EDEBIÝATA DÜŞÜNMEK   | Eserler | Ylýas Amangeldi

EDEBIÝATA DÜŞÜNMEK  

Hekaýalar | 0 teswir | 173 okalan

Şüdügär meýdanyň gyrasynda otyryn. Toprakdan başga hiç zatda gaýtalanmaýan, hoştap ys gelýär. Ondan bir gysymyny alyp çalaja ýokaryk okladym. Ol ýere siňen ýaly bolup gitdi. Gurbannazar şahyr ýadyma düşdi.

 

“Meni tohum kimin ýygnar bu toprak...”

 

“Ölüm näme? Tebigata garylmak...”

 

Keýpsiz yza çekildim. Usullyk bilen ýerimden turdum. Dyzlarymyň agyrysy ýene bildirýär. Yzyma bir ädim ätdim. Ýüzümi oba tarap öwürdim. Obam elimden çeken ýaly boldy.

Öýe gelip kitaplara, başynda köp oturýan kompýuterime seretdim. Olar meni özüne çagyrýardylar. Magtymgulynyň kitaby...

 

“Ajal ýakaňdadyr, mydam hemdemiň...”

 

“Topraga bulan köňlüm...”

 

“Gylça jana gyzyl teni gabyr bil...”

 

Özümi lampa aşak goýberdim. Agtygym gapydan girdi.

-         Ata, ýadap geldiňmi? Men-ä küşt oýnaýaly diýjek boldum.

-         Oglum, soň oýnarys.

-         Çaý getiräýeýin, ata?

-         Bar, şeýtsene oglum...

Ol derrew öňümde bir çäýnek çaý goýdy. Çaýymy guýnaýyn diýsem, oňa tarap elim uzanok. Muny aňan ýaly agtygym çaýymy guýup berdi. Bir ýerden eneleri geldi, bir ýerden gelinler. Geleniňem ýanymdan aýrylasy gelenok. Tüýs gerekli wagty iki owurt çaýam jana tenekar eken. Men töweregimdäkileriň bolşuna ýylgyrdym. Ýylgyranymy görüp olaram rahatlandylar. Depämde aýlanan ajal meni däl-de, olary has gaty gorkuzan ýaly.

 

“Säher bilen şäherime çykýaryn,

Ol Günden däl, ol ýüzlerden ýap-ýagty.

Köçelerem ýagty aýna mysaly,

Agşam ýagyş ýagdy, juda köp ýagdy...”

 

“Erbet bor bu baglar geçse deňiňden,

Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa.

Bagy iki ýana bulanda tupan,

Zerur çygy gül ýüzüňe degmese...”

 

Aňymda goşgy setirlerimi aýlap, özümi iki ýana oklap duran ýaly boldum. Edebiýada beýle baglanmak dogry däl ýaly. Emma ýürek dogrusyna, ýalňyşyna bakyp durmaýar. Baglandyňmy diýmek ol seniň üçin dogrudyr. Şüdügär meýdany göreňde dyzlaryň ysgyny gaçyp, soň öwrenşenje obaň eliňden çekip biler. Bagdan syçyran, ýüzüňe degen çygyň “mylaýym, ýakymly” däl-de, “zerurdygyna” düşünersiň. Ýogsa çyg nire, zerurlyk nire? Gurbannazar şahyr şol setirini ýazýarka çygyň zerurlygyny başyndan geçiren ýaly bolup dur. Edil özüni topragyň tohum kimin ýygnajagyny bilişi ýaly. Belki, munuň sebäbi şahyryň ýazýan setirlerine tutuş durky bilen berilmeginiň netijesidir. Okyjam şol setirleri şahyra ýüregi bilen ynanyp okaýar. Ony ýüregine gaty ýakyn kabul edýär.

Belki-de şeýle eserlerden ýüregiňi goramalydyr? Başarsaň olary okamazlyk, okaýsaňam ýüregiňe beýle ýakyn kabul etmezlik dogrudyr? Kitap uran diýmeýärlermi näme? Gelen bu netijämden utanyp gitdim. Hernä töweregimi gurşanlar rahatlanyp, ýanymdan gidipdiler. Oskar Ualdyň eserindäki Darian Greýiň öz portret suratyny pyçaklaýşyny ilkinji gezek okamdaky tisginip gidişim ýadyma düşdi.

Kitaplar özlerine beriljek baha garaşýan ýaly tekjede nobata durlar. Olar bolmadyk bolsa, tisginmezdimem, şüdügär meýdanam bolanja ysgynymy almazdy. Oňa derek men kim bolardym? Edebiýadyň täsirine düşmedik, diňe öz şatlygyny bilýän, hiç zatdan many gözlemänsoň, dirikä zerur çyg ýüzüne degmedik bigäne bolmazmydym?  

“Hakyky teatr köpçüligi halk derejesine göterýär”. (Tomas Mann). Hakykatdanam hakyky teatr sahnasyna tomaşa edip çykan köpçülik özünde uly üýtgeşmäni duýýar. Hakyky edebiýady okanam şeýle. Gowşak eser döredip onam köpçülige hödürleýän, diňe özüniň abraýyny gaçyrman edebiýadyňam mukaddeslige zeper ýetirýär. Başymy sypan gowşajyk eserden, ýüregime sanjylyp, tisginmäge mejbur eden eser has gymmatly dälmi näme?!

Şeýdip, başyna geçsem ýazaryn diýip ýören zadym bu günem ýazylman galdy...  

 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.