| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Fewral 26, 2012 | 2 teswir | 963 okalan


Edil ýaňy Gurbannazarlardan geldik. Ejesi 90 ýaşapdyr. Halnabat gelneje-de çaý, nahar äberdi. Hydyr men, Akmyrat aga üç bolup gitdik. Ejesi Gülnabat daýza garrap, müçesi kiçelipdir. Ýöne ýüz-gözi öňküsi ýaly duryja. Şähdi açyk. Alla köp görmesin. Hydyr ikimize azaşyp düşdüňizmi diýip garşylady. Hakykatdanam gowy manyda azaşdyk. Akmyrat agaň arkasyndan haçandan bäri şeýdip otursymyz gelip ýören myhmançylygymyzda bolduk. Nesibeli gün bar eken. Edil öz öýmüzde ýaly rahat oturdyk. Gürrüňlerimizem alyşyp gitdi. Ejesi Gurbannazaryň çagaka-da ony iýjek-muny äber diýip azar bermänini ýatlady. Hatda çaýam süýjüsiz içerdi diýip Hydyram üstüni ýetirdi. Ejesi: Hawa ulalandan soňam şeýledi-dä diýdi. Ol adamda nebis ýok diýen ýalydy. Asla ýokdy diýsemem ýalan sözledigim bolmaz. Eli açykdy. Gonarar üçin aýdym ýazjak, goşgy ýazjak, ýa makala ýazjak bolup ýörmezdi. Ol maňa ölmezinden öň kitaphanasyndan birküç sany kitap beripdi. Oka diýipdi. Orsça kitaplar. Marşagyň bir tomlugy, Martynowyň, Wanşenkiniň goşgular kitaplarydy. Men ony Gurbannazardan ýadygärlik diýip saklap ýörin. Yzyna eltmedim. Ony aýtdym. Gurbannzaryň öz kitaplaryndan her çykanda 8-den 10-dan alsagam birem özümizde ýok, gelene berip ýören bolaýmasak. Kime berenimizem ýadymyza düşenok. Kitaplarynam saklamak kyn diýip gürrüň berdi. Mende-de şeýle. Gurbannazaryň ýygyndylaryndan ýekeje tomlugy bar. Ýogsa menem alardym. Hydyrda-da şeýle eken. Eslije oturdyk. Emma, wagtyň nähili geçeninem bilmändiris. Halnabat gelnejemiň gözleri şol öňküsi ýaly aglajak bolup dur. Gurbannazaryň ýogalan güni, ýa doglan güni gelse onuň derdi hasam agralýan bolmaly. Biz 1-nji mart Gurbannazaryň doglan günüdir diýip begenişýäs, ýatlaşar oturarys diýýäs. Derdini welin Halnabat gelnejemiz çekýän eken. Ol hakykatdanam  "hesretiň gara deňzinde". ..  Alla kuwwat bersin. Ölüm diňe şu jähtden erbet bolsa gerek. Yzyňda galan iň ýakynyňa berýän azary bilen...

 

   

Teswirler (2 sany)

kab:
01 Mart, 2012

"Derdiňi enä goýmasaň..."


Öňünden aňaýdymyka? Şeýledir.

Ylýas:
01 Mart, 2012

Kab dost, Gülnabat daýza Gurbannazar ýogalaýan döwürlerde-de "Oglum ölenok. Bar. Irden täret almaga çyksam elim kündügimi tutduryp ýör" diýerdi. Ol mydam ogly bilen. Biz bilen gürleşip otyr, armyzda-da Gurbannazar bar ýaly görünýär onuň üçin. Şehitlik gudraty bar bolaýmasa bärde. Kakasy Eziz aga welin, Gurbannazardan soň 6 aý ýaşady. Ah, diýip arkan gaýdyberer eken. Belki, bende naazly-täretli adam bolanda olam ýaşar ýörerdi...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.