| Gündelik | Ylýas Amangeldi

Mart 06, 2012 | 0 teswir | 934 okalan

 

Käbir ýönekeý nakyllaryň çuň manylary hakynda ýazasym geldi. Men bu nakyla meňzeş jümläni ors dilinde eşidipdim hem ony köp wagt gaýtalap gezipdim. Belki-de aňymda orun edinen düşünjäme öwrülendir. Häzirem ilki şol ýadyma düşdi. Türkmençesi: "Kiçijik ýalançylyk uly ynamsyzlygy döredýär" Hawa, kiçijik zatda ýalan sözlemegiň saňa uly zatlarda ynanylmazlyga  sebäp bolýar. Diýmek, sähelçe zatda-da ýalan sözlemejek bolmaly.

Ikinji akylyma gelýän söz  "Mesligi goýun göterer onuňam garasy". Mesligi, bol-ein, eşretli durmuşda, her gün bir eşik geýip, aýda bir maşyn täzeläp, kaşaň jaýda ýaşamak her kimiňem arzuwy bolup biler. Emma muny goýun göterýär. Oňam garasy. Näme üçin garasy diýdilerkä? Sebäbi gara goýun tüýüniň garadygy sebäpli özüni ak goýundan pes tutýan bolmaly. Ak goýun ýaly ýüňi güneşe ýalpyldap duranok görgüliň.

 "Kötegi düýäň ulusy iýer" Düýäň ulusy bolmak mydamam kyndyr welin, düýe ýaly-düýe ýaly ogullar ýetişdireňsoň kötek iýmek hasam agyr degýär. Her taýak mazol bolup giden arkaňa degýär. Düýe garrasa köşegine eýererem diýýärler. Ýöne köşegiň burnuna ýel düşer gorkusy bar.

Öten agşam bir goşgy dyňzap geldi. Ýazman goýdum. Bu gün ýazaýjakdym, işde hiç sypynyp bilmedim. Häzir gündeligi ýazyp bolup ýazmaga synanşaýmasam. Işde žurnalyň ikinji nomeriniň korrekturasy geldi. 2-3 gün okamak iş boljak. Bolýar dostlar, size aýdasym, paýlaşasym gelýän zatlarym kän welin, arman kagyz ak, harplaram gara bolýar. Biraz düşnükliräk aýtsam, köp syrlarym paş boljak, göze dürtüljek, ertir olary çapyp aýrarýyn diýsemem aýrylmaz. Bu duýgy çeper eseri ýazýarkaň gelse gowy bolýar.     
Şu gündelikler beýleki zatlarymyzy okamaga zyýan-a berýän däldir-dä hernä? Gowsy gündeligi selçeňledip zatlary köpräk goýmaly öýdýän. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.