary mydama gülüşdirip gezýär. Emma adam mydama gülüp ýaşap bilmeýär. Şonuň üçinem ýüzünde gülýän maskasy bar, özem aglap dur. Teatrlaryň emblemasydyr, gülýän hem aglaýan maskalar. Bärde-de şonuň ýaly üýtgeşik bir tema ýatyr, ýöne ondan nädip baş alyp çykmaly? Özüň başgalaryň ýazan goşgusyny analiz edip gör. Şol anlizleriňi meniň bilenem paýlaş. Özüň nirede okaýň, daşary ýurtdamy, bärdmi, haýsy okuw jaýy, ugruň näme? Bu ýeri edebiýat sahypasy. Adyňy çekinme-de ýazyber. Belkimen seni tanaýandyryn?

Dil öwreniji: Ylýas aga şu türkmen diliniň hemme düzgünleri ýazylgy hemme zady öz içine alýan gowy kitap barmy. Şeýle ýazmaly, şeýle düzmeli diýilýän hemme dil kadalaryny öz içine alýan. Şeýle çeşme salgy berseňiz minnetdar bolardym. Her kim isleýşi ýaly ýazyp ýör şol düzgünleriň hemmesini bir ýere jemläp internete goýsak hemme kişä peýdaly bolardy. Şol çeşmäni tapsak, ony internete goýmak kyn däl.05 Maý, 2012

Bu çeşme okuw kitaplary. Ýöne türkmn diliniň ýazuw kadalary täzeden seredilmäge mätäç. Onuň üçin ýörite gurultaý, mejlis - alymlaryň ýygnagy çagyrylýar. Şol ýerde-de alymlar çykyş edip kada-kanun teklip edýärler. Iň soňky alnan karar bilenem ýazuw düzgüni tassyklanýar. Häzirlikçe jedelli meseleleri her redaksiýa, redaktor özüne görä çözýär. Türkmen diliniň gramatikasy diýen ýaly okuw kitaplary alypgoýmak ýene dogry bolsa gerek.

Aman: Salowmaleykim ylyas aga.agam men ozum hakda gysgajyk aytsam-ozum talyp, edebiyat bn gyzyklanyan azda kan-de, yone esasan romanlary, kyssalary we durmusdan alynan wakalary halayan.uc nokadyn biri romanynyz hakda onem kop owguli sozler esitdim, bir dosduma hayys etdim mana sol romany beray diyip, in gysga wagta okaryn.eger mumkinciligi bolsa sizin basga kitaplarynyzam bolsa okamak isleyan.gynansagam su wagtky nesilin sozluginden okamak sozi gaty uzaklasypdyr, ceper edebiyat okayan gaty az yaly, yone men elimden geldiginden talyp den-duslaryma gowy maslahat beryan, sizin bu saytynyzam in gysga wagtda dostlarym bn paylasaryn.gymmatly wagtynyzy alanym ucin bagyslan, bir islegim mumkinciligi bolsa siz bn tanysyp yuz-yuze oturyp biraz sohbetdes bolmak.sag bolun!22 Fewral, 2012

Waleýkimsalam, inim. Men Dünýä edebiýady žurnalynda işleýän. Iş ýerime arkaýyn gelip bilersiň. Ýöne ýanyňa dokument alawergin aşakda esgerler durýar. Edaramyz Metbugat öýünde (Dom peçat). Halkara gatnaşyklar instiutynyň ýanynda. Atabaýew -Mir köçeleriniň çatrygy. Telefonym 22-33-01. Kabinet nomerim 330, 3-etaž. Gel çaý başynda tanyşyp bileris. Üç nokadyň biri romanynyň nirede satylýandygyny Balkanly dosta beren jogabymda ýazypdym.

Balkanly: salawmalik Ylyas aga. sizin kitaplarynyzy nireden alyp okap bolya? kitaphanalarda, magazinlarda barmy? ya.da internet.de nireden yuklap okap bolya?!21 Fewral, 2012

Aşgabatda ors bazarynyň ýerzemininde (podwalynda)3-nokadyň biri romanym satylýar. Galan ýazanlarymy şu saýtda ýerleşdirýärin. Okap pikirleriňizi ýazsaňyz begenerin. Kitaplaryma gyzyklanma bildireniňiz üçin sag boluň.