| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 17, 2012 | 0 teswir | 857 okalan


Düýn biderejik sebäp bilen gündeligi ýazyp bilmedim. Diýmek ýazylmaly däldir. Bu günem şeýle bolup bilerdi. Durmuşyň şeýle bir köp ýodalary bar, ol seni barjak ýeriňe eltmän uzkly gün, hatda ömürboýam aýlap bilýär. Iň ýamanam ýoluňy bilmezlik. Ugruňy anyk bilýäň, gitmeli ýoluňam bilýäň, emma barýan köçäň, eden öwrümiň, sowulan tarapyň, ýa-da göni gidip baryşyň dogrumy? Jogap berjek ýok. Böwrüňi diňleýäň, ýene gidiberýäň. Her täret alamda aýaklarymy ýuwup durkam, şu aýaklarymy öz ýoluňdan başga ýoldan ýöretme, dogry ýoluňdan ýöret diýip Alla ýalbarýan. Arman, olaryň biri sag bolsa-da biri çep. Biri-birine, ikisi birigip bir kellä gulak assalaram ýalňyşmakdan gorkýaň. Giň deňizde ýeke gämide barýan ýaly... Hudaýa şükür, ugry-ýoly saýgarmak ukybyny Alla bize nesip etdiripdir.

Öten agşam ýegenlerimiň birinde oturyp gaýtdyk. Aýal doganym Annajemal ejem pahyr bilen iň soňky bile otran diwanymyza gözüm düşüp ýüregim jigläp gitdi. Aýal doganym ýok, diwan şol öňki ýerinde dur... Diwanda oturyp geçmäge bahana tapmadym. Men ol diwany şol bile oturanymzdan soň bir ýa iki gezek görendirin. Ýöne hiç gezek öten agşamky ýaly ýüregim ezilmändi. Ogly - ýegenim ony günde görýändir. Belki, bireýýäm oňa - onda ejesiniň ýokdugyna öwrenşibem gidendir. Şonda-da bilmän durka şol bile oturan günümiz ýadyna düşüp bogazy dolýandyr. Ömür şeýle zat... Ölüm şeýle zat... Kakam öňümden çykaýjak ýaly bolan gezekleri mende kän bolýar. Garaşman durkam. Ýöne näçe garaşsamam ol öňümden çykmaz.

Gyş geçip barýar. Ýaşlar, tötänden tanyş bolan ýaşlarymdan eden tamam çykmasa saçymyň agy artýar. Muny bilip durkamam ýaşlara bil baglaýan. "Bar aş-şygyňy oýnap, süzmäňi ýalap gelsene" diýip ugradaýmaly ýaly welin, men olara hil bir zat ýaly garaýan. Adam ýaşlygyndaky ýaly biderek bolýanam däl bolsa gerek. Owadanja, süýjüje emma ajy däne erikler...

Bu günki günüň ýazgylary mundan urdum gylyjy, arapda şaňlar ujy boldy. Ýöne göwnüme gelen pikirler bular.

Adam bilmeýän zadyny bilýänsirese, görmedik şäherine beletsirän bolup azaşandanam beter gülkünç ýagdaýa düşýär.

Adamyň nefsine nähili buýrup bilýändigi işdäsi açylyp, iýesi gelip duran zadyny iýmän saklanyp bilşinden görünýär. Diline buýrup bilmeýäniň köpçülikde özüni tanadyşyndanam beter bolýar, işdäsine buýrup bilmeýän adam.

Öz kemiňi bilmekden aňsady ýok, ýöne ony bilýän diýip gözüň görmejek ýerine sokmagam gaty aňsat. Emma ony mydam gözüň düşüp durar ýaly ýerde goýmak welin, gaty kyn... Adam böküp bilmejek ýerini bir görende kesgitleýär. Akylynyň kesmejek zadynam bilýär. Edil şonuň ýaly öz kemçiliklerine-de belet. Özüni bilen weli diýýärler. Emma özüni bilmeýän ýok bolsa gerek. Welilik, bärde, şol bilenleriňe görä ýaşamakda bolsa gerek...         

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.