BEGENDIRMEGIŇ BEGENJI | Eserler | Ylýas Amangeldi

BEGENDIRMEGIŇ BEGENJI

Esseler | 1 teswir | 233 okalan

 

Bu üýtgeşik begenji men çagakam başymdan geçiripdim. Ejem pahyr ýüňden jorap, ýene şoňa meňzeş zatlary örmegi gowy görerdi. Ýüňi özi saýardy, özi darardy. Pişge ýasardy. Soň olary egirip, boýardy. Boýan ýüplerinden ýumak sarardy. Menem egrilgi ýüpi elimden geçirip ýumak saramaga ejeme kömekleşipdim. Bir ýumagy sarap boldy-da ejem:

-         Körpejäm, hany gel seni bir gujak-gujak edeýin – diýipdi.

Ejem bizi näçe gowy görse-de, gujaklap-ogşap ýörmezdi. Ol duýgularyny içinde saklagandy. Şo gezek welin özi çagyrdy. Men muňa şeýlebir begendim. Ejemi begendirenime begendim. Uçaýjak bolýardym. Soň-soňlaram ejem boýan ýüplerini saramaga oturdygy ýanyna ylgardym...

Biz mydama begenjiň, şatlykly günleriň arzuwynda ýaşaýarys. Okuwdan gelen agtygym gapymy açyp salam berse, ýüzüm ýagtylyp gidýär. “Çaý içjekmi, ata?” diýselerem monça bolýaryn. Begenmek şeýle aňsat, ýöne begendireniňe begenmek barha kyn düşýär. Ýaşy segsenden geçen agam bilen goňşy oturýas. Begenmezmikä diýip ýörite oň ýanyna gaýtdym. Olam uklap ýatan eken. Oýa bolsa gelenime begenerdi. Menem belki şol köneje begenjimi täzeden ýaşardym. Arman, duýgularym kütelşendir. Ýaşyň ýetmişden geçip, dert başyňdan agyp ugransoň begenmek nireden ýadyňa düşýär diýseň diýibermeli.

Sazandalar dutarlaryny ellerine alyp ynjalýan ekenler. Bir ýaş sazandany kino düşürip ýörkäler muňa hasam anyk göz ýetirdim. Ol kinoda dutar çalmaly däl wagtam tolgunsa dutaryna ýapyşýar. Rejisýior janyny pidalap: “Şu wagt dutaryňy goýaý-da, jigim. Men saňa bir zatlar düşündirjek bolýan, senem dutaryňy alýaň”. Ol dutaryny aýdylýan zatlar duýgusyny oýarany üçin alýardy.

Menem şeýle, begenmegiň, begendirmegiň duýgulary günüme goýmansoň ak kagyza ýapyşdym. Bu ýazgylary okyjy üçin däl-de, özüm üçin ýazýan ýaly bolup duryn. Göwnümi galkyndyrasym gelýär. Belki ýazyp oturan zatlarymy okan okyjy begener diýýän. Emma ýazgylarymyňam ümzügi garrylyga, gussa tarap ýaly. Begendirenime begenmeli pursatlarymyň deňimden gör näçesi geçip gitdi. 

Kakam bir gezek: “Işden geleňde bazara sowulyp hozjagaz, pissejik al. Jübiň boş bolmasyn. Getirip kakaň öňünde goý. Öňi-soňy dişim olary basmaz. Öz çagalaryňa iýdirerin” diýip gülüpdi. Ol “Men diňe begenerin” diýmändi. Indi düşünip otyryn, onuň diňe özüniň däl, meniňem begendirenime begenşimi göresi gelýän eken. Emma men muňa endik edip bilmändim. Jübümiň zatly geleninden boş gelen günleri köp bolupdy. Başagaýsyrapdym, işime ýetişip bilmeýnlerdendim. Görüp otursam, meniň ilki ýetişmeli işim şol eken.

Näme üçin şeýle bolýarka – adam tä ýitirýänçä özüniň iň gymmat zadynyň gadyryny geregiçe bilmeýärkä? Näme üçin ol özi begeneninden başga birini begendirse hasam gaty begenjekdigine düşnmeýärkä?

Birdenem gapy açyldy. Eli täze ýyl sowgatly agtygym içeri girdi.

-         Ata, eneme çaýam diýeýinmi?

Jogabyny berip ýetişmänkäm ol elindäki süýji-kökeli sowgatjygyny öňümde goýdy-da daşaryk ylgady. Birazdan çaýam geldi. Agtygym maňa torbajykdaky süýjülerden, kökelerden saýlaşýar. Edil biri öwredip goýberen ýaly. Men aşaklyk bilen gyzyklanmaga başladym. Ýok, hiç kimem öwretmändir. Mekdepde sowgatlyklary paýlapdyrlar, olam göni atasynyň ýanyna gaýdypdyr. Begendim. Begendirlenime begendim. Özüm ýekesiräp ýok zadyň pikirini edip otyrypdyryn. Begenmese, begendirmese, begendirilmese ýaşap biljekmi diýsene, ynsan ogly!

27.12.2022.

Teswirler (1 sany)

kerwen:
22 Aprel, 2024

agam dogry aydyan adamy begendirmesen ôzûñ begenmersin hak soz

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.