Bu gün ýene-de iki sany gowy teswir aldym. Kimdir birinden. Sag bol. Elbetde, inçeden yzarlasak, döwlediň haky diýlen zadam ýok. Ýöne, garagyň içine seredip ölseň-öläý edýänleri görüpdim. Men şonda has haýygypdym. Emma Gurbannazar ýogalmadyk bolsa, sen goşgam ýazmazdyň diýmegiňiz biraz çetime degdi. Meni goşga höweslendiren, ýazmagymy ündän, setir ýazmagy öwreden Gurbannazardy. Özem diri Gurbannazar. Eger ýazmagymy islemedik bolsa ol maňa muny aýdyp bilerdi. Dogry, men belki Gurbannazaryň okyjysy bolmaga-da mynasyp däldirin. Dirikä-de ölenden soňam. Emma bu meniň goşgy ýazmaly däldigimi aňlatmaýar. Men Gurbannazaryň ýerini dolmak maksady bilenem ýazmaýaryn. Dogrymy aýtsam, näme üçin ýazýanymam bilemok. Ýazýarkam men diňe özümi görýän, özümi aklymdan geçirýän. Muny okasa Gurbannazar näme diýerdikä diýmegem ýadyma düşenok. Edebiýat bir adam bilen tamamlanmaýar. Kimdir biri başga birini göz öňüne getirip näme ýazjagyny bilmän otursa nähili bolar? Gurbannazaryň bolandygy gör näçe şahyrlaryň çykmagyna sebäp boldy. Onuň barlygy onsoň şol şahyrlary ýok edermi? Dogry, göwnümize ýazyp bilmeýänler ussadyň ýazyşyny görüp ýazmasyny goýaýjak ýalydyr. Emma görüp otysyň, menem, menjagazam ýazaryn diýip dyzap otyryn.
Umuman, jedelli mesele. Mesele jedelli bolan ýagdaýynda, ony gozgamak ýerlikli bolarmydy diýen sowal öňe çykýar. Bagyşla, welin, men seniň gozgan gürrüňiňi ýerlikli hasap edip bilmedim. Gurbannazaryň gözlerini görmegem eýýäm seniň aňryňda şygra bolan sähelçe höwes bolsa oýarýardy. Meň ýaly oba oglany ýogsa, goşgy ýazjakmy? Häzirem onuň öýdäki portretine gözüm düşse, endamym dyglap gidýär. Kiçijik suratyna gözüm düşse! Özi ýanymda bolsa... Nury Halmämmedi göreňde simfoniýany görüşiň ýaly, Gurbannazary göreňde-de sonetler çemeni, aglap barýan durnalar, ýapraklaryň ýüzündäki göz ýaş görünýär... Onsoň sen nädip ýazmarsyň? Arman...
Indi bolsa, döwlediň traktoryny öz şahsy bähbidine ulanyp güzerayny aýlamaga çalyşýan traktorçy hakynda azajyk gürrüň bereýin. Men olaryň ýeke otagly kümesinde myhmanam boldum. Ol elitkada ýaşap döwlediň maşynyny aýalynyň ýumuşyna iberenokdy. Ýumruk ýaljak çagajyklary bardy. Garynlaryny doýurmak üçin, ýurtlaryny taşlap Aşgabada gelenlerdendi. Eger oňa bu traktor döwletiňki, döwlet işini edip bolanyňdan soň traktory garažda goý, ony döwlet işinden başga zada ulansaň iýeniň haram bolar diýsem, olar gijelerini aglap geçirerdiler. Gündizlerine-de... Oňa başgaça kömek etmäge-de mümkinçiligim ýokdy. Bu zatlary gözüň bilen görmezden, egniň bilen çekmezden bu ýalňyş, bu dogry diýmek bolmaýar. Olaryňka ýalňyş diýmezden öň pikirlenmek has dogry. Sebäbi islendik ýalňyş herekediň olary aç goýjak. Haram iýenlerinden aç bolsunlar diýmegiňem mümkin. Ýöne olaryň kakasy döwlediň traktory bilenem bolsa, zähmedini gaýgyrmaýardy. Aýlawdaky goňşy-golamlary araga-neşä özüni aldyryp ýörkä ol iýjek çöreginiň ugrunda ylgaýardy. Dogrusy, bu zatlardan baş alyp çykmagyň kynlygy wezipe diýilýän zatdan gaça duruzýar. Dogry hereket etmäge, ýüregiňdäkini etmäge mümkinçiligi saňa wezipe bermeýän eken. Wezipeli bolmak, wezipäňe ynanmak, onda güýç bardyr öýdüp oňa ýetjek bolmak, ýumurtgaň palakdygyndan habarsyz ony çakynmak üçin sajyňda ýag ereden ýaly bir zat. Ýumurtgany çakmaňkaň palakdygyny bilseň ýene ýagşy...
Bu günki gündeligi hernä gyzmalyk edip ýazan däldirin-dä... Kimdir biri, eger görüşsek, özüňi tanatsaň, gaty köp zatlaň başyny agyrdyp bilerdik. Elbetde, öz başymyzam agyrar...
Teswirler (2 sany)
Kimdir biri dost, sen gara çynyň bilen döwlediň arakasyny alýaň welin, döwlet seni hor edenok öýdýän. Traktorçy traktory bilen döwlediň işini kemini goýman edýär. Döwlediň işini bitirenden soň, ýagny alýan aýlyjayny iki essesi bilen halallandan soň başga işleri etmäge mejbur bolýar. Sebäbi ýaňky hallalan iki essesiniň bir essesiniň haky berlenok. Eger döwlet her bir raýatyny gözüniň üstünde saklaýan bolsady, onda hiç kimem işiniň daşyndan bäş manat düşürjek bolup ölüp-öçüp ýörmezdi. Şony etjek tapylaýsa-da olara çäre görse bolýar. Näme üçin haramyň öňüni almak kyn? Sebäbi zähmede görä hak berlenok. Meniň döwrümde şeýledi. Türkmenistan hazynaň üstünde otyr. Puluny harama harçlamaýan, gara zähmetden gaçmaýan, jahyl adam öýe getirýän aýlygynyň azlygy sebäpli çagalaryndan utanmaly bolýan bolsa, muňa döwletden başga kim günäkär? Ol döwürlerde häzirki ýaly hususy hojalyklaram kän däldi. Men bu meselede gaty kän mysallary getirip bilerdim. Ýöne, hat ýazyşyň, pikir öýredişiň bu ýagdaýlara akyly ýetmeýäne, ýa-da olary görmeýäne meňzänok. "Siz hem, men hem, ýene özüne şahyr diýýänleriň ençemesi..." diýipsiň. Men özüme şahyrdyryn diýenim ýadyma düşenok. Ýöne sen özüňe, menem içine garyp, şahyrdyryn diýýäň. Şahyr bolsaň goşgularyň bilen tanyşdyrmazmyň? Gurbannazar gaýdyp gelip, çörekden kesilerin öýdüp gorkýan bolsaň, onda seniňki kyn. Çünki, il şahyrsyz bolmaýar.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
"Düýn gündeligi ýazmaga oturdymam-da, birden ýazasym gelmedi. Okyjysyz ýazyjy ýok diýilýänini başymdan geçirdim. Her gün 4-5 adam gündelikleri okaýar, sahypa girýär bolany."
İndi gündelikler gyzygsa gerek, name üçindir okyjylar dine "polojitel" manyda yazyarlar. Kimdirbiri "otrisatel" yazsyn diyemok. Garşylyk bolmasa, ösüş bolmaz!
Döwletin haky diylende, ol hakda ahli halayygyn haky gizlenen, aslynda ol haky emele getiryanin özi halayyk. Ol haka göz gyzdyrmak, ahli halayygyn hakyna göz gyzdyrmakdyr. Traktorcynyn gün-güzeranynda çekyan kynçylygy onun döwletin traktoryny öz bahbidine ulanmaklygyny dogry hasaplamaga esas bolup bilmeyar. Ynsan diylenin bir depe altyny bolsa, ikinjini islar. Belki traktorçy gijesine de bir yerlerde işlemeli, yöne halalyndan eklemelidi çagalaryny, belki edyandirem bilemok, elbetde, men onun özi ucin köşk belki menin ücin külbe ya-da kümesine baryp görmedim. Onun bugunki çagalary bizin ertirimiz...
Traktorçy mysal boldy, aslynda men yazyjynyn gozgan hak-hukuk meselesini azajyk çunlaşdyrmak islapdim.
Şahyr barada aytsam, azda kande tanayarys. Yazanlarym bilen sizi gynandyrmak islemedim, gaytam şahyry taryplasym geldi. Bu sayta tötanden duşdym. Sizi nesip bolsa indi tanajak bolarys. Siz hem, men hem yene özüne şahyr diyyanlerin encemesi, eger şahyr gaydyp gelayse, işimizi taşlap herimiz ayry perdeden ony dinlardik. Gazaplandyran bolsam günamizi ötün!