| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 09, 2012 | 0 teswir | 969 okalan

Bu gün eýýäm üçülenji gün, günlerim gözümden sypdy. Özüm gözümden sypdym.

 

„Sogap iş elimden gelmez,

Günäden bir daş bolsam”

 

Günäden daş bolmak sogap iş edendenem agyr gelýär. Sogabyň sogapdygyny bileniňden bolmagam ahmal, höwes bilen edýäň. Gününiň welin günädigini görübem durkaň saklanmak kyn. Alla şeýtandan ägä boluň diýip kän gezek aýdypdyr. Bar aladam şol. Terjime işleim žurnalda ýöräp dur. D. Defoň Robinzon Kruzosyny okaýan. Terjime eden gowy işläpdir. Kä ýerlerinde sözlemlerine syntgy berýän. Rauf Parfiden eden terjimäm bardy. Şonuň özbekçesini gözläp internetden iki kitabyny tapdym. Gaty gowy şahyr. Özbekçäni öwrenesim gelip gitdi. Kyn dilem däl. Öwretjek tapsam höwes bilen öwrenjek. Raufdan terjime etjek. Inşalla.

Gazakçanam şeýdip öwrenesim gelýär. Türki dilleri bolmanda türkçe bilişimizçe bilmek kyn düşer öýdemok. Özüme buýrup atlary terjime edişimi güýçlendirmeli. Onam bir hepdä golaý wagt bäri elime alyp bilemok. Hydyram terjime berdi. Hydyryň Garagum žurnalynda „Heserli” powesti berlip başlapdyr. Osmanyň nähak gybatyny edipdiris. Her zadyň öz wagty bar. Howlukman gidibermeli. Kino işleri, serial, galyp barýan ýaly. Ýöne onuňam wagty gelende ediler. Niýetimizde etmek bolsa. Hany nädip etjek? Çaga nädip dünýä inýar? Nädip, haçan diýseler gyssanmaçlyk, howsala döreýär. O bolsa, işi hasam kynlaşdyrýar.

Dogrusy, gündeligi ýazmaga keýpim ýokdy. Özüme buýrup ýazdym. Ertir irden saýta goýaryn...              


Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.