AÝLAWYŇ JADYSY | Eserler | Ylýas Amangeldi

AÝLAWYŇ JADYSY

Esseler | 0 teswir | 359 okalan

 Bir säwlik bilen atlaram, aýlawam kän bir göwnünden turmaýan ýoldaşym bilen aýlawa geldik. Ony aýlawa gyzykdyrmagy asla aňyma-da getiremokdym. Atlary synlamaga, keýp edip çapyşyk görmäge päsgel bermese razydym. Ol näme üçin meniň bilen aýlawa gaýtdy şoňa-da düşünmedim. Elimize çapyşyklaryň tertibini alyp ýerimize geçenimizden:

-         Ýene bedew, ýene at. Bäh, adamlar ýadanoklaram-aý – diýdi.

Sesimi çykarmadym. Oňa jogap gaýtarmak ody öz üstüňe çekmek ýaly bir zatdy. Ol bir salym dymdy-da, birinji çapyşyga goşuljak atlar görnüp ugrandan ýene başlady:

-         Ynanaý, şu atlaryň reňki başga diýäýmesem bary  birmeňzeş-dä. Biri ozup, biri galjaga-da meňzänok. Gurjak ýaly-da, deň tow berip deňem goýberseň, towlary gutarýança bile giderler, bile-de durarlar.

Aýlawda bir-biregiň gürrüňine goşlmak geň hasap edilmeýär. Her kim ýaýdanman pikirini aýdyp, köne tanşyň ýaly gürrüňe goşulşyberýär. Çapyşygyň, atlaryň täsiri “Biri bilen gürleş, içiňdäkini paýlaş” diýip günüňe goýmaýan boldugy-da. Aýlawdakylar şeýdip pikirini aýdyşyp, jedelleşip, gyzygşyp bir-birleri bilen bir göwrä öwrülýär. Şowhun, şagalaň emele gelýär. Ýoldaşymyň aňyrýandaky oturan ýigidem bize goşuldy:  

-         Häzir görersiň, şol gara atyň ediberşini. Gurjakmy, dälmi bilersiň.

Ýoldaşym tanamaýan birisiniň özüne gönüläp jogap berenine ýüzi üýtgäp gitdi. Oňa meni tanaýandyr öýtdi. Menem syr bermän atlary synlap otyryn. Birden menem ýaňky ýigide:

-         Gara at diýýäň weli ýasmanlylaryň melesem-ä gurat görünýär – diýdim.

Ýigit ýoldaşymdan üstaşyr ýylgyryp seredip maňa jogap berdi:

-         Şol ikisinden biri gelmeli-dä sag-aman ýola düşseler. At tanaýan ekeniňiz agam.   

Menem ýylgyrdym. Ýoldaşym biparhsyrap ýüzüni eýläk-beýläk sowan boldy. Biziň bolşumyzyň üstünden gülýän ýaly syrtaryldam. Menem oňa ähmiýet bermedim. Elbetde, göwnüňe ýaramaýan zada bolan garýyşyňy içiňde saklamagam, gowy gören zadyňa gyzyklanmagy gizläp bolmaýyşy ýaly kyndyr-da. Birinji çapyşyk başlandy. Atlar hakykatdanam deň güýçli bolansoňlar bir toplum bolup barýardylar. Dura-bara atlaryň arasy açylyp ugrady. Soňky öwrümden pellehana tarap gaýdylanda hälki gara bilen mele at beýlekilerden saýlanyp öňe düşdüler. Olar burun deňläp, ok ýaly gelýärdiler. Ikisiniňem yza galasy gelenok. Çapyksuwarlaram elderinde baryny edip olary gyssaýarlar. Tomaşaçy märekäňem şowhuny barha güýjeýärdi. Ýanymyzdaky ýigit ýetişibildiginden “gara, gara” diýip gygyrýardy. Menem mele atyň adyny tutup gygyrman durup bilmedim. Toýnaklar deň urulýar, gamçylar deň işleýär. Haýsy alar? Çapyşyk hemmäni doly erkine alypdy. Atlaryň bolup gelşi oglanyrak bolsaň duran ýeriňde bökdürjek. Pellehana-da golaý. Birden atlara parhsyzsyraýan ýoldaşymyňam “mele” diýip gygyrany gulagyma degdi. Atlar pellehana alkymlap gelende ol “Mele ozdy, mele” diýip gygyrdy. Hakykatdanam pellehanadan mele at garadan bir boýun öň geçdi. Ýoldaşym arkama kakýar. Ýanyndaky nätanyş ýigide seredýär. Ýigidem ýylgyryp “Gözüňiz aýdyň” diýdi. Menem hamala öz atymyz ozan ýaly oňa sag bol diýdim.

Ikinji çapyşykda atlar hasam deň güýçlüdiler. Birini goýup beýlekisini saýlar ýaly däldi. Bize goşulşan ýigit bilen çapjak atlaryň haýsysynyň öň geljegi hakynda çaklamalarymyzy aýdyşýardyk. Ýigit:

-         Birinji belgili bilen dördünji belgili geçen çapyşyklarynda gowy çapdylar. Ýedinji belgidäkem gaty ýyndam at. Siz näme diýýäňiz – diýip, ol maňa seretdi.

Menem dördünji belgidäki seýisi bilen çapyksuwarynyň hasabyna ozaýmasa, ýedinji belgili ondan has gowy at eken diýdim. Ol meniň bilen ylalaşdy. Soň bolsa dördünji belgili atyň seýisiniň atasy hakynda eşidenlerini gürrüň berdi.

-         Baba Annaseýidow diýip eşidipmidiňiz?

Men oňa “Hawa, hawa” diýip jogap berdim. Ol geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň meşhur seýisi. Häzir onuň nebereleri aýlawda tanymal seýisler.

-         Baba seýisiň elinden geçen meşhur atlaryň arasynda Ýelhan diýen bir demir gyr atam bolupdyr. Ol belli bir menzilde öňüne at geçirmändir. Emma aralyk onuň çapýan menzilinden uzasa, galar eken. Muny garşydaş seýislerem bilip, bir uly baýrakda eminlere haýyş edip menzili uzaltdyrypdyrlar. Babaň menziliň üýgedilmegine garşydygy hakyndaky aýdanlarynam hiç kim goldamandyr. Şonda ol başga bir seýisiň atynyň adyny tutup: “Şu at bilenem ozaryn” diýipdir. Onuň “ozaryn” diýýän aty baýrakly çapyşyklara goşulsa-da birinji üçlüge-de düşüp bilmän gelýän at eken. Baba aýdyşy ýaly şol atyň seýisi bilen gepleşip, ony özi çapyşyga taýýarlapdyr. Aty her gün münüşe çykarýan ekenler. Baba-da ony münüp özüçe seýisleýän eken. Soňam ýene aty eýesine gowşurýan eken. Şeýdip ol şol aty on bäş gün seýisläpdir. Uly  baýrakda-da ony özem çapyp ozupdyr. Soň aty ýene öňki seýisine beripdir. At ýene öňküsi ýaly ortaça çapypdyr. Onuň seýisi ýogsa Baba atymy nähili seýisleýärkä diýip ondan gözüni aýyrmandyr. Üýtgeşik eden zadynam görmändir. Emma Babaň her gezekgi müngüsiniň atyna gowy täsir edýänini görüpdir. Baba Annaseýit diýilýän şeýle ussat seýis eken.

Biziň üçimizem Baba Annaseýidiň neberesiniň seýislän atyna janköýerlik etdik. Dördünji belgidäki at gaty çekeleşikli geçen çapyşykda garşydaşlaryndan bir dogabagy aralyk öň geçdi. Soň üçünji çapyşyk, dördünji, bäşinji... on çapyşygyň onusam geçdi. Olaryň hersinde bir ata janköýerlik edip toý gününiň nädip tamamlanynam bilmändiris. Atlaryň reňkinden başga zady bilmeýän ýoldaşymam günüň nädip beýle çalt geçenine haýran galdy. Ol menden indiki aýlaw günem geljekmi diýip sorady. Menem nesip bolsa diýdim. Ol “Gideňde habarlaşaly. Elim degse menem geljek. Hezil ekenä aýlaw diýilýän” diýdi. Onuň “eliniň degjegi”, aýlawyň jadysyna düşendigi gözünden görnüp durdy.

 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.