Uzaga ceken oglanlygy okap bir Mysapyr pikirini ýazypdyr. Uly aga bolmak nämeden geçýär diýip soraýar. Meniň özüm kakamyň iň körpesi. Iň uly agamyzam pahyr boldy. Ol biziň barymyzy gowy görerdi Biz erkek oglanlardan bäş dogan. Iki sanam aýal doganymyz bardy. Olaram aradan çykdy. Uly agam hemmämizi gowy görerdi, ýöne arasynda meni has gowy görerdi (Göwnüme bolmagam mümkin). Sebäbi beýleki doganlarymam arkaýyn "Ýok, meni has gowy görýärdi" diýip biler. Uly agaň birinji wezipesem şumyka diýýän. Gaty görende-de menden has gaty öýkelärdi. Bulam gaýta meni has gowy görýänligi üçin diýip düşünýärin. Menem agamyň ýanyna ylgar durardym. Uzakly günümizi aýrylyşman geçiren günümizem kändir. Görüşmän gezen günümiz, eger öýde bolsak, ýokdur. Gaharyny özüm ýazardym. Öz öýkäm içimde galardy. Bu bolsa körpäň borjy. Gynandyran gezeklerimi ýatlasam ýürekagyrym gozgaýar. Onsuz galan öýe barsamam şeýle. Ýüzümi ümdüzüne tutup, edil ýogalan günündäki ýaly aglasym geliberýär. Gaharyny getirenlerim üçin, begendiren, yzymda-ugrumda ylganlary üçin... Ýöne aglamakdan netije ýok. Uly gelnejem, agamyň aýaly, meniň ikinji ejem. Biz ekiz bolamyzsoň bir ene bizi kanagatlandyryp bilmändir. Gelnejemiňem şol wagtlar bir aýlyjak gyzy gujagynda eken. Gelnejem menem emdiripdir. Gyzynyň paýynam bizem beren bolmaly. Gyzy Annabibi ejemiziň beýleki çagalaryndan boýunyň pesiräkligem şondan bolsa gerek. Uly agaň gelnem şeýle bolmaly - adamsynyň jigilerini öz çagasyndan pes görmeli däl. Ýadyma düşýär. 1969-njy ýyldy. Men onunjy klasy gutarypdym. Kolhozyň sygyr howlusynda mallara gelen şulhany (pagta çigdiniň gabygy) düşürişýärdik. Nireden onuň içine düşüpdir bilmedim, şulhaň arasyndan bir gyzyl gran çykdy. Nikolaýdan galan, arassa altyn 10-lyk pul. Men ony getirip gelnejeme berdim. Gelnejem "Özüňde dursun ýa ýygnap goýaly, öýleneňde gelniňe berersiň" diýdi. Menem: "Oňa çenli ýene birini taparyn" diýdim. Gelnejem soň ol gyzyla diş salyndy. Menem hakykatdanam öýlenemde "Sowet edebiýaty" žurnalynda sonetler çemenim çap edildi. Şonuň gonararyny berdiler. Gonoraryma gelnim üçin (şol wagt ýaňy öýlenipdim) gyzyl ýüzük aldyk. Şonda gelnejemem ýanymdady.
Uzaga çeken oglanlykda men agalarymyň hemmesini göz öňünde tutupdym. Uly dogan jigilerini goýup ilki dünýeden ötmeli bolýar. Bu-da aga bolmagyň iň agyr derdi bolsa gerek. Ýöne jigileriňden soňa galmagyňam ajysy ondan pes däldir. Kakaň ýogalandan soň uly agaň kaka ornuna geçýär. Hem öz çagalaryňa kaka-ata bolmaly hem jigileriňe, hem jigileriň çagalaryna. Agam keselbentdi. Keselhanalarda köp ýatardy. Onuň yzyndan barmadyk ýeke günümiň bolmadyk wagtlaram bardy. Keselhanadaky medsestralar ogluňmy diýip sorar ekenler. Onuň näme jogap bereni ýadyma düşenok. Ýöne menden soran bolsalar, hawa kakam diýerdim. Ol kakamyňam iň gowy görýän ogludy. Uruş ýyllarynda on ýaşlyja. Öýüň erkek kişisi bolmaga çalşan. Şol ýaşyndan başlap, öýüň erkek kişisi bolubam ýaşady...
Indi öz ogullaryma seredýän. Olaram öz agalaryny biz ýaly gowy görýärmikäler diýýän. Daşyndan görmäge-hä edil beýle ölüp-öçübem baranoklar. Emma agalarynyň diýenini meňkiden gowy edýärler. Bu-da uly aga bolup bilmegiň bir şerti.
Indi dogan-dogana ýagy diýýänlerem bar. Eger şeýle bolsa bu ýerde uly aganyň sözüni diňletdirp bilmeýändigi, kiçileriňem ony diňlemeýändigi esasy sebäp ýaly. Ýöne munuň sebäbem, günäkärem ýok ýaly. Bu ýerde günäkäri kesgitlemek gaty kyn. Bu ýagdaý uly bir bela. Daş etsin diýip dileg edýän Alladan.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.